« MS Excel : işlemegiň esaslary »
Tablisa prosessory bilen işlemegiň esaslary
- Tablisa prosessorlarynyň niýetlenilişi we ulanylýan ýerleri
- Taryhy we ösüş ugurlary
- Esasy düşünjeler
- MS Excel tablisa prosessory bilen tanyşmak
- MS Excel -iň işe girizilişi
- MS Excel -iň iş ekrany bilen tanyşlyk
- Standart panel we formatirleýan panel
- Microsoft Excel -iň penjiresiniň başga elementleri
- Sahypalar we kitaplar bilen işlemek
Tablisa prosessorlarynyň niýetlenilişi we ulanylýan ýerleri
Maglumatlary tablisa görnüşünde görkezmeli hasap-hesip işleriniň ähli ýerlerinde, esasanam buhgalteriýa, bank we ykdysady hasaplamalarynda.
Elektron tablisalar tablisa görnüşdäki informasiýalary ýatda saklamak we işläp taýýarlamak üçin niýetlenilendir.
Tablisa prosessorlary a şakdakylary üpjün edýär :
- maglumatlary girizmek, ýatda saklamak we düzetmek ;
- elektron tablisalary bezemek we çap etmek ;
- özüne çekiji interfeýsi we ş.m.
Häzirki zaman Tablisa prosessorlary birgiden goşmaça funksiýalary durmuşa geçirýär :
- ýerli torda işlemäge mümkinçilik ;
- elektron tablisalary üç ölçegli guramagyň mümkinçiligi ;
- Ulanyjynyň zerurlygyna görä gurşawy düzmek, makrobuýruklary işläp taýarlamak we ş.m.
Taryhy we ösüş tendensiýasy
Tablisa döretmek ideýasy 1979-njy ýylda Garward uniwerstetiniň talyby Den Brukline degişli . Ol, dosty Bob Frankston bilen içgysgynç ykdysady häsiýetli hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin programmirlemekden baş çykaryp ilkinji elektron tablisanyň programmasyny işläp taýýarlap, oňa VisiCalc diýip at berdiler.
Elektron tablisanyň taryhy 1982-nji ýylda Lotus 1-2-3 programma serişdesiniň ýüze çykmagy bilen düýpgöter üýtgedi . Lotus birinji ýylda 50 mln dollarlyk satyldy hem-de programma serişdelerini öndürýän özbaşdak kompaniýa öwrüldi .
Indiki 1987-nji ýylda Miçrosoft firma Excel tablisa prosessorynyň döremegi bilen başlanýar . Bu programma ýönekeý grafik interfeýsi aşak düşýän interfeýs bilen utgaşdyrmak esasynda paketin funksional mümkinçiliklerini giňeltdi hem-de çykyş informasiýalaryň hilini gowulandyrdy.
Häzirki wagta bazardaky tablisa redaktorlary giň ykdysady meseleleri we beýleki goşundylary işläp taýýarlap, islendik ulanyjynyň islegini doly kanagatlandyrýar.
Esasy düşünjeler
Elektron tablisa – adaty tablisanyň awtomatlaşdyrylan ekwiwalentidir, olaryň öýjüklerine maglumatlar, ýa-da formula boýunça hasaplaryň netijesi ýerleşýär .
Iş oblasty – elektron tablsadaky öz ady bolan setirlerden we sütünlerden durýar свои имена. Setrleriň ady - olaryň nomerleridir. Sütünlerin ady – latyn elipbiýiniň harplarydyr .
Öýjük – elektron tablisada setir bilen sütüniň kesişmegi bilen kesgitlenýän oblast bolup onuň unikal-ýeke täk salgysy bardyr .
Öýjügiň salgysy – sütüniň ady we setriň ady bilen kesgitlenip olaryň kesişmesindäki öýjik .
Salgylanma – öýjügiň salgylanmasyna görkezme .
Öýjükleriň blogy – salgynyň kömegi bilen kesgitlenýän birleşdirilen-çatyk öýjükleriň topary. Öýjükleriň blogy bir öýjükden, setirden, sütünden hem-de setirleriň we sütünleriň yzygiderliginden düzülip bilner.
Öýjükleriň blogynyň salgysy – birinji we iň soňky öýjigiň salgylanmalary bilen berilip, olaryň aralary iki nokat (dik) ýa-da yzygiderli iki nokat (kese) bilen bölünýär.
MS Excel tablisa prosessory bilen tanyşlyk
MS Excel tablisa prosessory maglumatlary i şläp taýýarlamak üçin peýdalanylýar .
Işläp taýýarlamak aşakdakylardan ybaratdyr :
- funksiýalaryň we formulalaryň kuwwatly apparatyny ulanmak bilen her hili hasaplamalary geçirmek ;
- maglumatlara her hili faktorlaryň täsirini barlamak ;
- optimallaşdyrmak meseleleri çözmek ;
- kesgitli kriteriýalary kanagatlandyrýan maglumatlary saýlap almak ;
- grafikleri we diagrammalary gurmak ;
- maglumatlara statistiki analiz .
MS Excel -iň işe girizilişi
MS Excel işe girizilende iş ekranda birnäçe sahypadan ybarat «Книга 1» atly iş kitaby peýda bolýar .
Her bir sahypa 256 sütünden we 65 müňden gowurak setirden ybarat tablisadyr .
