СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Adaty däl sapaklaryň guralyşy we geçirilişi

Нажмите, чтобы узнать подробности

В работе дается описание видов нетрадиционных уроков и методические рекомендации учителям при их проведении.

Просмотр содержимого документа
«Adaty däl sapaklaryň guralyşy we geçirilişi»

Adaty däl sapaklarynyň guralyşy we geçirilişi

Bu işde “sapak” düşünjesine, onuň görnüşlerine seredip geçmek bilen, has hem, diňe bilimleriň we endikleriň özleşdirilmegine däl-de, okuwçylaryň döredijilik ukyplarynyň kämilleşdirilmegine, okuwa bolan gyzyklanmanyň ýokarlandyrylmagyna hem ýardam berýän, adaty däl sapaklaryň guralyş we geçiriliş meselesine üns berlip geçilýär.

Sapak – döwrebap bilim beriş ulgamynda bilim bermegiň, başarnyk bilen endigi kämilleşdirmegiň, sazlaşykly ýola goýulmagynyň esasy serişdesi bolup hyzmat edýär.

Sapak – öwrenilýän dersiniň esaslarynyň ähli okuwçylar tarapyndan özleşdirmegi üçin amatly ýagdaýlary döredýän işler görnüşlerini we usullaryny ulanmak arkaly, anyk bellenilen döwür dowamynda her bir okuwçynyň (synpyň) aýratynlygynyň hasaba alynmagy bilen, mugallymyň köpçülikleýin akyl ýetirme ukybyna ýolbaşçylyk etmegi netijesinde emele gelýän guramaçylykly bilim berme görnüşidir. Bilim bermegiň synp-sapak ulgamy okuwçylaryň köpçülikleýin işe çekilmegini, okuw işiniň aýdyň, üznüksiz bolmagyny üpjün edýär. Sapak adaty we adaty däl görnüşinde geçirilip bilner. Adaty görnüşinde sapak geçirilende, okuwçylar köplenç tälim bermäniň passiw obýekti bolup çykyş edýärler.

Ýöne häzirki döwrüň mugallymlary mydama synpdaky ähli okuwçylary işjeňleşdirjek, olarda sapaklara bolan gyzklanmany artdyrmaga ýardam berjek we, şonuň bilen bir hatarda, berilýän maglumatlaryň tiz ýatda galmagyny, oňa akyl ýetirilmegni we onuň özleşdirilmegini üpjün etjek, materialy düşündirme we mugallym-okuwçy arabaglanyşygyny guramaçylykly saklabiljek bilim berme usullarynyň goşmaça görnüşleriniň gözlegindedirler.

Sapaklaryň gyzyklandyryjy görnüşlerini, adaty däl (beýlekilere meňzemeýän, özboluşly) sapaklary olara mysal hökmünde getirip bolar.

Adaty däl sapaklar – bu bilim bermegiň dürli görnüşleriniň dürli usullaryny we tärlerini özünde jemleýän sapaklardyr. Olar okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen mugallymyň hem-de okuwçynyň bilelikdäki döredijiligi, gözleg-agtaryş işleri, täze usullaryň özleşdirilmegi boýunça tejribeler esasynda gurulýarlar.

Mugallymlar adaty däl görnüşinde açyk sapak berenlerinde, sapaklar utuşly bolýarlar, sebäbi olarda oýun pursatlaryny hem, tema bilen baglanyşykly maglumatlaryň üýtgeşik usulda berilmegini hem, dürli köpçülikleýin we toparlaýyn işler görnüşlerinde okuwçylaryň iş bilen meşgullygyny we işjeňligini hem görkezip bolýar.

Adaty däl sapaklaryň görnüşleri köpdür. Pedagogiki ylmynda olaryň toparlara bölünişi kesgitli, doly bolman, geljekde sapaklaryň täze görnüşleriniň (tipleriniň) işlenip taýýarlanylmagy netijesinde üsti doldurylyp durular.

