Synp: X D Ders: Edebiýat Wagty: 4.02.2023ý Ç 6.02.2023
Sapagyň temasy: Gara Seýitliýew. Ömri we döredijiligi
Sapagyň maksady: 1.Okuwçylara Gara Seýitliýew ömri we döredijiligini öwretmek.
2. Okuwçylaryň sözleýiş endiklerini ösdürmek.
Sapagyň okuw-görkezme esbaplary: Eserdäki gahrymanlaryň atlary ýazylan tablisa we Atalyk kitaplar
Sapagyň görnüşi: Adaty.
Sapagyň gidişi:
I. Guramaçylyk döwri: Salamlaşmak, gatnaşygy barlamak, synp žurnalyna bellik etmek, synpy guramak.
II. Öý işlerini barlamak:
1.”Söýgi” romanynyň edebi täri?
2. Eseriň dili?
3. Şahyr romanynda haýsy şahyrlaryň eserleriniň täsiri duýulýar?
4. Romanyň gurluşy?
5.”Söýgi” dramasy üçin A.Kekilow haýsy Döwlet baýragyna mynasyp bolýar?
6. Eseriň çeperçiligi we ähmiýeti.
7.Sungateserinämelerarkalydöredilmelidir?
8. Çeper obrazyň manysyna düşünmek nämä düşünmekdir?
III. Geçilen temany jemlemek.
IV.Täze temanyň meýilnamasy:
Ýaşan ýyllary:1915-1971. Doglan ýeri:
Zähmet ýoly:
DRAMA ESERLERI:
Ýaşan ýyllary:1915-1971. Doglan ýeri: 1915-nji ýylda häzirki Baharly etrabynyñ Garagan obasynda dogulýar.
Bilim alyşy:Ol bașlangyç bilimi obada alýar. Soñra Așgabat mugallymçylyk mekdebini (Pedtehnikumy) tamamlaýar. Ol ýokary bilim almak üçin Bakuwa gidip, ol ýerdäki Ýokary pedogogik institutyñ dil edebiýat fakultetine girýär. 1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urșy bașlanandan soñra Așgabada gaýdyp gelýär.
Zähmet ýoly:Așgabat mugallymçylyk mekdebini (Pedtehnikumy) tamamlap Așgabatda, Serdarda (Gyzylarbatda) mugallym bolup ișleýär. Ilki Türkmanistanyñ Sungat ișleri boýunça uprawleniýasynde, soñra Türkmenistan ýazyjylar birleșiginde ișleýär.Gara Seýitliýew Türkmenistanyñ Ýazyjylar birleșiginiñ bașlygy, Türkmenistanyñ Medeniýet ministri wezipelerinde ișleýär. G. Seýitliýew döredijilik ișine 1938-nji njy ýylda bașlaýar. Șahyryñ ilkinji goșgular ýygyndysy “Șahyryñ lirasy” ady bilen 1941-nji ýylda neșir edilýär. Bu ýygyndy many-mazmun baýlygy, çuñ lirizmi bilen dessine okyjylaryñ ünsüni özüne çekýär.
SYÝAHAT EDEN ÝERLERI: G. Seýitliýew – jahankeșde șahyr. Ol Eýran, Hindistan hakda onlarça goșgulardyr poemalary döretdi. Olardan “Kemal” poemasy, “Eýran eneleri gul dogurmaýar”, “Altyn adasynda aç” goșgulary eýran halkynyñ durmușyndan söz açsa, “Hindistanyñ gülleri” goșgular toplumyna girýän “Kelkette”, “Tagoryñ myhmany”, “Çökýän minara”, “Täçmahal”, “Ýylan tansy” we beýleki birnäçe goșgulary hem-de“Turșuja ot” poemasy gözel ülke Hindistana we onuñ merdana halkyna bagyșlanýar. Șahyr “Hindistanyñ gülleri” goșgular toplumynda bu ülkäniñ ajaýyp tebigatyny, dünýä belli taryhy ýadygärliklerini, taryhy șahsyýetlerini, beýik hindi halkynyñ gyzgyn ýüregini, ynsansöýüjilikli ajaýyp häsýetlerini șahyrana wasp edýär.
