СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Baýramçylyklar .......

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Baýramçylyklar .......»

9-NJY MAÝ—ÝEŇIŞ GÜNI

Ýeňiş güni—bu Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly pa-rahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige bolan beýik gy-zyklanmalary äşgär edýän aýratyn senedir. Türkmen halky ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm orun eýeleýän bu baýramy has-

-da dabarlandyrýar. Geçen urşuň gahrymanlarynyň edermenli-gine we gaýduwsuzlygyna belent sarpa goýup ýaş nesilleri Wa-tana, öz halkyna wepaly hem-de oňat tüýs ýürekden hormat goýýan derejede terbiýelemek ýaly asylly işde parahatçylygyň, asuda we bagtyýar durmuşyň gadryna has doly düşünýaris. Bu dessur parzdyr we mukaddesdir.

Esger bolup,Watany Ýurdumyz bar parahat,

Gorarys biz geljekde. Arassa asmanymyz

Watan söýmek duýgusy Watan – ýurt mukaddesdir,

Bolmaly her gerçekde. Şoldur şöhrat şanmyz.


Atam diýýär: “Ogullar Watan goç ýigitleriň

Watan üçin dogulýar” Namys-ary, ygrary

Agalarymyz biz üçin Ýaş nesil biz,ulalyp

Görelde, nusga bolýar. Gorarys bu Diýary!


18-NJI MAÝ TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýoluna düşen gününden bäri geçen gysga taryhy döwürde ýer ýüzüniň ösüp barýan ýurtla-rynyň hatarynda mynasyp orny eýeledi. Ýurdumyz jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem sosial ugurlarynyň ösüşinde uly üstünliklere eýe boldy.

Müň şatlyga beslendi Arkadagmyz söz sözläp,

Bu gün türkmen dünýäsi. Gutlady il-halkyny.

Paýtagtymda açyldy Ak kepderiler dünýä

Baş Kanunyň binasy. Buşlady il bagtyny

Gutly bolsun bu bina,

Buýsan sen, türkmen ili.

Biziň baş Kanunymyz

Bagtymyzyň kepili.


Parla, Watan Baýdagym, Ýüregimiň joşguny,

Zähmet çekýýäs erkana. Ulus-ile ýaýrasyn.

Geldi danaň aýdany, Şirin dilli bagşylar

Azat ilim görkana. Bilbil bolup saýrasyn.


Gülle Watan, gül Watan, Garaşsyzlyk bagtymdyr,

Bagt getirsin badyňa. Ýol öwrüldi öwrüme.

Ýaşa Watan, jan Watan, Ýaşa Watan, jan Watan,

Guwanýaryn adyňa. Guwanýaryn döwrüme.


25-NJI MAÝ—AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI

Gül ülkämiň paýtagty - Syr açyp bolduk höwür,

Gözel şäher Aşgabat. Ýadymdan çykmaz ömür.

Gijäň gündizden ýagty, Sende iň ajap döwür –

Baky bahar Aşgabat. Ýaşlygym bar, Aşgabat.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Gözelleşýär giň, enaýy

Görke gelen Aşgabadym. Şaýollaryň, köçeleriň.

Bu gün dünýäň çar künjünde Çüwdürimler owsun atyp,

Meşhur boldy seniň adyň. Haýran edýär niçeleri.


Beslenip gelende baharyň çagy,

Ýaşyl don geýiner Pöwrize dagy,

Altyn çeşme atly akar bulagy,

Şirin-şerbet üste içer Aşgabat,

Gün-günden güýç alyp, göçer Aşgabat.


Aşgabat – Aşgabat, janym Aşgabat,

Watanym, şöhratym, şanym Aşgabat.


Söýgüli paýtagtym, şatlyk çeşmesi,

Ýüpekdir atlarnyň ýal, irişmesi,

Halyçy gözelleň gyz kereşmesi

Gül dek göwünleri açar Aşgabat,

Gün-günden güýç alyp, göçer Aşgabat.

Aşgabat – Aşgabat, janym Aşgabat,

Watanym, şöhratym, şanym Aşgabat.

TÜRKMEN HALYSYNYŇ WE DOKMA

SENAGATYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GÜNI

Haly sungaty türkmen halkynyň iň gadymdan gelýän sungatydyr. Türkmeniň ýüz dürli nagyşly, al-elwan gölli nepis halylary özüniň owadanlygy, berkligi bilen dünýä ýüzünde tanalýar. Bu sungat nesilden-nesile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Haly nähili dokalýar? Goýun ýüňüni ýuwup, arassalap daraýarlar. Soňra halyny ýuwurdýarlar. Halyny dokamak üçin darak, keser, synny gerek. Dürli ýüpden çitilip, ýüzüne owadan göller çekilýän haly altyndan gymmatly, ony külli älem arzuw edýär. Üstünden näçe wagt geçse-de, onuň gymmaty egsilmeýär.

Biziň döwletimizde her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy bellenilip geçilýär.

Ýurdumyzda halyçylyk sungatynyň has-da ösdürilmegi, ajaýyp halylary döredýän çeper elli gelin-gyzlarymyz üçin ähli amatly şertler döredilýär.

Bütin dünýä aýlanyp ýör,

Gözel türkmen halysy.

Bar halydan saýlanyp ýör,

Gözel türkmen halysy.

Uly abraý, ada eýe,

Sowgat bolar uly toýa.

Her otaga, her bir öýe

Bezeg türkmen halysy.

Gyz-gelinleň el hünärin, Wasp etseň aýtmarsyň ýaryn.

Ýene-de at-abraý baryn, Gazan türkmen halysy.