Aýratyn ýagdaýa degişlilikde, adaty däl sapaklaryň şeýle görnüşlerini belläp bolýar:

  1. ekskursiýa sapaklary;

  2. oýun sapaklary (hünär, kär, rol);

  3. çekişme (sapaklary, tegelek stollar, jedeller;

  4. binar sapaklary;

  5. ylmy-derňew sapaklary;

  6. okuwçylaryň birek-birege öwrediş sapaklary ;

Adaty däl sapaklaryna taýýarlanýan mugallymlara maslahatlar:

  • sapaga taýýarlanyş döwründe hem, sapak geçirilýän wagty hem höweslendirme pursatlaryndan köp peýdalanyň;

  • hiç hili artykmaçlyklara ýol bermäň. Sapakda sazlaşykly bütewilik saklanylmalydyr, sebäbi sazlaşyklyk – biziň döredijiligimiziň esasy maksadydyr;

  • okuwçylary sapaga goşýan goşandyna görä höweslendiriň;

  • siziň adaty däl sapagyňyzyň üstünligi öňünden, ykjam meýilleşdirilen taýýarlyga, onuň geçirilmeginiň görnüşleriniň we usullarynyň üstünde mazaly pikirlenip, düýpli düşünilmegine baglydyr;

  • diňe bilim berme, terbiýeleme we kämilleşdirme netijelerini bahalandyrmak bilen çäklenmän, arabaglanyşyk ýagdaýyny hem, ýagny mugallym bilen okuwçynyň aragatnaşygyndan başga-da, okuwçylaryň biri-biri bilen, şeýle hem, aýratyn işçi toparlaryň öz aralaryndaky arabaglanyşygyny bahalandyrmak maksada laýykdyr.

Indi bolsa adaty däl sapaklaryň käbir görnüşleriniň üstünde durup geçeliň.

Ekskursiýa sapaklary

Ekskursiýa – okuw işiniň gadymy görnüşi bolup, bilim berme işi okuw otagy şertlerinde däl-de, okuwçylaryň gurşap alýan älemi duýma, oňa akyl ýetirme pursatlarynda, ýagny tebigatda, muzeýde, şäheriň köçelerinde, seýilgählerde, önümçilik kärhänalarynda we ş.m, ýerlerde amala aşyrylýar.

Mugallymyň etmeli işleri:

- onuň mazmunyny, maksadyny, meselelerini kesgitlemeli, olary okuwça ýetirmeli;

- okuwçylary tanyşdyrjak bolýan obýektlerini ýalňyşsyz saýlamaly;

- ekskursiýa obýektini görkezme usuly we ol baradaky geçiriljek söhbet hakda pikirlenmeli, okuwçylary işjeň akyl ýetirmeklige çekme tärleriniň üstünde işlemeli.

Obýekt (ler) saýlananda, mugallym ony (olary) şeýle görkezijiler (ölçütler) boýunça bahalandyrmalydyr:

  1. okuwçylar üçin öwrenijilik babatyndaky gymmatlylygy;

  2. täsirliligi;

  3. abatlygy (obýektiň häzirki wagtdaky ýagdaýy, onuň görkezilme üçin taýýarlanmagy);

  4. ýerleşýän ýeri (obýekte çenli aralyk, ulagda barmak mümkinçiligi, oňa alyp barýan ýoluň amatlylygy).

Mugallym ekskursiýa sapagynyň temasyny gyzykly görnüşde kesgitlemeli; görkeziljek obýekt bilen özbaşdak tanyşmaly; ekskursiýanyň ugruny düzmeli; “gönükdiriji” ýazgylar toplumlaryny (ekskursiýa ýolbaşçysynyň bukjasyny) taýýarlamaly (obýektiň ady, obýekt bilen baglanyşykly taryhy waka, wakanyň bolup geçen wagty, obýektiň gysgaça beýany (awtory, gurlan wagty, täzeden dikeldilen senesi), ýadygärligiň goralmagy, obýekt bilen baglanyşykly gyzykly deliller, rowaýatlar).

Oýun sapaklary

Oýun – bu berlen ýagdaýlar şertlerinde özüňi belli bir tertipde alyp barmaklyk talap edilýän we kämilleşdirilýän jemgyýetçilik tejribesiniň täzeden dikeldilmegine gönükdirilen hereketleriň görnüşi.

Bu hili sapaklar çagalara oýun ýagdaýyna goşulyp, üstünligiň ýa-da şowsuzlygyň joşgunly tolgunmalaryny başdan geçirmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem, çagalar we ýetginjekler oýnuň dowamynda iş we durmuşy aragatnaşyklary babatynda: döredijilikli başlangyjy görkezmek, meseleleri orta atmak we olary çözmek, işi meýilleşdirmek; özbaşdak hereket etmegi öwrenmek, işde janly bolmak, sabyrlylyk, ýoldaşlyk we hyzmatdaşlyk duýgusy, gepleşigi alyp barmak, ylalaşykly bolmak ýaly zerur bolan ukyplary kämilleşdirýärler.

