Bedew - türkmeniň uçar ganaty
At ýigidiň ýoldaşy
At türkmen üçin ruhy we maddy baýlykdyr
At türkmen üçin maddy hem ruhy baýlyk saýylypdyr. Hawa, bedew barjamlylykdan, gurplulykdan nyşan bolsa-da, onuň haryt-mal hökmünde garalmandyr, çünki asyllylygyň, wepanyň, dostlugyň bahasy ýok ahyry. Ady äleme dolan türkmen bedewlerinde hut şeýle ajap sypatlar jemlenen. Haýwanlaryň arasynda abraý-derejesi babatda ýolbarsa haýwanlar şasy diýilse, adamlar ahal-teke atlaryna «asman şasy» ýa-da «behişdi bedew» diýip, ony has arşa çykarypdyrlar. Aslynda ynsan atyna şeýle baha berip, ony öz derejesine göteripdir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde atlaryň şöhraty bütin jahana ýaň salýar, sarpasy has-da belende göterilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» girizildi. Türkmen halkynyň atşynaslyk sungaty öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandyr. Türkmen aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy-bular milletimiziň döreden maddy gymmatlyklarynyň esaslarydyr. Türkmen topragynyň Altyndepe, Änew, Nusaý, Dehistan, Namazgadepe we Lebap welaýatlarymyzyň Araphandan, Amuldan, Mürzebeg ýaly gadymy taryhy ýadygärlikden atyň heýkel şekilleriniň we gap-gaçlara, küýzelere çekilen suratlaryň tapylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Bedew batly at –myradyň mekany
Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň öwrenilmegine, seýisçilik sungatynyň ösdürilmegine giň ýol açyldy. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, at üstündäki oýunlaryň milli däplerini ýaýratmakda uly işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly kitaplaryny halkymyza peşgeş bermegi ahalteke atlary bilen bagly dürli maglumatlary öwrenmäge uly gollanma bolup durýar.
Bedew batly
at- myradyň
mekany
2026-njy ýylyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran taryhy waka boldy. Bu şygarda Garaşsyzlygyň mizemez binýady, baky Bitaraplygyň dünýä derejesindäki abraýy hem-de türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän beýik arzuw-myratlary jemlenýär. Bedew atyň belent ruhy, çaltlygy we wepalylygy bilen sazlaşýan bu şygar milli ösüş ýolumyzyň dowamlylygyny alamatlandyrýar.
Bu taryhy atlandyrma döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer we öňdengörüjilikli syýasatynyň logiki dowamy bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň aýdyň netijesidir. Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan syýasat bolsa ykdysady ösüşe, halkara hyzmatdaşlygyň giňemegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna berk esas bolup hyzmat edýär.
Ynançly öňe barýan Türkmenistan — bu diňe bir şu günüň däl, eýsem geljek nesilleriň hem bagtyýar durmuşynyň kepilidir.
At basyşyndan belli, är – bakyşyndan.
At başyna iş düşse, agyzdyrygy bile suw içer,
Är başyna iş düşende, ädigi bile deňiz geçer.
At ýaly bilen owadan, zenan – saçy bilen.
At ýortuşda belli, gurt – ýyrtyşda, är – göreşde, batyr – söweşde.
Bedew at menzil keser.
Bedew atlar semiz bolar, goç ýigitler tämiz bolar.
Bedew jul içinde belli, göwher – kül içinde.
Gyz alsaň – kynykdan, at alsaň – ýüwrükden.
Oglany atasy tanar, aty – eýesi.
Uzak ýol aty synar, agyr gün – äri.
Ýagşy atyň dişini görme, ýagşy kişiň ýaşyny sorama.
Ýagşy eşekden hor-da bolsa at ýagşy,
Uzakdaky garyndaşdan ýakyndaky ýat ýagşy.
Ýagynly gün at alma, ýelli güni guş salma.
Ýigidiň aýagynyň astynda at ynjamaz.
Ýorga ata ýol ýagşy, ýüwrük ata – meýdan.
Ýörgür at gamçysyz gider.
Çyn bedewler meýdanynda bellidir.
Gawun gabygyndan tanalar, bedew – söbüginden.
Göwher – kül içinde, bedew – jul içinde.
At öler – meýdan galar, ýigit öler – şan galar.
At rysgaly alnynda.
At saklamak – han saklamak.
At satsaň, obaňa geňeş.
At tapýançaň, eşek sakla, düýe tapýançaň – köşek.
At toýnagyna at çydar.
At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden.
At üsti hyýally, dag başy dumanly.
At üstüne müneni tanar.
At ýaly bilen owadan, zenan – saçy bilen.
At ýaryşda, är söweşde.
At ýerine eşek daňma
At – ýigidiň diregi, haly – gyzyň ýüregi.
«At ýok» diýip, sygra eýer salynmaz
ÝÜREK BUÝSANJYMYZ
«Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýyl —
Ýurt asuda, il gaýratly.
Ýylky ýylym myrat berer,
Gursakdaky arzuwlara.
Göwünler Göge göterler,
Meňzäp misli ak guwlara.
Göge galan göwünleriň,
Ruhy-da has belent bolar.
Hoşniýetli işler bilen,
Dünýäň ýüregine dolar.
Aty ganatly türkmeniň,
Göwni-de per-ganatlydyr.
Şonuň üçin dünýä nusga,
Ösüşler bedew batlydyr.
Milli Lider taglymaty,
Bolýar durmuş ýörelgesi.
Hormatly Prezidentimiz —
Il-günümiň göreldesi.
Ýer ýüzi guwanyp bakýar,
Bu gün Bitarap ýurduma.
Parahat durmuş ýaraşýar,
Türkmeniň gadym ýurduna.
Oguz hanyň nesilleri,
Ynanyşmak ýoly bilen,
Dogan bolup gatnaşýarlar,
Dünýäň sagu-soly bilen.
Aty gardaş saýan türkmen,
Bu ýyly şöhrata beslär.
Köpugurly ösüşlerde,
Her kim goşant goşmak islär.
Şeýdip milletiň ykbaly,
Gözel bolar bedew ýaly.
Bagt deňzinde halkymyzyň,
Erkin ýüzer durmuş saly.
Ýylky ýyly nesip etsin,
Hemmä bagtdan paýly bolmak.
Toýlar toýlara ulaşyp,
Toýlardan serpaýly bolmak!
Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder.
Tü rkmenistanyň P rezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. 2026- ýyl—Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksatmyradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hemde özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar. Köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýçkuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny hasda şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hemde ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläkde beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şanşöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem 2026-njy ýyly atlandyrmak barada halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: 2026njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmeli.