СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

10 ekologiya sapak yazgy I caryek

Категория: Экология

Нажмите, чтобы узнать подробности

Ekologiya sapak yazgy 10 synp I caryek.

Просмотр содержимого документа
«10 ekologiya sapak yazgy I caryek»

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: ekologiýa

Synpy: X

Sapagyň temasy:

Özbaşdak ylym hökmünde ekologiýa barada düşünje. Ekologiýa ylmynyň düşünjeleriniň kemala gelmegi, onuň taryhynyň döremegi, bu ylmyň öwrenýän meseleleri (predmeti) we usullary.

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Özbaşdak ylym hökmünde ekologiýa barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Ata Watana, Hormatly Prezidentimize, Ene-Ata , şahsy arassaçylyga, sagdynlyga bolan çäksiz söýgüni terbiýelemek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyñ gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:

Geçilen temalar boýunça sorag-jogap alyşmak

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň ekologiýa dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Özbaşdak ylym hökmünde ekologiýa barada düşünje bermek.

2. Ekologiýa ylmynyň düşünjeleriniň kemala gelmek.

3. Okuwçylar bilen anyk ekologik mesele boýunça söhbetdeşlik etmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

─ ekologiýa ylmynyň esasy düşünjelerini;

- esasy tebigy toparlanmalaryň gurluşyny, olaryň durnuklylygyny we mümkin bolan transformasiýasyny;

– ekologik kanunlaryň we düzgünleriň ylmy kesgitlemelerini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– ekologik ulgamda biosenotik baglanyşyklaryň ýagdaýyna baha bermegi;

– ekologik ulgamlarda bolup geçýän üýtgeşmelere gözegçilik etmegi;

- organizmleriň populýasiýalaryny we dargadylan biosenozlary dikeltmegiň ekologik usullaryny gözläp tapmagy.

Özbaşdak ylym hökmünde ekologiýa barada düşünje. Ekologiýa ylmynyň düşünjeleriniň kemala gelmegi, onuň taryhynyň döremegi, bu ylmyň öwrenýän meseleleri (predmeti) we usullary.

Ekologiýa barada düşünje. “Ekologiýa” adalgasynyň gelip çykyşy. “Ekologiýa” adalgasy iki sany grek sözlerinden gelip çykan: “oýkos” – mähriban öýüm, ýaşaýan we iýmitlenýän ýerim, “logos” – ylym, taglymat diýmegi aňladýar. Bu adalgany ilkinji gezek nemes alymy-biology Ernst Gekkel (1834-1919) 1866-njy ýylda ylma girizmegi teklip edýär. E. Gekkel ekologiýa diýip tebigatyň ykdysadyýetine degişli bolan bilimleriň toplumyna düşünipdir. Bu alym özüniň “Organizmleriň ählumumy morfologiýasy” (1866) atly düýpli ylmy işinde ekologiýa ylmyna şeýle kesgitleme berýär:

Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde alymlar ekologiýa ylmyna dürli görnüşde we mazmunda kesgitleme berýärler. Şol kesgitlemeleriň umumy sanynyň 50-den hem gowrakdygyny bellemek gerek. Ekologiýa ylmyna berilýän häzirki zaman kesgitlemeleriň arasynda aşakdaky kesgitlemeler has giňden ulanylýar:

Häzirki zaman ekologiýanyň esasy bölümleri (ugurlary). Ekologiýa ylmy batly depginler bilen pajarlap ösýän ylymlaryň biri hasaplanýar. Ol adamzat jemgyýetiniň ähli ugurlaryna barha çuňňur aralaşýar. Bularyň ählisi ekologiýanyň köp sanly we möhüm ugurlarynyň döremegini şertlendirýär. Şu sebäpli-de, häzirki zaman ekologiýanyň birnäçä esasy bölümlerini (ugurlaryny) tapawutlandyrýarlar (1-nji surat):

ОБЩАЯ ЭКОЛОГИ

SOSIAL EKOLOGIÝA

UMUMY EKOLOGIÝA

EKOLOGIÝA

SINEKOLOGIÝA

AUTEKOLOGIÝA

GEOEKOLOGIÝA

1-nji surat. Ekologiýanyň bölümleri (ugurlary)

5. Täze temany berkitmek: Sorag-jogap alyşmak:Ekologiýa ylmynyň ösmegine goşant goşan alymlar?Ekologiýa ylmynyň öwrenýän meseleleri,wezipesi we barlag usullary?

