| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: Modelirleme we grafika | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Reňkleriň tebigaty. Reňk modelleri. Ýonekeý we düzme reňkler. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Reňkleriň tebigaty. Reňk modelleri. Ýonekeý we düzme reňkler barada umumy düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek, modelirleme we grafika dersine söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1.Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Çeperçilik suduryny döretmek we redaktirlemek diýen temany soramak.
3. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň kynçylyk çekýän ýerlerini has aýdyň düşündirmek.Sorag-jogap alyşmak: . 1. Düzme şekilleri gurmak üçin haýsy figuralar ulanylýar?2. Çylşyrymly sudurly figuralary haýsy gurallaryň kömegi bilen gurulýar?3. Almanyň, gülüň we pagtanyň keşbini çekmek üçin başda nähili figuralar çekilipdir?
4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Reňkleriň tebigaty. Reňk modelleri. Ýonekeý we düzme reňkler barada umumy düşünje bermek.
2. Grafiki redaktorlarynyň ýerine ýetirýän esasy işleri bilen tanyşdyrmak;
3. Algoritmik pikirlenişiň ösmegine ýardam etmek;
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Model düşünjesini we onuň kompýuter tejribesindäki görnüşlerini (dinamiki, optimizasion, geoinformasion);
– Kompýuter grafikasynyň ulanylyş ýaýlasyny;
- Wektor grafikasynyň aýratynlyklaryny, artykmaçlyklaryny we ýetmezçiliklerini.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Ýönekeý kompýuter modelini gurmagy we olary kompýuterde ýerine ýetirmegi;
– Modeliň dogry gurulandygyny barlamagy;
- Dürli reňk modellerinde öz hususy reňk öwüşginleriňi döretmegi.
I
llýustrasiýalary döretmek bilen obýektlere içini reňklemäniň köp görnüşlerini ulanmaly bolýar. Corel-DRAW programmasynda doldurmanyň aşakdaky:
b
irölçegli, gradiýentli, nagyşlaýyn, tekstleýin we beýleki görnüşlerini ulanyp bolýar.Saýlanylan wariantyň parametrlerini ýapyk sudur üçin içini reňklemäni ulanandan soňra, islendik wagty düzedip bolýar. Içini reňklemäniň dürli görnüşleri Заливка gurallar toparynyň kömegi bilen amala aşyrylýar .Ulgamyň resurslaryny köp ulanmazlyk üçin we has ýeňil usul birölçegli doldurmadyr. Однородная заливка düwmesi ne basylanda çykýan penjiräniň Модели içligi gerek bolan reňki spektriň wertikal zolagynda we yzlaryň kwadrat meýdan çasynda saýlamaklyk üçin ulanylýar. Bu penjiräniň Сме ше ние цветов içligi reňkleri saýlamaklyk üçin peýdalanylýar.
R
eňkleri saýlamaklygyň kadalaryny Оттенки we Изменение sanawyndaky degişli punktlaryndan saýlama ugry bilen görkezip bolýar. Reňkleri utgaşdyrmalaryň wariantlarynyň sanyny Размер guralynyň kömegi bilen berilýär.Однородная заливка düwmesine basylanda çykýan penji räniň Палитры içliginiň kömegi bilen PANTONE reňkler palitrasynyň sanawyndan reňkleri saýlap bolýar PANTONE palitrasynyň reňklerinde halkara atlary bar. Reňkleri reňkleriň tablisasyndan görmek bilen we Имя sana wyndan atlary boýunça saýlamak bolýar. Palitra sanawyna girýän PANTONE reňkler tablisasyndan başga-da tablisalar bar .
5.Täze temany berkitmek: a ) Temany gysgaça ýazgy etdirmek.b )Tema degişli sorag jogap alyşmak . 1. CorelDRAW programmasynda doldurmanyň haýsy
görnüşleri bar?2. Пипетка we Заполнитель gurallar bilen işlemekligiň usullaryny suratlandyryň. 3. PANTONE palitrasynda reňk nädip saýlanylýar?
6. Öý işini tabşyrmak: Temany okap,özleşdirip gelmek. Sah 69- 73
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym:
Bellik:___________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:________________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: Modelirleme we grafika | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Obýekti reňklemegiň usullary. Obýektiň durulygy. Reňklere bölüşdirmek. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Obýekti reňklemegiň usullary. Obýektiň durulygy. Reňklere bölüşdirmek barada umumy düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek, modelirleme we grafika dersine söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1.Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Reňkleriň tebigaty. Reňk modelleri. Ýonekeý we düzme reňkler barada umumy düşünje bermek
3. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň kynçylyk çekýän ýerlerini has aýdyň düşündirmek. Sorag-jogap alyşmak: 1. CorelDRAW programmasynda doldurmanyň haýsy
görnüşleri bar?2. Пипетка we Заполнитель gurallar bilen işlemekligiň usullaryny suratlandyryň. 3. PANTONE palitrasynda reňk nädip saýlanylýar?
4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Obýekti reňklemegiň usullary. Obýektiň durulygy. Reňklere bölüşdirmek barada umumy düşünje bermek.
