СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

7-nji synp Turkmenistan taryh 1-nj çärýek

Категория: История

Нажмите, чтобы узнать подробности

7-nji synp Turkmenistan taryh 1-nj çärýek

Просмотр содержимого документа
«7-nji synp Turkmenistan taryh 1-nj çärýek»

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII


Sapagyň temasy:

Giriş. Türkmenistanyň taryhyna degişli maddy we ýazuw çeşmeler.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Türkmenistanyň taryhyna degişli maddy we ýazuw çeşmeler.Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Leksiýa sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini soramak:

a) 6-njy synpda geçilenleri gaýtalamak.

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Türkmenistanyň taryhyna degişli maddy we ýazuw çeşmeler.

2. Bu taryhy kitapdan öwrenjek maglumatlarymyz barada düşünje bermek.

3. Kitabyň baplary we olarda öwreniljek döwürler barada düşünje.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Türkmenistanyň taryhyna degişli maddy we ýazuw çeşmeleri sanap

– Oguz türkmenleriniň döreden döwletlerini

– Beýik Ýüpek ýolunyň döreýşi, kerwen ýollaryny kartadan görkezip

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Türkmenistanyň taryhynyň döwürlerini aýtmagy

– Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen şäherlerini aýtmagy

– Kartadan öwrelinen döwletleri görkezmegi

– Oguz türkmenleriniň döreden döwletlerini sanamagy

Giriş. Türkmenistanyň taryhyna degişli maddy we ýazuw çeşmeler.

Taryhyň islendik sahypasyna ser salsaň, türkmen halkynyň durmuşy taryhy wakalara baý bolupdyr. Halkara gatnaşyklarynyň sazlaşykly, birek-birek bilen düşünişmek ýoly arkaly alnyp barlanda ösüşlere eýe bolup bolýandygyna göz ýetiren ata-babalarymyz dünýäniň halklary bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, söwda, ylym-bilim, medeni babatlarda hoşniýetli, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary alyp barypdyrlar. Watanyň ykbaly, halkyň şu güni we geljegi baradaky jogapkärçiligi duýan beýik türkmen şahsyýetleri taryhda öçmejek yz galdyran kuwwatly döwletleri döredipdirler.

Umumymilli taglymyň hem-de ykdysady ösüşiň täsiri astynda adamlaryň dünýägaraýşy üýtgäpdir. Halkyň ruhy taýdan kämilligini, galkynmagyny gazanmagy göz öňünde tutýan täze garaýyşlar, däp-dessurlar döräpdir. Halkyň aňyýetiniň ösmegi bilen möwritini ötüren köne ýörelgeler aradan aýrylyp, täzeleri döräpdir. Bu zatlar bolsa her döwrüň özboluşly taryhyny emele getiripdir.

VII synpda özleşdirilýän Türkmenistanyň taryhy kitaby alty bapdan ybarat. Kitabyň birinji babynda Demirgazyk Türkmenistanyň b.e.öňki IV – b.e. I asyrlaryna çenli döwrüniň wakalary dogrusynda gürrüň edilýär. Onda Horezm döwletiniň emele gelmegi, ekerançylygyň, maldarçylygyň ösmegi, ösen şäher medeniýetiniň peýda bolmagy barada taryhy maglumatlar berilýär. Bapda Küýzeligyr, Galalygyr, Köne Was, Toprakgala, Kaňly – Arabaly döwleti barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilendir. Indiki bapda Kuşan döwletiniň düzümindäki Türkmenistanyň ýerleri, şäherleriň we söwdanyň ösmegi barada beýan edilýär. Üçünji babynda Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti, ony esaslandyryjy Mete han we onuň oruntutarlary barada, döwleti dolandyryş ulgamy, jemgyýetçilik gurluşy, kanunlary, goňşy ýurtlar bilen alyp baran gatnaşyklary barada taryhy maglumatlar berilýär. Dördünji bap «Günorta Türkmenistan Sasanylar döwleti döwründe» diýip atlandyrylyp, Merw, Dehistan, Sasanylaryň döwlet dolandyryş ulgamy, suwaryş desgalary, medeniýeti barada giňişleýin beýan edilýär. Bäşinji bapda Afrigiler, Eftalylar döwletleriniň döreýşi, olaryň Türkmenistanyň çäginde alyp baran işleri, olardan galan ýadygärlikler, bolup geçen özara uruşlar barada hem köp maglumatlar getirilýär. Altynjy bapda Beýik Ýüpek ýolunyň döreýşi, kerwen ýollarynyň dürli döwürlerde Türkmenistanyň gadymy şäherleriniň üstünden geçip, Günbatara – Alynky we Kiçi Aziýa ýurtlaryna türkmen harytlarynyň hem alnyp gidilişi, söwdanyň giň gerimde alnyp barylmagynyň ýerli halklar bilen goňşy halklaryň bir-birine ýakynlaşmagyna, olaryň medeni gatnaşyklarynyň ösmegine eden täsirleri barada hem aýdylýar. Kitabyň ahyrynda VII–IX asyrlarda türkmenleriň medeniýetde, ýagny edebiýatda, ylymda, bilimde, binagärçilikde gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Yslam dininiň ornaşmagy bilen medeniýetde, şäher gurluşygynda bolup geçen üýtgeşmeler barada-da bu bölümde aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň taryhyň dürli döwürlerini we milli gymmatlyklaryny, taryhy ýadygärliklerini, dilini, däp-dessurlaryny geljekki nesillerimiz üçin gorap saklamagy hem-de mundan beýläk ösdürmegi wezipe edip goýýar. Şonuň üçin häzirki wagtda türkmen taryhynyň henize çenli üsti açylmadyk sahypalary alymlar tarapyndan düýpli öwrenilýär.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Bu taryh kitaby näçe bapdan ybarat?

