СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ
Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно
Скидки до 50 % на комплекты
только до
Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой
Организационный момент
Проверка знаний
Объяснение материала
Закрепление изученного
Итоги урока
Maksatnama 2022-2023
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
TÜRKMENISTANYŇ MILLI BILIM INSTITUTY
UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ TÜRKMEN DILINDE OKADYLÝAN V-ХII SYNPLARY ÜÇIN EDEBIÝAT DERSI BOÝUNÇA OKUW MAKSATNAMASY
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi
Aşgabat-2017
DÜŞÜNDIRIŞ HATYTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň 1-nji martynda “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda 2013-2014-nji okuw ýylyndan Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde on iki ýyllyk orta bilime geçildi.
Orta mekdepleriň 5-10-njy synplarynda edebiýat dersine hepdede 3 sagat, 11-12-nji synplarda hepdede 2 sagat, ynsanperwerlik-durmuş bilimleri ugurly 11-nji synpda hepdede 3 sagat berilýär.
Maksatnamadaky okuw materiallaryna berlen sagatlar umumy häsiýete eýe bolup, ol sapagyň netijeli bolmagy üçin mugallym tarapyndan üýtgedilip bilner. Bu okuwçylaryň edebiýat dersinden ele almaly bilimlerine, başarnyklaryna hem-de ahlak terbiýesine gönükdirilmelidir.
Edebiýaty okatmagyň maksatlary we wezipeleri
Edebiýat okuwçylarda ahlaklylygy, ynsaplylygy, milli we dünýä gymmatlyklaryna söýgini terbiýeleýär, estetik endikleri kemala getirýär.
Edebiýat sapagynyň üsti bilen okuwçylaryň ruhy dünýäsi kemala getirilýär, döredijilik ukyby ýüze çykarylýar, şeýle hem olaryň sözleýiş endikleri ösdürilýär.
Edebiýat okuw dersiniň wezipeleri:
okuwçylarda edebiýatyň sungatyň bir görnüşi hökmündäki düşünjelerini kemala getirmek, edebiýatyň kanunlaýyklyklaryna düşünmegi öwretmek;
çeper eseri derňemegi öwretmek;
dünýä edebiýatyna we dünýäniň edebi akymyna düşünmegi kemala getirmek;
milli edebiýatyň aýratynlyklaryny ýüze çykarmak we edebiýatyň bütindünýä ähmiýetini açyp görkezmek;
edebiýatyň sungatyň beýleki görnüşleri bilen arabaglanyşygynyň häsiýetli aýratynlyklaryny we ýörelgelerini kesgitlemek.
Edebiýaty öwrenmek çeper eserleri yzygiderli baglanyşykda okamak arkaly amala aşyrylýar. Çünki ýazyjydyr şahyr durmuşyň dürli meselelerini çeper eseriň üsti bilen açyp görkezýär. Şonuň üçin okuwçylara eseriň many-mazmunyny hem täsirini giňişleýin açyp bermek işini dogry guramak esasy wezipeleriň biridir.
Edebiýaty öwretmek bilen, okuwçylara edebiýat we ýaşaýyş barada giňişleýin bilim berilýär. Edebiýatyň üsti bilen ýaşlaryň durmuşda özüni alyp barmagy hem duş geljek ýagdaýlary boýunça dogry netije çykarmagy üçin edebi düşünjeler berilýär, başarnyklar ösdürilýär.
IV – ХI synplarda edebiýat dersi okuwça çeper sözüň manysyna, hyzmatyna we awtoryň öz garaýşyny beýan ediş usulyna, formasyna düşünmegi öwretmegi hem-de okuwçylaryň döredijilikli pikirlenmek ukybyny kemala getirimegi, ösdürmegi öz içine alýar.
Maksatnama täze okuw meýilnamasyna laýyklykda:
V – VIII synplarda – edebi okuw görnüşinde;
IХ - XII synplarda edebiýat taryhy görnüşinde öwrenilýär.
Şuňa laýyklykda: edebi okuw sagatlarynda mugallym okuwçylaryň başlangyç synplarda alan edebi okamak ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmäge, okan eserinden netije çykarmak, many-mazmunyny özleşdirmek, şygyrlary labyzly okamak başarnygyny kämilleşdirmek, okan ýa-da diňlän eserlerini gürrüň bermek, ýazuwa geçirip bilmek, edebi maglumatlary, tekstleri we goşgulary ýat tutmak ukyplaryny ösdürmek ýaly ugurlara üns bermelidir we şol bir wagtda edebiýat taryhynda şeýle eserleriň, şeýle ýazyjy-şahyrlaryň bardygy bilen gysgaça tanyşdyrmalydyr. Munuň üçin mugallym öz döredijilik ukybyna, başarnygyna, tejribesine daýanyp, öz sapaklaryny edebi-çeper okamak, düzme bäsleşigini geçirmek ýaly we usuly taýdan kabul edilen beýleki sapak görnüşlerinden peýdalanyp guramalydyr.
Edebiýat dersi boýunça okuwçylara berilmeli bilim maglumatlary sadadan çylşyrymla diýen usulda ýerleşdirilendir. Şundan ugur alyp, VIII synpda berilýän bilim maglumatlary edebi okuw görnüşinde berilmek bilen, şol bir wagtda hem edebiýat taryhy görnüşinde öwrenilmeli bilim maglumatlaryna taýýarlaýar. Şol sebäpli IХ synpdan başlap edebi eserler baradaky bilim maglumatlary tematiki tertipde däl-de, özleriniň döreýiş taryhy boýunça yzygiderlilikde ýerleşdirilýär.
Edebiýat taryhy bilen tanyşdyrylýan döwürde (IХ – XII synplarda) edebiýat taryhyna, şol sanda okuw maksatnamasyna giren ol ýa-da beýleki ýazyjynyň ömri we döredijiligi, awtory belli ýa-da näbelli eserleriň döreýiş taryhy, her bir döwrüň edebiýatynyň öňünde duran baş mesele, şol meseleleriň ýazyjy (şahyr) ýa-da onuň eseri tarapyndan neneňsi çözülip bilnendigi, eserlerde halkyň durmuşynyň, medeniýetiniň, beýleki gymmatlyklarynyň neneňsi görkezilip bilşi ýaly düýpli meseleler okuwçylara öwredilmelidir. Ýazyjynyň edebi dilimiziň baýlyklaryny, eseriň gahrymanlarynyň dilinde gabat gelýän şiwe (dialekt) sözlerini ulanyp bilşi ýaly meselelere hem okuwçylaryň ünsi çekilýär. Şol sebäpli IХ – XII synplarda mugallym öz tejribesine daýanyp, çykyş, çekişme, maslahat (seminar) sapaklary we beýleki sapak görnüşlerinden hem ýerlikli peýdalanmalydyr.
Edebiýat dersinde şu ugurlar boýunça okadylýar:
- türkmen halk döredijiligi;
- türkmen klassyky edebiýaty;
- Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty;
- dünýä edebiýatyndan nusgalar.
V – ХII synp okuwçylarynyň bilimlerine, başarnyklaryna bildirilýän talaplar
V – ХII synp okuwçylary bilmeli:
okamaga we öwrenmäge berlen eserleri;
eseriň göwrümine we çylşyrymlylygyna laýyklykda birnäçe (5-7) eseri;
çeper eseriň temasynyň we ideýasynyň esasy alamatlaryny;
çeper eseriň gahrymanynyň (keşp, sözleýiş, awtoryň häsiýetnamasy) beýan ediliş tärini;
diliň täsir ediş serişdesini (sypatlandyrma, deňeşdirme, ulaltma, metafora);
okamaga we öwrenmäge berlen awtorlaryň eserleri baradaky maglumatlary;
çeper eseriň: çeper keşbini, temasyny, ideýasyny, mazmunyny, gurluşyny;
ritm, ölçeg, setir ýaly goşgy serişdelerini;
edebiýatyň esasy görnüşleriniň (kyssa, şygyr, drama) alamatlaryny;
habarly bolmaly:
okalan eseriň ýazylan döwründen, şeýle hem eseriň wakalarynyň belli şahsyýetleriň we ýazyjynyň ömri bilen baglanyşygyndan;
edebiýatyň taryhyndan: ýazyjynyň terjimehalynyň esasy maglumatlaryndan, döredijiliginiň döwürlere bölünişinden, edebi gözleg işiniň ugurlaryndan;
edebiýatyň teoriýasyndan: romantizmiň, realizmiň we ХХ asyryň käbir edebi akymlarynyň esasy aýratynlyklaryndan;
keşpleriň, personažlaryň anyk - taryhy we umumadamzat ähmiýetinden;
edebiýatyň esasy görnüşlerinden, žanrlaryndan;
başarmaly:
gahrymanlaryň we wakalaryň baglanyşygyny düşündirmegi;
okalan eseriň gahrymanyny häsiýetlendirmegi;
suratlandyrylýan gahrymanyň keşbiniň ähmiýetini häsiýetlendirmegi;
çeper tekstden täsirli serişdeleriniň hyzmatyny düşündirmegi;
okalan eseriň esasy temasyny we ideýasyny kesgitlemegi;
kiçeňräk kyssa eserini yzygiderli gürrüň bermegi;
okalan eseriň gahrymanlarynyň özüni alyp barşyna degişli gürrüň bermegi;
200-250 sözli beýannama ýazmagy;
nätanyş teksti tiz okamagy (1 minutda 100-110 sözi);
okalan kyssa we drama eserlerindäki gahrymanlary häsiýetlendirmegi, deňeşdirmegi;
okalan eseriň many-mazmunyny, ruhy taýdan gymmatlylygyny düşündirmegi, sahna eserleriniň esasy wakalaryny derňemegi we ähmiýetli taraplaryny beýan etmegi;
suratlandyrylýan zada awtoryň garaýşyny duýmagy;
okalan esere we eseriň wakalaryny bahalandyrmagy;
özbaşdak okalan eseriň haýsy görnüşe we žanra degişlidigini kesgitläp bilmegi;
eseriň ruhy gymmatlygyny we beýleki aýratynlyklaryny dilden we ýazmaça düşündirmegi;
edebi ýa-da publisistik temalara degişli düzme ýazmagy;
özbaşdak okalan esere syn ýazmagy;
okalan eseriň žanr aýratynlygyna görä labyzly okamagy;
okalan goşgularyň çeperçilik aýratynlygyna baha bermegi;
okalan çeper eseri, onuň aýratyn bir bölegini derňemegi, bahalandyrmagy;
gyzyklandyrýan eserlere syn ýazmagy.
Edebiýat okuw dersiniň maksady, ähmiýeti.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet we edebiýat baradaky pähim-paýhaslary.
Türkmen halk döredijiligi (19 sagat)Türkmen halk döredijiligi barada düşünje – 1 sagat.
Türkmen halk döredijiliginiň ertekiler, nakyllar, matallar we beýleki görnüşleri boýunça başlangyç synplarda öwrenilenleri umumylaşdyrmak.
Türkmen halk ertekileri – 8 sagat.
«Dört dost». Ertekide dostlugyň güýji. Ynsanlary dostlaşdyrýan gowy gylyk-häsiýetler hakynda gürrüň.
«Akylly Ahmet». Ertekiniň durmuş esasy. Halal zähmetiň höziri. Ahmediň zähmetsöýerligi, ugurtapyjylygy.
«Ýüz tylla». Ertekide dogruçyllyk, bilime, sowatlylyga, sungata goýulýan sarpa.
«Akpamyk». Ertekide halkylyk. Akpamygyň işeňňirligi, doganlaryny eý görmegi, edermenligi, ynsan bilen haýwanyň dostlugy, ene süýdüniň gudraty, adalatyň dabaralanmagy.
«Hudaýberdi gorkak we tilki». Ertekiniň durmuş esasy. Ertekide sada, ynsanperwer, zähmetsöýer ynsanyň keşbiniň üsti bilen ynsan akylynyň - hakykatyň üstün çykmagy.
Läleler – 1 sagat.
Läleler barada düşünje. Köne we täze döwrüň läleleri. Olarda gelin-gyzlaryň durmuşy, arzuw-hyýallary.
Hüwdüler – 1 sagat.
Hüwdüler barada düşünje. Olarda enäniň çaga bolan söýgüsi we çaganyň geljegi baradaky arzuwlary.
Nakyllar – 2 sagat.
Nakyllar barada düşünje. Nakyllar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Paýhas çeşmesi” kitabyndaky nakyllar. Olarda Watan, dostluk, agzybirlik, ahlaklylyk, zähmetsöýerlik hem bilim, terbiýe barada aýdylýan parasatly pikirler. Nakyllaryň asyl hem-de göçme manylary, terbiýeçilik ähmiýeti.
Ýaňyltmaçlar – 1 sagat.
Ýaňyltmaçlar barada düşünje. Ýaňyltmaçlaryň ýatkeşligi, dilewarlygy ösdürmekdäki ähmiýeti.
Matallar – 2 sagat.
Matallar barada düşünje. Ýaşlaryň pikirleniş, akyl ýetiriş ukybyny ösdürmekde matallaryň ähmiýeti.
Tapmaçalar – 1 sagat.
Tapmaçalar barada düşünje. Tapmaça bilen matalyň aýratynlygy. Tapmaçanyň akyl-paýhasy, pikirlenişi ösdürmekdäki ähmiýeti.
Ýaremezanlar – 1 sagat.
Ýaremezanlar barada düşünje. Olaryň ýerine ýetirilýän wagty.
Ýaremezanlaryň durmuş bilen baglanyşygy.
Sanawaçlar – 1 sagat.
Sanawaçlar barada düşünje. Sanawaçlaryň aýdylyşy, ähmiýeti.
Türkmen halk döredijilik eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti.
Ýazyjy-şahyrlar tarapyndan türkmen halk döredijiligi eserleriniň işlenilişi (7 sagat)Berdi Kerbabaýew. «Japbaklar» - 2 sagat.
Berdi Kerbabaýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Japbaklar» eseri. Eseriň halk ertekisi esasy. Doganlar – Japbak, Ýapbak, Mapbak, Topbak. Olaryň keşpleriniň watansöýüjilik, il-günüň bähbidini goramak ýaly häsiýetleriniň üsti bilen berlişi. Eserlerde gülküli wakalar, degişmeler.
Aman Kekilow. «Küýze we tilki» ertekisi – 2 sagat.
Aman Kekilowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Küýze we tilki» ertekisi. Tilkiniň men-menligi we mekirligi. Möjegiň ynanjaňlygy. Eseriň çeperçiligi.
Ata Salyh. Basnýalar – 2 sagat.
Ata Salyhyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Ýolbars we tilki». Eserde mekirlik, aldawçylyk, göterimlik, öwünjeňlik ýaly häsiýetleriň tilkiniň keşbiniň üsti bilen ýazgarylyşy.
«Şagal bilen horaz». Eserde şagal bilen horazyň keşbi. Hilegärligiň akyl-paýhas bilen göreşi.
Edebiýat teoriýasy. Basnýa barada düşünje. Onuň ertekä çalymdaşlygy.
Türkmen halk döredijiligi boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Türkmen halk döredijilik eserleri we olaryň häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryň eserlerindäki terbiýeçilik ähmiýeti.
Türkmen nusgawy edebiýaty (9 sagat)Türkmen nusgawy edebiýaty hakynda düşünje – 1 sagat.
Türkmen nusgawy edebiýaty, onuň görnükli wekilleri barada başlangyç düşünjeleri bermek.
Magtymguly Pyragy. Goşgular – 2 sagat.
Magtymguly Pyragynyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Türkmeniň» goşgusy. Goşguda türkmeniň ýurdy, türkmen düşünjesi, türkmen halkynyň agzybirligi, mertligi, gaýratlylygy bilen öz ykbalyny göterip biljekdigi baradaky pikirler.
«Gözel Şirgazy!» goşgusy. Goşguda şahyryň bilim alan mekdebine (medresesine), mugallymlaryna, bile okan ýoldaşlaryna sylag-sarpasynyň, hormatynyň beýany.
Mämmetweli Kemine. «Orazym» goşgusy – 1 sagat.
Mämmetweli Keminäniň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Orazym» goşgusy. Goşguda il arkadagy bolan mert ýigitlere sarpa. Mertligiň waspy.
Keminäniň adyna aýdylýan şorta sözler. «Göçe-göçlük», «Kör-seg diýip geldik», «Bize-de gelerdi», «Keminäniň soňky aýaly», «Elimiň boş wagty» - 2 sagat.
Şorta sözlerde durmuşdaky nogsanlyklaryň gülki astyna alnyşy, ýaramaz häsiýetli adamlaryň ýazgarylyşy. Şorta sözleriň durmuşdaky ähmiýeti.
Seýitnazar Seýdi. «Sen, çölüň!» goşgusy – 1 sagat.
Seýitnazar Seýdiniň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Sen, çölüň!» goşgusy. Goşguda türkmen çölüniň şahyrana wasp edilişi. Onda joşgunly watançylyk.
Annagylyç Mätäji. «Bugdaý» goşgusy – 1 sagat.
Annagylyç Mätäjiniň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Bugdaý» goşgusy. Goşguda daýhan zähmetiniň waspy, dünýädäki tagamlaryň naýbaşysy, soltany bolan bugdaýa, bugdaý nanyna we zähmete goýulýan sarpa. Goşgynyň terbiýeçilik ähmiýeti.
Türkmen nusgawy edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgulary we olaryň ruhy-ahlak ideýalarynyň terbiýeçilik ähmiýeti.
XX asyr türkmen edebiýaty (20 sagat)XX asyr türkmen edebiýaty barada – 1 sagat.
Bu döwrüň edebiýaty barada başlangyç düşünjeleri bermek. Baknalyk döwri. Ýazyjy-şahyrlaryň kynçylykly döwürde ösüp-ýetişmegi we öz ýaşan zamanasyna laýyk bilim almaklary we döredijilik ýoluna düşmekleri.
Tebigat, ynsanperwerlik we zähmet temasy
Rehmet Seýidow. «Awçy, atma jereni!» goşgusy – 1 sagat.
Rehmet Seýidowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Awçy, atma jereni!» goşgusy. Goşguda Watana, türkmen tebigatyna, janly-jandarlara belent söýgi. Türkmen halkynyň çöli gülzarlyga öwürmek baradaky arzuwlary. Tebigaty, haýwanat dünýäsini goramaga çagyryş.
Kerim Gurbannepesow. «Daglar» goşgusy – 1 sagat.
Kerim Gurbannepesowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Daglar» goşgusy. Şahyryň dag tebigatyny wasp edişindäki özboluşly aýratynlyk. Goşguda Magtymguly Pyraga bolan sarpanyň beýany.
Gurbannazar Ezizow. «Türkmen sährasy» goşgusy – 1 sagat.
Gurbannazar Ezizowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Türkmen sährasy» goşgusy. Goşguda türkmen sährasynyň, daglarynyň asmanyň, mylaýym ýelleriň waspy. Tebigata, gözellige söýgi.
Ýagmyr Pirgulyýew. «Pasyllaryň jedeli» goşgusy – 1 sagat.
Ýagmyr Pirgulyýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Pasyllaryň jedeli» goşgusy. Goşguda dört paslyň aýratynlyklary, tebigatda, ynsan durmuşynda olaryň her biriniň möhümligi. Ynsanyň ömür pursatlarynyň şol pasyllara meňzeşligi. Goşguda pasyllaryň özara jedeli we onuň çözgüdi. Goşgynyň düzüliş aýratynlygy.
Baýram Gurbanow. «Çarwa mergeniň gürrüňi» powesti – 3 sagat.
Baýram Gurbanowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Çarwa mergeniň gürrüňi» powesti. Eseriň «Wepaly kömekçi», «Ýalňyz külbede», «Ene», «Barsly mergen», «Çagyrylmadyk myhman», «Ar alyjy bars» bölümleri. Çarwa mergeniň gürrüňleri. Olarda haýwanlara, Watan tebigatyna bolan söýgi, olara kast edýänlere, zorluga, süteme ýigrenç, adamkärçilige, dostluga çagyryş.
Ata Gowşudow. «Dordepel» powesti – 3 sagat.
Ata Gowşudowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Dordepel» powesti. Nyýazmyrat aganyň türkmen atlary barada gürrüňi. Geçmişiň, durmuşyň suratlandyrylyşy. Dordepel – türkmen bedewi.
Hormatly Prezidentimiziň bedewlere goýýan belent sarpasy barada.
Edebiýat teoriýasy. Powest hakynda düşünje.
Çary Aşyr. «Ahmediň taýy» («Ekizler romanyndan bölek») – 2 sagat.
Çary Aşyrowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Ahmediň taýy». Eserde ekizler Ýusup bilen Ahmediň mele taýy terbiýeleýşi. Eserde türkmen bedewlerine söýginiň suratlandyrylyşy.
Gara Seýitliýew. «Ene ýüregi» goşgusy – 1 sagat.
Gara Seýitliýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
Goşguda ene mähriniň çäksizligi baradaky pikirler. Enäniň perzendine bolan söýgüsi. Ene mähriniň çäksizligi.
Gurbandurdy Gurbansähedow. „Enäniň şanyna” goşgusy – 1 sagat.
Goşguda şahyrana fantaziýa, enäniň rowatlar esasyndaky waspy. Durmuşda her bir beýikligiň eneden başlanýandygy baradaky pikirler.
Berdinazar Hudaýnazarow. «Mugallym» goşgusy – 1 sagat.
Berdinazar Hudaýnazarowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Mugallym» goşgusy. Goşguda mugallyma uly sylag-sarpa, minnetdarlyk, bilime goýulýan hormat.
Hajy Ysmaýylow. «Iki atanyň bir ogly» powesti – 3 sagat.
Eserdäki wakanyň bolan wagty we bolup geçen ýeri. Mikola Kalpaklynyň başdan geçirenleri. Mikola bilen türkmen çagalarynyň aragatnaşygy, dostlugy. Atanazar aganyň we Sabyr ejäniň keşpleri. Eserde çaga bolan söýgi we onuň täsirli beýan edilişi.
Edebiýat teoriýasy. Poeziýa we proza hakynda düşünje.
XX asyr türkmen edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
XX asyr türkmen edebiýaty we onuň terbiýeçilik ähmiýeti.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty (8 sagat)Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty barada – 1 sagat.
Bu eýýamda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolşy, bu eýýamyň edebiýatynda türkmen edebiýatynyň ölmez-ýitmez temalary bolan watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk, päk zähmet temalarynyň täzeçe öwüşginde beýan edilişi.
«Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal» kitapdan bölek - 2 sagat.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur we baý many-mazmuna eýe bolan terjimehaly.
Edebiýat teoriýasy. Terjimehal (biografiýa) barada düşünje.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. «Janly rowaýat». Eserden bölek – 2 sagat.
Hormatly Prezidentimiziň bu eserinde türkmen halylary, olary dokan türkmen gelin-gyzlary, ene-mamalary barada döredilen rowaýatlary toplamagy. Jemal atly halyçy gyz hakynda rowaýat.
«Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk». Eserden bölek - 2 sagat.
Bu eserde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esger, mugallym, ilhalar ynsan bolan atasy Berdimuhamet Annaýewiň türkmen iliniň berkararlygy barada eden arzuwlaryny amala aşyryşy baradaky gürrüňler. Keşpler.
Edebiýat teoriýasy. Çeper eseriň temasy we ideýasy.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýatynyň terbiýeçilik ähmiýeti.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar (12 sagat)Dünýä edebiýaty barada düşünje – 1 sagat.
Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, rus ýazyjysy. «Balykçy we balyjak hakynda erteki» - 2 sagat.
Ertekiniň many-mazmuny. Garry balykçynyň tylla balygy tutuşy, balykçynyň aýaly garry kempiriň betnebisligi zerarly tylla balygyň ony hemme beren zatlaryndan mahrum edişi. Eserde açgözlügiň, zorlugyň paş edilişi.