2. Modeller we modelirleme düşünjeleri aýdyňlaşdyrmak;
3. Okuwçylara grafiki şekilleri işlemekde häzirki zaman programma serişdeleriniň mümkinçiliklerini görkezmek we olary gyzyklandyrmak.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Modelirlemegiň kesgitlemesini, modelleriň toparlaryny, modelirlemegiň tapgyrlaryny;
– Rastr grafiki redaktoryň niýetlenen işini, interfeýsini, gurallaryny we olaryň görnüşlerini, opsiýalary hem-de olary ulanmagyň usullaryny, dokumentler bilen geçirilýän esasy amallary;
- Grafiki modelirlemegiň kömegi bilen çözülýän meseleleriň görnüşlerini.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Ýönekeý modelleri işläp taýýarlamagy;
– Grafiki şekilleri döretmekde dürli gurallary ulanmagy, grafiki obýektleri redaktirlemegi, palitra bilen işlemegi, dokumentler bilen esasy amallary ýerine ýetirmegi (döretmek, açmak, saklamak we ş.m.);
- Geometrik modeli işläp taýýarlamagy.
Reňkiň palitrasyny sazlamaklyk üçin
düwmesini basyp, Цвет atly penjiräni açmaly.
düwmejigiň kömegi bilen Интеллектуальная заливка
we Интеллектуальное рисование
gurallary açylýar.Интеллектуальное рисование guraly iki ýa-da birnäçe obýektleri biri-biriniň üstüne goýanda her bir bellenen oblasty aýratyn reňk bilen reňklemek üçin ulanmak amatlydyr. Her bir reňklenen oblasty intellektual surat çekme guralyny ulanmak bilen belläp we aýryp bolýar.
düwmäniň kömegi bilen
– Интерактивная заливка we
– Заливка сетки gurallary açylýar.Интерактивная заливка guraly bilen işlemeklige mysal 43-nji suratda görkezilendir. Интерактивная заливка guraly bilen işlenende standart gurallar panelinde goşmaça häsiýetler paneli açylýar. Ol ortaky nokadyň ýerleşýän ýerini, reňkleriň utgaşdyrmasyny we döredilen obýektiň reňkleriniň araçäginiň burçlaryny üýtgetmeklik üçin ulanylýar. Пипетка атрибутов ähli atributlary we effektleri başga obýektlerde ulanmak üçin nusga alýar. Reňk geçmelerini almak üçin Заливка сетки guraly ulanylýar. Gözenekde öýjükleriniň arasyndaky reňk geçmeleri oňa setirleri we sütünleri goşmak bilen sazlap bolýar (45-nji surat). Düwünleriň ýerini çalyşmaklyk bilen gözenegiň gurluşy üýtgeýär. Ol bolsa obýektiň şekilini bermeklige kömek berýär.
5.Täze temany berkitmek: a ) Temany gysgaça ýazgy etdirmek . b)Tema degişli sorag jogap alyşmak . 1. Nädip reňk geçişleri alyp bolýar? 2.Onuň bilen işlemekligiň
usullaryny suratlandyryň.3. CorelDRAW penjiresini açyň we köpburçlugy çekiň.
Ony bäş gezek nusga alyň we olaryň her biri üçin reňklemäniň öz görnüşini saýlaň.
6. Öý işini tabşyrmak: Temany okap,özleşdirip gelmek. Sah 74-77
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym:
Bellik:___________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:________________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: Modelirleme we grafika | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Amaly iş:Reklama önüminiň taslamasyny döretmek. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Reklama önüminiň taslamasyny döretmek barada umumy düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek, modelirleme we grafika dersine söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1.Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:
Obýekti reňklemegiň usullary. Obýektiň durulygy. Reňklere bölüşdirmek diýen temany soramak. Sah 74-77.
Okuwçylaryň kynçylyk çekýän ýerlerini has aýdyň düşündirmek.
Sorag-jogap alyşmak: 1. Nädip reňk geçişleri alyp bolýar? 2.Onuň bilen işlemekligiň
usullaryny suratlandyryň.3. CorelDRAW penjiresini açyň we köpburçlugy çekiň.
Ony bäş gezek nusga alyň we olaryň her biri üçin reňklemäniň öz görnüşini saýlaň.
3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak we gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Reklama önüminiň taslamasyny döretmek barada umumy düşünje bermek.
2. Rastr we wektor grafiki redaktorynyň iş prinsipleri bilen tanyşdyrmak;
3. Algoritmik pikirlenişiň ösmegine ýardam etmek.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Tekst bilen işlemegiň esasy düzgünlerini, tekst netijelerini (effektlerini) döretmegiň usullaryny;
– Süzgüç düşünjesini, süzgüçleriň görnüşlerini, esasy we köp ulanylýan süzgüçleri, süzgüçler bilen işlemegiň düzgünlerini;
- Retuşlama işiniň esasy prinsiplerini, şikesli köne suratlary dikeltmegi, programmanyň bu işler üçin niýetlenen gurallaryny, dürli kemçilikleri aýyrmagy, şekili öwüşgin we reňk taýdan korreksiýalamagyň tärlerini.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Geometrik modeli işläp taýýarlamagy;
- Süzgüçleri ulanmagy, bir taslama döredilende dürli süzgüçleri kombinirlemegi;
– Gatlaklaryň palitralary bilen işlemegi, zerur bolan sazlamalary ýerine ýetirmegi, gatlaklary birikdirmegi, gatlaklaryň dürli effektlerini ýerine ýetirmegi, şekilleri montaž etmegi, köp gatlakly çylşyrymly şekilleri we kollaž döretmegi;
Mahabatlandyrma blogunyň döredilişi 40 x 15mm ölçegli gönüburçlugy guruň.