2. Onuň birinji babynda taryhyň haýsy döwrüni öwrenersiňiz?

3. Oguz türkmenleriniň döreden döwletleri hakynda haýsy bapda geçersiňiz?

4. «Günorta Türkmenistan Sasanylar döwleti döwründe» diýip atlandyrylýan bölümi haýsy bapda öwrenersiňiz?

5. Beýik Ýüpek ýolunyň döreýşi, kerwen ýollarynyň Türkmenistanyň üstünden geçişi barada haýsy bapda öwrenersiňiz?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. Sah.: 7-8

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII


Sapagyň temasy:

Gadymy Horezm döwletiniň emele gelmegi.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Ekerançylygyň, maldarçylygyň, şäherleriň we hünärmentçiligiň ösmegi, suwaryş desgalary, horezmiň goňşy ýurtlary bilen gatnaşygy barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a) “Giriş. Türkmenistanyň taryhy nämäni öwredýär?” diýen teksti okadyp, mazmunyny gürrüň berdirmek.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Bu taryh kitaby näçe bapdan ybarat?

2. Onuň birinji babynda taryhyň haýsy döwrüni öwrenersiňiz?

3. Oguz türkmenleriniň döreden döwletleri hakynda haýsy bapda geçersiňiz?

4. «Günorta Türkmenistan Sasanylar döwleti döwründe» diýip atlandyrylýan bölümi haýsy bapda öwrenersiňiz?

5. Beýik Ýüpek ýolunyň döreýşi, kerwen ýollarynyň Türkmenistanyň üstünden geçişi barada haýsy bapda öwrenersiňiz?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Horezm döwletiniň döremegi.

2. Horezm döwletiniň ýokary galmagy.

3. Horezmiň şäherleri barada düşünje.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Horezm döwletiniň näçenji asyrlarda dörändigini

– Horezmiň ýokary galmagynyň sebäplerini

– Horezmiň şäherlerini sanap

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Horezm döwletiniň düýbi tutulmagy barada gürrüň bermegi

– Horezm döwletine degişli ýerleri sanamagy

– Kartadan öwrenilen döwletleri görkezmegi

– Horezm döwletinde ekerançylygyň, maldarçylygyň aýratynlygyny aýtmagy

§ 1. Gadymy Horezm döwletiniň emele gelmegi

Türkmenistanyň çäklerinde medeniýetiň ösen ýerleriniň biri hem Horezm topragydyr. Taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Parfiýa we Grek-Baktriýa patyşalyklary bilen bir döwürde gadymy Horezm döwleti döräpdir. Bu döwlet b.e. öňki IV asyryň ahyrlaryndan b.e. I asyrynda Amyderýanyň aşak akymlarynda giň ýerleri öz içine alan uly döwlet birleşmesine öwrülipdir. B.e. öňki VI–V asyrlaryň sepgidinde gadymy grek syýahatçysy Gekateý Miletli özüniň eserlerinde horezmliler we «Horasmi şäheri» barada ilkinji maglumatlary berýär. Ol şu döwre degişli gadymy Küýzeligyr şäheri barada hem aýdyp geçipdir. Şol döwrüň Galalygyr I, Goýungyrlan gala ýaly köp sanly oturymly ýerleri, Horezm döwletiniň durmuş-ykdysady gurluşy hakynda düşünje berýär. Horezm b. e. öňki I asyrdan b. e. I asyryna çenli Kaňly döwletiniň düzüminde bolan hem bolsa, Owganystanyň ýerinde emele gelen Kuşanlar döwleti b. e. I asyrynda Horezm ýerlerini hem basyp alypdyr. Kuşan döwletiniň ýaşan döwri Horezmiň taryhynda onuň ösüşiniň iň belli zamany bolupdyr. Kuşanlaryň agalygy döwründe Horezmiň ýerleri ep-esli giňelipdir. Şol zamanlarda bu ýerde ençeme täze oturymly ýerler: Yzmykşir, Kunsaýgala, Döwkesen ýaly ýerler peýda bolýar.

B eýik Kuşan döwletiniň medeniýeti Demirgazyk Türkmenistanyň ýerlerine düýpli täsir edipdir. Şonuň netijesinde ýerli medeniýetde hindi medeniýetiniň, soňra grek medeniýetiniň alamatlary görnüp başlaýar.

Horezm diňe b. e. III asyrynda özbaşdaklygyny gazanyp, täzeden ýokary göterilýär. Bu döwürde jemagat gatnaşyklary gutarnykly dargap, merkezleşen döwlet dolandyryş ulgamy emele gelýär. Bu ýerde üsti açylan patyşa köşgüniň binagärçilik gurluşygy merkezleşen döwletiň dörändiginden habar berýär.

