Dermanlyk ösümlikleriň söhbedi
Eger bir dert bilen ýoňlasa her kim,
Biler bejermegiň ýollaryn, tabyn,
Okap Arkadagyň “Türkmenistanyň
Dermanlyk ösümlikleri” kitabyn.
Baldyryň syzlamaz, sag bolar janyň,
Ulansaňyz saýlap tanap otlary.
Otlaň müň bir derde dermandygyna,
Şaýatdyr her jildi hem-de gatlary.
On bir jiltli kitap duran hazyna,
Dermandyr melhemiň düwünçegi ol.
Peýdalansa sagdynlyga gönükdir,
Hassa bolup dertden düwünçegi ol.
Derläp daşa çykyp, biraz sowuklap,
Bu kitaby ele alan pursadym.
Setirleriň arasynda alakjap,
Gyyzl burçuň boluşyny görsediň.
“Unaş edip, meni atsaň içine,
Gerek däldir derman ýa-da başga hurş.
Basym burçak-burçak derläp başlarsyň,
De astynda dert galmaz” diýdi gyzyl burç.
Ýaňy bir özüni magtap başlanda,
Bir ösümlik söze sorady rugsat.
Burç gyzaryp hol atyza bakanda,
Hemmä tanyş ses eşidildi şol pursat.
“Sowuklama, dümew ýaly ýoňlaryň
Menem piridirin” diýdi sarymsak.
“Ysy ýiti, ýöne iýen adamlar,
Diýer hökman elmydama serimsag”
Şol mahal bir çetde ösüp oturan,
Üzärlige başartmady dymmaklyk.
Diýdi ol: “Siziňkem dogrydyr,emme
Iň gowusy derdiň öňün almaklyk.”
Bir şahamy mejimede tütedip,
Jaýda ýaýratsalar meniň tüssämi.
Dep eýlärin ençe derdi-belany,
Hem egserin köňüllerde gussany.
Tüssäm giňlik berer ynsan göwnüne,
Şoň üçin her öýde bardyr üzärlik.
Dürli kesellerden hem göz degmekden,
Goramsoň diýýärler “Güýji ýüz ärlik.”
Üçleriň söhbedin diňläp oturan,
Dürli agaç başyn yrap baglykda.
Ýerli-ýerden goşuldylar söhbede,
“Biziňem nepimiz az däl saglykda
Gowy ýuwup yzygider iýeniň,
Jany sag bor hem-de bolar keýpi çag.
Miwelerimiz ýokumdyr her bedene
Diýip, sözün tamamlady goja bag. ”
Bagy diňläp bakjadaky ekinler,
Dillendiler ýerli-ýerden şadyýan.
“Kädi, kelem, gawun-garpyz, başga-da
Bakja önümleri saglyga peýan.”
Olaryň sözlerin tassyklap reýhan,
Gürrüňe başlady ýakymly kokap.
Şonda barça gök önümleň peýdasyn,
Bildim Arkadagyň kitabyn okap.
Topragymyzda ösýän ähli ösümlik,
Haýsam bolsa bir derdiň emi eken,
Soň neneň diýmejek bu ajap kitap,
Tebigy melmelhemleň uly jemi eken!
Просмотр содержимого документа
«Dermanlyk ösümlikleri»
Dermanlyk ösümlikleriň söhbedi
Eger bir dert bilen ýoňlasa her kim,
Biler bejermegiň ýollaryn, tabyn,
Okap Arkadagyň “Türkmenistanyň
Dermanlyk ösümlikleri” kitabyn.
Baldyryň syzlamaz, sag bolar janyň,
Ulansaňyz saýlap tanap otlary.
Otlaň müň bir derde dermandygyna,
Şaýatdyr her jildi hem-de gatlary.
On bir jiltli kitap duran hazyna,
Dermandyr melhemiň düwünçegi ol.
Peýdalansa sagdynlyga gönükdir,
Hassa bolup dertden düwünçegi ol.
Derläp daşa çykyp, biraz sowuklap,
Bu kitaby ele alan pursadym.
Setirleriň arasynda alakjap,
Gyyzl burçuň boluşyny görsediň.
“Unaş edip, meni atsaň içine,
Gerek däldir derman ýa-da başga hurş.
Basym burçak-burçak derläp başlarsyň,
De astynda dert galmaz” diýdi gyzyl burç.
Ýaňy bir özüni magtap başlanda,
Bir ösümlik söze sorady rugsat.
Burç gyzaryp hol atyza bakanda,
Hemmä tanyş ses eşidildi şol pursat.
“Sowuklama, dümew ýaly ýoňlaryň
Menem piridirin” diýdi sarymsak.
“Ysy ýiti, ýöne iýen adamlar,
Diýer hökman elmydama serimsag”
Şol mahal bir çetde ösüp oturan,
Üzärlige başartmady dymmaklyk.
Diýdi ol: “Siziňkem dogrydyr,emme
Iň gowusy derdiň öňün almaklyk.”
Bir şahamy mejimede tütedip,
Jaýda ýaýratsalar meniň tüssämi.
Dep eýlärin ençe derdi-belany,
Hem egserin köňüllerde gussany.
Tüssäm giňlik berer ynsan göwnüne,
Şoň üçin her öýde bardyr üzärlik.
Dürli kesellerden hem göz degmekden,
Goramsoň diýýärler “Güýji ýüz ärlik.”
Üçleriň söhbedin diňläp oturan,
Dürli agaç başyn yrap baglykda.
Ýerli-ýerden goşuldylar söhbede,
“Biziňem nepimiz az däl saglykda
Gowy ýuwup yzygider iýeniň,
Jany sag bor hem-de bolar keýpi çag.
Miwelerimiz ýokumdyr her bedene
Diýip, sözün tamamlady goja bag. ”
Bagy diňläp bakjadaky ekinler,
Dillendiler ýerli-ýerden şadyýan.
“Kädi, kelem, gawun-garpyz, başga-da
Bakja önümleri saglyga peýan.”
Olaryň sözlerin tassyklap reýhan,
Gürrüňe başlady ýakymly kokap.
Şonda barça gök önümleň peýdasyn,
Bildim Arkadagyň kitabyn okap.
Topragymyzda ösýän ähli ösümlik,
Haýsam bolsa bir derdiň emi eken,
Soň neneň diýmejek bu ajap kitap,
Tebigy melmelhemleň uly jemi eken!