СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ
Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно
Скидки до 50 % на комплекты
только до
Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой
Организационный момент
Проверка знаний
Объяснение материала
Закрепление изученного
Итоги урока
TÜRKMENISTANYŇ MILLI MEDENIÝET «MIRAS» MERKEZI
TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY TÜRKMENISTAN
MILLI GOLÝAZMALAR INSTITUTY
TÜRKMEN HALK YRYM-YNANÇLARY
Çapa taýýarlan
Gurbanjemal Ylýasowa
AŞGABAT «MIRAS» 2005
UOK 391/395
T90
T90 Türkmen halk yrym-ynançlary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005 — 224 s.
REDAKTOR
Annagurban Aşyrow, dil-edebiýаt ylymlarynyň doktory
Türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşlerinden biri bolan yrym-ynançlary öz içine alýan bu ýygyndy Türkmenistanyň Ilkinji we Ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň howandarlygynda Halk döredijiligini öwreniş ylmynyň taryhynda ilkinji gezek neşir edilýär. Dana gojalarymyz, mährem ejelerimiz öz dowamatlary bolan perzentlerini halal ojakly, arassa ahlakly, päk kalply, ynsaply, ygrarly, lebzi halal, pähim-paýhasly ynsanlar edip terbiýelemek maksady bilen öz ynançlarynyň esasynda uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan kämil yrymlary döredipdirler. Şeýlelikde, türkmen halkynyň özboluşly terbiýeleýiş usullary – türkmen halkynyň ahlak ýörelgeleri emele gelipdir. Durşy bilen pähim-parasata ýugrylan yrym-ynançlar Beýik Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde hem ýaş nesil dowamamyza ýol görkezip gelýär.
T
MMMM №39
TDKP №54 2005 KBK 63.5(Tü)
© Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005 ý.
Türkmen halk yrym-ynançlary, 2005 ý.
G
.Ylýasowa, çapa taýýarlama, sözsoňy 2005 ý.
Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň
Ilkinji we Ömürlik Prezidenti
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň
howandarlygynda neşir edilýär.
GEÇMIŞIŇ ÝAŇY — GELJEGIŇ DAŇY
Türkmeniň ykbal asmanyndan nur saçýan Garaşsyzlyk halkymyza diňe bir Altyn eýýamyň altyn gapysyny açyp bermän, eýsem onuň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy miraslarynyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine hem giň mümkinçilik berdi. Bu bolsa häzirki türkmen döwletiniň berk taryhy binýat esasynda gurulýandygyny alamatlandyrýar.
Türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň mesgeni boldy. Bu toprak ekerançylyk, maldarçylyk, ylym, medeniýet we sungat sallançagy boldy. Alymlar biziň eýýamymyzdan 6 müň ýyl öň türkmenleriň ata-babalarynyň öňdebaryjy bilimleri özleşdirendigini nygtaýarlar. Irki ekerançylyk zamanasyndaky türkmen jemgyýetleri Garadepe, Göksüýri, Ýylgynly ýaly oturymly ýerleri — ajaýyp ýadygärlikleri miras goýdy. Gadymy oguz-türkmen döwleti, Parfiýa zamanasy, seljuk türkmenleriniň döreden onlarça döwletleri, osman türkmenleriniň soltanlyklary we beýleki türkmen döwletleri adamzadyň syýasy taryhynda özboluşly adalat baýdagy bolup pasyrdady. Hut şonuň üçin hem Türkmenistany dünýä taryhynyň ösüşinde Hytaýyň, Mesopotamiýanyň, Müsüriň hatarynda goýýarlar. Ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň arasynda özboluşly, milli öwüşgin bilen lowurdaýan ruhy we medeni baýlyklary bize miras galdyrdy.
Medeni miras — bu perzendiň üstünde kökenek gerýän türkmen enesiniň hüwdüsidir, agras türkmen gojasynyň pendi-nesihatydyr. Mukaddes topragy gany bilen goran gaýduwsyz gerçegiň iň soňky demdäki wesýetidir, naçar doganyň gerçegiň jesedini ýuwýan ajy gözýaşydyr.
Medeni miras — bu türkmeniň şan-şöhratdan doly geçmişine buýsanjydyr, şu gününe söýgüsidir, ertirine ynamydyr.
Medeni miras — bu gadymy hem müdimi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda hoşalap çöplän paýhas hakydasydyr, şu gününe ygtybarly ynamydyr, ertirine ýol çelgisidir. Mahlasy, medeni miras türkmeniň geçmişidir, barlygydyr, dowamatydyr.
Türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan edebi akabalarynyň, sungat däpleriniň adalaty, erkinligi, agzybirligi, mertligi we bitewiligi wasp etmedik döwri bolan däldir. Bu gün şol asylly däpler biziň beýik Garaşsyzlygymyzyň beren süýji miweleri, röwşen ertiriniň mukaddes umytlary bilen birleşip, türkmen abraýynyň, mertebesiniň has-da belende göterilmegine hyzmat etmelidir.
Ruhnamada belläp geçişim ýaly, «Biz türkmen halkynyň mirasdüşerleri hökmünde ata-babalarymyzyň taryhyň gatlarynda galan medeni, edebi gymmatlyklaryny tapmalydyrys, täzeden jana getirmelidiris. Bu ata-babalarymyzyň öňünde biziň ogullyk borjumyzdyr». Biz ata-babalarymyzyň öňündäki şol ogullyk borjumyzy berjaý etmek maksady bilen hem Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezini döretdik.
Asyrlaryň gatlaryna siňen medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, Ruhnamanyň ruhunda ylmy esasda özleşdirmek, dünýäniň dürli künjeginde beýik döwletleri döreden halkymyza degişli miraslary tapmak, olary täzeden jana getirmek, ajaýyp kitaplara öwrüp, gaýtadan halkymyza hem-de dünýä ýaýmak «Miras» merkeziniň işgärleriniň öňünde duran gaýragoýulmasyz borçdur!
Eziz halkym!
Siziň eliňizde «Miras» merkeziniň taýýarlan kitaby. Bu kitabyň biziň ata-babalarymyzyň döreden ruhy we medeni gymmatlyklaryna teşne kalbyňyza teselli berjekdigine ynanýaryn. Käbelerimiz hem kyblalarymyz hakyndaky ýüreklerimiziň töründäki gyzgyn söýginiň oduny alawlandyrjakdygy mende ýakymly duýgy döredýär.
«Miras» merkeziniň çykarjak kitaplarynyň höwrüniň köp boljakdygyna ynanýaryn we oňa ak ýol arzuw edýärin.
I
şiň rowaç, ýollaryň ýagty bolsun!
Türkmenistanyň Prezidenti
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.
BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ MUKADDES RUHNAMASYNDAKY
YRYM-YNANÇLAR
Garaşsyzlyk eýýamynyň bagtyýar perzendi!
Sen pederleriň ruhy dünýäsini içgin öwren, şonda dünýäňe älemgoşar ýalkymy düşen ýaly bolar, köp zatlary öwrenersiň. Adama gowulyklara öýkünmäge çalyşmak mahsusdyr.