10 x 10 mm ölçegli töweregi guruň. Setir tekstlerini ýazmak mümkinçilikleriniň kömegi bilen aşakdaky ýazgylary ýazyň:“RELE”, “WE AWTOMATIKA”, “r” we “a”.
Suratda görkezilişi ýaly, ýazgylary we suratlary ýerleşdiriň .
Gönüburçluk we “r” we “a” harplar üçin С = 0, M = 70, Y = 100, K = 0 reňklemäniň reňkini goýuň. Töwerek we “RELE” we “WE AWTOMATIKA” ýazgylary üçin at sanawyndan gara reňki saýlap alyň.
a ) Temany gysgaça ýazgy etdirmek .
b ) Tema degişli sorag jogap alyşmak .
1. Цветовая пипетка we Пипетка атрибутов gurallary bilen işlemekligiň usullaryny suratlandyryň.
2. Nädip reňk geçişleri alyp bolýar?3. Onuň bilen işlemekligiň usullaryny suratlandyryň.
4. Öý işini tabşyrmak: Temany okap,özleşdirip gelmek. Sah 78.
5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym:
Bellik:___________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:________________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: Modelirleme we grafika | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Çyzgyçlar. Gözenekler. Ugrukdyryjylar. Obýektleri takyk özgertmek. Obýektleri deňlemek we bölüşdirmek. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Çyzgyçlar. Gözenekler. Ugrukdyryjylar. Obýektleri takyk özgertmek. Obýektleri deňlemek we bölüşdirmek barada umumy düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek, modelirleme we grafika dersine söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1.Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Reklama önüminiň taslamasyny döretmek diýen tema boýunça ýerine ýetiren işlerine seljerme bermek.
3. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň kynçylyk çekýän ýerlerini has aýdyň düşündirmek.Sorag-jogap alyşmak: 1. Цветовая пипетка we Пипетка атрибутов gurallary bilen işlemekligiň usullaryny suratlandyryň.2. Nädip reňk geçişleri alyp bolýar?3. Onuň bilen işlemekligiň usullaryny suratlandyryň.
4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Çyzgyçlar. Gözenekler. Ugrukdyryjylar. Obýektleri takyk özgertmek. Obýektleri deňlemek we bölüşdirmek barada umumy düşünje bermek.
2. Modeller we modelirleme düşünjeleri aýdyňlaşdyrmak;
3. Okuwçylara grafiki şekilleri işlemekde häzirki zaman programma serişdeleriniň mümkinçiliklerini görkezmek we olary gyzyklandyrmak.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Modelirlemegiň kesgitlemesini, modelleriň toparlaryny, modelirlemegiň tapgyrlaryny;
– Rastr grafiki redaktoryň niýetlenen işini, interfeýsini, gurallaryny we olaryň görnüşlerini, opsiýalary hem-de olary ulanmagyň usullaryny, dokumentler bilen
geçirilýän esasy amallary;
- Grafiki modelirlemegiň kömegi bilen çözülýän meseleleriň görnüşlerini.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Ýönekeý modelleri işläp taýýarlamagy;
– Grafiki şekilleri döretmekde dürli gurallary ulanmagy, grafiki obýektleri redaktirlemegi, palitra bilen işlemegi, dokumentler bilen esasy amallary ýerine ýetirmegi (döretmek, açmak, saklamak we ş.m.);
- Geometrik modeli işläp taýýarlamagy.
Çyzgyjy penjiräniň täze ýerine geçirmek Shift düwmäni basyp durup ýerine ýetirip bolýar.Çyzgyjyň parametrlerini üýtgetmek üçin Вид → Нас- т рой ка → Настройка сетки и линеек buýruklary yzygiderligini ýerine ýetirmeli. Çykan penjirede Документ → Ли нейки → Единицы измерения buýruklaryň yzygiderligini ýerine ýetirmeli we По горизонтали sanawda ölçeg birligini saýlamaly. Eger-de wertikal çyzgyç üçin başga ölçeg birlikleri ulanylmaly bolsa, Одинаковые единицы для обеих линеек baýdajygyny aýyrmaly we По вертикали sanawynda her bir çyzgyç üçin ölçeg birligi saýlamaly. Начало координат oblastynda indiki meýdanlaryň bahalaryny girizmeli. По горизонтали ýa-da По вертикали buýruklarynda Деления через meýdanynyň bahalaryny girizmeli.Eger Одинаковые единицы для двойных расстояний buýrugynda baýdajyk goýulmadyk bolsa, onda çyz Gözenek – bu çap edilmeýän surat çekme penjiresinde görünýän çyzyklar toplumydyr. Gözenek obýektleri has takyk goýmak we deňlemek üçin ulanylýar.Вид→Сетка buýruklary ýerine ýetirmek arkaly amala aşyrylýar. Gözenegiň interwallaryny sazlamak üçin bolsa: Вид→ Настройка→ Настройка сетки и линеек buýruklaryň yzygiderligini ýerine ýetirmeli;
-Настраиваемая сетка oblastynda Сетка в виде линий или Сетка в виде узлов parametrleriň birini saýlamaly; -Настраиваемая сетка oblastynda По горизонтали meýdança bahasyny girizmeli.
