Türkmenistanyň Bilim ministriniň
2022-nji ýylyň “01” 08 çykaran
260/1 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy
2022-2023-nji okuw ýyly üçin okuw meýilnamalaryny peýdalanmak, okuw derslerini okatmakda we saýlama okuwlary geçirmekde bilim işini guramak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
UGRUKDYRYJY GÖRKEZMELERI
Umumy düzgünler. Bilim işini guramagyň aýratynlyklary.
2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda 2022-2023-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim we terbiýe işi:
ýaş nesli milli we umumadamzat medeni we durmuş gymmatlyklary hem-de jemgyýetde özüňi alyp barmagyň düzgünleri we kadalary esasynda terbiýelemäge;
bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň, ygtyýarlylygyň belli bir maksat bilen ele alynmagyna, ukyplaryň ösdürilmegine;
ýaşlarda alan bilimlerini gündelik durmuşda ulanmak tejribesini toplamaga, bilim almaga bolan çuňňur islegini kemala getirmek esasynda okuw işini amala aşyrmaga;
bilim işiniň guralyşy okuw meýilnamasy, dersler boýunça okuw maksatnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy we okuw sapaklarynyň tertibi bilen düzgünleşdirilmäge gönükdirilmelidir.
2022-2023-nji okuw ýylynda umumybilim edaralarynda bilim işini:
Türkmenistanyň döwlet umumybilim edaralarynyň 2022-2023-nji okuw ýyly üçin okuw meýilnamalaryna;
tassyklanan dersler boýunça okuw maksatnamalaryna;
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň usuly-gözükdiriji hatlaryna;
okuwçylary bahalandyrmakda ýeke-täk baha talaplaryna;
okuw neşirleriniň sanawyna;
mugallymlaryň tassyklanan ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna;
okuw sapaklarynyň tertibine laýyklykda guramaly.
2022-2023-nji okuw ýylynda orta mekdepleriň ýolbaşçylary okuwçylary okatmak we bilim bermek üçin amatly şertleri döredilmeli;
pedagogik işgärler sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, öz hünär bilimlerini we pedagogik ussatlygyny hemişe kämilleşdirmeli;
sanly maglumatlary we işjeň usulýeti giňden peýdalanmak, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okaýanlarda halkara derejesine laýyk gelýän bilimi we medeniýeti kemala gelmek ugrunda işleri dowam etdirmeli.
-
2022-2023-nji okuw ýylynda:
1-11(12)-nji synplarda 2022-2023-nji okuw ýylynyň dowamlylygy –
34 okuw hepdeden ybaratdyr.
Okuw ýyly 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlanýar we 2023-nji ýylyň 25-nji maýynda tamamlanýar. Ähli görnüşli orta mekdeplerde sapaklar 08:30-da başlanýar.
2022-2023-nji okuw ýylynda 12 ýyllyk okuw maksatnamasyna laýyklykda 6 ýaşdan okuwa gelen çagalar 1-10-njy synplarda okuwlaryny dowam etdirerler.
2. Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky Düzgünnama laýyklykda okuw ýylynyň dowamynda mekdep okuwçylaryna:
2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-28-i aralygynda 8 gün güýzki dynç alyş günleri (oktýabr aýynyň 29-na okuw başlanýar);
2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 31-inden 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 12-si aralygynda 13 gün gyşky dynç alyş günleri (ýanwar aýynyň 13-ne okuw başlanýar);
2023-nji ýylyň mart aýynyň 20-28-i aralygynda 9 gün ýazky dynç alyş günleri (mart aýynyň 29-na okuw başlanýar).
Baýramçylyk günlerine düşen okuw sagatlary, okuw sapaklarynyň mazmunyny üýtgetmezden, temalar birikdirilip, temalara berlen sagatlaryň sany gysgaldylmagyň ýa-da geçilenleri gaýtalamaga berlen sagatlaryň hasabyna geçirilýär. Synp žurnalynda goşalandyrylyp ýazylan temalar 1-2 setirde ýazylmalydyr.
3. Ýeterlik synp otaglary bolan orta mekdeplerde:
Synplaryň her birinde okuwçylaryň sany 20-den köp bolan ýagdaýynda daşary ýurt dilleri sapaklarynda we başga dilde okadylýan synplarda türkmen dili sapaklarynda;
10-11-nji (11 ýyllyk) synplarda her synpda okuwçylaryň sany 20-den köp bolan ýagdaýynda informatika sapaklarynda synpy iki topara bölmeklige rugsat edilýär.
Synplary toparlara bölmek 1-nji sentýabr ýagdaýa mekdebiň dolulyk baradaky hasabatlarynyň esasynda amala aşyrylýar.
4. 5-7-nji synplarda “Durmuş zähmeti” okuw sapaklarynda gyzlar we oglanlar aýratynlykda okadylýar.
5. Başlangyç bilim derejesi (1-4-nji synplar).
Başlangyç bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçynyň şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň, bilim endikleriniň ösdürilmegine, onuň okamak, ýazmak, hasaplamak, pikirlenmek endikleri bilen bilelikde, özüňe gözegçilik etmek, medeniýetli alyp barmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ele almagyna gönükdirilendir.
Başlangyç bilim derejesinde toplumlaýyn çemeleşmegiň esasynda okuw işiniň guralmagy we okuwçylaryň topary (okuw synpy) üçin jogapkärçilik anyk pedagogik işgäriň üstüne ýüklenilýär. Şol bir wagtyň özünde okuw synpynda ýöriteleşdirilen dersler boýunça okuw sapaklaryny okatmak üçin beýleki pedagogik işgärler hem çekilip bilner.
Orta mekdebiň birinji synpyna 2022-nji ýylda 6 ýaşyny doldurýan, şeýle-de dürli sebäplere görä öz wagtynda okuwa çekilmedik çagalar kabul edilýär. 1-nji synpa okuwçylar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan “Birinji synpa okuwçylary kabul etmegiň” Düzgünnamasyna laýyklykda kabul edilýär.
1-nji synplarda okuw sapaklaryň dowamlylygy 35 minut bolmalydyr.
1-nji synplarda okuw işi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan “Alty ýaşly çagalaryň okuw-terbiýeçilik işini gurnamaga we gigiýeniki talaplary berjaý etmek barada” usuly görkezmelere esaslanmalydyr.
1-nji synplarda ene dili sapagyny integrirlenen görnüşde gurnamak maslahat berilýär (okuw we ýazuw).
1-nji synpda okuw ýylynyň dowamynda barlag ýazuw işleri geçirilmeýär.
-
Başlangyç synp okuwçylara düşýän hepdelik okuw sagatlary:
1-nji synpda – 21 sagat, 2-nji synpda – 24 sagat, 3-nji synpda – 25 sagat, 4-nji synpda – 25 sagat
-
Barlag-ölçegleriň kadalary.