* * *
Daňdanakan söweş meýdanynda tylla tagt goýýarlar, emma ilçilik, «Edil bu ýerde tagt goýmaly däl, bu gün sähet däl» diýen hem tapylýar. Şonda Mäne baba:
― Allanyň saýlan ýerinde ýaramaz ýer bolmaz, Allanyň ýaradan günleriniň sähet däli bolmaz! Döwletiňiz halk döwleti bolup, Hakyň ― Allatagalanyň ýoly bilen, türkmeniň halallyk, adalatlylyk ýoly bilen gitseňiz, almajak galaňyz bolmaz ― diýipdir.
* * *
Geçmişde türkmeniň bir kowçumy oba tutunjak bolsa, göçüp barlaýjak ýerleriň birnäçesinde bir küýze suw bilen uzyn syrygy ýere dikip, oňa el ýaly eti daňyp goýupdyr. Göçmeli wagt gelenden soň, oba kethudasynyň, hut, özi birki sany goja bilen aýlanyp görýär. Nirede et porsap, suw sadyr atan bolsa, şol ýerde mesgen tutmaýarlar.
* * *
«Ýurt düşmedi, ýer kabul etmedi» diýen düşünjeler hem türkmeniň ýeriň peýdaly hem zyýanly zolaklaryny bilendigine kepil geçýär.
* * *
Geçmişde ata-babalarymyz ýap gazjak bolanlarynda bir baýtalyň boýnuna halta doly çägäni basyp, ony suw akdyrylmaly ugra tarap kowupdyrlar. Boýny agyr ýükli baýtal ýeriň iň peselip gidýän ugruny saýlapdyr. Ata-babalarymyz baýtalyň ýörän ugry boýunça, her ýerräkde - her ýerräkde gazyk kakyp, soňra ýap, kanal gazypdyrlar.
* * *
Ata-babalarymyz myhman garşylamagy häsiýetine siňdiripdir. Her gün nahar bişirende, «myhman paýyny» goşup bişiripdir.
* * *
Ata-babalarymyz öýüne gelen kişä üç gije-gündiz hyzmat edip, soň habaryny alar ekenler.
* * *
Ilimiz gadymdan bäri: «Myhman ataňdan uly» diýen paýhasa eýerip gelýär.
* * *
Bir ýere gitjek bolnanda, bir işiň başy tutuljak bolnanda, kesp-hünär öwrenip, işe başlajak bolnanda halypadan, ýaşuludan ak pata alynýar.
* * *
Türkmençilikde kyýamatlyk dogan okaşylsa, süýtdeşden aýry görülmeýär.
* * *
Biziň ata-babalarymyz köp işleriň başyny geňeş bilen tutupdyr. Şol geňeşlerde ýa bir adamyň, ýa-da tutuş iliň ykbaly çözülipdir.
* * *
Myhmany törde oturt. Tör – töräniň ornudyr. «Tör», «töre» sözleri bir kökdendir. Örän gadymy eýýamlarda ata-babalarymyz törde tumar-heýkellerini saklapdyrlar. Ýekehudaýlylykdan öň olara çokunypdyrlar. Soň-soňlar tör töreleriň – soltanlaryň, ýaşulularyň orny bolupdyr.
* * *
Türkmen urşa uruş diýmändir, «toý» diýipdir. «Toýda özüňi nähili howpsuz-hatarsyz, erkin duýşuň ýaly, söweşde-de özüňi toýdaky ýaly alyp barmaly, gorky-ürki ýat bolmaly, aljyramaly däl» diýen niýet bilen batyr ýigitler söweş meýdanyny özleri üçin toý meýdany hasaplapdyrlar.
* * *
Harby sungatda-da türkmen ogly halk pähiminden ugur alypdyr. Halk pähiminde bolsa şeýle diýilýär: «Ýatana ýylan hem degmändir».
* * *
Ok-ýaý türkmenleriň ilkinji milli ýaragy bolupdyr. Ok-ýaý olaryň gündelik durmuşynda esasy orun eýeläp, yrymlaryna, däp-dessurlaryna mäkäm ornaşypdyr... Türkmen ok-ýaýa simwoliki many beripdir. Maşgalada ogul bolmagyny arzuw edip, öýüň töründen ok-ýaý asyp goýupdyr.
* * *
Hatda ir zamanlarda erkek adamlar dünýäden gaýtsa, olaryň başujundaky mazar daşlarynyň ýüzüne ok-ýaýyň şekilini çekmek däp bolupdyr.
* * *
Öý – öwlüýädir. Allanyň guran mukaddesligini öz eliň bilen haraplama!
* * *
Ata öýeren ogluna öý gurup berip, ak pata bilen özbaşdak durmuşa atarýar. Türkmençilik düzgünine görä, ata ýurdy körpe ogla galdyrylýar.
* * *
...öý gurmagyň ilkinji adamkärçilik hem edep şerti ata ýurdunda ýaşamak, eger jaý lagşan ýa könelen bolsa, hut, şu ýurtda täzeden jaý gurmakdyr.
* * *
Ata ýurdunda bolsun, ýa başga täze mellek ýerinde bolsa, öý gurmak işi ata-babalaryň ruhuna aýat-doga okamakdan başlanypdyr. Bu mundan beýläk hem şeýle bolmalydyr. Munuň ata-babalaryň özboluşly ruhy ak patasyny almak manysy bardyr.
* * *
Türkmen howlularynyň derwezesiniň ýokarsynda dürli keramatly zatlar dakylyp goýulýar.
* * *
... «Akpamyk» ertekisinde ýedi dogan awa gideninde ene-atasyna: «Gyz jigimiz bolsa, işigiň ýokarsynda gurjak, oglan bolsa, ok-ýaý asyň» diýip sargaýandyrlar.
* * *
Biziň ähli welaýatlarymyzda derwezäniň ýokarsynda, köplenç, dag goçunyň ýa-da tekesiniň şahy, kämahal hem atyň naly kakylýar. Şah kämahal elde-de ýasalaýýar. Bular türkmeniň dürli eýýamlardaky ruhy oňonlarydyr.
* * *
Özge öýe baranyňda, gapyny kakman, ardynjyraman, girme! Bu meselede atalarymyzyň özboluşly dessury bolupdyr. Olar öýüň daşynda durup, «Habarlaş!» diýip, gygyrýan ekenler. Her bir jaýa gireniňizde – öý bolsun, edara bolsun – salam berip gir! Salam – öýüň ilkinji hormatydyr.
* * *
Öýe gireniňde, ilki sag aýagyňy ätläp gir! Erkek adam bilen elleşip görüş, aýal maşgala ýakynyň bolmasa, eliňi uzatma! Türkmençilikde erkek bilen salamlaşmagyň düzgüni aýallaryňkydan, ýaşuly bilen salamlaşmagyň şertleri ýaşkiçileriňkiden, tanyş bilen salamlaşmak nätanyşyňkydan tapawutlanýar. Şu tapawutlar hem türkmeniň salamlaşmak edebiniň gadymy hem inçe, kämil işlenip düzülendigini görkezýär.
* * *
...düýe arassa mal, ýüňü-de halallygyň, päkizeligiň alamaty hasaplanýar. Öz öýüňde namazlyk, düýe ýüňünden dokalan saçak, kündük we beýleki zatlar saklamak parzdyr.
* * *
Türkmen göwreli aýala «Toýly aýal» diýýändir. Biziň bu milli garaýşymyzda türkmeniň adamzat dowamatyna bolan guwanjy ýüze çykýar.