Oýun – bu ýaşlaryň önümçilik we jegyýetçilik durmuşyna bolan özboluşly taýýynlygydyr, durmuşy rollary özüňe deňäp görmekdir. Oýnuň adamyň ösüşinde ýerine ýetirýän wezipelerine aşakdakylary degişli edip bolar:

  • güýmenje (begendirmek, hezil bermek, ruhlandyrmak, gyzyklandyrma döretmek),

  • aragatnaşykda döreýän jedel etme sungatyny özleşdirmek,

  • başarjaňlygyň beýleki görnüşlerinde ýüze çykýan dürli kynçylyklardan baş alyp çykmak,

  • özüňi kadaly alyp barmakda döreýän gyşarmalary aýan etmek, oýun döwründe öz ýagdaýyňy aňmak,

  • ähli adamlar üçin umumy medeni-durmuşy gymmatlyklary özleşdirmek,

  • jemgyýetçilik gatnaşyklary ulgamyna goşulmak, adamlar arsynda ýaşamagyň umumy kadalaryny özleşdirmek.

Okuw oýnunyň görnüşine baglylykda gatnaşyjylaryň dürli häsiýetdäki rollary ulanylyp bilner. Okuwda oýun tehnologiýasynyň eýeleýän orny we ýerine ýetirýän wezipesi, oýun elementleriniň (parçalarynyň) okuw bilen utgaşdyrylmagy köp halatda mugallymyň oýnuň görnüşine we onuň üsti bilen gazanyljak netijelere düşünmegine bagly bolýar.

Şeýlelikde oýunlaryň şeýle toparlaryny tapawutlandyryp bolar:

Hünär, kär bilen baglanyşykly oýun

Hünär, kär bilen baglanyşykly oýun ýokary synp okuwçylaryny okatmaklygyň uly umyt bildirýän usuly bolup çykyş edýär. Okuw dowamynda iş bilen baglanyşykly oýunlaryň öýkünme we rollar boýunça diýen ýaly görnüşlerinden peýdalanylýar.

  1. Öýkünme- kimdir birine, nämedir bir zada meňzejek bolma, oňa öýkünip gaýtalama. Sapaklarda haýsy hem bolsa bir guramanyň, kärhananyň ýa-da onuň bölüminiň işi, hereketi, meselem, ýaşlar guramasynyň maslahaty we ş.m. suratlandyrylýar. Bir wakany, bell bir adamlaryň işini (iş bilen baglanyşykly ýygnagy, söhbetdeşlik geçirmekligi, ündew, jedelleri alyp barmaklygy, täze habarlar bilen tanyş etmekligi) görkezip bolar.

  2. Rollar boýunça oýunda gatnaşyjylar tarapyndan uly, wezipeli adamlaryň rollaryny ýa-da ýörite döredilen rollar ýerine ýetirilýär we ýörite döredilýän oýun ýagdaýynda adamlaryň işi hem-de olaryň arasyndaky gatnaşyklary görkezilip gaýtalanýar.

Çekişme (diskussiýa) sapaklary

Çekişme sapaklary – bu haýsy hem bolsa bir sorag, mesele boýunça, belli bir düzgünlere laýyklykda, çekişmäniň ähli ýa-da birnäçe gatnaşyjylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän pikir alyşmadyr. Biri-biriniň üstüni doldurýan gepleşigiň ýa-da pikir alyşmanyň-jedeliň, dürli nukdaýnazarlaryň utgaşmasy, dünýägaraýyşlaryň çaknyşygy - onuň aýratyn häsiýetlerine degişli bolýarlar.

Şonda gatnaşyjylar hökmünde iki tarapyň wekilleri bolsa gowy, meselem, ýaşlar guramasynyň wekilleri bilen okuwçylar öz aralaryndaky çekişmeleri.

Ähmiýetli meseleler bilen bir hatarda, tertip ýa-da topar gatnaşyjylarynyň özara gatnaşyklary bilen baglanyşykly soraglar çekişmegiň temasy bolup biler.

Sapakda çekişme usulyndan peýdalanmak üçin toparda, synpda tertibiň ýokary derejede bolmagy talap edilýär. Adatça ony uly synplarda ulanmak netijelidir.