Iwan Andreýewiç Krylow, rus şahyry. Basnýalar – 1 sagat.
«Guw, balyk we leňňeç», «Teneçir bilen garynja».
Bu basnýalarda agzybir ýapyşmagyň zerurlygy, ýalta adamyň elmydama aç galjakdygy baradaky pikirler.
Grimm doganlar, nemes ýazyjylary. «Bremen sazandalary» - 1 sagat.
Ertekide dostluk, birek-birege kömek etmek, adamkärçilik we agzybirlik bilen kynçylyklary ýeňip geçmek pikirleri. Bu pikirleriň eşek, it, pişik, horaz ýaly haýwanlaryň hereketleriniň üsti bilen nygtalyşy.
Şarl Perro, fransuz ýazyjysy. «Ädikli pişik» - 2 sagat.
Ertekide kyn ýagdaýa düşen hojaýyny Markiz Karabasa pişigiň öz ugurtapyjylygy bilen kömek edişi. Pişigiň pähim-paýhasy bilen Adamhory syçana öwrüp iýmegi we öz hojaýynynyň şa gyzyna öýlenmegine kömek edişi.
Redýard Kipling, iňlis ýazyjysy. Ertekiler. «Piljagaz», «Maugli» - 2 sagat.
«Piljagaz». Ertekide piljagazyň bilesigelijiligi, onuň duçar bolan wakalary.
«Maugli». Maugliniň haýwanlaryň içinde kemala gelşi. Haýwanlaryň üsti bilen adamlaryň dürli häsiýetleriniň görkezilişi.
Oskar Waýld, iňlis ýazyjysy. «Garasöýmez äpet» - 1 sagat.
Bagynda oýnaýan çagalary kowandygy üçin howlusyna, bagyna ýaz gelmeýän äpet adamyň öz ýalňyşyna düşünmegi.
Frenk Baum, amerikan ýazyjysy. «Oz şäheriniň jadygöýi» - 1 sagat.
Doroti atly gyzjagazyň Toto atly iti bilen birlikde öýüniň tupanda uçup gidişi. Onuň Garantgy, Demir agaç çapyjy, gorkak Ýolbars bilen dost bolşy. Olaryň birek-birege kömek edip, kynçylyklary ýeňip geçişleri. Dostluk temasynyň eseriň içinden eriş-argaç bolup geçmegi.
Dünýä edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Dünýä edebiýatynyň nusgalary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Eserleri öwrenmek üçin – 76 sagat.
Labyzly okuw we sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 12 sagat.
Beýannama ýazmak – 6 sagat.
Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüň sapaklary – 8 sagat.
Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:
«Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal» kitabyndan bölek.
Türkmen halk ertekilerinden, matallardan, tapmaçalardan, sanawaçlardan, ýaňyltmaçlardan, lälelerden, hüwdülerden, nakyllardan, ýaremezanlardan nusgalar.
Magtymguly. «Türkmeniň».
Kemine. «Göçe-göçlük», “Bize-de gelerdi”. Şorta sözler.
Seýdi. «Sen, çölüň!»
Mätäji. «Bugdaý».
R. Seýidow. «Awçy, atma jereni!»
G. Seýitliýew. «Ene ýüregi».
G. Gurbansähedow. „Enäniň şanyna”.
B. Hudaýnazarow. «Mugallym».
K. Gurbannepesow. «Daglar».
G. Ezizow. «Türkmen sährasy».
Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:
«Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal». – Aşgabat, 2007.
Gurbanguly Berdimuhamedow. «Janly rowaýat». Aşgabat, 2011.
Ýedigenim – ýedi ýyldyz. I, II kitaplar. Aşgabat, 1989.
Hüwdüler, matallar, sanawaçlar, ýaňyltmaçlar. – Aşgabat, 1989.
Türkmen halk matallary. – Aşgabat, 2005.
Türkmen halk ertekileri. 3 tomluk. I tom. Haýwanlar hakyndaky ertekiler. – Aşgabat, 1978.
Türkmen halk ertekileri. 3 tomluk. II tom. Jadyly ertekiler. – Aşgabat, 1979.
Türkmen halk ertekileri. 3 tomluk. III tom. Durmuşy ertekiler. – Aşgabat,
1980.
Türkmen halk ertekileri. Mekdep kitaphanasy. – Aşgabat, 2004.
Türkmen halk ertekileri. – Aşgabat, 2007.
Türkmen halk ertekileri. – Aşgabat, 2011.
H. Ysmaýylow. Saýlanan eserler. – Aşgabat, 1990.
A. Gowşudow. Dordepel. – Aşgabat, 1961.
Ç. Aşyrow. Ekizler. – Aşgabat, 1977.
G. Ezizow. Saýlanan eserler. 2 tomluk. I tom. – Aşgabat, 1995.
Grimm doganlar. Bremen sazandalary. – Aşgabat, 1958.
Ş. Perro. Ädikli pişik. Ertekiler. – Aşgabat, 1965.
R. Kipling. Maugli. – Aşgabat, 1988.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar, I kitap – Aşgabat, 2007.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar, II kitap – Aşgabat, 2007.
VI SYNP (102 sagat) Giriş (1 sagat)Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow edebiýat barada.
Türkmen halk döredijiligi (16 sagat)Aýdymlar.
Aýdymlar barada düşünje. Aýdymlaryň aýdylyşy. Halk aýdymlary bilen häzirki zaman aýdymlarynyň aýratynlygy, durmuşdaky orny – 1 sagat.
Halk aýdymlary – 1 sagat.
«Ýigide». Aýdymda türkmen ýigidine mahsus gylyk-häsiýetler, atly-abraýly ýaşamak üçin rysgal-döwletiň, dogan-garyndaşyň zerurlygy.
Häzirki zaman aýdymlary – 2 sagat.
Häzirki zaman aýdymlarynyň belli şahyrlar we saz düzüjiler tarapyndan döredilişi. Bu aýdymlarda pikir yzygiderliliginiň we mazmun bitewiliginiň saklanylyşy.
«Ýazlarym bar». Sözleri M. Myşşyýewiňki, sazy O. Gurbannyýazowyňky. Aýdymda Watana söýgi, eşretli, abadan durmuşa guwanç.
«Iki agaç». Sözleri G. Ezizowyňky, sazy N. Halmämmedowyňky. Aýdymda durmuş pelsepesiniň şahyrana beýany.
Toý aýdymlary (öleňler) – 1 sagat.
Toý aýdymlary (öleňler) barada düşünje we olaryň döreýiş taryhy. Ýerine ýetirilişi, manysy, ähmiýeti.
Monjugatdylar – 1 sagat.
Monjugatdylaryň gadymylygy, özboluşly aýratynlygy. Monjugatdylaryň manysy, ähmiýeti.
Küştdepmeler – 1 sagat.
Küştdepme barada düşünje. Küştdepmeleriň döreýşi we ýerine ýetirilişi.
Şorta sözler – 2 sagat.
Şorta söz, onuň özboluşlylygy. Olarda ýiti akyl-paýhas, adalatsyzlygyň, durmuş nogsanlyklarynyň paş edilişi. Şorta sözlerde çeperçilik.
«Manyly gep», «Içinde özümem bardym», «Özümem ýiterdim», «Kemine bilen ogry», «Şu taýda söz berseler», «Garraýança duraýynmy?»
Bu şorta sözlerde türkmeniň dil baýlygynyň, çeperçilik güýjüniň, pähim-paýhasynyň ýüze çykyşy, şahandazlygyň, şadyýanlygyň, degişgenlik ukybynyň teswirlenişi.
Rowaýatlar – 2 sagat.
Rowaýat, onuň aýratynlygy, durmuş esasy.
«Hatapgalada», «Kim hakly?», «Gözel tebigatyň aşygy», «Azaşan yzyny tapar».
Bu rowaýatlarda Keýmir kör, Myraly, Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly wakalaryň çeper beýany. Taryhy şahslaryň mertligi, watançylygy, halallygy, adamkärçilikli keşpleri. Rowaýatlaryň ähmiýeti.
«Görogly» eposy. «Göroglynyň döreýşi» şahasy – 4 sagat.
«Görogly» eposynyň şahalary.
«Göroglynyň döreýşi» şahasy.
Röwşen – Görogly türkmen halkyň söýgüli gahrymany. Jygaly beg, Hüňkar we Reýhan Arap.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halky eserler barada.
Edebiýat teoriýasy. Epiki eser, epos barada düşünje.
Türkmen halk döredijiligi boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Türkmen halk döredijilik eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti.
Türkmen nusgawy edebiýaty (12 sagat)Magtymguly Pyragy. Goşgular – 3 sagat.
«Ýeli Gürgeniň». Goşguda Watana, tebigata söýgi, buýsanç.
«Baş üstüne!» Goşguda ynsanperwerlik, mertlik hem-de namartlyk. Şahyryň öwüt-nesihatlary, olaryň durmuşdaky ähmiýeti.
«Bolar». Goşguda gybat etmezlik, sabyrly-kanagatly bolmak barada öwüt-nesihatlar.
Mämmetweli Kemine. Goşgular – 2 sagat.
«Garyplyk». Goşguda garyplygyň ynsan durmuşyna edýän ýaramaz täsiriniň dürli meňzetmeler we beýleki çeperçilik serişdeleri arkaly beýan edilişi.
«Içmek». Goşguda «kyrk ýamaly» içmegiň garyplygyň alamaty hökmünde görkezilmegi; durmuşdaky nogsanlyklaryň gülki astyna alynmagy, ruhubelentlik.
Seýitnazar Seýdi. Goşgular – 2 sagat.
«Dönmenem, begler!», «Geliň, ýigitler!» Goşgularda watançylyk duýgusy, Watany goramaga joşgunly hyjuw, Watan, il-ýurt üçin söweşe çagyryş. Goşgularyň çeperçiligi, ähmiýeti.
Gurbandurdy Zelili. Goşgular – 2 sagat.
Gurbandurdy Zeliliniň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Watanym, seni!», «Ýagşydyr». Goşgularda başdan geçirme, watançylyk, öwüt-nesihat, ahlak, dünýewilik.
Mollanepes. Goşgular – 2 sagat.
Mollanepesiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Aňsa», «Ner gezgin!» Goşgularyň durmuşdan alnan mysallara baýlygy, olarda adam häsiýetleriniň açylyp görkezilişi. Goşgularda synçylyk, durmuş, ahlak, mertlik, mertebelilik baradaky pikirleriň şahyrana beýany, öwüt-nesihat.
Edebiýat teoriýasy. Goşgy düzülişiniň görnüşleri hakynda düşünje.
Türkmen nusgawy edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgulary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
XX asyr türkmen edebiýaty (17 sagat)Watançylyk, mertlik temasy
Agahan Durdyýew. «Bagtly ýigit» powestinden bölek – 3 sagat.
Agahan Durdyýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Bagtly ýigit» powesti barada. Lälik ösen, ejemogly Annagulynyň goşun gullugynda beden we akyl-paýhas taýdan kämilleşmegi, bagta ýetmegi.
Edebiýat teoriýasy. Çeper eserde ýazyjynyň we gahrymanyň dili.
Ata Gowşudow. «Gandym awçynyň maşgalasy» hekaýasy – 3 sagat.
Hekaýada watansöýüjiligiň ýokary ahlak sypaty derejesine göterilmegi. Gandym awçynyň keşbinde merdanalyk, watançylyk, paýhaslylyk, dogruçyllyk, ynsanperwerlik, duşmany ýigrenmek häsiýetleri.
Ata Durdyýew. «Keýmir kör» powesti (bölek) – 3 sagat.
Ata Durdyýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Keýmir kör» powesti. Eserde türkmen halkynyň taryhynda yz goýan şahsyýet Keýmir körüň parasatlylygynyň, ugurtapyjylygynyň, halkyna, Watanyna söýgüsiniň çeper beýany.
Halyl Kulyýew. „1946” goşgusy - 1 sagat.
Goşguda kakasy uruşdan gelmedik oglanjygyň kalbyndaky gopýan harasat, başyndan geçirýän oý-pikirleri.
Zähmet, durmuş we sowat-bilim temasy
Körmolla. «Palaw» goşgusy – 1 sagat.
Körmollanyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Palaw» goşgusy. Goşguda türkmen milli tagamynyň biri bolan palawyň bişirilişiniň şahyrana beýany.
Nurmyrat Saryhanow. «Kitap» hekaýasy – 3 sagat.
Hekaýanyň many-mazmuny. Eseriň baş gahrymany Welmyrat aganyň çeper keşbiniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemine,paýhasyna, bilim ummanyna hormat, sarpa, söýgi esasynda döredilişi. Ýazyjynyň çeperçilik ussatlygy.
Edebiýat teoriýasy. Hekaýa we nowella barada düşünje. Nowellada öňe sürülýän pikiriň eseriň ahyryna çenli syr bolup galmagy.
Italmaz Nuryýew. «Täjikertikler» goşgusy – 1 sagat.
Goşguda zähmetiň, zähmetsöýerligiň joşgunly waspy.
Kakabaý Ylýasow. «Daýhan häsiýeti» goşgusy – 1 sagat.
Goşguda ajaýyp daýhan häsiýetiniň ene toprak, tebigat bilen baglanyşyklylykda wasp edilmegi.
XX asyr türkmen edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
XX asyr türkmen edebiýaty we onuň terbiýeçilik ähmiýeti.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty (8 sagat)Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer» romanyndan bölek – 3 sagat.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni babatlarda ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işleri, çeper döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Älem içre at gezer» romany. Romanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garry atasy Anna aganyň we atasy Berdimuhamet Annaýewiň keşpleri, olaryň türkmen çagalaryna zamanabap bilim we terbiýe bermekdäki şahsy edermenlikleri.
Anna aganyň garry atasy Nepesaly baýyň doganoglany Ýazly yzçy we Kuwwat pälwan baradaky wakalarda paýhaslylyk, ugurtapyjylyk we edermenlik.
«Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» we “Paýhas çeşmesi” kitaby - 2 sagat.
Eserde türkmen behişdi bedewleri barada gyzykly maglumatlar, rowaýatlar. “Paýhas çeşmesi” kitabynda watançylyk, garymançylyk we doganlyk-dostluk hakyndaky nakyllar we ündewler.
Gözel Şagulyýewa. «Sen ak atda, Gyratda» goşgusy - 2 sagat.
Goşguda türkmen halkynyň öz parasatly döwlet Baştutanyna – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan söýgüsiniň çeper söz arkaly aňladylmagy.
Edebiýat teoriýasy. Goşgy ölçegleri.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýatynyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar (24 sagat)«Müň bir gije». Arap ertekileri. «Deňizde gezen Sindbad hakynda hekaýat» (2-nji syýahat) – 2 sagat.
Berdimyrat Berdak, garagalpak şahyry. «Halk üçin» goşgusy – 1 sagat.
Goşguda watançylygyň, ynsanperwerligiň wasp edilişi. Şahyryň bagtly durmuş baradaky arzuwy.
Magtymguly we Berdak.
Sindbadyň syýahatlary, dünýäniň geň-taň zatlaryny görşi, onuň bilesigelijiligi.
Eduard Nikolaýewiç Uspenskiý, rus ýazyjysy. «Krokodil Gena we onuň dostlary». Powestden bölekler – 3 sagat.
Krokodil Gena we onuň dostluk öýüni açyşy. Olaryň birek-birege kömek edilişi. Žirafyň ýaňralygy. Maýmynjygyň sagady ýuwutjak bolşy. Bezzat we ikilikçi oglanlar baradaky pikirler.
Alekseý Nikolaýewiç Tolstoý, rus ýazyjysy. «Altyn açarjyk ýa-da Buratinonyň başyndan geçirenleri» - 3 sagat.
Bir bölek agaçdan ýasalan Buratino atly oglanjygyň mekdebe gidişi, onuň ýolda aldawçy pişige, mekir tilkä duşup, pullaryny aldyryşy we ahyrsoňy hakyky dostlarynyň kömegi bilen dogry ýola düşüşi hakdaky täsin wakalaryň beýany.
Alekseý Maksimowiç Gorkiý, rus ýazyjysy. „Okamak höwesi” („Keseki gapysynda” eserinden bölek) – 3 sagat.
Eserdäki wakanyň ýazyjynyň öz durmuşyndan alnanlygy. Alýoşanyň dükançy, hojaýyn hem-de kempir bilen gatnaşygy. Alýoşanyň kitaplary höwes bilen okaýşy.
Gans Hristian Andersen, daniýa ýazyjysy. Ertekiler – 3 sagat.
«Betnyşan ördejik», «Ýabany guwlar». Ertekilerde adamkärçilik meseleleriniň goýluşy. Doganlaryň biri-birini gowy görşi we olaryň adalat üçin göreşi. Hak işiň, ýagşylygyň dabaralanmagy.
Erih Raspe, nemes ýzyjysy. «Mýunhauzeniň başyndan geçirenleri» - 2 sagat.
Baron Mýunhauzen – XVIII asyrda ýaşap geçen adam. Ol – pähimli gürrüňçi, hekaýatçy. Onuň Aýa çykyşy, üç aýakly adamlaryň arasynda bolşy, ägirt balygyň ony ýuwduşy baradaky gürrüňler. Mýunhauzeniň ruhubelentligi, ugurtapyjylygy.
Wiktor Gýugo, fransuz ýazyjysy. «Kozetta» («Biçäreler» romanyndan bölek) – 3 sagat.
W. Gýugo – ynsanperwer ýazyjy. «Biçäreler» atly romanyň baş gahrymany Žan Walžanyň Kozetta atly ýetim galan gyzjagaza howandarlyk edişi.
Mark Twen, amerikan ýazyjysy. «Tom Soýeriň başdan geçirenleri» - 3 sagat.
Romanda Tom atly oglanjygyň durmuşy, onuň dostlary we olaryň oýunlarynyň beýany. Tom we Geklberri Finniň dostlugy. Çagalygyň ajaýyp, gaýtalanmajak sahypalarynyň suratlandyrylyşy.
Edebiýat teoriýasy. Edebiýatda durmuş hakykaty we hyýalylyk.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Dünýä edebiýatynyň nusgalary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Eserleri öwrenmek üçin – 78 sagat.
Labyzly okuw we sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 10 sagat.
Beýannama ýazmak – 6 sagat.
Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklary – 8 sagat.
Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:
Matallardan, tapmaçalardan, ýaremezanlardan, sanawaçlardan,
ýaňyltmaçlardan, lälelerden, hüwdülerden, nakyllardan nusgalar.
Magtymguly Pyragy. «Ýeli Gürgeniň».
Kemine. «Garyplyk».
Seýdi. «Dönmenem, begler!»
Zelili. «Watanym, seni!»
Mollanepes. «Aňsa».
H. Kulyýew. «1946».
G. Şagulyýewa. «Sen ak atda, Gyratda».
Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:
Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer» romany, 2011.
Türkmen halk ertekileri. Mekdep kitaphanasy. – Aşgabat, 2011.
Görogly. – Aşgabat, 2002.
Küştdepmeler. – Aşgabat, 1979.
Magtymguly. Goşgular. – Aşgabat, 2011.
Kemine. Goşgular. – Aşgabat, 2011.
Seýdi. Goşgular. – Aşgabat, 2011.
Zelili. Goşgular. – Aşgabat, 2011.
Mollanepes. Goşgular. – Aşgabat, 2011.
H. Kulyýew. «Säher salamy». Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 2011.
W. Gýugo. Kozetta. – Aşgabat, 1955.
M. Twen. Tom Soýeriň we Geklberri Finniň başdan geçirenleri. – Aşgabat,
1989.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar, I kitap – Aşgabat, 2007.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar, II kitap – Aşgabat, 2007.
VII SYNP (102 sagat) Giriş (1 sagat)Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çeper edebiýat barada.
Türkmen halk döredijiligi (19 sagat)«Oguznama». Eposdan bölekler – 3 sagat.
«Oguznama» – gadymy türkmen milli mirasy, edebi-taryhy ýadygärlik hökmünde. «Oguznamada» türkmenleriň ata-babalarynyň – oguzlaryň taryhy geçmişiniň edebi-çeper beýany. Eseriň «Oguz, atasy, agalary we uruglary», «Oguz ogly Gün han padeşalygynyň zikri» diýen bölekleri. «Oguznamanyň» taryhy ähmiýeti.
«Gorkut ata». Eposdan bölekler - 3 sagat.
«Gorkut ata» – oguzlaryň gahrymançylykly eseri.
Eserde türkmen halkynyň geçmiş taryhynyň, jemgyýetçilik, ykdysady, ýaşaýyş-durmuş kada-kanunlarynyň, ýokary ahlak sypatlarynyň çeper beýany. Onuň kyssa hem goşgy gatyşykly düzülişi. Eseriň öwrenilişi, taryhy ähmiýeti.
«Bugaç han Derse han ogly» boýy. Bu şahada perzentli bolmak, il-güne ýagşylyk etmek, perzendiň ukybyna görä at goýmak, enaniň maşgalasyna goýýan sarpaçy , perzendine bolan söýgüsi, ene süýdüniň hem tebigatyň gudraty, ýagşyny ýaýyp, ýamany ýaşyrmak, mertlik , wepalylyk baradaky parasatly pikirler.
«Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalanmagy» boýy. Bu şahada Watana, maşgala ojagyna, dosta, dogana wepalylyk, mertlik, ugurtapyjylyk, sahawatlylyk, baradaky pikirleriň çeper beýan edilişi.
«Gorkut ata» eseriniň dili, çeperçiligi, öwrenilişi, taryhy ähmiýeti.
«Görogly» eposy. «Ar alyş», «Kempir» şahalary – 6 sagat.
«Ar alyş» şahasy. Göroglynyň güýçli, mert, batyr ýigit bolup ýetişmegi. Aryny almak üçin Reýhan arabyň üstüne gitmegi we onuň gyzy Bibijany alyp gaýtmagy hem-de ony agasy Genjime nikalap bermegi.
Eserde ejize ganymlygyň ýazgarylyşy, adalatyň dabaralanmagynyň beýan edilişi.
«Kempir». Bu şahada ynsanperwerlik, bedew ata söýgi. Eserde adalatyň dabaralanyp, ynsapsyzlygyň paş edilişi. Onda Göroglynyň mertligi, rehimliligi, sadalygy we ynanjaňlygy sebäpli şum kempiriň hilesine düşmegi.
“Nejep oglan” dessany – 3 sagat.
“Nejep oglan” – ajaýyp türkmen halk dessany. Onda bagşa, aýdym-saza belent hormat we söýgi. Aşyk Aýdyň piriň, Elbendiň, Nejebiň we Mylaýymyň keşpleri. Türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhynda dessanyň tutýan orny.dessanyň çeperçiligi. Dessan biziň günlerimizde.
Edebiýat teoriýasy. Liro-epik eser barada düşünje.
“Saýatly-Hemra” dessany – 4 sagat.
Dessanyň many-mazmuny. Dessanda gozgalýan meseleler: watançylyk, yşk-söýgi, aýdym-sazyň jadylaýjy güýjüniň çeper beýany. Dessanyň diliniň çeperçiligi.
Türkmen halk döredijilik eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti.
Türkmen nusgawy edebiýaty (10 sagat)Nurmuhammet Andalyp. «Jykyr» goşgusy – 2 sagat.
Andalybyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Jykyr» goşgusy. Türkmen halkynyň taryhy durmuşynda jykyryň eýelän orny, onuň pesden akýan akabadan belent ýere suw çykarmakdaky peýdasy, gymmaty barada. Şygryň çeperçiligi.
Magtymgyly Pyragy. Goşgular – 4 sagat.
«Näler görner?!» Goşguda şahyryň dünýä hakyndaky oýlanmalarynyň beýan edilişi. Goşgynyň pähim-parasada baýlygy, pelsepeleýin pikir çuňlugy, çeperçilik gymmaty.
