Sapagyň temasy: | Balaryçylyk. |
Sapagyň maksatlary: | |
1)Bilim berijilik maksady: | Öý balaryçylygy we ony ösdürmek, balarylaryň önümleri (bal, gül tozanjyklary (perga),mum), balarylaryň ösümlikleri tozanlandyrmak daky we olaryň hasyllaryny artdyrmakdaky ähmiýeti barada giňişleýin düşünje bermek. Okuwçylara tebigat bilen adamyň hojalyk işiniň arasyndaky jebis sazlaşygy ýola goýmagyň we ony üpjün etmegiň düzgünlerini hem-de usullaryny öwretmek. |
2) Terbiýeçilik maksady: | 1 Sapakda okuwçylara terbiýe bermek, olarda ukyplaryň we endikleriň toplumyny kemala getirmek bilen çäklenmän, eýsem, bütewi dünýägaraýyşly, watansöýüji, Watanyna, halkyna wepaly hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti terbiýelemek. 2 Ösüp gelýän ýaş nesilde tebigata, zähmete, adamlara päk ahlaklylyk garaýyşlary terbiýelemek. |
Sapagyň görnüşi: | Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy. |
Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler (kompýuter, interaktiw tagta) we paýlama maglumatlar (reňkli suratlar, tanyşdyrmalar, tablisalar, tema degişli soraglar, çyzgyç we ş.m.), aýdym-saz we zähmet gurallar we hem-de goşmaça maglumatlar web saýtlaryň salgylary. |
Sapagyň gidişi:
I. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçynyň ünsüni sapaga gönükdirmek.
3. Okuwçylaryň okuw esbaplary bilen üpjünçiligini, sapaga taýýarlygyny gazanmak, synp tagtasynda geçiljek temanyň adyny ýazmak.
II. Öýe berlen işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:
Okuwçylaryň bilim derejelerini barlamak üçin olary hatarlary boýunça 3 topara bölýärin.Toparlaryň ady:”Bilgirjeler”,”Balaryçylar”,”Entomologlar”.Sapagyň bu döwründe okuwçylara“Mör-möjekleriň esasy otrýadlary.Perdeganatlylar otrýady” tema boýunça birnäçe ýumuşlary tabşyrýaryn.
1 Okuwçylara soragnamalary paýlaýaryn.(Her topara 3 sany).
№1 Ýumuş:Tablisany dolduryň.Balarynyň maşgala agzalarynyň adyny we häsiýetnamasyny ýazyň. | | | | Gurluş aýratynlygy | | | | Iýmitlenişi | | | | Wezipesi | | | | | №2 Ýumuş:Maý tomzagynyň mysalynda mör-möjekleriň daşky organlaryny görkeziň. |
№3 Ýumuş:Mör-möjekleriň ýaşaýan ýerini tapyň. | №4 Ýumuş:Balarynyň makedini taýýarlaň we onuň gurluşyny düşündiriň. |
№5 Ýumuş: Suratda görkezilen haýwanlary näme birleşdirýär? Bulaýjy Agaç hudaýatysy Sähra süýri Wyžžyldawuk antiýa Çekirtgesi tomzagy teneçir | №6 Ýumuş:Suratda görkezilen hadysany düşündiriň. |
№7 Ýumuş: Alamatlaryň haýsysy mör-möjeklere mahsus. 1 Traheýalar arkaly dem alýar. 2 5 jübüt aýagy bar, 3 Murtlary ýok. 4 Bedeni hitin bilen örtülen. 5 Gany gemolimfa. 6 Ýaşaýşyň ähli gurşawlarynda duş gelýärler. 7 Ganynda gemoglobin saklanýar. 8 Gan aýlanyşy açyk tipde. 9 Metamorfozly önüp-ösüş mahsus. | №8 Ýumuş: Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi“kitabyndan mör-möjekleriň ady tutulýan 2 sany nakyl ýazyň we olaryň manysyny düşündiriň. |
