СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Eýerjeňli goşma sözlemler

Категория: Литература

Нажмите, чтобы узнать подробности

Eeýerjeňlli goşma sözlem

Просмотр содержимого документа
«Eýerjeňli goşma sözlemler»

Eýerjeňli goşma sözlemler

Biri beýlekisine garaşly, tabynlyk gatnaşygyndaky ýönekeý sözlemleriň mazmun hem grammatik taýdan birleşmeginden emele gelen goşma sözleme eýerjeňli goşma sözlem diýilýär.

Eýerjeňli goşma sözlemiň düzümindäki ýönekeý sözlemleriň diňe birisi baş pikiri aňladýar, beýlekisi onuň belli bir bölegini ýa-da ony bitewilikde aýyklap, mazmun hem grammatik taýdan oňa eýerip gelýär. Olaryň baş pikir aňladýany baş sözlem, oňa eýerip gelýäni bolsa eýerjeň sözlem atlandyrylýar. Meselem:

Il-halkyň bir iş tutsa,

Sen ondan galyjy bolma (Magtymguly).

Bu sözlem gurluşy taýdan eýerjeňli goşma sözlemdir. Onuň

düzüminde iki sany ýönekeý sözlem bar:

1. Il-halkyň bir iş tutsa, ─ eýerjeň sözlem.

2. Sen ondan galyjy bolma ─ baş sözlem. Bu sözlem

aýratynlykda hem gutaran oý-pikir aňladýar. Onuň “Il-halkyň bir iş

tutsa” bölegi baş sözlemi aýyklap, iş-hereketiň ýüze çykmagynyň

şertini görkezip gelýär. Öz eýe-habarynyň bardygyna garamazdan,

goşma sözlemiň bu bölegini gutaran oý-pikir aňlatmaýandygyna görä

aýratynlykda ulanyp bolmaýar. Baş sözleme eýerip gelşi nazarda

tutulyp, oňa eýerjeň sözlem diýilýär.

Eýerjeň sözlemler köplenç, baş sözlemden öň gelýärler.

Meselem:

Gün ýaşmanka, biz ýetişdik.

Eýerjeň sözlem baş sözlemiň içinde hem gelip bilýär. Bu

ýagdaýda eýerjeň sözlemiň iki tarapyndan hem otur goýlup, ol baş

sözlemden tapawutlandyrylyp ýazylýar. Meselem:

Kakamyz, men çagakam, mekdepde işleýärdi.

Eger eýerjeň sözlem baş sözlemiň habarynyň öň ýanyndan

gelse, eýerjeň hem baş sözlemler intonasiýa taýdan goşulyp aýdylýar.

Bu ýagdaýda iki habaryň arasyna otur goýulmaýar. Meselem:

Biz ertir gezelenje howa sowuk bolsa-da gideris.

Gün biz oba gelenimizden soň ýaşdy.

Şahyrana eserlerde, gepleşikde eýerjeň sözlemiň baş

sözlemden yzda gelşine-de duşulýar:

Goç ýigidiň ady çykmaz,

Döwleti, maly bolmasa (Magtymguly).

Eýerjeňli goşma sözlemde baglanyşyk

Eýerjeň sözlemler baş sözlem bilen mazmun taýdan-da,

grammatik taýdan-

-da baglanyşýar.

Baş sözlemiň nähili agzasyny haýsy tarapdan aýyklap gelşine

görä eýerjeň sözlemiň habarlary dürli grammatik formalary kabul

edip, baş sözleme eýerip gelýärler. Meselem:

Aý dogup, älem ýagtyldy.

Aý dogmanka, älem garaňkydy.

Aý doganda, älem ýagtylýar.

Aý dogman, älem ýagtylmaz.

Aý dogsa, älem görer.

Aý dogan bolsa, älem ýagtylar.

Daň atyp-atmanka, myhman bary geldi.

Gün guşluga galanda, myhmanlar çaý-çörek iýip bolupdylar.

Eýerjeň sözlemleriň habarlary sözsoňy kömekçiler arkaly-da

baş sözlem bilen baglanyşýarlar. Meselem:

Oňat okanymyz üçin, mugallym hoşal boldy.

Söweş gutaransoň, batyr köpeler.

Suw seňrikden agansoň, puşmandan peýda ýok.

Men özümi bilenimden bäri, biz şäherde ýaşaýarys.

Eýerjeňli goşma sözlemleriň görnüşleri

Eýerjeň sözlemler baş sözlemde berilýän habary dürli

tarapdan aýyklaýar. Eýerip gelen sözlemiň manysyna görä eýerjeňli

goşma sözlemler birnäçe topara bölünýärler:

1. Hal eýerjeňli goşma sözlem.

2. Şert eýerjeňli goşma sözlem.

