Gurbansoltan eje adyndaky N55 orta mekdebiň taryh mugallymy Ejegül Atakowanyň “Beýik Watançylyk urşy” temasyndan açyk sapagy.
TEMA: TÜRKMENISTANLY ESGELER
BEÝIK WATANÇYLYK
URŞUNYŇ FRONTLARYNDA. (1941-1945 ýý .)
“ Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr”
Meniň Watanym Türkmenistan
1.Ýeňiş güni haçan bellenilýär?
2.Siz Ýeňiş güni barada näme bilýärsiňiz?
← Ýeňiş güni→
← →
← 9-njy maý→
Meýilnama
1 . Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy.
2. Türkmen ýigitleriniň urşa ugradylyşy.
3. Türkmen ýigitleriniň frontda görkezen
gahrymançylyklary.
4.Türkmen halkynyň zähmet edermenligi.
5. Ýeňiş baýramy.
1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda Germaniýa Sowet Soýuzynyň üstüne ähtiýalanlyk bilen çozýar. Türkmen halky beýleki halklar bilen bir hatarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşypdyrlar. Urşuň ilkinji günlerinden meýletin urşa gidipdirler.
Siz bu suratyň mazmuny barada näme aýdyp bilersiňiz?
Türkmen ýigitleriniň urşa ugradylyşy.
Türkmenistanyň şöhratly ogullary Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda gaýduwsyz we mert söweşipdirler. Olaryň hatarynda Gurban Durdy, Aýdogdy Tahyrow, Annagylyç Ataýew, Berdimuh a met Annaýew, Pena Rejebow we beýlekileri görkezmek bolar.
Suratdaky gahryman kim?
Gurban Durdy öz edermenligi bilen tapawutlanyp , o l Rumyniýanyň serhedinde ýerleşen atyjylyk rotasynyň komandiri bolupdyr. 1941-nji ýylyň 26-njy iýulynda Gurban Durdynyň rotasy söweş ýumşuny ýerine ýetiripdir.
1941-nji ýylyň noýabr aýynyň kiçi seržant ilkinji türkmen - Gurban Durda Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen mynasyp at dakylypdyr.
Sowet Soýuzynyň
Gahrymany
Gurban Durdy
Suratdaky gahryman kim?
1943-nji ýylda kiçi seržant Aýdogdy Tahyrow Demirgazyk-Günbatar frontda söweşip gahrymançylykly edermenlik görkezipdir. Şol ýylyň 29-njy ýanwarynda 30-yna geçilen gijesi Nowgorodyň golaýynda söweşijiler topary bilen köpgüýçli garşydaşlarynyň garşysyna söweşipdir. Aýdogdy Tahyrowa merhum bolandan soň Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen at dakylypdyr.
Sowet Soýuzynyň
Gahrymany
Aýdogdy Tahyrow
Dnepr derýasyndan geçenleri üçin Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ada mynasyp bolan türkmenistanly esgerler
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
“ Meniň atam Berdimuh a met köp ýyllap oba mekdebiniň mugallymy bolup işläpdir,
Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerine gatnaşypdyr.”
Berdimuh a met Annaýew
Uruşda görkezen edermenligi, deňsiz-taýsyz batyrlygy üçin şol pajygaly we ýalynly ýyllarda türkmenistanlylaryň ýüzden gowragy Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada, 15-isi Şöhrat ordeniniň doly derejesine, müňlerçesi bolsa beýleki söweş orden-medallaryna mynasyp boldy.”
Tyldakylar frontdakylara possunçalary, kürtekçeleri, switerleri, joraplary, ellikleri ibermek üçin öýde hem işläpdirler. Ähli obalardan söweşýänler üçin azyk, pagta, sowgatlar iberilipdir.
Türkmen gelin-gyzlary Goranyş gaznasyna öz şahsy tygşytlan zähmet pullaryny, milli altyn-kümüş şaý-seplerini we beýleki gymmatlyklary tabşyrypdyrlar. Uruş ýyllarynyň içinde 7392 kg altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyrypylypdyr.
Suratyň mazmuny barada gysgaça gürrüň beriň.
Uruş ýyllarynda türkmen halkynyň edermenligi
Türkmen gelin-gyzlarynyň fronta kömegi
1945-nji ýylyň 9-njy maýynda faşistlerden üstün çykylan Beýik Ýeňiş gazanyldy.