Gadymy Horezmiň ilaty taryhy çeşmelerde «horezmliler» diýip atlandyrylypdyr. Gadymy grek alymy Strabon horezmlileri (horesmiler) massaget tire birleşmesiniň bir bölegi hasaplapdyr. Başga maglumatlara görä, olary daşky keşbi boýunça hindilere meňzeş hasaplapdyrlar.

Ekerançylygyň, maldarçylygyň ösmegi. Horezmli ekerançylar bugdaý, arpa, dary we bakja ekinlerini ekipdirler. Horezmliler, esasan, ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Olar miweli baglardan erik, şetdaly, garaly, üzüm ýetişdiripdirler. Köne oturymly ýerlerden tapylan demir oraklar, daş degirmenler, samandyr galla däneleri horezmlileriň ekerançylyga uly üns berendiklerine şaýatlyk edýär.

Şu döwrüň kanallary öňkülere garanyňda dar gurlupdyr, ýagny 10, 15 metrden giň bolmandyr, emma çuň gazylypdyr. Suwy tygşytly ulanmak maksady bilen şeýle gazylan bolmagy mümkin. Alymlaryň çaklamalaryna görä, b.e. öňki I we b.e. I asyrlarynda Amyderýanyň aşak akymlarynda 1,3 mln gektar suwarymly ýerler bar eken. Gadymy horezmliler şol ýerlerden doly peýdalanypdyrlar. Horezmli daýhanlar bellibir derejede maldarçylyga-da üns beripdirler. Olar goýundyr geçi bilen bir hatarda düýe, sygyr, doňuz we

eşek idedipdirler.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Horezm döwleti haýsy asyrlarda döräpdir?

2. Horezmiň ýokary galmagyna nämeler sebäp bolupdyr?

3. Horezmiň şäherlerini sanap beriň.

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §1 Sah.: 9-10

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII


Sapagyň temasy:

Horezmiň goňşy ýurtlary bilen gatnaşygy.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Ekerançylygyň, maldarçylygyň, şäherleriň we hünärmentçiligiň ösmegi, suwaryş desgalary, horezmiň goňşy ýurtlary bilen gatnaşygy barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)“ Gadymy Horezm döwletiniň emele gelmegi” diýen teksti okadyp, mazmunyny gürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Horezm döwleti haýsy asyrlarda döräpdir?

2. Horezmiň ýokary galmagyna nämeler sebäp bolupdyr?

3. Horezmiň şäherlerini sanap beriň.

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Şäherleriň gülläp ösmegi.

2. Hünärmentçiligiň ösmegi.

3. Horezmiň goňşy döwletler bilen gatnaşygy.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Hünärmentçiligiň haýsy görnüşleriniň bardygyny

– Horezmiň goňşy döwletler bilen gatnaşygy barada

– Horezmde haýsy taýpalar ýaşandygyny

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

–Hünärmentçiligiň görnüşlerini sanamagy

– Horezmiň goňşy döwletler bilen gatnaşygy barada aýtmagy

– Kartadan öwrenilen döwletleri görkezmegi

– Gadymy Horezm döwletiniň söwda gatnaşyklary barada aýtmagy

Horezmiň goňşy ýurtlary bilen gatnaşygy.

Şäherleriň gülläp ösmegi. Horezmdäki Ýanbaşgala, Bazargala şäherleri b. e. öňki IV–I asyrlara degişlidir. Bu döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň daşyna gala salnypdyr, emma bu şäherleriň içki galalary bolmandyr. Amyderýanyň çep kenaryndaky Könehowuz galasy, gadymy Çermenýapdan geçýän akabanyň aýagujunda ýerleşen Galalygyr iri merkezler hasaplanylypdyr. Bu galalar Horezmiň medeni merkezleriniň biri bolupdyr. Şol galalardan tapylan tapyndylar bu ýerlerde ep-esli derejede senetçiligiň ösendigini subut edýär. Şol döwürde häzirki Daşoguzdan 65 km günbatarda Köne Was şäheri döreýär. Çermenýap kanalynyň gündogar şahasynyň boýunda bolsa Şasenem şäheri ýüze çykýar. Amyderýanyň çep kenarynda bolsa Maňňyrgala, Toprakgala, Akjagelin ýaly şäherler emele gelipdir.

Hünärmentçiligiň ösmegi. Suwaryş desgalarynyň gurulmagy. Gadymy Horezmiň ilatynyň hojalygynda hünärmentçilik uly orun tutupdyr. B.e. öňki III–II asyrlara çenli horezmliler daýhançylyk we ussaçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ýöne olara hojalygyň belli ugurlary boýunça ýöriteleşmäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik bolmandyr. Diňe b.e. öňki II asyrdan başlap bu ýerlerde ýörite ussahanalar döräpdir. Horezmli ussalar dürli

görnüşli küýze önümlerini, her dürli gap-gaçlary ýasapdyrlar, olary gyzyl hem goňur reňkler bilen nagyşlapdyrlar. Horezm zergärleri gelin-gyzlar üçin her dürli bezeg şaýlaryny: ýüzük, bilezik, monjuk ýasapdyrlar. Olar çüýşeden hem monjuklary ýasapdyrlar. Demirçi ussalar bolsa demirden orak, pyçak ýaly zähmet gurallaryny ýasapdyrlar. Gadymy Horezmiň ilaty goýun we düýe ýüňünden mata dokapdyrlar. Şeýlelikde, hünärmentçilik ýokary derejä ýetipdir we oba hojalygyndan bölünip aýrylypdyr.

