Şahyryň döredijiliginde adamlarda oňat häsiýetleri terbiýelemekde uly orny owüt-nesihat häsiýetli şygyrlar tutýar. Bu temadan Magtymguly "Janyna degmez", "Durasyň geler", "Ýör biläni", "Il ýagşy", "Zor bolar", "Bolar seolkkyftkitkmj,"", "Aýrylma" ýaly onlarça şygyr ýazypdyr. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr. Şahyr "Gerekdir" diýen şygrynda:
Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,
Ýerinde hünäri işi gerekdir
diýip, ýigidiň göwrüminiň giň, gerekli ýerinde hünäriniň bolmaly-dygyny, hüşgärligini beýan edipdir.
Magtymgulynyň "Il biläni" şygrynyň:
Goç ýigide toýdur-baýram,
Her iş gelse, il biläni
setirleri agzybirligi ündäpdir, Şahyr "Janyna degmez" goşgusynda hesiýeti boýunça gapma-garşy adamy suratlandyrýar.
Adam bar müň tümen iýdirseň azdyr,
Bardyr adam - iýen nanyna degmez.
Şahyr oňat hesiýetleri ündände, ýaramaz häsiýetleri ýazgaranda, wagyz-nesihat etmek tärinden peýdalanýar. Ol ähli türkmen ýigitlerini jeň meýdanynda şu sypatda görmek isleýär:
At salanda doňuz kimin topulyp,
Aýy kimin asylyşy gerekdir.
Magtymguly oňat-gylyk häsiýetler adamyň bezegi diýip düşünipdir.
Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony Jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär. Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan genial şahyrdyr.
Magtymguly türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň halypasydyr. Magtymguly öz döwürdeşlerine we özünden soňky ýetişen şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir, ylaýta-da Zeliliniň, serkerde şahyr Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde görünýär. Magtymguly şahyry gara-galpaklaryň beýik şahyry Berdak (Berdimyrat-1827-1900) hem halypasy hasaplapdyr. Ol bu barada "Yelardym men" diýen şygrynda şeýle ýazýar:
Magtymgulyny men okap,
Sözlerini etdim togap.
Kemi barmy beriň jogap?
Şol şahyry yzlardym men.
Magtymguly şahyr dostluk, söýgi temasyndan hem birtopar goşgy ýazypdyr. Bu temadan onuň "Gözel sen", "Gülzardan aýryldym", "Uýat eýleýir", "Bu derdi", "Boýlaryňa", "Durasyň geler ýaly ençeme goşgulary bar. Magtymguly yşky-liriki temada ýazan goşgularynda öz söýgülisi Meňli bilen baglanyşykly prograssiw pikirleri öňe sürýär. Ol gelin-gyzlaryň durmuşda uly hormata, söýgä mynasyp bolmalydyklaryny nygtamak bilen, olaryň owadanlyklaryny "Gözel sen" şygrynda şeýle taryplaýar:
Gyzyl diýsem-gyzyl, al diýsem-al sen,
Hindistanda şeker, Bulgarda-bal san,
Akyldar şahyr Magtymguly gelin-gyzlaryň akylly, pähimli edepli bolmaklaryny isläpdir, olaryň mertebesini ýokary tutupdyr. Bu ideýa "Durasyň geler" diýen goşgusynda örän çeper berilýär:
Gözel bardyr gözellerden zyýada,
Onyň gullugynda durasyň geler,
Edepli-ekramly, mylaýymzada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.
Şahyr hapysa, sölite, nalajedeýin aýallary ýazgarypdyr:
Bardyr gözel, sirke basar saçyny,
Artmaz-ýuwmaz tabagynyň, daşyny,
Sylamaz atasyn, ene ýaşyny,
Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.
Magtymguly "Bilen bolmasa" diýen goşgusynyň şu setirlerinde il-günüň daşyny gorap ýören goç ýigitleriň özüne mynasyp ýary bolmasa, hemişe armandadyklaryny nygtaýar:
Är ýigidiň içi doly armandyr,
Gara göz, inçe bil ýary bolmasa.
Şahyr aýal-gyzlary satmak, dakylmak we köp aýallylyk ýaly zyýanly dessurlara garşy durupdyr. Şu babatda şahyr gumanistik pikirleri öňe sürüpdir.
Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Bu temada Magtymguly "Türkmeniň", "Ýeli Gürgeniň" , "Depe nedir, düz nedir", "Öňi-ardy bilinmez", "Döker bolduk ýaşymyz", "Gidiji bolma", "Gözlär men", "Başy gerekdir", "Mert bolmaz" ýaly birnäçe goşgular döredipdir.
Magtymguly hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna, baýlygyna, batyr ýigitlerine guwanypdyr. Şahyr "Gidiji bolma" şygrynda:
Gel köňlüm, men saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip gidiji bolma
diýip, öz döwürdeşlerine ýüzlenýär. Magtymguly Türkmenistanyň, aýratyn hem öz önüp-esen ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň, gözel we hasylly sähralaryny, daglaryny, tebigy baýlyklaryny, goç ýigitleri taryplaýar. Şahyryň "Ýeli Gürgeniň", "Türkmeniň" şygyrlarynyň şu setirleri-de oňa güwä geçýär:
Öňünde belent dag, serinde duman,
Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara,
Akar boz bulanyp, sili Gürgeniň,
ýa-da
Dagda, düzde kowsa, saýýatlar diri,
Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.
Beýik şahyryň döwründe türkmen taýpalary dagynyk ýaşapdyrlar. Halk hemişe talanypdyr, ajaýyp zatlar weýran edilipdir. Magtymguly hemişe şeýle pajygaly durmuşdan gutulmagyň aladasyny edipdir. Ol keseki duşmanlardan goranmak üçin ýigitleri mertlige, gahrymanlyga çagyrypdyr:
Ýaşy ýeten arap atyň şanynda,
Mälim bolmaz depe nedir, düz nedir.
Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda,
Atmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir.
Şahyr il-ýurt üçin hyzmat eden goç ýigitleri dabaralandyrýar, tersine namartlary, il-ýurduna hyýanat edýänleri näletleýär. Şu jähtden şahyryň şu setirlerini ýatlamak bolar:
Aga begler muhannesiň on müňi -
Mert ähliniň alty ýüzüne degmez.
"Är men" diýen her nöweçden är bolmaz,
Gaýraty, namysy, ary gerekdir.
Magtymguly dagynyk ýaşan türkmen taýpalaryny birleşdirmek bilen ýurduň özbaşdaklygyny, halkyň asuda ýaşamagyny gazanmak bolar diýen netije gelipdir. Bu ideýa şahyryň "Türkmeniň", "Döke bolduk ýaşymyz", "Türkmen binasy" ýaly şygyrlarynda öz beýanany tapypdyr:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Teke, ýumut, gökleň, ýazyr, ärsary
Bir dowlete gulluk etsek bäşimiz.
Magtymgulynyň watançylyk, gahrymançylyk temada ýazan eserleri taryhy taýdan anyklygy, takyk manysy, çeper obrazlara baýlygy bilen-de tapawutlanýar.