6. Öý işini tabşyrmak: Geçilen temany (özbaşdak ylym hökmünde ekologiýa barada düşünje) gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.Sah.7-17.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: ______________________________________________

Bellik:__________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ______________________

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: ekologiýa

Synpy: X

Sapagyň temasy:

Ekologik täsir (faktot) düşünjesi. Ekologik faktorlaryň toparlara bölünişi (klassifikasiýasy).

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara ekologik täsirler barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Ata Watana, Hormatly Prezidentimize, Ene-Ata , şahsy arassaçylyga, sagdynlyga bolan çäksiz söýgüni terbiýelemek.

Sapagyň görnüşi:

Leksiýa sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyñ gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.2.Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:

Özbaşdak ylym hökmünde ekologiýa barada düşünje. Ekologiýa ylmynyň düşünjeleriniň kemala gelmegi, onuň taryhynyň döremegi, bu ylmyň öwrenýän meseleleri (predmeti) we usullary diýen temany soramak. Sorag-jogap alyşmak: 1.Ekologiýa ylmynyň ösmegine goşant goşan alymlar?2.Ekologiýa ylmynyň öwrenýän meseleleri,wezipesi we barlag usullary? 3. Ekologiýa ylmy nähili meseleleri öwrenmek bilen meşgullanýar?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň ekologiýa dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Okuwçylara ekologik täsirler barada düşünje bermek.

2. Ekologiýa ylmynyň düşünjeleriniň kemala gelmek.

3. Daşky gurşaw bilen özara gatnaşyk mahalynda okuwçynyň özüni alyp barşyna baha bermegi.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- biosferanyň derejelerinde esasy ekologik kanunlaryň täsirini;

- ekologiýa ylmynyň esasy bölümlerini öz içine alýan 200-e golaý adalgany, düşünjäni;

– biosferada we ekologik ulgamlarda adamyň ornuny, ýaşaýyş gurşawyna adatdan daşary güýçli täsirini;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– bedene fiziki zähmetiň, hereket işjeňliginiň we sportuň edýän täsirini düşündirmegi;

– adamyň täsiriniň netijesinde ýa-da daşky gurşawda bolup geçýän üýtgeşmeleriň täsirinde biosenozlarda bolýan üýtgeşmeleri öňünden çaklamagy we olary nusgalaşdyrmagy (modelirlemegi).

Ekologik täsir (faktot) düşünjesi. Ekologik faktorlaryň toparlara bölünişi (klassifikasiýasy).

Ekologik täsirler. Daşky gurşawyň organizmlere täsir edýän aýratyn häsiýetlerine we elementlerine ekologik täsirler diýilýär. Organizmler ekologik täsirlere jogap hökmünde olara uýgunlaşmany (adaptasiýany) ýüze çykarýarlar.

Daşky gurşawyň ekologik täsirleri köp dürlüdir. Olar janly organizmler üçin oňaýly ýa-da tersine, oňaýsyz, ýagny ösüşine, köpelişine we ýaşaýşyna päsgel berýän görnüşlerde bolup bilerler. Ekologik täsirler özüniň emele gelşi we täsiriniň aýratynlyklary boýunça dürli-dürlüdirler. Şonuň bilen baglylykda hem ekologik täsirleri birnäçe toparlara bölýärler.

Tebigaty boýunça ekologik täsirler aşakdaky ýaly 3 sany topara bölünýärler (1-nji tablisa). 1-nji tablisa

Tebigaty boýunça ekologik täsirleriň toparlary

Ekologik täsirler

Kesgitlemesi

Mysal

Abiotik täsirler

Jansyz tebigatyň faktorlary

Ýagtylyk,çyglylyk, temperatura, suw, howa we toprak gurşawynyň düzümi.

Biotik täsirler

Janly tebigatyň faktorlary

Organizmleriň populýasiýadaky gatnaşyklary, populýasiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar.

Antropogen täsirler

Tebigatyň üýtgemegine getirýän adamzadyň islendik işi

Tokaýlaryň çapylmagy, batgalyklaryň guradylmagy.

