СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Annotasyýa we syn ýazmagyň mysaly meýilnamasy

Категория: Литература

Нажмите, чтобы узнать подробности

Annotasyýa we syn ýazmagyň mysaly meýilnamasy

Просмотр содержимого документа
«Annotasyýa we syn ýazmagyň mysaly meýilnamasy»

Annotasiýa we syn ýazmagyň usullary.

Meýilnama:

I. Annotasiýa – ýazuw işiniň täze görnüşi.

a)Onuň bölekleri barada maglumat.

b)Annotasiýanyň bahalandyrylyşy.

II.Çeper esere syn ýazmak.

a) Synlaryň görnüşleri:

- şahsy syn.

-Publisistik syn.

-Tankydy syn.

b) Okuwçylaryň sözleýiş başarnygyny ösdürmekde syn ýazmagyň ähmiýeti.

III. Netije.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

-Watanymyzyň röwşen geljegi üçin okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bagtyýar ýaşlarymyzyň öňlerinde goýan baş maksadyna öwrülmelidir.

Türkmen dili we edebiýaty dersleriniň okuw maksatnamalaryna täze ýazuw işleri girizildi. Bu dersler boýunça okuwçylaryň gözýetimini giňeltmäge, durmuş hajatlaryna görä başarnyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şunlukda, annotasiýa we onuň mekdep okuwyndaky orny, ähmiýeti dogrusynda usuly maslahat bermek, onuň mazmunydyr gurluşyny, hyzmatyny kesgitlemek hem-de onuň ýazylyş düzgünleri bilen baglanyşykly işleri düşündirmek zerurdyr.

Türkmen we edebiýaty derslerine täze goşulan (annotasiýa, syn) ýazuw işleri bilimiň esasy talaplaryna laýyk gelmek bilen, okuwçylaryň kommunikatiw endiklerini işjeňleşdirmek, pikirlenişini ösdürmek we kämilleşdirmek ýaly wezipeleri öz içine alýar. Şonuň üçin täze maksatnamalarda ýazuw işlerine berlen sagatlary dogry we netijeli peýdalanmaga çalyşmak her bir mugallymyň möhüm işi bolmalydyr.

Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasynda okuwçylaryň kommunikatiw başarnyk – dürli durmuş toparlary bilen özara gatnaşygynyň usullaryny ele almagy, jemgyýetde dürli durmuş wezipelerini ýerine ýetirmegi ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin kommunikasiýanyň dürli ugurlaryny ulanmagy başarmagy, öz ene dilini we beýleki dilleri bilmegi kemala getirmek ýaly tutumly işler wezipe edilip goýulýar. Munuň özi on iki ýyllyk umumy orta bilimde okuwçylaryň sözleýiş endigini ösdürmäge örän jogapkärli çemeleşmegi, ýazuw işlerine degişli geçirilýän işleriň ählisini dogry guramagy talap edýär. Çünki ýazuw işleri okuwçynyň biliminiň derejesini görkeziji çeşme bolmak bilen, ýaş nesliň döredijilikli zähmetiniň haýsy ugur boýunça ýaýbaňlanýandygyny aýdyňdyňlaşdyrmaga-da mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýaşlara döwrüň talaplaryna görä terbiýe bermäge, dörebap bilim almaga esas berýär.

Türkmen dili we edebiýat derslerinde annotasiýa ýazmagy öwretmek üçin 9-11-nji synplarda ýörite sagatlar bellenilendir. Şoňa laýyklykda türkmen dilidersinde 4 sagat, rus dili synplarda (türkmen dili) 6 sagat, edebiýat dersinde hem 1 sagat, jemi 11sagat göz öňünde tutulýar.

Şunlukda, annotasiýa ýazmagy öwretmek üçin berlen sagatlar ýazmaga taýýarlyk, ýazmak we ýazylan işi derňew etmek ýaly döwürleri öz içine alýar. Mugallym bu usuly wezipeleri durmuşa geçirmek üçin sapagy meýilleşdirişini dogry guramak bilen, ýazuw işiniň maksadyna, wezipesine doly düşünmelidir, ony öwretmegiň ýollaryny göz öňüne getirmelidir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, annotasiýany ýazdyrmagyň maksatlary, wezipeleri we onuň mazmuny, gurluşy baradaky maglumatlary öwrenip, usuly taraplary ýüze çykarmak zerurdyr.

