СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Döwlet baýdagy baýramyna

Категория: Всем учителям

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Döwlet baýdagy baýramyna»

K onstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni

“Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gutlagynda belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen hakyna berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Konstitusiýa hem-de Döwlet baýdagynyň güni 1994-nji ýylyň 26-njy dekabrynda baýramçylyk güni hökmünde ykrar edildi we her ýyl 18-nji maýda bellenilýär. Türkmenistanyň Esasy Kanunyna bagyşlanyp gurlan 185 metrlik Konstitusiýa binasy 2011-nji ýylda açyldy. Ýurduň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi.

2008-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan baýdak sütüni 133 metre bolup, ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.

.

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddesliklerdir



2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hormatly Prezidentimiziň gol çekip tassyklamagy bilen «Türkmenistanyň Zähmet Kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda, her ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni diýlip yglan edildi.
Baýdak döwletiň nyşany, halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hasaplanylýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda türkmen halkynyň mukaddes ýörelgeleri jemlenendir.
2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda dünýäde iň belent flagştok oturdyldy we ol belentligi bilen Ginnesiň Bütin dünýä rekordlar kitabyna girizildi. 133 metrlik bu flagştokdaky baýdagymyzyň ini 35, boýy 52.5 metr, agramy bolsa 420 kilograma barabardyr. Ýaşyl Tugumyzyň şeýle belentlige galdyrylmagynyň özboluşly manysy bar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine galýar. Döwlet baýdagymyzyň iň belent flagştogda pasyrdamagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.
Ýaşyl Tugumyzdaky Aýyň şekili mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, ýurdumyzdaky abadançylygyň, asudalygyň nyşanydyr. Baýdagymyzdaky bäş ýyldyz biziň bäş müň ýyllyk taryhymyzyň bäş eýýamynyň we bäş welaýatymyzyň, arassa, parahat, asuda asmanymyzyň nyşanlarydyr. Döwlet baýdagymyzdaky haly gölleri halkymyzyň milliligini, ajaýyp sungatyny, ynsanperwer ýörelgelerini aňladýar. Baýdagymyzdaky zeýtun ýapraklary bolsa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny, dünýäde parahatçylyk ugrunda çykyş edýän döwletdigini aňladýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. «Açyk gapylar» syýasatyna hem-de hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine laýyklykda Türkmenistanyň BMG bilen netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze dereja çykdy. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny ýokary götermek we türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, ömri uzak bolsun! Mähriban Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!