-
Batyr bir öler, gorkak-müň
-
Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar.
-
Dosty ekiz, duşman sekiz.
-
Göreş bir abraý
-
Iliň agzy bir bolsa, dagy goparar.
-
Köp gulan bir agsagyn bildirmez.
-
Köp ýagşynyň içine bir ýaman sygmaz.
-
Köpüň agzy bir bolsa, biriň agzy ýapylar.
-
Müň işçiden bir başçy.
-
Müň nesihatdan bir serenjan.
-
Müň ýyldyzyň şöhlesi bir Aýyňkyça bolmaz.
-
Myhman birinji gün gyzyl, ikinji gün-kümüş, üçünji gün mis, dördünji- gün pis.
-
Namartdan bir iş müň oý getirer.
-
Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý.
-
Adam bir ýaşar, edebi iki.
-
Adamyň iki gözi terezi.
-
Agyly biriň maly bir, amatly dostyň jany bir.
-
Agyz-bir, gulak-iki, bir sözläp, diňle iki.
-
Ýüz namart bir merdiň ýerini tutmaz.
-
Ýüwük ozar, ýiti keser, ile ar getirer bir ýesir.
-
Alty ýaşar ýoldan gelse, altmyş ýaşar alnyndan çykar.
-
Agyz bir bolsa, göwün jem bolar.
-
Barýan gapyň müň bolsa-da ýatjak gapyň bir bolsun.
-
Bi döwlete bir gün sähet, iş etjege her gün sähet.
-
Bir adamyň gözi ýaman, bir adamyň sözi ýaman.
-
Bir agaçda gülde biter tikende.
-
Birajy doýurmak sowap.
-
Bir akmagyň guýa atan daşynay on derwiş çykaryp bilmez.
-
Bir sözle iki diňle.
-
Bir aýal kendirigini ite aldyrar, kyrkysy akyl berer.
-
-
Bir ogul bar atasy bilen birzatdyr, bir ogul bar atasyndan zyýatdyr.
-
Bir samsyk bäş akyllyň agzyny alardar
-
Bir tutum ýetmese güýjiňden gör/
-
Bir ýagşylyk müň belany gaýtarar.
-
Oda gelen aýalyň otuz agyz sözi bar.
-
Wepaly dost bir ýyl görmesede ýat bolmaz, biwepa dost bir gün görmese ýat bolar.
-
-
Altmyşda togta ýetmişde nogta.
-
Bir ýamanyň zeleli müň ýagşa deger.
-
Bir zadyň gulpundan tutduňmy güýjüm ýok diýme.
-
Bir zergäriň gadyryny bilmedik müň zergäriň gadyryn bilmez.
-
Bir zowala aş bişirdim, myhmany atdan düşürdim.
-
Biri işlär dokuzy dişlär.
-
Bolsa bäş, bolmasa ýigrimi bäş.
-
Boýy bir garş dili iki garş.
-
Çaga çaltyň bir elini baglar, çarwanyň iki elini.
-
Daýym ýedi ýerde gaýym.
-
Dil bir beladyr-uçar, göz bir derýadyr geçer.
-
Dil ol ýere biten zatdyr, nämäni diýmez.
-
Dil bir süňksiz et, ýagşyny hem diýer ýamany hem.
-
Enesini sekize satar, guzusyny dokuza alar.
-
Äriň göwni ýüpekden, bir düwülse çözülmez.
-
Är ýigidi iki namys bir ölüm.
-
Dapy gezeniň müňde bir gapysy bar.
-
Goşa gylyç bir gyn sygmaz.
-
Gurt gören itiň agzy bir bolar.
-
Görünýäni bir dokuz, görünmeýäni on dokuz.
-
Her aşyň bir ýeri bar.
-
Her gülüň bir ysy bar, her gyzyň bir näzi.
-
Howlugan bir işlejegini iki işlär.
-
Iki adam bir adamyň taňrysy.
-
Iki aýakly iki günde.
-
Iki bolup bire degmez, gözli bolup köre.
-
Iki el bir baş üçin.
-
Iki göwrä ýapyşan gark bolar.
-
Iki gapyda gezen köpek aç galar.
-
Iki garpyz birelde tutdurmaz.
-
Iki geňeş birikse elli ýigit ýüz bolar.
-
-
Iki syrtlan bir gaplaňyň syrtyn ýyrtar.
-
Dileýäniň bir ýüzi gara, bermeýäniň iki ýüzi.
-
-
Köp gülen bir aglar.
-
Kere birini berseň ikini islär
-