SAPAK ÝAZGY Dersi: Edebiýat Synpy: 8-nji B 7.02.2023 A (9.02.2023)
I.Sapagyn temasy: Arap Gurbanow “Gülnar” powesti.
II.Sapagyn maksady: Bilim berijilik maksady: Türkmen edebiýaty dersinin üsti bilen Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlara sargyt edişi ýaly, biz milli buýsanjymyz bolan türkmen edbiýatymyzy manysy bilen öwrenmelidigini okuwcylara düşündirmek;
Terbiýeçilik maksady: Ýaşlary ilhalar, Watana wepaly, döwür bilen aýykdaş gadam urmaga ruhlandyryp terbiýelemek;
III. Sapagyn görnüsi: Adaty sapak.
IV.Sapagyň dersara baglanyşygy:
V.Sapagyň gerekli esbaplary: Soragnamalar, görkezme esbaplar.
SAPAGYŇ GIDIŞI
Guramaçylyk döwri: Synpa girip okuwçylar bilen salamlaşyp, nobatçynyň kömegi bilen gatnaşygy barlap sapaga başlamak. (a)Türkmen dili we edebiýaty minutlaryny geçirmek. Gahryman Arkadagymyzyň dil hakynda aýdanlaryny, pähimlerini ýatdan aýtdyrmak;
(b)Syýasy täzelikler. Teleýaýlymlarda bolup geçen Watanymyza degişli täzeliklerdir, habarlar bilen tanyşdyrmak.
Öý işini soramak
Mugallym düzmäniň bu görnüşini ýazdyrmaga başlamazdan öň, saýlap alan temanyň mazmunyny özleşdirmek üçin aşakdaky işleri ýerine ýetirmelidir: – tekstiň mazmuny esasynda sorag-jogap alyşmak; – tekstde öňe sürülýän esasy pikiri belläp, gysgajyk gürrüň etdirmek; – işe meýilnama düzdürmek; – meýilnama esasynda tekstiň mazmunyny dilden aýtdyrmak. Düzmäniň bu görnüşi bir okuw sapagynyň dowamynda ýazdyrylyp, öz wagtynda barlanylýar we ýüze çykarylan ýalňyşlar düzedilýär hem-de bellige alynýar. Ýalňyşlaryň derňewi geçirilende, ol bellikleriň möhüm ähmiýeti bar.
Düzme ýazmaga hödürlenen temalar:
Kerim Gurbannepesow “Aýal bagşy” poemasy.
Seýitnyýaz Ataýew “Maýagözel” powesti.
Kitap-meniň dostum.
Täze temanyň meýilnamasy:
Gurbanowyň ömri we döredijiligi
„Gülnar“ powesti.
Powestden bölekler okamak.
Arap Gurbanow 1927-nji ýylyň maý aýynyň 3-inde Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Onuň çagalygy kynçylykly ýyllara gabat gelýär. Beýik Watançylyk urşunyň görkezen jebir-sütemlerini gerdeninde çekmeli bolýar. Yüreginde çeper eserlere söýgüsi bolan Arap, mekdebi gutaransoň, Aşgabadyň mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. Ýöne ony doly tamamlaman, Türkmen radiosyna işe girýär. Gazaply uruş döwrüniň soňky ýyllarynda radio diňleýjiler Arap Gurbanowyň çykyşlaryny, okan habarlaryny yzygiderli diňleýärler. Ol Türkmenistan radiosynda Beýik Ýeňşi türkmen halkyna b uşlaýar . Ýaşlyk ýyllaryndan döredijilik işleri bilen meşgullanyp ugraýar . 1956-njy ýylda “ Tomus günleriniň birinde ” atly kitaby neşir edilýär . Şondan soňra A . Gurbanowyň “ Gülnar ”, “ Görşer durarys ”, “ Öýlänçi ”, “ Otja ”, “ Nar agajy ”, “ Çigildem güli ”, “ Aýdymçy gyz ” ýaly okyjylaryň söýgüsini gazanan kitaplary dünýä inýär . Zehinli ýazyjy Arap Gurbanow “ Gülnar ” atly eseri iň oňat powestleriň biri bolup , türkmen edebiýatynyň 20 asyr taryhynda orun aldy . Geçen ýüzýyllygyň 80-nji ýyllarynda çap edilen bu kitaby okamadyk ýa-da radio gepleşikler arkaly diňlemedik adam az-azdyr . Okyjylar ony uly gyzyklanma bilen garşy alypdy . Söýgi we adamkärçilik . Söýgi we ahlak . Söýgi we sahabat . Söýgi we maşgala durmuşy . Ine , şular ýaly wajyp meseleler biri-biri bilen utgaşýar-da , eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär . Olar birleşip , bir bitewi düşünjäni- “ türkmençilik ” diýlen düşünjäni kemala getirýär . Ýazyjy Arap Gurbanowyň bu eseri şol boşlugy dolduran ýaly bir duýgy döretdi.Dogrudan-da, ýokardakylar ýaly derwaýys we näzik meselelere milli nukdaýnazardan garap, olaryň çözgütlerini çeper keşplerde äşgär edip bilmeklik hemme döwürde - de uly üstünlikdir . Eseriň halk arasynda söýlüp okalmagyna getiren ikinji bir ýagdaý şundan ybarat:20. asyrda kommunistik partiýany we onuň b a şynda duran aýry-aýry şahslary taryp etmek ýa-da olara minnetdarlyk bildirmek eseriň çap edilmeginiň hökmany şertine öwrüldi. “Gülnar” bolsa şol ýasama galyplykdan özüni uzakda saklap bilipdi. “ Gülnar” atly powestde adaty ynsan gatnaşyklary, ob a adam larynyň gündelik durmuşy öz beýanyny tapypdyr. Ýöne ol gündelik gatnaşyklar dumuşyň surata alnan keşbi bolman,çeperleşdirilen keşbi bolansoň,öňden belet düzgün tertipler juda jana ýakymly,göze yssy görünýär. Bu bolsa Arap Gurbanowyň ýazyjylyk ussatlygyndan nyşan. G ülnar Nyýazguly bilen aralarynda ep-esli ýaş tapawudy bolan lygyna garamazdan, ony ýürekden söýýär. Durdyny bolsa öz
perzendi ýaly görýär. Durdy hem Gülnardan başga hiç kimiň elinde karar tapanok.Nyýazguly-da Gülnaryň iki esse ýaşyny ýaşan bolsa-da b arybir, olaryň nikasy başa barja gy müwessa däl. Olara böwet bolup duran adam hem ýok, ýaş tapawutlary-da olary biynjalyk edenok.Barybir, olar nikalaşyp bilmezler. Sebäbi? Ony eseriň özi,Nyýazgulynyň dilinden şeýle mälim edýär: “ Indi bolsa men şu wagta çenli hiç kime aýtmadyk syrymy aýdyp bereýin.Ýogsam men muny hut ejemdenem gizlin saklaýardym. Indi meniň sanalgym azaldy. Indi men haçan ölsem öläýmeli. Uruşda düşen ýaram ozalam ýürege ýakyndy . Şonuň üçin-de bir wraçam operasiýa etmäge het edip bilmedi. Wagtyň geçmegi bilen ok kem-kemden ýerinden gozganyp,ýürege has golaý barypdyr.Indi içigar,has ýygy-ýygydan tutýar.Ozallar beýle däldi.Indi tutdygy çaşýan-da,özümi bilmän ýatyberýän.
Wraçlar maňa sen gaty ägä bol diýip aýtdylar.Indi hezil bermez diýdiler. Ýeri,özüň pikir edip gör.Onsoň men nähili öz söýgimi saňa beýan edeýin?Nähili edip men saňa öýlenip bileýin?”
Nyýazguly bu syry Gülnara durmuşa çykyp, atasy öýüne gelenden soňra äşgär edýär.
Nyýazgulynyň bu kesgitli karary ýokary adamkärçilik sypatyndan habar berýär. Ýogsa bolmanda, “Bir günüm- hoş günüm” edip,Gülnara öýlense öýlenip oturybermeli.
Emma onuň päkize ynsaby oňa rugsat edip bilmez .O l Gülnar ýaly tapylgysyz gyzyň sagat bir oglana durmuşa çykyp,bagtyýar ýaşamagyny isleýär.Özi bilen nikalaşsa, Gülnaryň uzak wagt geçmänkä,dul gelin bolup galjakdygyny oňat bilýär. Ony diňe Nyýazgulynyň özi bilýär, şonuň üçinem ony syr edip saklaýar. Bu syryň üsti açylmazlygy üçin, Nyýazguly Gülnaryň pynhan garaýyşlaryna sowuk-sala garaýan şekilde özüni alyp barmaga mejbur bolýar. Emma aňsat düşenok. Gülnarda-da adamkärçiligiň belent sypatlary jemlenen. Aýalsyz, soňra ejesiz, ýaş ogly bilen sopbaş galan Nyýazgulynyň hojalygyna öz hojalygy ýaly edip seretmegi Gülnaryň artyk tarapydy. Eger Gülnar durmuşa çykmanka, Nyýazgulynyň ýagdaýyndan habarly bolsady, iki gün ýaşaşsam-da,seniň bilen ýaşaşjak diýip,boýnundan asylardy . Nyýazguly özüni söýýän däldir, şonuň üçin biparh garaýandyr diýip oýlanýardy... Gülnar, elbetde,durmuşa çykan ýigidinden närazy däl.Olar agzybir ýaşaýarlar. Aralarynda gabanjaňlyk diýlen zat ýok.Gülnar hemişekisi ýaly, Nyýazgula mährib an garaýyşda. Işden gelse, güýmenjesi Durdujyk. Ine, günleriň birinde hiç kimiň garaşmadygy, emma Nyýazgulynyň hemişe howatyr edip, garaşýan ýagdaýy ýüze çykýar.Geçen uruşda ýüregiň ýakynyna çümen gülle ençeme wagt geçenden soňra öz işini bitirýär... Uruş parahatçylyk ýyllarynda-da adamlary ölüme höküm edip ýör...
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: gahrymanlaryň we wakalaryň baglanyşygyny düşündirmegi; okalan eseriň gahrymanyny häsiýetlendirmegi;
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: suratlandyrylýan gahrymanyň keşbiniň ähmiýetini häsiýetlendirmegi;
VI.Sapagy berkitmek
Eserde ynsanperwerlik, söýgi, maşgala meseleleri. Gülnaryň obrazlarynda millilik.
Zehinli ýazyjy ArapGurbanowyň «Gülnar» atly eseri iň oňat powestleriň biri bolup, türkmen edebiýatynyň XX asyr taryhynda orun aldy. Geçen ýüzýyllygyň 80-nji ýyllarynda çap edilen bu kitaby okamadyk ýa-da radio gepleşikler arkaly diňlemedik adam az-azdyr.
VII. Öýe iş tabşyrmak we sapagy jemlemek, okuwçylary bahalandyrmak
Öýe iş: Powesti okap gürrüň bermeli.
Seredildi: ______________ MMOIBO K.Dawletow