Iň ökdeler
10
30
40
50
20
Jeýhunyň ýakasy
10
20
30
40
50
Gadymy Merw
Sarahs bilen Änewiň
30
50
40
20
10
arasynda
Jeýhunyň ýakasy
10
Darganata etrabynda haýsy kerwensaraý ýerleşýär?
Daýahatyn
20
Jeýhunyň ýakasy
Rowaýatlaryň birinde patyşa derwüşden “Dünýäde iň ýakymly ysly hemem iňňän güýçli özüne çekýän gül haýsydyr?” diýende, derwüş näme diýip jogap berýär?
Gowaçanyň güli
30
Astanababa ýadygärligi haýsy şäheriň golaýynda ýerleşýär?
Kerki şäheriniň
Jeýhunyň ýakasy
40
Gadymy Oks derýasynyň häzirki ady ?
Amyderýa
50
Söwda ýolunyň başlangyjy Hytaý täjiri, syýahatçy kimiň ady bilen baglanyşykly bolupdyr?
Sžan Szýan
10
Gadymy Merw
Orta asyrlarda Merw “Şahyjan” diýen ady aldy. Bu nämäni aňladýar?
Şalaryň jany
20
Gadymy Merw
Beýik Seljuklaryň iň soňky hökümdary kim bolupdyr?
Soltan Sanjar
Gadymy Merw
30
Merwdäki Uly Gyzgala, Kiçi Gyzgala ýadygärlikleri öň nähili atlandyrylypdyr?
Gyzgala
hem-de
Ýigitgala
Gadymy Merw
40
Arap alymy Ýakudyň maglumatlaryna görä Merwde uly kitaphanalaryň näçesi bolupdyr?
10 sanysy
Gadymy Merw
50
Merw gadymyýetde haýsy döwletiň paýtagty bolupdyr?
Margiýananyň
Sarahs bilen Änewiň arasy
10
Pulhatyn köprüsi haýsy derýanyň üstünden geçýär?
Tejen
Sarahs bilen Änewiň arasy
20
Kaka etrabynyň köne ady?
Abiwerd
Sarhs bilen Änewiň arasy
30
XV asyryň ortalarynda bina edilen Änewdäki metjit haçan weýran bolýar?
1948-nji ýylyň
Aşgabat
ýertitremesinde
Sarhs bilen Änewiň arasy
40
Änew medeniýetini öwrenen alym kim?
Rafael Pampelli
Sarhs bilen Änewiň arasy
50
Köne Sarahsyň galasynyň golaýyndaky gonamçylykda kimiň aramgähi ýerleşýär?
Abdyl Fazlyň
Sarahs Babanyň
Tema : Türkmenistanyň şäherleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda.
Amul, Zemm, Ürgenç, Merw, Nusaý
Meýilnama: 1. Türkmenistanyň şäherleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda. 2. Halklaryň ýakynlaşmagynda Ýüpek ýolunyň ahmeiýeti.
Gadymy Amul
Amul şäheri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýär. Amyderýanyň kenarynda ýerleşen Amul şäheri söwda merkezleriniň birine öwrülipdir. Bu ýerden bir ýol Owganystana we Hindistana, beýlekisi Horezme, ýene bir ýol bolsa Merwe geçipdir.
Gadymy Zemm
Gadymy Lebap topragynda saklanyp galan, Begiň galasy-Zemm gala ady bilen belli bolan taryhy-medeni ýadygärligi Kerki etrabynyň Kerkiçi şäheriniň çäginde ýerleşýär. Bu galanyň meýdany 2 gektar golaý bolupdyr.Öz zamanynda bu ýadygärlik derýadan geçmek üçin örän amatly ýerleriň hem-de şäherleriň biri hökmünde tanalypdyr. Sebäbi şäher Horasan-Mawerennahr aralygynda hereket eden kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşipdir. Parfiýa döwletinde b.e.ö 77-70-nji ýyllarda hökümdarlyk eden patyşa Sinatruguň zikgeleden kümüş pullaryny, köp sanly tapyndylary görkezmek bolar. X asyryň ahyrynda şäher has hem ulalyp, ilat sany Amuldan soňky esasy şäherleriň birine öwrülipdir.
Gadymy Merw
Gadymy Merw şäheri Mary welaýatynda ýerleşýär. Merw şäheri Merkezi Aziýanyň Ýüpek ýollarynyň ugrunda ýerleşen iň baý şäherleriň biri bolupdyr. Merw şäheri şol döwürde hem ýüpek matalary ,ýüpek halylary bilen dünýäde meşhurlyk gazanypdyr. Merwden kerwen ýollary Hyrada(Owganystana), Köneürgenje, Nişapura uzalypdyr. Merwden günorta gaýdýan kerwen ýoly ýene-de ikä bölünip, birisi Nişapura, beýlekisi Etrek-Gürgen sebitlerine aralaşyp, Dehistanyň we Gürgenjiň üsti bilen Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarlary bilen arap ýurtlaryna aralaşypdyr.
Gadymy Ürgenç
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iň uly şäherleriň biri-de Ürgenç-häzirki Köneürgejiň ýerinde ýerleşen gadymy şäherdir. Ürgenç diňe bir Orta Gündogar ýurtlary bilen däl, eýsem Ýewropanyň birnäçe şäherleri bilen söwda, medeni gatnaşykda bolupdyr. Arheologlar Köneürgençde ýasalan gap-gaçlary Russiýanyň Nowgorod şäherinden tapypdyrlar. Şeýlelikde, Beýik ýüpek ýolunyň ep-esli bölegi Türkmenistanyň gadymy topragynyň üstünden geçipdir.
Hytaý farforlary
Hytaý teňňeleri
IV-VII asyrlardan başlap bu halkara ýüpek söwdasy ýurtlaryň arasynda syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde, dünýäniň halklaryny biri-birine ýakynlaşdyrmakda, halklaryň, ýurtlaryň baýlaşmagyna, olaryň medeni taýdan ýokary göterilmegine uly täsir edipdir.ÝUNESKO-nyň karary bilen”Beýik ýüpek ýoly-gepleşikler ýoly-düşünişmek ýoly” diýen at bilen döredilen Halkara ylmy-gözleg topary Türkmenistanda 1989-1991-nji ýyllarda işlediler. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň aralygynda syýasy, ykdysady medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin demir we gara ýollar gurlup, “Beýik Ýüpek ýoly” täzeden dikeldilýär .
Beýik Ýüpek ýolunyň şeýle uly taryhy ähmiýetini nazara alyp, 1999-njy ýylda Merw şäheri, 2005-nji ýylda Köneürgenç şäheri, 2007-nji ýylda Nusaý galasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.
V. Geçilen temany jemlemek: 1. Türkmenistanyň haýsy gadymy şäherleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşipdir? 2. Zemm şäheri nirede ýerleşipdir? 3. Halkara söwda,medeni gatnaşyklaryň ösmegine Beýik Ýüpek ýolunyň nähili ähmiýeti bolupdyr? 4. Ürgençde ýasalan harytlar Russiýanyň haýsy şäherlerinden tapylypdyr? 5. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna haýsy şäherler goşuldy?
VI. Öý işi tabşyrmak: § 16 sahypa 54-60
Taýýarlan:ş.Türkmenabat 6-njy orta mek. mugall Açylowa Roza Muratowna