Eger-de çyzyklaryň arasyndaky aralyklary ýa-da bir birlik ölçeginde şekillendirilýän çyzyklaryň sanyny üýtgetmek zerurlygy ýüze çyksa sanawdan parametri saýlaň. Parametrler çyzgyjyň ölçeg birligine görä bolýarlar. Gözenegiň interwallarynyň ölçeg birlikleri çyzgyjyň ölçeg birlikleri bilen gabat gelýär.
5.Täze temany berkitmek: a ) Temany gysgaça ýazgy etdirmek .
b ) Tema degişli sorag jogap alyşmak . 1. CorelDRAW programmasynda ugrukdyryjylar näme?2. CorelDRAW programmasynda gözenek näme?
3. CorelDRAW programmasynda ugrukdyryjylar we gözenekler näme üçin ulanylýarlar?
6. Öý işini tabşyrmak: Temany okap,özleşdirip gelmek. Sah 78-83
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym:
Bellik:___________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:________________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: Modelirleme we grafika | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Amaly iş:Kitabyň daşynyň maketini döretmek. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Kitabyň daşynyň maketini döretmek barada umumy düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek, modelirleme we grafika dersine söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1.Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:
Çyzgyçlar. Gözenekler. Ugrukdyryjylar. Obýektleri takyk özgertmek. Obýektleri deňlemek we bölüşdirmek diýen temany soramak. Sah 78-83
Okuwçylaryň kynçylyk çekýän ýerlerini has aýdyň düşündirmek.Sorag-jogap alyşmak: 1. CorelDRAW programmasynda ugrukdyryjylar näme?2. CorelDRAW programmasynda gözenek näme?
3. CorelDRAW programmasynda ugrukdyryjylar we gözenekler näme üçin ulanylýarlar?
3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak we gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Kitabyň daşynyň maketini döretmek barada umumy düşünje bermek.
2. Grafiki redaktorlarynyň ýerine ýetirýän esasy işleri bilen tanyşdyrmak;
3. Algoritmik pikirlenişiň ösmegine ýardam etmek;
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Model düşünjesini we onuň kompýuter tejribesindäki görnüşlerini (dinamiki, optimizasion, geoinformasion);
– Kompýuter grafikasynyň ulanylyş ýaýlasyny;
- Wektor grafikasynyň aýratynlyklaryny, artykmaçlyklaryny we ýetmezçiliklerini.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Ýönekeý kompýuter modelini gurmagy we olary kompýuterde ýerine ýetirmegi;
– Modeliň dogry gurulandygyny barlamagy;
- Dürli reňk modellerinde öz hususy reňk öwüşginleriňi döretmegi.
Suratda görkezilişi ýaly, ugrukdyryjylary geçiriň. “Ýüz tarap” diýlip ýazylan ýerde ýazgynyň adyny we kitabyň adyny görkeziň, “Arka tarap” ýaýlasynda surat hem goýup bolýar. Gradiýent reňkleme guralynyň kömegi bilen kitabyň daşynyň fonuny dörediň Kitabyň daşyna seredip informatika dersiniň kitabynyň daşyny taýýarlamaly. Ugrukdyryjylaryň kömegi bilen surat goýar ýaly meýdança döretmeli
Kitabyň daşynyň maketi
Kitabyň daşy
Tema degişli sorag jogap alyşmak . 1. CorelDRAW programmasynda gözenek näme?2. CorelDRAW programmasynda ugrukdyryjylar we gözenekler näme üçin ulanylýarlar?3. Obýektlere baglamak näme üçin ulanylýar?
4. Öý işini tabşyrmak: Temany okap,özleşdirip gelmek. Sah 86-87
5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym:
Bellik:___________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:________________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: Modelirleme we grafika | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Resmi belgileri döretmek. Kärhananyň blankalaryny işläp taýýarlamak. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Resmi belgileri döretmek. Kärhananyň blankalaryny işläp taýýarlamak barada umumy düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek, modelirleme we grafika dersine söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1.Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Kitabyň daşynyň maketini döretmek diýen tema boýunça ýerine ýetiren işlerine seljerme bermek.
3. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň kynçylyk çekýän ýerlerini has aýdyň düşündirmek.Sorag-jogap alyşmak: . 1. CorelDRAW programmasynda gözenek näme?2. CorelDRAW programmasynda ugrukdyryjylar we gözenekler näme üçin ulanylýarlar?3. Obýektlere baglamak näme üçin ulanylýar?
4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1 Resmi belgileri döretmek. Kärhananyň blankalaryny işläp taýýarlamak barada umumy düşünje bermek.