Jemagatyň (obşinanyň) käbir agzalary emeli suwaryşa esaslanýan ekerançylyk işlerini alyp barypdyrlar. Suwaryş ulgamy öňküsinden ep-esli ösýär. Çermenýap we Köne Was kanallarynyň suwy ilat tarapyndan öňküsi ýaly ulanylypdyr. Olardan başga-da Horezm oazisinde uly suw desgalary gurlup başlanypdyr. Adamlar kanallary, ýaplary gazypdyrlar. Çermenýap ýaly has uly Dowdan kanaly çekilipdir. Netijede, ekerançylyk meýdanlary giňelipdir. Ekin meýdanlary üçin ýaplar ene kanalyň has ýokarsyndan alnypdyr. Şu amatly şertler ekerançylyk hojalygynyň ösmegine getiripdir.

Horezmiň goňşy döwletler bilen gatnaşygy. B. e. öňki II–I asyrlarda Horezm bilen araçäk ýerlerde Aral deňziniň ýakalarynda, Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýuweýji, gun, eftaly, alan we beýleki taýpalar ýaşapdyrlar. Horezmiň ilaty olar bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Horezmde ýasalan antik küýze önümlerine meňzeş önümler, bir tarapdan, Syrderýa bilen Amyderýanyň aralygynda, ýurdumyzyň Murgap jülgesinde, Köpetdag eteklerinde, Etrek ýaýlalarynda gabat gelýär. Horezmiň gadymy galalaryndan tapylan hünärmentçilik önümleriniň Ýakyn Gündogarda we Gara deňziň kenarynda ýasalan hünärmentçilik önümleriniň nusgalary bilen meňzeşligi, bu ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklarynyň bolandygyna güwä geçýär.

Hytaý çeşmelerinde, has dogrusy, «Taryhy ýazgylar» atly eseriň beýanyna görä, Amyderýanyň boýunda ýaşan Parfiýa täjirleri şol ýerde derýa ulaglaryny (gämileri) ulanýan ekenler. Bu ýagdaý Gadymy Horezmiň şol ýerler bilen ýakyndan söwda gatnaşyklaryny alyp barandygyny subut edýär. Söwda gatnaşyklarynda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti has hem uly bolupdyr. Şol ýoluň bir şahasy Gadymy Horezmiň üstünden, Uzak Gündogardan Günbatar ýurtlaryna geçipdir. Horezmliler halkara söwdasyndan uly peýda görüpdirler we ilaty gerekli harytlar bilen üpjün edipdirler. B.e. öňki I asyrda Horezmiň hut öz pulunyň çykarylyp başlanmagy bolsa bu ýurtda söwdanyň, şonuň bilen birlikde medeniýetiň

hem ösendigini görkezýär.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Hünärmentçiligiň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz?

2. Horezmde haýsy taýpalar ýaşapdyrlar?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §1 Sah.: 10-12

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII


Sapagyň temasy:

Gadymy Horezmiň ýadygärlikleri.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Galalygyr. Küýzeligyr. Toprakgala. Sungat (binagärçilik, heýkeltaraşlyk, nakgaşlyk). Jaý gurluşygy barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)“ Horezmiň goňşy ýurtlary bilen gatnaşygy” diýen teksti okadyp, mazmunyny gürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Hünärmentçiligiň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz?

2. Horezmde haýsy taýpalar ýaşapdyrlar?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Gadymy Horezmiň ýadygärlikleri

2. Gadymy Horezm döwletiniň sungaty

3. Galalygyr galasynyň gurluşy.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Diwara çekilen suratlar haýsy galadan tapylandygyny

– Haýsy galada salnan jaýlarda gež ergini ulanylandygyny

– Horezmde haýsy önümlerde nämeleriň suraty çekilendigi barada

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Gadymy Horezm döwletiniň sungaty bararada aýtmagy

– Galalygyr galasynyň gurluşy barada aýtmagy

– Küýzeligyr galasynyň gurluşy gürrüň bermegi

– Gadymy Horezmiň ýadygärlikleri barada gürrüň bermegi

§ 2. Gadymy Horezmiň ýadygärlikleri

Gadymy Küýzeligyr, Galalygyr, Köne Was, Toprakgala we başgalar. Gadymy Horezm oazisini ikä bölýän Amyderýanyň iki kenarynda-da şäherler, galalar gurlupdyr. Olar taryhy edebiýatlarda Galalygyr, Küýzeligyr, Toprakgala, Akjagelin, Şasenem, Köne Was we beýleki atlar bilen mälimdir. Şol galalar Horezm döwletiniň syýasy, medeni, hojalyk merkezleri bolupdyr. Olaryň köpüsi orta asyrlar döwründe-de saklanyp galypdyr. Galalygyr galasynyň gurluşy taraplary 1000–720 m bolan gönüburçluk görnüşlidir. Ol b. e. öňki V–IV asyrlara degişlidir. «Ýaşaýyş jaý diwarly gala» diýlip atlandyrylýan bu galanyň dört tarapy öwrümli diwarlar bilen gurşalypdyr. Otaglaryň daşky hatarynyň diwarlary gorag diwarlary bilen gurşalypdyr. Galanyň diwarlarynyň ugrunda gönüburçly diňler ýerleşdirilipdir, her diwarda ötlem-ötlem jaý görnüşli girilýän derwezeler gurlupdyr. Küýzeligyr galasynyň uzynlygy hem 1000 m, ininiň uzynlygy 400 m bolup, ol belentlige utgaşyp gider ýaly salnypdyr. Bu gala hem b. e. öňki VI–IV asyrlara degişlidir.