Bu usul diňe bilimleri berkitmek bilen çäklenmän, jedelleşmek, öz pikiriňi subut etmek, ony goramak we ahyryna çenli durmak başarnygyny ösdürmäge, sabyrlylyk duýgusyny kämilleşdirmäge mümkinçilik döredýär.

Binar sapaklary

Binar sapaklary dersara baglanyşyga, sapaklaryň birleşdirilmegine esaslanyp, dürli pedagogiki ylymlarynyň tehnologiýa garyndylarynyň ulanylmagyny göz öňüne tutýar. Okuwçylaryň dünýägaraýyşlaryny emele getirmekde, olaryň düşünjelrini kämilleşdirmekde wajyp tapgyr bolup çykyş edýär.

Sapagy bir ýa-da birnäçe hünärmen ders mugallymlary alyp barýar. Ilki binar sapagynyň esasy bolup çykyş etjek, umumy temanyň kesgitlemek üçin iki dersiň okuw temasy seljerilýär. Meselem, umumy bilim berýän orta mekdeplerinde şeýle dersleri birikdirip, aşakdaky temalary almak bolar: geografiýa we Türkmenistanyň taryhy – sapagyň temasy “Yer titreme. Matam güni”; geografiýa we ekologiýa – sapagyň temasy “Türkmenistanyň klimatiki guşaklary we organizmleriň uýgunlaşmagy”; fizika, ekologiýa – sapagyň temasy “Temperaturanyň we ýeliň daşky gurşawa edýän täsiri”; matematika we informatika – sapagyň temasy “Silindriň üst meýdanynyň we göwrüminiň hasaplanyp çykarylmagy”, iňlis dili we bedenterbiýe – sapagyň temasy “Spotr we sagdyn durmuş”, “Mekdep olimpiýa oýunlary” ; dünýä medeniýeti we geofrafiýa – sapagyň temasy “Halk senediniň geografiýasy” we ş.m.

Ders mugallymlary bilelikde sapagyň gidişini jikme-jik meýilnamalaşdyrýarlar. Onda her biriniň roly, etmeli işi aýdyň kesgitlenilen bolmaly. Binar sapagynyň dürli derslerde gaýtalanýan däl-de, biri-biriniň üstüni doldurýan böleklerden ybarat bolýandygyny bilmek zerur. Okuwçylara öwrenilýän temasynyň iki ýa-da birnäçe derslerde ulanmaga, bilimlerinden, başarnyklaryndan döredijilikli peýdalanmaga, özara baglanyşyk esasynda düşnükli bolan meseleleri çözmäge, öz zähmetiniň netijelerini görüp, sapakdan lezzet almaga mümkinçilik döretjek ýumuşlar işlenip düzülse has gowy bolar.

Binar sapagy adaty däl sapaklarynyň bir görnüşi bolmak bilen, köp meseleleriň çözülmegine ýardam berýär, meselem, mugallymlaryň hyzmatdaşlygyny ösdürýä; okuwçylaryň we mugallymlaryň gözýetimini giňeldýär; dürli ugurlar boýunça bilimleri birleşdirýär; okuwçylara dersleriň arabaglanyşygyny, dünýäniň bitewiligini görkezýär; seljerme we oýlap tapyjylyk ukybyny ösdürýär; okuwçylara döredijilik ýagdaýlarynda çözgüdi agtaryp tapmaga mümkinçilik döredýär. Binar sapaklar ulgamynda kompýuter tehnologiýasynyň ulanylmagy sapaklaryň netijeliligini we okuwçylaryň kompýuter sowatlylyk derejesini ýokarlandyrýar.

Binar sapagy meýilnamalaşdyrylanda döreýän kynçylyklar:

1) binar sapagynyň geçirilişi ylmy taýdan oňat işlenip taýýarlanylmadyk. Mugallymlar öz döredijiligine daýanyp hereket etmeli bolýarlar.

2) uzak möhletli taýýarlygy talap edýärler (şonuň üçin olary tiz-tiz geçirip bolmaýar), mugallymlar arasynda psihologiki we usulyýet ylalaşyjylygynyň bolmagy hökmany şert bolup çykyş edýär.

3) guramaçylyk bilen baglanyşykly soraglary deň getirmeklik kynçylyk döredýär- sapak rejesine dogry getirmek, mugallymlaryň zähmetini tölemek soragyny çözmek.

