Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mugallymlara we bilim ulgamynyň işgärlerine ýüzlenip, şeýle nygtaýar:" Berkarar, kuwwatly döwletimizi mynasyp dolandyrýan ökde hünärmenleri taýýarlamakda, okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmekde mugallymlara, bilim işgärlerine uly orun degişlidir." Şu nukdaýnazardan, şeýle-de başlangyç bilimiň bilimleriň binýady bolup durýandygyndan ugur alyp, 1-4-nji synplarda okatmagyň hem-de terbiýelemegiň hilini gowulandyrmak maksady bilen döwlet tarapyndan döredilýän şertleriň, ýeňillikleriň möçberi örän kän. Täze-täze okuw kitaplarynyň çapdan çykarylmägy, okuw jaylarynyň we otaglarynyň tehnikanyň ösen serişdeleri bilen üpjün edilmegi, 1-nji synp okuwçylaryna şahsy kompýuterleriň sowgat berilmegi, okuw- görkezme esbaplarynyň; didaktiki materiallaryň çapdan çykmagy muňa şaýatlyk edýär.
Birinji synpda okuw maksatnamasynyň "Matematikany öwrenmäge taýýarlyk döwri" bölüminiň sapaklarynda okuwçylaryň geljekki okuwynyň üstünlikli bolmagyna täsirini ýetirýän birnäçe meselelere üns bermek zerur bolup durýar. Her bir okuwçynyň dersi öwrenmäge taýýarlygyny anyklamak uly ähmiýete eýedir. Onuň üçin bolsa entek okuw ýyly başlanmazyndan öň; çagalaryň okuwa kabul edilmegi guralýan her bir çaga bilen onuň atasynyň gatnaşmagynda gürrüňdeşlik geçirmek maslahat berilýär. Mugallymyň çagalar bilen gürrüňdeşligi guramaga öňünden taýýarlyk görmelidigi düşnüklidir. Onuň üçin mugallym reňkleri birmeňzeş bolmadyk oýnawaçlary, geometrik figuralary (tegelek, üçburçluk, dörtburçluk ) we ş.m. taýýarlap goýýar.Mekdebe kabul edilmeli çaga ady; familiýasy aýtdyrylandan soň; onuň predmetleri tanamak, reňkleri saýgarmak, sanamak, predmetleri toparlaryny deňeşdirmek, suratlardaky tapawutlary seljermek ýaly başarnyklary anyklanýar. Gürrüňdeşligiň netijesi ýörite tablisada hasaba alynýar.
"Matematikany öwrenmäge taýýarlyk döwrüniň" sapaklarynda; esasan, ilkinji onlugyň sanlaryny hem-de olaryň üstünde goşmak we aýyrmak amallaryny ýerine ýetirmegi öwrenmäge taýýarlyk amala aşyrylýar.Şonuň üçin-de olar bilen berk baglanyşykda bolan "öňünde","yzynda","arasynda" düşünjeleri bilen utgaşyklykda
"çepinde","sagynda","aşagynda","ýokarsynda","ilki","soňra" ýaly sözleriň manylary aýdyňlaşdyrylýar. Şeýle-de predmetleri dürli nyşanlary (reňki, ölçegi, formasy we ş.m.) boýunça tapawutlandyrmaga, deňeşdirmäge aýratyn üns bermek zerur.
Ilkinji onlugyň sanlaryny öwretmegiň barşynda durmuşda ulanylýan “jübüt”(2san we sifr bilen tanyşdyrylanda: jübüt aýakgap, jübüt el, jübüt gulakhalka we ş.m.),’’oýnam’’(4 san we sifr bilen tanyşdyrylanda: oýnam aşyk, oýnam bentli goşgy we ş.m.) düşünjeleri bilen tanyşdyrmak ýerlikli bolar.Okuwçylaryň tertip we mukdar sanlary tapawutlandyryp bilmeklerini gazanmagy hem mugallym ünsden düşürmeli däldir.