Bu ýerde salnan Toprakgala giçki Kuşan şäheriniň nusgasy hasaplanýar. Ol 12 gektara golaý

m eýdany tutýar. Onuň demirgazyk-günbatar burçunda içki gala bolup, onda hökümdaryň üç diňden ybarat köşgi ýerleşipdir. Bu galada ot ybadathanasy ýerleşipdir. Şäheriň ortarasyndan esasy köçe geçip, ol şäheriň ýeke-täk derwezesine barýan geçelge bolupdyr. Şäheriň ýaşalýan bölegi ikä bölünipdir. Olaryň her tarapynda ýaşaýyş jaýlary ýerleşipdir. Gadymy Horezm galalary palçykdan-pagsadan, çig kerpiçden salnypdyr. Olaryň möçberi-de, görnüşi-de dürli-dürli bolupdyr. Galalar köp adam ýaşaýan merkezlere öwrülipdir. Onda adamlar birnäçe jemagaty döredipdirler. Jemagatlar dürli hojalyk-harby bähbitler üçin birleşipdirler. Olar bilelikde mal bakyp, hünärmentçilik bilen-de, hojalygyň beýleki ugurlary bilen-de meşgullanypdyrlar. Halk tarapyndan saýlanan tire aksakgallary jemagata baş bolupdyrlar.

Sungat. Gadymy Horezm şäher-galalarynda ýörite ussahanalar döräpdir. Hünärmentleriň ussahananyň ýanynda ýaşandyklary sebäpli, galanyň içinde özboluşly kiçi syrgynlar (kwartallar) emele gelipdir. Horezmli ussalar dürli görnüşli küýze önümlerini, owadan nagyşly gap-gaçlary ýasapdyrlar. Öndüren gaplaryny gyzyl hem goňur reňkler bilen bezäpdirler.

Küýzeligyr galasynyň diwary B.e. öňki IV we b.e. I asyrlarynda jaýyň diwarlaryna dürli

reňkli suratlary çekipdirler. Goýungyrlan galadan tapylan şeýle suratly diwarlaryň birinde eli ýaýly adamyň şekili bar. Alymlar bu suratlary Horezmde diwara çekilen suratyň iň gadymy nusgalarynyň biri hasaplaýarlar. Suratlar humlaryň ýüzüne-de çekilipdir. Bu tapyndylar b.e. öňki V–IV asyrlarda çeperçilik sungatynyň bolandygyna güwä geçýär.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Diwara çekilen suratlar haýsy galadan tapylýar, ol barada gürrüň beriň.

2. Gadymy Horezmde heýkeltaraşlyk bolupmy?

3. Haýsy galada salnan jaýlarda gež ergini ulanylypdyr?

4. Horezmde haýsy önümlerde nämeleriň suraty çekilipdir, olar haýsy asyrlara degişli?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §2 Sah.: 12-14.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII

Sapagyň temasy:

Gadymy Horezm Kaňly-arabaly döwletiniň düzümünde.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Demirgazyk türkmen ýerleriniň kaňly-arabaly döwletiniň düzüminde. Ilatyň meşgullanan kärleri barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

Geçilen temany okap gelmek. § 2 Sah.: 12-14.

3.Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

Sorag-jogap alyşmak.

1. Diwara çekilen suratlar haýsy galadan tapylýar, ol barada gürrüň beriň.

2. Gadymy Horezmde heýkeltaraşlyk bolupmy?

3. Haýsy galada salnan jaýlarda gež ergini ulanylypdyr?

4. Horezmde haýsy önümlerde nämeleriň suraty çekilipdir, olar haýsy asyrlara degişli?

4.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

5.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Gadymy Türkmenistan Kaňly–Arabaly döwletiniň düzüminde

2. Kaňly–Arabaly sözüniň manysy

3. Ilatyň meşgul bolan kärleri.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Döwlet näme sebäbe görä «Arabaçylar» diýlip atlandyrylandygy barada

– Arabaçylar döwleti haýsy ýerleri öz içine alandygy barada

– Arabaçylar döwletiniň basyp alan ýerlerini kartadan görkezip

- Arabaçylar döwletiniň ilatynyň esasy kärleri näme bolandygy barada

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Ilatynyň esasy kärleri barada gürrüň bermegi