Matematika | 2-nji synp | 3-nji synp | 4-nji synp |
Barlag işi | 10 | 10 | 13 |
Ene dili/edebiýat | 2-nji synp | 3-nji synp | 4-nji synp |
Diktant | 8 | 9 | 10 |
beýannama | | | 2 |
düzmeler | | | 2 |
Ýazuw işleriň göwrümi
Görnüş | 2-nji synp | 3-nji synp | 4-nji synp | |
Diktant | 20-25/25-30 30-35/35-40 | 35-45/45-50 50-55 /55-60 | 60-65/65-70 70-80/80-85söz | |
Beýannama | | 1 | Öwrediji häsiýetli düzmäniň we beýannamanyň söz möçberi barlag diktantynyň söz möçberinden 10-15 söz köp bolmaly | 75-80/80-85 |
Düzme | | 11 | 75-85/85-95 |
Okaýyş tizliginiň talaplary
Synplar | 2-nji synp | 3-nji synp | 4-nji synp |
Kada(söz sany) | 30-40/40-50 | 50-60/65-75 | 80-90/90-100 |
Daşary ýurt dilinden (iňlis dili) okuwçylaryň başarnyklaryna talaplar
Synp | Okamak söz sany | Diňlemek arkaly düşünmek | Gürlemegiň göwrümi |
3 | 50 | 0,5 min | 4 sözlemden az däl |
4 | 60 | 1min | 5 sözlemden az däl |
6.Esasy orta bilim derejesi (5-10-njy synplar).
Esasy orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçylarda ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini ele almak, onuň höweslerini we gyzyklanmalaryny ýüze çykarmaklyga;
okuwçylaryň ýokary ahlakly dünýägaraýşyny, gözellik duýgusyny we sagdyn durmuş ýörelgesine ymtylmagyny, şahsyýetara hem-de milletara gatnaşyklaryň ýokary medeniýetini emele getirmek we ösdürmek arkaly şahsyýetiň kemala getirilmegine gönükdirilendir.
5- (10) synplarda ugurlar boýunça okamaga taýýarlyk ýola goýulmalydyr. Bu maksat bilen aýratyn üns saýlama okuwlarynyň guralyşyna berilmeli. Saýlama okuwlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan “Umumybilim berýän mekdeplerde saýlama okuwlary guramak we geçirmek” boýunça gözükdiriji hatyna laýyklykda guramaly. Saýlama okuwlaryň talabalaýyk guralyşyna, mugallymlaryň okuwlara taýýarlyklaryna we netijeli işleýişlerine, okuwçylaryň okuwlaryň bu görnüşlerine işjeň gatnaşmaklaryna mekdep ýolbaşçylary jogapkärdirler.
5-10-njy synp okuwçylara düşýän hepdelik okuw sagatlary:
5-nji synpda – 32 sagat, 6-njy synpda – 34 sagat, 7-nji synpda – 34 sagat,
8-nji synpda – 36 sagat, 9-njy synpda – 36 sagat, 10-njy synplarda- 36 sagat. Okuw sapaklaryň dowamlylygy 45 minut.
Barlag-ölçegleriň kadalary.
Ene dili/edebiýat | 5 | 6 | 7 | 8 | 9 | 10 |
diktant | 4 | 4 | 4 | 4 | 4 | 4 |
annotasiýa | - | - | - | - | - | 1 |
beýannama | /2 | /2 | /2 | /1 | - | - |
düzmeler | - | - | /1 | /2 | /2 | /2 |
Okaýyş tizliginiň talaplary
Synplar | 5 | 6 | 7 | 8 | 9(10) |
Kada (söz sany) | 105-115 | 115-125 | 125-135 | 135-145 | 145-155 |
Mümkinçilik (söz sany) | 110-120 | 120-130 | 130-140 | 140-160 | 160-180 |
Matematika (agebra/geometriýa)
Synplar | 5 | 6 | 7 | 8 | 9(10) |
Barlag işi | 10-12 | 10-12 | 6/5 | 6/5 | 6/5 |
Himiýa Fizika
Synplar | 8 | 9 | 10 | | Synplar | 7 | 8 | 9 | 10 |
Laboratoriýa işleri | 11 | 8 | 10 | Tejribe işleri | 7 | 5 | 5 | 5 |
Barlag işi | 4 | 4 | 4 | Amaly-tejribe işleri | - | - | - | 10 |
Amaly işleri | 6 | 5 | 7 |
Barlag işi | 4 | 4 | 4 | 4 |
Daşary ýurt dilinden (iňlis dili) okuwçylaryň başarnyklaryna talaplar
Synp | Okamak söz sany | Diňlemek arkaly düşünmek | Gürlemegiň göwrümi |
5 | 90 | 1-1,5min | 6-8 sözlem |
6 | 100 | 1-1,5min | 6-9 sözlem |
7 | 110 | 1,5-2min | 8-10 sözlem |
8 | 120 | 1,5-2min | 8-12 sözlem |
9 | 130 | 2-2,5 min | 10-14 sözlem |
10 | 140 | 2-2,5 min | 12-16 sözlem |
7. Doly orta bilim derejesi
Doly orta bilim derejesiniň synplarynda okuw-terbiýeçilik işiniň esasy aýratynlygy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwretmekligi ýola goýmakdyr. 10-11 (12)-nji synplary okadýan ders mugallymlary okuwçylara çuňňur bilim bermegi, okatmagyň döwrebap, ösüş usullaryny we tehnologiýalary, sanly maglumatlaryny, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini, ylmy-derňew, tejribe işleriniň usullaryny okuw işine yzygiderli ornaşdyrmagy başarýan bolmaly.
Doly orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçynyň akyl ýetirijilik gyzyklanmalarynyň we döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine, hünärlere ugrukdyrylanlygynyň esasynda özbaşdak bilim işi endikleriniň emele getirilmegine, okuwçyny jemgyýetde ýaşamaga, durmuşda öz ýoluny özbaşdak saýlap we zähmet işine başlap bilmegine taýýarlamaga gönükdirilendir.
10-11-nji synp okuwçylara düşýän hepdelik okuw sagatlary:
10-njy synpda – 36 sagat, 11-nji synpda – 36 sagat.
10-11(12)-nji synplarda bilimiň ylmy ugurlary boýunça okuwlar aşakdaky ugurlar boýunça hereket eder:
1) takyk ylymlar;
2) tebigy bilimler;
3) ynsanperwer-durmuş bilimleri;
4) tebigy bilimler we takyk ylymlar.
«Takyk ylymlar» ugruny saýlan orta mekdepleriň synplarynda saýlama okuwlaryň üsti bilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen okuwçylarda matematika, informatika, modelirleme we grafika, informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary, fizika, robotehnika, oýlap tapyjylyga höwesi artdyrmaly, informasion we kommunikasion tehnologiýalar boýunça nazary bilimleri hem-de amaly başarnyklary kemala getirmeli.