2 Balarylaryň “pasporty” (Taksonomiki birliklere degişliligini kesgitlemek).Şalyk,bölüm,tip,klas,otrýad,maşgala,görnüş
III. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak
1 Entomologik diktant. Mör-möjekleriň ýaşaýyş we gurluş aýratynlyklaryna degişli adalgalar(terminler).
Synp tagasynda ary öýjüklerinde şertli san bilen belgilenen soraglar berilen.Her toparyň paýyna 4 öýjük düşýär.Okuwçylar gezekleşip soraglara jogap berýärler.Dogry jogabyň baş harpy esasy sözüň bir harpy bilen gabat gelýär.Eger okuwçylar ähli soraglara dogry jogap berip bilseler,ENTOMOLOGIÝA (mör-möjekleri öwrenýän ylym)sözi emele geler.
1 Mör-möjekleriň liçinkalarynyň taşlan gowyna näme diýilýar?(Ekzuwiý)
2 Teneçirleriň suwda ýyrtyjylyk edip ýaşaýan liçinkasyna näme diýilýär?(Naýada)
3 Mör-möjekleriň dem alyş organy.(traheýa)
4 Saçakçylaryň ýumurtga emele getirýan organy.(Ooteka)
5 Mör-möjekleriň bölüp çykaryö organy.(Malpigi turbajyklary)
6 Fasetka gözleriň gurluş birligi.(Ommatidiý)
7 Mör-möjekleriň önüp-ösüşiniň bir stadiýasy.(Liçinka)
8 Sistematikada ulanylýan taksonomiki birlik.Meselem,göni ganatlylar,deň ganatlylar, termitler, teňňeganatlylar, perdeganatlylar,gaty ganatlylar,ýarymgatyganatlylar -bularyň hemmesi mör-möjekleriň nähili toparlaryny emele getirýärler?(Otrýad)
9 Doly metamorfozly mör-möjekleriň önüp-ösüşiniň bir stadiýasy.(Gundag)
10 Uly mör-möjek.(Imago)
11Dürli haýwanlary iýmek.(ýyrtyjylyk)
12 Sorujy,gemriji,ýalaýjy görnüşinde mör-möjekleriň haýsy organy bolup biler.(Agyz organlary)
Jemleýji sorag:Diýmek,entomologiýa bu näme?
2 Okuwçylar bilen “Azaşan mör-möjekler” oýnuny oýnamak.
Sapagyň başynda okuwçylara mör-möjekleriň suratlaryny paýlap berýärin. Tagtada otrýadlaryň atlary ýazylan kartoçkalary asýaryn. Toparlaryň agzalary mör-möjekleriň suratlaryny degişli otrýadynyň üstüne ýelmeşdirýärler.
Teňňeganatlylar | Göniganatlylar | Gatyganatlylar | Teneçirler |
Deňganatlylar | Ýasmyklar | Perdeganatlylar | Saçakçylar |
3 “Metamorfoz täsinligi” oýny.Her hatara mör-möjekleriň metamorfozy bilen bagly ýumuş berilýär.
1 topar Öňünden taýýarlan maket esasynda kabelegiň önüp-ösüşini düşündirmek.
2 topar Görkezme esbap boýunça mör-möjekleriň önüp-ösüşiniň gşrnüşleri barada gürrüň bermek.
3 topar Balarynyň mysalynda perdeganatlylaryň önüp-ösüşini düşündirmek.
IV. Geçilen temany jemlemek:
Öýe berlen ýumuşy barlamak.
V. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Balary maşgalasy we onuň ýaşaýşy
2. Balary maşgalasyndaky toparlanma
3. Balarylaryň tebigatdaky ähmiýeti
4. Balarylaryň peýdasy
5.Balarylaryň işjeňligi netijesinde emele gelýän önümler bilen okuwçylary tanyşdyrmak.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- haýwan organizminiň öýjüginiň gurluş aýratynlyklaryny;
- haýwan organizminiň daşky gurluşynyň aýratynlyklaryny we olaryň ýaşaýan gurşawynyň şertleri bilen özara baglanyşyklaryny;
- haýwanlaryň gurluşlarynyň çylşyrymlaşmagyny.