Bu tablisalarda işlemek üçin gerek bolan maglumatlary ýatda saklap bolýar .
MS Excel -iň işe girizilişiniň usullary
1) Пуск - программы – Microsoft Office – Microsoft Excel.
2) Baş menýuyndaky « Создать документ » Microsoft Office ýazgyny basmaly, Microsoft Office paneldäki « Создать документ » piktogrammany işe girizmeli.
Ekranda « Создание документа » penjire peýda bolar. MS Excel -i işe girizmek üçin penjiredäki « Новая книга » piktogrammany işe (syçanyň düwmesini basyp) girizmeli.
3) MS Excel -iň iş stolyndaky ýanýoldaşyny (ýarlygyny) açmak bilen .
MS Excel -iň ekrany
Atlandyrylýan setir
Standart panel
Baş menýu
setiri
Formatirlenýän panel
Sütünleriň ady
Setirleriň ady
Dolanyş zolagy
Ýagdaýlar setiri
Gurallar paneli
Gurallar panelini yzly-yzynabir setirde ýerleşdirip bolar. Mysal üçin, Стандартная panel bilen Форматирования paneli yzly-yzyna ýerleşdirilen .
Birnäçe gurallar panelleri bir setirde ýerleşdirilse, olardaky hemme görünmez, diňe köp ulanylýanlary şol setirde bolar.
Formatirlenýän panel
Standart panel
Standart panel
Formatirlenýän panel
ol ýatda saklamak, açmak, täze resminama döretmek we ş.m. amallary ýerine ýetirmek üçin hyzmat edýar .
tekst bilen işlemäge niýetlenen. Tekste stil, şriftiň ululyklaryny bermek, teksti orta, çetlere görä üýtgetmek we ş.m.
Baş menýu setri
Ol birnäçe menýulary özünde jemleýär :
файл – resminamaly açmak, ýatda saklamak, ýapmak, çap etmek we ş.m. Işleri ýerine ýetirýär ;
правка – girizmegi goýbolsun etmegi, täzeden girizmegi, resminamany ýa-da onuň bölegini nysgalamak, kesip almak işleri ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýär;
вставка – sütünleri, setirleri, diagrammalary we ş.m. goýmak üçin hyzmat edýär ;
формат – teksti formatirlemek üçin hyzmat edýär ;
сервис – ýalňyşlyklary barlamak, goramak, gurallary düzmek we ş.m. hyzmatlary berýär ;
данные – maglumatlary tertipleşdirmek (sortlamak), süzmek, barlamak we ş.m. Hyzmatlar üçin ;
окно – penjireler bilen işlemek üçin hyzmat ; resminama ýa-da programmanyň özi barada anyklama görkezmek üçin anyklama .
Sütünleriň ady
Setirleriň ady
Dolanyş zolagy
Ýagdaý setiri
Setirleriň we Sütünleriň ady gerek öýjügiňi gölemek üçin zerur .
Ýagdaý setiri resminamanyň ýagdaýyny görkezýär .
Dolanyş zolagy resminamany aşak-ýokary, çepe-saga dolamak üçin hyzmat edýär .
Ret etmek,girizmek,
funksiýanyň ussady
düwmeleri
Formula setri
At meýdany
Sah. ýanýoldaşy
Ýanýoldaşa bölýän marker
Ýaýoldaşlary dolamak düwmeleri
Formula setri öýjüklere ýa-da diagrammalara bahalary ýa-da formulalary girizmek üçin peýdalanylýar .
At me ýdany – formula setirden çepdäki penjire, oňa öýjügiň ýa-da öýjüklerin aralygynyň ady çykarylýar .
Ýaýoldaşlary dolamak düwmeleri iş kitabyň ýanýoldaşlaryny dolamagy ýerine ýetirýär .
Sahypalar we kitaplar bilen işler
- Täze iş kitabyny döretmek ( menýu файл – создать ýa-da gurallaryň standart panelindäki düwme arkaly ).
- Iş kitabyny ýatda saklamak ( menýu файл – сохранить ).
- Bar bolan kitaby açmak ( menýu файл – открыть ).
- Kitaby (sahypany) parol bilen goramak ( сервис menýudan « защита » buýruk ).
- Sahypa täzeden at bermek ( sahypanyň adyna pekamy eltip syçan düwesini iki sapar basmaly ).
- Sahyanyň ýanýoldaşyna reňk bermek .
- Sahypalary tertipleşdirmek ( menýu данные – сортировка ).
- Täze sahypa goýmak ( вставка – лист )
- Täze setirleri goýmak ( setri garalamaly hem-de syçanyň sag düwmesini basaňda çykan sanawdan – добавить saýlamaly ).
- Kitapda sahypalaryň sanyny üýtgetmek (« сервис » menýudan , « параметры » buýruga baryp , « листов в новой книге » ýazgy meýdanynyň geçirijisinde bellik goýmaly ).
Jemlemek
- Tablisa prosessory bilen işlemegiň esaslary
- Tablisa prosessorlarynyň niýetlenilişi we ulanyş oblasty
- Taryhy we ösüş tendensiýasy
- Esasy düşünjeler
- MS Excel tablisa prosessory bilen tanyşlyk
- MS Excel -iň işe girizilişi
- MS Exce l-i işe girizmegiň usullary
- MS Excel -iň iş ekrany
- Gurallar panelleri
- Baş menýuyň setri
- Sahypalar we kitaplar bilen işlemek