СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Доклад: Концепция

Нажмите, чтобы узнать подробности

Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiñ Konsepsiýasy hereketde

Просмотр содержимого документа
«Доклад: Концепция»

«Türk­me­nis­tan­da ­da­şa­ry ­ýurt­ dil­le­ri­ni­ okatma­gy­ kä­mil­leş­dir­me­giň­

Kon­sep­si­ýa­sy»­ he­re­ketde­ (da­şa­ry ­ýurt­ di­li ­mu­gal­ly­my­nyň ­

iş ­tej­ri­be­si­niň­ my­sa­lyn­da).


Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” atly gol çeken Karary ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda (mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, umumy orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi) bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw-döredijilik işini ele almagyny üpjün edýän okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak- bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär.

Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek işi üç tapgyrda amala aşyrylýar ýagny,

Birinji tapgyr (2018-nji ýyl):

1. Daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň we usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesini öwrenmek.

2. Dünýä tejribesine laýyklykda, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwlet standartlaryny, okuw meýilnamalaryny we okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek.

Ikinji tapgyr (2019-2020-nji ýyllar):

  1. Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy kämilleşdirmek.

  2. Jemgyýetiň ösýän zerurlyklaryna laýyklykda daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak.

  3. Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen, 2020-nji ýylda aralyk monitoringi (gözegçiligi) geçirmek.



Üçünji tapgyr (2021-2024-nji ýyllar):

1. Daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getirmek.

2. Konsepsiýany döredijilikli amala aşyrmaga, bäsleşige ukyply, başarjaň daşary ýurt dili mugallymlarynyň täze neslini ýetişdirmek.

3. Bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmak.

4. Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen 2024-nji ýylda jemleýji monitoringi geçirmek.

Konsepsiýanyň birnji tapgyryna laýyklykda, bilim ojagynyň her bir işgärlerine mekdep mugallymlary tarapyndan daşary ýurt dillerini öwretmeklik işleri dowam edýär. Munuň üçin ýörite meýilnamalar düzülüp, meýilnama laýyklykda okatmak işleri göwnejaý ýola goýulýar.

Häzirki wagtda Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň üçünji tapgyry durmuşa geçirilýär.

Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde milli we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Biziň esasy wezipämiz – öz halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini kemala getirmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi aýratyn ähmiýete eýedir, çünki halkara ylmy maslahatlara, medeni we sport çärelerine gatnaşmak bilen, daşary ýurtlardaky türkmen kompaniýalarynda ýa-da ýurdumyzdaky daşary ýurt kompaniýalarynda we beýlekilerde işlemek bilen dürli ugurly geljekki hünärmenler halkara guramalarda ýurdumyza wekilçilik ederler.’’

Hormatly Arkadagymyz biziň ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň ylymly-bilimli, ökde hünärmen ýaşlara bil baglap, ylym- bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak üçin uly işler alnyp barylýar. Munuň özi, daşary ýurt dillerini suwara bilýän ökde hünärmenleri taýýarlamaga oňyn täsirini ýetirýär. Biziň ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebäp usullaryny peýdalanmak bilen, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar.

Bu babatda biziň etrabymyzda hem, okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmäge uly üns berilýär.

Häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlarynda gazanylýan öňe gidişlikler, täze-täze ylmy açyşlar bütindünýä Internet ulgamynda iňlis, rus we beýleki daşary ýurt dillerinde çap edilýär. Şeýle ylmy-jemgyýetçilik şertlerde ol dilleri birkemsiz öwrenmek gutulgysyzdyr. Biziň mugallymlarymyz ylmyň täze gazanlary bilen aýakdaş gitmek, ylmyň derwaýys meselelerini seljermek üçin daşary ýurt dillerini düýpli özleşdirmegiň zerurdygyny okuwçylarymyza giňden düşündirýärler. Şeýle hem daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlarymyzyň okuw maksatnamalary her bir synp aýratynlygyna laýyklykda düzülýär. Degişli synplar boýunça giňden peýdalanylýan sözlükler, şol sanda, etrabymyzyň mekdepleriniň arasynda gysgaça adalgalar sözlükler taýýarlanylyp, okuwçylarymyzyň dykgytyna ýetirilýär. Bu bolsa öz gezeginde, olaryň özbaşdak taýýarlanmak derejelerini artyrmaga, käbir düşünjedir adalgalara has içgin düşünmäge ýardam berýär. S.A.Nyýazow adyndaky etrap bilim bölüminiň daşary ýurt dilleri boýunça hünärmeni we etrabyň tejribeli iňlis dili mugallymlary tarapyndan okuw kitaplarydyr gollanmalaryň hem yzygiderli taýýarlanylýandygy bellärliklidir. Okuw derslerimizde häzirki zaman ösen tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, dürli görkezme esbaplary, widio filmleri, audio ýazgylary ulanmagymyz okuwçylarymyzyň özleşdirilýän temalarynyň hiline oňyn täsir edýär. Şeýle çemeleşme okuw sapaklaryň täsiredijiligini, ýatda galyjylygyny, özleşdirilýän derse bolan gyzyklanmany döredýär.

Okuwçylara iňlis dili öwredilip başlananda ilki bilen biziň öwredýän dilimiz bolan iňlis dilinde gürleýän ýurtlar barada gysgaça maglumatlar bermeli. Soňra iňlis diliniň halkara dilidigi, ony öwrenmegiň ähmiýeti,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň, Dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklalarynyň has ösýän, sanly bilim ulgamyna, sanly ykdysadyýete geçilýan döwründe,daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň juda zerur bolup durýandygyny düşündirmeli. Arkadag Prezidentimiziň ýaşlar üçin okamaga, döretmäge ,daşary ýurt dillerini öwrenmäge ähli mümkinçilikleri, şertleri döredýändigini belläp geçmeli. Türkmen ýaşlarynyň bu gün dünýäniň dürli künjeklerinde, uzak-uzak yklymlarda bilim alyp, dünýä gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşyp, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň medeniýetini, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini dünýä dillerinde jahana ýaýýandyklary barada ýaşlaryň aňyna ýetirmeli. Bularyň hemmesi ýaşlarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge we öz mähriban watanymyz Türkmenistana, Gahryman Arkadagymyza bolan söýgini döredýär.

Konsepsiýa laýyklykda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşditrmegiň maksatlaryna gönükdirilen wezipeleri çözmek üçin daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap kommunikatiw usullary hyzmat edýär. Şu nukdaý nazardan daşary ýurt dilini okatmakda ulanylýan bilim tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek işi:

- daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksizligi;

- kommunikatiwlik (aragatnaşyga ugrukdyrmak);

- interaktiwlik (özara işjeňlige ugrukdyrmak);

- innowasion bilim tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak;

- daşary ýurt dillerini okatmagyň başarnyklary ýaly häzirkizaman bilim ýörelgelerine esaslanýar.



Daşary ýurt dili kämil derejede öwretmegi okuwdan daşary geçirilýän işler bilen utgaşdyrmak möhüm ähmiýetete eýedir. Bu ugurdan synpdan daşary geçirilýän çäreler, agşamlar we bäsleşikleri geçirmeklik işi göwnejaý ýola goýuldy. Ýeri gelende bellesek, her ýyl etrap bilim bölüminiň daşary ýurt dilleri boýunça hünärmeniniň tabşyrygy boýunça, etrabyň ähli 63 mekdepleriniň arasynda tapgyrlaýyn geçirilýän bäsleşikler okuwçylary daşary ýurt dilini öwrenmekleri üçin höwes döredýär.

