СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Ezizow barada ýatlama

Категория: Литература

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Ezizow barada ýatlama»

Gurbannazar Ezizow

Gurbannazar Ezizow

Gurbannazar Ezizow

Gurbannazar Ezizow

Gurbannazar Ezizow  ( 1940 - 1975 ) Gurbannazar Ezizow - talantly türkmen şahyry,  Türkmenistanyň   Magtymguly  adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi. Gurbannazar Ezizow  1940 -njy ýylyň 1-nji martynda  Aşgabat  şäheriniň  Büzmeýin  obasynda eneden bolýar.  1948 -nji ýylda mekdebe barýar we  1959 -njy ýylda  Aşgabat  şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl  Türkmen  döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti  1964 -nji ýylda tamamlaýar we Çagalar  edebiýatynyň  birleşen neşirýatynyň redaksiýasyna işe iberilýär. Şol ýylam goşun gullugyna çagyrylýar. 1965-nji ýylda gullugy tamamlap geleninden soň, 1970-nji ýyla çenli “Edebiýat we sungat” gazetiniň poeziýa (şygyrýet) bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli  Türkmenistan  Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi bolup işleýär. Gurbannazar Ezizow  1975 -nji ýylyň 29-njy sentýabrynda  Türkmenbaşyda  ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda  Gazanjyk  obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda (sowýet esgeri tarapyndan atylyp öldürilýär)(sowýet esgeri soñradan özüni atýar) aradan çykýar. Onuň bilen bilelikde  moskwaly  şahyr  Wasiliý  Şabanow  we türkmen şahyry  Ýuriý  Rebinow  hem aradan çykýar.Onuň dört gyzy we bir ogly bar. Gurbannazar Ezizowyň Mähriban Käbesi GÜLNABAT EJE 2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde 97 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
  • Gurbannazar Ezizow  ( 1940 - 1975 )
  • Gurbannazar Ezizow - talantly türkmen şahyry,  Türkmenistanyň   Magtymguly  adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi.
  • Gurbannazar Ezizow  1940 -njy ýylyň 1-nji martynda  Aşgabat  şäheriniň  Büzmeýin  obasynda eneden bolýar.  1948 -nji ýylda mekdebe barýar we  1959 -njy ýylda  Aşgabat  şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl  Türkmen  döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti  1964 -nji ýylda tamamlaýar we Çagalar  edebiýatynyň  birleşen neşirýatynyň redaksiýasyna işe iberilýär. Şol ýylam goşun gullugyna çagyrylýar. 1965-nji ýylda gullugy tamamlap geleninden soň, 1970-nji ýyla çenli “Edebiýat we sungat” gazetiniň poeziýa (şygyrýet) bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli  Türkmenistan  Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi bolup işleýär.
  • Gurbannazar Ezizow  1975 -nji ýylyň 29-njy sentýabrynda  Türkmenbaşyda  ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda  Gazanjyk  obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda (sowýet esgeri tarapyndan atylyp öldürilýär)(sowýet esgeri soñradan özüni atýar) aradan çykýar. Onuň bilen bilelikde  moskwaly  şahyr  Wasiliý Şabanow  we türkmen şahyry  Ýuriý Rebinow  hem aradan çykýar.Onuň dört gyzy we bir ogly bar.
  • Gurbannazar Ezizowyň Mähriban Käbesi GÜLNABAT EJE 2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde 97 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Bahar waspçysy Bahar meýlisinde çyksak seýrana, Türkmen sährasynyň aldyr gülleri… Başyň sypap, seni goýar haýrana, Belent daglaryndan öwsen ýelleri.   Gara bulut gelip, Zemine çöker, Al asman gübürdäp, depregin kakar. Daglardan sil akar, ýene Gün çykar, Gyz-gelin doldurar reýhan çölleri... Türkmen sährasyna ýene-de bahar geldi. Ýene goja tebigat gadymy türkmen topragyny gülälekdir çopantelpeklere, ýap-ýaşyl jümjümelere besläp-büräp ugrady. Bu güller göýä, müň dokuz ýüz kyrkynjy ýylyň baharynyň ilkinji gününde dünýä inen Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe ene topragyň bagyş eden täsin sowgat-serpaýyna meňzeýär. Bu günki gün biz türkmen baharyny Gurbannazar şahyryň şygyrlary bilen garşylaýarys. Şol şygyrlar bilen türkmen sährasynyň gözelligini wasp edýäris. Gurbannazar şahyryň özüne welin, türkmen topragynyň bary-ýogy otuz bäş baharyny görmek miýesser edipdi. Ýöne, şol gysga ömrüniň dowamynda ol türkmene bu ajaýyp Watanyň gözel pasyllaryny baky wasp edip gezmek üçin ýeterlik poeziýany peşgeş goýmaga ýetişipdi. Şahyryň bu peşgeşi — öz mähriban halkyna, şu topraga ýapan bahasyz serpaýydy… Bu bahasyz serpaýyň öwezine bolsa ol bizden diňe bir zady — baky söýgini isläpdi...

Bahar waspçysy

  • Bahar meýlisinde çyksak seýrana,
  • Türkmen sährasynyň aldyr gülleri…
  • Başyň sypap, seni goýar haýrana,
  • Belent daglaryndan öwsen ýelleri.
  •  
  • Gara bulut gelip, Zemine çöker,
  • Al asman gübürdäp, depregin kakar.
  • Daglardan sil akar, ýene Gün çykar,
  • Gyz-gelin doldurar reýhan çölleri...
  • Türkmen sährasyna ýene-de bahar geldi. Ýene goja tebigat gadymy türkmen topragyny gülälekdir çopantelpeklere, ýap-ýaşyl jümjümelere besläp-büräp ugrady. Bu güller göýä, müň dokuz ýüz kyrkynjy ýylyň baharynyň ilkinji gününde dünýä inen Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe ene topragyň bagyş eden täsin sowgat-serpaýyna meňzeýär.
  • Bu günki gün biz türkmen baharyny Gurbannazar şahyryň şygyrlary bilen garşylaýarys. Şol şygyrlar bilen türkmen sährasynyň gözelligini wasp edýäris. Gurbannazar şahyryň özüne welin, türkmen topragynyň bary-ýogy otuz bäş baharyny görmek miýesser edipdi. Ýöne, şol gysga ömrüniň dowamynda ol türkmene bu ajaýyp Watanyň gözel pasyllaryny baky wasp edip gezmek üçin ýeterlik poeziýany peşgeş goýmaga ýetişipdi. Şahyryň bu peşgeşi — öz mähriban halkyna, şu topraga ýapan bahasyz serpaýydy… Bu bahasyz serpaýyň öwezine bolsa ol bizden diňe bir zady — baky söýgini isläpdi...