2. Dürli grafiki informasion modelleri döretmegi öwretmek;
3. Rastr we wektor şekilleri işlemek tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri baradaky düşünjeleri kemala getirmek.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Wektor grafik redaktorynyň gurşawynda işi gurnamagy;
– Dokumentleriň üstünde geçirilýän esasy amallary;
- Wektor grafikasynyň aýratynlyklaryny, artykmaçlyklaryny we ýetmezçiliklerini.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Nagşy we teksturaly boýagy ulanmagy;
– Obýektleriň sudurlary bilen işlemegi;
- Dürli grafiki netijeleri (effektleri) (göwrüm, akym, fuguraly ýonmak) ulanmagy.
“INTERNET KAFE” resmi belgisiniň döredilişine seredeliň:
W
ebdings şriftler toparyndan “kerep” we “möý” belgileri saýlaň. Belgileri gara reňk bilen boýamaly.2.Setir tekstiň kömegi bilen “INTERNET KAFE” ýazgyny dörediň 3. “INTERNET” ýazgy üçin Arial; 10 punkt format laşdyr magyň parametrini goýuň. “INTERNET” sözüniň birinji (“I”) harpy üçin kegl 15 punkt goýuň.
4.“KAFE” ýazgy üçin Times New Roman; 10 punkt; goýy (полужирное) formatlaşdyrmagyň parametrlerini beriň. 5.“Kerep” we “möý” belgileriň ölçegini üýtgediň we “möý” belgisini çalaja öwrüp, obýektleri surat boýunça ýerle şdiriň
Resmi belgi döretmek.Blanka – käbir bölegine tekst ýazylan, galan bölegi doldurylmak üçin niýetlenilen kagyzdyr.Mysal hökmünde elektroenergiýany tölemek üçin blanka serediler. Bu blanka iki bölekden durýar: kwitansiýadan we ýyrtylyp aýrylýan talondan, olarda birmeňzeş ýazgylar gör kezilýär. Ugrukdyryjylary ulanyp, ähli gönüburçly zolakla ry blankanyň bir bölegine teksti girizmek üçin kesgitläp bol ýar. Soňra gerekli şrifti goýup teksti girizmeli, taýýar böle gini nusgalamaly we nusgada gerekli däl teksti üýtgetmeli. Harçlanan elektroenergiýany tölemek üçin blanka.
Wizitka – bu adam ýa-da kärhana baradaky aragatnaşyk maglumatlaryny saklaýjydyr. Olar kagyzdan, kartondan ýa-da kiçi formatly plastikadan ýasalýar.
Wizitkanyň görnüşleri
5.Täze temany berkitmek:
a) Temany gysgaça ýazgy etdirmek . b ) Tema degişli sorag jogap alyşmak . 1. Resmi belgi öz içine nämäni alýar?2. Resmi belgä gerekli talaplary sanaň.
6. Öý işini tabşyrmak: Temany okap,özleşdirip gelmek. Sah 100-102
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym:
Bellik:___________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:________________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: Modelirleme we grafika | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Wizitkalary bezemegiň düzgünleri. Tekst bilen işlemek. Amaly iş:Resmi we şahsy belgileri döretmek. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Wizitkalary bezemegiň düzgünleri. Tekst bilen işlemek. Resmi we şahsy belgileri döretmek barada umumy düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek, modelirleme we grafika dersine söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1.Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:
Resmi belgileri döretmek. Kärhananyň blankalaryny işläp taýýarlamak diýen temany soramak. Sah 100-102
Okuwçylaryň kynçylyk çekýän ýerlerini has aýdyň düşündirmek.Sorag-jogap alyşmak: 1. Resmi belgi öz içine nämäni alýar?2. Resmi belgä gerekli talaplary sanaň.
3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak we gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Wizitkalary bezemegiň düzgünleri. Tekst bilen işlemek. Resmi we şahsy belgileri döretmek barada umumy düşünje bermek.
2. Modeller we modelirleme düşünjeleri aýdyňlaşdyrmak;
3. Okuwçylara grafiki şekilleri işlemekde häzirki zaman programma serişdeleriniň mümkinçiliklerini görkezmek we olary gyzyklandyrmak.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Modelirlemegiň kesgitlemesini, modelleriň toparlaryny, modelirlemegiň tapgyrlaryny;
– Rastr grafiki redaktoryň niýetlenen işini, interfeýsini, gurallaryny we olaryň görnüşlerini, opsiýalary hem-de olary ulanmagyň usullaryny, dokumentler bilen geçirilýän esasy amallary;
- Grafiki modelirlemegiň kömegi bilen çözülýän meseleleriň görnüşlerini.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Ýönekeý modelleri işläp taýýarlamagy;
– Grafiki şekilleri döretmekde dürli gurallary ulanmagy, grafiki obýektleri
redaktirlemegi, palitra bilen işlemegi, dokumentler bilen esasy amallary ýerine ýetirmegi (döretmek, açmak, saklamak we ş.m.);
- Geometrik modeli işläp taýýarlamagy.
1. Resmi belgileri döretmek .“Elektromehanika” kompaniýanyň logotipi Ellips strukturada köp belgileri gurmakda aýry bölekleri ýygy-ýygydan biri-birine görä merkezleşdirýärler. 1.45x45mm diametrli tegelegi guruň we x = 60mm, y = 60mm koordinatalarynda ony ýerleşdiriň. Doldurmanyň we suduryň reňki gara bolmaly.