* * *
Türkmençilikde göwreli aýaly aýratyn naharlar bilen naharlaýarlar, agyr hem ownuk-uşak zähmetden gorap saklaýarlar. Geljekki perzendiň owadan we görmegeý bolmagyny isleseň, göwreli aýalyňa saýlap-seçip alan miweleriňi iýdir!
* * *
Türkmen oglunyň elini halallatdyranyndan soň, ýagny sünnet etdireninden soň naharyny onuň bilen bir tabakdan iýip başlaýar.
* * *
On üç ýaşa çenli bolan çagalyk müçesi perzende has ünsli, has eserdeň garalýan döwürdir. Ýedi ýaşa çenli oňa şulary bagyş et:
Doglanda toý edip, uly iliň maslahaty bilen gözel at dak!
Bedenini mata gundagy, kalbyny hem akylyny edep gundagy bilen gundagla!
* * *
Oguz han Türkmeniň öz ogullaryna dakan atlarynda onuň dünýä bolan garaýşynyň alamatlary görünýär: Asman gözelliginden – Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Ýer gözelliginden – Dag han, Deňiz han, Gök han. «Iki älemi – Asmany hem Zemini aldym» diýýän Oguz han Türkmen älemler bilen sazlaşykly, ylalaşykly we arkalaşykly ýaşamak isläpdir. Alty ogul – älemiň bitewiligini kemala getirýär.
* * *
Her eýýamyň adam atlarynda şol eýýamyň adamlarynyň ruhy ahwalaty görünýär. Türkmeniň oňony bürgüt bolan üçünji eýýamynda Togrul, Çagry ýaly bürgüt atlary ýörgünli bolupdy. Ýöne türkmeniň oňony goç bolan dördünji eýýamynda adam atlarynda naçarlyk güýçli duýulýardy: Allaberdi, Öwlüýäguly, Hojageldi, Ýowbasar.... biziň Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk eýýamymyzda eýýäm beýle atlar möwritini ötürip barýar. Bu günki çagalara dakylýan atlarda ertirki güne umyt-ynam duýulýar, atlarda adamlaryň ruhy ahwalatynyň belentligi görünýär!
* * *
Salamlaşmak edebiniň şertleri:
ula salamy ilki ber, kiçä eliňi uzadyp, salamlaş! Oturan ýeriňden däl, aýak üstüne galyp, salamlaş! Salamdan soň, uly saglyk-amanlyk soraşýandyr.
Gürrüň gutarandan, soň, sagbollaşman gidibermek edepsizlikdir.
Nahara uly başlar, ilki çörekden döwüp, soň kiçilere geçirer. Töwir galdyrman, nahardan turulýan däldir. Rysgal-bereket gider. Nahar başynda köp gürlemejek bol, ylaýta-da ululardan köp gürleme!
* * *
Türkmenler sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwür-zamanalarda saklapdyr. «Myhman – Ýaradanyň iberen adamy» diýlip, hasap edilipdir. Şonuň üçin biziň ilde dil biten çagadan başlap, bakyýet ýoluna taýýarlanýan gojalara çenli hemmeler: «Myhman – ataňdan uly» diýen nakyla eýerýär.
* * *
Türkmen asylzadalygy, sypaýylygy, edep-ekramy, salyhaty müňlerçe-müňlerçe ýyllaryň dowamynda kämilleşendir. Taryhy tejribesi ýetik halkymyz atlaryndan itine çenli «tohum mal», «arassa mal» diýen ýaly düşünjeleri ulanypdyr, adamlar barada bolsa ata-babasyna, tohum-tijine seredip, «adam çykýan ýer», «han çykýan ýer» diýen ýaly düşünjelere berk uýupdyr.
* * *
Biz ak mermerden türkmene laýyk jaýlar gurýarys. Men siziň şol jaýlaryň içinde türkmen bolup, türkmeniň milli ahlak-ruhy edebini berjaý edip, ýaşamagyňyzy isleýärin.
* * *
Gatnaşyk açyldygysaýyn, dostluk, doganlyk açylýar. Gatnaşyk açyldygysaýyn gözýetim açylýar, rysgal-döwlet açylýar.
* * *
Türkmen toý tutar: «Oglum boldy», «Gyzym boldy» diýip, toý tutar, çileden çykdy diýip, toý tutar, gülüp berdi diýip, toý tutar, çagajygyň galpagyny daýysyna syrdyryp, toý tutar, inji berip, toý tutar, ýörjen-ýörjen boldy diýip, toý tutar, diş çykdy diýip, nogul-nabat seçip, toý tutar, sünnet etdirdim diýip, toý tutar, ata çykdy diýip, toý tutar, garaz, türkmeniň toýy-baýramy köpdür, gaty köpdür...
Türkmeniň baş dilegi: «Gazananyň toýuňa ýarasyn!» diýmekdir.
* * *
Gyz durmuşa çykyp, baş salnanda, şaýly tahýasy baldyzyna berilýändir. Ýedi gün geçýänçä, kürteli gelniň ýanynda baldyzlary oturýandyr.
* * *
Çaganyň diş toýunda daýy-daýzalary köke-süýji seçýändir.
* * *
Bir zady unutmaly däl, türkmen halky islendik nysagyny, kada-kanunyny, däp-dessuryny uzyn taryhyň dowamynda oýlap-ölçerip, pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap-taraşlap kämil döretdi, özem zerur bolandan soň döretdi.
* * *
Türkmençilikde şejeräňi – nesil daragtyňy oňat bilmek, ýedi arkaňa belet bolmak her bir perzendiň borjy hasaplanylýar, çünki ýedi arka – arkalylyk, asyllylyk seniňem il sanyndadygyňyň güwänamasydyr.
* * *
«Mukaddes Watanyny janyndan artyk söýüp, il-ulsuny keramat bilip, Watanyna howp abanan güni ata atlanyp, söweşde şirin janyny gurban berýän gerçekler göni jennete barar» diýip, ata-babalarymyz ynanypdyr.
* * *
Beýik Taňry Älemi ýaratjak bolanda, ilki bir dür ýasaýar. Dürden suw, suwdan Älemi, Ýeri ýaradýar. Taňry ilkinji derýa döredende suw Hudaýyň ýüzüni görüpdir. Şonuň üçin ol mydama: «Hakyň ýüzüni ýene bir görsem» diýip, asman şekilini bagryna basyp, şol akar durarmyş. Suwuň keramat saýylandygy «Gorkut ata» kitabynda şeýle beýan edilýär: «Gazanyň öňünden bir suw çykdy: «Suw Hakyň didaryny görendir, men suw bilen habarlaşaýyn» diýip, oňa ýüzlendi».
* * *
Dessanlarymyzda-da suwdan salam ibermek, suwdan ýaryny soramak ýaly ýagdaýlar beýan edilýär.
* * *
Suwy keramat saýmak ynanjy il arasynda entegem saklanyp galypdyr. Käbir ýerlerde «Suw almaga bimahal barmaly däl» diýen düşünje bar. Eger barlaýsa-da: «Essalawmaleýkim, suw aga! diýlip, suwa ýüzlenilýär.
* * *
Ýagşyň ýagmagy bilen güýçli tozanyň ýatýandygyny görüp, gadymy ata-babalarymyz suwa gara güýjüň öňüni alyp bilýän gudrat hökmünde garapdyrlar.
* * *
Tüweleýiň turanyny gören çarwalaryň: «Howul bela, sowul bela!» diýip, tüweleýiň gelýän ugruna suw sepmekleri hem suwa ynanylmagy bilen baglanyşyklydyr.