«At ýanynda bellidir». Goşgynyň durmuşylyk häsiýeti. Hakykatyň akyl-paýhas eleginden geçirilip ýüze çykarylyşy. Goşgynyň terbiýeçilik ähmiýeti.
«Habar ber! Şeýledir». Goşgynyň aýdyşyk, sorag-jogap alyşmak görnüşinde düzülmegi. Bu babatdaky çeper däp. Sorag-jogap şekilinde şygyr ýazmagyň maksady. Goşgynyň bäsleşik häsiýetinde ýazylyşy. Dünýä we onuň syrlary hakynda şahyrana pikirleriň ýaýbaňlanyş aýratynlygy. Goşgynyň pikirlenişi ösdürmekdäki ähmiýeti.
Edebiýat teoriýasy. Aýdyşyk hakynda düşünje.
«Gidiji bolma!» Goşguda öwüt-nesihat, Watany söýmek. Adalatly bolmak baradaky pikirler.
Kätibi. Goşgular – 2 sagat.
Kätibiniň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Seniň üstüňde». Goşgynyň taryhylygy we çeper mazmyny. Goşgynyň süňňüne siňdirilen watansöýüjilik ruhy. Eseriň taryhy-çeperçilik gymmaty. Gökdepe söweşi hakda döredilen şahyrana hem kyssa eserleri hakda maglumat beriji teswir.
Edebiýay teoriýasy. Mersiýe (elegiýa hakynda düşünje)
«Ýaraşmaz». Goşguda durmuş hakykatynyň çeper beýany, öwüt-nesihat,
Misgingylyç. «Daglar» goşgusy – 1 sagat.
Goşguda tebigat gözelliginiň şahyrana waspy.
Türkmen nusgawy edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgulary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
XX asyr türkmen edebiýaty (17 sagat)Watançylyk, Beýik Watançylyk urşy temasy
Durdy Gylyç. «Bökdemäň meni!» goşgusy – 1 sagat.
Durdy Gylyjyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Bökdemäň meni!» goşgusy. Goşguda watansöýüjilik, mertlik, duşmana ýigrenç, hyjuwly duýgularyň çeper beýany. Eseriň ähmiýeti.
Pomma Nurberdiýew. «Ädigimiň ýoly» goşgusy – 1 sagat.
Pomma Nurberdiýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Ädigimiň ýoly» goşgusy. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen esgeriniň geçen söweş ýolunyň beýany. Türkmen ýigitleriniň dürli halklar bilen duşmana garşy bilelikdäki göreşiniň, agzybirligiň güýjüniň çeper suratlandyrylyşy. Watançylyk, gahrymançylyk duýgularynyň esger ädiginiň geçen ýoly arkaly çeper beýan edilmegi. Şahyryň ussatlygy.
Ata Atajanow. «Näbelli gahrymana» goşgusy – 1 sagat.
Ata Atajanowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Näbelli gahrymana» goşgusy. Türkmen esgeriniň ukrain topragyny duşmandan goramak ugrundaky söweşde wepat bolmagy. Gahryman türkmen esgeriniň hatyrasynyň belent tutulyşy.
Çary Aşyrow. «Ermeni gyzy» goşgusy – 1 sagat.
Çary Aşyrowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Ermeni gyzy» goşgusy. Goşguda pajygaly söweş pursatlary, ölüm bilen ömrüň serhedinde ýarymhuş ýatan esgeri batyr şepagat uýasynyň – ermeni gyzy Ninanyň halas etmegi. Şahyryň ermeni gyzyna minnetdarlygy, parahatçylyk döwründe ony ýatlamagy we gözlemegi. Goşguda halklaryň arasyndaky dostluk-doganlyk.
Berdinazar Hudaýnazarow. Goşgular – 2 sagat.
“Ilkinji goşgy”. Ejesi ýogalan çaganyň başdan geçirýän duýgulary, ejesi barada goşgy bilen düzme ýazmagy. Eserde ynsan duýgularynyň çeper beýany.
“Kyrk üçünji ýylyň çöregi”. Goşguda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda agyr durmuşyň beýany. Parahatçylyk döwrüň gadyryny bilmek.
«Bilezik». Türkmen gelin-gyzlarynyň gymmat bahaly şaý-seplerini fronta kömek üçin berişleri. Durmuşyň çylşyrymlylygy hakynda şahyrana pelsepe.
Mämmet Seýidow. Rubagylar, sekizlemeler - 2 sagat.
Eserlerde parasatly pikirleriň şahyrana beýany.
Edebiýat teoriýasy. Rubagy barada düşünje.
Gurbannazar Ezizow. Goşgular – 2 sagat.
“Uruş”, “Bir dosty Kiýewde ýazyldy ýere...”. Goşgularda urşuň ynsana getirýän pajygasynyň, watançylyk, mertlik, urşa ýigrenç duýgularynyň beýany.
Anna Paýtyk. «Ýurt eýesi» powesti – 3 sagat.
Anna Paýtygyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Ýurt eýesi» powesti. Eserde uruş ýyllarynda ýarlaryna garaşyp, tylda zähmet çeken türkmen gelinleriniň keşbi. Eseriň baş gahrymany Arzygülüň işde we durmuşda nogsanlyklara batyrgaý garşy durmagy, adalaty gözlemegi. Söwer ýary Ilamanyň ojagyny öçürmezlik barada gürrüň çykanda, bu meseläniň çözgüdine özüçe çemeleşmegi. Daş-töwereginiň onuň hereketlerine dogry düşünmezligi. Başyna düşen pajygaly ölümden soň, onuň hereketlerine köpçüligiň garaýşy.
Ýylgaý Durdyýew. «Eneş» powesti – 3 sagat.
Powestde türkmen halkynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda başdan geçiren kynçylykly durmuşy. Halkyň Beýik Ýeňşe bolan ynamy, ruhubelentligi. Eseriň baş gahrymany Eneşiň entek ýaşdygyna garamazdan, syrkaw ejesiniň deregine demir ýol işgäri bolup işe durmagy. Garabaý aganyň adamlary ruhubelentlige, ýeňşe ynamlylyga ündeýän gürrüňleri.
XX asyr türkmen edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
XX asyr türkmen edebiýaty we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty (8 sagat)Gurbanguly Berdimuhamedow. «Ganatly bedewler» we “Paýhas çeşmesi” kitaby – 2 sagat.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen bedewleriniň taryhy we “Paýhas çeşmesi” kitabynda at-bedew baradaky filosofik pikir ýöretmeleri we nakyllary.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» romanyndan bölek – 4 sagat.
Eseriň “Akyl sandyklarynda” rowaýata öwrülen durmuş hakykatynyň çeper şöhlelendirilişi, türkmen halkynyň at seýislemekdäki we atlara bejeriş geçirmekdäki tejribesi.
Mämiş seýsiň atşynaslyk mekdebi we onuň adamkärçilik sypatlarynyň çeper beýany.
Täçmämmet Jürdekow. «Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk» kitabyndan bölek – 2 sagat.
Ýazyjynyň «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly taryhy-publisistik kitabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýedi arkasynyň we nebereleriniň anyk durmuş wakalary esasynda yzarlanylyşy. Nesilleriň arasyndaky baglanyşyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ata-babalarynyň türkmen halkynyň abadan durmuşy, döwletli döwrany barada eden arzuwlaryny iş ýüzünde amal edişi baradaky pikirlerler.
Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýaty we onuň terbiýeçilik ähmiýeti.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar (23 sagat)«Kyrk gyz». Garagalpak halk gahrymançylyk eposyndan bölek – 2 sagat.
«Kyrk gyz» – garagalpak halk döredijilik eseri. Eposyň şygyr görnüşinde ýazylyşy. Onda garagalpak halkynyň watançylygy baradaky pikirler. Eposda batyr, gaýratly garagalpak gyzy Gülaýymyň ýurdy keseki basybalyjylardan goramak üçin alyp barýan batyrgaý söweşleri. Kyrk gyzyň edermenligi. Gülaýymyň we Arslan begiň duşmanlary ýeňmegi. Eserde Watana söýgi, il-ýurdy duşmandan goramak, yşk-söýgi, gahrymançylyk.
Mir Amman. «Dört derwüş» eserinden bölek – 3 sagat.
Hindi (urdu) edebiýatyna degişli «Dört derwüş» eseriniň perzent, söýgi, ähtiýalanlyk we beýleki meseleler baradaky jadyly ertekä çalym edýän hekaýatlary. Bu eseriň ýazylan senesi we ýeri. Eseriň gadymy kökleri we wakalaryň bolup geçýän ýurtlary.
«Azatbagt patyşanyň gürrüňi» (Ikinji derwüşiň başdan geçirenlerinden).
Eserse dört derwüşiň duşuşyp, gezekli-gezegine öz başlaryndan geçiren wakalary barada söhbet edip oturyşlary, başdan geçirmeleriň hyýaly häsiýeti, erteki esaslylygy.
Abulkasym Firdöwsi, pars şahyry. «Şanama» eposyndan bölek – 3 sagat.
«Rüstemiň dogluşy we ony Symrug guşuň terbiýeleýşi». Eseriň many-mazmuny. Rüstem Zalyň türkmen halkynyň arasynda meşhurlygy. Baş gahrymanyň adatdan daşary ýagdaýda kemala gelşi. Eposyň aýratynlygy.
Edebiýat teoriýasy. Epiki däp barada düşünje.
Alyşir Nowaýy. «Perhat we Şirin» - 4 sagat.
Alyşir Nowaýynyň döredijiligi barada maglumat.
«Perhat we Şirin». Dessanda Perhadyň dagy köwüp, suw geçirişi baradaky bap. Perhadyň zähmetsöýerligi, adamlara bolan rehimdarlygy.
Nowaýy türkmen edebiýatynda. «Gülpam» dessany.
Jelaleddin Rumy. Mesnewiler – 2 sagat.
Gündogaryň beýik akyldar şahyry Jelaleddin Rumynyň ömri we döredijiligi barada maglumat.
«Alym we gämiçi», «Ker we hassa» hekaýatlary. Şahyryň eserlerinde durmuş pelsepesiniň gülküli wakalaryň üsti bilen beýan edilişi.
Lew Nikolaýewiç Tolstoý, rus ýazyjysy. «Kawkaz ýesiri» powesti – 2 sagat.
Eserdäki çeper obrazlar. Žiliniň we Kostyliniň düşen agyr ýagdaýy. Žiliniň mertligi. Eserde adamkärçiligiň görkezilişi.
Daniel Defo, iňlis ýazyjysy. ”Robinzon Kruzonyň başyndan geçirenleri” – 2 sagat.
Defo edebiýatda ”Magaryfçylyk döwri” diýlip atlandyrylýan XVIII asyrda ýaşan ýazyjy. Robinzon syýahatlary gowy görýän gahryman. Onuň ýeke-täk ýalňyz özüniň bir adada galyşy we zähmetsöýerligi, ruhubelentligi bilen halas bolşy hakyndaky teswirlemeler.
Jonatan Swift, iňlis ýazyjysy. „Gulliweriň syýahaty” romany – 2 sagat.
Romanyň baş gahrymany, gämi lukmany Lemuel Gulliweriň bilesigelijiligi, onuň bilime höwesi, täze ýurtlary görmek arzuwlary, kiçijik adamlaryň, ýagny liliputlaryň, äpet adamlaryň, gepleýän atlaryň ýurtlaryna barmagy. Gulliweriň ynsanperwerligi.
Žýul Wern, fransuz ýazyjysy. ”Kapitan Grantyň çagalary” (romandan bölek) – 2 sagat.
Romanda heläkçilige duçar bolan kapitan Grantyň gözlegine çykan batyr adamlaryň keşpleriniň berlişi. Gäminiň eýesi Glenerwan, maýor Mak-Nabs, kapitan Jon Mangls, alym-geografiýaçy Paganel we başgalaryň dürli başdan geçirmeleri, olaryň ýiten deňizçileri tapmak üçin dogumlylyk we janaýamazlyk bilen hereket edişleri, olaryň öz bilim başarnyklaryndan ezberlik bilen peýdalanyşlary.
Edebiýat teoriýasy. Roman barada düşünje.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Dünýä edebiýatynyň nusgalary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Eserleri öwrenmek üçin jemi – 78 sagat.
Labyzly okuw we sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 7 sagat.
Beýannama we düzme ýazmak üçin – 9 sagat.
Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklary – 8 sagat.
Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:
Magtymguly. «Näler görner», «Habar ber! Şeýledir».
Kätibi. «Seniň üstüňde».
Misgingylyç. «Daglar».
Durdy Gylyç. «Bökdemäň meni!»
P. Nurberdiýew. «Ädigimiň ýoly».
A. Atajanow. «Näbelli gahrymana».
Ç. Aşyrow. «Ermeni gyzy».
B. Hudaýnazarow. «Bilezik».
M. Seýidow. «Rubagylar».
G. Ezizow. «Bir dosty Kiýewde ýazyldy ýere...»
Jelaleddin Rumy. «Alym we gämiçi».
Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:
Türkmen edebiýatynyň altyn hazynasy. – Aşgabat, 2002.
Oguznama. – Aşgabat, 1990.
Gorkut ata. – Aşgabat, 1990.
Saýatly – Hemra. – Aşgabat, 2005.
Nejep oglan. – Aşgabat, 1960.
Magtymguly. – Aşgabat, 2011.
A. Atajanow. Men size barýan. Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 1978.
B. Hudaýnazarow. Mertebe. Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 1995.
Mir Amman. Dört derwüş. – Aşgabat, 1964.
Kyrk gyz. Garagalpak halk gahrymançylyk eposy. – Aşgabat, 1958.
Ferdöwsi. Şanama. Poemalar. – Aşgabat, 1962.
Jelaleddin Rumy. Bolşuň ýaly görün! – Aşgabat, 1996.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar, I kitap – Aşgabat, 2007.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar, II kitap – Aşgabat, 2007.
VIII SYNP (102 sagat) Giriş (1 sagat)Edebiýat we durmuş. Çeper edebiýatyň predmeti.
Türkmen halk döredijiligi (14 sagat)Eposlar.
«Gorkut ata» eposy – 1 sagat.
Eposda türkmenleriň – oguzlaryň başdan geçiren taryhy eýýamlarynyň Gorkut atanyň çeper hekaýalarynda beýan edilişi.
«Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek» - 2 sagat.
Bu boýda Baý Bugra Begiň oglunyň edermenlik görkezip, Gorkut atanyň oňa at dakmagy, onuň Banu Çeçegi oguz däbine görä, bäsleşikde ýeňip almagy baradaky teswirlemeler.
«Döwhe goja ogly Däli Domrul boýuny beýan eder» - 2 sagat.
Bu boýda wepalylygyň, ynsanperwerligiň ündelip, men-menligiň ýazgarylyşy. Eseriň dili, çeperçiligi, ähmiýeti.
«Görogly» eposy – 1 sagat.
«Görogly» eposy türkmen halkynyň edebi ýadygärligidir.
Eserde halkyň durmuşy, däp-dessurlary, erkinlik, asudalyk ugrunda göreşi. Mertligiň, dostlugyň, söýginiň, halkyň geçmişiniň şahyrana suratlandyrylyşy.
Eposyň gahrymanlar ulgamy. Görogly we Jygaly beg. Görogly we onuň kyrk ýigidi.
Eserde aýal-gyzlar: Gülendam, Agaýunus, Harmandäli, Aýsoltan.
Hüňkär bilen Reýhan arabyň keşpleri, olaryň zalymlygy. Eserde adalatyň üstün çykmagy.
«Harmandäli» şahasy – 2 sagat.
Bu şahada Göroglynyň Agaýunus periniň pendini alman, men-menlik edişi, şol sebäpli Harmandäliden ýeňilmegi. Harmandäliniň keşbi arkaly türkmen gelin-gyzlarynyň güýje, akyl-paýhasa baýlygynyň görkezilişi. Eserde aýdym-saz sungatyna berilýän orun, Aşyk Aýdyň piriň keşbi. Eserde pähim-paýhasyň, sungatyň güýji bilen ýeňiş gazanylmagy.
Dessanlar.
«Şasenem – Garyp» dessany – 3 sagat.
Dessanyň mazmuny, halkylygy, gahrymanlary. Şasenemiň, Garybyň, Şaapbasyň keşpleri. Maşgala bolmak, ynsanyň päk söýgüsi, maksada okgunly bolmak ýaly parasatly pikirleriň aýdyň beýan edilişi.
Dessanyň gurluşy, dili, çeperçiligi, ähmiýeti. Dessan bagşylaryň dilinde. «Şasenem – Garyp» sahna sungatynda.
Edebiýat teoriýasy. Dessan we dessançylar hakynda düşünje.
«Hüýrlukga – Hemra» dessany – 2 sagat.
Dessanyň mazmuny we gurluşy. Dessanda hereket edýän durmuşy we hyýaly keşpler. Dessanyň bagşylar tarapyndan aýdylyşy.
Türkmen halk döredijiligi boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Türkmen halk döredijilik eserleri we onuň terbiýeçilik ähmiýeti.
Türkmen edebi ýazuw ýadygärlikleri (6 sagat)Türkmen edebi ýazuw ýadygarlikleri, olaryň halk döredijiligi eserlerinden tapawutly taraplary barada düşünje – 1 sagat.
«Diwan lugat-et türk» - 1 sagat.
(«Türki dilleriň diwany») – gymmatly edebi ýadygärlik. «Diwanyň» ylmy taýdan hem, edebi nukdaýnazardan hem türkmen halkynyň, onuň diliniň, däp-dessurynyň, medeniýetiniň gadymydygyny görkezmekde tutýan orny. Onda agzybirlik, myhmansöýerlik, hünäre ugrukmak, ulyny, halypany sylamak, ile-güne ýagşylyk etmek, mertlik-namartlyk baradaky pähimleriň beýany. «Diwanyň» taryhy ähmiýeti.
«Kowusnama» - 2 sagat.
«Kowusnama» – öwütler kitaby. Onda atanyň öz ogluna beren öwüt-nesihatlarynyň beýany, onuň terbiýeçilik gymmaty.
Ýusup Balasagunly. «Bilimnama» («Kutadgu bilig») eseri – 2 sagat.
Ýusup Balasagunlynyň (Ýusup Has Hajybyň) ömri, döredijiligi.
Eseriň döreýşi, onuň gurluşy, dili, çeperçiligi. Ylymly, bilimli bolmagyň peýdasy barada öwüt-ündew berilýän baplary. Eseriň öz ýazylan döwrüniň durmuşyny, jemgyýetçilik gurluşyny, dilini, edebiýatyny öwrenmekdäki ähmiýeti.
Türkmen nusgawy edebiýaty (15 sagat)Garajaoglan. Goşgular – 2 sagat.
„Biziň illere“, „Ýat ile gitme“. Goşgularda il-ýurt, Watan mukaddesligi barada pikirler, arzuwlar. Goşgularyň dili, çeperçiligi.
Döwletmämmet Azady. „Perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlary barada“ („Wagzy-Azat“ eserinden bölek) – 2 sagat.
Perzendiň ata-enä dil bilen, hereket bilen, ýürek bilen, mal bilen bitirmeli kyrk borjy barada.
Magtymguly Pyragy. Goşgular – 2 sagat.
«Baş bolmaň!», «Oturyp-turşun görüň!». Goşgularda şahyrana oýlanmalaryň pelsepeleýin esasy. Goşgularyň çeperçilik gymmaty. Goşgularda öwüt-nesihat, ahlak meseleleriniň goýluşy.
Myrat Talyby. Goşgular – 2 sagat.
Myrat Talybynyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Gezme ýyrtyk jinde bile!», «Dilşady men». Şahyryň goşgularynyň temasy, çeperçiligi.
Abdyrahym Zynhary. Goşgular – 2 sagat.
Abdyrahym Zynharynyň ömri, döredijiligi.
«Barypdyr», «Akyl-huşy ýagşydyr». Şygyrlarda durmuşyň dogruçyl beýany. Goşgularyň çeperçiligi.
Aşyky. «Bolmasa» goşgusy – 1 sagat.
Aşykynyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Bolmasa» goşgusy. Goşguda perzent, dogan-garyndaş, mylakatly aýal, mertlik, namartlyk baradaky pähim-paýhaslar, öwüt-nesihatlar.
Döwletmämmet Balgyzyl. «Bibiniň» goşgusy – 1 sagat.
Döwletmämmet Balgyzylyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Bibiniň» goşgusy. Goşguda aýal-gyzlaryň gowy sypatlarynyň çeper beýany.
Baýram şahyr. «Şaglap iner bürgütleri» goşgusy – 1 sagat.
Baýram şahyryň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Şaglap iner bürgütleri» goşgusy. Goşguda mert ýigitleriň, gözel tebigatyň waspy.
Dosmämmet. «Dözmenem» goşgusy – 1 sagat.
Dosmämmediň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Dözmenem» goşgusy. Goşguda zenan gözelliginiň waspy. Goşgynyň bagşylar tarapyndan aýdym edilip aýdylyşy.
Türkmen nusgawy edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgulary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
XX asyr türkmen edebiýaty (28 sagat)Berdi Kerbabaýew. «Amyderýa» poemasy – 2 sagat.
Eserde Amyderýanyň bol suwuny Garagum çölüne getirmek, türkmen çölüni gülzarlyga öwürmek baradaky halk arzuwynyň şahyrana beýany.
Hajy Ysmaýylow. «Mugallymyň gyzy» powesti – 3 sagat.
Eserde şäherde okap terbiýe alan gyzyň obada bolup görmegi, obaly deň-duş oglan-gyzlaryny köpçülik işlerine çekmegi. Eserde hünärli bolmak, Watanyňa hyzmat etmek meseleleriniň goýluşy.
Ata Köpekmergen. Goşgular. Şorta sözler – 2 sagat.
«Obam», «Daglar» goşgulary.
Şahyryň adyna aýdylýan şorta sözler. «Orta bor-da!», «Meniň öýümi soradyň», «At dakyp bilmeris».
Gurbandurdy Gurbansähedow. “Kärizden çykan adam” hekaýasy -2 sagat.
Hekaýanyň döreýiş taryhy. Eserde 1937-nji ýylyň pajygaly wakalarynyň suratlandyrylyşy.
Çerkez Durdyýew we onuň elhenç ykbaly. Hekaýada stalinçilik köpçülikleýin jezalandyrylyşyň näletlenilişi.
Kerim Gurbannepesow. „Aýal bagşy“ poemasy – 2 sagat.
Halk arasynda öňden bar bolan aýal bagşy baradaky rowaýatyň şahyr tarapyndan döredijilikli işlenilişi. Eseriň gahrymanlary.
Türkmen halkynyň aýdym-saza, sungata goýan sarpasy. Eserde türkmen aýdym-saz sungatynyň wekilleriniň atlarynyň gabat gelmegi.
Seýitnyýaz Ataýew. „Maýagözel“ powesti – 2 sagat.
Eserde Beýik Watançylyk urşy barada. Ýaşlyk döwürleri uruş ýyllaryna gabat gelen türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň durmuş ykbaly. Eserde päk söýgi, watançylyk duýgularynyň çeper beýany.
Sapargeldi Annasähedow. «Göroglynyň gözleginde» powesti – 3 sagat.
Eserde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy, onuň çagalyk dünýäsi, ýaşlygyndan aňynda şinelän türkmen döwleti, döwletliligi, agzybirligi baradaky arzuwlaryň beýany.
Arap Gurbanow. «Gülnar» powesti – 2 sagat.
«Gülnar» powesti. Urşuň adamzadyň başyna salan külpeti. Eserde ynsanperwerlik, söýgi, maşgala meseleleri. Eseriň baş gahrymany Gülnaryň obrazynda milli häsiýet.
Rahman Gelenow. «Ganatly aýdymlar» powesti – 2 sagat.