– Arabaçylar döwletiniň haýsy ýerleri öz içine alandygy barada gürrüň bermegi

– Kaňly–Arabaly sözüniň manysy barada aýtmagy

– Arabaçylar döwleti haýsy ekinleri ekendikleri barada aýtmagy

§ 3. Gadymy Türkmenistan Kaňly–Arabaly döwletiniň düzüminde

Gadymy Horezm Kaňly–Arabaly döwletiniň düzüminde. B.e. öňki III asyrda Syrderýanyň orta akymlarynda selewkilere garşy göreşiň netijesinde ýarym oturymly kaňlylaryň döwleti emele gelýär. Bu döwlet b. e. V asyrynyň ortalaryna çenli ýaşap, Merkezi Aziýanyň, şol sanda türkmenleriň hem taryhynda uly orna eýe bolupdyr. Demirgazyk Türkmenistanyň ýerleri b. e. öňki I asyrdan tä b.e. I asyryna çenli aralykda kaňlylaryň–arabaçylaryň döwletiniň çetki serhetýaka ýerleri hökmünde onuň düzümine giripdir. Oguz türkmenleriniň bu gadymy döwletiniň ady bilen bagly getirilýän «kangýuý» sözi gadymy hytaý diline degişli bolup, türkmen diline terjime edilende, ol «arabaly» ýa-da «arabaçy» diýen manyny aňladýar. Şol gadymy döwürlerde arabaçylar oguz türkmenleriniň aýratyn uly bir taýpasyny düzüpdirler. Häzirki wagtda arabaçylar Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýaşaýarlar. Arabaçylar döwleti oguz türkmenleriniň arabaçy taýpasynyň döreden syýasy birikmesi bolupdyr.Türki dilde gepleýän halklarda şeýle taýpa birikmelerine il ýa-da il-ulus diýlipdir.

Arabaçylar döwletinde ýaşululardan ybarat ýokary geňeş döredilipdir. Döwlet geňeşinde taýpa we harby serkerdeler möhüm meseleleri çözüpdirler. Patyşa häkimiýeti aksakgallar geňeşi bilen iş ýöredipdir. Welaýatlar ýerli häkimler tarapyndan dolandyrylypdyr, olar merkezi häkimiýete salgyt töläpdirler. Arabaçylar döwletinde tire-taýpa ylalaşygyna görä, her maşgala ykjam ýaraglanan, söweş tälimi berlen bir atly nökeri döwletiň ýaragly güýçleriniň hataryna goşmaga borçly edilipdir. Harby ýagdaý dörän halatlarynda, arabaçylar döwleti birkemsiz ýaraglanan, örän ezber söweş tälimi berlen 120 müň atlyny jeň meýdanyna çykarmagyň hötdesinden gelipdirler. Şol döwürde şeýle möçberdäki goşun örän uly güýç bolupdyr, arabaçylar öz harby güýjüne daýanyp, Merkezi Aziýanyň ähli demirgazyk-günbatar bölegini özüne doly garaşly edipdirler. Arabaçylaryň goşuny wagtal-wagtal Hazaryň gündogar kenarlary bilen Ural, Don derýalarynyň aralygynda peýda bolupdyr. Olar günortada Derbent dag geçelgesinden aşyp, Zakawkaziýäniň çäklerine aralaşypdyr.

Ilatyň meşgul bolan kärleri. Ýerli ilat, esasan, ekerançylyk, maldarçylyk, hünärmentçilik bilen meşgullanypdyrlar. Arabaçylar myderýanyň aşak akymynyň iki kenarynda hem çylşyrymly suwaryş desgalary – bentleri, gaçylary galdyrypdyrlar, ululy-kiçili kanallary, ýaplary çekipdirler. Derýanyň suwuny rejeli peýdalanypdyrlar. Şeýlelikde, bu ýerlerde suwarymly ekerançylyk giň gerime eýe bolupdyr. Welaýatyň ilaty arpa hem-de mekgejöwen, şaly ýaly tehniki ekinleri ekipdirler, üzüm, bakja ekinleriniň meýdanyny giňeldipdirler.

6. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Döwlet näme sebäbe görä «Arabaçylar» diýlip atlandyrylypdyr?

2. Arabaçylar döwleti haýsy ýerleri öz içine alypdyr? Ol ýerleri kartadan görkeziň.

3. Arabaçylar döwletiniň ilatynyň esasy kärleri näme bolupdyr?

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §3 Sah.: 15-16.

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________



Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII

Sapagyň temasy:

Gadymy Horezm Kaňly-arabaly döwletiniň düzümünde. Şäher-galalar. Goýungyrlan galasy. Hat-ýazuw. Dini ynançlar.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Gadymy Horezm Kaňly-arabaly döwletiniň şäher-galalary, Goýungyrlan galasy, hat-ýazuwy. dini ynançlary barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

Geçilen temany okap gelmek. §3 Sah.: 15-16.

3.Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

Sorag-jogap alyşmak.