Türkmen dili we edebiýat dersleriniň okuw makatnamalarynyň her birinde okuwçylaryň sowatly sözleýşini kemala getirýän, ösdürýän hem-de kämilleşdirýän ýazuw işleri bar. Şeýle işleriň hataryna annotasiýadyr synyň goşulmagy tötänlik däldir.

,,Annotasiýa” sözi latyn ( annotatiýo) dilinden geçen adalgadyr. Ol ,,bellik”, ,,gysgaça bellik” diýen manylary aňladýar. Şoňa laýyklykda hem ol makalanyň, eseriň, kitabyň mazmuny hakynda gysgaça habar berýän tekstdir.

Annotasiýa okuwçylara öwredilmäge degişli edilen ýazuw işiniň täze bir görnüşi bolmak bilen, ol türkmen dili we edebiýaty dersleriniň okuw maksatnamalarynda orun alan baglanyşykly sözleýşi we sözleýiş dilini ösdürmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, ýazuw işiniň bu görnüşi sözleýşiň diňe ýazuw arkaly ösdürilmegini däl-de, eýsem okuwçynyň edebi dilde pikirini gysgaça beýan etmek endigini we başarnygyny kämilleşdirmäge gönükdirilýär. Şunlukda, okuwçylar annotasiýa baradaky düşünjeleri ele alyp, gören, eşiden, wakalary we okan eserleri hakyndaky pikirini gysgaça beýan etmegi öwrenýärler. Okuwçylar kitaplaryň, gollanmalaryň, ylmy işleriň annotasiýalary bilen tanşyp, özüne gerekli maglumatlary, eserleri tapmagyň ilkinji basgançaklaryny geçýärler. Diýmek, okuwçylar orta bilim alyp ýören döwürlerinde durmuşy özbaşdak dolandyrmagyň ýollaryny öwrenmäge mümkinçilik tapýarlar.

Annotasiýa kitabyň, eseriň wakalaryň mazmunyny gysgaça beýan edýän, häsiýetlendirýän tekstdir. Şonuň üçin onda kitabyň, eseriň ýa-da makalanyň mazmuny, manysy jemlenilmelidir. Çünki okyjy gysgaça tekstden – annotasiýadan kitabyň, eseriň ýa-da makalanyň näme barada gidýändigi, barlagyň näme üçin alnyp barlandygy hakyndaky maglumatlary bilmeli bolýar. Şonuň üçin ol ilki bilen annotasiýa ýüzlenmeli bolýar. Ol diňe şundan soň, kitaby ýa-da eseri doly okamak baradaky karara gelýär. Şundan görnüşi ýaly, annotasiýa taýýar edilen kitabyň, makalanyň mazmuny baradaky esasy maglumatlary toplaýjy serişdäniň hyzmatyny ýerine ýetirýär. Şonuň üçin häzirki zaman habar beriş serişdelerinde-de annotasiýa maglumatlary toplaýjy, ýaýradyjy çeşmeleriň biri hökmünde garalýar.

Mekdep okuwçylaryna annotasiýanyň mazmuny hakynda düşünje bermekden öň onuň ulanylýan ýerlerini, hyzmatyny düşündirmek maksadalaýykdyr. Şoňa görä annotasiýanyň mazmunynyň gysga bolýandygyna seretmezden, onda kitaby, eseri, makalany ýazan adamyň adynyň familiýasynyň, eseriň, neşirýatyň adynyň we eseriň neşir bolan ýeriniň adynyň, hem-de çykan wagtynyň görkezilmelidigi düşündirilýär. Bu maglumatlaryň annotasiýanyň öň ýanynda berilýändigi we ýazuw işiniň birinji bölegi bilen baglanyşykly bolýandygy üçin, ony annotasiýanyň birinji bölegine degişli edilýär. Şunlukda, annotasiýanyň mazmuny iki bölekden ybarat bolýandygy ýüze çykarylýar. Onuň birinji böleginde kitabyň, eseriň, makalanyň esasy temasy, ikinji böleginde bolsa şol tema boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berilýär.

Mysal üçin annotasiýanyň birinji böleginde: ,,Annagurdow M. Çeper eserler nähili döreýär”. Türkmenistan neşirýaty, 1989ý. Awtor ,,Çeper eserler nähili döreýär” diýen ýatlamalarynda birnäçe ýyllap bile işleşen galamdaşlary B. Kerbabaýewiň, H. Derýaýewiň döredijilik ýoly hakda söhbet açýar”- diýlen maglumatlar esasy temany görkezýär.