* * *
Halk arasynda: «Ýeliň piri – Mirhaýdar, ýagyş-ýagmyryň piri – Burkut, sygryň piri – Zeňňibaba, ekiniň piri – Babadaýhan, oduň piri – Oraz, düýäniň piri – Weýis baba, demriň piri – Dawut, goýnuň piri – Musa» diýen düşünjeleriň bolmagy hem türkmenleriň dürli ynançlarynyň bolandygyny aňladýar.
* * *
Ata-babalarymyzyň Hudaýy zenan şekilinde göz öňüne getirip, şoňa sejde eden halatlary-da bolupdyr. Sopuçylyk taglymatynda Hudaýy gözel ýar hökmünde göz öňüne getirmek däbi öz gözbaşyny şol ynançlardan alyp gaýdypdyr.
* * *
Şol döwürlerde adamlar gökde Güne, ýerde Günüň bir bölegi hökmünde oda çokunypdyrlar. Ýyldyrym çakanda Hudaý gaharlanýandyr öýdüpdirler. Şeýdip, Güne salam bermek, Aýy ýüzüňe sylmak, gelin gelende, baýramçylyklarda şaman oduny ýakmak, aýry-aýry aýlarda tütün çykarmak, otdan towusmak, näsagyň daşyndan ot aýlamak, şamanyň dem salan suwundan içmek, suwy Taňry, gudrat hasaplamak ýaly ynançlar türkmenleriň däp-dessuryna siňipdir, yrymlaryna giripdir. Tüýtatyn, Gaýtarmyş ata, gökde ýagyş ýagdyrmak üçin sanajyny kakýan Garry mama baradaky, suw, ýagmyr bilen baglanyşykly ynançlar otparazçylyk eýýamynda dörän ynançlardyr.
* * *
Türkmeniň yslamy parahatçylykly ýol bilen kabul etmeginde öňki ynançlary, adatlary, däp-dessurlary uly orun eýeläpdir. Özleriniň ozalky ýol-ýörelgeleriniň iň gowy taraplaryny yslam bilen utgaşdyryp biljek ýagdaýynda halk yslamy kabul etjekdigini yslamyň wagyzçylaryna düşündiripdir.
* * *
Yslamy ýaýradyjylar türkmenleriň aňyrdan gelýän ynançlarynyň-da, däp-dessurlarynyň-da täze dine zyýanynyň ýokdugyna göz ýetirip, halkyň yslama erkin ýagdaýda girmegini gazanypdyrlar.
* * *
Türkmen halky yslam dinine kalby bilen, köňli bilen, ýüregi bilen ynanyp, ony özüniň ozaldan gelýän ynançlary bilen, adaty, däbi-dessury bilen utgaşdyryp, ruhuna siňdiripdir.
* * *
Türkmen Gurhanyň, hadyslaryň ähli oňatlyklaryny ýörelge edinen halk. Ol bir Taňra uýýar. Ol ýeke-täk Allanyň gudratyna ynanýar:
– Kimiň guly bolarsyň?
– Allanyň guly bolaryn!
– Kimiň ymmaty bolarsyň?
– Muhammet ymmaty bolaryn!.. – diýip, türkmen çagasyna-da dil bitip ugranda şony gaýtaladyp, bu dini nesillerine wagyz edýär.
* * *
Egsilmez güýç-kuwwat ynançdadyr. Ynam bu dünýäde ýaşap ýören her bir adamyň ýaşaýşynyň, şahsy durmuşynyň mizemez binýadydyr.
* * *
Türkmen doganyny ar-namysy yzlaşýan, ner-bugra dek dyzlaşýan, garşydaş bilen gala-gala sözleşýän hatardaş hasaplaýandyr.
* * *
Türkmenlerde doganlar şol bir eşigi geýip ulalýandyrlar. Bu ýeter-ýetmezlikden däl, munuň manysy dogany dogana mähriban etmekden ybaratdyr. Mähriň bir ýüpüne daňylan doganlar hakyky doganlar bolup ýetişer. Şonda ini: «Agam bar – ne gamym bar?!», aga-da: «Inim bar – ilim bar!» diýer.
* * *
Türkmende ýigit agraslygy, gyz alçaklygy oňat görülýändir. Ýigit suwjuklygy gyz ýeňlesligindenem ýaramaz görülýär. Gyz haýasy agraslyk bilen alçaklygyň utgaşygydyr.
* * *
«Mal eýesine çekmese, şumluk» diýýändir türkmen.
* * *
Durmuş çylşyrymly, hatda Görogly bolsaň hem, senden rüstem geljek şer güýçler bar. Şeýle ýagdaýda diňe özüňe ynanyp, maňlaýyňy diwara urup durman, has beýik Güýje – Hudaýa ynanmaly! Ynanç – Güýç! Ynanç – ýeňip bolmaýan Güýç!
* * *
Çaga garaşýan, göwreli aýala toýly aýal diýilýär, çünki, çaganyň dünýä inmegi bilen bäbek toýy tutulýar. Munda azan okalyp, bäbege at goýlup, pişme, nogul-nabat seçilýär. Täze doglan çagany türkmen tutumly toý bilen garşy alýar. Munda uly many bar, munuň özi ýaşaýşyň gözelligini, adama berlen ömrüň bagtlylykdygyny ykrar etmekdir.
* * *
Çaganyň saçyny syryp, türkmen galpak toýuny toýlaýar. Bäbegiň galpagyny daýysyna syrdyrýarlar. Oňa halat-engam ýapýarlar. Çünki türkmende «Är – daýa» diýen ynanç bardyr.
* * *
Çaga ilkinji diş çykanda, diş toýuny toýlaýarlar. Munuň özi çaga dogumlylygy, rysgallygy we garadangaýtmazlygy arzuw etmekdir.
* * *
Oglan çaga ekabyr çykansoň, sünnet toýy edilýär. Sünnetiň manysy çaganyň elini halallamak, erkek kimin mertligi arzuw etmekdir.
* * *
Türkmen toýlarynyň içinde iň ulusy durmuş toýudyr. Toý diýlende türkmen düşünjesinde, adatça, durmuş toýy göz öňüne gelýär. Bu tebigy ýagdaýdyr. Türkmen gymmatlyklarynyň içinde maşgala uly orun eýeleýär. Her bir durmuş toýy bolsa, täze maşgalanyň dörändigini buşlaýar.
* * *
Türkmen gelin edinjek bolanynda gyzyň ýedi arkasyny, dogan-garyndaşlaryny yzarlar: gana gatyljak gan niçik gan? – Anyklar!
* * *
Durmuş toýy bilen baglanyşykly türkmeniň özboluşly dessurlarynyň, öz ähmiýetli düşünjeleriniň birgiden ulgamy kemala gelipdir. Durmuş toýuna, adatça, ogul öýermek diýilýär. Sebäbi toý tutulmagy arkaly gelin alnyp berlen oglana özbaşdak öý tutupdyrlar. Munuň özi müňlerçe ýyllar mundan ozal dörän oguz däbidir. Öýlenmekçi bolýan ýigit türkmen sährasynyň bir ýerine ýaý atypdyr, onuň düşen ýerinde gerdek gurlup, ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr.