3. Wagt eýerjeňli goşma sözlem.

4. Sebäp eýerjeňli goşma sözlem.

5. Garşylykly eýerjeňli goşma sözlem.

6. Meňzetme eýerjeňli goşma sözlem.

7. Orun eýerjeňli goşma sözlem.

8. Deňeşdirme eýerjeňli goşma sözlem.


Hal eýerjeňli goşma sözlem

Hal eýerjeň sözlemi baş sözlemde habar berilýän iş-hereketiň

nä halda ýüze çykandygyny bildirýär. Onuň habary, esasan hal işlik

formalaryndan bolýar. Ýazuwda eýerjeň sözlemiň habarynyň

yzyndan otur goýulýar. Meselem:

Gar ýagyp, howa sowady.

Daň atyp, jahan ýagtyldy.

Gün gyzyp, gijeki düşen çyg akja bulut bolup göge göterildi.

Şert eýerjeňli goşma sözlem

Şert eýerjeň sözlemi baş sözlemdäki işiň bolup-

bolmazlygynyň şertini aňladýar, onuň habary işligiň şert formasynda

bolýar.

Meselem:

Şemal bolmasa, çöp başy gymyldamaz (Nakyl).

Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar (Nakyl).

Şert eýerjeň sözlemiň habary käte hal işlik formasynda hem

bolup bilýär. Meselem:

Sowuk bolman, suw doňmaz.

Howa maýlaman, ot gögermez.

Dok çaýkanman, aç doýmaz (Atalar sözi).

Wagt eýerjeňli goşma sözlem

Wagt eýerjeň sözlemi baş sözlemde habar berilýän iş-

hereketiň wagtyny bildirýär. Onuň habary, esasan, wagt-orun, çykyş

düşümlerinde gelen ortak işlik formalaryndan bolýar. Meselem:

Tut bişende, howa kemsiz maýlaýar.

Başyň ýassyga ýetende,

Sabyr, takat galmaz sende (Magtymguly).

Myhmanlar oturandan, saçak ýazylyp, nahar çekildi.

Eýerjeň sözlemiň çykyş düşümde gelen ortak işliklerden

bolan habarynyň yzyndan öň, owal, ozal, soň, bäri... ýaly sözsoňy

kömekçiler getirilende hem, baş sözlemde habar berilýän iş-hereketiň

wagty görkezilýär. Meselem:

Söweş gutaran(dan) soň, batyr köpeler.

Siz okadyp başlanyňyzdan bäri, biz geçilýän temalara oňat

düşünýäris.

Eýerjeň sözlemiň ortak işliklerden bolan habarynyň yzyna hal

ýasaýjy –ka/-kä, -ça/-çä goşulmalary goşulanda hem, baş sözlemde

habar berilýän iş-hereketiň wagty görkezilýär. Meselem:

Duşman seni tanamanka, sen duşmany tana.

Biz öýe ýetmänkäk, ýagyş ýagyp başlady.

Men gelýänçäm, siz maňa şu ýerde garaşyň.

Jahan mazaly ýagtylýança, Hajymyrat dagy seslerini

çykarman, öz pikirleri bilen başagaý bolup gitdiler (Ç. Aşyrow).

Eýerjeň sözlemde haçan diýen sorag çalyşmasy getirilende

hem baş sözlem wagt taýdan aýyklanýar. Meselem:

Haçan duşmany ýeňsek, şonda uruş gutarar (B.

Hudaýnazarow).

Ýazuwda wagt eýerjeň sözleminden ýazuwda otur goýulýar.

Sebäp eýerjeňli goşma sözlem

Sebäp eýerjeň sözlemi baş sözlemde habar berilýän iş-

hereketiň näme üçin, näme sebäpden bolandygyny bildirýär.

Onuň habary atlaşan ortak işlik formalaryndan soň sebäpli,

üçin sözsoňy kömekçilerini getirmek arkaly baş sözlem bilen

baglanyşdyrylýar.

Sebäp eýerjeňli goşma sözlemde eýerjeň sözlem baş

sözlemden öňde gelýär we ol aýratynlykda gutaran oý-pikir

aňladyp bilmeýär. Şu iki aýratynlyk boýunça sebäp eýerjeňli

goşma sözlem sebäp bildirýän düzmeli goşma sözlemden

tapawutlandyrylýar. Meselem:

Howa sowany sebäpli, agaçlar ýapragyny dökdüler.