«Tebigy bilimler» ugry boýunça mugallymlar himiýa, biologiýa, ekologiýa dersleriň we saýlama okuwlaryň üsti bilen okuwçylara tebigatyň kanunlary, ekologiýanyň ähmiýeti babatda çuňňur bilimleri almaga ýardam bermeli. Bu ugurda okatmakda maglumat-tehnologiýalary ulanmak, okuwçylaryň ylmy-gözleg iş usulynda işlemek başarnyklaryny ösdürmek wajypdyr.
«Ynsanperwer-durmuş bilimleri» ugry boýunça mugallymlar okuwçylarda türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we umumadamzat gymmatlyklary barada ylmy garaýşyny kemala getirmeli. Bu ugurda taryh, dil we edebiýat, Türkmenistanyň medeni mirasy, Dünýä medeniýeti dersleriň dersara baglanşygynyň berkligini gazanmak bilen, okuwçylaryň durmuşda ynsanperwerlik ýörelgelerini we milli hem-de umumadamzat gymmatlyklaryny ýörelge edinmeklerini gazanmaly.
«Tebigy bilimler we takyk ylymlar» ugry takyk we tebigy dersleriň baglanşygyna esaslanýar. Takyk we tebigy ylmy bilimlerini özbaşdak artdyrmaga, pikirlenmäge we netije çykarmaga ukyply, fizikadan, himiýadan, biologiýadan meseleleri çözmekde matematiki usullaryny we maglumat tehnologiýalary ulanmagy başarýan, ylmy dünýägaraýşa eýe bolan şahsyýeti kemala getirmek bu ugruň baş maksady bolup durýar.
Pedagogik geňeşiň hödürnamasy esasynda orta mekdepler okuwy saýlap alan ugurlar boýunça 10-11-nji synplaryň okuw-terbiýeçilik işini guraýar.
Barlag-ölçegleriň kadalary
Ene dili we edebiýat Matematika agebra/geometriýa)
Synplar | 10 | 11 | | Synplar | 10 | 11 |
diktant | 2 | 2 | Takyk | 8/6 | 8/6 |
annotasiýa | 1 | | Tebigy | 4/4 | 4/4 |
syn | 1 | 2 | tebigy-takyk | 6/5 | 6/5 |
düzmeler | 3 | 3 | Ynsanperwer Durmuş | 4/4 | 4/4 |
Himiýa
Bilimiň ylym ugry | 10-njy synp | 11-nji synp |
laborato-riýa işler | amaly işler | barlag işler | laborato-riýa işler | amaly işler | barlag işi |
takyk | 3 | 1 | 2 | 6 | 6 | 6 |
tebigy | 3 | 1 | 2 | 7 | 7 | 4 |
tebigy-takyk | | | | 7 | 7 | 5 |
ynsanperwer durmuş | 3 | 1 | 2 | 4 | 4 | 4 |
Fizika
Bilimiň ylmy ugry | 10-njy synp | 11-nji synp |
Tejribe işler | Tejribe işler | Amaly işler |
takyk | 2 | 3 | 10 |
tebigy | 2 | 3 | 5 |
tebigy-takyk | 2 | 3 | 10 |
ýnsanperwer durmuş | 2 | 3 | 5 |
Barlag işi | 4 | 4 | |
Daşary ýurt dilinden okuwçylaryň başarnyklaryna talaplar
Synp | Okamak | Diňlemek arkaly düşünmek | Gürlemegiň göwrümi |
11 | 150 | 2-3 min | 14-18 sözlem |
12 | 160 | 2-3 min | 15-20 sözlem |
8. Türkmenistanyň döwlet umumybilim edaralarynyň okuw meýilnamasynda görkezilen bilimiň ylmy ugurlary:
Bilimiň FILOLOGIÝA ylmy ugrunda dil derslerini okatmakda kommunikatiw usul amala aşyrylmalydyr. Bu usul okuwçylaryň sowatlylygyny, okamak, gürlemek, diňlemek arkaly düşünmek mümkinçiliklerini ösdürmelidir we jemgyýetde öz ornuny tapmaga ýardam bermelidir. Dil öwretmekde esasy maksat sözleýiş diliniň ösüşini gazanmakdan ybaratdyr.
Bilimiň TAKYK ylmy ugrunda esasy wezipeleriň biri okuwçylaryň ylmy, özbaşdak pikirlenme endiklerininiň kemala getirmekden ybaratdyr. Fizika, matematika derslerini okadýan mugallymlaryň sapaklary açyklyk, ýönekeýlik, beýan edilen maglumatlaryň düşnükliligi, durmuş bilen baglanyşygy bilen tapawutlanmalydyr.
Bilimiň TEBIGY ylmy ugrunda 8-nji synplarda himiýa dersi okadylyp başlanýar. Maksatnama laýyklykda 8-9-njy synplarda organiki däl himiýa, 10-njy synpda organiki himiýa, 11-12-nji synplarda umumy himiýanyň bölümleri okadylar.
JEMGYÝETÇILIK BILIMLERI ylmy ugrunda Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary, jemgyýeti öwreniş, geografiýa, özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersleriniň esasy wezipeleri ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermekden, okuwçylary milli ýörelgeler we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemekden, durmuş başarnyklaryny kämil derejede üpjün etmekden ybaratdyr. Sapaklaryň üsti bilen okuwçylaryň öz Watanyna, maşgalasyna, taryhyna, tebigatyna, milli medeni mirasyna buýsanmak, hormat goýmak häsiýetleri kämilleşdirilmelidir. Bu derslerde okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanmak zerurdyr. Gurşawyň bitewiligine, gymmatlygyna, dürlüligine we onuň içinde öz ornunyň ýerine düşmegini gazanmaly.
TEHNOLOGIÝA ylmy ugrunda 12 ýyllyk mekdebiň okuw meýilnamasy esasynda 8-nji synpdan “Proýektirlemegiň esaslary” okuw dersi okadylyp başlandy. Ýurdymyzda bolup geçýän kuwwatly tehniki ösüş, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bu dersiň girizilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu ders integrirlenen häsiýetli bolup, öz düzümine “Çyzuw” dersiniň aýratyn mazmunyny alýar we munuň bilen bilelikde okuwçylarda kompýuterde taslamalary işläp taýýarlamak endiklerini hem-de başarnyklaryny, ýokary grafiki medeniýeti kemala getirer. “Proýektirlemegiň esaslary” okuw dersiniň okuw maksatnamasyna laýyklykda 9-njy synpda çyzgylaryň belli bir bölegi kompýuterde ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr. Bu wezipeleri göz öňünde tutup, mekdepleriň ýolbaşçylary dersi okatjak mugallymlaryň kompýuter taýýarlygyny ýokarlandyrmagy yzygiderli guramalydyrlar. Bu ders ugurly bilim bilen baglaşyp gider we okuwçylaryň tehnologiki taýýarlygyny ýokarlandyrar.
