СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Goreldeli sapak turkmen dili

Нажмите, чтобы узнать подробности

Dymyk chekimsizlerin achyk chekimsizlere owrulmegin duzgunleri temasy

Просмотр содержимого документа
«Goreldeli sapak turkmen dili»

Mugallym: Babanazarowa M

Synpy: 2-nji “ Ç ” Wagty: 27.11.19ý Sapagyň ady: Türkmen dili.

Sapagyň temasy : Dymyk çekimsizleriň açyk çekimsizlere öwrülmek düzgünini berkitmek. 132-134 -nji gönükmeler.

Sapagyň görnüşi: garyşyk

Sapagyň maksady: a) Dymyk çekimsizleriň açyk çekimsizlere öwrülmek düzgünini berkitmek.

b)Syýasy, watançylyk, gözellik terbiýesini bermek.,,Paýhas çeşmesi” kitabyndan nakyllar: ,,Akylly-getirer, akmak-ýitirer” nakylyň manysyny öwretmek.

Sapagyň esbaby: Dymyk çekimsiz sesleriň ýazgysy,düzgünler, kompýuter.


Sapagyň gidişi

I – Sapagyň guramaçylyk döwri:

a) Okuwçylary sapaga taýýarlamak.

b) Nobatçynyň hasabyny diňlemek.

ç) Senämiz bilen tanyşmak.

II–Öý işini soramak: Dymyk çekimsizleriň açyk çekimsizlere öwrülmek düzgünini gaýtralamak.

a) Türkmen dilinde näçe sany çekimsiz sesler bar?

b)Çekimsiz sesleri aýdyp beriň?

Suratlaryň atlaryny boguna bölüp ýazmak.











“Güýz ýapraklaryndan desseler” oýny























Artykmajy tap” oýny























III–Geçen temany jemlemek: Dymyk çekimsizleriň açyk çekimsizlere öwrülmek düzgünini berkitmek

a) Depderlerine tabşyrylan ýumuşlary gözden geçirmek.

b) Depderleri çalyşmak.

IV–Täze temany düşündirmek: Dymyk çekimsizleriň açyk çekimsizlere öwrülmek düzgünini berkitmek. 132-134 -nji gönükmeler.

Soňunda dymyk ç, k, p, t sesleri bolan sözlere çekimli sesler

goşulanda, olar açyk j, g, b, d seslerine öwrülýärler.

Meselem: ädik – ädigi, kitap – kitaby, söwüt– söwüdi, çekiç – çekiji.

132–njy gönükme.

Sözleriň yzyna haýsy-da bolsa bir çekimli harp goşup göçüriň.

Köşek, duzak, çekiç, gulak, hatap, tertip, sagat, sanaç, oýnawaç, howut, kitap, owlak.

V Täze temany berkitmek: Dymyk çekimsizleriň açyk çekimsizlere öwrülmek düzgünini berkitmek. 133–njy gönükme.

Okaň. Has gara ýazylan sözleri nusga boýunça depderiňize göçüriň.

Öl agajy egmegin, degmedige degmegin. Gerek deregi ýykar. Ýigidiň ýagşysy köp diňlär, az sözlär. Edebiň ýagşysy – ulyny syla.

Örküç toşap - sözlariň manysyny sözlükden öwrenmek

Kirpi myhmançylyga barýar” oýny.































VI - Öý iş tabşyrmak:134-nji gönükme.

VII- Sapagy jemlemek,umumlaşdyrmak: Okuwçylary bahalandyrmak. Gündelikleri bilen işlemek.



MMOIBO: Nepesowa O.K.















































Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen

39-njy orta mekdebiniň başlangyç synp

mugallymy Muhabbat Babanazarowanyň

türkmen dilinden “Dymyk çekimsizleriň açyk çekimsizlere öwrülmek düzgünini berkitmek. 132-134 -nji gönükmeler.“ diýen temada geçen

açyk sapagynyň ýazgysy.