* * *
Gudaçylyga gelenleriň sözi alynmajak bolsa, myhmanlaryň öňüne çörekli saçak açylman goýlupdyr. Eger gyzyň ata-enesiniň garşylygy beýle kesgitli däl bolsa, bu meselede, garaz, bir umyt bar bolsa, onda saçak açylyp goýlupdyr. Sawçylyga baranlar saçakdaky öň döwlen çörekden datman, onuň içindäki bitin çöregiň gyrasyndan gädip, duz dadypdyrlar. Şondan soň olar öz matlabyny açyk aýdypdyrlar. Bu, köplenç, «Şu taraplarda biziň ýitigimiz bar, şony idäp geldik» diýen manyda aňladylypdyr. Gyz tarapy gelenleri göwnemakul görse, pikirlenmek, maslahatlaşmak üçin birnäçe gün puryja soraýarlar.
* * *
Türkmeniň toý edebinde durmuşa çykýan gyza ata-enesiniň sargytlary, ündewleri uly orun tutýar. Enesi gyzyna öý işlerini düzetmek, hojalygy alyp barmak, geljekki hossarlary we goňşy-golamlary bilen oňşukly gatnaşmak barada wesýetler etse, atasy gaýynlary sylamak, adamsyny hormatlamak barada ýagşy öwüt-ündewleri edýär.
* * *
Toý güni gelnalyjy gelip, gyzyň başyna kürte atyp, ony oglanyň öýüne alyp gidýär. Gyzyň atasy öýünden çykarylmagy birgiden dessurdyr. Şonda gyz alnyp çykylanda, gapy tutulýar, diňe gapy tutýanyň serpaýy berlenden soň, gelinligi daşary çykaryp bolýar. Şol ýerde gyzyň üstüne dürli seçgiler seçilýär.
* * *
Gelnalyjyny garşylamak toýuň iň şowhunly we bagtly pursatlarynyň biridir. Gelniň gelýänini ilki bilene buşluk haky berilýär. Gelnalyjy ýörite ýakylan ýüzärlikleriň arasyndan geçirilipdir. Täze gelen gelni garry aýallar maňlaýyna sylýarlar. Oňa bagt arzuw edýärler.
* * *
Nika gyýmak üçin kazy, pyýadakazylar we eli gaýçyly aýallar ýygnanyp, öýde oglan bilen gyza nika gyýýarlar. Nika gyýlanda, olara ýörite taýýarlanylan süýjülik suwundan içirýärler.
* * *
Durmuş toýunda ýigidiň hem gyzyň edep kadalary türkmençilikde takyk işlenip düzülendir. Nika gijesiniň ertesi gelin öz gaýynlarynyň ýanyna salama barýar. Gelin kürtesini aýyrman, ilki gaýyn atasy bilen, soňra gaýyn enesi bilen tagzym edip salamlaşýar. Ol öz ýany bilen olara, beýleki hossarlaryna getiren sowgatlaryny ýanyndaky gyzyň kömegi bilen gowşurypdyr.
* * *
Nika gyýlanda «süýji durmuşda ýaşasyn» diýip, süýjülik suwy paýlanýar.
* * *
Gelin gaýdyp gelende gaýyn ata – gaýyn enä, gaýyn aga - gaýyn ekejä sowgatly gelýändir.
* * *
«Gelin ýanýoldaşynyň hyzmatynda bolsun» diýip, oňa guşak çözdürmek, ädik çykartmak dessurlary ulanylýar.
* * *
Türkmen gonamçylygy dolup, täze gonam tutunjak bolanynda çem geleni gonambaşy edäýmeýär. Gonambaşy bolup, ýagşyzada ýaly adam ýatmaly, onuň uly molla, ahun, işan bolmagy hökman däl, ýöne ajaýyp adam bolmagy weli hökman bolupdyr.
* * *
...Türkmeniň gadym paýhasy kömege gelýär: skeletleri ― ystyhanlary setir ýatyryp, kerwende süňk garyndaşy gyrlan ýigitler ýeke-ýekeden goşaryny hanjary bilen dilip, ganyny ystyhanyň çakyr atyp ugran süňklerine damdyrýarlar. Daman gan süňk garyndaşynyňky bolmasa, süňküň ýüzünden akyp ötägidýär, kimiň garyndaşy bolsa gan süňke edil çägä siňen ýaly siňýärmiş ...
* * *
Ynsanyň ýogalanyny adamlara ur-tut habar bermek gerekdir. Türkmençilikde «Pylany öldi» diýen ýaly gödek sözler bilen ýas habary berilýän däldir. Oňa derek «Ýurduny täzeledi», «Amanadyny tabşyrdy», «Eýesine gowuşdy», «Hak jaýyna gitdi» diýen sypaýy hem gynançly sözler bilen aýdylýandyr.
* * *
Türkmen dessurynda ýogalan bendäni mümkin boldugyça, tiz topraga tabşyrmak esasy kadalaryň biridir. Emma, bu hemişe mümkin bolup durmaýar. Süňk hossarlaryň bary hoşlaşmaga gelip ýetişýänçä, jesedi birnäçe wagtlap saklamaly bolýar. Muňa türkmençilikde «Merhumy myhman almak» dessury diýilýär, çünki «Jan çykan jeset indi bu dünýälik däl, ony diňe wagtlaýyn myhman alyp bolar» diýen düşünje gaty gadym eýýamlardan saklanyp galypdyr.
* * *
Merhum ýeke goýulmaly däldir, onuň ýanynda hökman adam oturmaly. Onuň ruhy ýekelikde, ýalňyzlykla ynjamasyn, howatyrlanmasyn! Garaňky gijeler ýanynda şem ýa elçyra ýakyp goýulmalydyr.
* * *
«Ata-babalarymyz neresse çaganyň ruhy öý - öwlüýäni her hili belalardan goraýandyr» diýip hasaplapdyrlar. Olar «Neresse çaganyň ruhy ata ýurdundan çykyp gitmek islemeýär» diýip düşünipdirler.
* * *
Bu dünýäde arassalyk we päklik bilen ýaşalyşy ýaly, o dünýä-de arassa barylýandyr. Jesedi ýuwmak işi-de diňe ýüregi arassa, niýeti päk adamlara ynanylýandyr. Merhum erkek kişi bolsa, ony erkek adam, merhum aýal maşgala bolsa, aýal adam ýuwmaga haklydyr. Jesedi ýuwup-artmak örän uly sogapdyr. Özem muňa, ilkinji nobatda, öleniň süňk hossarlary hukuklydyr.
* * *
Söweşlerde şehit bolan kişiler jennete öz gany bilen barýandyr.
* * *
Ata-babalarymyz «Merhumyň ruhy bir ýyllap saklanýar, bir ýyldan soň ruh ýurduny täzeleýär» diýip ynanypdyrlar. Merhumyň ruhy bir ýyllap, özüniň ýatlanylmagyny küýseýär. Merhumyň ruhy hoş bolar ýaly juma agşamlary öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okamagy durmuşyňyza giriziň!
* * *
Aş sadakasy berlenden soň, ýogalan bende merhumlar dünýäsinde gutarnykly orun aldy hasaplanylypdyr.
* * *
Merhumyň mazaryna zyýarat etmek sogapgünleri, anna hem-de ruhgünleri bellenipdir. Gonamçylyga barlanda ähli merhumlara salam berilmelidir.
* * *
... gabrystanda ýatmak, mazarlary depeläp ýörmek, üstünde oturmak, ahy-nala bilen uludan ses etmek edepsizlikdir.