2.Tegelegiň nusgasyny dörediň we onuň üçin 25x25mm ölçegi beriň, doldurmanyň hem-de suduryň reňki ak bolmaly.3.Tegelegiň ýene bir nusgasyny dörediň we onuň üçin 15x15мм ölçegi beriň, doldurmanyň hem-de suduryň reňki gara .
4
.Birinji tegelek üçin burçlaryň başky we ahyrky bahasyny beriň: başky 230°, ahyrky 130°.
Amaly işiň netijesi .
1. Wizitkalary işläp taýýarlamak Mekdebiňiziň wizitkasyny dörediň.
1-nji ädim. Çyzgyjyň we ugrukdyryjynyň kömegi bilen wizitkanyň meýdanynyň döredilişi.Wizitka kartoçkanyň ölçegini bermek üçin ölçeg çyzgyçlaryny bilmelidir. Ýokarda we çep tarapda ýerleşen ölçeg çyzgyçlary, obýektiň ýerleşýän ýerini hem-de ölçeg çyzgyçlaryň kesişýän ýerinde ýerleşen Общее начало двух линеек (Iki çyzgyjyň umumy başlangyjy) düwmesini syçanyň kömegi bilen çekip getirmeli, düwmäniň goýberilen ýeri bolsa çyzgyçlaryň başlangyç ýagdaýy bolar.Indi gönükdirijileri goşmaly. Gönüburçluk guraly bilen wizitkanyň takyk ölçeglerini bermeli we 50x90mm wizitkanyň meýdanynyň suratyny çekmeli. Kömekçi çyzyklary peýdalanmak bilen gönüburçlugyň gyrasyndan 5mm goýup, bellik edýäris (printerde çap edilende we taýýar wizitka kesilende tekstiň gyrasyna zyýan ýetirmezlik üçin).
Tema degişli sorag jogap alyşmak. 1. Blanka näme üçin niýetlenen?
2. Wizitka näme bolýar?3. Wizitka nähili materiallardan ýasalýar?
4. Öý işini tabşyrmak: Temany okap,özleşdirip gelmek. Sah 102-105
5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym:
Bellik:___________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:________________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: Modelirleme we grafika | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Tekstiň görnüşleri: ýönekeý we figuralaýyn tekst. Figuralaýyn tekstiň döredilişi, redaktirlenişi, formatlanyşy we ulanylýan ýerleri. Egri çyzygyň gyralary boýunça teksti ýerleşdirmek. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Tekstiň görnüşleri: ýönekeý we figuralaýyn tekst. Figuralaýyn tekstiň döredilişi, redaktirlenişi, formatlanyşy we ulanylýan ýerleri. Egri çyzygyň gyralary boýunça teksti ýerleşdirmek barada umumy düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek, modelirleme we grafika dersine söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1.Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Wizitkalary bezemegiň düzgünleri. Tekst bilen işlemek. Amaly iş:Resmi we şahsy belgileri döretmek diýen tema boýunça taýýarlap gelen işlerine seljerme bermek.
3. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň kynçylyk çekýän ýerlerini has aýdyň düşündirmek.Sorag-jogap alyşmak: 1. Blanka näme üçin niýetlenen?
2. Wizitka näme bolýar?3. Wizitka nähili materiallardan ýasalýar?
4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Tekstiň görnüşleri: ýönekeý we figuralaýyn tekst. Figuralaýyn tekstiň döredilişi, redaktirlenişi, formatlanyşy we ulanylýan ýerleri. Egri çyzygyň gyralary boýunça teksti ýerleşdirmek barada umumy düşünje bermek.
2. Rastr we wektor grafiki redaktorynyň iş prinsipleri bilen tanyşdyrmak;
3. Algoritmik pikirlenişiň ösmegine ýardam etmek.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Tekst bilen işlemegiň esasy düzgünlerini, tekst netijelerini (effektlerini) döretmegiň usullaryny;
– Süzgüç düşünjesini, süzgüçleriň görnüşlerini, esasy we köp ulanylýan süzgüçleri, süzgüçler bilen işlemegiň düzgünlerini;
- Retuşlama işiniň esasy prinsiplerini, şikesli köne suratlary dikeltmegi, programmanyň bu işler üçin niýetlenen gurallaryny, dürli kemçilikleri aýyrmagy, şekili öwüşgin we reňk taýdan korreksiýalamagyň tärlerini.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Geometrik modeli işläp taýýarlamagy;
- Süzgüçleri ulanmagy, bir taslama döredilende dürli süzgüçleri kombinirlemegi;
– Gatlaklaryň palitralary bilen işlemegi, zerur bolan sazlamalary ýerine ýetirmegi, gatlaklary birikdirmegi, gatlaklaryň dürli effektlerini ýerine ýetirmegi,
Corel DRAW programmasynda iki görnüşli – ýönekeý we figuraly tekstlere seredilýär.Figuraly tekst ýörite effektleri ulanyp, gysga ýazgylary döretmekde ulanylýar.Ýönekeý tekst kesgitli ramkada onuň köp mukdaryny ýerleşdirmeli bolanda ulanylýar. Ýönekeý tekste grafiki effektleri ulanyp bolmaýar.Ähli grafiki redaktorlarda bolşy ýaly, CorelDRAW‑da tek sti ýa-da tekst blogy döretmek funksiýasy bardyr. Onuň üçin gapdal gurallar panelindäki
standart belgini işjeňleşdirmeli. Sahypada kursor bilen tekstiň ýerleşýän ýerini kesgitlemeli, standart gurallar panelinde häsiýet atly penjiresi tekstiň nyşanlary bilen bilelikde açylýar. Teksti üýtgetmek üçin ilki bilen ony bellige almaly. Şol wagt harplaryň düwünleri emele gelýär we her harpy aýratynlykda süýşürip, figuralaýyn teksti döretmäge mümkinçilik
kömegi bilen açylýan Форматирование текста (Teksti formatlaşdyrma) penjiresinde amala aşyrylýar. Перо абриса (Abrisiň perosy) guraly bilen harpyň sudurynyň (konturynyň) ýogynlygyny we reňkini üýtgedip bolýar. Заливка (Doldurma) guraly bilen harpyň reňkini üýtgedip bolýar.Ýönekeý teksti goşmak üçin,
kursory tekst ýazyljak ýerde goýmaly we süýşürip ramka döretmeli, şol ramkanyň çäginde teksti girizmeli. Tekstli ramkany işlenilýän meýdanyň islendik ýerine süýşürip we obýektlere goýup bolýar.