Abiotik täsirler – fiziki-himiki, organiki däl ýa-da jansyz tebigatyň täsirleridir. Olara klimatik, atmosfera, toprak (edafik), geomorfologik, gidrologik we beýleki (temperatura, ýagtylyk, radioaktiw şöhlelenme, basyş, howanyň çyglylygy, suwuň duzlulyk derejesi we düzümi, akymlar, relýef) ekologik täsirler degişlidirler. Bu täsirler janly organizmlere gös-göni ýa-da gytaklaýyn täsir edýärler.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. «Ekologik täsir» düşünjesine kesgitleme beriň.Ekologik täsirleriň toparlara bölünişini (klassifikasiýasyny) düzüň. Her topara degişli mysallary getiriň.

2. Ekologik faktorlar tebigaty boýunça haýsy toparlara bölünýärler?

3. Gurşawyňfaktorlarynyň täsiriniň gönükdirilenligi boýunça
haýsy toparlara bölünýändiklerini aýdyp beriň.

6. Öý işini tabşyrmak: Geçilen temany (ekologik täsir (faktot) düşünjesi) gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.Sah.15-17.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak : Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: ______________________________________________

Bellik:__________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ______________________

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: ekologiýa

Synpy: X

Sapagyň temasy:

Populýasýyanyň gürlügine bagly bolan we bagly bolmadyk abiotik hem-de biotik faktorlar.

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara populýasýyanyň gürlügine bagly bolan we baglybolmadyk abiotik hem-de biotik faktorlar barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Ata Watana, Hormatly Prezidentimize, Ene-Ata , şahsy arassaçylyga, sagdynlyga bolan çäksiz söýgüni terbiýelemek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyñ gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:

Ekologik täsir (faktot) düşünjesi. Ekologik faktorlaryň toparlara bölünişi (klassifikasiýasy) diýen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak:1.«Ekologik täsir» düşünjesine kesgitleme beriň. Ekologik täsirleriň toparlara bölünişini (klassifikasiýasyny) düzüň. Her topara degişli mysallary getiriň.2.Gurşawyň faktorlarynyň täsiriniň gönükdirilenligi boýunça haýsy toparlara bölünýän-diklerini aýdyp beriň. 3.Janly organizmler ekologik faktorlaryň täsirlerine nähili jogap gaýtarýarlar?4.Ekologik faktorlar tebigaty boýunça haýsy toparlara bölünýärler?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň ekologiýa dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Okuwçylara populýasýyanyň gürlügine bagly bolan we baglybolmadyk abiotik hem-de biotik faktorlar barada umumy düşünje bermek;

2. Tebigatyň ýyl ýazgysyny yzygiderli ýöretmek ;

3. Täze ylmy maglumatlary toplamak.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagy;

- ýurduň aýratyn goralýan tebigy ýerlerinde biologik dürlüligi gorap saklamagy;

-ulgamlaryň we biosferanyň derejelerinde esasy ekologik kanunlaryň täsirini;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– ekologik ulgamlarda bolup geçýän üýtgeşmelere gözegçilik etmegi;

– mekdep okuwçylarynda tebigy gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak we öz bilimiňi ösdürmek maksatlaryna ýetmegi.

Populýasýyanyň gürlügine bagly bolan we bagly bolmadyk abiotik hem-de biotik faktorlar.

Mälim bolşy ýaly, ekologik faktorlar janly organizmlere dürliçe täsir edýärler. Olar organizmlere aşakdaky häsiýetlerde täsir edýärler:

■ fiziologik we biohimik funksiýalaryň uýgunlaşdyryjy üýtgeşmelerine getirýän gyjyndyryjylar hökmünde;

■ belli bir şertlerde ýaşaýşy saklap bolmaýandygy sebäpli çäklendiriji hökmünde;

■ organizmiň anatomik we morfologik taýdan üýtgemegine, özgermegine getirip bilýän modifikatorlar hökmünde;

■ daşky gurşawyň üýteýändigi barada habar beriji duýduryjylar (signallar) täsir edip bilýärler.

Ilki bilen janly organizmlere abiotik faktorlaryň möhüm görnüşleriniň edýän täsirlerine garap geçeliň.