Balary maşgalasy we onuň ýaşaýşy. Balary maşgala bolup ýaşaýan mör-möjek. Onuň maşgalasynda 10000 – 50000, kähalatlarda bolsa 100000 işçi balarylar – bir enäniň (patyşa zenanynyň) nesli bolýar. Balarylaryň täze maşgalasy maý-iýun aýlarynda öýjük edinmeleri netijesinde döreýär. Haçanda maşgalada täze patyşa zenan ary dörese, öňki patyşa zenan ary maşgalany terk edýär we öz ýany bilen işçi balarylaryň, takmynan, ýarysyna golaýyny äkidýär. Bu göçen arylar haýsydyr bir şahada ornaşýarlar we işçi balarylar derrew öý gurup başlaýarlar. Garry öýdäki ýaş ene balary erkek balarylar bilen bilelikde uçýarlar, howada tohumlanýar we ýene garry öýe dolanyp gelýär, soňra ýumurtga goýmaga başlaýar. Bu maşgaladaky işçi balarylar mumdan altygranly öýjükleriň köpsanlysyndan ybarat öý gurýarlar. Öýjüklerde olar şireleri we gül tozanjyklaryny ätiýaçlyk iýmiti ýygnaýarlar. Munuň özi ösüp gelýän nesil we urkaçy balarylar üçin iýmit bolup hyzmat edýär.
Ýazyna ýyly günleriň gelmegi bilen gyşdan çykan işçi balarylar arylar we balarylar ýaşaýan ýerlerinden uçup çykýarlar. Ilkinji gülleriň açylmagy bilen olar gülleriň tozanjyklaryny we şirelerini ýygnaýarlar. Ene balary öýdäki öýjüklerde ýumurtga goýmaga başlaýar. Ýumurtgadan çykan liçinkalaryny balarylar bal we gül tozanjyklarynyň garyndysy bilen iýmitlendirýärler. Tomsuň ikinji ýarymynda işçi balarylar balyň ätiýaçlygyny gyşa taýýarlaýarlar. Sowugyň düşmegi bilen balarylar öýüniň ähli yşlaryny mum bilen ýapyp, gyşy sag-aman geçirmäge taýýarlanýarlar. Balarylaryň peýdasy uly we köpdürli. Balarynyň zäheriniň hem peýdaly häsiýetleri bar, şonuň üçin ony keselleriň ençemesini bejermekde peýdalanýarlar. Balarylar ösümlikleriň köpüsiniň tozanlanmagyny amala aşyrmakda möhüm orny eýeleýärler. Biziň ýurdumyzda oba hojalygynyň bir pudagy bolan balaryçylygy ösdürmäge uly üns berilýär. Daýhan hojalyklarynyň köpüsinde balary idedilýän ýerleri döredýärler we balary saklanýan gapyrjaklary endigan goýýarlar.
Balaryçylygyň önümleri. Balaryçylygy senagat taýdan ösdürmekligiň düýbüni tutujy Awram Ýewlampiýewiç Titow (1873-1942) hasaplanylýar.Balarylar – ynsan saglygyna berýän jandar bolup, olaryň öndürýän önümleri — bal, mum, ýelim, gül tozanjyklary, balary zäheri (apitoksin) durmuşda giňden ulanylýar. Mundan başga-da, balarylar oba hojalyk ösümliklerini tozanlandyrmakda hem-de olardan ýokary hasyl almakda bitirýän işleri has uludyrdamlar gadymy döwürlerden bäri balaryçylyga uly üns beripdirler. Çünki bal azyk önümi hökmünde, hem-de lukmançylykda giňden peýdalanylypdyr. Şeýle-de balary oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmakda hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, balarylary gülden-güle gonmaklaryny bes etseler, Ýer ýüzündäki azyk önümleri bary-ýogy dört ýylda gutaraýmaly. Ýagny balarylary bal ýygnaýarkalar, miwedir gök önümleriň hasyl bermeklerine sebäp bolýarlar. Bal balarynyň ösümlikleriň gül we beýleki ösümlik şirelerini ýygnap, gaýtadan işläp emele getirýän önümidir. Balyň reňki, tagamy we hoşboý ysy onuň haýsy ösümligiň gülünden ýygnalandygyny bilmäge ýardam edýär. Balyň hili onuň haýsy ösümlikden alnandygyna baglylykda üýtgeýär. Balarylar şireden bal taýýarlanlarynda ony fermentler we beýleki maddalar bilen baýlaşdyrýarlar. Balyň düzümine belli bir derejede ösümlikleriň gül tozgajyklary hem garyşýar. Bular balyň çylşyrymly düzüminiň bolmagyna, iýmitlik gymmatynyň has ýokarlanmagyna getirýär.