9. Barlag-ölçeg maglumatlar.
2022-2023-nji okuw ýylynda okatmagyň hilini ýokarlandyrmakda ýüze çykýan meseleleri çözmek maksady bilen orta mekdeplerde okuw işini guramagy kämilleşdirmek maslahat berilýär.
Täze okuw okuw ýylynda okuwçylaryň biliminiň hiliniň barlagy dilden, ýazuw arkaly, amaly görnüşde sanly ulgam arkaly we olaryň sazlaşygynda ýerine ýetirilmelidir. Okuw dersiniň mazmunyna we aýratynlygyna, ony öwrenmeklige berilýän okuw sagatlarynyň sanyna, temany özleşdirmegiň tapgyryna hem-de okuw işiniň göz öňünde tutulan netijelerine, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda her çärýekde azyndan 1 gezek okuw maksatnamalara laýyklykda barlaglar geçirilmelidir.
Mugallymlar okuwçylaryň bilim derejelerini barlamak üçin ýokarda görkezilýän görnüşlerden peýdalanyp bilerler. Barlag işleriniň ýumuşlary okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna we okuw maksatnama laýyklykda mugallym tarapyndan taýýarlanylýar. Barlag işleriniň tertibi okuw ýyly başlamazdan öň ders usuly birleşmeleriniň ýolbaşçylary tarapyndan taýýarlanylýar we bilim edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar. Barlag işleriniň tertibi düzülende okuw gününiň dowamynda bir synpda diňe bir dersden barlag işi göz öňünde tutulmalydyr. Barlag işlerini hepdäniň duşenbe, şenbe günlerinde ýa-da çärýegiň birinji we soňky günlerinde geçirmek maslahat berilmeýär. Mugallymlar okuwçylaryň ýerine ýetiren barlag işlerini okuw ýylyň soňuna çenli saklamaga borçludyr.
10.Okuw işine gözegçilik.
Mekdep ýolbaşçylarynyň mugallymlaryň sapaklara gatnaşygy tassyklanan tertip esasynda amala aşyrylýar. Mekdebe okuw ýylynyň dowamynda mugallym işe gelen bolsa onda tertibe goşmaça girizilip, täzeden tassyklanylmalydyr.
Okuw işini netijeli guramak we onuň netijelerine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, tassyklanan meýilnama laýyklykda mekdep ýolbaşçylary aşakdaky barlag kadalaryny ýerine ýetirmelidirler:
Okuw işini guramagyň we onuň netijelerine gözegçilik etmegiň esasy kadalary
T/b | Okuw işine gözegçilik | Kadalar | Ýerine ýetiriji |
1. | Sapaklara gatnaşmak, seljerme we usuly maslahat bermek | hepdede jemi 6-8 sapak | Mekdep ýolbaşçylary |
2. | Synp, saýlama we gurnak okuwlaryň žurnallary | aýda 1 gezek | mekdep müdiri |
3. | Synp, saýlama we gurnak okuwlaryň žurnallary | aýda 2 gezek | mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary |
4. | Synp, saýlama we gurnak okuwlaryň žurnallary (okuwçylaryň gatnaşygy, synp sagatlary) | aýda 1 gezek | mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary |
5. | Uzaldylan günli toparyň žurnaly | aýda 1 gezek | mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary |
6. | Okuwçy gündelikleri | çärýekde 1 gezek | mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary |
hepdede 1 gezek | synp ýolbaşçylary |
7. | Okuw maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi | her çärýegiň soňunda | mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary |
8. | Okuwçylaryň şahsy jiltleriniň barlagy | ýylda 2 gezek; ýanwar, iýun | mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary |
9. | Okuwçylaryň sanyny elipbiý kitap bilen deňeşdirmek | ýylda 2 gezek; sentýabr, ýanwar | mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary |
10. | Ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň barlagy | çärýekde 1 gezek | mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary |
11. | Sapak ýazgylary | Günde | mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary |
12. | Synp sagatlarynyň ýyllyk senenamalaýyn çyzgydynyň we sapak ýazgylarynyň barlagy | çärýekde 1 gezek | mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary |
13. | Barlag, amaly, tejribe işleriniň ýerine ýetirilişiniň barlagy | çärýekde 1 gezek | mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary |
14. | Okuwçylaryň depderleriniň talabalaýyk ýöredilişi, barlanylyşy we bahalaryň goýluşy | ýylda iki gezek | mekdep müdiri, mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary |
15. | Okuwçylaryň gatnaşygyny barlamak | Günde | mekdep müdiriniň terbiýecilik işleri boýunça orunbasary |
16. | Umumy mekdep ata-eneler ýygnaklaryny geçirmek Synpda ata-eneler ýygnagyny geçirmek | ýylda iki gezek we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda okuw ýylynyň dowamynda azyndan 4 gezek | mekdep müdiri, müdiriň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, synp ýolbaşçy |
17. | Okuw-görkezme esbaplaryň, kompýuterleriň, multimedia, laboratoriýa, lingafon enjamalarynyň sapaklarda netijeli ulanylyşy | okuw ýylynyň dowamynda | mekdep ýolbaşçylary |
Sapaklara gatnaşmak, seljerme we usuly maslahat bermek.
Mekdep ýolbaşçylary tarapyndan sapaklara gatnaşmak- okuw işini guramagyň we onuň netijelerine gözegçilik etmek esasy wezipeleriň biridir.
Sapaga gatnaşmagyň netijesi–okatmak işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ol sapaga gatnaşyk resminamasynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu resminamada sapaga gatnaşýan ýolbaşçy:
sapagyň maksatlarynyň we sapagyň netijeleriniň laýyklygyna;
okuwçylaryň sapakdaky işi sapakdaky goýlan maksatlaryna ýardam edişine;
okuwçylaryň pikirlenmek ukyplaryny ösdürişine;
bilim bermek işiniň hiline;
okuwçylaryň täze bilimleri ele alşynyň derejesine;
mugallym, okuwçy, mugallym maglumatlaryň dolanyşygynyň işleýşine;
bahalandyrmagyň täsirine;
okatmak işinde işjeň usullaryň we tehnologiýalaryň ulanylşyna;
sapakda berilýän ýumuşlaryň hiline we täsirine üns bermelidir we sapakdan soňra mugallym bilen geçirilen sapak boýunça maslahatlaşmalydyr.
