Mekdebi: 18 Senesi: 02.04.2024ý
Dersiň ady: Informatika Synpy: VII A,B,Ç
| Sapagyň temasy: | Çyzgy çyzyjy ýerine ýetiriji. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | okuwçylara çyzgy çyzyjy ýerine ýetiriji diýen tema barada giňişleýin düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi, ahlaklylygy, ynsaplylygy terbiýelemek. |
| Sapagyň görnüşi: | täze maglumatlary öwretmek sapagy |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar |
Sapagyň gidişi
1.Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
4. «Paýhas çesmesi» kitabyndan sorag-jogap alyşmak.
5. Agyz-burun örtügini peýdalanmagyň düzgünlerini düşündirmek.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
Geçilen temany soramak, tema boýunça sorag-jogap alyşmak.
1. Pascal ABC programmalaşdyrma sistemasyny işe nähili girizmeli?
2.Klawiaturadan haýsy klawişleriň kömegi bilen gerekli menýuny açyp bolar?
3. Redaktoryň penjiresi näme üçin niýetlenen?
3. Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4. Täze temany düşündirmek.
| Temany düşündir-megiň meýilnamasy: 1. Informasiýa we informasiýa prosesleri. 2. Kompýuterleriň apparat we programma üpjünçilikleri. 3. Algoritmleşdirmegiň we programmalaşdyrmagyň esaslary. 4. Kompýuter-informasion tehnologiýalary. 5. Kommunikasion tehnologiýalar |
Çyzgy çyzyjy ýerine ýetiriji.
Kompýuter ýerine ýetirijileri, köplenç, bir programmada iş alyp barýarlar, oňa programmalaşdyrma sistemasy diýilýär. Şeýle programmalaşdyrma sistemalarynyň biri−Pascal ABC dilidir. Bu sistema Çyzgy çyzyjy we Robot atly ýerine ýetirijiler bilen işlemäge, Pascal dilinde programmalaşdyrmaga mümkinçilik berýär.Çyzgy çyzyjy ýerine ýetiriji tekizlikde koordinatalary bilen berlen nokatlar boýunça şekilleri gurmaga niýetlenendir.Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň galamy bolup, ol galamy galdyryp, aşak goýberip we onuň ornuny üýtgedip bilýär. Aşak goýberilen galam bilen hereket edilende, onuň yzy galýar. Çyzgy çyzyjy ýerine ýetiriji kiçijik kwadrat görnüşinde şekillenýär. Ýerine ýetirijiniň çyzmaly kesimleri gyzyl reňkde, Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň kömegi bilen çyzylan kesimler bolsa gök reňkde görünýär. Eger galam aşak goýberilen bolsa, onda Çyzgy çyzyjy kiçijik kwadrat görnüşinde şekillendirilýär.Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň galamy bolup, ol galamy galdyryp, aşak goýberip we onuň ornuny üýtgedip bilýär. Aşak goýberilen galam bilen hereket edilende, onuň yzy galýar. Çyzgy çyzyjy ýerine ýetiriji kiçijik kwadrat görnüşinde şekillenýär. Ýerine ýetirijiniň çyzmaly kesimleri gyzyl reňkde, Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň kömegi bilen çyzylan kesimler bolsa gök reňkde görünýär. Eger galam aşak goýberilen bolsa, onda Çyzgy çyzyjy kiçijik kwadrat görnüşinde şekillendirilýär.
Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň esasy buýruklary:
To Point (x; y) – Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň galamynyň ujuny (x; y) koordinataly nokada ornuny üýtgetmek;
Pen Up – Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň galamyny ýokary galdyrmak;
Pen Down – Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň galamyny aşak goýbermek.
Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň ýerine ýetirmeli ýumşuny çagyrmak üçin şu nusgadan peýdalanylýar:
Program {programmanyň ady};
Uses Drawman; {Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijini çagyrmak} Begin
Task (‘Ýumşuň ady’); {görkezilen ýumşy çagyrmak} . . . {Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň buýruklary}
End.
| Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: - algoritmiki-logiki pikirlenmegi; – amaly programma üpjünçiligi bilen işlemegi; - informasion medeniýetliligi; – internet saýtlarynda informasiýalar bilen işlemek. Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: - kompýuterde işlenende syçan, klawiatura bilen işlemegi; – öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi; - meseleler çözülende algoritm düzmegi; - ýönekeý graflary gurmagy. |
5. Täze temany berkitmek. Okuwçylar bilen geçilen tema esasynda sorag-jogap alyşmak, geçilen tema degişli meseleler çözmek.
1.Programmalaşdyrma sistemasy diýip nämä aýdylýar?
2.Çyzgy çyzyjy ýerine ýetiriji nähili görnüşinde şekillendirilýär?
6. Öý işini tabşyrmak. Sapakda geçilen temany özleşdirmeklerini tabşyrmak, sah.105-108.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:
Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak we olaryň informatika dersine bolan höweslerini artdyrmak.
Ýazan mugallym: S.Babaniýazow
Bellik:_____________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ____________U.Babajanow
Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______
Dersiň ady: Informatika Synpy: VII _____ ______ ______
| Sapagyň temasy: | Çyzgy çyzyjy ýerine ýetiriji üçin algoritmleri düzmek. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | okuwçylara çyzgy çyzyjy ýerine ýetiriji üçin algoritmleri düzmek diýen tema barada giňişleýin düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi, ahlaklylygy, ynsaplylygy terbiýelemek. |
| Sapagyň görnüşi: | täze maglumatlary öwretmek sapagy |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar |
Sapagyň gidişi:
1.Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
4. «Paýhas çesmesi» kitabyndan sorag-jogap alyşmak.
5. Agyz-burun örtügini peýdalanmagyň düzgünlerini düşündirmek.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
Geçilen temany soramak, tema boýunça sorag-jogap alyşmak.
1.Ýerine ýetirijiniň çyzmaly kesimleri nähili reňkde?
2.Ýerine ýetirijiniň kömegi bilen çyzylan kesimler nähili reňkde?
3. Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4. Täze temany düşündirmek.
| Temany düşündir-megiň meýilnamasy: 1. Algoritmleşdirmegiň we programmalaşdyrmagyň esaslary. 2. Informasiýalary işlemegiň kompýuter tehnologiýalaryna we usullaryna gyzyklanmany kemala getirmek we ösdürmek. 4. Kompýuter-informasion tehnologiýalary. | Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: - informasion hukuklary we howpsuzlyk düzgünlerini; algoritmler, algoritmi ýerine ýetirijileri; - Internet torunda howpsuzlyk düzgünlerini; - iş stoluny sazlamagy; - tekst redaktoryň niýetlenen işini. | Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: - aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi; – obýektleriň we işleriň taýýar modellerini peýdalanmagy; - kompýuter tehnologiýalaryndan gündelik durmuşda peýdalanmagy. |
Çyzgy çyzyjy ýerine ýetiriji üçin algoritmleri düzmek.
1
-nji mysal. Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň kömegi bilen 99-njy suratdaky poçta indeksindäki 3 sifri şekillendirýän algoritmi ýazmaly.
Çözülişi:
Şekili gurmagyň aşakdaky algoritmini saýlalyň:
1) Çyzgy çyzyjy ýerine ýetiriji üçin 3 ᵡ 4 ölçegli meýdan döre-deliň (keseligine 3 öýjük, dikligine 4 öýjük);
2) (1, 3) nokada süýşmeli; 3)galamy aşak goýbermeli;
4) 100-nji suratda ugrukdyryjy çyzyklaryň urgy boýunça hereket edip, sifri şekillendirmeli (1 – 5 nokatlaryň üsti bilen);
5) galamy ýokaryk galdyrmaly we koordinata başlangyjyna geçmeli.
Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijinin N ᵡ M ölçegli meýdany döretmek üçin Field (N, M) buýrugy peýdalanylýar.
Meseläniň çözüliş programmasy aşakdaky görnüşde bolar (çepde käbir buýruklara düşündirişler getirilýär):
5. Täze temany berkitmek. Okuwçylar bilen geçilen tema esasynda sorag-jogap alyşmak, geçilen tema degişli meseleler çözmek.
1. Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijide kömekçi algoritmden peýdalanyp, 1991 sany şekillendirmegiň programmasyny düzüň.
6. Öý işini tabşyrmak. Sapakda geçilen temany özleşdirmeklerini tabşyrmak, sah.109-111.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:
Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak we olaryň informatika dersine bolan höweslerini artdyrmak.
Ýazan mugallym: ________________________________________________
Bellik:_____________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________
Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______
Dersiň ady: Informatika Synpy: VII _____ ______ ______
| Sapagyň temasy: | Kömekçi algoritmlerden peýdalanmak |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | okuwçylara kömekçi algoritmlerden peýdalanmak diýen tema barada giňişleýin düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi, ahlaklylygy, ynsaplylygy terbiýelemek. |
| Sapagyň görnüşi: | täze maglumatlary öwretmek sapagy |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar |
Sapagyň gidişi:
1.Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
4. «Paýhas çesmesi» kitabyndan sorag-jogap alyşmak.
5. Agyz-burun örtügini peýdalanmagyň düzgünlerini düşündirmek.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
Geçilen temany soramak, tema boýunça sorag-jogap alyşmak.
1.Çyzgy çyzyjy ýerine ýetrijide esasy haýsy buýruklar ýerine ýetirilýär?
2. Çyzgy çyzyjynyň galamynyň ujy ýokary galdyrylanda ol haýsy
nokadyň üstünde ýerleşýär?
3. Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4. Täze temany düşündirmek.
| Temany düşündir-megiň meýilnamasy: 1. Informasiýa we informasiýa prosesleri. 2. Kompýuterleriň apparat we programma üpjünçilikleri. 3. Algoritmleşdirmegiň we programmalaşdyrmagyň esaslary. 4. Kompýuter-informasion tehnologiýalary. 5. Kommunikasion tehnologiýalar | Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: - algoritmiki-logiki pikirlenmegi; – amaly programma üpjünçiligi bilen işlemegi; - informasion medeniýetliligi; – internet saýtlarynda informasiýalar bilen işlemek. | Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: - kompýuterde işlenende syçan, klawiatura bilen işlemegi; – öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi; - meseleler çözülende algoritm düzmegi; - ýönekeý graflary gurmagy. |
Kömekçi algoritm (programma). Kömekçi algoritm diýip, bütinleýin başga algoritmiň düzüminde ulanylýan algoritme aýdylýar. Kömekçi algoritm kompýuteriň ýadynda saklanýar, ýerine ýetirmek üçin ony ady boýunça çagyrmak bolar.
3-nji mysal. Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň kömegi bilen 744000 poçta indeksini şekillendirýän algoritmi ýazmak talap edilýän bolsa, iň ýönekeý usul 7 sifri bir gezek, 4 sifri iki gezek, 0 sifri üç gezek şekillendirýän uzyn algoritm düzmeli. Ýöne başga usul hem bar. Çyzgy çyzyjy ýerine ýetiriji sifrleriň şekillendirilişini ýatda saklap bilýär. Şol sebäpli hem 4 we 0 sifrleriň şekillendiriliş algoritmlerini kömekçi algoritm görnüşde ýazmak bolar. Kömekçi algoritmiň ulanylyşyna mysalda seredeliň. 99-njy suratdaky 3 sifriň ýokarky we aşaky bölekleri meňzeş. Onda ýokarda sereden mysalymyzyň programmasy aşakdaky görnüşde bolup biler:
1. Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň kömegi bilen 101-nji suratdaky şekili gurmagyň algoritmini ýazmaly (galamy galdyrman we bir geçen çyzygyňdan ikinji gezek geçmeli däl).
5. Täze temany berkitmek. Okuwçylar bilen geçilen tema esasynda sorag-jogap alyşmak, geçilen tema degişli meseleler çözmek.
3. Çyzgy çyzyjy ýerine ýetirijiniň kömegi bilen 103-nji suratdaky şekilleri almagyň algoritmlerini düzüň.