* * *
Ýasda erkek adamlaryň telpek geýmek däbi otparazlar döwründen bäri dowam edip gelýär. Ol «başymda gam bar» diýen manyny aňladýar. Ýasda aýallar bürenjek atynýar. Ölen adamyň hossarlary kyrk gün geçýänçä, aýdym-saz diňlemeýärler, belli günleri geçýänçä, toý tutmaýarlar.
TAGAM, ÇÖREK, BEREKET,
RYSGAL-DÖWLET BILEN BAGLY YRYMLAR
Çöregi bir eliň bilen döwseň, döwletiň gaýdar, iki ýerinden (dürli-dürli ýerinden) döwseň, rysgalyň gaýdar. Çöregi ikä bölmek bilen iki döwlen ýerini birleşdirmeli.
* * *
Ýerden çörek tapsaň, alyp üç gezek maňlaýyňa degrip, birinji gezek ýere taşlan adamynyň günäsini geçmegi Beýik Taňrydan dilemeli. Ikinji gezek ony görüp, ýerden götermedik adamynyň günäsini geçmegi dilemeli, üçünji gezek öz günäňi geçmegi Beýik Taňrydan diläp, çagalaryňa rysgal-döwlet, bereket, jan saglyk dilemeli.
* * *
Çöregi arka ýüzüne goýmaly däl, çörege sarpa goýmadygyň bolar, rysgalyň gaýdarmyş.
* * *
Çöregi bir eliň bilen döwseň, döwletiň gaýdarmyş.
* * *
Nahar bişirmäge, hamyr ýugurmaga başlanyňda «Iýlen-içilen Hudaý ýoluna sadaka bolsun!» diýip, duz atmaly.
* * *
Nahar iýip otyrkaň, eliňi ýere diräp oturmaly däl. Allatagalany sylamadygyň bolar.
* * *
Öňüňe äberilen nahary wagtynda iýmän saklasaň, nahar titrärmiş we rysgal göterilermiş.
* * *
Agşamara pul sanamaly däl, rysgalyň gaýdarmyş.
* * *
Myhmana tagamy üç gezekden artyk hödür etmeli däl. Birinji gezek – Hudaýyň haky üçin, ikinji gezek – myhmanyň haky üçin, üçünji gezek – özüň (öý eýesi) üçin hödür etmeli.
* * *
Esgerlige giden ýigide bir çörejigi (kökejik) dişledip, asyp goýýarlar. Şol çörejik: «Eýäm sag-aman gelsin» diýip, dileg edip durarmyş. Esgerlikden sag-aman gelende, şol çörejikden bir bölejigini özüne iýdirmelimiş.
* * *
«Hamyrmaýany hergiz rysgaly aýra öýe başybütin berip goýbermeli däl. Ujundan biraz bölüp berip goýbermeli, rysgalyň gidýär» diýen düşünjä eýerilipdir. Eltiňe, gelniňe, rysgy bir adamlara berseň bolýar. Ýatlara berlen hamyrmaýa üýtgemek bilen bolýar, ýa syrylyp çöregiň gaçar, ýa-da güllär.
* * *
Rysgal adamynyň ömründe ýigidiň gapysyny ýedi gezek kakarmyş. Şolaryň birini hem tutup bilmeseň, gaýdyp gelmezmiş, birini tutjak bolmaly. Eger birini tutup bilseň hem, «depseň, yranmaz» diýilýäni bolar.
* * *
Tamdyryň başynda çörek bişirilende, ilkinji çörekden özüň datman, ile hödürlemeli däl. Rysgalyň gaýtmagy ahmalmyş.
* * *
Ir säher bilen puly birine bermeklik gowy görülmeýär. Rysgalyň gidermiş.
* * *
Çörek bişirip durkaň, ilki oňa bir suw berilýär, çalarak gyzaryp başlanda, gyzyl suwy1 berilýär. Soňra bolsa, goparyp, suw sepelemeli. Oňa «sogap suwy» diýilýär.
* * *
Çörek bişirip durkaň, çörege sepeleýän suwuňdan içseň, sogap bolar. Ol perişde nazary düşen suwmuş.
* * *
Çörek bişireniňde, kiçijik kökeler etmelimiş. «Şonda çagaň bolar, köpelip gidersiň» diýlip, yrym edilýär.
* * *
Myhman gelende öňünden duz-çörek bilen çyksaň, mertebäň artarmyş.
* * *
Iýlip-içilende saçagy ýeňse tarapda goýmaly däl.
* * *
Çörek almak üçin saçaga iki adam birden el uzatsa, myhman gelermiş.
* * *
Naharlanyp otyrkaň, aýna seretseň, görküň gaçarmyş.
* * *
Iki adam birden okara-çemçä el uzatsa, oňat habara garaşybermelimiş.
* * *
Nahar iýlip bolnanda «doýdum» diýilmeýär. «Nahardan boldum», «Nesip edenden iýip bildik» diýmelimiş.
* * *
Myhman bilen iýip-içip otyrkaň, ol doýýança, nahardan çekilmeli däl. Eger myhmandan öň nahardan çekilseň, edepsizlik hasaplanylýar.
* * *
Tabagyň düýbünde az-owlak nahar galdyrmaklyk günä bolarmyş. Şeýtana paý goýdugyň hasaplanylýar.
* * *
Goňşokara dadyrylanda, öňi bilen goňşa ibermeli. Ýöne ilki özüň dadyp, soňra iberilmeli.
* * *
Nahar iýlip bolnandan soň, tabagy ýalamaklyk sogap. Jenneti syrdygyň hasaplanarmyş. Tabagyň içinde nahar galsa-da, gyralaryna eliňi aýlamalymyş.
* * *
Ýatylýan jaýda saçak beýikde goýulmaly däl.
* * *
Saçagy depäňde götermeklik ýaraşmaz.
* * *
Çöregi syňragyň1 bilen döwmeklik külli günädir.
* * *
Nahar edinip otyrkaň, dawa-jenjel etmeli dälmiş. Dawa-jenjel kyrk günki rysgalyňa zeper ýetirermiş.
* * *
Nany oda söýäp, gyzdyryp iýmeli dälmiş. Nan: «Meniň ýüzümi oda tutup ýylatjak bolsalar, ozaly bilen öz ýüzlerini oda tutup görselerdi, onda meniň ýüzümi oda tutmazdylar» diýermiş.
* * *
Saçagy boş goýmaly dälmiş, iň bolmanda bir döwüm çörek bolmalymyş, ýogsam saçak gahatçylyga garaşarmyş.
* * *
Unaş bişirilip, gaýnap durka, gyzaryp köpürjikleýändir. Şony üç gezek aýyrmalymyş.2
* * *
Çöregiň üstünden ätleseň, rysgalyň kemelermiş.
* * *
Anna güni kir ýuwsaň, döwletiň kemelermiş.
* * *
Tamdyr çöregini pyçak bilen bölüşdirip kesmeli dälmiş.
* * *
Çöregi ýeke eliň bilen döwmek, bir eliň bilen äbermek, üstünden ätlemek, basmak günä hasaplanylýar.
* * *
Ak zady (süzme-aýran çal, süýt) ýere dökmek, üstünden basmak günädir.
* * *
Ýazda ýaba ilkinji suwlar gelip başlanda, ýaba (suwa) duz sepseň, rysgal-bereket inermiş.