Eserde Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň gysga ömründe türkmen aýdym-saz sungatyna goşan goşandynyň durmuşy esasda çeper beýan edilmegi. Orazgeldiniň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelen çagalyk we ýetginjeklik döwürleri. Onuň ýaşlygyna garamazdan, halal zähmete ugrukmagy we il-güni, obadaşlaryny, işdeş ýoldaşlaryny aýdym-sazy bilen ruhlandyrmagy.
Ýazyjynyň öz çagalyk dosty Orazgeldä belent sylag-sarpasy. Türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyna, sungat ussatlaryna söýgüsi.
Ýazmyrat Mämmediýew. „Ene toprak“ romany – 2 sagat.
Eserde ata Watana, ene topraga bolan söýginiň görkezilişi. Päk söýgi, söýgä wepalylyk meselesi.
Şirinjemal Geldiýewa. «Laçyn» powesti – 2 sagat.
Eserde oba durmuşynyň görkezilişi. Ýaşlaryň okap bilim almak höwesi.
Oraz Akmämmedow. «Bir gulakly hossar» komediýasy – 2 sagat.
Oba ýaşlarynyň durmuşyndan söz açýan bu eseriň gyzykly, gülküli wakalaryň üsti bilen beýan edilmegi. Töhmetçileriň öz pyssy-pyjurlyklarynyň üstüniň açylmagyndan gorkup gülkünç ýagdaýa düşmegi.
Edebiýat teoriýasy. Komediýa barada düşünje.
Italmaz Nuryýew. «Çapyksuwar» goşgusy – 1 sagat.
Goşguda at çapyşygynda ozmak arzuwynyň üsti bilen ýaşaýyşda, durmuşda öňe gitmek, maksadyňa ýetmek baradaky pikirleriň çeper beýan edilişi.
Kakabaý Ylýasow. «Köl» goşgusy – 1 sagat.
Goşguda şahyrana hyýalylyk, tebigatyň janly keşpde suratlandyrylyşy.
XX asyr türkmen edebiýaty we onuň terbiýeçilik ähmiýeti.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty (7 sagat)Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» romanyndan bölek we “Paýhas çeşmesi” kitaby – 3 sagat.
Eseriň “Ýagşy niýet - ýarym döwlet” bölüminde okuwa, bilime we ýagty geljege bolan yhlasyň beýan edilişi.
Türkmen topragynda köne mekdebiň gurluşy, ilatyň gün-güzerany, bilime bolan teşneligi.
Hesel enäniň agtygy Berdimuhamet Annaýewe bolan mähir-muhabbeti, onuň agtygynyň bilimli, tertipli bolmagy baradaky aladalary.
Berdimuhamet Annaýewiň köne mekdepbe okaýşy, onuň ýoldaşlaryna, taş-töwereginde bolup geçýän wakalara garaýşy hem-de onuň şahsyýet hökmünde kemala gelşi, türkmen durmuşynda bilime, röwşen geljege bolan ynam.
“Paýhas çeşmesi” kitabynda edep-terbiýe hakyndaky nakyllar we olaryň durmuş esaslary.
Annaberdi Agabaýew. «Seýliň mübärek, ildeş!» goşgusy – 1 sagat.
Annnaberdi Agabaýewiň ömri we döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Seýliň mübärek, ildeş!» goşgusy. Goşguda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk almagy bilen, taryhyň dürli döwürlerinde dürli sebäpler bilen dünýä ýurtlaryna ýaýran türkmen kowumlaryň, arkadaşlaryň ata Watana sapara, seýle gelmekleriniň mübäreklenişi. Goşgynyň çeperçilik gymmaty.
Kakajan Aşyrow. «Oguz oýny» pýesasy – 2 sagat.
Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen, dramaturgiýanyň milli esaslardan ugur almagy, milli teatr sungatynyň ilkinji ädimleri. Dramaturgiýada, režissurada we aktýorlyk sungatynda gazanylan üstünlikler.
«Oguz oýny» pýesasy. Onuň «Gorkut ata» eposynyň boýlary esasynda ýazylyşy. Eseriň ata-baba milli gymmatlyklary orta çykarmakdaky roly. Eseriň terbiýeçilik ähmiýeti.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýatynyň terbiýeçilik ähmiýeti.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar (18 sagat)Abaý Kunanbaýew, gazak şahyry. «Isgender» poemasy – 2 sagat.
«Isgender» poemasy. Poemada Isgender patyşanyň basybalyjylykly ýörişleri, baýlykdan, şan-şöhratdan gözüniň doýmaýşy, men-menligi we soňra bir şähere (Allanyň dergähine barylýan şäher) baryp, oňa girebilmän, yza tesişi. Eserde ynsan ömrüniň, ene topragyň ähli baýlykdan, altyn-kümüşden gymmatlygynyň ündelişi.
Edebiýat teoriýasy. Poema hakynda düşünje.
„Kalilla we Dimna” eposyndan bölek. „Ýolbars we öküz” – 2 sagat.
„Pançatantra” („Bäş kitap”) atly gadymy hindi eposy. Onuň esasy kitaby bolan „Kalila we Dimnanyň” Ibn al Mukaffa tarapyndan VIII asyrda pehlewi dilinden arap diline terjime edilişi.
Gadymy türkmen-hindi gatnaşyklary. «Kalilla we Dimnanyň» VI asyrda Sasaniler döwletiniň şasy Anuşirwanyň tagallasy bilen Türkmenistana aralaşmagy. Eposyň öwüt-nesihat mazmuny, gyzykly ertekilerdir rowaýatlara baýlygy.
„Ýolbars we öküz”. Bu bapda iki dostuň arasyny bir bihaýa ýalançynyň bozuşy barada söhbet.
Nyzamy Genjewi. «Mejnun jerenleri boşadýar». «Hekaýa» («Leýli-Mejnun» poemasyndan bölekler). «Bähramyň Pitne bilen awa gidişi» («Ýedi gözel» poemasyndan) – 2 sagat.
Gündogar edebiýatynyň beýik söz ussady, şahyr Nyzamy Genjewiniň ömri we döredijiligi. Onuň eserlerinde öwüt-nesihatyň tymsallardyr hekaýatlar arkaly berlişi. Hekaýatlarda ynsanperwerligiň, tebigata, onuň janly-jandarlaryna söýginiň, pähim-parasatlylygyň wasp edilişi.
Abdyrahman Jamy. «Altyn zynjyr», «Baharystan» - 2 sagat.
Gündogaryň beýik danasy Abdyrahman Jamynyň ömri, döredijiligi. Onuň esasy eserleri, olaryň terbiýeçilik ähmiýeti. Eserlerde beýik akyldaryň aýdan pähimleri, belli şahyrlar baradaky maglumatlar. Eserde söýgi, sahawatlylyk we asyllylyk baradaky pikirler.
Musa Jelil, tatar şahyry. «Moabit türmesinde ýazylan goşgular» - 2 sagat.
Musa Jeliliň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Aýdymlarym», «Guşjagaz» goşgulary.
Eserleriň faşist zyndanynda ýazylmagy. Urşa ýigrenç, azat-erkin durmuşa söýgi.
Edebiýat teoriýasy. Eseriň gahrymanlary we liriki gahryman hakynda düşünje.
Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, rus ýazyjysy. Goşgular – 3 sagat.
«Enekäme». Goşguda ynsanperwerlik, şahyryň öz enekesine mähir we söýgä ýugrulan tarypnamasy.
«Gyş gijesi». Tebigatyň çeper keşbi.
„Ädikçi“ (Tymsal). Eserde her kimiň diňe öz bilýän, baş çykarýan zady barada maslahat bermeginiň ýerlikli boljakdygy hakda ädikçiniň keşbiniň üsti bilen gürrüň edilmegi.
„Jeňňel ygşyldaýar...“ Durmuşda her bir zada örän seresap çemeleşilmelidigi, ýogsam soň düzedip bolmajak ýagdaýlaryň üstünden barylmagynyň mümkindigi baradaky pikiriň tebigat hadysalarynyň, sarç sugunyň hereketiniň üsti bilen berlişi.
«Pähimli Oleg hakynda aýdym». Goşguda knýaz Olegiň pal atdyryşy.
Edebiýat teoriýasy. Eseriň gahrymanlary we liriki gahryman hakynda düşünje.
Taras Grigorýewiç Şewçenko, ukrain şahyry. Goşgular – 2 sagat.
Taras Şewçenkonyň ömri, döredijiligi. Onuň durmuşynyň belli bir döwürleriniň Türkmenistan bilen baglanyşykly bolmagy.
«Wesýet», «Böwürslenlik, tikenlik...» Goşgularda watansöýüjilik, erkinlik we ynsanperwerlik pikirleri.
Robert Luis Stiwenson, iňlis ýazyjysy. «Hazynalar adasy» romany – 2 sagat.
Robert Luis Stiwensonyň ömri, döredijiligi.
«Hazynalar adasy» romany. Onda Jim Hokins atly oglanjygyň başdan geçirmeleri, onuň howply ýagdaýlarda özüni ýitirmezligi, batyrlygy we adalatyň tarapynda durmagy.
Romanda garakçylaryň suratlandyrylyşy. Hazyna üçin göreşiň netijesi. Romanda ahlak meseleleriniň goýluşy.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Dünýä edebiýatynyň nusgalary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Eserleri öwrenmek üçin jemi – 89 sagat.
Beýannama we düzme ýazmak üçin – 9 sagat.
Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklary – 4 sagat.
Jemi – 102 sagat.
Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:
Türkmen halk döredijiliginden nusgalar.
Garajaoglan. «Biziň illere», «Gyrmyzy».
Musa Jelil. «Guşjagaz»
Taras Şewçenko. «Wesýet».
Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:
Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer». – Aşgabat, 2011.
Türkmen şahyrana halk döredijiligi. – Aşgabat, 2003.
Gorkut ata. – Aşgabat, 1999.
Görogly. – Aşgabat, 1990.
Şasenem – Garyp. – Aşgabat, 1959.
Huýrlukga – Hemra. – Aşgabat, 1979.
Kowusnama – Aşgabat, 1986.
Döwletmämmet Azady. – Aşgabat, 2011.
Musa Jelil. Moabit türmesinde ýazylan goşgular. – Aşgabat, 1966.
T. Şewçenko. Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 1961.
R. L. Stiwenson. Hazynalar adasy. – Aşgabat, 1979.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar, I kitap – Aşgabat, 2007.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar, II kitap – Aşgabat, 2007.
IХ SYNP (102 sagat) Giriş (1 sagat)Çeper edebiýat – söz sungaty, onuň adamzadyň ruhy baýlygy hökmündäki hyzmaty.
Dünýä akyldarlary, söz ussatlary çeper edebiýat barada.
Türkmen halk döredijiligi (21 sagat)Türkmen halk döredijiliginiň şygyr görnüşleri.
Nakyllar – 1 sagat.
Nakyllaryň dürli temalara bölünişi. Olarda Watan, ata-ene, dogan-garyndaş, dostluk, agzybirlik, zähmetsöýerlik, ahlak, ylym, bilim, sungat... barada aýdylýan parasatly pikirler, olaryň ähmiýeti.
Nakyllar hem-de atalar sözi. Nakyllaryň çeperçiligi.
Matallar – 1 sagat.
Matallaryň manysy, aýratynlygy we ähmiýeti.
Läleler – 1 sagat.
Läleleriň ýerine ýetirilişi taýyndan bölünişi, görnüşleri, düzülişi. Lälelerde ynsan duýgusynyň, durmuşynyň şahyrana berlişi.
Hüwdüler – 1 sagat.
Hüwdüleriň ýerine ýetirilişi, aýratynlygy. Olaryň çaga terbiýesindäki ähmiýeti.
Monjugatdylar – 1 sagat.
Monjugatdylaryň gadymylygy, aýratynlygy (aýdylýan wagty), ýerine ýetirilişi. Olaryň manysy, ähmiýeti.
Küştdepmeler – 1 sagat.
Küştdepmäniň döreýiş taryhy, ýerine ýetiriliş aýratynlygy, görnüşleri. Küştdepmelerde durmuş hakykatynyň çeper beýany.
Türkmen halk döredijiliginiň kyssa görnüşleri.
Ertekiler – 2 sagat.
Ertekiler, olaryň döreýşi, toparlara (haýwanlar hakyndaky, durmuşy, hyýaly) bölünişi, aýdylyş özboluşlylygy barada maglumatlar. Ertekiniň terbiýeçilik ähmiýeti.
«Düýe Bahaweddiniň ogly», «Mämmetjan», «Garybyň gyzy Güljahan», «Ejekejan» ertekileri. Ertekileriň durmuş esasy. Olarda ynsana mahsus bolmaly gowy gylyk-häsiýetler, zähmetsöýerlik, ugurtapyjylyk, ynamlylyk we beýleki häsiýet aýratynlyklary hakyndaky parasatly pikirleriň, ündewleriň beýan edilişi.
Dessanlar – 1 sagat.
Dessanlar, olaryň halkyň durmuşyny, däp-dessurlaryny, medeniýetini görkezmekdäki orny, ähmiýeti. Hyýaly we durmuşy dessanlar.
«Asly – Kerem» dessany – 2 sagat.
Dessanda päk söýgi, söýgä wepalylyk meseleleri.
«Gülpam» dessany – 2 sagat.
Dessanda Soltansöýün Baýkaranyň, Alyşir Nowaýynyň, Gülpamyň keşpleri, pähim-paýhaslylyk häsiýetleriniň gyzykly wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilişi.
Eposlar – 1 sagat.
Eposlar. «Oguznama», «Ergenokon», «Syrak», «Gorkut ata», «Görogly» eposlary barada.
«Oguznama» eposy – 2 sagat.
Eposda halkyň taryhy, il-ýurt bilen bagly wakalaryň beýan edilişi. «Oguznamanyň» dürli nusgalary.
«Gorkut ata» eposy – 2 sagat.
«Gorkut ata» oguz türkmenleriniň gahrymançylykly eposydyr. Eposda il-ýurduňy, ata-eneňi söýmek, arly-namyslylyk, edep-ekramlylyk we beýleki meseleleriň çeper beýany.
«Görogly» eposy – 2 sagat.
Eposda türkmen halkyna mahsus ajaýyp gylyk-häsiýetleriň, däp-dessurlaryň aýdyň beýan edilişi, türkmen agzybirliginiň, watançylygynyň görkezilişi.
«Kyrk müňler», «Bezirgen» şahalary.
Eposyň halk arasynda söýlüp okalyşy, meşhurlygy.
Türkmen halk döredijiligi boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Türkmen halk döredijilik eserleri we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Türkmen edebiýatynyň taryhy (30 sagat)Giriş – 1 sagat.
Türkmen edebiýatynyň taryhy. Edebiýatyň jemgyýetiň ösüşi bilen baglanyşygy. Türkmen edebiýaty Oguz han türkmenden şu güne çenli halkyň durmuşynyň çeper suratlandyrylmasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen we dünýä edebiýatyny, geçmiş edebi mirasymyzy öwrenmek, täze Galkynyş eýýamynyň kämil türkmen edebiýatyny döretmek baradaky aladalary.
I. Gadym türkmen edebiýaty (Biziň eýýamymyzdan öňki döwürlerden biziň eýýamymyzyň 650-nji ýyllaryna çenli).
Gysgaça syn – 1 sagat.
Gadymy eýýamyň türkmen edebiýaty, sungaty, edebi ýadygärlikleri, jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy. Oguz han. «Oguznama», «Ergenokon», «Tumar», «Syrak» dessanlary we beýleki eserler. Olaryň many-mazmuny. Olar baradaky maglumatlaryň saklanan çeşmeleri. Bu eýýamyň türkmen edebiýatynyň öwrenilişi.
II. Gadym (biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyndan – IX asyra çenli) türkmen edebiýaty.
Gysgaça syn – 1 sagat.
Bu eýýamyň edebiýaty, sungaty, edebi ýadygärlikleri (oguz-türkmen ýazgylary, «Gorkut ata» kitaby...), şahyrlar hem alymlar (Abdylla al-Merzewi, Muhammet al-Horezmi, Abu Magşar Horasany, Baýezit Bistamy...), jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy. Bu eýýamyň türkmen edebiýatynyň öwrenilişi.
Oguz-türkmen (Orhon-Ýeniseý) ýazgylary – 2 sagat.
Bilge kaganyň, Kul teginiň, Tonýukukyň mazar daşlarynyň ýüzüne oýulyp ýazylan ýazgylar, olaryň türkmen halkynyň geçmiş durmuşyny, taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýeti bolan taryhy çeper ýazgylardygy barada.
III. Orta (X – XVI) asyrlar türkmen edebiýaty.
Gysgaça syn – 2 sagat.
Bu eýýamda türkmenleriň ýaşaýşy, sungaty, edebi durmuşy. Bu eýýamyň edebiýaty, edebi ýadygärlikleri. Şahyrlar hem alymlar: Mahmyt Kaşgarly, Emir Muezzi, Ýusup Balasagunly, Enweri, Wepaýy, Hoja Ahmet Ýasawy, Gul Süleýman, Aly Mir hoja, Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Rabguzy, Ahmet Burhaneddin Siwasly, Seýit Nesimi, Muhammet Fizuly, Mähri Hatyn-Mährinisa, Muhammet Baýram han türkmen, Abdyrahym han-hanan... Olaryň ömri we döredijiligi barada gysgaça teswirlemeler.
Bu eýýamyň türkmen ruhy edebiýatynyň öwrenilişi.
Ýunus Emre. Goşgular – 3 sagat.
Ýunus Emräniň ömri we döredijiligi.
Ýunus Emre we Jelaleddin Rumy.
Şahyryň «Hiç kim halym bilmez meniň», «Geldi-geçdi ömrüm meniň», «Ýalançy dünýäge gonup göçenler», «Salam bolsun!», «Olur degil», «Ömrüm seni», «Muhammet» goşgulary. Şahyryň adam, ömür, dünýä barada ajaýyp pikirleri. «Meňzär», «Gel, dosta gideli, köňül!», «Dost işi» goşgularynda dostluk, ylahy söýgi duýgulary.
Ýunus Emräniň edebiýat taryhyndaky orny.
Muhammet Baýram han. Şygyrlar – 3 sagat.
Muhammet Baýram han türkmeniň ömri we döredijiligi.
«Baharny gör!», «Ýarmuhammet», «Tapylmas», «Bilmes men», «Saçyň», «Gözleriň» diýen gazallarynda watançylyk, mertlik, dostluk, söýgi. Şygyrlaryň ähmiýeti.
Baýram han – meşhur türkmen şahyry, harby serkerde, han-hanan, jemgyýetçilik işgäri.
VI. XVII-XVIII asyrlaryň türkmen edebiýaty
Gysgaça syn – 2 sagat.
XVII-XX asyrlarda türkmenler. Olaryň ýaşaýşy, medeniýeti, edebi durmuşy.
XVII asyr türkmen edebiýatynyň şahyrlary we alymlary – Berhurdar türkmen, Garaja oglan, Sopy Allaýar, Bidil, Nurmuhammet Andalyp... Olar barada gysgaça maglumat.
Garaja oglan. Goşgular – 4 sagat.
Garaja oglanyň ömri we döredijiligi.
Goşgularynda il-ýurt, watançylyk: «Biziň illere», «Melewşe», «Aýralyk», «Alanlar hany?»; yşk-söýgi meselesi: «Jandan zyýada», «Gülüm bar diýe», «Senden zyýada», «Säher ýeli», «Gyrmyzy». Olaryň manysy, durmuşlylygy hem täsirliligi.
Garajaoglanyň edebiýat meýdanyndaky orny.
Nurmuhammet Andalyp. Goşgular. Dessanlar – 10 sagat.
Nurmuhammet Andalybyň ömri we döredijiligi.
Andalybyň goşgulary, tahmyslary. Şahyryň şygyrlarynda taryh, ynsaperwerlik, öwüt-nesihat.
«Oguznama», «Nesimi», «Kyssaýy-Fyrgun» poemalary.
«Ýusup-Züleýha» dessany. Dessanyň döredilişi. «Ýusup-Züleýha» sýužeti, onuň nusgalary Gündogar edebiýatynda. Dessanda mukaddes söýgi, onuň haýyr hem şer işler bilen baglanyşdyrylyşy. Dessanda watançylyk, dogruçyllyk, parahatçylyk, adalatlylyk pikirleri.
Dessanyň gahrymanlar ulgamy. Ýusup-ýedi hak aşygyň biri, gözelligiň nusgasy. Ýusubyň obrazynyň rowaýata öwrülişi.
Dessanyň özboluşlylygy, ähmiýeti.
«Leýli-Mejnun» dessany. Dessanda wakalarynyň we gahrymanlarynyň taryhy. Onuň mazmuny we wepalylyk pikirleri. «Leýli-Mejnun» dessanynyň köp görnüşliligi. Andalybyň «Leýli-Mejnun» dessanynyň özboluşlylygy.
Dessanyň gahrymanlar ulgamy. Leýli. Onuň wepalylygy, durnuklylygy, salyhatlylygy. Leýli hem Şasenem. Mejnun. Onda söýgä wepalylyk, durnuklylyk. Onuň takdyra berilmek, ýazgyda ynanmak ýaly häsiýetleri. Mejnun hem Garyp
Dessanyň gurluşy, dili. Dessan bagşylaryň dilinde. «Leýli-Mejnun» biziň döwrümizde.
Nurmuhammet Andalyp – ussat dessançy.
Edebiýat teoriýasy. Edebiýatda däp we täzeçillik hakynda düşünje.
Türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Türkmen edebi eserleri we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty (13 sagat)Garaşsyzlyk eýýamynyň poeziýasy – 1 sagat.
Garaşsyzlyk eýýamynyň poeziýasy we poeziýa eserleri. Berdinazar Hudaýnazarow, Annaberdi Agabaýew, Atamyrat Atabaýew, Gözel Şagulyýewa, Sona Ýazowa, Bibi Orazdurdyýewa. Bu ýazyjy-şahyrlaryň poeziýa eserlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, täze eýýamyň taglymatynyň, öňe çykaran täze gymmatlyklarynyň şöhlelenişi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Paýhas çeşmesi” kitabynyň şahyranalygy. Edep-terbiýe, ahlaky ündewlere degişli nakyllaryň many-mazmuny.
Gözel Şagulyýewa. Poemalar – 2 sagat.
Gözel Şagulyýewanyň döredijiligi.
«Ak kepderi», «Ak güller» poemalary. Bu poemalarda şahyryň türkmen halkyny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne ýetiren Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa halkyň adyndan edýän çäksiz alkyşlary. Eserlerdäki duýguçyllyk.
Atamyrat Atabaýew. Goşgular we poemalar – 2 sagat.
«Garaşsyz» goşgusy. Goşguda 1991-nji ýylyň güýzünde berkarar bolan türkmen Garaşsyzlygyna guwanç hem-de buýsanç duýgulary. Bu goşgynyň türkmen Garaşsyzlygyna we türkmeniň ilkinji Garaşsyz döwletine bagyşlanan ilkinji eserleriň biri hökmündäki gymmaty.
«Dünýäniň hereketi bilimdir» poemasy. Şahyryň türkmen halkynyň bilime goýýan belent sarpasyny çeper formalaryň üsti bilen aňladyşy. Eseriň taglymy we çeperçilik aýratynlygy.
Garaşsyzlyk eýýamynyň prozasy – 1 sagat.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» romanynyň “Hakdan içen mugallym” bölüminden bölek – 3 sagat.
Mekdep mugallymy Berdimuhamet Annaýewiň Paraw obasyndan dogduk mekany Yzganda daýdyp gelmegi, onuň ýatlamalara gümra bolşy, onda mugallymyň bilim, terbiýe baradaky içgepletmeleriniň üsti bilen bilim ulgamynyň suratlandyrylyşy, onuň bilim beriş işini guraýşy, ýaş nesli bilimli etmek, durmuşy gowulandyrmak baradaky arzuwlarynyň ýerine ýetirilişi. Hakdan içen hakyky mugallymyň çeper keşbiniň ýüze çykyşy. Onda belli-belli şahsyýetleriň edebi keşpleriniň beýany. Hakyky mugallymyň belent wezipesi, beýik adamkärçilik mertebesiniň ör boýuna göterilişi.