DRAMA ESERLERI: G. Seýitliýew șahyr hem dramaturg. Onuñ häzirki zaman temasynda söz açýan “Jahan”, Güseýin Muhtarow bilen ýazan “Kümüș gapyrjak”, “Çopan ogly”, “Bagbanyñ gyzy”, Tañryguly Taganow bilen döreden “Ebedi diriler” we beýleki birnäçe drama eserleri ýurdumyzyñ teatrynyñ sahnasynda goýuldy. G. Seýitliýew uly döwlet we jemgyýetçilik ișgäri. Ol ömrüniñ ahyryna çenli Türkmenistanyñ Medeniýet ministri wezipesinde ișledi. Ol Türkmenistan Ýokary Sowetiniñ dört çagyrylyșyna deputatlygyna saýlandy. G. Seýitliýew Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyñ eýesidir. Șahyr edebi-jemgyýetçilik hyzmatlary üçin birnäçe orden-medallar, Türkmenistan Ýokary sowetiniñ Prezidiumynyñ Hormat hatlary bilen sylaglandy. Gara Seýitliýew 1971-nji ýylda aradan çykdy.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: Beki Seýtäkowyň ömri we döredijiligi barada, Pikiri ýazuw arkaly beýan etmegi, beýannama ýazmagy başarmaly.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: Sözleriň dürs aýdylyşyny we ýazuw düzgünleri düşündirmegi, Gören, eşiden wakalaryny we okan eseriniň esasy mazmunyny gürrüň berip bilmegi.
V.Täze temany berkitmek.
1. Gara Seýitliýew haçan we nirede eneden dogulýar?
2.Bilim alan ýerleri? Işlän ýerleri?
3. Şahyr döredijilik işine haçan başlaýar? Ilkinji goşgular ýygyndysynyň ady?
VI. Täze temany jemlemek, umumylaşdyrmak we okuwçylary bahalandyrmak.
VII.Öý işini tabşyrmak. Gara Seýitliýewiň ömri we döredijiligini öwrenmek.
Barladym_______________ K.Dawletow
Synp: X Ç D Ders: Edebiýat Wagty: 8.02.2023ý
Sapagyň temasy: Goşgular we poemalar .
Sapagyň maksady: 1.Okuwçylara Gara Seýitliýew ömri we döredijiligini öwretmek.
2. Okuwçylaryň sözleýiş endiklerini ösdürmek.
Sapagyň okuw-görkezme esbaplary: Eserdäki gahrymanlaryň atlary ýazylan tablisa we Atalyk kitaplar
Sapagyň görnüşi: Adaty.
Sapagyň gidişi:
I. Guramaçylyk döwri: Salamlaşmak, gatnaşygy barlamak, synp žurnalyna bellik etmek, synpy guramak.
II. Öý işlerini barlamak:
1. Romanyň edebi täri?
2. Eseriň dili?
3. Şahyr romanynda haýsy şahyrlaryň eserleriniň täsiri duýulýar? 4. Romanyň gurluşy?
5.Söýgi” dramasy üçin A.Kekilow haýsy Döwlet baýragyna mynasyp bolýar?
6. Eseriň çeperçiligi we ähmiýeti.
III. Geçilen temany jemlemek.
IV.Täze temanyň meýilnamasy:
G. Seýitliýew döredijilik ișine bașlaýaýşy
Şahyr Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda
“Gurban Durdy”, “Pagonly gyz” ýaly goșgulary
GARA SEÝITLIÝEWIŇ GOŞGULARY WE POEMALARY
G. Seýitliýew döredijilik ișine 1938-nji njy ýylda bașlaýar. Șahyryñ ilkinji goșgular ýygyndysy “Șahyryñ lirasy” ady bilen 1941-nji ýylda neșir edilýär. Bu ýygyndy many-mazmun baýlygy, çuñ lirizmi bilen dessine okyjylaryñ ünsini özüne çekýär.
Şahyr Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda: Beýik Watançylyk urșy ýyllarynda șahyryñ sesi has-da belent ýañlanýar. Ol uruș temasyndan ýazan șygyrlarynda, bir tarapdan, özüniñ syýasy lirikasy bilen fașizmiñ ýowuz güýçdigini görkezip, halky Watan goragyna çagyran bolsa, ikinji tarapdan, frontuñ we tylyñ gahrymanlarynyñ söweș hem zähmet edermenliklerini belent hyjuw bilen wasp edýär. Uruș döwründe çapdan çykan “Söweșjeñ ylham” kitabyndaky goșgularyñ her birinde șahyryñ dușmana bolan gahar-gazabyny, mähriban halkyna, Watana bolan yssy mährini, söýgüsini duýmak bolýar:
Dostum, çagyrmazlar merdi meýdana,
Derýa dek joș urup özi gelmese.