Klimat - tebigy gurşawyň esasy düzüm bölekleriniň biri hasaplanýar. Gury ýerde ýaşaýan ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýşy üçin ýagtylyk, temperatura we çyglylyk ýaly möhüm klimat düzüm bölekler (komponentler) ähmiýetlidir. Simbioz – dürli örganizmleriň bilelikdäki ýäşaýşy bolup, ol organizmleriň iň bolmanda biri üçin peýdalydyr. Simbioz – görnüşleriň arasyndaky peýdaly gatnaşykdyr. Simbioz gatnaşygyna girýän organizmler bilelikde ýaşamaga ýöriteleşýärler we olar biri-birinden üzňelikde, aýry-aýrylykda ýaşap bilmeýärler (bäsdeşlige döz gelip bilmeýärler). Simbioz hadysasynyň mutualizm, sinoýkiýa, kommensalizm (nanýagysylyk), protokooperasiýa ýaly görnüşleri bar. Mutualizm – görnüşleriň ikisi üçin hem bähbitli özara gatnaşyk hasaplanýar .Mutualizm hadysasy: guşlar kerkiň deri örtügindäki mugthorlar bilen iýmitlenýärler.

Antibioz – görnüşleriň bir-birine zyýan ýetirýän özara gatnaşyklary. Bu hadysanyň bäsdeşlik, ýyrtyjylyk, mugthorluk, allelopatiýa ýaly görüşlerini tapawutlandyrýarlar.

5. Täze temany berkitmek: Sorag-jogap alyşmak:

1. Organizmleriň dürli görnüşleriniň ýaşaýşyna temperatura nähili täsir edýär?

2. Ösümlikler we haýwanlar özlerine zerur bolan suwy nädip alýarlar?

3. Dürli ýagtylanma orgaznimler nähili jogap berýärler?

6. Öý işini tabşyrmak: Geçilen temany özleşdirip gelmegi tabşyrmak .Sah.18-25.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: ______________________________________________

Bellik:__________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ______________________

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: ekologiýa

Synpy: X

Sapagyň temasy:

Ekologik faktorlaryň toplumlaýyn(kompleksleýin) täsirleri, olaryň gerimi (diapozony). Çäklendiriji täsirler.

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara ekologik faktorlaryň toplumlaýyn(kompleksleýin) täsirleri, olaryň gerimi (diapozony). Çäklendiriji täsirler barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Ata Watana, Hormatly Prezidentimize, Ene-Ata , şahsy arassaçylyga, sagdynlyga bolan çäksiz söýgüni terbiýelemek.

Sapagyň görnüşi:

Leksiýa sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyñ gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:

Okuwçylar bilen geçilen temalardan gürrüň edýäris, olaryň temalar boýunça bilimlerini barlaýaryn:a)Biologiýa sapaklarynda öwrenenleriňizi ýadyňyza salyp, çölde ýaşaýan ösümlikleriň we haýwanlaryň çölüň şertlerine uýgunlaşmalarynyň (adaptasiýalarynyň) mysallaryny getiriň.b)Janly organizmlere täsir edýän biotik faktorlaryň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz? Biotik faktorlaryň her birini häsiýetlendiriň. Sorag-jogap alyşmak: 1. Organizmleriň dürli görnüşleriniň ýaşaýşyna temperatura nähili täsir edýär?

2. Ösümlikler we haýwanlar özlerine zerur bolan suwy nädip alýarlar?

3. Dürli ýagtylanma orgaznimler nähili jogap berýärler?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň ekologiýa dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Okuwçylara ekologik faktorlaryň toplumlaýyn(kompleksleýin) täsirleri, olaryň gerimi (diapozony). Çäklendiriji täsirler barada umumy düşünje bermek.

2. Ekologiýa ylmynyň düşünjeleriniň kemala gelmek.

3. Okuwçylar bilen anyk ekologik mesele boýunça söhbetdeşlik etmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

─ ekologiýa ylmynyň esasy düşünjelerini;

- esasy tebigy toparlanmalaryň gurluşyny, olaryň durnuklylygyny we mümkin bolan transformasiýasyny;

– ekologik kanunlaryň we düzgünleriň ylmy kesgitlemelerini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– ekologik ulgamda biosenotik baglanyşyklaryň ýagdaýyna baha bermegi;

– ekologik ulgamlarda bolup geçýän üýtgeşmelere gözegçilik etmegi;

- organizmleriň populýasiýalaryny we dargadylan biosenozlary dikeltmegiň ekologik usullaryny gözläp tapmagy.

Ekologik faktorlaryň toplumlaýyn(kompleksleýin) täsirleri, olaryň gerimi (diapozony). Çäklendiriji täsirler.