  1. All about my school;

  2. Poetry in English or English poetry;

  3. Spelling Bee –6,7,8-nji synplar üç tapgyrda geçirmeli;

  4. Spelling Bee – 9,10,11-nji synplar

  5. Iňlis dilinde ýylyň ady bilen baglanyşykly düzme ýazmak;

  6. Nowruz holiday;

  7. Happy English;

  8. Theatre day;

Okuwçylaryň arasynda geçirilýän bu çäreler “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mundan başga-da Konsepsiýa laýyklykda 2018-2019-njy okuw ýylynda Daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetini kämileşdirmek, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak we birek-biregiň tejribesini öwrenmek maksady bilen, etrabyň ähli mekdeplerinde iňlis dili dersi boýunça “açyk gapylar” günleri geçirilýär. Bu bolsa ýaş mugallymlarymyzyň tejribe öwrenmekleri, ökde mugallymlaryň okadyş tärlerini öwretmekleri üçin giň ýol açýar.

“Türkmenistanda daşary ýurt dilleri okatmagy kämilleşdirmgiň Konsepsiýasyna” laýyklykda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň orta mekdelerinde 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-y, dekabr aýynyň 15-i aralygynda “Türkmenistanda Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasiýasyny” durmuşa geçirmek, okuwçylaryň dil öwrenmeklige bolan endigini, höwesini has-da kämilleşdirmek, daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny döwrebaplaşdyrmak we onuň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Dillerde Türkmenistan, dillerde Arkadag” atly çäreniň geçirilmegi konsepsiýanyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň şaýadydyr.

Etrabymyzyň ähli mekdeplerinde ýylda iki gezek geçirilýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen iňlis dili hepdelikleriniň geçrilmegi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuwçylaryň arasynda yglan edilýän dürli bäsleşikler we agşamlar oňyn netije berýär.
Şeýle-de, Konsepsiýany durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2022-nji ýylyň mart aýynyň 9-yna №78 buýrugy bilen tassyklanan “Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyrjy geňeşiň” döredilmegi daşary ýurt dillerini durmuşa geçirmekde örän ähmiýetlidir. Utgaşdyryjy geňeşiň meýilnamasyna laýyklykda, daşary ýurt dillerini okadýan ähli bilim işgärleriniň wezipleri anyk we aýdyň görkezilendir.

Syn

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 8-nji orta mekdebiniň Iňlis dili mugallymy Murad Saburow 2022-nji ýylyň awgust aýynda geçiriljek “Pedagogik işgärleriň awgust usuly-amaly okuwynda” «Türk­me­nis­tan­da ­da­şa­ry ­ýurt­ dil­le­ri­ni­ okatma­gy­ kä­mil­leş­dir­me­giň­ Kon­sep­si­ýa­sy»­ he­re­ketde­ (da­şa­ry ­ýurt­ di­li ­mu­gal­ly­my­nyň ­iş ­tej­ri­be­si­niň­ my­sa­lyn­da) atly nutugy taýýarlapdyr. Ber­ka­rar­ döw­le­tiň­ tä­ze­ eý­ýa­mynyň­ Gal­ky­ny­şy­ döw­rün­de­ hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň­ bi­lim ­ul­ga­mynda­ ama­la­ aşyr­ýan ­giň ­ge­rim­li­ öz­gert­me­le­ri­ni dur­mu­şa­ ge­çir­mek,­ kä­mil­ bi­lim­li,­ sag­dyn be­den­li­ ýaş ­nes­li­ ke­ma­la ­ge­tir­mek,­ olarda ­wa­tan­sö­ýü­ji­lik­ duý­gu­sy­ny, ­mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­za ­be­lent­ sar­pa­ny ­ter­bi­ýe­le­mek,­ ça­ga­la­ryň­ dö­re­di­ji­lik ­ukyp­la­ry­ny­ ös­dür­mek, ­hü­när­ öw­ret­mek­ ba­bat­da­ durmu­şa ­ge­çi­ril­me­li ­iş­le­ri­ hem-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” hereket edýän döwründe onuň durmuşa geçirilişi barada ýazypdyr. Mugallymyň taýýarlan nutugy S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwynda tanyşmak we ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenýär.



MMOIBO: O.Režepow

Iňlis dili mugallymy: M.Saburow


Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!