Garaşsyzlyk eýýamynyň sahna eserleri – 1 sagat.
Garaşsyzlyk eýýamynda türkmen sahna sungatynyň ösüşi.
Kakajan Aşyrow. «Däli Domrul» pýesasy – 2 sagat.
Pýesanyň «Gorkut ata» eposynyň boýlary esasynda ýazylmagy. Eserde goýulýan möhüm meseleler. Pýesanyň baýlaşmagyna ýardam eden ertekileriň, halk rowaýatlarynyň mazmunyndan alnan epizodik sahnalar.
Edebiýat teoriýasy. Ritoriki ýüzlenme barada düşünje.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýaty we onuň terbiýeçilik ähmiýeti.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar (24 sagat)„Manas“. Gyrgyz halk eposy – 2 sagat.
Manasyň dogluşy. Manasa at goýluşy. Manasyň güýçli, batyr ýigit bolup ýetişmegi. Manasyň il-ýurduny duşmanlardan goraýşy.
Eposda perzent, il-ýurt, gahrymançylyk meseleleriniň beýan edilişi.
Eposda türkmen halk eposlaryndaka meňzeş käbir wakalaryň, pikirleriň gabat gelmegi.
Omar Haýýam. Rubagylar – 2 sagat.
Gündogaryň beýik danasy, şahyr we akyldar Omar Haýýamyň ömri we döredijiligi. Onuň rubagylarynyň gadymy däp-dessurlar bilen baglanyşygy. Rubagylarda durmuşa söýgi, halal ýaşamak, sözüňde durmak ýaly pikirler.
Şemseddin Muhammet Hafyz. Gazallar – 2 sagat.
XIV asyrda ýaşap geçen meşhur pars şahyry Hafyzyň ömri we döredijiligi. Onuň Gündogar edebiýatynda gazallary bilen meşhurlygy. Onuň gazallarynyň aýdyma öwrülişi. Hafyzyň goşgularynda ulanylan çeperçilik serişdeleri.
„Men çykdym daň säher bägül ýygmaga”, „Şirazly türki janan bize bir nazar salsa...” gazallary.
Türkmen nusgawy edebiýatyna Hafyzyň täsiri.
Saady Şirazi (Muslih – ad-din Abu Muhammet Abdullah ibn - Muşrif) „Bostan”, „Gülüstan” eserleri – 2 sagat.
XIII asyrda ýaşap geçen Gündogaryň akyldar şahyry Saady Şirazynyň ömri we döredijiligi. Saady Şirazy – galagoply döwrüň wekili.
Saadynyň öwüt-nesihat häsiýetli eserleri. ”Bossan” we ”Gülüstan” atly eserleri barada düşünje.
Saady gazal ýazmagyň ussady. Saadynyň gazallarynyň çeperçiligi.
Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, rus ýazyjysy. ”Dubrowskiý” powesti – 3 sagat.
Ýazyjynyň ömri we döredijiligi.
”Dubrowskiý” powesti. Iki goňşynyň arasyna tow düşmegi we onuň duşmançylyga öwrülmegi. Dubrowskiniň öz ynsan mertebesini goraýşy.
Anton Pawlowiç Çehow, rus ýazyjysy. Hekaýalar – 2 sagat.
A.P.Çehowyň ömri we döredijiligi.
«Kaştanka», «Ýogyn bilen inçe». Hekaýalaryň aýratynlygy, olarda her günki durmuş wakalarynyň gyzykly, täsin suratlandyrylyşy.
Migel de Serwantes Saawedra, ispan ýazyjysy. ”Don Kihot” romany (1-2 bölüm) – 2 sagat.
M.Serwantesiň ömri we döredijiligi. M.Serwantes – ispan edebiýatynyň Täzeden döreýiş döwrüniň – Altyn asyrynyň wekili. ”Don Kihot” romanynda ynsanperwerlik pikirleri. Päk ýürekli, sada, adamkärçilikli Don Kihotyň adamlara kömek etjek bolup, özüniň gülkünç ýagdaýlara düşmegi. Onuň ýarag göteriji hyzmatkäri Sanço Pansonyň gülkünç keşbi.
”Don Kihot” atly eseriň Ýewropada roman žanrynyň ösmegine täsiri.
Gi de Mopassan, fransuz ýazyjysy. Nowellalar –2 sagat.
Ýazyjynyň ömri we döredijiligi.
Mopassanyň ilkinji eserleri. «Tokgaja» atly hekaýasy. «Durmuş», «Eziz dost» atly romanlarynda fransuz jemgyýetiniň, durmuşynyň görkezilişi. Ýazyjynyň nowellalarynyň çeperçilik aýratynlyklary. Olarda durmuşyň dogruçyl, realizm usulynda görkezilişi.
«Göwher monjuk» nowellasy. Nowellada Matilda atly gelniň toýda dakynmak üçin wagtlaýyn alan monjugynyň ýitişi we ol monjugyň Matildanyň ykbalyna eden täsiri.
«Simonyň kakasy» nowellasy. Nowellada Simon atly oglanjyga kakasynyň ýoklugy zerarly mekdepde oglanlaryň azar berşi. Obanyň demirçi ussasy Filipp Reminiň Simona howandarlyk edişi. Eserde çaga psihologiýasynyň görkezilişi.
Çarlz Dikkens, iňlis ýazyjysy. “Dombi we ogly” – 2 sagat.
Ç.Dikkensiň ömri we döredijiligi. Ç.Dikkens realizm akymynyň görnükli wekili. Onuň romanlarynda durmuşyň görkezilişi.
“Dombi we ogly” romany. Onda jenap Dombiniň öz çagalaryna bolan garaýşy. Romanda baýlyk we adamkärçilik meseleleriniň görkezilişi.
Edebiýat teoriýasy. Realizm usulynyň aýratynlyklary.
Wilýam Şekspir, iňlis ýazyjysy. ”Korol Lir” tragediýasy – 2 sagat.
Wilýam Şekspiriň ömri we döredijiligi. Şekspiriň ýaşan döwri. Edebiýatda Täzeden döreýiş döwrüniň aýratynlyklary. Şekspiriň tragediýalarynyň aýratynlyklary.
”Korol Lir” tragediýasynda patyşa Liriň öz gyzlaryna patyşalyk mülküni paýlap berensoň, özüniň düşen güni, onuň dünýägaraýşynyň üýtgemegi we öz ýalňyşlaryna düşünmegi.
Edebiýat teoriýasy. Tragediýa barada düşünje.
Žan Batist Molýer, fransuz ýazyjysy. «Dworýanlykdaky meşşan» - 2 sagat.
Molýeriň ömri we döredijiligi. Onuň komediýalarynyň meşhurlygy.
«Dworýanlykdaky meşşan» komediýasy. Onda adamlaryň kemçilikleriniň, ýaramaz gylyklarynyň gülkünç edilip görkezilmegi. Baýan Žurdeniň adamlaryna meňzejek bolup, özüniň gülkünç ýagdaýa düşmegi.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Dünýä edebiýatynyň nusgalary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Eserleri öwrenmek üçin jemi – 89 sagat.
Düzme ýazmak üçin – 6 sagat.
Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklary – 7 sagat.
Jemi – 102 – sagat.
Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:
Türkmen halk döredijiliginden nusgalar.
Nesimi. «Bolmasyn!», «Halyň nedir?»
Omar Haýýam. Rubagylar.
Ýunus Emre. «Meňzär», «Gel, dosta gideli, köňül!»
Muhammet Baýram han. «Saçyň», «Gözleriň», «Tapylmas».
Garaja oglan. «Biziň illere», «Gyrmyzy», «Alanlar kany?», «Jandan zyýada».
Andalyp. «Jykyr».
Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:
Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer». – Aşgabat, 2011.
Türkmen şygryýetiniň dürdäneleri. – Aşgabat, 2004.
Dessanlar. «Hatamtaý», «Gülpam». Mekdep kitaphanasy. – Aşgabat, 2006.
„Asly-Kerem“. – Aşgabat, 1965.
Nurmuhammet Andalyp. Dessanlar. – Aşgabat, 1991.
Garaja oglan. – Aşgabat, 2006.
Ýunus Emre. Güldesse. – Aşgabat, 1992.
Ýunus Emre. Diwan. – Aşgabat, 2005.
Muhammet Baýram han. Şygyrlar. – Aşgabat, 1989.
Seýit Ymadutdin Nesimi. Saýlanan eserler. Üç tomluk. – Aşgabat, 1993.
Wepaýy. Rownak yl-yslam. – Aşgabat, 1991.
Manas. Gyrgyz halk eposy. – Aşgabat, 1990.
Omar Haýýam. Rubagylar. – Aşgabat, 1977.
Abdyrahman Jamy. Altyn zynjyr we beýleki eserler. – Aşgabat, 1990.
Abdyrahman Jamy. Baharystan. – Aşgabat, 1991.
Saady Şirazy. «Bossan».// «Edebiýat we sungat» gazeti, 12. 19.05.2000;
9.08.2000; 18.08.2000. «Diýar» žurnaly, 2003, №12.
Çehow. Kaştanka. Ýogyn we inçe. – Aşgabat, 1951.
M. Serwantes. Don Kihot. – Aşgabat, 1938.
G. Mopassan. Göwher monjuk. Nowellalar. – Aşgabat, 1961.
G. Mopassan. «Simonyň kakasy». Nowella.// «Garagum» žurnaly. 1996, №3.
Mähri Hatyn. Diwan. – Aşgabat, 2004.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar, III kitap – Aşgabat, 2008.
X SYNP (102 sagat) Giriş (1 sagat)Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen edebiýaty barada.
XVIII asyr türkmen edebiýaty (30 sagat)Gysgaça syn – 1 sagat.
XVIII asyrda Türkmenistanda jemgyýetçilik-syýasy ýagdaý, ykdysady we medeni durmuş. Bu döwrüň türkmen edebiýatynda milli döwletiň hem döwletliligiň ruhy binýadynyň goýlup başlanmagy (Döwletmämmet Azady. «Wagzy-azat» poemasy; Magtymguly. «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Döker bolduk ýaşymyz» goşgulary; Şeýdaýy. «Gözel ýigrimi bäş», «Saýran tillerim», «Türkmeniň ahwaly» goşgulary), goňşy halklar bilen edebi gatnaşyklar.
Magtymgulynyň edebi mekdebi, gazalçylyk, dessançylyk edebi däpleri. Bu ugurlar boýunça eser ýazan klassyk şahyrlar: Azady, Magtymguly, Şabende, Gaýyby, Magrupy we olaryň döredijiligi.
Döwletmämmet Azady. «Wagzy-azat» eseri – 3 sagat.
Azadynyň ömri. Azady — beýik şahyr Magtymgulyny terbiýeleýji.
«Wagzy-azat». Gysgaça syn. Eseriň baplary. Olarda il-ýurt, agzybirlik, döwlet we onuň adalatly şasynyň bolmagy baradaky pikirler. Baýlyk, garypyk, perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlary, ylym hem alymlar barada.
«Wagzy-azadyň» dili, gurluşy, onuň edebiýat taryhyndaky orny.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Döwletmämmet Azada goýulýan sarpa we onuň eserleriniň dünýä ýurtlaryna ýaýraýşy.
Edebiýat teoriýasy. Mesnewi hakynda düşünje.
Magtymguly Pyragy. Goşgular – 6 sagat.
Magtymgulynyň ömri we döredijiligi. Magtymguly we Gündogar edebiýaty.
Durmuşy, öwüt-nesihat, ahlaky goşgular. «Gözýaşyn döke başlady», «Janyna degmez», «Kyly-kal bolar», «Durasyň geler», «Çilimkeş», «Nas atan», «Gybatkeş», «Il ýagşy», «Bolar sen», «Paş eder seni», «Delalat ýagşy», «Salar guşun aňlamaz», «Ýaraşmaz», «Aýrylma!», «Käre döndi», «Ajap eýýam gelmedi».
Watançylyk, gahrymançylyk goşgulary. «Türkmeniň», «Ýeli Gürgeniň», «Hasar dagyndadyr», «Çowdur han», «Depe nedir, düz nedir?», «Öňi-ardy bilinmez», «Başy gerekdir», «Döker bolduk ýaşymyz», «Gözlärmen», «Mala seretmez», «Mert olmaz».
Yşk-söýgi temasy. «Gülzardan aýryldym», «Boýlaryňa», «Gözüm düşdi», «Uýat eýleýir».
Magtymgulynyň eserleriniň dili we çeperçiligi.
Magtymguly we halk döredijiligi.
Magtymguly we bagşylar.
Magtymguly – türkmen şahyrlarynyň halypasy.
Magtymgulynyň öwrenilişi. Magtymguly dünýä halklarynyň, alymlarynyň, ýazyjylarynyň dilinde. Magtymgulynyň türkmen edebiýatynyň we dünýä edebiýatynyň ösüş taryhyndaky orny.
Magtymgulynyň sarpasy, adynyň ebedileşdirilmegi.
Edebiýat teoriýasy. Edebiýatyň halkylygy.
Abdylla Şabende. Goşgular. «Gül – Bilbil» dessany – 4 sagat.
Şabendäniň ömri we döredijiligi.
Öwüt-nesihat, ahlak temasyndan şygyrlary: «Kim biler?», «Aşy bolmasa», «Ynsan ugraşsa», «Haty ýagşydyr».
Yşk-söýgi temasyndan goşgulary: «Gözelim», «Peri gördüm», «Jepa eýledi», «Meňli», «Dört gözel», «Tylla, seniň yşkyňda!».
Aýdyşyk-tapmaça şygyrlary: «Dagy bäş», «Wallasy kyrk».
Goşgularda öwredijilik, çeperçilik, duýguçyllyk.
«Gül – Bilbil», «Şabährem», «Hojamberdi han» dessanlary.
«Gül - Bilbil» dessany, onuň many-mazmuny. Dessanda Bilbiliň, Gülüň, Sala begiň,Galandaryň we Zeliliniň obrazlary. Dessanda gahrymançylyk, watançylyk, söýgi, adamzat pähiminiň waspy.
Dessanyň dili, gurluşy, çeperçiligi, ähmiýeti. «Gül - Bilbil» dessany we bagşylar.
Şabende – türkmen edebiýatynda gahrymançylyk pikirleri öňe süren ussat dessançy şahyr.
Şeýdaýy. Goşgular. «Gül – Senuber» dessany – 4 sagat.
Şeýdaýynyň ömri we döredijiligi.
«Türkmeniň ahwaly», «Gözel ýigrimi bäş», «Saýran tillerim» goşgularynda türkmeniň taryhy, dili, medeniýeti baradaky oýlanmalary. «Sizleri», «Höwwez-hutdyny» ýaly goşgularda türkmeniň taryhy, dili, oguzlar barada birnäçe gyzykly maglumatlaryň beýany.
Durmuşy, pelsepeleýin ahlaky temalardan: «Bazyn tanymaz», «Mestanadyr», «Begler», «Daň atmazdan burun», «Dert iňňildär». Bu goşgularda terbiýeçilik, öwüt-nesihat, sowada-bilime, alymlara sarpa goýmaga, olary dost tutunmaga ündew.
Yşk-söýgi temasyndan: «Şirin dilli jenanym», «Biri peridir», «Perizadymyň», «Gelin», «Näzler bilen», «Ýaranlar», «Söwdügim». Goňşularda duýguçyllyk, gyz-gelinleri taryp etmekde Gündogar şygryýetinde däp bolan ýörelgeler, däp bilen täzeçilligiň, durmuşylygyň özara garyşyp-gatyşmasy. Goşgulardaky gözellik.
Aýdyşyk (sorag-jogap) goşgulary: «Çagy bardyr», «Pudagy bäş», «Kaýsydyr?». Bu goşgularda Şeýdaýynyň öz döwürdeşi Myrat şahyra ebjet hasabynda düzülen goşgy setirleri bilen sorag berşi, Balhdan Nigär şahyryň ýazyp ýollan soraglaryna Hywadan jogap ýazyp ibermegi. Goşgularda Şeýdaýynyň sowatlylyk, bilim, ylym baradaky garaýyşlary.
«Gül – Senuber» dessany. Dessanda päk söýgi, wepalylyk, mertlik Senuberiň ruhubelentlik, ugur tapyjylyk häsiýetleri bilen hyýaly güýçlerden üstün çykyşy we öz maksadyna ýetmegi – Gül perizada gowuşmagy. Gülüň hem Senuberiň çeper obrazlary. Ziweriň, Mähreňgiziň obrazlary. Dessanda wepalylygyň waspy. Dessanyň dili we gurluşy.
Şeýdaýy – klassyk şahyr.
Edebiýat teoriýasy. Nezire hakda düşünje.
Mahmyt Gaýyby. Goşgular. «Otuz iki tohum kyssasy» - 3 sagat.
Mahmyt Gaýybynyň ömri we döredijiligi. Gaýyby – Gündogaryň gazalçylyk däplerini dowam etdiriji. Goşuk, bäşleme, mesnewi görnüşinde ýazan goşgulary.
«Gelende bardyr». Bu goşgynyň döreýiş taryhy hakyndaky rowaýat. Şahyryň saz hem söz sungatyny halas etmekdäki uly hyzmaty. Eserde aýdym-saza bolan söýgi.
«Ýar, heý!», «Saz etsin!», «Ýara ýetişsem», «Aşyk bolmuşam» goşgularynda yşky-söýgi. Magrupy bilen «Nirde bitildi? – Şonda bitildi» atly aýdyşyk goşgusy.
«Otuz iki tohum kyssasy». Eseriň many-mazmuny, onuň göçme manylylygy (allegorik häsiýeti). Bugdaý, Arpa, Şaly, Künji, Goza (gowaça) ýaly ekinleriň söhbeti arkaly ynsan durmuşynyň, häsiýetleriniň, durmuşdaky gapma-garşylyklaryň, sazlaşyklaryň beýan edilişi. Eserde hakykatyň dabaralanyşy.
Gaýybynyň eserlerinde çeperçilik. Eserleriň Gündogar däplerine eýerilip, kitaby stilde ýazylmagy. Gaýybynyň eserleriniň dili.
Gaýybynyň edebiýat taryhynda tutýan orny.
Edebiýat teoriýasy. Munazyra barada düşünje.
Gurbanaly Magrupy. Goşgular. Dessanlar – 8 sagat.
Magrupynyň ömri we döredijiligi.
«Watanym galdy», «Döwrandyr diýme!» goşgulary.
Magrupynyň Magtymguly Pyragy we Mahmyt Gaýyby bilen aýdyşyk goşgulary. Olar bilen döredijilik gatnaşyklary.
Magrupynyň «Seýpelmelek - Methaljemal», «Döwletýar», «Aly beg we Beg» dessanlaryna gysgaça syn.
«Ýusup – Ahmet» dessany. Dessanyň harby-gahrymançylyk mazmuny, gurluşy, gahrymanlar ulgamy. Ýusup hem Ahmet – mertligiň, batyrlygyň nyşany. Dessanda päk söýgi, lebziňe hem ähdiňe wepalylyk.
«Döwletýar» dessany. Eseriniň taryhy-gahrymançylyk ruhy. Dessanyň many-mazmunynyň harby-gahrymançylyk häsiýetli wakalaryň üsti bilen açylyşy. Eserde watana söýgi, ynsanperwerlik, dostluk, parahatçylyk meseleleriniň goýluşy we Döwletýaryň taryhy, çeper keşbi arkaly göz öňünde tutulan maksada ýetilişi. Döwletýaryň çeper keşbi. Döwletýar – watançy, dosta wepaly, edermen, batyr, maksada okgunly gahryman. Eseriň çeper obrazlar ulgamy. Hojageldi serdar, Mämmetje serdar, Annameňli serdar, Gulakga serdar, Seýitmusa, Hatam serdar, Allaşar beg, olaryň watançylyk hereketleri, Gülçemen, Humaý han, olaryň söýgä wepalylygy.
Eseriň çeperçiligi. Dessançylyk däplerine goşan täzeligi.
Magrupy – dessançy şahyr.
Edebiýat teoriýasy barada gysgaça maglumat – 1 sagat.
Edebi eserleriň žanr, gurluş, mazmun we forma taýdan dürli-dürli görnüşde bolmagy. Ýazyjy-şahyrlaryň göz öňünde tutýan baş pikirlerini täsirli aňlatmaga laýyk gelýän formany saýlap almagy. Eser ýazylanda, mazmun bilen formanyň biri-birine laýyk gelmelidigi, edebiýatçy alymlaryň, ussat ýazyjy-şahyrlaryň bu barada aýdanlary.
XIX asyr türkmen edebiýaty – 24 sagat.Giriş. Gysgaça syn – 1 sagat.
Bu döwürde Türkmenistanda jemgyýetçilik-syýasy ýagdaý.
Türkmen ruhunyň we edebiýatynyň ruhy eýýamlarynda esasy goýlan watançylyk, mertlik, ahlaklylyk meseleleriniň bu döwrüň edebiýatynda dowan etdirilişi. XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Azadynyň, Magtymgulynyň, Şabendäniň, Şeýdaýynyň, Gaýybynyň, Magrupynyň eserlerinde türkmen agzybirligi, türkmen döwleti, döwletliligi baradaky arzuwlar, ol arzuwlaryň amala aşmagyna belli bir derejede ýol açan (Sarahs, Garrygala, Mary söweşleri), şeýle-de bu arzuwlaryň köküne palta uran (Gökdepe söweşi, Gazawat söweşi we beýlekiler) ýagdaýlar.
Kemine, Seýdi, Zelili, Mollanepes, Mätäji ýaly klassyk şahyrlarynyň Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdirmekleri, Magtymgulyny özleriniň halypasy hasaplamaklary. Magtymgulyny söz meýdanynyň oragyny orup giden, özlerine onuň hoşasyny çöplemek wezipesi galan (Kemine) hökmünde ykrar etmekleri.
Talyby, Zynhary, Kätibi, Dosmämmet, Aşyky, Misgingylyç, Baýly şahyr.
Türkmen edebiýaty we goňşy halklaryň edebiýaty.
Bu döwrüň türkmen edebiýatynyň öwrenilişi, ähmiýeti.
Mämmetweli Kemine. Goşgular – 3 sagat.
Keminäniň ömri we döredijiligi. Keminäniň adyna aýdylýan şorta sözler.
Durmuş temasy. «Garyp», «Garyplyk», «Janyň barynda», «Içmek», «Gezen ýagşydyr», «Galar», «Dünýäniň». Bu goşgularda durmuş, zähmet adamsynyň hal-ýagdaýy.
Ynsanperwerlik, söýgi-dostluk temasy. «Gelinler», «Zülpüň», «Bile gel!», «Örtär meni», «Ogulmeňli», «Aýa garşy», «Arzym aýdaýyn». Bu goşgularda duýguçyllyk, çeper dil serişdeleriniň ussatlyk bilen ulanylyşy.
Kemine we bagşylar. Keminäniň öwrenilişi. Keminäniň türkmen edebiýatynyň taryhynda tutýan orny.
Seýitnazar Seýdi. Goşgular – 3 sagat.
Seýdiniň ömri we döredijiligi. Seýitnazar Seýdi – serkerde şahyr.
Watançylyk, harby-gahrymançylyk temasy. «Dönmenem, begler!», «Geliň, ýigitler!», «Görülsin indi!», «Baraýlyň!», «Ärsarynyň ýigitleri», «Goçaklar», «Çykyp gideýliň!», «Lebap, hoş indi!». Bu goşgularda ýanyp duran ýakymly watançylyk hyjuwy, raýatlyk äheňi. Watany söýmek, ony jan-dilden goramak, batyrlyk, edermenlik, mertlik.
