Просмотр содержимого документа
«Änew -Ak bugdaýyň Watanydyr.»
TEMA: TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ WATANY
Änewdäki “Ak bugdaý” Milli muzeýi (2006-njy ýylda açyldy)
MEÝILNAMA
1. Jeýtun – dünýäde iň gadymy ekerançylyk ýerleriň biridir.
2. Ak bugdaýyň watany – Änew.
3. Türkmenleriň ekerançylyk we maldarçylyk däpleri.
4. Türkmeniň bugdaýyň watany – bugdaýyň iň gadymy tohumlarynyň biridir.
Sorag: Kartadan Jeýtunyň ýerleşen ýerini görkezmegi başararmysyňyz?
Türkmenistanyň ýerlerinde Ekerançylar Köpetdagyň eteklerinde ornaşypdyrlar.
Ol ýerde ýabany doňuzlar, goýunlar, geçiler, keýikler, saýgaklar, towşanlar we beýleki haýwanlar, guşlaryň dürli görnüşleri bolupdyr.
Jeýtunyň ýerleşişi. Arheologlar Aşgabatdan uzak bolmadyk demirgazykda iň gadymy adamlaryň ýerleşen ýerini anykladylar. Ol uly bolmadyk derýajygyň akýan ugrunda ýerleşip, ş ol ýer “ Jeýtun ” atlandyrylypdyr.
Jeýtunyň ýaşaýjylary arpa ösdürip ýetişdiripdirler, it ler i, goýun-geçileri eldekileşdiripdirler. Ýeri kätmen bilen agdarypdyrlar, sünbülleri agaç orak bilen orupdyrlar. Däneleri toýun küýzelerde saklapdyrlar.
Soky daşlary dänäni owratmak üçin ulanylypdyr.
Änew – ak bugdaýyň Watany. Änew (Ak bugdaý etraby) Aşgabadyň golaýynda ýerleşýär. Ol ýerde ekerançylaryň zähmet gurallarynyň dürli görnüşleri, nagyş bilen bezelen gap-gaçlar we küýzeler, şeýle-de arpa we bugdaý däneleri tapylypdyr.
Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan ekspedisiýasy Änewiň iň gadymy ekerançylyk ýerlerinde XX asyryň başlarynda gazuw-agtaryşlary geçirdi.
Gadymy zähmet gurallary
Ekerançylygyň piri Babadaýhan hasaplanýar. Ol ilkinji bolup, bugdaý ekipdir, aryk gazyp, oňa suw goýberipdir, azal oýlap tapypdyr we nesillerine ýer bejermegi öwredipdir. Türkmenler häzir hem ekin ekenlerinde oňat hasyl almak üçin Babadaýhana ýüzlenýärler. Burkut babadan ýagyş dileýärler. Mallaryň köpelmegi üçin Weýis baba ýüzlenipdirler.
Sapagy berkitmek.
S udur kartasynda gadymy Jeýtunyň we Änewiň ýerleşen ýerini görkez i ň.
Jeýtuny we Anewi kartadan görkeziň.
Soky daşlary näme üçin niýetlenipdir?
Nowruz baýramy haçan bellenilýär?
Hoş sag boluň