* * *
Hamyr syçrasa, öýe myhman gelermiş.
* * *
Ir turan rysgal paýlaşygyndan ýetdik paýyny alarmyş.
* * *
Ojaga, tamdyra münmek günä hasaplanylýar.
* * *
Hamyr ýugranyňda, çörek bişireniňde ýa-da toý tutanyňda iniň halal bolmalymyş.
* * *
Hamyr ýugranyňda: «Meň elim däl, hamyra-suwa ökdeleň eli» diýip, hamyr ýugurmaga başlamaly. Hamyra duz atanyňda diňe ýagşy dilegler etmelimiş, şonda dilegleriň kabul bolarmyş.
* * *
Ertir bilen çörek bişirseň, dürtgüji ortadan urup başlamaly.
* * *
Öýleden soň çörek bişirseň, gyradan orta tarap dürtgüç urup başlamaly.
* * *
Çörek bişirmek üçin hamyry böleniňde, deň bölüp bilmeseň, dostuňy-duşmanyňy tanamaýanlygyňdyr.
* * *
Hamyr ýugranyňda, hamyrçanagyň gyrasy arassa bolmasa, günä bolar.
* * *
Hamyr edilip bolnandan soň, hamyrçanak ýuwlan suwy aýak basmaz ýaly ýere dökmeli.
* * *
Döwen çöregiň bölegini goýsaň, rysgalyň kemeler.
TOÝ DÄBI BILEN BAGLANYŞYKLY DÖRÄN YRYMLAR
Uly gyz çöregiň gyňagyny iýmegi gowy görse, ýat ýere durmuşa çykarmyş.
* * *
Gyz maşgalanyň eli, aýagy tüýlek bolsa, baý ýere durmuşa çykar.
* * *
Gazandan nahar iýseň, toýuňda gar ýagarmyş.
* * *
Naharyň kesmegini gowy görseň, toýuňda gar ýagar.
* * *
Gyz maşgalanyň sagrysyna, maňlaýyna urmak gowy görülmeýär, garamaňlaý bolarmyş.
* * *
Uly gyzyň etegine gyzgan ýapyşsa, oňa myjabat atyldygy hasaplanylýar.
* * *
Gyz maşgala ýanyp duran ody yza çekmeli däl, toýunyň yza süýşmegi ahmal.
* * *
Köp ýatagan ýigitler ýaramaz gylykly gyzlara öýlenermiş.
* * *
Gyz maşgala nahar iýilýän saçagyň çüňkünde otursa, yzyna eplemeli, ýogsa toýy yza çekilermiş.
* * *
Dört örüm saçyň yzky ikisi uzyn bolsa, onda gaýyn öýüň baý bolar, kelte bolsa garyp bolar. Eger-de deň bolsa, ikisiniň baýlygy deň bolar.
* * *
Saçyň bir bölegi örülmän galsa, ýetişen gyzyň bolsa, gudaçylyga gelner ýa-da gyzyň jorasy durmuşa çykar.
* * *
Käsäniň düýbünde çaý galsa, gyz maşgala üstüne çaý guýmaly däl, eger guýsa, durmuşa çykmasy yza çekilermiş.
«Perzendiň gaşy çatyk bolsa, öz garyndaşyň bilen guda bolarsyň» diýilýär.
* * *
«Eger-de oglanyň ýa-da gyzyň kellesinde iki-üç burma bolsa, onda şonça gezek öýlener ýa-da durmuşa çykar» diýilýär.
* * *
Uly gyz tikin tikende, sapagyny uzyn sapsa, daş ýere, gysga sapsa, ýakyn ýere durmuşa çykarmyş.
* * *
Durmuşa çykýan gyzyň eşikleri tikilende, sapagyň ujuny düwmän başlamaly. Bu «onuň maşgala durmuşynda düwün bolmasyn, agzybir ýaşaşsynlar» diýen ýagşy arzuwlar bilen edilýär.
* * *
Gyza gudaçylyga barlanda, hoşgüni ýa-da ruhgüni gidilse, gowy bolýar.
* * *
Gudaçylyga gidilende «ak zat alnyňa ýagşy» diýlip, sawçylaryň gabagyna ak pagta ýelmeýärler.
* * *
Gyzly öýe gudaçylyga barlanda, eger guda bolmak niýetlerinde bolsa, eltilen saçagy açýarlar we öz çöreklerinden salyp, duz çalşygyny edýärler. Eger guda bolmak niýetlerinde bolmasa, onda saçaga el degirmeýärler.
* * *
Gyza gudaçylyga barlanda, düwünçekli barmaly. Düwünçegi çalşyryp berseler, guda bolaýmaklarynyň ähtimaldygyny aňladýar. Eger düwünçegi çalşyrman yzyna berseler, guda bolunmajagynyň alamaty.
* * *
Gudaçylyga barlanda ýedi gezek baranyňdan soň, gyz berilmese, onda gaýdyp barmaly däl. Türkmen halkynda «Gyzly öý – näzli öý», «Gyzly öý – gyzylly öý» diýlen nakyllar hem bar. Gyz tarapyň näzini çekip, ýedi gezek sawçylyga gatnasaň-da, bermeseler, onda ýazylmadygydyr.
* * *
Gyza gudaçylyga barlanda, gyzyň öýünden bir bölejik çöregi bildirmän, alyp gaýtmaly. «Guda bolsunlar» diýen niýet bilen ýerine ýetirilýän yrym.
* * *
Käbir welaýatlarda gyz durmuşa çykarylanda, ata-enesi tarapyndan gyza ak kündük (gummon, gulpsuz ýasalan kündük) berilýär. Kündügiň içine bir çümmük duz, tüwi atylýar. Bu «Perzentleri köp bolsun, rysgally-döwletli bolsunlar» diýen niýet bilen ýerine ýetirilýän yrymdyr.
* * *
Käbir ýerlerde gyz durmuşa çykarylanda «bagt çyrasyny» ýakyp, eline berýärler, «ýollary ýagty bolsun» diýlip, edilýän yrym. Şol çyra gaýyn öýüne barýança sönmän dursa, gowulygyň alamaty hasaplanylýar. Diýmek, ýaşlar agzybir bolarlar, tutan işleri şowly bolar, ýollary mydama ýagty bolar.
* * *
Gyz durmuşa çykarylanda oňa bir jübüt tabak, bir jübüt çemçe we ş.m. zatlar berýärler. Ähli berilýän zatlar jübüt-jübütden bolmaly.
* * *
Gyz durmuşa çykarylanda gyzyň ejesi oňa bir jam bermelimiş. «Gyz o dünýäde ejesiniň beren jamy bilen suw içermiş» diýen ynanç halk arasynda ýaşap gelýär.
* * *
«Gyz durmuşa çykansoň, gyzyň ene-atasy oňa göle, sygyr ýa-da başga bir mal bermese, gyzlary o dünýäde başýuwlugy gözläp ýörermiş» diýilýär.
* * *
Gyz durmuşa çykarylanda ýany bilen süýji-köke, kişmiş, erik ýaly zatlar salynýar. Geçmişde muňa «gelniň jübüsi» diýilýärdi. Häzirki döwürde bu yrym manysyny üýtgedip, uly gap doldurylýar. «Süýjülikde ýaşaşsynlar» diýlip, gabyň içine her hili ir-iýmişlerden salynýar, şol iýmişleri ýaşlar bilelikde iýmeli, dogan-garyndaşlaryna hem dadyrmaly.