Yşk-söýgi temasy. «Gördüm owadan», «Gel, Arzygül, görüşeli!», «Şemşat», «Soltan Hatyja», «Ablaksaýat», «Merku-alyna». «Gümany».
Seýdiniň öwrenilişi. Seýdiniň edebiýat taryhyndaky orny.
Gurbandurdy Zelili. Goşgular – 3 sagat.
Zeliliniň ömri, döredijiligi, Zelili – watançy şahyr.
Watançylyk temasy. «Watanym, seni!», «Jandan doýan ýaly boldum», «Gürgene gideli!», «Aldady meni». Goşgularda watana, ýurda, ile söýgi. Olarda şahyranalyk, çeperçilik.
Mertlik, batyrlyk, ahlak temasy. «Ýaraşmaz», «Diýmek biläni», «Özge dem bolmaz», «Bigäne ýagşy», «Başda bellidir». Goşgularda ynsanperwerlik, öwredijilik, şahyranalyk.
Durmuş temasy. «Elli ýaşyň içinde», «Käre döndi», «Ýagşydyr», «Gidersen!». Goşgularda durmuş nogsanlyklarynyň, betnebislik, husytlyk ýaly ýaramaz häsiýetleriň dogruçyl, çeper beýany.
Yşk-söýgi temasy. «Leýli gerekdir», «Ýanan ýok», «Dilberim seni», «Ýardan aýryldym», «Ýar, senden!», «Islemen seni», «Janymyň jananasy», «Köz biläni», «Haraýym döndi», «Seýle gideli!». Goşgularda çuňňur duýguçyllyk hem çeperçilik, belent hem elýetmez ussatlyk bilan beýan edilişi.
Zeliliniň döredijiliginiň öwrenilişi. Zelili – Magtymguly Pyragynyň watançylyk, ynsanperwerlik pikirlerini dowan etdiriji. Zeliliniň edebiýat meýdanyndaky orny.
Mollanepes. Goşgular. «Zöhre - Tahyr» dessany – 8 sagat.
Mollanepesiň ömri we döredijiligi. Mollanepes – yşk mülküniň şasy.
Söýgi, ahlak temasyndaky goşgular: «Bäri gel!», «Haýrana galar», «Pyrakyňdan», «Nazar kylsa dişleriňe», «Söwdügim», «Gitdim», «Owadan gelin», «Istäp ki gözel ýary», «Gülden uýalar», «Haýrana galar», «Rehm etmezmiň halyma?», «Ýadyma düşdi». Goşgularda ynsan gözelliginiň belent waspy, çuňňur duýguçyllyk, suratkeşlik.
«Zöhre – Tahyr» dessany. Dessanyň mazmuny, onuň köp görnüşliligi. Dessanda päk söýgi. Adalatsyzlyga närazylyk we garşylyk.
Dessanyň gahrymanlar ulgamy. Tahyryň obrazy. Onuň hasratly ykbaly. Tahyr hem Garyp. Zöhre – söýgüsine wepaly gyz. Onuň maksada okgunlylyk, ugur tapyjylyk, ynsanperwerlik häsiýtleri. Zöhre. Şasenem, Leýli.
Mahym, Adylşa we Mollanepes. Bularda adamkärçilik.
Babahan we Garabatyr (Garaçomak). Bularyň rehimsizlik, ahlaksyzlyk ýaly häsiýetleri. Babahan hem Şaapbas.
Moýsepit we Kamarylzaman. Bularda zuluma, süteme garşy pikirler.
Dessanyň gurluşy, dili we çeperçiligi, ähmiýeti. Dessançylyk däbi we Mollanepes tarapyndan girizilen täzeçillik.
Mollanepesiň öwrenilişi. Onuň edebiýat meýdanyndaky orny.
Edebiýat teoriýasy. Eseriň sýužeti we kompozisiýasy.
Annagylyç Mätäji. Goşgular – 3 sagat.
Mätäjiniň ömri we döredijiligi. Mätäji – Magtymgulynyň edebi mekdebinden gözbaş alan klassyky edebiýaty jemleýji, onuň durmuşy pikirlerini dowam etdiriji şahyr.
Durmuş temasy. «Getirer», «Är biläni», «Har bolsa», «Bähm eder», «Bugdaý», «Ýol biläni», «Bedew». Bu goşgularda pelsepe, öwüt-nesihat, ynsan edim-gylymyna, girim-çykymyna ýiti synçylyk.
Watançylyk, ahlak temasy. «Onda bar», «Gerekdir», «Är dörär», «Ýigitler», «Ir bile», «Aýdyşyk». Goşgularda watanyň hem watan goraýan är ýigitleriň waspy.
Yşk-söýgi, dostluk temasy. «Dişleriňe», «Saçyň», «Zülpüň seniň», «Mährim alan ýar», «Meňzär bagyň gülüne», «Yrakda durma!», «Gyzyň», «Aýperi», «Dilber», «Elden gider», «Menek-menek hallara». Goşgularda näzik söýgi duýgularynyň şirin dilde beýan edilişi, söýülýän gözeliň duýgular dünýäsiniň çür başyna çykarylyp, oňa dünýäniň ähli genji-hazynasyny bagyşlamaga taýýar bolunmagy. Söýülýän gözeliň şol dünýäniň şasy hökmünde tagta çykarylyp, ýigidiň onuň hyzmatynda goýulmagy.
Mätäji – watançy şahyr, ýigitleri ýurt goragyna, mertlige, batyrlyga ruhlandyryjy.
Mätäji – gözelligiň aýdymçysy. Mätäji, Hally bagşy.
Mätäjiniň öwrenilişi. Mätäjiniň türkmen edebiýatynyň taryhynda tutýan orny.
Abdysetdar Kazy. “Jeňnama” (“Tekeleriň uruş kyssasy”) poýemasy – 2 sagat.
Abdysetdar Kazynyň ömri we döredijiligi, ýöreden hünärleri (kazylyk, mollaçylyk, seýisçilik, şahyrçylyk).
“Jeňnama” poemasy. Bu eseriň başgaça “Tekeleriň uruş kyssasy” diýlip atlandyrylmagy we muňa garamazdan ýurt goragyna (Garrygala we Mary söweşlerine) gatnaşan türkmen tire-taýpalarynyň her birinden batyr ýigitleriň atba-at görkezilmegi we taryp edilmegi.
Eserde taryhy hakykatyň çeper beýany. Onda 1858-nji ýylda bolup geçen Garrygala söweşinde we 1961-nji ýylda bolan Mary (Gajar) söweşinde türkmen tire-taýpalarynyň agzybirlik bilen duşmana garşy durup, ýurt garaşsyzlygyny gorap saklamaklary.
Eseriň gahrymanlar ulgamy, baş gahrymanlar Nurberdi hanyň, Gowşut hanyň bu söweşlere ýolbaşçylyk etmekleri. Olaryň batyrlygy, ugurtapyjylygy, dana hem parasatlylygy, ýurt bähbitli işlerde il-güne, aksakallardyr-kethudalara maslahatly-geňeşli bolmaklary. Söweşde ýigitlere hem harby, hem syýasy taýdan ýolbaşçy bolup bilmekleri. Şahyryň olara guwanjy we buýsanjy.
Eseriň dili, onuň kitaby stilde ýazylmagy, çeperçiligi.
Poemanyň türkmen taryhynyň belli bir pursatlaryny takyk beýan etmekdäki ähmiýeti.
XVIII-XIX asyrlaryň türkmen edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
XVIII-XIX asyr türkmen edebiýaty we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty (10 sagat)Garaşsyzlyk eýýamynyň prozasy – 1 sagat.
Bu eýýamyň ilkinji proza eserleri. Olarda milli ruhuň ýüze çykmagy.
Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer» romany we “Paýhas çeşmesi” kitaby – 3 sagat.
„Front ýollary“ bölüminden bölek.
Onda mugallymyň watançylyk borjunyň ýüze çykyşy, frontda geçen agyr
ýoly, ýaralanyşy. Oba mekdebi, durmuşy baradaky ýatlamalary. Dogduk mekanynyna ýaradar dolanyp gelşi. Mugallymyň raýatlyk borjuna wepalylygy, edermenligi. Watanyny hem onuň erkinligini jandan söýmegiň nusgasy.
“Paýhas çeşmesi” kitabynda gahrymançylyk we durmuş pelsepesi
hakyndaky nakyllar.Olaryň manysy we terbiýeçilik esaslary.
Garaşsyzlyk eýýamynyň publisistikasy – 1 sagat.
Bu döwürde milli publisistikanyň ösmegi we onda döwrüň ösüşleriniň beýany.
Täçmämmet Jürdekow. «Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk» - 2 sagat.
Garaşsyzlyk eýýamynyň dramaturgiýasy – 2 sagat.
Bu eýýamda milli dramaturgiýada ýetilen derejeler. Türkmen sahna eserleriniň dünýä ýurtlarynda meşhur bolup başlamagy.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe sahna sungatynyň opera görnüşiniň dikeldilmegi.
«Magtymguly» operasy.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat.
Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýaty we onuň terbiýeçilik ähmiýeti.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar (23 sagat)Rabindranat Tagor, hindi ýazyjysy. «Heläkçilik» romany – 3 sagat.
Rabindranat Tagoryň ömri we döredijiligi.
Rabindranat Tagoryň hindi halkynyň edebiýatyny, taryhyny, durmuşyny gowy bilşi. Onuň şygyrlarynda, hekaýalarynda ynsanperwerlik pikirleri.
«Heläkçilik» (1902) romany – ýazyjynyň ilkinji uly göwrümli eserleriniň biri. Eseriň özboluşlylygy, onda hindi halkynyň däpleriniň görkezilişi. Maşgala durmuşynda köne däpleriň we garaýyşlaryň çaknyşygy.
Romanda Romeş we Kamolanyň obrazlary. Dürli keşpleriň görkeziliş aýratynlyklary. Romanyň adynyň onuň mazmuny bilen baglanyşyklydygy. Romanda ynsanperwerlik pikirleriniň teswirlenişi.
Mihail Ýurýewiç Lermontow, rus ýazyjysy. «Biziň zamanamyzyň gahrymany» romany – 3 sagat.
Mihail Ýurýewiç Lermontowyň ömri we döredijiligi. Romanda Peçoriniň obrazy. Öz durmuşynda bolup geçýän wakalaryň Peçorine täsiri. Romanda Kawkazyň we onuň adamlarynyň görkezilişi.
Nikolaý Wasilýewiç Gogol, rus ýazyjysy. ”Derňewçi” komediýasy – 3 sagat.
N.W. Gogolyň ömri we döredijiligi.
Komediýada Peterburgdan gelen, bikär gezip, kart oýnap, puluny utduryp, myhmanhanada kör-köpüksiz oturan Hlestakowy şäheri barlamaga gelen derňewçidir öýdüp, şäher häkiminiň we beýleki adamlaryň gülkünç ýagdaýa düşmegi.
Komediýada adamlaryň erbet gylyk-häsiýetleriniň ýazgarylmagy we şol döwrüň şäher durmuşynyň görkezilişi.
Genrih Geýne, nemes şahyry. «Sapak», «Sen öz durmuşyňda zada mätäç däl...», «Ilki gezek söýýän bolsa kimde-kim...», «Şahyr Ferdewsi», «Gyzylja köwüş» goşgulary – 3 sagat.
Geýnäniň ömri we döredijiligi. Onuň ýaşlyk, söýgi, dostluk baradaky goşgulary. Geýnäniň eserlerinde nemes halkynyň durmuşy we Germaniýanyň görkezilişi.
Jorj Gordon Baýron, iňlis şahyry. «Gündogar poemalary», «Korsar» -3 sagat.
Baýronyň ömri we döredijiligi. Eserlerde erkinlik, söýgi temalary. Romantizm usuly.
Edebiýat teoriýasy. Edebi usullar. Romantizm barada düşünje.
Jek London, amerikan ýazyjysy. „Durmuşa söýgi” hekaýasy, “Martin Iden” romany – 3 sagat.
Jek Londonyň ömri we döredijiligi.
„Durmuşa söýgi” hekaýasynda ynsan ruhunyň beýikliginiň, mertligiň suratlandyrylyşy.
“Martin Iden” romany barada maglumat. Martin Ideniň ýazyjy bolmak üçin tutanýerli işleýşi we onuň öz maksadyna ýetişi.
Onore de Balzak, fransuz ýazyjysy. “Husyt Gobsek” powesti – 2 sagat.
Onore de Balzagyň ömri we döredijiligi. Onore de Balzak realizm akymynyň görnükli wekili, onuň eserlerinde täze ösýän söwda-satyk, burźuaz gatnaşyklarynyň ösen jemgyýetiniň görkezilişi.
“Husyt Gobsek” eserinde süýthor Gobsegiň keşbi.
Edgar Allan Po, amerikan ýazyjysy. «Altyn tomzak» hekaýasy – 2 sagat.
Edgar Ponuň döredijiligi. Eserlerinde adamyň içki dünýäsiniň görkezilişi. Hekaýalaryň özboluşlylygy.
«Tylla tomzak» atly eserinde adam akylynyň güýjüniň görkezilişi. Pikirleniş ukybynyň gizlin syry açmaga kömek edişi.
Edebiýat teoriýasy. Detektiw eserler barada düşünje.
Dünýä edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek– 1 sagat.
Dünýä edebiýatynyň nusgalary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Eserleri öwrenmek üçin – 88 sagat.
Düzme ýazmak üçin – 6 sagat.
Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklary – 8 sagat.
Jemi – 102 sagat.
Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:
Magtymguly. «Durasyň geler», «Il ýagşy», «Bolarsen»,
«Paş eder seni», «Gözel sen».
Şabende. «Dört gözel», «Tylla, seniň yşkyňda!».
Şeýdaýy. «Gözel ýigrimi bäş», «Saýran tillerim».
Magrupy. «Watanym galdy».
Gaýyby. «Gelende bardyr».
Kemine. «Janyň barynda», «Gelinler».
Seýdi. «Dönmenem, begler!», «Görülsin imdi!»
Zelili. «Watanym, seni!», «Ýagşydyr».
Mollanepes. «Haýrana galar», «Nazar kylsa dişleriňe».
Mätäji. «Onda bar», «Elden gider».
Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:
Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer». – Aşgabat, 2011.
Döwletmämmet Azady. Wagzy-azat. – Aşgabat, 1982.
Magtymguly. Şygyrlar. Üç tomluk. I tom. – Aşgabat, 1992.
Magtymguly. Şygyrlar. Üç tomluk. II tom. – Aşgabat, 1994.
Şabende. Gül – Bilbil. – Aşgabat, 1963.
Şeýdaýy. Goşgular. – Aşgabat, 1978.
Şeýdaýy. Türkmeniň ahwaly. – Aşgabat, 1993.
Magrupy. Dessanlar. – Aşgabat, 1982.
Magrupy. Döwletýar. – Aşgabat, 1984.
Magrupy. Ýusup – Ahmet. – Aşgabat, 1985.
Seýdi. Goşgular. – Aşgabat, 1975.
Kemine. Goşgular. – Aşgabat, 1975.
Zelili. Goşgular. – Aşgabat, 1982.
Mollanepes. Eserleriniň bir tomlugy. – Aşgabat, 1961.
Mätäji. Goşgular. – Aşgabat, 1978.
R. Tagor. Heläkçilik. – Aşgabat, 1958.
M.Ý.Lermontow. Biziň zamanamyzyň gahrymany. – Aşgabat, 1953.
W.Gogol. Eserler toplumy. IV tom. – Aşgabat, 1956.
O. Balzak. Husyt Gobsek. – Aşgabat, 1978.
G. Geýne. Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 1958.
J.G.Baýron. «Korinf gabawy».// «Edebiýat we sungat» gazeti, 23.01.1963.
J.London. Meksikaly. Hekaýalar. – Aşgabat, 1957.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar, III kitap – Aşgabat, 2008.
XI SYNP (68 sagat) Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow edebiýat barada – 1 sagat XX asyr türkmen edebiýaty (1991-nji ýyla çenli) - 40 sagat.XX asyryň başynda we 20-30-njy ýyllarynda türkmen edebiýaty – 1 sagat.
Döwletmämmet Balgyzyl, Molladurdy, Baýram şahyr, Körmolla (Suhan Öwezberdi), Durdy Gylyç. Bu şahyrlaryň eserlerinde gozgalýan meseleleriň esasan öz döwrüniň gündelik wakalary, hadysalary bilen baglanyşykly bolmagy. Goşgularda gündelik durmuşdaky ýaramaz hadysalaryň satiriki we ýumoristik äheňde beýan edilmegi.
B. Kerbabaýew, G. Burunow, A. Alamyşow, Ý. Nasyrly, A. Durdyýew. Bu ýazyjy-şahyrlaryň edebiýata getiren täzelikleri.
Täze edebi žanrlar, çeper terjime, goşgy düzüliş formalary.
Garaja Burunow, Bazar Amanow. «Keýmir kör» pýesasy – 2 sagat.
Eseriň many-mazmuny. Keýmir körüň gahrymançylykly, pähim-parasatly keşbi.
Edebiýet teoriýasy. Drama barada düşünje.
Agahan Durdyýew. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.
«Bally molla» hekaýasy. Eseriň temasy we ideýasy, mazmuny we çeperçiligi. Eserde maşgala, ahlak meselesiniň goýluşy. Ynsan häsiýetimdäki nogsanlyklaryň ýiti satiriki gülki arkaly paş edilişi.
Nurmyrat Saryhanow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
N. Saryhanow – ynsanperwerlik pikirleri öňe süren ýazyjy.
«Şükür bagşy» powesti. Eseriň baş pikiri we temasy. Eserde türkmen saz sungatynyň waspy. Türkmen halkynyň saza, öz sungat wekillerine – ussatlaryna sarpasy, olaryň üstünligini il-ýurt abraýy, mertebesi bilen baglanyşdyrmagy.
Şükür bagşy – halkyň halan ussady. Onuň kyn günde ruhlandyryjysy, armaçysy. «Şükür bagşy» kinoda.
Edebiýat teoriýasy. Ýazyjynyň we gahrymanyň dili.
Türkmen edebiýaty Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda – 1 sagat.
Kemal Işanow, Ata Nyýazow, Hoja Şükürow. Bu ýazyjylaryň şygyr, kyssa, drama eserleri.
N.Saryhanow, Ş.Kekilow, A.Kekilow, B.Kerbabaýew, A.Gowşudow, P. Nurberdi, R.Seýidow, B.Seýtäkow, Ç.Aşyrow. Bu ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde söweş ýagdaýlarynyň we tylyň suratlandyrylyşy.
Şaly Kekilow. «Kareliýa jeňňelinde» goşgusy. Goşguda aldym berdimli söweş pursatlarynyň şahyrana beýany. Şahyryň duýgulary, urşuň ýowuzlygyny bermekde daş-töweregiň, tebigatyň görnüşleriniň peýdalanylmagy. Eserde joşgunly watançylyk, urşuň näletlenilişi.
Edebiýat teoriýasy. Janlandyrma hakynda düşünje.
Türkmen edebiýaty Beýik Watançylyk urşundan soňky döwürde – 1 sagat.
Türkmen edebiýatynyň halkyň uruşdan soňky durmuşynda bolup geçýän özgerişliklere sesini goşmagy. Parahatçylyk, halklaryň dostlugy, agzybirlik temasynyň öň hatara çykmagy. Zähmet temasy.
B.Kerbabaýew, A.Gowşudow, A.Kekilow, R.Seýidow, B.Seýtäkow, G.Seýitliýew, T.Esenowa.
Bu döwüdre öz döredijilik ýüzüni görkezip başlan ýazyjylar, şahyrlar: M. Seýidow, K. Gurbannepesow, B. Hudaýnazarow, G. Gurbansähedow, A. Atajanow, N. Jumaýew, Ş. Borjakow. Bu ýazyjylaryň şygyr, kyssa, drama eserleri.
Bu döwürde çeper döredijilikdäki nogsanlyklar.
Türkmen edebiýaty XX asyryň 60 – 80-nji ýyllaryndaGysgaça syn – 1 sagat.
Bu döwürde edebiýata gelen ýazyjy şahyrlar. Poeziýa, proza, drama žanrlarynyň ösüşi.
Berdi Kerbabaýew. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
«Aýgytly ädim» romany.
Eseriň döreýşi, birnäçe gezek gaýtadan işlenip neşir edilmegi.
Hydyr Derýaýew. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
«Ykbal» romany.
«Ykabalyň» 30-njy ýyllardaky keç ykbaly. Gaýtadan neşir edilen
wariantlary.
Beki Seýtäkow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
«Doganlar» romany.
Romanda XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda Türkmenistanyň demirgazygynda bolup geçen taryhy wakalaryň suratlandyrylyşy.
Gylyç Kulyýew. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.
«Gara kerwen» romany.
Eserdäki wakalaryň iňlis razwedkaçysy polkownik Çarlz Forsteriň adyndan gürrüň berlişi. Eserde iňlis razwedkasynyň türkmen topragynda alyp baran işleri we olaryň halk tarapyndan goldaw tapmandygy baradaky pikirler.
Gurbandurdy Gurbansähedow. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.
«Toýly Mergen» romany.
Romanda adamkärçilik, ahlak meseleleriniň goýluşy. Toýly Mergeniň hojalyga ýolbaşçylyk eden döwri görüp-duýup bilmedik zatlaryna soňra brigada ýolbaşçylyk edende göz ýetirip başlamagy. Onuň aňynda, dünýägaraýşynda bolup geçýän özgerişlikler.
Ata Gowşudow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
«Mähri – Wepa», «Köpetdagyň eteginde» romanlary, powestdir hekaýalary.
Ata Gowşudow – görnükli kyssaçy, ökde ýazyjy.
Edebiýat teoriýasy. Çeper eserde taryhylyk barada düşünje.
„Perman” romany.
Eseriň döreýşi. Ondaky wakalaryň bolup geçýän wagty we orny. Gökdepe urşy. Eserde pajygaly taryhyň dogruçyl beýany.
Eseriň gahrymanlar ulgamy: Öwezmyrat batyr, Perman, Jemal, Seýitmyrat beg, Magtymguly han, Dykma serdar. Skobelew – zalym general.
Öwezmyrat batyr – arly-namysly, ajaýyp edim-gylymly ýigit. Onda taryhy şahs Öwezmyrat serdaryň şekillendirilişi.
Eserde türkmeniň milli däp-dessurlary. Eseriň çeperçiligi, taryhy ähmiýeti.
Çary Aşyrow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
«Ganly saka» poemasy. Eserde gürrüňi edilýan wakalaryň ýazyjynyň öz durmuş, ömür terjimehaly bilen ýakynlygy.
Aman Kekilow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
Aman Kekilow – ýazyjy, şahyr, alym.
«Söýgi» romany. Bu eýýamda türkmen edebiýatynda şygyr bilen ýazylan giň göwrümli eser – roman. Eserde durmuşylyk.
Edebiýat teoriýasy. Çeper obraz hakynda düşünje.
Gara Seýitliýew. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.
Goşgular we poemalar .
Şahyryň söýgi lirikasy.
Gara Seýitliýew – aýdymçy şahyr.
Ata Atajanow. Ömri, döredijiligi – 2 sagat.
Goşgulary we poemalary.
«Teke gyzy Tatýana» romany.
Eserde Gökdepe söweşiniň beýan edilişi.
Eserde dokumentallyk, taryhylyk.
Mämmet Seýidow. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.
«Durun mukamy» poemasy. Eserde türkmen saz sungaty, onuň ussatlary barada. Şamyrat Gurbannepesow, onuň türkmen saz äleminde ýeten ussatlygy.
XX asyr türkmen edebiýaty boýunça geçilenleri jemlemek - 1 sagat.
XX asyr türkmen edebiýaty we onuň terbiýeçilik ähmiýeti.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty – 6 sagat.Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty – 1 sagat.
Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýatynyň ösüşine syn. Täze formalar, galyplar, taglymy-tematiki aýratynlyklar. Poeziýada, prozada, çeper publisistikada, dramaturgiýada, kino sungatynda ýetilen üstünlikler.
Bu döwrüň öňdebaryjy döredijilik wekilleri.
Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer» romany we “Paýhas çeşmesi” kitaby – 3 sagat.
Berdimuhamet Annaýewiň uruşdan maýyp bolup gelendigine seretmezden, ýene-de ykbalyna öwrülen kärine dolanyp barşy, okuwçylaryň her biriniň ony agasy, howandary ýaly kabul edişi, onuň özüniň we magalasynyň uruş ýyllarynda çagalara howandarlyk göz bilen garaýşy, mekdepde pedagogik düzüminiň oňyn çözülişi hem-de halypa mugallymyň ýaş kärdeşlerine beren sapaklarynyň beýany.
Baş gahrymanyň watana, ojaga hem-de kärine wepalylygy.
Eserde durmuşy keşpleri döretmekdäki we ynsan ykballaryny yzarlamakdaky ussatlyk. Eseriň ýordum we gurluş aýratynlygy. Dil baýlygy. Halkyň psihologiýasynyň açylyp görkezilişi. Žanr, forma taýdan kämilligi.
“Paýhas çeşmesi” kitabynda ylym-bilim, hünär almak baradaky nakyllar we öwütler.
Täçmämmet Jürdekow. «Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk» - 2 sagat.
Kitapda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz esger, mugallym, ilhalar ynsan bolan atasy Berdimuhamet Annaýewiň türkmen iliniň berkararlygy barada eden arzuwlaryny amala aşyryşy baradaky gürrüňler.
Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýaty we onuň terbiýeçilik ähmiýeti.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar – 12 sagat.Aýbek (Musa Taşmuhammedow), özbek ýazyjysy. „Nowaýy” romany – 2 sagat.
Aýbegiň ömri we döredijiligi.
“Nowaýy” romany. Romanda Nowaýynyň ýaşan döwrüniň görkezilişi. Alyşir Nowaýynyň patyşanyň möhürdary wezipesine bellenilmegi onuň halkyň asuda, agzybir durmuşda, ruhubelent ýaşamagy üçin edýän aladalary, patyşanyň maslahatçysy hökmünde alyp baran il-ýurt bähbitli işleri. Romanda ynsanperwerlik meseleleri. Ýagşylyk we ýamanlygyň çaknyşygy.
Muhtar Auezow, gazak ýazyjysy. “Abaý” romany – 2 sagat.
M. Auezowyň ömri we döredijiligi.
“Abaý” romany. Ýaş Abaýyň okuwa, kitaba bolan höwesi. Abaýyň Kulynsak obasynda myhmançylykda bolmagy we kakasynyň ýumuşlary. Gazaklaryň myhmansöýerlik däpleri. Gazak halkynyň durmuşynyň görkezilişi. Abaýyň Süýündigiň gyzy Togzana bolan söýgüsi. Abaýyň Ýerbol atly oglan bilen dost bolşy.
Çingiz Aýtmatow, gyrgyz ýazyjysy. “Ilkinji mugallym” powesti – 2 sagat.
Ç. Aýtmatowyň döredijiligi. Ýazyjynyň eserlerinde şahsyýetiň aňynda bolup geçýän özgerişleriň, onuň ahlak päkligine ymtylyşynyň görkezilişi.
“Ilkinji mugallym” powesti. Ýaş ýigit Düýşeniň bir obada mugallym bolşy we obanyň adamlarynyň durmuşyna eden täsiri. Altynaýyň keşbi.
Resul Gamzatow, awar şahyry. Goşgular – 1 sagat.
R. Gamzatowyň döredijiligi.
„Ene dilim”, „Dagly gojalar”, „Nälet okamak”, „Sen hakdaky şygyrlam ýene kabul bolmady...” goşgulary, „Atam bilen söhbet” poemasy.
Şahyryň eserlerinde watanyň, halkyň, ene diliniň, tebigat gözellikleriniň, ajaýyp ynsan häsiýetleriniň waspy, ýamanyň ýazgarylmagy, milli buýsanç.
Sergeý Esenin. Goşgular – 1 sagat.
S. Ýeseniniň ömri we döredijiligi.
„Käbäm enem oýar meni ir bilen...”. „It çagasy”. „Ejemden hat”. „Baryp şu gün bir bakgalyň ýanyna...” („Pars äheňleri” goşgular toplumyndan).
Alekseý Trifonowiç Twardowskiý, rus şahyry. “Wasiliý Týorkin” poýemasy – 2 sagat.
A.T.Twardowskiniň ömri we döredijiligi.
“Wasiliý Týorkin” poýemasy. Beýik Watançylyk urşunda esgerleriň öz Watany üçin söweşlerde batyrlyk, mertlik, zähmetsöýerlik we ruhubelentlik görkezmekleri. Wasiliý Týorkiniň keşbi.
Mihail Şolohow, rus ýazyjysy. “Adamyň ykbaly” hekaýasy – 2 sagat.
M. Şolohowyň ömri we döredijiligi.
Meşhur rus ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi M.Şolohowyň “Ýuwaş Don”, “Göterilen tarp”, “Olar Watan üçin söweşdiler” atly romanlary barada maglumat.
“Adamyň ykbaly” hekaýasy. Adamyň kyn, adatdan daşary ýagdaýlarda-da öz ynsan mertebesini we adamkärçiligini saklaýşy.
Dünýä edebiýatynyň nusgalary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Eserleri öwrenmek üçin jemi – 59 sagat.
Düzme ýazmak üçin – 9 sagat.
Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:
Kekilow. «Söýgi» romanyndan bölek.
G. Seýitliýew. «Gaşy sürmeli».
M. Seýidow. «Durun mukamy» poemasyndan bölek.
R. Gamzatow.„Ene dilim”.
A. Twardowskiý. «Wasiliý Týorkin» poemasyndan bölek.
Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenilýän eserler:
Gurbanguly Berdimuhamedow. “Älem içre at gezer” romany. – Aşgabat, 2011.
Gurbanguly Berdimuhamedow. “Döwlet guşy” romany. – Aşgabat, 2013.
Kerbabaýew. Aýgytly ädim. Aşgabat, 1955, 1958, 1971.
H. Derýaýew. Ykbal. Aşgabat, 1960.
B. Seýtäkow. Doganlar. Aşgabat, 1988, 1989.
G.Kulyýew. Gara kerwen, Aşgabat, 1990.
G.Gurbansähedow. Toýly Mergen, Aşgabat, 1978.
A. Gowşudow. Perman. – Aşgabat, 1989.
G.Seýitliýew. Saýlanan eserler, – Aşgabat, 1995.
A. Kekilow. Söýgi. – Aşgabat, 1963.
Ç. Aýtmatow. Jemile. Aşgabat, 1963.
R. Gamzatow. Ýüregim daglardadyr. – Aşgabat, 1986.
S. Ýesenin. Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 1968.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar. IV kitap. – Aşgabat, 2009.
XII SYNP (68 sagat) Giriş (1 sagat)Çeper edebiýat, onuň häsiýetli aýratynlyklary, maksady we wezipesi.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilk-syýasy ösüşiniň edebiýatda, sungatda şöhlelendirilişi.
Türkmen edebiýaty XX asyryň 60 – 80-nji ýyllarynda (dowamy, 33 sagat)Berdinazar Hudaýnazarow. Ýazyjynyň ömri we döredijiligi – 3 sagat.
Goşgulary, poemalary, romanlary, powestleri, hekaýalary.
Ýazyjynyň publisistikasy.
Edebiýat teoriýasy. Publisistika barada düşünje.
«Gumlular» romany.
Eserde uruş döwründäki türkmen durmuşynyň töwerekleýin berlişi.
Ýazyjynyň hekaýa etme, suratlandyrma, pikir ýöretme usullaryndan usstalyk bilen peýdalanyşy.
Kerim Gurbannepesow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
Goşgular. «Gumdan tapylan ýürek» poemasy.
Yşky-liriki temadan ýazan goşgulary. «Altyň biri», «Ýarap borka», «Gözellik», «Ýaşlyk dramasy». Goşgularda päk söýginiň, zenan gözelliginiň şahyrana waspy, öwüt-nesihat, juwan duýgularyň lezzeti, onuň hasratly ýatlama öwrülmegi.
Naryman Jumaýew. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
«Ýuwaş gelin» powesti. Eserde ýaş çatynjalar Jemşit bilen Selbiniň öz durmuşlaryny döwrebap gurmaga, döwrebap ýaşamaga we işlemäge synanyşyklary.
Täşli Gurbanow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
«Sarygül», «Armanym» powestleri.
«Mahmal bägül» nowellasy. Eseriň baş gahrymany Suraýyň ykbalynyň çeper beýany. Mähriban ejesiniň ýogalmagy bilen onuň durmuşyndaky kynçylyklar. Eserde maşgala meselesi, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar, ata-enäniň we çaganyň mukaddesligi. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek meselesiniň orta atylyşy.
Edebiýat teoriýasy. Içgepletme we gepleşik hakynda düşünje.
Gurbannazar Ezizow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
Döwürdeş we halypa ýazyjy-şahyrlaryň G. Ezizowyň döredijiligine beren bahasy.
Goşgulary, poemalary.
«Eneme», «Eneler», «Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy!», «Dosta näçe serpaý etseň az ýaly...», «Seni söýdüm», «Gyzlaryma», «Iki agaç», «Sungat», «Myhmançylykda aýdylan tost» goşgulary. Goşgularda ynsan durmuşy, söýgi, birek-birege hormat-sarpa, ömrüň netijeli, many-mazmunly bolmalydygy, çaga, nesil dowamaty, öý-içeriniň abadan bolmagy baradaky süýji arzuwlaryň, çuňňur pelsepäniň çeper dilde beýan edilişi.
«Güýz», «Söýgi» sonetler çemeni. Eserlerde şahyryň ynsan ömri, durmuşy, olaryň manysy baradaky pelsepeleýin garaýyşlarynyň tebigat, ýaz hem güýz pasly ýaly düşünjeleriň üsti bilen şahyrana berlişi.
Edebiýat teoriýasy. Sonetler çemeni barada düşünje.
Annaberdi Agabaýew. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
Goşgulary, poemalary.
“Oswensim owazlary” poemasy. Eserde Oswensim, faşistik jellatlaryň elinden konslagerlerde bigünä pida bolan ynsanlaryň adyndan şu günki nesle ýüzlenme. Poemada urşa garşy, urşy näletleýji pikirler. Poemanyň hyjuwly äheňi, dili, çeperçiligi.
Halyl Kulyýew. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
Goşgular. “Bahar buşlukçysy”, “Hoşlaşyk”, “Zähmet mugallymy”, “Uýalar”, “Ene hüwdüsi”, “Towşanjyk”, “Ogrynyň ölümi”. Şahyryň goşgularynda ynsanyň içki duýgularynyň beýan edilişi, ýürekdeşlik, liriki gahrimanyň mylakatly keşbi, mylaýym gülki, suratkeşlik.
“Akar suw” poemasynda türkmen taryhy baradaky pikirleriň şahyrana pelsepäniň üsti bilen berilmegi.
“Ertekiniň gelip çykyşy” powesti barada maglumat.
Türkmen dramaturgiýasynyň ösüşi – 1 sagat.
Guseýin Muhtarow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
“Allan aganyň maşgalasy” pýesasy.
Pýesada türkmen maşgalasynda bolup geçýän durmuşy wakalaryň çeper beýany. Allan aganyň halal, parasatly keşbi. Maşgalanyň abraýyny saklamak ugrunda göreş.
Türkmen çagalar edebiýatynyň ösüşi – 1 sagat.
Kaýum Taňrygulyýew. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
“Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň” goşgular toplumy.
Türkmenistanly rus ýazyjylarynyň döredijiligi – 1 sagat.
A. Aborskiý, B. Rybin, P. Karpow, Ý. Below, Ý. Rýabinin, W. Şatalow, W. Zubarýew we beýlekileriň döreden eserleri barada gysgaça maglumat.
Türkmen edebiýatynda çeper terjime – 1 sagat.
Çeper terjimäniň ähmiýeti. Türkmenistanda çeper terjimäniň ösüşi.
B. Kerbabaýew, G. Burunow, B. Ataýew, B. Welmyradow, A. Muhadow, Ç. Aşyr, Ç. Matalow, A. Berdiýew, M. Seýidow we beýlekileriň Türkmenistanda çeper terjimäniň ösüşine goşandy.
Edebiýaty öwreniş ylmy we edebi tankyt – 2 sagat.
Edebiýaty öwreniş ylmy. Edebiýatçy alymlar M. Kösäýew, B. Garryýew, A. Kekilow we beýlekileriň türkmen edebiýatyny öwrenmekde, türkmen edebi mirasyny toplamakda we halka ýetirmekde bitiren işleri. Olaryň ýaşan, işlän döwri, durmuş we döredijilik ykballary barada.
Edebi tankyt. Türkmenistanda edebi tankydyň ösüşi. Edebiýat tankytçylary Ö. Abdyllaýew, A. Myradow, J. Allakow, H. Taňryberdiýew, S. Myradow we beýlekileriň edebi tankydy, türkmen edebiýatyny ösdürmekdäki hyzmatlary.
XX asyr türkmen edebiýaty we onuň terbiýeçilik ähmiýeti.
Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty (7 sagat)Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýaty – 1 sagat.
Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýatynyň ösüşine syn. Täze gözlegler, taglymy-tematiki aýratynlyklar. Poeziýada, prozada, çeper publisistikada, dramaturgiýada, kino sungatynda ýetilen üstünlikler.
Bu döwrüň döredijilik wekilleri.
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş we döredijiliik ýoly – 1 sagat.
Döwlet dolandyrylyşy, ykdysadyýet, syýasat, lukmançylyk ylymlaryna degişli ylmy işleri.
Ylmy, edebi-çeper, taryhy-publisistik kitaplary: “Janly rowaýat”, “Ganatly bedewler”.
“Älem içre at gezer” romany. “Paýhas çeşmesi” kitaby.
“Paýhas çeşmesi” kitabynda watançylyk, gahrymançylyk, durmuş pelsepesi hakyndaky nakyllar we olaryň çeperçilik esaslary.
“Döwlet guşy” romany – 5 sagat.
“Döwlet guşy” romanynyň temasy, ideýasy.
Romanyň sözbaşysynda Hormatly Prezidentimiziň çagalyk ýylaryndan başlap edebiýata bolan höwesiniň beýany.
Romanda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen obasynyň durmuşynyň görkezilişi.
Eserde ýetginjek Mälikgulynyň çeper keşbi.
Eserde Berdimuhamet Annaýewiň çeper keşbi.
Eserde Ogulbäbek ejäniň çeper keşbi.
Romanda oba adamlarynyň: Berkeli brigadiriň, Goçgar Garanyň, Ýazly aganyň çeper keşpleri.
Eserde Bedimuhamediň kakasy Annamuhamet aganyň çeper keşbi.
Eserde aýal-gyzlaryň (Käkilik, Zybagül) çeper keşpleri.
Romanyň çeperçiligi. Romanda maşgala temasynyň halkyň, Watanyň ykbaly bilen bitewilikde görkezilişi. Türkmen halkynyň watançylyk ruhunyň Magtymgulynyň, “Görogly” eposynyň we türkmen edebiýatynyň beýleki eserleriniň üsti bilen suratlandyrylyşy.
Romanyň çeper we dokumental häsiýeti. Eserde salam hatlarynyň we suratlaryň ähmiýeti.
Eseriň ideýa-çeperçilik aýratynlyklary.
“Döwlet guşy” romanynyň terbiýeçilik ähmiýeti.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar (14 sagat)Ernest Hemingueý, amerikan ýazyjysy. “Goja we deňiz” eseri – 2 sagat.
E. Hemingueýin ömri we döredijiligi. Ýazyjynyň “Ret bol, ýarag”, “Gün hem dogýar”, „Fieýesta” we beýleki hekaýalary, powestleri barada maglumat.
“Goja we deňiz” eseri. Eseriň baş gahrymany goja Santýagonyň bir uly balygy tutjak bolup gören ezýetleri we tutanýerliligi, onuň öz maksadyna ýetmek üçin tutanýerli hereket edişi.
Dante Aligeri, italýan şahyry. “Ylahy Komediýa” – 2 sagat.
D. Aligeriniň ömri we döredijiligi.
“Ylahy kömediýada” görkezilýän sahnalaryň göçme manysy; babyr, ýolbars, arryk möjek adamy iýjek kemçilikleriň nyşany hökmünde. Poemada täzeçillik we ynsanperwerlik.
Iogann Wolfgang Gýote. Goşgular. “Faust” tragediýasy – 2 sagat.
Ý. W. Gýotäniň ömri we döredijiligi.
Şahyryň öňdebaryjy magaryfçylyk pikirleri. Bilim üçin janyny şeýtana satan alym, filosof Faust baradaky eserde durmuşyň, ýaşaýşyň syrlaryny öwrenmek baradaky pikirler. Faustyň keşbi, onuň Mefistofel bilen baglaşan şertnamasy.
Faustyň zähmet baradaky pikirleri.
Gýötäniň goşgulary we olaryň tema baýlygy.
Antuan de Sent-Ekzýuperi, fransuz ýazyjysy. „Kiçijik şazada” filosofik ertekisi – 2 sagat.
A. Sent-Ekzýuperiniň ömri we döredijiligi.
„Kiçijik şazada” atly filosofik ertekisi. Ertekide adamyň durmuşa öz wyždan we ahlak ölçeginden seredişi, kiçijik şazadanyň tebigatyň gözelligine bolan garaýşy, onuň ahlak gözelligini gözleýşi.
Dünýä edebiýatynda türkmen temasy – 1 sagat
Gündogaryň we Günbataryň gadymdan bäri gatnaşyklarynda türkmenleriň möhüm orny. Beýik ýüpek ýoly. Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişi. Türkmenleriň gadymy medeniýeti, harby, çeper, binagärçilik sungaty, atlary, halylary we şaý-sepleri.
XIII-XIV asyrlarda Ýewropada türkmenler barada ýazylan ilkinji kitaplar.
Plano Karpininiň „Mongollaryň taryhy”, Wilgelm de Rubrukyň „Gündogar ýurtlaryna syýahat” (Sankt-Peterburg, 1911). Marko Polonyň kitaby (Moskwa, 1955). XVI asyr iňlis syýahatçysy Antoni Jenkinsonyň „Orta Aziýa syýahat” (Leningrad, 1938) atly kitaby. Iňlis ýazyjysy Metýu Arnoldyň „Rustam we Suhrab” poemasynda türkmenler baradaky maglumatlar. XIX asyrda Ýewropada neşir edilen Armeniý Wamberiniň „Orta Aziýa syýahat” (Sankt-Peterburg, 1865), „Çagataý dili” (Leipsig, 1867) atly kitaplarynda, Aleksandr Hodzkonyň „Persiýanyň meşhur şygyrlaryndan nusgalar” (London, 1842) atly kitaplarynda türkmenler, türkmen topragy, däp-dessury, edebiýaty baradaky maglumatlar.
Nemes ýazyjysy Rihter Karutsyň „Maňgyşlakda gyrgyzlaryň we türkmenleriň arasynda” (Sankt-Peterburg, 1911) kitabynda türkmenler, olaryň medeniýeti barada berilýän maglumatlar.
Rus ýazyjysy Wasiliý Ýanyň (Ýançeweskiý) ”Çingiz han”, gruzin ýazyjysy Grigol Abaşidzäniň „Uzaga çeken tümlük” romanlarynda türkmenleriň taryhy, Jelaleddiniň edermen keşbiniň görkezilişi. Rus ýazyjylary Wladimir Lugowskoýyň „Türkmenistan”, Petr Pawlenkonyň „Çöl we ýaz”, „Türkmenistana syýahat”, Nikolaý Tihonowyň oçerklerinde, Konstantin Paustowskiniň „Garabogaz” powestinde, Georgiý Weselkowyň goşgularynda Türkmenistan temasy. Pýotr Skosyrýewiň we beýlekileriň Türkmenistan, türkmen halky, türkmen ýazyjy-şahyrlary barada ýazan eserleri.
Garagalpak şahyry Ybraýym Ýusubowyň eserlerinde türkmen temasy.
Wasiliý Ýan (Ýançeweskiý), rus ýazyjysy. „Çingiz han” romany – 2 sagat.
Wasiliý Ýanyň ömri we döredijiligi.
„Mongollar” atly üç kitapdan („Çingiz han”, „Baty han”, „Soňky deňze çenli”) ybarat romany, olarda mongol-tatarlarynyň basybalyjylykly ýörişleri, ýurtlaryň, halklaryň olaryň garşysyna alyp baran azat edijilikli göreşleri barada.
„Çingiz han” romany. Onuň mazmunynyň Türkmenistanyň taryhy bilen baglanyşygy. Batyr türkmen serkerdesi Jelaleddiniň edermenligi, batyrlygy we watançylygy.
Grigol Abaşidze. „Uzaga çeken tümlük” romany – 2 sagat.
Meşhur gruzin ýazyjysy Grigol Abaşidzäniň ömri, döredijiligi.
„Uzaga çeken tümlük” romany. Romanda Horezm şasy Jelaleddin Meňburnyň keşbi. Eserde watançylyk pikirleri, sungat, päk söýgi meseleleri.
Dünýä edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.
Dünýä edebiýatynyň nusgalary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Okuw maglumatlaryny özleşdirmek üçin jemi – 55 sagat.
Düzme, annotasiýa we syn ýazmak üçin – 13 sagat.
Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:
K. Gurbannepesow. «Ýaşlyk dramasy».
M. Seýidow. «Durun mukamy» poemasyndan bölek.
G. Ezizow. «Seni söýdüm», «Myhmançylykda aýdylan tost».
A. Agabaýew. «Oswensim owazlary» poemasyndan bölek.
H. Kulyýew. «Bahar buşlukçysy», «Ene hüwdüsi».
Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:
Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. I-VI tomlar. – Aşgabat, 2008, 2009, 2010, 2011, 2013, 2013.
Gurbanguly Berdimuhamedow. “Döwlet guşy” romany. Aşgabat – 2013.
B.Hudaýnazarow. Gumlular. – Aşgabat, 1995.
B.Hudaýnazarow. Mertebe. – Aşgabat, 1995.
K.Gurbannepesow. Menzil. – Aşgabat, 1979.
K. Gurbannepesow. Oýlanma baýry. – Aşgabat, 1995.
T. Gurbanow. Sarygül. Powestler we hekaýalar. – Aşgabat, 1967.
G. Ezizow. Saýlanan eserler. – I, II tomlar. – Aşgabat, 1995 – 1996.
G.Ezizow. Goşgular. – Aşgabat, 2010.
A.Agabaýew. Mizan – Aşgabat, 1988.
H. Kulyýew. Güneş – Aşgabat, 1983.
A. Kekilow. Söýgi. – Aşgabat, 1963.
A. Kekilow. “Edebiýat teoriýasy”. I, II neşirler. Aşgabat, 1952, 1958.
Ö. Abdyllaýew. “Edebiýat teoriýasynyň esaslary”. Aşgabat, 1972, 1985.
J. Allakow. “Prozamyzyň gözlegleri” Aşgabat, 1980.
G. Abaşidze. Uzaga çeken tümlük. – Aşgabat, 1979.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar, IV kitap – Aşgabat, 2009.
XI SYNP (102 sagat)(ynsanperwerlik-durmuş bilimleri ugry)
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow edebiýat barada (1 sagat) XX asyr (1991-nji ýyla çenli) türkmen edebiýaty (59 sagat)XX asyryň başyndaky türkmen edebiýaty – 1 sagat.
