Beýik geografik
s yýahatçylary
Amyderýa türkmen halkynyň göz guwanjydyr. Ir döwürlerden bäri ata-babalarymyz derýanyň suwundan giňden peýdalanypdyrlar. Olar ýaplary çekip ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar, däneli we gök bakja ekinlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Derýanyň suwuny maldarçylykda hem giňden peýdalanypdyrlar.Amyderýadan birnaçe derýalar gözbaşyny alýar Garagum ,Türkmen we şm. Oba hojalygy we ykdysadyýeti ösdürmekde bu derýalaryň ähmiýeti diýseň ulydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Amyderýanyň çep we sag kenaryny birikdirmek üçin derýanyň üstünden 2009-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda we Ukraina döwletiniň yolbaşçylary bilen bilelikde demir yol we awtomabil köprüsiniň gurluşygyna badalga berildi. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän etraplar bilen ulag aragatnaşyklaryny gowulandyrmak maksady bilen Kerki-Kerkiçi aralygynda Amyderýanyň üstünden polat demirýol köprüsi hem-de awtomabil ýollaryny birleşdirýän köpri guruldy. Köprüleriň gurulmagynyň diňe bir ýurduň Gündogar sebiti üçin däl, eýsem, tutuş Türkmenistanyň ykdysady ösüşi üçin hem örän uly ähmiýeti bardyr. Köpriniň uzynlygy 1414 metr, ini 11.5 metre deň. Köpri Ukrainanyň “ALTKOM” gurluşyk kompanyýasynyň işewürleri tarapyndan guruldy. Demirýol köprüsi Türkmenabat-Kerki-Kerkiçi täze demirýolunyň ugrunda ýerleşýär. Köpri Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň we Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewral aýynyň 14-nde açyldy. Bu sene türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Amyderýa Merkezi Aziýanyň derýalarynyň içinde jülgeleriniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň täsinligi we baýlygy bilen tapawutlanýar.Haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak üçin 1982-nji ýylyň 27-nji maýynda Amyderýa goraghanasy döredilýär.Onuň tutýan meýdany 48.3 müň gektar. Buhar suguny , sülgüni,ýeke gapany , derýanyň pilburun balyklaryny we köp sanly haýwanlary ösümlikleri gorap saklaýarlar.Sebitde petde, ýabany tal,toraňňy,galam, buýan ýaly dermanlyk ösümliklere baýdyr.Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri’ atly kitabynda hem buýan barada , onuň ähmiýeti barada giňden beýan edilýär
Amyderýa Aral deňzine guýýar. Derýanyň deltasy sübse görnüşindedir. Amyderýa deňze guýýan yerinde birnäçe şahalara bölünýär. Birnäçe ýyllardan bäri derýanyň mele suwy deňze baryp ýetmeýär. Derýanyň suwundan oba hojalygynda has köp peýdalanylýar. Aral deňziniň suwy ýyl saýyn azalýar.
Peýdalanylan edebiýatlar:
Türkmenistanyň fiziki
geografiýasy.
Internet maglumatlary.
Amyderýa gözbaşyny 5 müň metrlik beýiklikden, dagyň çür başlaryndaky asyrlarboýy eremän we kä eräp duran gat-gat buzluklardan, galyň garlyklardan alýar. Şeýlelikde, Amyderýanyň geň bir häsiýeti bar: ol ýylda iki gezek — ýaz aýlarynda we tomusda gaty joşýar. Munuň özi ýagyşly günler, dagyň belentliklerindäki garlaryň eremegi bilen, soňra dagyň has belentliklerindäki garlaryň, buzlaryň eremegi bilen baglanyşykly.
Amyderýa — Orta Aziýanyň iň uly derýasy. Dünýäniň iň batly akýan, iň bulanyk suwly derýalarynyň biri. Mahal-mahal hanasyna sygman çarp urýar, gaty joşýar, kenarlaryny opurýar, kenarlaryndan ýüzlerçe we müňlerçe metrlik çykyp, giň meýdanlary ýedi depim gumy bilen ýalap-ýuwudýar. Onuň öz kenarlaryndan agyp, has köp ýerleri basan, uzak ýerlere aralaşan wagtlary hem bar.
Hernäme-de bolsa, Amyderýanyň boýlary hemişe ynsyň-jynsyň penasy bolupdyr. Ýaşaýyş eşretlerini eçilipdir. Derýanyň sypaly suwy, kenar ýakasynyň gözellikleri... Suwunyň düzüminde hek, kaliý, fosfor ýaly, ekin üçin örän ýaramly duzlar bar. Hazar deňzi babatda bolşy ýaly, Amyderýanyň hem öz balyklary, onda-da örän tagamly balyklary bar. Şol balyklaryň käbiri dünýäniň başga hiç bir suwunda duşmaýan, hakykatda, diňe Amyderýanyň suwuna degişli, harytlyk gymmaty ýokary bolan balyklardyr.
Şol bir wagtyň özünde adamlar derýa bilen asyrlarboýy göreşip gelipdirler. Öz döwrüniň ýönekeý gurallary, pildir kätmen bilen onuň kenarlarynda gaçylar galdyrypdyrlar. Şeýdip, öý-ojaklaryny, mal-garalaryny, bag-bakjalaryny, ekin ýerlerini... suw basmasyndan gorapdyrlar.
Amyderýa, onuň şaha ýaryp, gol ýaýradyp akyşy, gadymy yzlary hakynda ýazylyşy ýaly, şeýle köp hem gyzykly zatlar dünýädäki derýalaryň hiç haýsysy barada ýazylan däldir. Hemişe bolşy ýaly, biziň halkymyz bu gün hem kenarlaryny birleşdirýär — beýik derýanyň üstünden beýik köprüleri, mundan ozal hiç mahal gurlup bilinmedik köprüleri gurýar. Onuň kenarlaryny gözelleşdirýär — beýik derýanyň ýakalarynda täze ymaratlar döreýär, täze ýaşaýyş gülläp ösýär. Ýaşamak, işlemek, dynç almak, syýahatçylygy ösdürmek üçin beýik derýanyň boýlarynda ýeneki işleri amala aşyrmaga ugur alýar.
Meýilnamasy.
1. Amyderýanyň geografik ýerleşişi.
2. Amyderýanyň Merkezi Aziýadaky orny .
3. Kerki –Kerkiçi köprüsi we onuň ähmiýeti .
4. Internet maglumatlaryndan