Emma arylar diňe bal ýygnamaýarlar. Olaryň baly ýygnalandan soňra, öýjüklerinden dürli hili gymmatly önümler alynýar. Ary önümleri diňe azyklyk maksady bilen däl-de, başga maksatlar üçin hem giňden peýdalanylýar. Ary baly we balaryçylygyň önümleri gadymdan bäri adam tarapyndan bejeriji maksatlar üçin peýdalanylypdyr. Ary baly bakteriýalara, wiruslara garşy, rahatlandyryjy we beýleki köpsanly bejeriji häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Ary balyny bakteriýalara garşy häsiýetleri üçin iriňli ýaralary, deridäki başlary (ýaralary) we ýanyklary bejermekde peýdalanýarlar. Balyň düzümindäki maddalar nerw ulgamyny rahatlandyrýar we ýüregiň işleýşine oňyn täsir edýär.
Balarylar – ösümlikleri tozanlandyryjylar. Ösümlikleri, şol sanda oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmakda balarylara esasy orun degişli (126-njy surat). Balarylar ähli tozanlandyryjy işleriň 80% töweregini amala aşyrýarlar. Galan 20%-i bolsa beýleki mör-möjekleriň – eşegarylaryň, ýekelikde ýaşaýan balarylaryň, arylaryň, tomzaklaryň, ýasmyklaryň we dürli kebelekleriň paýyna düşýär.
B
alarylar ösümlikleriň dürli görnüşlerinden gül şirelerini we tozanlaryny ýygnaýarlar. Olar bu işe has gowy ýöriteleşendirler. Diňe hususy iýmitlenmekleri, neslini iýmitlendirmek we iýmit ätiýaçlyklaryny döretmek üçin balarylar ösümlikleriň gülleýän döwründe 200 kg-den gowrak gül şiresini we 20 – 25 kg gül tozanlaryny ýygnaýarlar. Gül şiresiniň şunuň ýaly mukdaryny ýygnamak üçin balarylar hersinde 0,5 mg şiresi bolan gülleriň azyndan 500 mln sanysyna gonmaly bolýar. Gül tozanjyklaryny ýygnamak üçin hem gülleriň şonça mukdaryna barmaly bolýarlar. Şeýlelikde, bir maşgalanyň balarylary tomus döwründe 1 mlrd-dan hem gowrak güllere gonýarlar. Petekejini baldan doldurmak üçin balary bir uçup gidende 80–150 sany (olaryň şireliligine baglylykda), tutuş günüň dowamynda bolsa 4000-e çenli güllere barmaly bolýar. Balarylaryň güllere gonmaklary ösümlikler üçin saýlama tozanlanmagy amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär. Olar öz bedeninde dürli tozanjyklaryň köp mukdaryny bir ýerden beýleki bir ýere geçirýärler. Lebabyň tebigaty balarylar üçin iýmite iňňän baý. Olar häzir miweli agaçlaryň güllerinden iýmitlenýän bolsalar, tizden sözeniň, buýanyň, ýandagyň, gowaçanyň, ýorunjanyň güllerinden iýmitlenip, bal toplamaga girişerler.
VI. Täze temany berkitmek:
1 Balary önümleriniň sergisini gurnamak.
Her topar balary önümleriniň bir görnüşi barada ,onuň peýdasy barada gürrüň berýär.