1. Döwlet näme sebäbe görä «Arabaçylar» diýlip atlandyrylypdyr?

2. Arabaçylar döwleti haýsy ýerleri öz içine alypdyr? Ol ýerleri kartadan görkeziň.

3. Arabaçylar döwletiniň ilatynyň esasy kärleri näme bolupdyr?

4.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

5.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Arabaçylar döwletiniň şäher-galalary

2. Goýungyrlan we Ýanbaş galalary

3. Hat-ýazuwy.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Şäher-galalary barada

– Goýungyrlan we Ýanbaş galalary barada

– «Arabaçylaryň haty» diýlip at berlmeginiň manysyny

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Arabaçylaryň goşuny barada aýtmagy

– Galalygyr galasynyň gurluşy barada aýtmagy

– Ilatyň hat-ýazuwy barada gürrüň bermegi

– Ilatyň dini ynançlary barada gürrüň bermegi

§ 3. Gadymy Türkmenistan Kaňly–Arabaly döwletiniň düzüminde.(dowamy)

Şäher-galalary. Demirgazyk Türkmenistanyň ýerlerinde Arabaçylar döwletiniň maddy me deniýetini häsiýetlendirýän ýadygärlikler bar. Amyderýanyň aşak akym la rynda otu rymly obalar köp bolup dyr. Gaňňagala atly uly gala şu döwre degişli bolupdyr. Çer menýap kanalynyň boýunda Şasenem şäheri, Galaly I we Galaly II diýlip atlandyrylýan galalar döräpdir. Bu döwletiň Goýungyrlan we Ýanbaş galalaryndan tapylan tapyndylar bu ýerde medeniýetiň ösendiginden habar berýär. Bu galalar b.e. öňki IV asyrdan b.e. IV asyryna çenli ýaşan şäherlerdir. Şäher berk we beýik diwarlar bilen gurşalyp salnypdyr. Şäheriň daşky gurluşy duşmana berk gaýtawul bermäge niýetlenipdir. Goýungyrlan galanyň ortasynda tegelek ymarat salnyp, onuň diametri 42 m, daşky diametri 87,5 metre barabar bolupdyr. Şäheriň diwarlarynyň burçlarynda bolsa goranmak üçin diň salnypdyr.

Bu döwürde köp sanly ilatyň ekerançylyga geçmegi sebäpli, ilat san taýdan ep-esli artypdyr.

Obalar ulalyp, şäherler giňelipdir. Çarwa ilat bilen oturymlylaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar şäherlerde senetçiligiň, hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegine amatly şertleri döredipdir.

Hat-ýazuwy. Dini ynançlary. Demirgazyk Türkmenistanyň gadymy ilatynyň öz hat-ýazuwy bolupdyr. Bu ýerlerden b.e. öňki III–II asyrlara degişli ýazgylar tapyldy, bu ýazgylara «Arabaçylaryň haty» diýlip at berlipdir. Ol hat ýazylyşy boýunça kese bolup, dik ýazylan hytaý hatyndan tapawutlanýan elipbiýde ýazylan eken. Bu hata «Arabaçylaryň haty» diýilmeginiň sebäbi, onuň arabaçylar döwrüne degişli galadan tapylandygy üçindir. Şol döwre Goýungyrlan gala degişli Toprakgala köşgünden özboluşly köşk arhiwide tapyldy. Eýlenen mal derisine (pergament) we agajyň gabygyna ýazylan bu hat arameý hatyna ýakyn bolupdyr. Goýungyrlan şäheriniň içinden tapylan gežden – alebastrdan ýasalan köp sanly hudaý heýkelleriniň käbirleri adam boýy bilen barabar bolupdyr. Bu galada arabaçylaryň sežde edýän hudaýlarynyň – butlarynyň, heýkelleriniň köp sanlysy bolupdyr. Şeýle-de, bu galada onlarça adamlaryň süňki, merhumyň nikaplary saklanýan otaglar hem bar eken. Olar ýörite ýasalan daş gutularda saklanypdyr. Alymlaryň pikirine görä, arabaçylarda merhum adamyň jesedini ýakmak däbi bolupdyr, şol sebäpli hem galanyň merkezinde adam jaýlanýan ýörite jaý salypdyrlar. Arabaçylar döwletiniň ilatynyň dini düşünjelerine görä, asman baş hudaý hasaplanypdyr. Adamlar Güne, Aýa hem-de ýyldyzlara sežde edipdirler. Arabaçylar tümlügi ýa-da garaňkylygy howply, eýmendiriji hadysa hasaplap, Gün şöhlesiniň jahany ýagtyltmagyna çakdanaşa begenip, ýaňy dogup gelýän Güne sežde edipdirler.

Arabaçylar Aýa sežde edip, ondan durmuşyň oňat bolmagyny dilemek arkaly delalat isläpdirler. Arabaçylar ýyldyzlaryň keramatyna-da bil baglap, olara sežde edipdirler. Olar käbir ýyldyzlara janly häsiýet hem beripdirler. Ýedigen ýyldyzy arabaçylaryň düşünjesine görä, haýyr-sogap işiniň dörän mekany hasaplanypdyr. Ülker ýyldyzy bolsa adamzadyň ilki dörän mekany hökmünde arabaçy ilatynyň uludan-kiçisiniň aňyna siňipdir. Arabaçylar döwletinde wagtyň geçmegi bilen köp hudaýlylyk dini garaýyşlar kem-kemden ýitipdir we b.e.öňki VI asyrda otparazçylyk dini agalyk ediji dine öwrülipdir.

6. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Döwlet näme sebäbe görä «Arabaçylar» diýlip atlandyrylypdyr?

2. Arabaçylar döwleti haýsy ýerleri öz içine alypdyr? Ol ýerleri kartadan görkeziň.

3. Arabaçylar döwletiniň ilatynyň esasy kärleri näme bolupdyr?

4. Arabaçylaryň goşunynyň möçberi näçeräk bolupdyr?

5. Ilatyň dini ynançlary we hat-ýazuwy barada gürrüň beriň.

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §3 Sah.: 17-18.