6. Öý işini tabşyrmak. Sapakda geçilen temany özleşdirmeklerini tabşyrmak, sah.111-113.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:
Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak we olaryň informatika dersine bolan höweslerini artdyrmak.
Ýazan mugallym: ________________________________________________
Bellik:_____________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _________________________
Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______
Dersiň ady: Informatika Synpy: VII _____ ______ ______
| Sapagyň temasy: | Internet tory barada düşünje. Esasy hyzmatçylar: World Wide Web, elektron poçta |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | okuwçylara internet tory barada düşünje. Esasy hyzmatçylar: World Wide Web, elektron poçta diýen tema barada düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi, ahlaklylygy, ynsaplylygy terbiýelemek. |
| Sapagyň görnüşi: | täze maglumatlary öwretmek sapagy |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar |
Sapagyň gidişi:
1.Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
4. «Paýhas çesmesi» kitabyndan sorag-jogap alyşmak.
5. Agyz-burun örtügini peýdalanmagyň düzgünlerini düşündirmek.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
Geçilen temany soramak, tema boýunça sorag-jogap alyşmak.
1.Kömekçi algoritmler diýip haýsy algoritmlere aýdylýar?
2.Algoritmleriň nähili görnüşlerini bilýärsiňiz?
3. Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4. Täze temany düşündirmek.
| Temany düşündir-megiň meýilnamasy: 1. Algoritmleşdirmegiň we programmalaşdyrmagyň esaslary. 2. Informasiýalary işlemegiň kompýuter tehnologiýalaryna we usullaryna gyzyklanmany kemala getirmek we ösdürmek. 4. Kompýuter-informasion tehnologiýalary. | Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: - informasion hukuklary we howpsuzlyk düzgünlerini; algoritmler, algoritmi ýerine ýetirijileri; - Internet torunda howpsuzlyk düzgünlerini; - iş stoluny sazlamagy; - tekst redaktoryň niýetlenen işini. | Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: - aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi; – obýektleriň we işleriň taýýar modellerini peýdalanmagy; - kompýuter tehnologiýalaryndan gündelik durmuşda peýdalanmagy. |
Internet tory barada düşünje. Esasy hyzmatçylar: World Wide Web, elektron poçta
Internet (latynça inter – aralygynda we iňlisçe net – tor) – in-formasiýalary saklamak ýa-da ibermek üçin kompýuter torlarynyň birikdirilen bütindünýä sistemasy. Köplenç, bu düşünje Bütindünýä tory ýa-da Global tor şeýle-de ýöne tor görnüşinde ulanylýar.
Internet toruna kompýuterler, telefonlar, telewizorlar we goşmaça oýun enjamlarynda gurnalan gurluşlar birikdirilip bilner. Internet toruna birikdirilýän gurluşlaryň sany günsaýyn artýar. Internet hyzmatyny gurnaýjylar – internet prowaýderler – şol gurluşlar üçin toruň elýeterli bolmagyny üpjün edýärler.
Bütindünýä informasion kerebi (World Wide Web − WWW) – häzirki wagt internet torunyň iň meşhur we oňaýly gullugydyr. Ol tor hyzmatlarynyň aglaba köplügini birikdirýär. Bütindünýä kerebiniň informasiýalary gipertekst resminamasy (web-sahypa) görnüşinde gurnalandyr. Web-sahypa diňe tekstleri däl, eýsem, grafikany, animasiýany, audio we wideo parçalary özünde saklap bilýär. Internet torunyň has giň ýaýran we netijeli gulluklarynyň biride elektron poçta (Electronic Mail − E-mail) gullugydyr. Hakyky wagt kadasynda habarlary alyş-çalyş serişdeler (In-ternet Relay Chat − IRC) tory ulanyjylaryň arasynda ýazuw gepleşiklerini alyp barmagy üpjün edýär.
5. Täze temany berkitmek.
Okuwçylar bilen geçilen tema esasynda sorag-jogap alyşmak, geçilen tema degişli meseleler çözmek.