11.Ýazuw işlerini ýerine ýetirmek üçin okuwçylarda ýöredilmeli depderler we olaryň sany:
Dersiň ady | Depderleriň sany |
2-4-nji synplar | 5-10-njy synplar | 10-11 (12)-nji synplar |
Ene dili | iş – 2 barlag işi -1 | iş - 2 diktant-1 | iş - 1 diktant - 1 |
Edebiýat | | iş - 1 döredijilik (düzme, beýannama) - 1 | iş - 1 döredijilik (düzme, beýannama) - 1 |
Türkmen dili (başga dilde okaýanlar üçin) | 2-nji synpdan başlap: iş – 2, barlag işi -1 | iş - 2 diktant - 1 | iş - 1 diktant - 1 |
Türkmen edebiýaty | - | iş – 2, döredijilik - 1 düzme, beýannama (7-nji synpdan başlap) | iş – 1, döredijilik -1 (düzme, beýannama) |
Daşary ýurt dili | 2-nji synpdan başlap: iş – 2, barlag işi - 1 sözlük - 1 | iş - 2 barlag işi -1 sözlük - 1 | iş - 1 barlag işi - 1 sözlük - 1 |
Matematika | iş -2 barlag işi -1 | iş - 2 barlag işi - 1 | |
Algebra | | iş - 1 barlag işi -1 | iş - 1 barlag işi -1 |
Geometriýa | | iş - 1 barlag işi -1 | iş - 1 barlag işi -1 |
Fizika | | iş – 1, barlag işi - 1 amaly-tejribe işler - 1 | iş – 1, barlag işi -1 amaly-tejribe işler - 1 |
Himiýa | | iş – 1, barlag işi -1 amaly işler - 1 | iş – 1, barlag işi - 1 amaly işler - 1 |
Okuw meýilnamasynda görkezilen (bedenterbiýe sapagyndan başgasy) beýleki dersler boýunça diňe 1 iş depderi ýöredilmelidir.
Okuwçy depderleri.
Döwlet bilim standartyny ýerine ýetirmek maksady bilen, mekdeplerde okuwçy depderlerini ýöretmegiň we barlamagyň aşakda görkezilen ýeke-täk talaplary berjaý edilmelidir:
1. Mekdep okuwçylary 12-18 sahypaly depderlerden peýdalanmaly. Göwrümi uly bolan işleri ýerine ýetirmegi talap edýän aýratyn okuw derslerinden umumy (24-48 sahypa) depderleri ulanmaga diňe 10-11-nji (8-12) synp okuwçylaryna rugsat berilýär;
2. Okuwçylar depderlerde ýazgylary gök syýa bilen arassa we dürs ýazmaly;
3. Synp we öý işiniň arasynda ene dilinden iki setiri, matematikadan
dört öýjügi boş goýmaly;
4. Seneler, ýerine ýetirilýän işleriň görnüşleri (özbaşdak işi, gönükme, mesele, mysal we şuňa meňzeşler) setiriň ortasynda ýazylmaly.
5. 2-11(12)-nji synplarda matematikadan we daşary ýurt dilinden depderlerde aýyň ady doly ýazylýar (meselem, 12-nji sentýabr). Ene dilinden 3-nji synpdan başlap, sene doly ýazylmaly (meselem, sekizinji sentýabr). Beýleki okuw derslerinden 5-11 (12)-nji synplarda seneler gysgaldylan görnüşde ýazylyp bilner (meselem, 10.09.2022ý.). Daşary ýurt dilinden ýöredilýän depderlerde seneler öwrenilýän dilinde ýazylyşy ýaly abzasdan ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, iňlis dilinden: Tuesday, September 24th; nemes dilinden: Der 25. September, Freitag; fransuz dilinden: Le 25 Septemre. Vendredi
6. 5-11 (12)-nji synplarda depderlerde sapaklaryň temasy doly ýazylmaly.
7. Ene dilinden ýöredilýän depderlerde hökman abzas düzgüni berjaý edilmeli (sahypanyň çep tarapyndan 2 sm galdyrylmaly). Iş görnüşleriniň arasynda boş setir goýulmaýar;
8. Matematikadan her ýumuşyň arasynda 2 gözenekden ybarat bolan boş öýjük goýulmaly. Mysallar, deňlemeler, aňlatmalar ýerine ýetirilende her sütüniň arasynda 3 boş öýjük goýulýar.
9. 1-2-nji synplarda ýazuw depderleriniň daş ýüzündäki ýazgylar mugallym tarapyndan ýazylmalydyr, 3-11 (12)-nji synplarda ýazgylar okuwçylar tarapyndan aşakda görkezilen nusga boýunça ýazylýar:
Aşgabat şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň
V “A” synpynyň okuwçysy
Mähri Babaýewanyň
türkmen dilinden iş depderi.
10. Daşary ýurt dilinden ýöredilýän depderleriň daş ýüzündäki ýazgylar öwrenilýän diliniň döwletinde ýazylyşy ýaly bolmaly, mysal üçin:
English the 5th form A Ilaman Amanov | Deutsch Ilaman Amanov Klasse 3 A | Cahier de français Classe 2 A Amanov Ilaman |
12.Okuwçy depderlerini barlamak.
1-4-nji synplar:
1. Başlangyç synplarda ene dilinden we matematikadan iş depderleri her gün barlanylýar. Barlag depderleri indiki sapaga çenli barlanylmalydyr we bu barlag depderlerinde ýalňyş üstünde iş geçirilmelidir. Beýannamalar we düzmeler iki günüň içinde barlanylyp, okuwçylara görkezilmelidir.
2. Barlag işine goýlan bahalar synp žurnalyna barlag işiniň geçirilen senesine goýulmalydyr.
3. 3-nji synplarda öwredijilik häsiýetde ýazylan beýannamanyň we düzmäniň mazmunyna, söz baýlygyna, diline we dürs ýazuwyna bir baha goýulýar. Öwredijilik häsiýetli beýannamalara we düzmelere goýlan kanagatlanarsyz baha synp žurnalyna geçirilmeýär.
4. Barlag we iş depderleri gyzyl syýa bilen barlanylýar. Barlag iş depderleri okuw ýylynyň ahyryna çenli mugallymda saklanylýar. Iş depderleri dolýança okuwçy tarapyndan ýöredilmelidir.
5-11-nji (12) synplar:
-
Ene dilinden we edebiýatdan okuwçy depderleri “Umumy orta bilim berýän mekdepleriň V–XII synplary üçin türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça ýeke-täk talaplar we baha ölçegleri” diýen gollanma laýyklykda barlanylmalydyr.
-
Ene dilinden we matematikadan 5-nji synplarda okuw ýylynyň dowamynda we 6-njy synplarda okuw ýylynyň 1-nji, 2-nji çärýeklerinde iş depderleri her gün barlanylýar. 6-njy synplarda 3-nji çärýekden başlap we 7–10-njy (6 ýaşly) synplarda ene dilinden, algebradan we geometriýadan mugallym berlen ýumuşlaryň wajyplygyny göz öňünde tutup, okuwçylaryň depderlerini hepde-de azyndan 1 gezek barlaýar. 10-11 (12)-nji synplarda depderleriň barlagy aýda 1 gezekden az bolmaly däldir. 5-11 (12)-nji synplarda gowşak ýetişýän okuwçylaryň depderleri her gün barlanylýar.