Ekologik faktorlar janly organizmlere dürlüçe täsir edýärler. Olar ýöriteleşme üýtgeşmesini döredýän gyjyndyryjylar hem-de janly-jandarlaryň anyk şertlerde ýaşamaklygynyň mümkin däldigini şertlendirýän çäklendirjiler hökmünde täsir edýärler. Ekologik şertler organizmleriň içki we daşky gurluşynyň üýtge-melerini döredýärler. Bulardan başga-da, ekologik faktorlar daşky gurşawyň beýleki şertleriniň üýtgemesini aňladýan duýduryjylar hem hasaplanýarlar.

Ekologik şertleriň özara täsirleri. Janly organizmleriň daşky gurşawyň haýsy hem bolsa bir şertine bolan optimal zolagy we olaryň çydamlylygynyň çäkleri şol bir wagtyň özünde beýleki şertleriň we olaryň toplumynyň nähili güýç bilen täsir edýändigine baglylykda üýtgäp biler. Bu kanunalaýyklyga şertleriň özara täsirleri diýip at berilýär. Meselem, yssyny çygly howada däl-de, gurak howada başdan geçirmek ýeňil. Doňmak howpy şemalsyz howadaky aýaza garanyňda şemelly howadaky aýazda has ýokarydyr. Şeýlelikde, şol bir ekologik faktor beýleki faktorlar bilen utgaşyklylykda, ýöne dürlüçe täsir edýärler. Munuň tersine, şol bir ekologik netije dürli ýollar arkaly gazanylyp bilner. Meselem, ösümlikleriň süllermesiniň, guramasynyň öňüni toprakda çyglylygy ýokarlandyrmak bilen hem, bugarmak hadysasyny azaldýan howanyň temperaturasyny peseltmek ýoly bilen hem almak mümkin. Ekologik faktorlaryň bölekleýin, kem-käsleýin orunlaryny çalyşmak peýdaly bolýar. Ýöne daşky gurşawyň ekologik faktorlarynyň täsiriniň özara öwezini dolmagyň anyk çäkleri bar. Olaryň birini beýlekisi bilen doly çalşyp bolmaýar.

5. Täze temany berkitmek: Sorag-jogap alyşmak:

1.Ekologik şertleriň özara täsirleri diýip nämä aýdylýar?

2.Ekologik faktorlaryň özara täsirleriniň kanunalaýyklyklaryny nazara alyp, oba hojalyk önümçiliginde medeni ösümlikleriň we öý haýwanlaryň optimal ýaşaýyş şertlerini döretmegiň mümkindigi barada gürrüň beriň. Muňa anyk mysallary getiriň.

3.Çäklendiriji faktor diýip nämä düşünýärsiňiz?

4.Çäklendiriji faktorlary ýüze çykarmagyň oba hojalygy üçin nähili ähmiýeti bar?

6. Öý işini tabşyrmak: Geçilen temany özleşdirip gelmegi tabşyrmak.Sah.26-28.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak : Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: ______________________________________________

Bellik:__________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ______________________

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: ekologiýa

Synpy: X

Sapagyň temasy:

Ýer ýüzündäki ýaşaýyş gurşawlary.(sredalary). Biogeografik welaýatlar, olaryň häsiýetnamasy. Biomlar (gury ýer, deňiz we süýji suw biomlary).

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara biogeografik sebitler, biomlar, gury ýer, deňiz we süýji suw biomlary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Ata Watana, Hormatly Prezidentimize, Ene-Ata , şahsy arassaçylyga, sagdynlyga bolan çäksiz söýgüni terbiýelemek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyñ gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:

Okuwçylar bilen geçilen temalardan gürrüň edýäris, olaryň temalar boýunça bilimlerini barlaýaryn. Sorag-jogap alyşmak:1. Çäklendiriji faktor diýip nämä düşünýärsiňiz?

2. Çäklendiriji faktorlary ýüze çykarmagyň oba hojalygy üçin nähili ähmiýeti bar? 3.Ekologik şertleriň özara täsirleri diýip nämä aýdylýar?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň ekologiýa dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Okuwçylara biogeografik sebitler, biomlar, gury ýer, deňiz we süýji suw biomlary barada umumy düşünje bermek.

2. Ekologiýa ylmynyň düşünjeleriniň kemala gelmek.

3. Okuwçylar bilen anyk ekologik mesele boýunça söhbetdeşlik etmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

─ ekologiýa ylmynyň esasy düşünjelerini;

- esasy tebigy toparlanmalaryň gurluşyny, olaryň durnuklylygyny we mümkin bolan transformasiýasyny;

– ekologik kanunlaryň we düzgünleriň ylmy kesgitlemelerini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– ekologik ulgamda biosenotik baglanyşyklaryň ýagdaýyna baha bermegi;

– ekologik ulgamlarda bolup geçýän üýtgeşmelere gözegçilik etmegi;

- organizmleriň populýasiýalaryny we dargadylan biosenozlary dikeltmegiň ekologik usullaryny gözläp tapmagy.

