Просмотр содержимого документа
«9-a we 3-e bölünijilik nyşanlary»
Tema:9-a we 3-e bölünijilik nyşanlary
Haýsy sanlar 9-a bölünýär? Ilki bilen diňe 9 sifr bilen ýazylan ähli sanlaryň 9-a bölünýändigini belläliň, ýagny 9; 99; 999; 9 999 we ş.m. sanlar 9-a bölünýärler.
10; 100; 1 000 we ş.m. sanlar 9-a bölünende, galyndyda 1 alynýar. Meselem, 10 = 9 · 1 + 1, 100 = 9 · 11 + 1, 1000 = 9 · 111 + 1.
Muny göz öňünde tutup, aşakdaky meselä garalyň.
Mesele. Bölmegi ýerine ýetirmezden, 918 almany 9 sebede deň paýlap ýerleşdirip boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny anyklamaly.
Çözülişi. 918 sanda 9 ýüzlük 1 onluk we 8 birlik bar. 9 ýüzlügiň her birini bir sebede salmaly. 18 alma galar. Olary dokuza bölsek, her sebede 2 almadan ýetýär. Diýmek, 918 almany 9 sebede deň paýlap ýerleşdirip bolýar. Eger natural sanyň sifrleriniň jemi 9-a bölünýän bolsa, onda ol san 9-a bölünýär. Eger sanyň sifrleriniň jemi 9-a bölünmeýän bolsa, onda ol san 9-a bölünmeýär.
1-nji mysal. 647 532 san 9-a bölünýär, çünki onuň sifrleriniň jemi bolýan 27 (6 + 4 + 7 + 5 + 3 + 2 = 27) san 9-a bölünýär: 27 : 9 = 3.
2-nji mysal. 8 245 san 9-a bölünmeýär, çünki onuň sifrleriniň jemi bolýan 19 (8 + 2 + 4 + 5 = 19) san 9-a bölünmeýär.
3-e bölünijilik nyşany hem edil şonuň ýaly düşündirilýär.
Eger natural sanyň sifrleriniň jemi 3-e bölünýän bolsa, onda ol san hem 3-e bölünýär. Eger-de sanyň sifrleriniň jemi 3-e bölünmeýän bolsa, onda ol san 3-e bölünmeýär.