Başlangyç synplarda barlagnamalardan we soragnamalardan peýdalanmagy uly ähmiýeti bardyr.Barlagnamalar her çärýegiň ahyrynda ya- da belli bir temadan soň alnyp biler. Soragnamalary bolsa mugallym her sapakda diýen ýaly ulanyp biler. Soragnamalaryň dürli görnüşleri bar. Olarda dürli ýumuşlary hödürlemek bolar.Mysal üçin köp noktlaryň ýerine taşlanan harpy goýmak,sözlemi dowam etdirmek, berlen nakyly dowam etdirmek we ş.m.
Barlagnamalar alnanda mugallym okuwçynyň güýçýeterligini, jogaplaryň berlen soraga gabat gelşi, şeýle hem geçilen temalar göz öňünde tutulmalydyr. Barlagnamalaryň üsti bilen mugallym öz okadýan synpynda okuwçylaryň haýsy temany oňat, haýsy temany gowşak özleşdirendiklerine göz ýetirýär. Mysal üçin, haýsy-da bolsa bir soraga az okuwçynyň jogap berip, köp okuwçynyň jogap bermezligi.
Okuw dersleri boýunça sapaklarda barlagnamalaryň alnyp durulmagy, soragnamalaryň ulanylmagy başlangyç synp mugallymlarynyň sapaklarynyň öwredijilik hil derejesiniň ýokary we usuly taýdan dogry bolmagy üçin ähmiýetlidir.
Hödürlenýän soragnamalardaky ýumuşlary mugallym öz ussatlygyna we mugallymçylyk başarnygyna, usuly ukybyna görä dürlüçe ulanyp biler, ýöne oýna we oýnawaja bolan höwesleri güýçli bolan ýaşlaryndaky çagalar bilen okuw işini guramakda esasy maksadyň ýokary netije gazanmakdygyny mugättymlaf bolan biz ýatdan çykarmaly däldiris. Bu biziň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň bilimli, sowatly, sagdyn pikirli, giň gösýetimli ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmekde öz zähmetimizi hünär ugrumyz boýunça dogry ýola goýdugymyz we häzirki zaman milli bilimiň täze özgertmelerine öz goşandymyzy goşdugymyz bolar.
TEST(matematika)
1) Jübüt sanlaryň daşyny aýla.
1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9, 10.
2) 7-den uly bolan sanlaryň aşagyny çyz.
3, 8, 1, 2, 9, 5, 10.
3)
Mysal bilen onuň jogabyny çyzyk arkaly birleşdir.
7-2 10-3 6+2 8-2
6 7 9 8
4) Meseläniň dogry jogabyny tap. Maksat 5 mysal çözdi, Kerim bolsa 4 mysal çözdi. Oglanlar bilelikde jemi näçe mysal çözdüler?
a) 10 b)8 ç)9
5) 16-nyň öňünden gelýän sanyň daşyny aýla
a) 17 b) 15 ç)14
TEST (ýazuw)
1. Çekimlileriň daşyny aýla.
A, K, T; M, L, O, Ý, E,.
2. Iki bogunly sözleriň aşagyny çyz.
Kelem, toý, ata, ýol.
3. Bogunlary birleşdirip söz düz.
Ma- -lem
Ba- -ta
Ýe- -ba
Ke- -lek
4. Galdyrylan harpy goýuň.
Al...a, Mer...t, Mel.... .
5. Sözleri ýazmaça harplar bilen göçür
Baba, tam, mata, ýol, ot.
BARLAGNAMA 2-nji synp (6 ýaşly)
/
1.Yogyn çekimlileriň daşyny aýla.
a, e, ä, o, ö, u, ü, i,y
2. Diňe açyk bogundan ybarat sözi bil.
a) mek-dep b) ma-ta ç) çö-rek
3.1 metrde näçe santimetr bar?
a) lOsm b) lOOsm ç) l sm
4. Meseläniň jogabyny tap.
Durdy kitabyň 50 sahypasyny okady. Aşyr ondan 10 sahypa az okady. Aşyr näçe sahypa okapdyr?
a) 60 b) 30 ç) 40
5.Deňeşdiriň.