Ýer ýüzündäki ýaşaýyş gurşawlary.(sredalary). Biogeografik welaýatlar, olaryň häsiýetnamasy. Biomlar (gury ýer, deňiz we süýji suw biomlary).

Tebigy zolaklyk baradaky ylmy taglymaty esaslandyran meşhur rus alymy W. W. Dokuçaýewdir (1846-1903). Ol zolaklygy tebigatyň ählumumy kanuny hökmünde esaslandyryp, biosferanyň çägindäki ähli hadysalaryň bu kanuna tabynlygyny kesgitleýär.

Ýer ýüzünde aşakdaky ýaly ýylylyk guşaklyklary tapawutlandyrylýar:

her bir ýarym şarda +200C ýyllyk izotermiýasy bilen araçäkleşýän, demirgazyk we günorta giňlikleriň 300-nyň ýakynyndan geçirilen ýyly ýa-da yssy guşaklyk;

iki sany aram (+200C ýyllyk izotermiýasynyň we iň ýyly aýyň +100C izotermiýasynyň arasynda ýerleşen) guşaklyk; Demirgazyk ýarym şarda taýga zonasy ägirt uly çägi eýeleýärHaýwanat dünýäsinde hem tapawutlanmalar ýüze çykýar. Antarktidanyň pingiwinleriniň deregine Arktikada ýer üsti haýwanlaryndan ak aýylar, muskus öküzleri, toýnaklylar, tilkiler ýaşaýarlar (9-njy surat).

5. Täze temany berkitmek: Sorag-jogap alyşmak: 1. Janly organizmiň ýaşaýyş gurşawy diýip nämä aýdylýar? 2. Ýer ýüzünde janly organizmler haýsy
ýaşaýyş gurşawlarynda ýaşaýarlar? 3. Geografik gabygyň ösüşinde polýar asimmetriýasynyň ornuny düşündiriň.4. Demirgazyk we günorta şarlaryň tebigy zonalarynda ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň görnüş taydan tapawutlanmalaryny düşündiriň

6. Öý işini tabşyrmak: Geçilen temany özleşdirip gelmegi tabşyrmak.Nutuk ýazyp gelmeklerini tabşyrmak.Sah.28-45.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak : Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: ______________________________________________

Bellik:__________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ______________________

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: ekologiýa

Synpy: X

Sapagyň temasy:

Bedeniň üst ýüz kanuny. Organizm üçin köp sanly täsir bilen baglanyşyklykda, onuň täsiri. Jisimiň üst ýüz kanunynyň netijesi.

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara bedeniň üst ýüz kanuny. Organizm üçin köp sanly täsir bilen baglanyşyklykda, onuň täsiri. Jisimiň üst ýüz kanunynyň netijesi barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Ata Watana, Hormatly Prezidentimize, Ene-Ata , şahsy arassaçylyga, sagdynlyga bolan çäksiz söýgüni terbiýelemek.

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyñ gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

Okuwçylar bilen geçilen temalardan gürrüň edýäris, olaryň temalar boýunça bilimlerini barlaýaryn.Ýazyp gelen nutuklaryny barlamak.

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak:

Sorag-jogap alyşmak:1. Geografik gabygyň ösüşinde polýar asimmetriýasynyň ornuny düşündiriň.2. Demirgazyk we günorta şarlaryň tebigy zonalarynda ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň görnüş taydan tapawutlanmalaryny düşündiriň. 3. Ýer planetasynda haýsy geografik sebitler ýaýrandyrlar?4. Ýer ýüzünde näçe sany geografik guşaklyklar tapawutlandyrylýar?

4. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň ekologiýa dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

5. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Okuwçylara bedeniň üst ýüz kanuny. Organizm üçin köp sanly täsir bilen baglanyşyklykda, onuň täsiri. Jisimiň üst ýüz kanunynyň netijesi barada umumy düşünje bermek.