5.Täze temany berkitmek:a )Temany gysgaça ýazgy etdirmek .
b)Tema degişli sorag jogap alyşmak. 1. Tekst blogy nähili iş üçin niýetlenen?
2. Harpyň reňkini we suduryň ýogynlygyny nähili üýtgedip bolýar?
6. Öý işini tabşyrmak: Temany okap,özleşdirip gelmek .Sah 87-91
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym:
Bellik:___________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:________________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: Modelirleme we grafika | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Tekstiň geometrik görnüşini redaktirlemek. Ýönekeý tekst.Ýönekeý tekstiň döredilişi, redaktirlenişi, formatlanyşy we ulanylýan ýerleri. Tekst bloklary bilen işlemegiň endikleri. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Tekstiň geometrik görnüşini redaktirlemek. Ýönekeý tekst.Ýönekeý tekstiň döredilişi, redaktirlenişi, formatlanyşy we ulanylýan ýerleri. Tekst bloklary bilen işlemegiň endikleri barada umumy düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek, modelirleme we grafika dersine söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1.Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Tekstiň görnüşleri: ýönekeý we figuralaýyn tekst. Figuralaýyn tekstiň döredilişi, redaktirlenişi, formatlanyşy we ulanylýan ýerleri. Egri çyzygyň gyralary boýunça teksti ýerleşdirmek diýen temany soramak. Sah 87-91
3. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň kynçylyk çekýän ýerlerini has aýdyň düşündirmek.Sorag-jogap
alyşmak: 1. Tekst blogy nähili iş üçin niýetlenen?
2. Harpyň reňkini we suduryň ýogynlygyny nähili üýtgedip bolýar?
4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Tekstiň geometrik görnüşini redaktirlemek.
Ýönekeý tekst.Ýönekeý tekstiň döredilişi, redaktirlenişi, formatlanyşy we ulanylýan ýerleri. Tekst bloklary bilen işlemegiň endikleri barada umumy düşünje bermek.
2. Modeller we modelirleme düşünjeleri aýdyňlaşdyrmak;
3. Okuwçylara grafiki şekilleri işlemekde häzirki zaman programma serişdeleriniň mümkinçiliklerini görkezmek we olary gyzyklandyrmak.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Modelirlemegiň kesgitlemesini, modelleriň toparlaryny, modelirlemegiň tapgyrlaryny;
– Rastr grafiki redaktoryň niýetlenen işini, interfeýsini, gurallaryny we olaryň görnüşlerini, opsiýalary hem-de olary ulanmagyň usullaryny, dokumentler bilen geçirilýän esasy amallary;
- Grafiki modelirlemegiň kömegi bilen çözülýän meseleleriň görnüşlerini.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Ýönekeý modelleri işläp taýýarlamagy;
– Grafiki şekilleri döretmekde dürli gurallary ulanmagy, grafiki obýektleri
redaktirlemegi, palitra bilen işlemegi, dokumentler bilen esasy amallary ýerine ýetirmegi (döretmek, açmak, saklamak we ş.m.);
- Geometrik modeli işläp taýýarlamagy.
Разместить текст вдоль кривой (Egri çyzygyň gyralary boýunça teksti ýerleşdirmek) effekti diňe setir tekstleri üçin ulanylýar. Tekst käbir egri çyzygyň gyralary boýunça ýazylýar. Bu egri çyzyk açyk ýa-da ýapyk görnüşinde bolup bil ýär
Teksti egri çyzygyň ugry boýunça ýerleşdirmek Egri çyzygyň gyralary boýunça teksti. Egri çyzygyň gyralary boýunça teksti ýerleşdirmek üçin, Текст guraly saýlamak hökmandyr, syçanyň görkezijisini tekstiň ýerleşdirilen çyzygynyň sudurynyň golaýyna goýmaly. Haçanda görkeziji
görnüşini alanda, syçanyň çep gulagyna basmaly we egri çyzygyň golaýynda tekstiň kursory emele gelenden soň gerekli teksti girizmeli.Teksti egri çyzygyň gyralary boýunça ýerleşdirmek üçin, ilki bilen ony bellige almaly. Soňra Текст menýusyndaky Разместить текст вдоль кривой buýrugyny saýlamaly we syçanyň görkezijisini egri çyzygyň ýanyna eltmeli.