50+10 60+20
78-8 70-1
6.Türkmenistanyň paýtagty haýsy şäher?
a) Mary b) Aşgabat ç)Balkanabat
7.Bir ýylda näçe aý bar?
a) 10 b)11 ç)12
8. Yangyn gullugynyň telefon belgisi haýsy?
a) 03 b)01 ç)02
9. Gyş aýlary haýsylar?
____________________________________________
____________________________________________
Umumy testler
1. Swetoforyň näçe yşygy bar?
a) 3 b)2 ç)4
2.Ýangyn dörände haýsy belgä jaň etmeli?
a) 02 b) 03 ç) 01
3. Bir ýylda näçe pasyl bar?
a) 4 b) 3 ç) 12
4. Haýsy howply ýagdaýda partanyň aşagynda gizlenmeli?
a) ýangynda b) ýer titremede
5. Aýdymy kim ýerine ýetirýär?
a) sazanda b) aýdymçy
6. Sazda näçe nota bolýar?
a) 7 b) 5 ç) 10
7. Älemgoşarda näçe reňk bar?
a) 5 b) 3 ç) 7
8. Sag tarapy görkezýän çyzygy belläň?
1
9. Dörtburçlugy belläň?
Test 4-nji synp (6 ýaş)
/
1. Yeriň kiçeldilen togalak şekiline näme diýilýär?
a)Globus b)Karta ç)Materik /
2) Yer şaryndaky okeanlar we deňizler bilen gurşalan uly gury ýerlere näme diýilýär?
a)Okean b)Materik ç)Derýa
3. Ýurdumyzyň meýdany günbatardan-gündogara näçe km-e çenli uzalyp gidýär?
a)600 b)800 ç)1100
4. Balkan welaýatynyň merkezi haýsy şäher?
a)Balkanabat b)Türkmenbaşy ç)Gumdag
5. ýer şarynyň suwlarynyň iň uly bölegine näme diýilýär?
a)Materik b)Okean ç)Deňiz
6. Materikler näçe sany?
a)6 b)4 ç)7
7. Ýurdumyz haýsy materikde ýerleşýär?
a)Afrika b)Ýewraziýa ç)Awstraliýa
8. Ýeriň örän kiçeldilip alynýan şekiline näme diýilýär?
a)Globus b)Okean ' ç)Karta
9. Ýeriň günüň töwereginden bir gezek aýlanyp çykýan wagtyna näme diýilýär?
a)ýyl b)Gün ç)Aý
10. Kartalar, olaryň döredilişi we peýdalanylyşy baradaky ylym haýsy ylym?
a)6eografiýa b)Kartografiýa ç)Astronomiýa
11. Iş orny näçe adam üçin niýetlenen ?
a) Üç adam b) Biradam ç) Iki adam
12. Ýapraklar haýsy pasylda saralýarlar?
a) Gyş b) Güýz ç) Tomus
13. Bir santimetrde näçe millimetr bar?
a) lOsm b) lOOmm ç) lOmm
14. Kagyz ýelimlenende haýsy bölege ýelim çalynýar?
a) Esasy kagyza b) Bölek kagyza
15.Tikin tikilýän guralyň ady näme?
a) Biz b) Iňňe ç) Sapak
16.Tohumdan ösdürilýän güller haýsy aýda ekilýär?
a)Aprel b) Mart ç) Maý
17. Däneli ösümliklere haýsylar degişli?
a) Gowaça b) Bugdaý ç)Narpyz
1. Iş orny näçe adam üçin niýetlenen ?
a) Üç adam b) Biradam ç) Iki adam
2. Ýapraklar haýsy pasylda saralýarlar?
a) Gyş b) Güýz ç) Tomus
3. Bir santimetrde näçe millimetr bar?
a) lOsm b) lOOmm ç) lOmm
4. Kagyz ýelimlenende haýsy bölege ýelim çalynýar?
a) Esasy kagyza b) Bölek kagyza
5.Tikin tikilýän guralyň ady näme?
a) Biz b) Iňňe ç) Sapak
6.Tohumdan ösdürilýän güller haýsy aýda ekilýär?