-
Matematika, algebra, geometriýa, himiýa, fizika derslerinden barlag işleri, geografiýadan, taryhdan amaly işler, himiýadan, biologiýadan, fizikadan laboratoriýa işleri indiki sapaga çenli barlanylmalydyr. Barlag depderlerinde ýalňyş üstünde iş geçirilmelidir.
-
Biologiýa okuw dersinden amaly we tejribe işler iş depderine ýazylmalydyr. Himiýa dersinden laboratoriýa işleri iş depderine ýazylmalydyr. 5-8-nji synp okuwçylarynyň matematika, fizika depderlerinde mugallymlar goýberilen ýalňyşlary düzetmeli we aşagyny çyzmaly. 8(10)-11(12)-nji synplarda diňe ýalňyşyň aşagyny çyzyp, sahypada ýalňyşy görkezmeli.
4. Informatika dersinden amaly we barlag işleri kompýuter arkaly ýerine ýetirilýär.
5. Daşary ýurt dili derslerinden iş depderleri hepdede bir gezek barlanylýar.
6. Ýokarda agzalmadyk derslerden ýöredilýän okuwçy depderler mugallym tarapyndan azyndan aýda bir gezek barlanylyp gyzyl syýa bilen gol çekilmeli.
7. 5-11(12) synplarda ene dilinden we edebiýatdan okuwçylaryň barlag-ýazuw işleri barlananda ýalňyşlaryň sany ýazuw işiniň soňunda görkezilip, baha goýulýar.
Türkmen dili we edebiýat dersinden ýazylan ähli görnüşdäki ýazuw işleriniň bahalary “Umumy orta bilim berýän mekdepleriň V–XII synplary üçin türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça ýeke-täk talaplar we baha ölçegleri” diýen gollanma laýyklykda bahalandyrylmalydyr.
13. 2022-2023-nji okuw ýylynyň meýilnamalarynda görkezilen:
“Ekologiýa” we “Tebigaty öwreniş” okuw derslerini – ýokary bilimli biologiýa, himiýa, geografiýa we ekologiýa mugallymlara;
“Türkmenistanyň medeni mirasy”, “Dünýä medeniýeti” okuw derslerini – ýokary bilimli ene dili we edebiýat, taryh mugallymlara;
“Ykdysadyýetiň esaslary” okuw dersini – ýokary bilimli geografiýa, taryh mugallymlara;
“Özüňi alyp barmagyň medeniýeti” okuw dersini –ýokary bilimli, tejribeli mugallymlara;
“Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary” okuw dersini – ýokary bilimli, tejribeli, giň gözýetimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan mugallymlara;
“Informatika”, “Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary”, “Modelirleme we grafika” okuw derslerini – ýokary bilimli, informatika, kompýuter sowatlylygy boýunça sertifikatlary bolan matematika, fizika hünäri bolan mugallymlara;
“Proýektirlemegiň esaslary” okuw derslerini–surat we çyzuw, informatika hünäri bolan mugallymlara;
Ýörite hünärli mugallymlaryň ýetmeýän ýerinde mugallymçylyk ugrundan hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçen we degişli resminama alan ykdysadyýet bilimli hünärmenlere “Ykdysadyýetiň esaslary”, medeniýet bilimli hünärmenlere “Türkmenistanyň medeni mirasy”, “Dünýä medeniýeti”, kompýuter tehnologiýalary boýunça ýokary bilimli hünärmenlere “Modelirleme we grafika”, “Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary”, “Proýektirlemegiň esaslary” okuw derslerini okatmaga rugsat berlip bilner.
1-4-nji synplarda “Ýaşaýyş-durmuş esaslary” okuw dersini – başlangyç synp mugallymlaryna, 5-10-njy synplarda biologiýa we ýokary okuw mekdepleriniň harby taýýarlyk kafedralarynda raýat goranyşynyň şepagat uýalaryny taýýarlaýan okuw kurslaryny gutaranlara hem-de ýokary bilimli lukmanlara rugsat berilýär.
Başlangyç synplarda “Informatikanyň esaslary” okuw dersini okatmaga kompýuter okuwlaryny geçen we sertifikaty alan başlangyç synp mugallymlaryna rugsat berilýär.
Orta hünär mugallymçylyk bilimi baradaky şahadatnamalarynda 4-5-nji synplarda hem-de 5-6-njy synplarda aýratyn okuw derslerini okatmaga hukugynyň bardygy görkezilen başlangyç synp mugallymlary şol okuw derslerini okatmaga hukuklydyr.
Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 11-nji maýynda çykaran 166 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hünär synagyny geçirmegiň we hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň” Tertibiniň 38-nji bendine laýyklykda pedagogik işgäriň hünär synagynda alan hünär derejesi aşakda görkezilen onuň okadýan beýleki ugurdaş dersleri üçin hem degişlidir:
1) taryh, jemgyýeti öwreniş, dünýä taryhy, Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary;
2) geografiýa, tebigaty öwreniş, ekologiýa;
3) matematika, informatika;
4) biologiýa-himiýa, ekologiýa, tebigaty öwreniş;
5) fizika (astronomiýa).
2022-2023-nji okuw ýylynda “Ýaşaýyş durmuş esaslary” okuw dersine aýratyn üns berilmelidir. Howpsuz bilim ulgamyny döretmek, lukmançylyk tehnologiýalarynyň üsti bilen okatmak işini ýola goýmak bilim edaralarynyň üns merkezinde bolmalydyr. Ýaşaýyş durmuş esaslary dersleriniň esasy wezipeleri durmuşda nazaryýet bilimleriniň we durmuş başarnyklarynyň bitewilikde ösdürmekden, her bir ynsanda öz saglygyny berkitmek höwesini döretmekden, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemekden we alan bilimlerini we başarnyklaryny bütin ömrüniň dowamynda ulanmakdan ybarat bolmalydyr. Bu maksat bilen ähli bilim edaralarynda:
3-nji sapakdan soň hökmany bedenterbiýe maşklaryny girizmek;
başlangyç synplaryň ähli sapaklarynyň dowamynda 2 gezekden az bolmadyk hereketli maşklary geçirmek;
hepdäniň şenbe gününi sport güni diýip bellemek we şol gün sport ýaryşlar, bäsleşikler, türgenleşikler, hereketli (milli) oýunlar we beýleki görnüşli çäreler okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirilmelidir.
Irki nyzamlarda okuwçylara ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi düşündirmelidir.
Sapaklaryň tertibindäki soňky sapaklarda okuwçylara yol-hereketiniň düzgünleri we howpsuz hereketler barada düşündiriş maslahatlary berilmelidir.