4) bu sapakda okuwçynyň haýsy ders boýunça bahalandyrylandygy baradaky soragda aýdyňlyk ýok.

Derňew sapaklary

Derňew işi we derňew sapagy düşünjelerini bir hatarda goýmaklyk nädogrydyr. Derňew işi örän giň düşünjäni öz içine alyp, wagt çägine eýe bolmaýar diýsek-de, ýalňyş bolmaz. Bu öňünden belli bolmaýan netijeli derňew-barlaglardyr. Derňew sapagy bolsa okuwçylaryň we mugallymyň ylym çäginde derňeme häsiýetine eýe bolan esasy döwürleriniň bolmagynda, sapagyň wagty bilen çäklenen, okuwçylar tarpyndan (mugallymyň goldamagy bilen) döredijilik, derňew meselesiniň (ýöne okuwçylar üçin däl-de, mugallym üçin öňünden belli bolan) çözgüdi agtaryp tapylýan bilelikdäki işidir. Bu işde berlen meselä degişli bolan taglymatlaryň gaýtalanmagy, derňew işi üçin gerek bolan gurallardan dürs peýdalanmaklyk, gazanylan netijeleri işläp taýýarlamaklyk, ony seljermeklik we umumylaşdyrmaklyk, öz netijelerini çykarmaklyk talap edilýär. Islendik sapakdan derňew sapagyny edip bolmaz. Bu hili sapak berk taýýarlygy talap edýär. Okuwçylar ylym taýdan täze bilimleri almaklyga taýýar bolan ýagdaýynda bolsa derňew sapagyny geçirip bolar. Umuman, derňew sapagy aşakdakylardan ybarat: okuwçylaryň öňünde mesele goýulýar we olar özbaşdak ýa-da mugallymyň gatnaşmagynda bu meseläniň çözgüdiniň ýollaryny, usullaryny derňemelidirler, ýagny ylmy çaklama çykarmaly, onuň hakykylygynyň barlama usullaryny kesgitlemeli we ara alyp maslahatlaşmaly, delillendirmeli, tejribe geçirmeli, synlamaly, netijelerini seljermeli, pikir ýöretmeli, subut etmeli. Meselem, muňa kadalaryň, kanunlaryň, formulalaryň, teoremalaryň özbaşdak “açyşlaryna” degişli bolan meseleler, kanunyň, formulanyň özbaşdak çykarylmagy, subut etme usullaryny tapmaklyk degişli. Özbaşdak synanyşmak we ýalňyşmak, dürli gurallary ulanmak, mümkin bolan formulalardan we amallardan peýdalanyp görmek netijesinde gazanylan bilimler okuwçynyň ýadynda gowy galar.

Sapagyň bu görnüşinde mugallym derňew gözleginiň guramaçysy hökmünde çykyş eder. Meseläni orta atmak bilen mugallym onuň çözgüdini ugurlaryny aýan etmeli, okuwçylar bilen birlikde pikir ýöretmeli, çaklamasyny aýtmaly, olary okuwçylar bilen bile ara alyp maslahatlaşmaly, garşy çykmalary puja çykarmaly, hakykylygy subut etmeli. Şeýlelikde ol ýetginjeklere ylmy düşünjeleriň yoluny görkezer, hakykylyga tarap pikiriň hereketini yzarlamagy mejbur eder.

Derňew sapagynyň gurluşynda hereketiň şeýle yzygiderliligini tapawutlandyryp bolýar:

  1. bilimleri gaytalap berkitmek;

  2. delillendirmek;

  3. mesele bolýan ýagdaýy ýüze çykarmak;

  4. derňelýän meseläni orta atmak;

  5. derňelýän temany kesgitlemek;

  6. derňewiň maksatlaryny anyklamak;

  7. ylmy çaklamany maslahata goýmak;

  8. ylmy çaklamany barlamak (tejribe, laborator işini geçirmek, edebiýaty okamak, pikir alyşmak, okuw filmlerinden parça görmek we ş.m.);

  9. alnan maglumatlary düşündirmek;

  10. derňew işleriniň netijelerini jemlemek;

  11. okuw işinde täze bilimlerden peýdalanmak;

  12. sapagy jemlemek;

  13. öý işini tabşyrmak.