Annotasiýanyň ikinji böleginde: ,,Okyjylar ,,Aýgytly ädim” romanynyň döreýşi, onuň ilkinji neşiriniň ykbaly, H.Derýaýewiň ömrüne hem döredijiligine degişli wakalar bilen tanşyp bilerler”- diýlen maglumatlar temanyň mazmunyny düşündirýär.

Şeýlelikde, annotasiýanyň birinji bölegi ,,näme hakda söhbet edýär?”, ikinji bölegi ,,nämäni beýan edýär?” diýen soraglara jogap bolup durýar. Şonuň netijesinde okyjy ,, Çeper eserler nähili döreýär” diýen kitabyň degişli maglumatlary barada gysgaça, ýöne anyk maglumatlary ele alýar. Şunlukda, annotasiýanyň mazmunynda klassiki eseriň ýa-da makalanyň mazmuny we manysy gysgaça beýan edilýär.Diýmek annotasiýanyň tekstinde gürriňi ediljek kitap baradaky maglumatlar jemlenilýär.Olar ylmy ýa-da iş kagyzlarynyň stilinde okyja düşünikli bolar ýaly ýerine ýetirilýär.Annotasiýa dilden gürrüň berlende hem gurluşy boýunça tertibi saklamak maslahat berilýär.

Annotasiýanyň mysaly nusgalary

1.Kitap (näme?)-hakynda?

Onda (näme?)_beýan edilýär.

Onda esasy (haýsy?)_meselelere seredilýär?

2.Monografiýa (näme?)_hakynda?

Onda (nähili?)_meselelere seredilýär?

Bu ýazuw işi beýleki ýazuw işlerden tapawutlydyr.Ol tapawutlar ýazuw işiniň maksadyndan,hyzmatyndan gelip çykýar.Şoňa görä-de annotasiýanyň ýazylyş düzgünlerini (mazmunyň anyklygy,gurluşynyň üýtgewsizligi,söz sany)pugta berjaý etmek hökmandyr.Çünki ol düzgünleriň esasynda ýazuw işini okuwçylara öwretmegiň usullary,tärleri,bahalandyrmagyň ýeke-täk talaplary ýüze çykarylýar.

Annotasiýa we oňa degişli maglumatlar okuwçylaryň iş depderlerine ýazdyrylýar hem barlanylýar.Okuwçynyň ýazan annotasiýasynyň bahalandyrylyşy mazmunyň hem gurluşyň doly,dogry we düşünikli beýan edilişi esasynda ýüze çykarylýar.Şonuň üçin annotasiýanyň mazmunyna bir baha goýulýar.Ol baha bolsa annotasiýanyň sowatly ýazylyşyny hem öz içine almalydyr.Şunlukda annotaiýanyň gurluş,stil aýratynlygynyň,söz sanynyň saklanylyşyna,mazmunyň dogry we sowatly beýan edilişine üns bermek bilen,bir baha çykarmalydyr.Şu hili çemeleşmäni annotasiýanyň dilden aýdylşynda-da peýalanmak maksadalaýyk bolar.Annotasiýa dilden beýan edilende,onda okuwçynyň peýdalanýan sözleriniň ýazuwdakydan (40-60 söz) köp bolmagy mümkindir.Şonuň üçin mugallym ýazdyrylan annotasiýany derňände,bahalandyranda bu talaplary göz öňünde tutmagy unutmaly däldir.

Ýazuw işiniň täze görnüşi bolan annotasiýa bilimiň mazmunyny baýlaşdyrýar,okuwçylaryň sözleýiş endigini kämilleşdirýär,durmuş başarnyklaryny artdyrýar,gözýetimini giňeltmäge hyzmat edýär.Bu bolsa türkmen dili we edebiýat dersleriniň durmuş bilen baglanyşygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Annotasiýa ýazmagyň mysaly görnüşi.