Bäsleşikde ýeňenimiz üçin, mekdep müdiri

minnetdarlyk bildirdi.

Özümizi göreldeli alyp barýandygymyz üçin, ata-

enelerimize minnetdarlyk haty ýollanyldy.

Ol ýaşlykda ýetim galany sebäpli, oňa durmuş ýeňil

düşmändi.

Garşylykly eýerjeňli goşma sözlem

Garşylykly eýerjeň sözlemde baş sözlemdäkä garşylykly pikir

öňe sürülýär. Onuň şert işlikden bolan habarynyň yzyndan hem ýa-da

–da/-de baglaýjy kömekçileri getirilip, baş sözlem bilen

baglanyşdyrylýar. Meselem:

Ýyldyrym çaksa hem, ýagyş ýagmady.

Men yzyňdan gygyrsam-da, sen eşitmän gitdiň.

Orun eýerjeňli goşma sözlem

Orun eýerjeňli goşma sözlemlerde eýerjeň sözlem baş

sözlemiň habaryna ýa-da onuň işlikden bolan başga bir agzasyna

baglanyp, baş sözlemde aňladylýan pikiriň ýüze çykýan ýerini-

ornuny bildirýär. Orun eýerjeň sözlemi nirä, nirede diýen soraglara

jogap bolýar.

Orun eýerjeň sözlemiň habary ortak işliklerden soň wagt-

orun düşümde gelen orun aňladýan sözlerden bolýar.

Meselem:

Suw bolmadyk ýerde, baglyk bolarmy?

Orun eýerjeň sözlemiň habary işligiň şert formasyndan hem

bolup bilýär.. Şeýle bolanda, eýerjeň sözlemde köplenç, “nirede,

nirä” diýen sorag çalyşmalary getirilýär. Meselem:

Gyşyna nirede howa maýyl bolsa, şol ýerde guşlar

gyşlaýarlar.

Deňeşdirme eýerjeň sözlemli goşma sözlem

Deňaşdirme eýerjeňli goşma sözlemde baş we eýerjeň

sözlemlerde aýdylýan pikirler deňeşdirilýär. Many taýdan eýerjeň

sözlem arkaly aňladylýan düşünjeden baş sözlem arkaly aňladylýan

düşünje has ähmiýetli, has ýokary tutulýar.

Deňeşdirme eýerjeň sözlemiň habary köplenç çykyş düşümde

gelen öten zaman ortak işliginden bolýar.

Meselem:

Öňüm bolandan, soňum bolsun.

Owlak-guzymyň örüsi bolandan, oglanymyň örüsi bolsun

(Atalar sözi).

Deňeşdirme eýerjeň sözlemiň habary ortak işlikleriň soňuna

–ça/ –çe we degişli ýöňkeme goşulmasy goşulyp hem ýasalýar.

Meselem:

Ýüz manat puluň bolýança, ýüz dostuň bolsun (Atalar sözi).

Meňzetme eýerjeňli goşma sözlem

Eýerjeňli goşma sözlemiň bu görnüşinde baş sözlemde habar

berilýän iş-hereket eýerjeň sözlemdäkä meňzedilýär. Munda eýerjeň

we baş sözlemler özara eýerjeň sözlemde nähili, baş sözlemde şol

hili, şonuň ýaly diýen sözleri getirmek arkaly baglanyşdyrlýar.

Meňzetme eýerjeň sözlemiň habary işligiň şert formasyndan bolýar.

Ýazuwda eýerjeň sözlemiň habarynyň yzyndan otur goýulýar.

Meselem:

Watanymyz biziň üçin nähili alada edýän bolsa, bizem

zähmetimiz bilen ogullyk borjumyzy şonuň ýaly berjaý etmelidiris.

Topraga nähili yhlas, zähmet siňdirsek, aljak hasylymyz-da

şol hili bolar.

Dostuň nähili bolsa, senem şonuň ỳalysyň.

Soraglar we ýumuşlar:

1. Nähili sözleme eýerjeňli goşma sözlem diýilýär? Onuň

düzmeli goşma sözlemden näme tapawudy bar?

2. Nähili sözlemlere eýerjeň sözlem diýilýär? Onuň baş

sözlemden tapawudyny aýdyp beriň.

3. Eýerjeň sözlemler nähili hyzmaty ýerine ýetirýärler?

4. Eýerjeň sözlemler baş sözlem bilen nähili

baglanyşýarlar?

5. Eýerjeňli goşma sözlemleriň haýsy görnüşlerini

bilýärsiňiz?