СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Okuwçylaryň gün tertibi

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Okuwçylaryň gün tertibi»











OKUWÇYLARYŇ GÜN TERTIBI.


Siziň öňüňizde täze wezipeler peýda bolup başlady. Siz öý işlerine taýýarlanmalysyňyz, ata-eneleriňize kömek bermelisiňiz. Şonuň ýaly-da, mekdepde okamalysyňyz, sapaklaryňyza elmydama taýýarlanyp gelmelisiňiz, öýe berilen öý ýumuşlaryny taýynlanmalysyňyz, boş wagtyňyzda gyzykly kitaplar okamalysyňyz. Bu işleri ýerine ýetirende dogry düzülen gün tertibi size kömek eder.



































Munuň üçin edilýän işleriň sanawy düzülip, ony haýsy wagtda ýerine ýetirilmelidigi görkezilýär. Siz şu işleri görkezilen wagtlarda ýerine ýetirmegi endik edinmelisiňiz. Bu siziň gün tertibiňiz bolýar. Gün tertibindäki işler bilen birlikde maşklary ýerine ýetirmegide ýatdan çykarmaly däl. Maşklary ýerine ýetirmek bilen siz sagdyn bolmagy, iş ukybyňyz artdyrmagy we özleşdirmegi gowulandyrmagy gazanarsyňyz.

Gün tertibinde görkezilen hemme işleri oz wagtynda etseňiz, ýadamar-syňyz. Okuw wezipelerini ýerine ýetirende kynçylyk çekmersiňiz, ganyp uklap, sagdyn we gujurly gezersiňiz.


OKUWÇYNYŇ GÜN TERTIBINI NÄHILI DÜZMELI?


Gün tertibini hemme her hili düzmegi mümkin. Ýöne şeýle çäreler hem bolup, ýagny olary hemme ýerine ýetirmelidir.


ERTIRKI BEDENTERBIÝE MAŞYKLAR.


Ertirki bedenterbiýe çagalar gün tertibinde iň esasy orny eýeleýär. Ony her bir okuwçy ukudan turup, oz ýerini ýygnaşdyransoň ýerine ýetirmelidir. Bedenterbiýe bedeniň her bir agzasy üçin berilýän 5-6 sany maşkdan ybarat.

Ertirki bedenterbiýede ýerine ýetirilen gimnastiki maşklarynyň täsirinde beden gyzýar, duýgy organlary oýanýar. Bu size güýç we şähdaçyklyk bagyşla-ýar.

Maşk ýerine ýetirilen wagty burun arkaly dem almaly. Alnan howa burundan arassa we ýyly ýagdaýda öýkene geçýär. Maşklar, adatda, başlangyç ýagdaýdan başlanýar.

  1. Başlangyç ýagdaý – Esasy dik durmak. Aýaklar jübütleşen, aýak uçlary birneme açylan. Eller beden boýunça aşak düşürlen, kelle göni tutulýar.

  2. Başlangyç ýagdaý – Aýaklar egin giňliginde, eller bilde.

  3. Başlangyç ýagdaý - Aýaklar egin giňliginde, eller kelläniň arkasynda. Barmaklar zynjyr ýagdaýynda, tirsekler gapdalda.


  1. Başlangyç ýagdaý – Esasy dik durmak. Elleri öňe we yza uzadyp çepek çalmak.

  2. Başlangyç ýagdaý – Aýaklar egin giňliginde, eller aşakda. Çep we sag tarapa çuňrak egilmek.

  3. Başlangyç ýagdaý – Aýaklar egin giňliginde, eller bilde. Göwräni sag we çep tarapa öwürmek.

  4. Başlangyç ýagdaý – Aýaklar egin giňliginde, eller bilde. Öňe egilip, elleri gapdal tarapa ýazmak.














  1. Başlangyç ýagdaý – Aýaklary giň gerip ýarym otyrmak, eller gapdala uzadylan.

  2. Başlangyç ýagdaý – Esasy dik durmak. Çommalyp oturyp, elleri öňe uzatmak. Başlangyç ýagdaý.

  3. Başlangyç ýagdaý – Aýaklar egin giňliginde, eller aşakda. Böküp aýaklary jübütleşdirmek,
























elleri ýokary galdyryp çapak çalmal. Başlangyç ýagdaý.

  1. Başlangyç ýagdaý – Esasy dik durmak. Aýagyň ujunda durup, elleri ýokary galdyryp, çuňňur dem almak. Elleri düşürip, dem çykarmak.

