СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Çagalaryñ logiki pikirlenmegi

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Çagalaryñ logiki pikirlenmegi»

Çagalaryň logiki pikirlenmek prosesi.

Çagalaryň logiki pikirlenmegi olaryň ýaş aýratynlygyna baglydyr.  Logika netijeli işlemekligi hemişe-de üstünlige iterýär. Çagalar logiki pikirlenmegi iň kiçi döwründen başlaýar, ýöne muny ata-ene we mugallymlar tarapyndan gözegçilikde saklap laýyk ugurlara bölmesi gerek. Logiki pikirlenmäni dogry ugurda ösdürmegimiz üçin näme edip bileris?

Ylym işgärleriniň maslahat bermegine görä sadadan çylşyrymla, görkezme esbapdan hakykata alyp barýan ýoldan peýdalanmaly.

Bu meselede diňe mugallym däl eýsem ata-eneleri hem ýakyndan gatnaşmagy zerur.

Çaga logiki pikirlenmegi esasynda predmetleri ýerbe-ýer goýmagy, hasaplamagy, geometrik figuralary tapawutlandyrmagy, esasy zat hem netije gazanmagy başarýar.

Çaganyň logiki pikirlenmegini etaplaýyn ösdürip bolar:

  • Birinji — esbaplar bilen işlemäge degişli ýumuşlar;

  • Ikinji — suratlar bilen işlemäge degişli ýumuşlar;

  • üçünji — Ýatdan jogap bermäge we mysal getirmäge degişli ýumuşlar.



Islendik logiki pikirlenme çagada yzygiderli aň ýetirmekligi ýüze çykarýar — esbaplary tapawutlandyrmak, olaryň häsiýetinden we hilinden netije çykarmak, netijede olary nämä ulanyp boljakdygy barada düşünje almak. Çagalar bilen işlnende gürleşip olaryň içki pikirini daşyna çykarmagy ýola goýmaly. Näme üçin şuny şeýle etdiň? Bu ýagdaýda näme ederdiň? Şul şekilde etseň bolarmy? Ýaly soraglar çagalary pikir aýmagyna itergi berer.