H. Derýaýew ,,Ykbal” romany. Türkmenistan neşirýaty. 1960-njy ýyl. 1972-nji ýyl.

Dört kitapdan ybarat bolan bu roman türkmen halkynyň rewolýusiýadan öňki durmuşy, rewolýusion göreşe hem raýatlyk urşuna gatnaşygy we ondan soňky geçen taryhy ýoly barada gürrüň berýär. Romanda geçmişde türkmen aýal-gyzlarynyň başdan geçirmeli bolan elhenç ýagdaýlary, olaryň jemgyýetde neneňsi agyr günlere sezewar edilendikleri dartgynly wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Halkyň adalat ugrunda aýaga galýan uly güýji bilen ony mynjyratmagy maksat edinýän güýjüň arasyndaky göreş ynandyryjylykly beýan edilýär.

Syn ýazmagyň usullary

Latyn diliniň “resensio”diýen sözi biziň dilimizde “seretme”,”garama”,”syn etme”diýen manylary aňladýar.Şonuň üçin “syn eteme”goşma sözüniň birinji böleginiň adalga hökmünde kabul edilmegii kanuny ýagdaýdyr.

Syn kitaba,esere,aýdym-saz eserine,makala ýazuw üsti bilen geçirilýän derňewdir,berilýän bahadyr.Ol dürli ugurlarda (edebi,teatral,aydym-saz,kinomatografiýa,ylmy,ylmy-populýar)täze ýerine ýetirilen eserlere bagyşlanyp ýazylýar.Mekdep okuwçylarynyň ýazmaly synlary göwrümi boýunça 250-500 sözüň çäginde bolup,4-8sahypadan ybarat bolmalydyr.Gazet-žurnallar üçin taýýarlanylýan synlar orta atylýan meseläniň wajyplygyna laýyklykda birnäçe sahypadan ybarat bolup biler.

Mekdep okuwçylary “syn”diýen adalga bilen edebiýat dersinde tanyşýarlar.Olar ýazyjydyr şahyryň,dramaturgyň ýazan eserleri baradaky öwgüli ýa-da tankydy makalalary okaýarlar,awtorlaryň garaýyşlaryny öwrenýärler.Netijede,edebi tankyt bilen tanyşýarlar.Bu tanyşlyklar bolsa okuwçylaryň öz pikirlerini deňeşdirip görmäge mümkinçilik açýar.Onuň üsti bilen-de okuwçylar beýannamadyr düzmeleri ýazmagy kämilleşdirmäge taýýarlyk görýärler.Syn beýannamadyr düzmeden maksady,wezipesi boýunça tapawutlanýar,ýöne muňa garamazdan,synyň ýatlanylan ýazuw işlerine meňze talaplary ýok däl.Ol meňzeşlikler ýazmay ýeňil bolmadyk syny netijeli özleşdirmäge kömek berer.

Syn okuwçylaryň kommunikatiw endiklerini kemala getirmekde,ösdürmekde we kämilleşdirmekde özboluşly hyzmaty ýerine ýetirýär.Ol okuwçylaryň medeni-öwrenijilik,bilmek-akyl ýetirmek,sosial-zähmet,özbaşdak ösüş başarnyklaryny bitewileşdirmek bilen,okuwçylaryň giň dünýägaraýşyny kemala getirmäge gatnaşýar.Şol jähtden syn we onuň mazmunyny,hyzmatyny öwretmek zerur işleriň biri bolup durýar.

Umumybilim berýän orta mekdepleriň türkmen dili dersinde syn ýazmagy öwretmek üçin 10-njy synpda syn ýazmaga taýýarlyk we syn ýazmak üçin 2 sagat,rus dilinde okadylýan 11-nji synpda syn ýazmak,syny derňemek üçin 4 sagat,edebiýat dersinde syn ýazmaga taýýarlyk,ýazmak,derňew etmek üçin 3 sagat berilýär.Bu sagatlarda syn ýazmakda okuwçynyň ýazuw endigini,başarnygyny kemala getirmegi,ylmyň,medeniýetiň,sungatyň dürli ugurlary bilen tanyşmagy we olara özbaşdak baha bermegi,derňemegi öwretmegi wezipe edilip goýulmak bilen,okuwçylaryň pikirleniş endiklerini ösdürmek,kämilleşdirmek ýaly maksatlardan ugur alynýar.