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII

Sapagyň temasy:

Günorta Horezm we Lebap welaýatynyň ýerleri Kuşan döwletiniň düzüminde

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Şäherleriň we söwdanyň gülläp ösmegi, Amul, suwaryş desgalary barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)“ Gadymy Horezm Kaňly-arabaly döwletiniň düzümünde” diýen teksti okadyp, mazmunyny gürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Döwlet näme sebäbe görä «Arabaçylar» diýlip atlandyrylypdyr?

2. Arabaçylar döwleti haýsy ýerleri öz içine alypdyr? Ol ýerleri kartadan görkeziň.

3. Arabaçylar döwletiniň ilatynyň esasy kärleri näme bolupdyr?

4. Arabaçylaryň goşunynyň möçberi näçeräk bolupdyr?

5. Ilatyň dini ynançlary we hat-ýazuwy barada gürrüň beriň.

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Günorta Horezm we Lebap welaýatynyň ýerleri Kuşan döwletiniň düzüminde

2. Şäherleriň we söwdanyň ösmegi

3. Amul şäheri barada gürrüň bermek

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Kuşan döwleti barada gürrüň berip

– Kuşan döwletiniň patyşalary bararda gürrüň berip

– Amul şäheri barada

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Kuşan döwleti nirede we näçenji asyrda dörändigi barada gürrüň bermegi

– Kuşan patyşalygy haýsy döwletleri öz içine alandygy barada aýtmagy

– Onuň merkezi (paýtagt) haýsy şäherler bolandygy barada gürrüň bermegi

– Kuşan döwletiniň ilkinji patyşasy kim bolandygy barada aýtmagy

§ 4. Günorta Horezm we Lebap welaýatynyň ýerleri Kuşan döwletiniň düzüminde

K uşan döwleti häzirki Owganystanyň ýerlerinde I–IV asyrlarda döräpdir. Kuşan patyşalygy Baktriýany, Hindistanyň demirgazyk etraplaryny, Merkezi Aziýanyň köp bölegini, şol sanda Horezmi we Türkmenistanyň häzirki Lebap welaýatynyň ýerlerini öz içine alypdyr. Onuň merkezi ilki Kabul sebitlerinde bolupdyr, soňra bolsa Demirgazyk Hindistanyň (häzirki Pakistan) Peşewar şäherine geçirilipdir. Kuşan döwletiniň dili baktriýa dili, dini bolsa budda bolupdyr. Kuşan döwleti öz gülläp ösen döwründe (I asyryň ahyry – III asyryň başy) Merkezi Aziýanyň köp ýerini, Owganystanyň, Pakistanyň, Demirgazyk Hindistanyň ýerlerini öz içine alypdyr. Kuşan döwletiniň ilkinji patyşasy Kudzula Kadfiz (Kudfiz I) bolupdyr. Ol Kuşan patyşalygyny esaslandyrypdyr we 85 ýaşynda aradan çykypdyr. Kadfiz I aradan çykandan soňra onuň ogly Wima Kadfiz II patyşa bolýar. Ol 30 ýyl töweregi döwleti dolandyrypdyr. Kadfiz II döwründe Kuşan döwletiniň ýerleri has giňäp, Hindistanyň jümmüşine aralaşypdyr. Kadfiz II döwründe döwletde welaýat dolandyryş ulgamy girizilipdir. Şeýle-de, ol pul özgertmesini geçiripdir. Onuň döwründe Kuşan döwletiniň öz puly zikgelenipdir. Pullaryň ýüzüne hindi-grek, hindi-sak we hindi-parfiýa hatlary ýazylypdyr.Ýerli häkimlere öz pullaryny zikgelemäge hukuk berlipdir.

Şäherleriň we söwdanyň ösmegi. Amul. Kuşanlaryň agalyk eden döwründe Amyderýanyň orta akymlaryndaky Kerki, Beşir, Mürzebeg we Köýten ekerançylyk oazisleri özleşdirilipdir. Beşir we Esenmeňli galalary Kuşan döwrüniň şäher görnüşli obalary bolupdyrlar. Amyderýanyň boýunda Gandymgala, Toprakgala, Köne Was, Maňňyrgala, Gaňňagyrgala ýaly gadymy şäherler döräpdir.

Amyderýanyň kenar ýakasyndaky gadymy şäherlerden we obalardan Kuşan patyşalarynyň mis pullarynyň birnäçesi tapyldy. Beýik Kuşan döwletiniň iň uly şäherleriniň biri hem Termez şäheri bolupdyr. Ol häzirki Özbegistan bilen Türkmenistanyň günorta serhediniň birleşýän ýerinde ýerleşýär. Şäherde budda buthanasy, köp sanly hünärmentçilik ussahanalary bolupdyr.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Kuşan döwleti nirede we näçenji asyrda döräpdir.?

2. Kuşan patyşalygy haýsy döwletleri öz içine alypdyr?

3. Onuň merkezi (paýtagt) haýsy şäherler bolupdyr?

4. Kuşan döwletiniň ilkinji patyşasy kim bolupdyr?

5. Kuşan döwletiniň düzüminde wagty Amyderýanyň boýunda haýsy gadymy şäherler döräpdir?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §4 Sah.: 19-21.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________


Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!