Dersiň ady: ene dili Synpy: III ,, ” Senesi:
| Sapagyň temasy: | Ýaňyltmaçlary aýtmagy öwretmek. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Okuwçylara ýaňyltmaçlary öwretmek we ýat tutdurmak. Olaryň sözleýiş dillerini ösdürmek, öz pikirlerini yzygider beýan edip bilmeklerini gazanmak. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda ene dili dersine bolan söýgini döretmek. Olary watançylyk, zähmetsöýerlik, beýik adamkärçilik ruhunda terbiýelemek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Reňkli suratlar, soragnamalar,bannerde ýasalan esbaplar. |
Sapagyň gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
4. Hormatly Arkadagymyzyň «Paýhas çesmesi» kitabyndan sorag-jogap alyşmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
a) Sanawaçlary labyzly okatmak.
b)Suratlar boýunça sözlem düzdürmek.
3. Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Okuwçylara ýaňyltmaçlary öwretmek we ýat tutdurmak.
2. Ýaňyltmaçlaryň many-mazmunyny gürrüň bermek.
3. Ýaňyltmaçlary labyzly okamak.
Halk döredijiligi
Ýaňyltmaçlar
Gyýak, gyýak, gyýaklyk, Palçyk,
Gyzyl gyýak, gök gyýak, Palçyk.
Gyýaklykda kyrk taýak, Jaý gurjak, bol, çyk!
Kyrk taýakly kyrkaýak Palçykdan al, çyk!
Bazara barjak
Babamy, Borjak,
Beglimi, Bahar,
Bazarmy, Basar,
Bazar bar zadyň
Bahasyn keser.
Bazar zadynyň
Bahasy ýeser.
G
izlenpeçek
Gizlenpeçek,
Gizlenpeçek.
Geliň, kim öň
Gizlenmeşek.
Giň düzlere
Çykdy peçek.
Gizlenere
Hyşa, buýan
Gujak-gujak.
Gel, oýnaly,
Gaýly, Goçak.
Serwi talym.
Seçek-seçek.
Jaýyň üsti
Eýwan, üçek,
Dostlaň oýny
Gizlenpeçek.
Karam etmän,
Ýapdan ötmän
Gizlenmeşek.
Gizlenpeçek,
Gizlenpeçek.
Garga
Gagyldaşyp gargalar,
Bir-birine ses goşar.
Garga gara garaşar,
«Gak-gak» garga ýaraşar.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- ýaňyltmaçlary aýdyp
- ýaňyltmaçlary labyzly okap
- islendik eseriň ündeýän ähmiýetini
- öz pikirlerini yzygider beýan edip
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- ýaňyltmaçlary dürs we ýalňyşsyz okamagy;
- okan eseriniň ýa-da goşgusynyň manysyny özbaşdak düşündirmegi
- Tema degişli suratlar boýunça sözlem düzmegi
5. Täze temany berkitmek.
a) Ýaňyltmaçlary labyzly okatmak.
b)Suratlar boýunça sözlem düzdürmek.
6. Öý işini tabşyrmak:
1. Ýaňyltmaçlary öwreniň.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.
Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym: ___________________________
Bellik:________________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ________________