14. Mekdep mugallymlary tarapyndan ýöredilmeli hasabatlar we resminamalar
1) Synp žurnaly;
2) Ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy;
3) Sapak ýazgysy (gurluşy, görnüşi, mugallym tarapyndan kesgitlenilýär);
4) Okuwçylaryň ýetişigi boýunça çärýeklik hasabatlar;
5) Özara sapaklara gatnaşygy (çärýekde azyndan 2 sapaga gatnaşmaly we seljerme bermeli);
6) Usuly birleşmäniň iş meýilnamasy boýunça degişli maglumatlar;
7) Ata-eneler bilen gatnaşyk depderi;
8) Sapaklaryna gowşak ýetişýän, sapaklara yzygider gatnamaýan okuwçylar bilen alnyp barylýan işleriň hasabatlaryny ýöretmelidirler.
Synp žurnaly.
Synp žurnaly döwlet kadalaşdyryjy resminamasydyr, ol “Döwlet umumybilim edaralarynda synp žurnalyny ýöretmegiň” Düzgünnamasyna laýyklykda ýöredilmelidir.
Synp žurnaly arassa, anyk we öz wagtynda doldurmak her bir mugallymyň, synp ýolbaşçysynyň (terbiýeçiniň) borjudyr. Synp žurnalynda goýberilen ýalňyşlary özbaşdak düzetmäge mugallyma (terbiýeçä) rugsat berilmeýär. Düzedişler mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasarynyň ygtyýary bilen, onuň we ýalňyşy goýberen mugallymyň okuwçylaryň sanawyndan soňky setirinde gollary bilen berkidilýär.
Synp žurnalynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2022-2023-nji okuw ýyly üçin tassyklanan okuw meýilnamalara laýyklykda we diňe sapaklaryň tertibinde görkezilýän we okadylýan dersler ýazylmalydyr.
Synp žurnalynda:
1. Okuw meýilnamada kesgitlenen sagatlara laýyklykda her bir okuw ders boýunça okuw maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi;
2. Okuw dersiniň mazmunynyň hasaba alnyşy, derslerden her bir okuwçynyň maksatnamany özleşdiriş derejesiniň suratlandyrylyşy;
3. Öý işleriniň berlişi we onuň göwrüminiň kadalygy;
4. Okuwçylaryň sapaga gatnaşygy, bilimiň netijeliligi;
5. Barlag, amaly, tejribe işlerini we gezelençleri geçirmegiň tertibiniň berjaý edilişi görkezilýär.
2–11(12)-nji synplarda okuwçylaryň bilimine her çärýekde bahalar goýulýar we jemlenilýär. 1-nji synp okuwçylaryň bilimi bahalandyrylmaýar.
Saýlama okuwlary üçin mekdepde iki žurnal ýöredilmeli (5-(10)-njy we 10-11(12)-nji synplar). Saýlama okuwlaryň žurnaly Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2019-njy ýylyň 23-nji dekabryndaky 2/10481 belgili “Umumybilim berýän mekdeplerde Saýlama okuwlary guramak we geçirmek” boýunça gözükdiriji hatyna laýyklykda ýöredilmelidir.
Uzaldylan günli toparyň žurnaly Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Uzaldylan günli toparlaryň Düzgünnamasyna” laýyklykda ýöredilýär.
Ýýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň mysaly görnüşi:
1 | 2 | 3 | 4 | 5 | 6 | 7 |
T/b | Sapak-laryň temasy | Sagat sany | Senesi | Sapagyň görnüşi (seret IV bap) | Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler (kompýuter, interaktiw tagta, telewizor, lingafon enjamy, laboratoriýa, sport enjamlar, aýdym-saz we zähmet gurallar we paýlama maglumatlar (barlagnama, reňkli suratlar, tanyşdyrmalar, tablisalar, tema degişli soraglar, çyzgyç) hem-de goşmaça maglumatlar (edebiýatlar) anyk görkezilmelidir. | Bellik |
Mugallymlaryň sapak ýazgylary we olaryň taýýarlanylyşyna gözegçilik.
Sapak ýazgylary her bir geçilmeli sapak üçin aýratyn ýazylmalydyr, eger mugallym ugurdaş synplarda şol bir temany geçýän bolsa, onda ugurdaş synplar üçin bir sapak ýazgysy ýazylmalydyr.
Sapak ýazgysy her bir mugallymyň şahsy iş resminamasy bolup, ony başga adamlara ýazdyrmaga ýa-da beýleki mugallymlaryň ulanmagy üçin ýaýratmaga rugsat edilmeýär. Sapak ýazgysynyň elektron nusgasyny Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan görnüşinde ýöretmäge rugsat berilýär.
Orta mekdepde okuw işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, içki gözegçiligi güýçlendirmek, mugallymlaryň ýazan sapak ýazgylaryny talabalaýyk seljermek maksady bilen okuw sapaklaryndan bir gün öň (mugallym dürli esasly sebäplere görä, meselem: bäsleşige, iş saparyna, okuwlara, zähmet rugsadyna, maslahatlarda, teleradioýaýlymlarda çykyş etmek üçin giden, bäsleşige emin agza bolup gatnaşan ýa-da ýarawsyzlyk hatynda bolan we ş. m. ýagdaýlarda mugallymlaryň sapak ýazgysyna şol gün gol çekmäge rugsat berilýär) mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary tarapyndan degişli bellikler edilip, barlanylyp, her sapak ýazga aýratynlykda gol çekilýär.
15.Okuwçy gündeliginiň ýöredilişi
Gündelik okuwçy üçin onuň şol mekdebe degişliligini tassyklaýan esasy mekdep resminamasydyr. Gündelik ähli görnüşdäki orta mekdepleriň 1-11(12)-nji synplarynyň okuwçylary tarapyndan hökmany suratda ýöredilmelidir. Gündelik ata-enelere mekdebiň ýolbaşçy düzümi, şol synpy okadýan mugallymlar, hepdedäki sapaklaryň tertibi, arakesme wagty, saýlama okuwlarynyň, gurnaklaryň tertibi, öý ýumuşlary, okuwçynyň ýetişigi we ol baradaky bellikler, okuwçynyň tertibi, goýberen we gijä galan sapaklary, gazanýan üstünlikleri baradaky maglumatlary bermek üçin niýetlenendir.
Gündelik okuwçy tarapyndan arassa, düşnükli we sowatly gök syýa bilen wagtly-wagtynda doldurylmalydyr. Gündeligiň başyndaky üç sahypa 5-nji sentýabra çenli doldurylyp, bu sahypalarda okuwçy, okuw derslerini okadýan mugallymlar, sapaklaryň tertibi ýazylýar. Okuwçy özbaşdak iş üçin her günki berilýän öý işlerini ýumuşlaryň ýerine ýetirilmeli gününe ýazmalydyr.