Ardyr il ogluna söweș gününde
Mukaddes ișini özi bilmese,
Derýa dek joș urup özi gelmese.
Şahyr bu șygrynda șahyr Watanyñ merdana ogul-gyzlaryny dușmana gaýtawul bermäge söweș meýdanynda çagyrýar.
ANYK TARYHY ŞAHSLARA, GAHRYMANLARA BAGYŞLAP ÝAZAN GOŞGULARY:Șahyryñ “Söweșjeñ ylham” kitabynda anyk taryhy șahslara, gahrymanlara bagyșlanyp ýazylan goșgular-da bar. “Gurban Durdy”, “Pagonly gyz” ýaly goșgulary muña mysal getirmek mümkin. Bu goșgularda düýnki parahatçylykly zähmet çekip ýören adamlaryñ uruș ýagdaýynda görkezýän gahrymançylyklary wasp edilýär. G. Seýitliýew Beýik Watançylyk urșy ýyllarynda Türkmenistandan baran sungat ussatlarynyñ hatarynda fronta söweșýän esgerleriñ öñünde gahrymançylyk ruhundan doly joșgunly goșgulary bilen çykyș edip, olaryñ ruhuny göterýär. Șahyryñ poeziýasy haýsy temada bolsa bolsun, çuññur watançylyk duýgusyna ýugrulýar.
DOSTLUK-DOGANLYK TEMASYNDA ÝAZAN ESERLERI:
G. Seýitliýew parahatçylygyñ jarçysy, azatlygyñ, dostluk-daganlygyñ joșgunly aýdymçysydyr. Onuñ dostluk-doganlyk temasynda ýazan eserleriniñ arasynda rus halkyna bagyșlan goșgulary aýratyn orun tutýar. “Rus gardașym”, “Iki dogan”, “Pușkin”, “Görküniñ portrediniñ öñünde”, “Salam, Moskwa!” goșgularynda iki halkyñ doganlyk-dostlugy hakda șahyrana söz açylýar. Bulardan bașga-da șahyr özbek, täjik, azerbaýjan, gyrgyz, ukrain,eýran, hindi halklaryna bagyșlap hem goșgulary döretdi. Halklaryñ doganlygy-dostlugy temasy șahyryñ “Hindistanyñ gülleri” diýen kitabynda has hem ösdürilýär.
DÜRLI TEMADA ÝAZAN GOŞGULARY:
G. Seýitliýew döredijiliginde zähmet temasy, tebigat gözelliginiñ waspy, syýasy-publistik, satiriki goșgular uly orun tutýar. Șahyr tebigat gözelliginiñ inçe ynsan duýgulary bilen berk baglanșykda suratlandyrýar. “Bahar aýdymy” goșgusynyñ jemleýji setirleri muña mysal bolup biler:
Sen bagtyma meñzeýäñ, baharym, sen bagtsyñ,
Sen pasyllar soltany, iñ söýgüli wagtsyñ,
Ișçi, daýhan, hem șahyr, hemme saña garașýar,
Seniñ bilen deñeșmek – meñ dünýäme ýarașýar.
Sen dünýämi guçañda, dünýäm bolýar goșa ýaz,
Dünýäm seni guçanda, dünýäm,çalýar goșa saz.
Șahyr baharda-ýazda parahat, asuda durmușuñ alamatyny, ýașaýyș çeșmesini görýär. Șahyr türkmen tebigatynyñ gözelliginiñ așygy. Ol bu temadan ýazan goșgularynda tebigat gözelligini gorap saklamaga, tebigatyñ gözelligine gözellik goșmaga çagyrýar:
Dünýäden gitmesin hiç kim bergidar,
Iñ bolman bir agaç eksin ýadygär.
Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuñ ady bar.
“ÝALTA WE TOKMAK” GOŞGUSY: Șahyryñ “Ýalta we Tokmak” goșgusy satiranyñ iñ gowy nusgalarynyñ biridir. Bu goșguda ýaltalyk berk ýazgarylýar. Șahyr ýaltanyñ özüni gepletmek bilen, onuñ bu ýaramaz häsiýetleriniñ üstünden gülýär, okyjyda ýaltalyga bolan ýigrenji terbiýeleýär. Șahyr ýaltanyñ öz dili bilen onuñ içgi dünýäsini göwne jaý açýar:
Ýagșy bolýar ýatañda dünýäden ses çykmasa,
Hatda ýatan ýeriñde siñek gannat kakmasa.
Lal etmeli bar ýerde gygyran horazlary,
Sazanda hem aýtmaly assarak çal sazlary.
SYÝAHAT EDEN ÝERLERI:
G. Seýitliýew – jahankeșde șahyr. Ol Eýran, Hindistan hakda onlarça goșgulardyr poemalary döretdi. Olardan “Kemal” poemasy, “Eýran eneleri gul dogurmaýar”, “Altyn adasynda aç” goșgulary eýran halkynyñ durmușyndan söz açsa, “Hindistanyñ gülleri” goșgular toplumyna girýän “Kelkette”, “Tagoryñ myhmany”, “Çökýän minara”, “Täçmahal”, “Ýylan tansy” we beýleki birnäçe goșgulary hem-de
“Turșuja ot” poemasy gözel ülke Hindistana we onuñ merdana halkyna bagyșlanýar.
Șahyr “Hindistanyñ gülleri” goșgular toplumynda bu ülkäniñ ajaýyp tebigatyny, dünýä belli taryhy ýadygärliklerini, taryhy șahsyýetlerini, beýik hindi halkynyñ gyzgyn ýüregini, ynsansöýüjilikli ajaýyp häsýetlerini șahyrana wasp edýär.
ÖMRÜNIŇ SOŇKY ÝYLLARYNDAKY DÖREDIJILIGI:
G. Seýitliýew ömrüniñ soñky ýyllarynda “Adam we dünýä” atly pelsepewi goșgular toplumyny döretdi. Șahyr bu goșgularynda adam we dünýä, adam we döwür, adam we onuñ borjy, Watan, ene toprak, wepa, ynsan, ene, söýgi, gözellik we beýleki meseleler barada töwerekleýin, filosofik-șahyrana pikir ýöredýär.
Șahyryñ onlarça goșgular ýygyndysy türkmen hem rus dillerinde dürli ýyllarda neșir edilýär.
G. Seýitliýew poeziýanyñ tematikasy örän giñ. Șahyr döwür bilen deñ gadam basyp, durmușuñ sesine ses goșdy.
DRAMA ESERLERI:
G. Seýitliýew șahyr hem dramaturg. Onuñ häzirki zaman temasynda söz açýan “Jahan”, Güseýin Muhtarow bilen ýazan “Kümüș gapyrjak”, “Çopan ogly”, “Bagbanyñ gyzy”, Tañryguly Taganow bilen döreden “Ebedi diriler” we beýleki birnäçe drama eserleri ýurdumyzyñ teatrynyñ sahnasynda goýuldy.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli: Beki Seýtäkowyň ömri we döredijiligi barada, Pikiri ýazuw arkaly beýan etmegi, beýannama ýazmagy başarmaly.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly: Sözleriň dürs aýdylyşyny we ýazuw düzgünleri düşündirmegi, Gören, eşiden wakalaryny we okan eseriniň esasy mazmunyny gürrüň berip bilmegi.
V.Täze temany berkitmek.
1. G. Seýitliýew döredijilik ișine haçan bașlaýar?
2.Şahyryň goşgulary we poemalary?
3. Şahyr Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda döreden eserleri?
4.Dostluk-doganlyk barada ýazan eserleri?
5. Ömrüniň ahyrky ýyllarynda döreden goşgular ýygyndysy?
6. Şahyr türkmen edebiýatynda nähili atlar bilen tanalýar?
6. Täze temany jemlemek, umumylaşdyrmak we okuwçylary bahalandyrmak.
7.Öý işini tabşyrmak. Gara Seýitliýewiň döredijiligini öwrenmek.
VI. Geçilentemanyjemlemek, umulyşdyrmak we okuwçylary bahalandyrmak.
VII.Öýişinitabşyrmak. Öwrenilen temany okamak we özleşdirmek.
Barladym_______________ K.Dawletow