a)Aprel b) Mart ç) Maý
7. Däneli ösümliklere haýsylar degişli?
a) Gowaça b) Bugdaý ç)Narpyz
3 synp "Tebigaty öwreniş" dersi
1. Aşakdakylaryň haýsysy janly tebigata degişlidir?
a) ösümlik b)jýyldyzlar
2.Gözýetimiň naçe sany esasy taraplary bar?
a) 2 b) 4
3. Howanyň ýagadaýyny öwrenýän adamlara kimler diýilýär?
a) kartogroflar b) meteorologlar
4. Kartalardaky okeanlar, deňizler, derýalar nähili reňk bilen bellenilýär?
a) ýaşyl b) gök
5. Howanyň ýagdaýyny haýsy gural bilen ölçenilýär?
a) termometr b) barometr
6. Baýryň ýapgytlarynyň başlanýan ýerlerine näme diýilýär?
a)baýryň etegi b)baýryň depesi
7. Örän beýik daglaryň depesi näme bilen örtülendir?
a) garlar ýa-da buzlar b) tokaýlar
8. Haýsy pasla "altyn pasyl" hem diýýärler?
a) tomus b) güýz
9. Demir magdanyny eredip haýsy materiallar alynýar?
a) çoýun, polat b) aýna, plastmassa
10. Türkmenistanyň meýdanynyň köp bölegini haýsy çöl tutýar?
a) Sandykly çöli b) Garagum çöli
Barlagnama 3-nji synp
1. Atlary saýla.
a) yaşyl, gök
b) mata, depder
ç) bardy,geldi
2. “Meniň top...” haýsy goşulma gerek
a) –ym
b) –um
ç) –uň
3.Dogry ýazylan sözi saýla
a) horoz b) çörek ç) kömölök
4. Nakyllary dowam etdir
Ýatan öküze _____________________
Işlemedik _______________________
Köp okan- köp ___________________
5. Türkmenistanda näçe welaýat bar?
a) 4 b) 3 ç) 5
6.Bitaraplyk baýramy haçan bellenilýär?
12-nji dekabrda
12-nji sentýabrda
18-nji maýda
7. 1metrde näçe santimetr bar?
a) 10sm b) 1000sm ç) 100sm
8. Mysalyň dogry jogabyny saýla: 600-1
599 b) 500 ç) 601
9. Gözýetimiň näçe tarapy bar?
3 b)4 ç) 2
10. Ýaz aýlary haýsylar?
_________________________________________________________
Barlagnama 4-nji synp
1.Atlar haýsy soraglara jogap bolýarlar?
Näme etdi? Näme etdiler?
Kim? Näme? Nire?
ç) Nähili? Neneňsi?
2. Ýöneliş düşümiň goşulmalary haýsylar?
a) –y,-i,-ny,-ni
b) –a, -e, -na, -ne
ç) –yň, -iň, -uň, -üň, -nyň, -niň
3. Menlik ýöňkemäniň köplüginiň goşulmalary haýsylar?
a) -ymyz, -imiz, -umyz, -ümiz, -myz, -miz
b) –ym, -im, -um, -üm, -m
ç) –y, -i, -sy, -si,
4. Nakyllary dowam etdir:
Çekseň zähmet,________________________
Dost- dostuň__________________________
Işlemedik-____________________________
5. Bitaraplyk baýramy haçan bellenilýär?
12-nji dekabrda
12-nji sentýabrda
18-nji maýda
6. Haýsy guş parahatçylygyň nyşany?
a) durna b) serçe ç) kepderi
7. 1km = ? m
a) 10m b) 100m ç) 1000m
8. Iň kiçi agyrlyk ölçegini saýla.
a) tonna b) kilogram ç) gram
10. Aşakdakylaryň haýsysy janly tebigata degişlidir?
a) ösümlik b)jýyldyzlar
11. Ýer ýüzünde näçe materik bar?
a)6 b)4 ç)7
12. Güýz aýlary haýsylar?
______________________________________________________________________