1. Internet torunyň esasy mümkinçiliklerini amala aşyrmak üçin, nähili serişdeleri bar?
2. Internet toruny ulanyjylar üçin WWW gullugy nähili mümkinçiliklere eýe?
3. Elektron poçta näme üçin niýetlenen?
6. Öý işini tabşyrmak. Sapakda geçilen temany özleşdirmeklerini tabşyrmak, sah.114,115.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:
Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak we olaryň informatika dersine bolan höweslerini artdyrmak.
Ýazan mugallym: ________________________________________________
Bellik:_____________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________
Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______
Dersiň ady: Informatika Synpy: VII _____ ______ ______
| Sapagyň temasy: | Web-sahypa, web-saýt we saýtyň salgysy barada düşünje. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | okuwçylara web-sahypa, web-saýt we saýtyň salgysy barada düşünje diýen tema barada düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi, ahlaklylygy, ynsaplylygy terbiýelemek. |
| Sapagyň görnüşi: | täze maglumatlary öwretmek sapagy |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar |
Sapagyň gidişi:
1.Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
4. «Paýhas çesmesi» kitabyndan sorag-jogap alyşmak.
5. Agyz-burun örtügini peýdalanmagyň düzgünlerini düşündirmek.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
Geçilen temany soramak, tema boýunça sorag-jogap alyşmak.
1. Internet toruny ulanyjylar üçin WWW gullugy nähili mümkinçiliklere eýe?
2. Elektron poçta näme üçin niýetlenen?
3. Internet toruna birikmegiň haýsy usullaryny bilýärsiňiz?
3. Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4. Täze temany düşündirmek.
| Temany düşündir-megiň meýilnamasy: 1. Tema barada düşünje bermek. 2. Informasiýalary işlemegiň kompýuter tehnologiýalaryna we usullaryna gyzyklanmany kemala getirmek we ösdürmek. 4. Akylýetirijilik, intellektual we döredijilik ukyplaryny ösdürmek. | Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: - kompýuterde modelleşdirmegi; – çyzykly, şahalanma we gaýtalanma algoritmik gurluşlary; - informasion hukuklary we howpsuzlyk düzgünlerini; - operasion sistemany we onuň işini. | Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: - aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi; – obýektleriň we işleriň taýýar modellerini peýdalanmagy; - kompýuter tehnologiýalaryndan gündelik durmuşda peýdalanmagy. |
Web-sahypa, web-saýt we saýtyň salgysy barada düşünje.
Internet torunyň informasion resurslaryny peýdalanmak we olary görmek brauzer (iňlisçe browse – gözden geçirmek) programmalarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Has meşhur brauzerlere Microsoft Internet Explorer, Microsoft Edge, Opera, Mozilla Firefox, Chrome programmalaryny mysal getirmek bolar.
Bütindünýä informasion kerebi (WWW) internet torunyň dürli hyzmatlaryndan peýdalanmak we tordaky informasiýa resurslaryna girmek mümkinçiliklerini giňeltmek zerurlygy esasynda döredi.
WWW gullugynyň işleýän resminamalary gipertekstinformasiýalaryny özünde saklaýar. Gipertekst – arabaglanyşygy guramaga mümkinçilik berýän informasion gurluş bolup, bir elementden beýlekä geçmegi amal edýär. Gipersalgylanmalar internet torunyň dürli obýektlerine: faýllara, beýleki tekstli resminamalara, tekstlere, suratlara, animasiýalara, wideo we audio parçalaryna ýüzlenmäge (geçmäge) mümkinçilik berýär.
Gipersalgylanmalar tekst we surat görnüşinde bezelip bilner (104-nji surat).
Web-saýtyň salgysy anyk resminama, faýla, papka ýoly özünde saklaýar. Meselem: http://www.turkmenistan.gov.tm/tmt/
5. Täze temany berkitmek. Okuwçylar bilen geçilen tema esasynda sorag-jogap alyşmak, geçilen tema degişli meseleler çözmek.
1. Elektron poçtanyň wezipesi näme?
2. Web-sahypa näme?
3. Web-saýt näme?
6. Öý işini tabşyrmak. Sapakda geçilen temany özleşdirmeklerini tabşyrmak, sah.91,92.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:
Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak we olaryň informatika dersine bolan höweslerini artdyrmak.