Häzirki döwre çenli kitaba,esere,makala ýazylýan synyň ona golaý görnüşi hasaba alyndy.Olar resmi,funksional,habar beriji,tema boýunça esse ýazma,publisistik,tamkydy,şahsy synlardyr.Synyň beýle görnüşlere bölünmegi tötänlik däldir.Mysal üçin,resmi syn döwlet ýa-da edara neşirlerinde çap bolan döwlet ähmiýetli kitaplara bagyşlanylyp ýazylýar.Onda sözleýiş medeniýetiniň düzgündir kadalary pugta berjaý edilýär.Şonuň üçin bu hili ýazylan synyň mazmunyndan erkin ýa-da öwgüli haldaky pikirler ýüze çykýar.Synyň bu görnüşine degişli makalalar gazet-žurnallarda çap edilýär.

Umumybilim berýän mekdepleriň 10-11-nji synplarynda şahsy,publisistik we tankydy synlary öwretmek göz öňünde tutuldy.Synlaryň bu görnüşleri özüniň ýerine ýetirýän hyzmatlary boýunça mekdebiň okuw-terbiýeçilik işleriniň mazmunyna laýyk gelip,okuwçylaryň döredijilikli zähmetini ösdürmekde baglanyşyk tapýar.

Şahsy syn.Synyň bu görnüşinde derňewdir tankyt edilmän kitap,eser,kinofilm,spektakl,aýdym-saz we surat eserleri baradaky şahsy garaýyşlar görkezilýär,beýan edilýär.

Publisistik syn.Synyň bu görnüşinde kitapda,eserde,spektaklda,filmde gozgalýan meseläniň ähmiýetine,durmuş bilen baglanyşygyna üns berilýär.

Tankydy syn. Synyň bu görnüşinde kitabyň,esrleriň,(kinofilm,spektakl,aýdym-saz we surat esrleri)mazmuny,gurluşy,gahrymanlarynyň häsiýeti,eseriň manysy we ähmiýeti giňişleýin derňelýär.

Her bir tekstde bolşy ýaly,synyň hem gurluşy bolýar.Olar başy (eseriň ady),girişi(söhbetdeşligi teswirleýji iki-üç setirden ybarat sözlem),mzmuny (synyň teksti),netije (eser boýunça gelnen pikir)diýen böleklerden ybaratdyr.Bu hili gurluş kiçi göwrümli synlarda doly saklanylmalydyr.

Ýazylan synda berilýän maglumatlar anyk bolup, olarda awtoryň, kitabyň, žanrynyň, neşirýatyň adyny, eseriň çykan wagtyny, nusga sanyny, täze neşirligini, eýe bolan baýraklaryny hökmany suratda görkezmek zerurdyr.

Okuwçy syn berilýän eseriň ( kinofilm, spektakl) mazmunyna laýyklykda wakanyň bolan wagtyny, ýerini hem-de oňa gatnaşýan gahrymanlaryň häsiýetini, öňe sürýän pikirini açyp görkezmek bilen, eser baradaky gelnen netijeleri, pikirleri okyjylaryň aňyna ýetirmäge, täsir etmäge çalyşmak ýaly birnäçe wezipäni çözmeli bolýar.

Okuwçylara syn ýazmagy öwretmegi synyň ,, şahsy syn” görnüşinden başlamak maslahat berilýär. Synyň bu görnüşi okuwçylara hödürlenikýän synlardan maksady we mazmuny taýdan ýönekeýdir. Munuň üçin mugallym meýilnamalaşdyryşyndan ugur almak bilen, syn ýazmaga taýýarlyk sagadyndan öň nusga boýunça berlen synyň başlangyjyny, girişini, mazmunyny we netijesini taýýarlamagy tabşyrmakdan başlamalydyr. Soňra okuwçylaryň öwrenen bilimlerini ýüze çykaryp, syn ýazmakda utgaşdyrmak wajypdyr. Şeýle çemeleşme okuwçylaryň syn ýazmaga taýýarlygyny netijeli alyp barmaga ýardam edip, synyň gurluşy we mazmuny baradaky düşünjeleri ýazuw işinde berkitmek peýdaly bolar.

Mugallym syna berlen sagatlary netijeli peýdalanmak üçin, öňi bilen, meýilnamalaşdyryşyny oýlanyşykly düzmelidir. Onda syna berilýän sagatlaryň maksatlaryna laýyklykda her bir işi öz ýerinde doly we dogry ýerine ýetirmek zerurdyr.