  2. Başlangyç ýagdaý – Oturmak, aýaklar jübütleşdirilip uzadylan, eller aşakda.


  1. Başlangyç ýagdaý – Dyzlarda daýanyp durmak, eller aşakda.


ERTIRKI ÝUWUNYP-DARANMA.


Oluwçy ertirki bedenterbiýeden soň dişlerini we el-ýüzlerini arassalap ýuwup, soňra geýinýär.











NAHARLANMAK.


Günüň dowamynda siz iň bolmanda üç gezek naharlanýarsyňyz: ertirlik, günortanlyk we agşamky nahar. Ertirki ýuwunma-daranmadan soň ertirlik edilýär. Mekdebe gidiljek wagty günortanlyk edýärsiňiz. Ýatmazdan birnäçe sagat öň agşamky nahary iýýärsiňiz.


OKUW PROSESINDE ÝADAWLYGY AÝYRMAK USULLARY.


Bu okuwçy üçin jogapkärli işlerden biri. Ol dersde ýazýar, okaýar, sanaýar. Adamlar, haýwanlar, tebigat, täzelikler barada gyzykly maglumat alýar.

Mekdepde synp işlerini ýa-da öý işini ýerine ýetiren wagtynda esli wagta çenli hereketsiz oturmaly bolýar. Şonda irip, ýadaýarsyňyz. Ýadawlygy işeňňir










hereketler bilen aýyrmak mümkin. Munuň üçin bir minudyň dowamynda 3 sany maşk 5-6 gezek gaýtalap ýerine ýetirilýär. Bu şadyýan minutlar diýilýär. Maşklary oturan ýerde ýa-da partanyň ýanynda, ýuwaş ýa-da orta tizlikde ýerine ýetirmek mümkin.

Ýadawlygy bütinleý ýazmak üçin 5-6 sany maşky 2-3 minudyň dowa-mynda ýerine ýetirmek mümkin. Muňa bedenterbiýe minutlary diýilýär. Olary gerinmek maşklaryndan başlamak makul.


ÖÝDE SAPAGA TAÝÝARLANMAK WE AÇYK HOWADA SEÝIL.


Mekdepde sapakdan soň öýe iş berilýär. Ony öz wagtynda ýerine ýetirmeli. Öý işi ertir we gündizki seýilden soň ýerine ýetirileni makul.











Okuwçylar boş wagtynda ululara öý işlerine kömekleşýärler we dürli hereketli oýunlary oýnaýarlar. Agşam ara ata-enesi bilen açyk howada seýil edýärler.


ŞAHSY GIGIÝENA.


Ir bilen ukudan öýanansoň we agşamara ukudan öň ýüz, el, diş arassalap ýuwulýar. Her gün elleri we aýaklary sabynlap ýuwup, soň ýatmak peýdalydyr.


ÝÜZ, GÖZ, EL WE DIŞ IDEGI.


Adatda, ir bilen we agşamara ýüzi ýuwan wagtynda gözüň gabygy ýuwulýar. Daşda bolanda, göze bir zatlar düşende gözüň daşky burçundan burun tarapa garap ýuwmaly.

Hapa eller saglyk üçin gaty zyýanlydyr. Şonuň üçin eli hemişe, aýratynam, naharlanmazdan öň sabynlap ýuwmaly. Dyrnak almagy ýatdan çykarmaly däl.










Dişleri ir bilen ukudan turan soň hem-de agşamara ukynyň öňýanynda diş pastasy bilen ýuwmaly. Dişi arassalanda dişiň etine esewan bolmaly. Pastaly çotkany dişiň içki we daşky tarapyndan, sagdan çepe we ýokardan aşak here-


ketlendirmeli.

Aýagy her gün, iň gowusy, ýatmazdan öň ýyly suwda sabynlap ýuwanyňyz makul. Bu ýadawlygy tiz aýyrmaga kömek edýär. Aýagyň dyrnagyny yzygider ýagdaýda alyp durmaly.









ARASSAÇYLYK – SAGLYGYŇ GIREWIDIR.


Adam sagdyn we gaýratly bolmagy üçin bedenini, geýimlerini arassa we tämiz saklamalydyr. Geýimleri arassa, görnüşi ýakymly, gylyk-häsiýeti owadan çagalaryň dostlary köp bolýar. Olary hemme hormat edýär. Egin-eşikleri kir-çir ýöreýän çagalar bilen hiç kim ýoldaş bolasy gelmeýär. “Sport arassaçylyk we saglyk girewidir” şygaryna amal ediň.
























Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!