Arynyň birnäçe güle gonup, ýygnaýan esasy önümine bal diýilýär. Balarylary güllerden toplan nektaryny bala öwürýärler. Ýygnalýan möwsümine we ösümligiň görnüşine görä, balyň hili üýtgeýär. Bu jandarlar nektary ýygnap, öýjükleriň gözeneklerine äkidýärler. Olar dolandan soňra daşy mum bilen gaplanýar. Bal öýjüklerden süzülip alnandan soňra iýmitlik hökmünde taýýar bolýar. Balyň çyglylygy özüne çekýän häsiýeti bar. Onuň düzümindäki suwuň mukdary belli bir derejeden köp bolsa, hili peselýär. Balyň hilini reňki, dykyzlygy, ysy we tagamy arkaly anyklap bolýar.
Ol balyň düzüminde hem bolýar. Baldaky tozgajygyň şekili, ululygy, reňki arkaly onuň haýsy ösümlige degişlidigini anyklap bolýar.
Bilýän bolsaňyz, arylaryň öýjükleri altyburç gözeneklerden ybarat bolýar. Gözenekleriň çuňlugy 10-12 mm, diametri 5,37 mm bolýar. Erkek arylaryňky 6,9 mm bolýar. Mum irki döwürlerden bäri dürli maksatlar bilen peýdalanylýar. Arylaryň öýjüklerini eretmek arkaly mum alynýar.
Ary ýelimi: Bu önüm agaçlaryň we beýleki ösümlikleriň gunçalaryndan we gabyklaryndan alynýar. Onuň reňki haýsy agaçdan alynýandygyna baglylykda üýtgeýär. Ary ýelimi öýjügiň içinde haýsydyr bir jaýrygy berkitmek üçin ulanylýar. Örän ýelmeşek bolan bu maddanyň kömelegi, wirusy we bakteriýany öldüriji häsiýeti bar. Şol sebäpli bu ýelim dürli keselleri bejermekde ulanylýar.
Ary zäheri: 14 günlük bolanyndan soňra arylaryň bedenlerinde emele gelip başlaýar. Her aryda 0,3 mg zäher bolýar. Ary haýsydyr bir jandary çakanynda bu zäheri bölüp çykarýar. Onuň özboluşly ysy beýleki arylary hem howpuň abanýan tarapyna çagyrýar.Ary balynyň adam bedenine peýdasy uludyr. Ol adamyň immunitetini ýokarlandyrmak bilen, köp keselleriň öňüni alyş we bedeni gurplandyryjy häsiýete eýedir. Ary balynyň peýdasy barada nämeleri bilýäris?Halk lukmançylygynda ary balyndan peýdalanmak has irki döwürleri öz içine alýar. Ispaniýanyň Walensiýa şäheriniň golaýyndaky gowagyň diwarlarynda balarylarynyň suratynyň bolmagy munuň subutnamasydyr. Alymlar bu suratlaryň 15 müň ýyl mundan ozal çekilendigini aýdýarlar. Käbir ýazgylarda gadymy Müsürde ary balynyň peýdalanylandygy barada maglumatlar bar.
Şeýlelik-de, balarylardan öndürilýän önümleriň ählisi ynsan bedeniniň sazlaşykly ösmegi, kesellere garşy bedeniň durnukly ýokarlandyrylmagy üçin iň möhüm önümleriň biri hasaplanýar.
2 Perde ganatlylaryň gurluş aýratynlyklary barada blits-opros geçirmek.
1Perdeganatlylaryň näçe görnüşi belli?
2 Perdeganatlylar nirede duş gelmeýär?
3 Perdeganatlylaryň näçe aýagy bar?
4 Perdeganatlylaryň önüp-ösüşi nähili?
5 Perdeganatlylaryň haýsy görnüşi eldekileşdirilen?
6 Perdeganatlylar nirede gyşlaýarlar?
3 “Mör-möjegi sesinden tana”.Okuwçylar mör-möjekleri sesleri boýunça tanamaly
VII. Öý işini tabşyrmak:
Geçilen temany okap gelmek. Sah.: 184-189.
Balaryçylygyň önümleri | Peýdasy,ulanylýan ýeri |
| |
| |
VIII. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:
Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek.