Dersiň ady: ene dili Synpy: III synp ________ ________ ________
| Sapagyň temasy: | “Ak bugdaý” tekst. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Okuwçylara “Ak bugdaý” diýen teksti okatmak. Olaryň sözleýiş dillerini ösdürmek, öz pikirlerini yzygider beýan edip bilmeklerini gazanmak. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda ene dili dersine bolan söýgini döretmek. Olary watançylyk, zähmetsöýerlik, beýik adamkärçilik ruhunda terbiýelemek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Reňkli suratlar, soragnamalar,bannerde ýasalan esbaplar. |
Sapagyň gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
4. Hormatly Arkadagymyzyň «Paýhas çesmesi» kitabyndan sorag-jogap alyşmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
Sorag-jogap alyşmak.
1. Ogulgerek nämäni arzuw edýärdi?
2. Ogulgerege çörek bişirmegi kim öwredýär?
3. Türkmen gapydan gelen adamy näme bilen garşy alýar?
3. Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. “Ak bugdaý” diýen teksti okatmak.
2. Tekst üstünde işlemek.
3.Teksti gürrüň bermek.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- “Ak bugdaý” diýen teksti gürrüň berip
- islendik eseriň ündeýän ähmiýetini
- öz pikirlerini yzygider beýan edip
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- teksti dürs we ýalňyşsyz okamagy;
- okan eseriniň ýa-da goşgusynyň manysyny özbaşdak düşündirmegi
- Tema degişli suratlar boýunça sözlem düzmegi
Ak bugdaý
(Gysgaldylyp alyndy)
B
ugdaý ynsanyň baş azygy hasap edilýär. Ondan bişirilýän tagamlar gündelik durmuşymyzda-da, toý-baýramlarda-da saçaklarymyzy bezeýär. Halkymyz çörege aýratyn sarpa goýup,oňa mukaddeslik hökmünde garaýar. Bugdaý barada:
Ýere urdum paltany,
Agzy gyzyl haltany,
Ýerden bir oglan çykdy,
Uly iliň soltany –diýen matal, «Altyn-kümüş daş eken, arpa-bugdaý aş eken», «Ekseň,
bugdaý ek, baksaň – goýun» ýaly nakyllar döredilipdir. Bugdaý oragy döwründe «Çäjiňe bereket!», «Harmanyňa bereket!» ýaly alkyşlar aýdylýar. Döwlüp alynýan arassa bugdaý üýşmegine çäç diýilýär. Döwmek üçin üýşürilen galla hasylyna we şol hasylyň
döwlüp alnan ýerine bolsa harman diýilýär.
«Güneş» žurnalyndan
5. Täze temany berkitmek.
Sorag-jogap alyşmak.
1. Bugdaý barada nähili matallary we nakyllary bilýärsiňiz?
2. Arassa bugdaý üýşmegine näme diýilýär?
6. Öý işini tabşyrmak:
1. “Ak bugdaý” diýen teksti gürrüň bermek.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.
Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym: ___________________________________________________
Bellik:________________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________________________