2. Ekologiýa ylmynyň düşünjeleriniň kemala gelmek.

3. Daşky gurşaw bilen özara gatnaşyk mahalynda okuwçynyň özüni alyp barşyna baha bermegi.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- biosferanyň derejelerinde esasy ekologik kanunlaryň täsirini;

- ekologiýa ylmynyň esasy bölümlerini öz içine alýan 200-e golaý adalgany, düşünjäni;

– biosferada we ekologik ulgamlarda adamyň ornuny, ýaşaýyş gurşawyna adatdan daşary güýçli täsirini;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– bedene fiziki zähmetiň, hereket işjeňliginiň we sportuň edýän täsirini düşündirmegi;

– adamyň täsiriniň netijesinde ýa-da daşky gurşawda bolup geçýän üýtgeşmeleriň täsirinde biosenozlarda bolýan üýtgeşmeleri öňünden çaklamagy we olary nusgalaşdyrmagy (modelirlemegi).

Bedeniň üst ýüz kanuny. Organizm üçin köp sanly täsir bilen baglanyşyklykda, onuň täsiri. Jisimiň üst ýüz kanunynyň netijesi.

Janly organizmleriň bedeniniň ýylylyk deňligini (balansyny) kadaly saklamak üçin onuň üst ýüzüniň göwrümine bolan gatnaşygy uly ähmiýete eýedir. Çünki ýylylygyň öndürilmegi haýwan bedeniniň agramyna bagly bolýar we ýylylyk çalşygy onuň üst ýüzi arkaly amala aşyrylýar. Bu düzgün K. Bergman tarapyndan 1847-nji ýylda kesgitlendi.

K. Bergmanyň düzgüni haýwanlaryň arasynda has aýdyň ýüze çykýar. Bu düzgün oňurgaly haýwanlaryň mälim bolan görnüşleriniň 50%-den gowragynda tassyk bolýar. Şunça möçberiň hem 75-90%-ini guşlar düzýärler. Emma haýwanlarda bu düzgünden çykmanyň käbir mysallarynyň duş gelýändigini hem bellemek gerek.

K. Bergmanyň düzgünine laýyklykda, bedeniň özünden ýylylygy çykarmagyny azaltmak üçin göwräniň iri we ykjam bolmagy bähbitlidir. Bedeniň möçberi näçe iri bolsa agram birliginde onuň üst ýüzi şonça-da kiçidir we tersine.

J. Alleniň düzgüniniň zoologiýa we haýwanlaryň ekologiýasy ylymlarynda uly ähmiýeti bar. J. Allen demirgazyk ýarym şaryň süýdemdirijileriniň we guşlarynyň köpüsinde gollarynyň, aýaklarynyň we bedeniniň daşyna çykýan beýleki dürli bölekleriniň (guýruklarynyň, gulaklarynyň, çüňkleriniň) otnositel ölçegleriniň günorta tarap gitdigiňçe ulalýandygyny belläpdi. Bu düzgüniň aýdyň ýüze çykmasyny gulakly kirpiniň mysalynda görmek mümkin.

6. Täze temany berkitmek: Sorag-jogap alyşmak:1. K. Bergmanyň dügüniniň manysyny düşündiriň.2. Bedeniň üst ýüzi kanunynyň ösüş taryhy barada gürrüň beriň.

3. J. Allen demirgazyk ýarym şaryň süýdemdirijileriniň we guşlarynyň köpüsinde ýüze çykýan haýsy aýratynlyklary belledi?

7. Öý işini tabşyrmak: Geçilen temany özleşdirip gelmegi tabşyrmak.Sah.46-49.

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: ______________________________________________

Bellik:__________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ______________________

Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: ekologiýa

Synpy: X

Sapagyň temasy:

Organizmiň öz ýaşaýan gurşawynyň şertleri bilen baglanyşygynyň köpdürlüligi.

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara organizmiň öz ýaşaýan gurşawynyň şertleri bn baglanyşygynyň köpdürlüligi barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Ata Watana, Hormatly Prezidentimize, Ene-Ata , şahsy arassaçylyga, sagdynlyga bolan çäksiz söýgüni terbiýelemek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyñ gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:

Okuwçylar bilen geçilen temalardan gürrüň edýäris, olaryň temalar boýunça bilimlerini barlaýaryn .Sorag-jogap alyşmak: 1.K. Bergmanyň dügüniniň manysyny düşündiriň.

2. Bedeniň üst ýüzi kanunynyň ösüş taryhy barada gürrüň beriň. 3. J. Allen demirgazyk ýarym şaryň süýdemdirijileriniň we guşlarynyň köpüsinde ýüze çykýan haýsy aýratynlyklary belledi? 4. Bedeniň aýry-aýry bölekleriniň ýylylygy kadalaşdyrmakdaky ähmiýetiniň birmeňzeş bolmazlygynyň sebäbini düşündiriň.

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň ekologiýa dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Okuwçylara organizmiň öz ýaşaýan gurşawynyň şertleri bn baglanyşygynyň köpdürlüligi barada düşünje bermek.

2. Ekologiýa ylmynyň düşünjeleriniň kemala gelmek.

3. Okuwçylar bilen anyk ekologik mesele boýunça söhbetdeşlik etmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

─ ekologiýa ylmynyň esasy düşünjelerini;

- esasy tebigy toparlanmalaryň gurluşyny, olaryň durnuklylygyny we mümkin bolan transformasiýasyny;

– ekologik kanunlaryň we düzgünleriň ylmy kesgitlemelerini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– ekologik ulgamda biosenotik baglanyşyklaryň ýagdaýyna baha bermegi;

– ekologik ulgamlarda bolup geçýän üýtgeşmelere gözegçilik etmegi;

- organizmleriň populýasiýalaryny we dargadylan biosenozlary dikeltmegiň ekologik usullaryny gözläp tapmagy.

Organizmiň öz ýaşaýan gurşawynyň şertleri bilen baglanyşygynyň köpdürlüligi.

Dürli organizmler dürli ýaşaýyş mesgenleri boýunça tertipsiz ýerleşen däldirler. Şu babatda organizmleriň we daşky gurşawyň arasynda sazlaşyk saklanýar. Bu sazlaşyk organizmleriň gurluşyna we ýaşaýyş düzgünine laýyklykda, ewolýusiýa taýdan dürli şahalara degişli. Ewolýusiýa taýdan dürli emele gelişli organizmleriň birmeňzeş häsiýetlere eýe bolmagyna konwergent ewolýusiýa diýilýär. Göwresi iri bolan suw ýyrtyjylary haýwanlaryň bir-birinden düýpgöter tapawutlanýan 4 sany dürli toparlarda – balyklaryň, süýrenijileriň, guşlaryň we süýdemdirijileriň arasynda döräpdirler.

Olaryň bedeniniň daşky keşbindäki meňzeşlik ewolýusiýanyň dowamynda düýpgöter dürli şertlerde ýaşaýan we dürli ýagdaýdaky gurluşa eýe bolan organizmlerde ýaşaýyş keşbiniň we daşky gurşawyň faktorlarynyň täsirinde kemala gelipdir. Beden gurluşyndaky şonuň ýaly daşky meňzeşlikler içki gurluşyň we madda çalşygynyň çuňňur tapawutlaryny gizleýär, bu bolsa suratda şekillendirilen haýwanlaryň ewolýusiýa taryhynyň dürlüligini görkzeýär. Şeýlelik bilen, daşky faktorlaryň täsirinde şol bir alamat dürli ewolýusiýa ösüş basgançaklarynda ýerleşen organizmler tarapyndan gazanylýan eken. Organizmleriň ýaşaýyş şekilleri. Ewolýusiýanyň netijesinde organizmleriň daşky gurşawyň şertlerine uýgunlaşmasyna morfologik adaptasiýalary degişli edip bolar. Organizmiň ýaşa ýyş mesgeniniň ekologik şertlerine uýgunlaşmagyna ýaşaýyş şekili ýa-da formasy (ekobiomorfa) diýilýär. Ösümlik toparlanmalarynyň ýaşaýyş şekiliniň düzümi biologik ýa-da biomorfologik spektr diýip atlandyrylýar.

5. Täze temany berkitmek: Sorag-jogap alyşmak: 1. Organizmleriň we ýaşaýyş mesgenleriň arasynda nähili sazlaşyk bar?2. Konwergent ewolýusiýa diýip nämä aýdylýar?3. Organizmleriň ýaşaýyş şekili diýip nämä aýdylýar?

4. Ýaşaýan ýeriňizde ösýän ösümlikleriň we şol ýerde duş gelýän haýwanlaryň mysalynda olaryň ýaşaýyş şekilleriniň nähilidiklerini aýdyň.

6. Öý işini tabşyrmak Geçilen temany özleşdirip gelmegi tabşyrmak.Sah .49-55.