2000-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýörite Permany bilen 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolanlary Türkmenistanyň Milli Gahrymanlary diýip yglan edildi. Uruşda wepat bolanlaryň hatyrasyna Şöhrat we Hatyra kitaplary çapdan çykaryldy. Wepat bolanlaryň hatyrasyna ýadygärlikler dikeldildi.
Bu ýadygärlik nirede ýerleşýär we ol nämä bagyşlanyp guruldy?
Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hatyrasyna Aşgabatda bina edilen ýadygärlik
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Beýik Watançylyk urşunyň jeň meýdanlarynda ildeşlerimiziň müňlerçesi ata Watanymyzyň azatlygy, nesillerimiziň röwşen geljegi üçin gahrymanlarça wepat boldy. Ata Watan üçin serden geçen gerçeklerimiziň gahrymançylygy ölmez-ýitmezdir.
Goý, Watan ogullarynyň gahrymançylygy
nesillerden – nesillere geçip, ebedilik ýaşasyn,
çünki olaryň Watan ugrundaky söweşlerde
görkezen gahrymançylyklary Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýaş
nesilleri üçin Watanyňy, eziz halkyňy
söýmegiň, onuň erkinligini we azatlygyny
gorap saklamagyň beýik mekdebidir.
Täze temany berkitmek.
Suratdan t ürkmenistanlylardan ilkinji bolup Sowet Soýuzynyň Gahrymany ada eýe bolan Gurban Durdyny görkeziň .
Her ýyl Beýik Ýeňiş baýramy bellenilip geçilýär. Uruş weteranlary dabaralara gatnaşyp urşuň ýalynly ýatlamalary barada ýaş nesillerimize gürrüň berýärler.
Ýatdan çykmajak duşuşyk
Barlagnamalar
Beýik Watançylyk urşy haçan başlanypdyr?
a) 1945 b) 1941 ç) 1881
2. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan gahrymanlaryň biri kim bolupdyr?
a) Jelaleddin b) Keýmir serdar ç) Berdimuhamet Annaýew
3.Uruş ýyllarynda Goranyş gaznasyna näçe altyn-kümüş şaý-sepleri tabşyrypylypdyr?
a) 7392 kg b) 28 kg ç) 24 kg
Türkmenlerden ilkinji bolup Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ada kim mynasyp bolupdyr?
a) Gurban Durdy b) Aýdogdy Tahyrow ç) Pena Rejebow
5.Türkmenistanlylaryň näçeden gowragy Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolupdyr?
a) ondan gowragy b) ýigrimiden gowragy ç) ýüzden gowragy
6. Beýik Watançylyk urşy haçan gutarypdyr?
a) 1941 b) 1945 ç) 1881
Barlagnamalar
1.Beýik Watançylyk urşy haçan başlanypdyr?
a) 1945 b) 1941 ç) 1881
2. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan gahrymanlaryň biri kim bolupdyr?
a) Jelaleddin b) Keýmir serdar ç) Berdimuhamet Annaýew
3.Uruş ýyllarynda Goranyş gaznasyna näçe altyn-kümüş şaý-sepleri tabşyrypylypdyr?
a) 7392 kg b) 28 kg ç) 24 kg
Türkmenlerden ilkinji bolup Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ada kim mynasyp bolupdyr?
a) Gurban Durdy b) Aýdogdy Tahyrow ç) Pena Rejebow
5.Türkmenistanlylaryň näçeden gowragy Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolupdyr?
a) ondan gowragy b) ýigrimiden gowragy ç) ýüzden gowragy
6. Beýik Watançylyk urşy haçan gutarypdyr?
a) 1941 b) 1945 ç) 1881
Baglanyşykly sözleri tapyp olara düşündiriş beriň.
T/b
Söz
Wepa
lylyk
G.
Dur
dy
Maý
1945
7392 kg
ler
1
1941
2
9
3
Gahry
man
4
Tyl
5
Watan
T/b
Söz
Wepa
lylyk
G.
Dur
dy
Maý
1945
7392 kg
ler
1
*
1941
2
9
*
*
Gahry
man
3
*
4
Tyl
5
Watan
*
Tema degi ş li s ö zleri birikdirip dogry ý a zyň.
LYK
WA
NÇY
TA
Watançylyk
IŞ
ÝEŇ
ÝIK
BE
Beýik Ýeňiş
YM
HR
GA
AN
Gahryman
41
19
19
45
1941-1945
Gahryman
1941-1945
Öýe iş. Beýik Watançylyk urşy hakynda gürrüň berýän eserinden okanlaryňyzdan aýdyp beriň.
Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun!
Maý