Ýazan mugallym: ________________________________________________
Bellik:_____________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________
Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______
Dersiň ady: Informatika Synpy: VII _____ ______ ______
| Sapagyň temasy: | Brauzer. Brauzeriň interfeýsiniň elementleri. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | okuwçylara brauzer. Brauzeriň interfeýsiniň elementleri diýen tema barada düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi, ahlaklylygy, ynsaplylygy terbiýelemek. |
| Sapagyň görnüşi: | täze maglumatlary öwretmek sapagy |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar |
Sapagyň gidişi:
1.Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
4. «Paýhas çesmesi» kitabyndan sorag-jogap alyşmak.
5. Agyz-burun örtügini peýdalanmagyň düzgünlerini düşündirmek.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
Geçilen temany soramak, tema boýunça sorag-jogap alyşmak.
1. Elektron poçtanyň wezipesi näme?
2. Web-sahypa näme?
3. Web-saýt näme?
3. Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4. Täze temany düşündirmek.
| Temany düşündir-megiň meýilnamasy: 1. Algoritmleşdirmegiň we programmalaşdyrmagyň esaslary. 2. Informasiýalary işlemegiň kompýuter tehnologiýalaryna we usullaryna gyzyklanmany kemala getirmek we ösdürmek. 4. Kompýuter-informasion tehnologiýalary. | Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: - informasion hukuklary we howpsuzlyk düzgünlerini; algoritmler, algoritmi ýerine ýetirijileri; - Internet torunda howpsuzlyk düzgünlerini; - iş stoluny sazlamagy; - tekst redaktoryň niýetlenen işini. | Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: - aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi; – obýektleriň we işleriň taýýar modellerini peýdalanmagy; – öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi. |
Brauzer. Brauzeriň interfeýsiniň elementleri.
Brauzer öz işleýän wagtynda berlen salga web-serwer arkaly ýüzlenip, web-sahypany soraýar. Maglumatlary kabul edýär we kompýuteriň ekranynda şekillendirýär.
Windows operasion sistemasynyň düzümine girýän Microsoft Internet Explorer brauzeri bilen tanşalyň.
Microsoft Internet Explorer brauzeri syçanyň kömegi bilen meseleler panelindäki düwmesine basyp açmak bolar (105-nji surat). Iş stolundaky ýarlygynda (106-njy surat) syçanyň çep gulagyny iki gezek basmak bilen ýa-da sistemanyň menýusyndan (Пуск) açmak hem bolar.
Programmanyň interfeýsi ulanyja web-sahypalary çalt açmak we görmek üçin niýetlenendir. Internet Explorer brauzeri işe goýberilenden soňra, kompýuteriň ekranynda penjire açylýar.
Sözbaşy setirinde seredilýän resminamanyň ady ýerleşýär. Salgy setirinde onuň salgysy ýerleşýär.
Internet Explorer brauzeriň penjiresiniň esasy bölegini res-minamany gözden geçiriş meýdany tutýar. Onda seredilýän web-sahypa ýerleşdirilýär.
Menýu setiri brauzer bilen işlemek üçin zerur buýruklaryň elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Menýunyň käbir bölümleri, meselem: Файл we Правка bölümleri niýetlenişi boýunça ähli ofis goşundylary üçin umumy hasaplanylýar.
5. Täze temany berkitmek. Okuwçylar bilen geçilen tema esasynda sorag-jogap alyşmak, geçilen tema degişli meseleler çözmek.
1. Brauzer näme üçin niýetlenen?
2. Brauzeriň penjiresiniň esasy elementleriniň wezipesi näme?
3. Öý sahypasy näme üçin gerek we ony nähili gurnamaly?
6. Öý işini tabşyrmak. Sapakda geçilen temany özleşdirmeklerini tabşyrmak, sah.118-122.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:
Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak we olaryň informatika dersine bolan höweslerini artdyrmak.
Ýazan mugallym: ________________________________________________
Bellik:_____________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________
Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______
Dersiň ady: Informatika Synpy: VII _____ ______ ______
| Sapagyň temasy: | Internet torunda howpsuzlyk düzgünleri. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | okuwçylara internet torunda howpsuzlyk düzgünleri diýen tema barada düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi, ahlaklylygy, ynsaplylygy terbiýelemek. |
| Sapagyň görnüşi: | bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar |
Sapagyň gidişi:
1.Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
4. «Paýhas çesmesi» kitabyndan sorag-jogap alyşmak.
5. Agyz-burun örtügini peýdalanmagyň düzgünlerini düşündirmek.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
Geçilen temany soramak, tema boýunça sorag-jogap alyşmak.
1. Öý sahypasy näme üçin gerek we ony nähili gurnamaly?
2. Избранное papkasyna salgylanmalar nähili ýerleşdirilýär?
3. Brauzerde Žurnal näme üçin ulanylýar?
3. Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4. Täze temany düşündirmek.
| Temany düşündir-megiň meýilnamasy: 1. Tema barada düşünje bermek. 2. Informasiýalary işlemegiň kompýuter tehnologiýalaryna we usullaryna gyzyklanmany kemala getirmek we ösdürmek. 4. Akylýetirijilik, intellektual we döredijilik ukyplaryny ösdürmek. | Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: - kompýuterde modelleşdirmegi; – çyzykly, şahalanma we gaýtalanma algoritmik gurluşlary; - informasion hukuklary we howpsuzlyk düzgünlerini; - operasion sistemany we onuň işini. | Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: - aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi; – obýektleriň we işleriň taýýar modellerini peýdalanmagy; - kompýuter tehnologiýalaryndan gündelik durmuşda peýdalanmagy. |
Internet torunda howpsuzlyk düzgünleri.
Ýörite programmalaryň kömegi bilen siziň kompýuteriňiziň görnüşini, operasion sistemasyny hatda elektron poçtanyň salgysyny kesgitläp bolýar. Ýalan habarlaryň, ýüregedüşgünç reklamalaryň, siziň şahsy informasiýalaryňyzy (parollar, kartoçkanyň nomeri we ş. m.) eýelemäge synanyşyk edýän kompýuter kezzaplarynyň pidasy bolmazlyk üçin, özüňiz baradaky informasiýalary ýaýyp ýörmezligi maslahat berýäris. Şonuň ýaly-da, käbir zyýan-ly programmalar internet-birleşmäni siziň informasiýalaryňyzy eýelemek üçin ulanýarlar. Informasiýalary goramak üçin, internet torunda işlenilende, howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek örän zerur bolup durýar. Olaryň käbirlerini sanap geçeliň:
• paroly goraň. Käbir programmalarda her gezek paroly täzeden girizmezlik üçin ýatda saklamagy teklip edýärler. Ony, esasan hem, internet birikmelerini gurnaýan programmalarda etmeli däl.
• Elektron salgylary hem-de parollary elektron poçtadan açyk görnüşinde ugratmaly däl.
• Web-sahypalar, köplenç, dialog görnüşindedir. Web-serwerden maglumatlary ugratmaklygyň howpsuz däldigini göz öňünde tutuň. Jogaby ýa-da tassyklamany talap edýän tekstleri ünsli okaň.
• Iň uly töwekgelligiň biri, ol hem siziň kompýuteriňize gelip çykyşy näbelli faýllaryň ýüklenmegidir. Internet torundan tölegsiz programmalaryň, oýunlaryň, wideofilmleriň köp sanlysyny tapmak bolar. Olary kompýuterimize internetden alanymyzda, esasan hem, näbelli serwerlerden alnanda ägä bolmaly. Öňünden antiwirus programmalary bilen barlamazdan, olary işe goýbermek bolmaýar.
• Näbelli salgydan gelen elektron habarly faýllary açmaň. Faýllar we elektron hatlar zyýanly programmalary özünde sakla-ýan bolmagy mümkin.
• Lokal torda Internet tory bilen işlenende, umumy resurs hökmünde möhüm papkalary we diskleri, meselem, Windows papkasyny birikdirmeli däl.
5. Täze temany berkitmek. Okuwçylar bilen geçilen tema esasynda sorag-jogap alyşmak, geçilen tema degişli meseleler çözmek.
1. Internet torunda işlenende howpsuzlyk düzgünlerinden haýsylaryny bilýärsiňiz?
2. Şübheli saýt diýip nämä düşünýärsiňiz?
6. Öý işini tabşyrmak. Sapakda geçilen temany özleşdirmeklerini tabşyrmak, sah.122-124.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:
Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak we olaryň informatika dersine bolan höweslerini artdyrmak.
Ýazan mugallym: ________________________________________________
Bellik:_____________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________
Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______
Dersiň ady: Informatika Synpy: VII _____ ______ ______
| Sapagyň temasy: | Kompýuter otagynda howpsuzlyk düzgünleri |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | okuwçylara kompýuter otagynda howpsuzlyk düzgünleri diýen tema barada düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi, ahlaklylygy, ynsaplylygy terbiýelemek. |
| Sapagyň görnüşi: | gaýtalamak sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar |
Sapagyň gidişi:
1.Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
4. «Paýhas çesmesi» kitabyndan sorag-jogap alyşmak.
5. Agyz-burun örtügini peýdalanmagyň düzgünlerini düşündirmek.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
Geçilen temany soramak, tema boýunça sorag-jogap alyşmak.
1. Internet torunda işlenende howpsuzlyk düzgünlerinden haýsylaryny bilýärsiňiz?
2. Şübheli saýt diýip nämä düşünýärsiňiz?
3. Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4. Täze temany düşündirmek.
| Temany düşündir-megiň meýilnamasy: 1. Informasiýa we informasiýa prosesleri. 2. Kompýuterleriň apparat we programma üpjünçilikleri. 3. Algoritmleşdirmegiň we programmalaşdyrmagyň esaslary. 4. Kompýuter-informasion tehnologiýalary. 5. Kommunikasion tehnologiýalar | Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: - algoritmiki-logiki pikirlenmegi; – amaly programma üpjünçiligi bilen işlemegi; - informasion medeniýetliligi; – internet saýtlarynda informasiýalar bilen işlemek. | Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: - kompýuterde işlenende syçan, klawiatura bilen işlemegi; – öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi; - meseleler çözülende algoritm düzmegi; - ýönekeý graflary gurmagy. |
Kompýuter otagynda howpsuzlyk düzgünleri
Okuwçylar! Siz kompýuter otagynda gymmat bahaly, seresap hem-de aýawly ulanmagy talap edýän enjamlar (apparatlar) – kompýuterleriň we beýleki tehniki serişdeleriň oturdylandygyny, olaryň ýokary elektrik naprýaženiýesinde işleýändigini, enjamlary, simleri we monitory nädogry ulanmak elektrik togunyň agyr zaýaçylygyna, enjamlaryň ýanmagyna getirip biljekdigini ýatdan çykarmaň.
Kompýuter otagynda özüňi alyp barmagyň esasy düzgünleri:
● birikdiriji simleri ellemeli däl;
● tokly geçirijilere el degirmeli däl;
● ekrana we monitoryň, klawiaturanyň arka tarapyna el degirmeli däl;
● mugallymyň görkezmesi bolmasa, enjamlary birikdirmek ýa-da öçürmek bolmaýar;
● monitoryň we klawiaturanyň üstünde zat goýmaly däl;
● kompýuterde öl eşikli ýa-da öl elleriň bilen işlemeli däl;
● ýanyk yslary çykanda haýal etmän işi togtatmaly, bu barada mugallyma habar bermeli we enjamlary öçürmeli.
Okuwçylar betbagtçylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin, bu
düzgünleri hökmany suratda oňat bilmeli we sowatly ýerine ýetirmeli.
5. Täze temany berkitmek. Okuwçylar bilen geçilen tema esasynda sorag-jogap alyşmak, geçilen tema degişli meseleler çözmek.
1. Kompýuter otagynda nähili enjamlar bar?
2.Kompýuter otagynda özüňi nähili alyp barmaly?
3.Sapak wagtynda kompýuter otagynda ýeriňi üýgetseň bolarmy?
6. Öý işini tabşyrmak.
Sapakda geçilen temany özleşdirmeklerini tabşyrmak.