5.Täze temany berkitmek: a)Temany gysgaça ýazgy etdirmek .b)Tema degişli sorag jogap alyşmak . 1. Egri çyzygyň gyralary boýunça teksti ýerleşdirmegiň tertibini beýan ediň.2. Häsiýet panelinde söhlelendirilen egri çyzygyň gyralary boýunça ýerleşdirilen tekstiň esasy parametrlerini beýan ediň.
6. Öý işini tabşyrmak: Temany okap,özleşdirip gelmek .Sah 92-96.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym:
Bellik:___________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:________________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: Modelirleme we grafika | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Amaly iş:Möhürleri döretmek. Teksti bezemek. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Möhürleri döretmek. Teksti bezemek barada umumy düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek, modelirleme we grafika dersine söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1.Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:
Tekstiň geometrik görnüşini redaktirlemek.Ýönekeý tekst.Ýönekeý tekstiň döredilişi, redaktirlenişi, formatlanyşy we ulanylýan ýerleri. Tekst bloklary bilen işlemegiň endikleri diýen temany soramak . Sah 92-96.
Okuwçylaryň kynçylyk çekýän ýerlerini has aýdyň düşündirmek.Sorag-jogap alyşmak: 1. Egri çyzygyň gyralary boýunça teksti ýerleşdirmegiň tertibini beýan ediň.2. Häsiýet panelinde söhlelendirilen egri çyzygyň gyralary boýunça ýerleşdirilen tekstiň esasy parametrlerini beýan ediň.
3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak we gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Möhürleri döretmek. Teksti bezemek barada umumy düşünje bermek.
2. Grafiki redaktorlarynyň ýerine ýetirýän esasy işleri bilen tanyşdyrmak;
3. Algoritmik pikirlenişiň ösmegine ýardam etmek;
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Model düşünjesini we onuň kompýuter tejribesindäki görnüşlerini (dinamiki, optimizasion, geoinformasion);
– Kompýuter grafikasynyň ulanylyş ýaýlasyny;
- Wektor grafikasynyň aýratynlyklaryny, artykmaçlyklaryny we ýetmezçiliklerini.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Ýönekeý kompýuter modelini gurmagy we olary kompýuterde ýerine ýetirmegi;
– Modeliň dogry gurulandygyny barlamagy;
- Dürli reňk modellerinde öz hususy reňk öwüşginleriňi döretmegi.
Möhür – şekiliň yzyny goýýan ýörite gural, şeýle-de onuň kömegi bilen dokumentde ýa-da onuň daşynda alnan yz .
Möhürleriň suraty
1-nji nusga.
34,5 x 34,5mm ölçegli tegelegi guruň.
Setir tekstiň kömegi bilen “ÖNÜMÇILIK + TABŞYRMA + MONTAŽ + HYZMAT +” ýazgyny dörediň. Formatlaşdyrmagyň parametrleri aşakdaky ýaly bolmaly: garnitura – Arial; kegl – 10 punkt; sudur – goýy (полужирное).
“ÖNÜMÇILIK + TABŞYRMA+ MONTAŽ + HYZ-
MAT +” teksti tegelegiň ugruna ýerleşdiriň. Teksti bellige alyp, egriden 0,5mm-e deň bolan aralygy goýuň.
4
2 x 42mm ölçegde tegelegiň nusgasyny dörediň (66-njy surat).
Amaly işleriň netijesi 2-nji nusga.
x = 100 mm, y = 100 mm koordinatalary bilen 34,5 x 34,5 mm ölçegde 48 burçlugy guruň (düwün nokatlary peýdalanyp köpburçlugy özgerdiň).
x
=100mm, y=100mm koordinatalary bolan we 15mm diametrli tegelegi guruň.
“HAKYKY” we “ HIL” ýazgylary dörediň. Şrift – Arial; kegl – 10 punkt; sudur – goýy .
Tegelegiň ugruna “HIL” ýazgyny ýerleşdiriň. Kese we dik zerkal şöhlelenmäni yzygiderli ulanyp, tekstiň ýerleşýän ugruny üýtgediň. Ýazgyny içki tegelegiň aşaky böleginde ýerleşdiriň (67-nji surat):
A

maly işiň netijesi
“HAKYKY” ýazgyny hem şol tegelegiň ugry boýunça kese we dik zerkal şöhlelenmäni yzygiderli ulanyp, ýazgyny içki tegelegiň ýokarky gyrasyndaky böleginde ýerleşdirmeli.
Tegelegi bellige alyp, ýok ediň. Doldurmanyň reňkini beriň: ýazgy üçin – ak, köpburçluk üçin – gara.
4. Öý işini tabşyrmak: Temany okap,özleşdirip gelmek Sah 98-99