Mugallym synp žurnalyna goýan bahalaryny okuwçynyň gündeligine hökman geçirmelidir. Bahalar mugallym tarapyndan gündelige gyzyl syýa bilen goýlup, mugallymyň goly bilen berkidilmelidir. Okuw derslerini okadýan mugallymlara (ene dilinden ýazuw işlerine talap edilýän baha ölçeginden başgalara) okuwçynyň gündeligine goşalandyryp baha goýmaga rugsat berilmeýär. Mugallymyň gündelige ýazýan ähli bellikleri, ýazgylary gyzyl syýa bilen sowatly, düşnükli, gysga ýazylmalydyr.
1-11(12)-nji synplaryň synp ýolbaşçylary tarapyndan gündelikler hepdede bir gezek barlanylmalydyr. Synp ýolbaşçysy gündelik arkaly okuwçylaryň ata-eneleri bilen aragatnaşyk saklanylmagyna aýratyn gözegçilik etmelidir. Ata-eneler her hepdede gündelige gök syýa bilen gol çekmelidir. Synp ýolbaşçy gündeligiň degişli sahypasyna çärýeklik bahalary geçirmelidir we okuwçynyň goýberen sagatlaryny görkezip, gyzyl syýa bilen gol çekmelidir. Ata-ene hem öz gezeginde çagasynyň bahalary bilen tanşyp, gol çekmelidir.
Mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary okuwçynyň gündeligini her çärýekde barlap, ýöredilişine gözegçilik etmelidir.
Sanly bilim ulgamyna geçmek bilen gündelik elektron görnüşinde ýöredilip bilner.
16. Öý işi.
Okuwçylara okuw ýüküniň aşa agram salmagynyň öňüni almak maksady bilen, mugallym okuwça öýe tabşyrýan ýumşunyň möçberine berk gözegçilik etmelidir. Mugallym sapakda öý işiniň mazmunyny, tertibini we ýerine ýetiriliş usullaryny okuwçylara düşündirmäge borçludyr. Çylşyrymly häsiýetli ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirmek diňe isleg bildiren okuwçylara hödürlenip bilner. Öý işleriniň göwrümini her bir mugallym, sanitar kadalaryna laýyklykda, okuwçylara ähli derslerden berilýän öý işleriniň göwrümini göz öňünde tutup we okuwçylaryň öý işlerini ýerine ýetirip bilmek mümkinçiliklerini hasaba alyp hödürlemelidir. Şekillendiriş sungaty, aýdym-saz, çeperçilik we durmuş zähmeti, ýaşaýyş-durmuş esaslary, informatika, bedenterbiýe derslerinden öý işlerini beýleki dersler bilen baglanyşyklylykda tabşyrmak maslahat berilýär.
Öý işini tabşyrmak aşakdaky ýagdaýlarda maslahat berilmeýär:
1. Baýramçylyk we dynç alyş günlerinde (umumy ösüş üçin çeper, goşmaça edebiýat okamakdan we taslama işinden başga);
2. Barlag işleri geçirilenden soňra; Geçilenleri gaýtalamak (sahypasyny görkezmek bilen).
3. Birinji synp okuwçylaryna (III çärýekden başlap ene dili dersi boýunça 20 minutda ýerine ýetirip boljak göwrümde ýumuş berilmelidir).
Öý işini ýerine ýetirmegiň wagty 2-nji synpda 50 minuda çenli,
3-4-nji synplarda 70 minuda çenli, 5-6-njy synplarda 90 minuda çenli,
7-9-njy synplarda 110 minuda çenli bolmalydyr, 10-11-nji synplarda
130 minutdan geçmeli däldir.
Öý işlerini ýerine ýetirmek işini guramakda mekdep mugallymlaryna:
1. Öý işleri barada sapak döwründe, arakesmeden öň okuwçylary habarly etmek we gündelige ýazdyrmak;
2. Öý işiniň mazmuny boýunça düşündiriş işlerini geçirmek;
3. Okuwçylara iň az göwrümli (hökmany ýerine ýetirilmeli işler) we iň köp göwrümli (meýletin ýerine ýetirilmeli işler) ýumuşlary utgaşdyryp hödürlemek;
4. Sapakda öý işleriniň derňewini, ýalňyşlar üstünde işi geçirmek maslahat berilýär.
Okuwçylary mekdebe kabul etmegiň we olar bilen okuwlary guramaklygyň talaplary.
Daşary ýurt döwletleriniň umumy orta bilim berýän mekdeplerinden gelen okuwçylar etrap, şäher bilim bölümleriniň, ýok ýerinde welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriň ýazmaça resmi resminama esasynda deň derejedäki synplara kabul edilýär.
Daşary ýurt döwletleriniň umumy orta bilim berýän mekdeplerinden gelen okuwçylaryň okan okuw dersleriniň Türkmenistanyň döwlet umumybilim edaralarynyň okuw meýilnamasyndaky okuw derslerinden aratapawudy öwrenilip, okuwçynyň öwrenmedik okuw dersleriniň okuw maksatnamalaryny özleşdirmekleri üçin olar bilen goşmaça okuwlar guralýar. Okuwçynyň okuw derslerini özleşdirendigini kesgitlemek üçin olaryň bilimleri barlanylýar we bahalary onuň şahsy jiltinde degişli synplardaky okuw derslerine goýulýar, umumybilim edarasynyň ýolbaşçysynyň möhür bilen berkidilýär hem-de buýrugy bilen resmileşdirilýär.
Türkmenistanyň çäginde hereket edýän orta mekdeplerden okuwçy bir mekdepden başga mekdebe geçen ýagdaýynda oňa şahsy jilti bilen bilelikde synp ýolbaşçysynyň we mekdep müdiriniň goly bilen berkidilen, mekdebiň möhri bilen tassyklanan çärýeklik, zerur ýagdaýda çärýegiň dowamynda alnan bahalarynyň göçürmesi berilýär. Orta mekdepden gidýän we mekdebe gelýän okuwçylaryň ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara mekdep tarapyndan berilýän çykyş we giriş hatlary esasynda, şeýle-de Türkmenistanyň çäginden göçýän, iş sapary bilen gidýän ata-eneleriň arzasy we okuwçylaryň atlary görkezilen petekleriň esasynda olaryň şahsy jiltleri berilýär.
17. 2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde terbiýeçilik işi:
1) okuwçylary türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemekden;
2) okuwçylarda watansöýüjilik, ahlaklylyk, hoşniýetlilik, akgöwünlilik, dostluk, agzybirlik, ululary sylamak, kiçilere hormat goýmak häsiýetleri kämilleşdirmek ugrunda iş alyp barmakdan;
3) ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalarynyň terbiýelenmegi, olaryň bilim almagy üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmakdan;
4) mekdep uçurumlarynda ruhy we beden taýdan sagdyn, işjeň we ynamly, durmuşa taýýar, başarnykly, geljegini meýilnamalaşdyrmagy başarýan bilimli şahsyýet kemala getirmekden ybarat bolmalydyr.