Mugallym okuwçylaryň aýlow depderlerine ýazan synlaryny barlan mahalynda, baha goýluşynyň hödürlenilýän düzgünlerine eýermelidir. Eger-de ýazylan syn mazmuny we möçberi boýunça dogry ýerine ýetirilse, onda okuwçynyň ýazan syny ýokary baha mynasypdyr. Eger-de syn mazmuny boýunça dogry ýerine ýetirilip, ýazylan tekstde 3 orfografik, 1 grammatik, 1 punktuasion ýalňyş goýberilen bolsa, onda bahany bir san peseltmek bolar.

Türkmen dili hem-de edebiýat sapaklarynda okuwçylaryň sözleýiş endigini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä okuwçy ýazan synynyň mazmunyny yzgyderli, çeper gürrüň bermegi başarmalydyr. Okuwçynyň sözleýiş başarnygyna goýulýan bahalar türkmen dilinden hem-de edebiýatdan ýeke-täk talaplaryna we baha ölçegleriniň kadalaryna laýyk alnyp barylmaga degişlidir.

Häzirki zaman usulyýetinde okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini ösdürmäge uly üns berilýär. Okuwçylaryň sözleýiş we ýazuw endikleri şahsyýetiň bilimini, medeniýetini wedünýägaraýyşyny ýüze çykarmak bilen, olaryň durmuşda öz ornuny tapmagyna, kesp-kär saýlap almagyna ýardam edýär.





Syn ýazmagyň mysaly nusgasy.

B.Seýtekowyň ,, Doganlar” romany.

I.Başy. B.Seýtekowyň ,,Doganlar romany”. Romanda wakalar demirgazyk Türkmenistanda we Garagalpagystanyň Dörtgül etrabynda ýaýbaňlanýar.

II.Giriş. B.Seýtekow galamyny işletmäge esli türgenleşensoň, Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynda bolup geçen wakalar barada uly roman döretmegi ýüregine düwýär. Awtor bu maksadyny amala aşyrmak üçin beýan etjek wakalaryny, suratlandyrjak gahrymanlaryny, döwrüň taryhy ýagdaýyny giňden öwrenýär. Bedirkendiň, Hywanyň, Köneürgenjiň, Daşogzuň, Dörtgülüň taryhyna degişli maglumatlary toplaýar. Ol ýerdäki söweşler barada ýaşuly adamlaryň, ol wakalara gatnaşyjylaryň beren gürrüňlerini diňleýär. Bu ýagdaýlar özüniň oňyn netijesini berip ugraýar. Romanyň 1959-njy ýylda çykan birinji kitaby okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Ol çeper baýraga mynasyp bolýar.

III. Mazmun. Roman üç kitapdan ybarat bolup, onuň birinji kitabynda oktýabr rewolýusiýasynyň öňüsyrasynda demirgazyk türkmenleriniň ýagdaýlary, halk köpçüliginiň närazylygynyň barha güýçlenmegi, ýerli halkyň öz bagty ugrundaky mukaddes göreşe galkmagy giňden görkezilýär.

Romanyň ilkinji kitabynda 1918-nji ýylyň ahyrynda we 1919-njy ýylyň başlarynda Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynda raýatlyk urşunyň giň gerim alşy beýan edilýär.

Romanyň üçünji kitabynda rewolýusion göreşleriň giň ülkäni gurşap alşy, şol göreşleriň jümmüşinde Saparmyrat, Kasym ýaly halk wekilleriniň ösüp ýetişişleri giňden suratlandyrylýar.

B.Seýtekow rus-türkmen dostlugy meselesini romanyň başyndan esasy orna geçirýär. Ýöne bu dostlugyň aňsatlyk bilen emele gelmändigini,onuň iňňän çylşyrymly pursatlary ýeňip geçmeli bolandygyny beýan edýär. Ýazyjy bu roman-epopeýasynda milletler arasyndaky dostluk meselesini has giňişleýin işleýär. Eserda Sergeý Mihaýlowiç Ýesimowyň rus halkynyň wekili hökmünde diňe rus-türkmen dostlugyny mäkämleşdirmekde däl, umuman milletine garamazdan, ähli adamlaryň agzybirligi ugrunda bitiren hyzmatlaryny beýan etmek göz öňünde tutulýar. Romanda Saparmyradyň obrazynyň kemter taraplary-da bar. Kähalatlarda Saparmyradyň ýeňip geçmeli bolan käbir garşylyklary ýeňilleşdirilip görkezilýär. Bu ýagdaý Saparmyradyň Dosmet atly dostuny tussaglykdan boşadyşynda güýçli duýulýar. Dosmedi tussag eden Köneürgenjiň häkimi-de gorkak adamlar edilip görkezilýär. Şonuň ýaly-da Saparmyradyň täsiri netijesinde daýhanlaryň aňynyň özgerişiniň çaltlandyrylyp görkezilýän pursatlary-da gabat gelýär.

IV.Netije. ,,Doganlar” romanynyň adyndan belli bolşy ýaly, eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän iň nöhüm meseleleriň biri-de dürli milletleriň wekilleriniň doganlyk dostlugydyr. Eserde rus, türkmen özbek, garagalpak, tatar we beýleki halklaryň wekilleri el-ele berip hereket edýärler. Bu dostluk bir maksat ugrundaky göreçlerde, howply pursatlarda barha ösýär we berkleşýär.

,,Doganlar” romany halk bagty ugrundaky gaýduwsyz göreleriň, ol göreşleriň içinde taplanan, ölmez-ýitmez gahrymançylyk görkezen merdanlaryň ajaýyp işleriniň çeper taryhy hökmünde halky ugurtapyjylyk ruhunda terbiýelemäge ukyply eserdir. Muny romanyň Magtumguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolmagy-da tassyklaýar.



























Syn ýazmagyň mysaly nusgasy.

B.Seýtekowyň ,, Doganlar” romany.

I.Başy. B.Seýtekowyň ,,Doganlar romany”. Romanda wakalar demirgazyk Türkmenistanda we Garagalpagystanyň Dörtgül etrabynda ýaýbaňlanýar.

II.Giriş. B.Seýtekow galamyny işletmäge esli türgenleşensoň, Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynda bolup geçen wakalar barada uly roman döretmegi ýüregine düwýär. Awtor bu maksadyny amala aşyrmak üçin beýan etjek wakalaryny, suratlandyrjak gahrymanlaryny, döwrüň taryhy ýagdaýyny giňden öwrenýär. Bedirkendiň, Hywanyň, Köneürgenjiň, Daşogzuň, Dörtgülüň taryhyna degişli maglumatlary toplaýar.

III. Mazmun. Roman üç kitapdan ybarat bolup, onuň birinji kitabynda oktýabr rewolýusiýasynyň öňüsyrasynda demirgazyk türkmenleriniň ýagdaýlary, halk köpçüliginiň närazylygynyň barha güýçlenmegi, ýerli halkyň öz bagty ugrundaky mukaddes göreşe galkmagy giňden görkezilýär.

B.Seýtekow rus-türkmen dostlugy meselesini romanyň başyndan esasy orna geçirýär. Ýöne bu dostlugyň aňsatlyk bilen emele gelmändigini,onuň iňňän çylşyrymly pursatlary ýeňip geçmeli bolandygyny beýan edýär. Ýazyjy bu roman-epopeýasynda milletler arasyndaky dostluk meselesini has giňişleýin işleýär. Eserda Sergeý Mihaýlowiç Ýesimowyň rus halkynyň wekili hökmünde diňe rus-türkmen dostlugyny mäkämleşdirmekde däl, umuman milletine garamazdan, ähli adamlaryň agzybirligi ugrunda bitiren hyzmatlaryny beýan etmek göz öňünde tutulýar. Romanda Saparmyradyň obrazynyň kemter taraplary-da bar. Kähalatlarda Saparmyradyň ýeňip geçmeli bolan käbir garşylyklary ýeňilleşdirilip görkezilýär. Bu ýagdaý Saparmyradyň Dosmet atly dostuny tussaglykdan boşadyşynda güýçli duýulýar. Dosmedi tussag eden Köneürgenjiň häkimi-de gorkak adamlar edilip görkezilýär. Şonuň ýaly-da Saparmyradyň täsiri netijesinde daýhanlaryň aňynyň özgerişiniň çaltlandyrylyp görkezilýän pursatlary-da gabat gelýär.

IV.Netije. ,,Doganlar” romanynyň adyndan belli bolşy ýaly, eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän iň nöhüm meseleleriň biri-de dürli milletleriň wekilleriniň doganlyk dostlugydyr.






















Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!