СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

About Novruz Holiday

Нажмите, чтобы узнать подробности

About novruz holiday 

Просмотр содержимого документа
«About Novruz Holiday»

Baky Bitaraplyk şöhratymyz-şanymyz





Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy uludan tutulýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzda şanly baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz toý lybasyna beslenip, aýratyn gözellik we baky bagtyýarlyk eçilýär. «Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistandyr!» diýlen nurana, buýsançly sözler bu gün mähriban halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi. Türkmenistan BMG-niň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşy. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ak şäherimiz Aşgabat bolsa häzirki wagtda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä meşhurdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen geçen 25 ýyllyk döwrüň tejribesi munuň şeýledigini doly subut edýär. XX asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Täjigistandaky we Owganystandaky içerki gapma-garşylyklaryň, syýasy taýdan çözülmegi boýunça gepleşikleriň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde bu tejribe sebit boýunça aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Şeýlelikde, Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy, sebitleýin ýaragsyzlanmak meselelerine goldaw bermek, suw, energetika meseleleriniň deňeçer çözgüdini tapmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy durmak ýaly wajyp ugurlarda hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan BMG-niň iň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58, 62, 64, 68, 71, 75-nji mejlislerine wise-başlyklyga, şeýle hem dürli ýyllarda we dürli möhletlerde bu guramanyň abraýly düzümlerine saýlanyldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibi Ýer ýüzünde parahatçylygy we howsuzlygy üpjün etmek, ählumumy wehimlere, howplara garşy hereket etmek, durnukly ösüşi öňe ilerletmek ekologiýa ugurlary we beýlekiler bilen birlikde halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna degişli meseleleriň toplumyny öz içine aldy. Bu meseleler gös-göni hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň öňe sürýän maksatlaryna doly laýyk gelýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda bolup geçýän ösüş-özgertmeler, geçirilýän çärelerdir dabaralar, halkara forumlardyr maslahatlar, hem türkmen Bitaraplygynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň türkmen diplomatiýasynyň abraý-mertebesini, ähmiýetini has-da belende galdyryp, ýokary ykrarnama eýe edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr — baky Bitaraplyk güni indi halkara derejesinde ginden bellenilýän baýramçylykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biridir. Baky Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Ýetip gelýän belent ynsanperwerligin baýramyna öwrülen «12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni» bilen Arkadag Prezidentimizi, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Parahatçylyk arkaly ösüş dabaralansyn! Hormatly Prezidentimizin jany sag, ömri uzak bolsun!



Aýlar GURBANDURDYÝEWA





1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Şu ýyl Bitaraplygymyzyň halkara derejesinde ykrar edilenine 25 ýyl dolýar. 12-nji dekabr – ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilip geçilýän şanly seneleriň biridir.



Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işine goşýan goşandy, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde toplan oňyn tejribesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigi göz öňünde tutulyp, 2015-nji ýylda 193 döwletiň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Rezolýusiýa gaýtadan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hem biziň döwletimiziň hoşniýeti goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna halkara bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar» diýip belleýär.



Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk günine taýýarlyk görmäge bagyşlanan «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Bitarap Watanymyzyň sebitde we dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýeti goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek ulgamynda BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrülendigini subut edýär.



Goý, halkymyzy asuda, abadan, eşretli zamanada, bagtly döwürde ýaşadýan, ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli, ylalaşdyryjy, hoşniýetli gatnaşyklary, ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy gazanmaga gönükdirilen onyň syýasatyny durmuşa geçirýän Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary mundan beýläk hem rowaçlyklara, üstünliklere beslensin! Ýurt Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy gutly bolsun!

2015-nji ýyl bagtyýar halkymyzyň durmuşynda ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Ak mermere beslenen Aşgabadyň, günsaýyn ӧsüp-ӧzgerýän tutuş türkmen Diýarymyzyň kesbi bolsa agzybirlikde çekilýän yhlasly zähmetiň miwesi bolup şugla saçýar.



Tamamlanyp barýan ýylda amala aşyrylan beýik işler bosagadan ätlejek bolup duran 2016-njy ýylda täze-täze üstünliklere badalga bolsun! Täze ýylyň bosagasynda gazanylan netijeleri seljerip, täze ýyl üçin täze wezipeleri kesgitlemek halkymyzyň asylly däpleriniň biridir. Şeýle däbe eýerip, welaýat birleşmesinde pudaklar boýunça bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň iň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň ӧňünde belent wezipeleri goýmak bilen, hemişe oňa goldaw we kӧmek goluny uzadýar. Bu guramanyň esasy işi bolsa milli Liderimiziň «Dӧwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwerlikli ýӧrelgesiniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaklyga gӧnükdirilendir.



«Ӧňe, diňe ӧňe, jan Watanym Turkmenistan!» diýip, il-ýurduny belentliklerden-belentliklere alyp barýan, ynsanperwer işleri bilen hemmeleriň kalbynda ruhubelentlik duýgusyny joşdurýan Gahryman Arkadagymyzyň tutumlary geljek senede has-da rowaçlyklara beslensin. «Mirasa sarpa goýmak, Watany ӧzgertmek ýylynda» Täze-2016-njy ýyl her bir maşgala ojaklaryna saglyk, rysgal-bereket getirsin!






Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!