Derňew üçin okuwça hödürlenýän mesele onuň ukybyna, aňlylygyna görä bolmalydyr. Mugallym okuwçynyň meseläni çözmekde kynçylyk çekýändigini aňsa, kynçylyk derejesini peseltmek üçin goşmaça maglumatlary girizmelidir. Derňew sapaklary ýaşlarda täze pikirleri döretmäge, ylmy gözleg işlerini alyp barmaga, sapak arabaglanyşygyny ulanyp başarmaga we geljekde ýurdumyzyň ylmynyň, tehnikasynyň, medeniýetiniň ösüşine öz goşandyny goşmaga mümkinçilikleri döredýär.

Okuwçylaryň birek-birege öwrediş sapaklary

Islendik mugallym bir sapagyň dowamynda her bir okuwçyny geçilen temalar boýunça soramak zerurlygyna duçar bolýar, emma muny gazanýan mugallym azdyr. Bar bolan sorama usullary bu meseläni soňuna çenli çözüp bilmeýärler, sebäbi olarda okuwçylaryň barysy soralan ýagdaýynda, soraglaryň çäkli sanyndan peýdalanylýar ýa-da giň soraglar toplumy ulanylan ýagdaýynda bolsa, soralýan okuwçylaryň sany az bolýar. Özara barlagyň we birek birege öwredişiň guramaçylygynyň dürli usullarynyň öwrenilmegi netijesinde aragatnaşyk sapaklary diýip atlandyryp bolýan sapaklaryň usulyýetine seredip geçeliň.

Bu sapaklarda her bir okuwçy temany öz partadaşy bilen öwrenmeli. Okuwçylar biri-birini barlap, okuw kitabyny okarlar, soraglara jogap bereler, berlen meseleler çözgütlerini seljererler. Ilkinji bolup taýýar bolan jübüdi mugallymyň özi barlar. Şondan soň şolaryň içinden beýleki okuwçylaryň bilimlerini barlamak üçin kömekçileri saýlar.

Okuwçylaryň birek-birege öwrediş sapaklarynyň usulyýeti:

  1. sapak taýýarlylygy we işleýiş tizligi boýunça deňräk gelýän okuwçylaryň bir partada oturdylmagy bilen başlanýar;

  2. şondan soň mugallym sapagyň geçiriliş usuly barada aýdýar we tema öwrenilýän wagtynda jogap hökman berilmeli soraglar hem-de goşmaça ýumuşlar (tagtada ýa-da proýektoryň üsti bilen) bilen tanyşdyrýar; mugallym sapakda edilmeli işleriň tertibi barada görkezmeleri okuwçylar üçin taýýarlasa (meselem, yazgyly plakat), örän gowy bolar. Görkezme şeýle görnüşde bolup biler:

  • okuw kitabynyň berlen ýumşuny oka;

  • tagtada görkezilen soraglara jogap taýýarla;

  • partadaşyňa taýýarlanmaga kömek ber;

  • goňşyňyň ähli soraglaryna jogap ber we onuň şu soraglara berýän jogaplaryny diňle, ýalňyşlary bolsa – düzet;

  • mugallyma öz taýýarlygyň we goňşyň taýýarlygy barada habar ber.

  1. okuwçylar işläp başlarlar. Şol wagt mugallym kimiň nämä meşgul bolýandygyny görmek we zerur bolan kömegi bermek üçin synpda aýlanyp ýörmeli;

  2. ilkinji bolup taýýar bolan okuwçylar mugallyma jogap berýärler;

  3. mugallym şol okuwçylaryň içinde gowy jogap berenini kömekçi edip belleýär we olaryň kimi barmalydygyny belleýär;

  4. kömekçilere oňat jogap beren okuwçylar hem kömekçi bolup, mugallymyň görkezen okuwçylaryndan sorap bilerler, erbet jogap beren okuwçylar bolsa, täzeden taýýarlanyp, gaýtadan jogap bererler;

  5. işinden boşan okuwçylar mugallymyň öňünden taýýarlap goýan gomaça ýumuşly ýazmaçlaryny alyp, olaryň üstünde işläp bilerler.

Okuwçylaryň birek-birege öwrediş sapaklary okuwçylaryň özbaşdaklygyny, alçaklygyny, jogapkäligini ösdürmek üçin amatly, ýöne açyk sapak geçirmeklik üçin dogry gelmeýän sapakdyr.



Kerimowa Reýma

A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki

türkmen-rus mekdebiniň türkmen dili mugallymy