Döwletmämmet Balgyzyl, Molladurdy, Baýram şahyr, Körmolla (Suhan Öwezberdi), Durdy Gylyç. Bu şahyrlaryň eserlerinde gozgalýan meseleleriň esasan öz döwrüniň gündelik wakalary, hadysalary bilen baglanyşykly bolmagy. Goşgularda gündelik durmuşdaky ýaramaz hadysalaryň satiriki we ýumoristik äheňde beýan edilmegi.
Türkmen edebiýaty XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda – 2 sagat. B. Kerbabaýew, G. Burunow, A. Alamyşow, Ý. Nasyrly, A. Durdyýew. Bu ýazyjy-şahyrlaryň edebiýata getiren täzelikleri.
Täze edebi žanrlar, çeper terjime, goşgy düzüliş formalary.
Garaja Burunow, Bazar Amanow. «Keýmir kör» pýesasy – 2 sagat.
Eseriň many-mazmuny. Keýmir körüň gahrymançylykly, pähim-parasatly keşbi.
Edebiýet teoriýasy. Drama barada düşünje.
Agahan Durdyýew. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
«Bally molla» hekaýasy. Eseriň temasy we ideýasy, mazmuny we çeperçiligi. Eserde maşgala, ahlak meselesiniň goýluşy. Ynsan häsiýetimdäki nogsanlyklaryň ýiti satiriki gülki arkaly paş edilişi.
Nurmyrat Saryhanow. Ömri we döredijiligi – 4 sagat.
N. Saryhanow – ynsanperwerlik pikirleri öňe süren ýazyjy.
«Şükür bagşy» powesti. Eseriň baş pikiri we temasy. Eserde türkmen saz sungatynyň waspy. Türkmen halkynyň saza, öz sungat wekillerine – ussatlaryna sarpasy, olaryň üstünligini il-ýurt abraýy, mertebesi bilen baglanyşdyrmagy.
Şükür bagşy – halkyň halan ussady. Onuň kyn günde ruhlandyryjysy, armaçysy. «Şükür bagşy» kinoda.
Edebiýat teoriýasy. Ýazyjynyň we gahrymanyň dili.
Türkmen edebiýaty Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda – 2 sagat.
Kemal Işanow, Ata Nyýazow, Hoja Şükürow. Bu ýazyjylaryň şygyr, kyssa, drama eserleri.
N.Saryhanow, Ş.Kekilow, A.Kekilow, B.Kerbabaýew, A.Gowşudow, P. Nurberdi, R.Seýidow, B.Seýtäkow, Ç.Aşyrow. Bu ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde söweş ýagdaýlarynyň we tylyň suratlandyrylyşy.
Şaly Kekilow. «Kareliýa jeňňelinde» goşgusy – 1 sagat.
Goşguda aldym-berdimli söweş pursatlarynyň şahyrana beýany. Şahyryň duýgulary, urşuň ýowuzlygyny bermekde daş-töweregiň, tebigatyň görnüşleriniň peýdalanylmagy. Eserde joşgunly watançylyk, urşuň näletlenilişi.
Edebiýat teoriýasy. Janlandyrma hakynda düşünje.
Türkmen edebiýaty Beýik Watançylyk urşundan soňky döwürde – 2 sagat.
Türkmen edebiýatynyň halkyň uruşdan soňky durmuşynda bolup geçýän özgerişliklere sesini goşmagy. Parahatçylyk, halklaryň dostlugy, agzybirlik temasynyň öň hatara çykmagy. Zähmet temasy.
B.Kerbabaýew, A.Gowşudow, A.Kekilow, R.Seýidow, B.Seýtäkow, G.Seýitliýew, T.Esenowa.
Bu döwüdre öz döredijilik ýüzüni görkezip başlan ýazyjylar, şahyrlar: M. Seýidow, K. Gurbannepesow, B. Hudaýnazarow, G. Gurbansähedow, A. Atajanow, N. Jumaýew, Ş. Borjakow. Bu ýazyjylaryň şygyr, kyssa, drama eserleri.
Bu döwürde çeper döredijilikdäki nogsanlyklar.
Türkmen edebiýaty XX asyryň 60-80-nji ýyllarynda
Gysgaça syn – 2 sagat.
Bu döwürde edebiýata gelen ýazyjy şahyrlar. Poeziýa, proza, drama žanrlarynyň ösüşi.
Berdi Kerbabaýew. Ömri we döredijiligi – 4 sagat.
«Aýgytly ädim» romany.
Eseriň döreýşi, birnäçe gezek gaýtadan işlenip neşir edilmegi.
Hydyr Derýaýew. Ömri we döredijiligi – 4 sagat.
«Ykbal» romany.
«Ykabalyň» 30-njy ýyllardaky keç ykbaly. Gaýtadan neşir edilen
nusgalary.
Beki Seýtäkow. Ömri we döredijiligi – 4 sagat.
«Doganlar» romany.
Romanda XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda Türkmenistanyň demirgazygynda
bolup geçen taryhy wakalaryň suratlandyrylyşy.
Gylyç Kulyýew. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
«Gara kerwen» romany.
Eserdäki wakalaryň iňlis razwedkaçysy polkownik Çarlz Forsteriň adyndan gürrüň berlişi. Eserde iňlis razwedkasynyň türkmen topragynda alyp baran işleri we olaryň halk tarapyndan goldaw tapmandygy baradaky pikirler.
Gurbandurdy Gurbansähedow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
«Toýly Mergen» romany.
Romanda adamkärçilik, ahlak meseleleriniň goýluşy. Toýly Mergeniň hojalyga ýolbaşçylyk eden döwri görüp-duýup bilmedik zatlaryna soňra brigada ýolbaşçylyk edende göz ýetirip başlamagy. Onuň aňynda, dünýägaraýşynda bolup geçýän özgerişlikler.
Ata Gowşudow. Ömri we döredijiligi – 4 sagat.
«Mähri – Wepa», «Köpetdagyň eteginde» romanlary, powestdir hekaýalary.
Ata Gowşudow – görnükli kyssaçy, ökde ýazyjy.
Edebiýat teoriýasy. Çeper eserde taryhylyk barada düşünje.
„Perman” romany.
Eseriň döreýşi. Ondaky wakalaryň bolup geçýän wagty we orny. Gökdepe urşy. Eserde pajygaly taryhyň dogruçyl beýany.
Eseriň gahrymanlar ulgamy: Öwezmyrat batyr, Perman, Jemal, Seýitmyrat beg, Magtymguly han, Dykma serdar. Skobelew – zalym general.
Öwezmyrat batyr – arly-namysly, ajaýyp edim-gylymly ýigit. Onda taryhy şahs Öwezmyrat serdaryň şekillendirilişi.
Eserde türkmeniň milli däp-dessurlary. Eseriň çeperçiligi, taryhy ähmiýeti.
Çary Aşyrow. Ömri we döredijiligi – 4 sagat.
«Ganly saka» poemasy. Eserde gürrüňi edilýan wakalaryň ýazyjynyň öz durmuş, ömür terjimehaly bilen ýakynlygy.
Aman Kekilow. Ömri we döredijiligi – 4 sagat.
Aman Kekilow – ýazyjy, şahyr, alym.
«Söýgi» romany. Bu eýýamda türkmen edebiýatynda şygyr bilen ýazylan giň göwrümli eser – roman. Eserde durmuşylyk.
Edebiýat teoriýasy. Çeper obraz hakynda düşünje.
Gara Seýitliýew. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
Goşgular we poemalar .
Şahyryň söýgi lirikasy.
Gara Seýitliýew – aýdymçy şahyr.
Ata Atajanow. Ömri, döredijiligi – 3 sagat.
Goşgulary we poemalary.
«Teke gyzy Tatýana» romany.
Eserde Gökdepe söweşiniň beýan edilişi.
Eserde dokumentallyk, taryhylyk.
Mämmet Seýidow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.
«Durun mukamy» poemasy. Eserde türkmen saz sungaty, onuň ussatlary barada. Şamyrat Gurbannepesow, onuň türkmen saz äleminde ýeten ussatlygy.
XX asyr türkmen edebiýaty boýunça geçilenleri jemlemek - 1 sagat.
XX asyr türkmen edebiýaty we onuň terbiýeçilik ähmiýeti.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty (10 sagat)Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyzlyk eýýamynda türkmen edebiýatynyň ösmegi ugrundaky tagallalary – 1 sagat.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty – 2 sagat.
Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýatynyň ösüşine syn. Täze formalar, galyplar, taglymy-tematiki aýratynlyklar. Poeziýada, prozada, çeper publisistikada, dramaturgiýada, kino sungatynda ýetilen üstünlikler.
Bu döwrüň öňdebaryjy döredijilik wekilleri.
Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer» romany we “Paýhas çeşmesi” kitaby – 4 sagat.
Berdimuhamet Annaýewiň uruşdan maýyp bolup gelendigine seretmezden, ýene-de ykbalyna öwrülen kärine dolanyp barşy, okuwçylaryň her biriniň ony agasy, howandary ýaly kabul edişi, onuň özüniň we magalasynyň uruş ýyllarynda çagalara howandarlyk göz bilen garaýşy, mekdepde pedagogik düzüminiň oňyn çözülişi hem-de halypa mugallymyň ýaş kärdeşlerine beren sapaklarynyň beýany.
Baş gahrymanyň watana, ojaga hem-de kärine wepalylygy.
Eserde durmuşy keşpleri döretmekdäki we ynsan ykballaryny yzarlamakdaky ussatlyk. Eseriň ýordum we gurluş aýratynlygy. Dil baýlygy. Halkyň psihologiýasynyň açylyp görkezilişi. Žanr, forma taýdan kämilligi.
“Paýhas çeşmesi” kitabynyň türkmen edebi mirasyny baýlaşdyrmakdaky orny. Kitabyň watançylyk, gahrymançylyk, edep-terbiýe, ylym-bilim we durmuş pelsepesi hakyndaky nakyllary we olaryň manysy, çeperçiligi.
«Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk». Eserden bölek - 2 sagat.
Bu eserde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz esger, mugallym, ilhalar ynsan bolan atasy Berdimuhamet Annaýewiň türkmen iliniň berkararlygy barada eden arzuwlaryny amala aşyryşy baradaky gürrüňler.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça geçilenleri jemlemek - 1 sagat.
Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýaty we onuň terbiýeçilik ähmiýeti.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar (20 sagat)Aýbek (Musa Taşmuhammedow), özbek ýazyjysy. „Nowaýy” romany – 3 sagat.
Aýbegiň ömri we döredijiligi.
“Nowaýy” romany. Romanda Nowaýynyň ýaşan döwrüniň görkezilişi. Alyşir Nowaýynyň patyşanyň möhürdary wezipesine bellenilmegi onuň halkyň asuda, agzybir durmuşda, ruhubelent ýaşamagy üçin edýän aladalary, patyşanyň maslahatçysy hökmünde alyp baran il-ýurt bähbitli işleri. Romanda ynsanperwerlik meseleleri. Ýagşylyk we ýamanlygyň çaknyşygy.
Muhtar Auezow, gazak ýazyjysy. “Abaý” romany – 3 sagat.
M. Auezowyň ömri we döredijiligi.
“Abaý” romany. Ýaş Abaýyň okuwa, kitaba bolan höwesi. Abaýyň Kulynsak obasynda myhmançylykda bolmagy we kakasynyň ýumuşlary. Gazaklaryň myhmansöýerlik däpleri. Gazak halkynyň durmuşynyň görkezilişi. Abaýyň Süýündigiň gyzy Togzana bolan söýgüsi. Abaýyň Ýerbol atly oglan bilen dost bolşy.
Çingiz Aýtmatow, gyrgyz ýazyjysy. “Ilkinji mugallym” powesti – 3 sagat.
Ç. Aýtmatowyň döredijiligi. Ýazyjynyň eserlerinde şahsyýetiň aňynda bolup geçýän özgerişleriň, onuň ahlak päkligine ymtylyşynyň görkezilişi.
“Ilkinji mugallym” powesti. Ýaş ýigit Düýşeniň bir obada mugallym bolşy we obanyň adamlarynyň durmuşyna eden täsiri. Altynaýyň keşbi.
Resul Gamzatow, awar şahyry. Goşgular – 2 sagat.
R. Gamzatowyň döredijiligi.
„Ene dilim”, „Dagly gojalar”, „Nälet okamak”, „Sen hakdaky şygyrlam ýene kabul bolmady...” goşgulary, „Atam bilen söhbet” poemasy.
Şahyryň eserlerinde watanyň, halkyň, ene diliniň, tebigat gözellikleriniň, ajaýyp ynsan häsiýetleriniň waspy, ýamanyň ýazgarylmagy, milli buýsanç.
Sergeý Esenin. Goşgular – 2 sagat.
S. Ýeseniniň ömri we döredijiligi.
„Käbäm enem oýar meni ir bilen...”. „It çagasy”. „Ejemden hat”. „Baryp şu gün bir bakgalyň ýanyna...” („Pars äheňleri” goşgular toplumyndan).
Alekseý Trifonowiç Twardowskiý, rus şahyry. “Wasiliý Týorkin” poýemasy – 3 sagat.
A.T.Twardowskiniň ömri we döredijiligi.
“Wasiliý Týorkin” poýemasy. Beýik Watançylyk urşunda esgerleriň öz Watany üçin söweşlerde batyrlyk, mertlik, zähmetsöýerlik we ruhubelentlik görkezmekleri. Wasiliý Týorkiniň keşbi.
Mihail Şolohow, rus ýazyjysy. Ömri we döredijiligi. “Adamyň ykbaly” hekaýasy – 3 sagat.
Meşhur rus ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi M.Şolohowyň “Ýuwaş Don”, “Göterilen tarp”, “Olar Watan üçin söweşdiler” atly romanlary barada.
“Adamyň ykbaly” hekaýasy. Adamyň kyn, adatdan daşary ýagdaýlarda-da öz ynsan mertebesini we adamkärçiligini saklaýşy.
Dünýä edebiýaty boýunça geçilenleri jemlemek - 1 sagat.
Dünýä edebiýatynyň nusgalary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
Eserleri öwrenmek üçin jemi – 90 sagat.
Düzme ýazmak üçin – 12 sagat.
Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:
A. Kekilow. “Söýgi” romanyndan bölek.
G. Seýitliýew. “Gaşy sürmeli” goşgusy.
M. Seýidow. “Durun mukamy” poemasyndan bölek.
A. Twardowskiý. “Wasiliý Týorkin” poemasyndan bölek.
Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenilýän eserler:
Gurbanguly Berdimuhamedow. “Älem içre at gezer” romany. – Aşgabat, 2011.
Gurbanguly Berdimuhamedow. “Döwlet guşy” romany. – Aşgabat, 2013.
A. Gowşudow. Perman. – Aşgabat, 1989.
A. Kekilow. Söýgi. – Aşgabat, 1963.
H. Derýaýew. Ykbal. Aşgabat, 1960.
G.Seýitliýew. Saýlanan eserler. Aşgabat, 1995.
B. Seýtäkow. Doganlar. Aşgabat, 1988, 1989.
G.Kulyýew. Gara kerwen, Aşgabat, 1990.
G.Gurbansähedow. Toýly Mergen, Aşgabat, 1978.
Ç. Aýtmatow. Jemile. Aşgabat, 1963.
R. Gamzatow. Ýüregim daglardadyr. – Aşgabat, 1986.
S. Ýesenin. Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 1968.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar. IV kitap. – Aşgabat, 2009.
Beýannamalaryň we düzmeleriň mysaly söz sany:
Synplar | Söz sany |
V | 100-120 |
VI | 120-130 |
VII | 130-150 |
VIII | 150-170 |
IХ | 170 - 200 |
Х | 200- 250 |
ХI | 250 -260 |
ХII | 260 - 280 |
Beýannama we düzmä baha goýmak
1. Mazmunyna we sözleýşine baha goýluşy
Bahalar Ýalňyşlar | “5-lik” | “4-lük” | “3-lük” | “2-lik” | “1-lik” |
Mazmun: delil, many | 1 | 2 | 4 | 6 | “2-lik” ölçegden köp bolan ýalňyşlara goýulýar |
Sözleýiş: Sözlem gurnalyşy | 1 | 2 | 4 | 6 | |
Jemi | 2 | 4 | 8 | 12 | |
Bellik: Şu normalar beýannama we düzmä birinji baha goýlanda ulanylýar.
2. Sowatlylyga baha goýluşy:
Bahalar Ýalňyşlar | “5-lik” | “4-lük” | “3-lük” | “2-lik” | “1-lik” |
Dürs ýazuw | 1 -1 | 2 - 1 | 2 - 5 | 6 - 8 | “2-lik” ölçegden köp bolan ýalňyşlara goýulýar |
Dyngy belgi | -1 3 - | 2 | 6 - 3 | 6 - 4 | |
Gammatik | 1 | 2 | 4 | 6 | |
Jemi | 2 | 6 | 12 | 18 | |
Bellik: Şu düzgünler beýannama we düzmä ikinji baha goýlanda
ulanylýar. Ikinji baha türkmen dili dersine goýulýar.
Beýannama we düzmä baha goýlanda, şu ölçegleri goldanmak bolar
Bahalar | Mazmun we sözleýiş | Sowatlylyk |
“5-lik” | 1. Ýazuw işiň mazmuny tema doly laýyk gelýär. 2. Delil ýalňyşlary ýok. 3. Mazmun yzygiderli beýan edilýär. 4. Iş mazmuna baýlygy we sözleriň öz ýerinde takyk ulanylyşy, peýdalanylan sözleriň we sözlemleriň gurluşynyň dürlüligi bilen tapawutlanýar. 5. Sözlemleriň düzülişinde bitewülik we labyzlylyk gazanylypdyr. Tutuşlygyna alnanda, onuň mazmunynda 1 näsazlyga we sözleýşinde 1 näsazlyga ýol berlipdir. | 1 dürs ýazuw, ýa 1 dyngy belgi, ýa-da 1 grammatik ýalňyş bar. |
“4-lük” | 1. Ýazuw işiň mazmuny tema, esasan, laýyk gelýär (onçakly ähmiýetli bolmadyk gyşarmalar bar). 2. Mazmun, esasan, ynandyryjy, emma käbir delil nätakyklygy goýberilipdir. 3. Pikirleri beýan etmegiň yzygiderliginde onçakly ähmiýetli bolmadyk bozulmalar bar. 4. Sözleýşiniň düzümi we grammatik gurluşy ýeterlik derejede dürlüleşdirilýär. 5. Sözlemleriň dogry düzülişi saklanypdyr we ol ýeterlik derejede labyzlylygy bilen tapawutlanýar. Tutuşlygyna alnanda, ýazuw işiň mazmunynda 2-den köp bolmadyk näsazlyga we sözleýşinde hem 2-den köp bolmadyk näsazlyga ýol berilýär. | 3 dürs ýazuw we 1 dyngy belgi ýalňyşy ýa 2 dürs ýazuw we 2 dyngy belgi, ýa-da 1 dürs ýazuw ýalňyşy ýok-da, 4 dyngy belgi ýalňyşy, şeýle hem 2 grammatik ýalňyşy bar. |
“3-lük” | 1. Ýazuw işde temadan düýpli gyşarmalar bar. 2. Mazmun esasy meselede ynandyryjy çykypdyr, emma onda aýry-aýry delil nätakyklyklary duşýar. 3. Beýan etmäniň yzygiderliginiň bozulýan halatlary bar. 4. Sözlük gory az we sözlemleriň gurluşynda sözleriň nädogry ulanylyşy gabat gelýär. 5. Ýazuw işi gurluş taýdan birbitewi çykmandyr. 6. Sözleýiş ýeterlik derejede labyzly däl. Tutuşlygyna alnanda, ýazuw işiň mazmunynda 4-den köp bolmadyk näsazlyga we sözleýişde hem 4 sany näsazlyga ýol berilýär. | 5 dürs ýazuw we 3 dyngy belgi ýalňyşy, ýa-da 4 dürs ýazuw we 4 dyngy belgi ýalňyşy, ýa-da 3 dürs ýazuw ýalňyşy, 5 dyngy belgi ýalňyşy, ýa-da 2 dürs ýazuw, 6 dyngy belgi, ýa-da 1 dürs ýazuw, 7 dyngy belgi ýalňyşy, şeýle hem 4 grammatik ýalňyşy bar. |
“2-lik” | 1. Ýazuw işi tema laýyk gelmeýär ýa-da tema açylmaýar. 2. Delil nätakyklyklary köp duşýar. Ýazuw işiň hemme bölümlerinde pikirleriň beýan edilişiniň yzygiderligi bozulýar, bölümler biri-birine baglanyşmaýar, meýilnama laýyk gelmeýär. 3. Ýazuw işiň sözlük gory az, bir görnüşli gysga sözlemler bilen ýazylypdyr, şol sözlemeriň arasyndaky baglanyşyk hem gowşak, sözleriň nädogry ulanylýan ýerleri köp. 4. Sözlemleriň gurluş birligi bozulypdyr. 5. Tutuşlygyna alnanda, ýazuw işiň mazmunynda 6 we sözlem gurluşynda hem 6 näsazlyk bar. | 8 dürs ýazuw, 4 dyngy belgi, ýa-da 7 dürs ýazuw we 5 dyngy belgi, ýa-da 6 dürs ýazuw, 6 dyngy belgi, şeýle hem 6 grammatik ýalňyşy bar. |
“1-lik” | 1. Ýazuw işiň mazmunynda we sözleýşinde näsazlyklar “2-lik” ölçegden köp. | Ýalňyşlar “2-lik” ölçegden geçýär. |
Edebiýat dersinde geçirilmeli ýazuw işleri we olaryň sagatlary
| 5 | 6 | 7 | 8 | 9 | 10 | 11 | 12 | |||||||||||
T/b | Ýazuw işleri | Synplar boýunça ýazuw işleriniň sagatlary | |||||||||||||||||
1 | Diktantlar: |
|
|
|
|
|
|
|
| ||||||||||
barlag |
|
|
|
|
|
|
|
| |||||||||||
beýleki ýazuw işler |
|
|
|
|
|
|
|
| |||||||||||
ç) ýalňyş üstünde iş |
|
|
|
|
|
|
|
| |||||||||||
2 | Beýannamalar: |
|
|
|
|
|
|
|
| ||||||||||
a) beýannama taýýarlyk | 2 | 2 | 2 | 1 |
|
|
|
| |||||||||||
b) beýannama ýazmak | 2 | 2 | 2 | 1 |
|
|
|
| |||||||||||
ç) derňew etmek | 2 | 2 | 2 | 1 |
|
|
|
| |||||||||||
3 | Düzmeler: |
|
|
|
|
|
|
|
| ||||||||||
a) düzmä taýýarlyk |
|
| 1 | 2 | 2 | 2 | 3/4 | 3 | |||||||||||
b) düzme ýazmak |
|
| 1 | 2 | 2 | 2 | 3/4 | 3 | |||||||||||
ç) derňew etmek |
|
| 1 | 2 | 2 | 2 | 3/4 | 3 | |||||||||||
4 | Annotasiýa: |
|
|
|
|
|
|
|
| ||||||||||
a) annotasiýa taýýarlyk |
|
|
|
|
|
|
|
| |||||||||||
b) annotasiýa ýazmak |
|
|
|
|
|
|
| 1 | |||||||||||
ç) derňew etmek |
|
|
|
|
|
|
|
| |||||||||||
|
|
|
|
|
|
|
|
| |||||||||||
5 | Syn: |
|
|
|
|
|
|
|
| ||||||||||
a) syn ýazmaga taýýarlyk |
|
|
|
|
|
|
| 1 | |||||||||||
b) syn ýazmak |
|
|
|
|
|
|
| 1 | |||||||||||
ç) derňew etmek |
|
|
|
|
|
|
| 1 | |||||||||||
| Jemi sagat sany | 6 | 6 | 9 | 9 | 6 | 6 | 9/12 | 13 |
Düzüjiler:
T.Sadykow
A.Saryýew
R.Mustakow
Ý.Garaýew
G.Sahatowa