* * *
Käbir ýerlerde gelinlige dokuz jübüt halat salynýar, «dokuzy düzüw» diýilýär. «Dokuzyň düzüw bolmagy» diýen düşünje hem şondan galypdyr.
* * *
Gyzyň adyna ozal hudaýýoly mal aýdylyp, ol hem berilmedik bolsa, gyzyň toýy bolan wagtynda ýa-da gyz gaýdyp gidende şol mal berlip goýberilýär.
* * *
Gyz durmuşa çykanda joralary, deň-duşlary «ogly bolsun» diýen ýagşy niýet bilen her hili oýunjaklar, «gyzy bolsun» diýen niýet bilen bolsa gurjak berýärler.
* * *
Geçmişde şa gyzlaryna ýigit saýladanlarynda alma bilen urdurar ekenler. Bu yrym edebiýata-da giripdir. Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessanynda «Tahyr Zöhre jany, Zöhre Tahyry alma bilen atyp urdy köşgünde» diýen setirlere gabat gelýäris. Monjugatdy bentlerinde-de şeýle setirlere duşmak bolýar:
Gyzyl gül dek ýigitleri
Alma atyp saýlalyň!
* * *
Geçmişde gyzdyr oglany ýaşlykdan adaglapdyrlar. Olary ulalandan soň birleşdiripdirler. Şonda gyz ýigide ýaglyk, guşak bermeli bolupdyr. Adaglysyny halamasa-da, «Lebizem agyzdan çykar, janam» diýilýär ekeni. Gyz şonda närazy bolup, şeýleräk setirleri aýdypdyr:
Gaýrada atlar boşandy,
Öňüne güller düşendi,
Haýp, meniň ýaglygym
Perman ogly guşandy.
* * *
Käbir ýerlerde gyz durmuşa çykarylanda atasy pata berýär. Eger gyz ene-atanyň diýenini etmese, ters pata beripdir. «Ene-atanyň gargyşyna galsa, durmuşy gowy bolmaz» diýlip, yrym edilipdir. Gyza ýagşy pata berlende sanawaçlar sanalyp, abraý bilen ugradylypdyr:
Baran ýeriňde bagtyň bolsun,
Tylladan tagtyň bolsun,
Tylladan tagtyň bolýança,
Iki barmak bagtyň bolsun,
Goşulanyň bilen goşa garra!
* * *
Toý başlanmazyndan birnäçe gün öň goňşy-golamlar «oň bolsun-a» gelip başlaýarlar. Köplenç saçakly gelýärler. Saçaga jübüt çörek bilen üstüne süýji zatlar goýýarlar. «Toý süýjülik bilen tutulsyn, gelin gelen ýeri bilen agzybir, süýjülikde ýaşaşsyn, tutan toýy oň bolsun, jübüt bolsunlar» diýlip, arzuw edilýär.
* * *
Käbir ýerlerde toý başlananda nahar çekilse, çorbanyň içine nan dogralyp iýilýär. Munuň «Gelin ýumşak bolsun, gelen ýeri bilen agzybir bolup, garylyp-gatyşyp gitsin» diýen manysy bar.
* * *
Toý başlanmazyndan birnäçe gün öň «oň bolsun!» diýlip gelinýän wagtlary saçak ýygnalmaly däl, gelene-gidene hödür-kerem etmeli.
* * *
Saçagyň üstünde çörek jübüt-jübütden goýulýar. Täze myhman gelende çörek täzelenilýär.
* * *
Toý saçagynda iki çörek saçagyň üstünde duran wagty aşaky çöregi sogrup alyp döwmeli däl, edepsizlik hasaplanylýar. Üstki çöregi döwmeli.
* * *
Toýda duz datmak üçin äberilende çöregi iki gezek – jübüt döwmeli.
* * *
Käbir ýerlerde toýuň öň ýanyndaky günlerde gyz tarapy «ýorgan tikdi» ýygnanyşygyny edýär. Şoňa ýigit tarapdan hem ýeňňeler gitmeli. Baryp ýorgan tikişmeli. Bu yrym «iki tarap agzybir bolsun, gowy garyşyp gitsin» diýlip edilýär. Şol ýerde guda taraplar «süýjülik bilen gatnaşylsyn» diýip, oýunjak seçýärler. Gyz tarapa ýörite saçakly, gatlama bişirilip barylýar.
* * *
Käbir ýerlerde nahar çekilende sylag-hormat bilen ýörite aýlanylyp, el ýuwdurylýar. Eger eliňi ýuwan bolsaň hem ýuwmaly, çünki bu yrym naharyň hormatyna edilýär. Ýedi ädim ätlän bolsaň, eli täzeden ýuwdurmalymyş.
* * *
Gelnalyja gidilende ýyldyz bolmadyk ugra gidilýär. Öňüňde Myrryh ýyldyzy bolsa gowy görülmeýär1.
* * *
Gelnalyja ugraljak bolnanda, «süýjülikde ýaşaşsynlar» diýlip, aýdym-sazly, raks (tans) oýnalyp ugralýar.
* * *
Gelnalyja gidilende, türkmen halkynyň yrym-ynanjyna görä, ulaglara atgulak dakylýar. Yryma görä, atgulaklar jübüt-jübütden bolmaly. Näme üçin «atgulak» diýilýärkä? Geçmişde gelnalyja at, düýe bilen gidiler ekeni. Atlaryň gulagyndan jübüt ýüpek ýaglyklar asypdyrlar. Şonuň üçin hem, «atgulak» at galypdyr.
* * *
Käbir etraplarda gelnalyjy ugranda iki tegelek çörek alnyp gidilýär, ýolda ilkinji gabat gelen adama berilýär. Munuň «Çileden gorap saklasyn, gelnalyjy sag-aman gidip gelsin!» diýen manysy bar.
* * *
«Maňlaýy ak bolsun!» diýen niýet bilen, gelin mündüriljek ulag ak bolsa, ýagşylyga ýorulýar, gara, sary bolsa gowy görülmeýär.
* * *
Toýa gara reňkli sowgatlar edilse, gara atgulak asylsa, gowy görülmeýär. Umuman, türkmen halky toýda gara reňkli zatlary ulanmagy gowy görmeýär.
* * *
Geçmişde türkmen halkynda giň ýaýran yrymlardan biri hem «gelni palasa mündürmekdir». Ýeňňeleri gyzy palasa mündürip, onuň bilen oturypdyrlar, tä pul berilýänçä, palasdan düşmändirler. Munuň gyzyň alnyp gidilmegine garşylyk görkezmek manysy bar.
* * *
Gyz alnyp gidilende gyzyň zatlary üçin «bukja haky» diýlip, pul alynýar. Täze-täze yrymlar hem döräp gelýär. Ulagyň agzyny, gapyny tutýarlar, bukjalaryny saklap hem pul alýarlar. Garaz, «toýdan topukça», «yrymyna ýagşy» diýip, bir zat aljak bolýarlar. Gelnalyjy tarap pul paýlaýar. Süýji, oýunjak, pul seçilýär.
* * *
Gelnalyjy ugradylanda öz obasynyň gyzynyň alnyp gidilmegine garşylyk hökmünde ýetginjek oglanlar gelnalyjyny «yrym-yrym» edip kesekleýärler.
* * *
Gyza gelnalyjy barlanda, gizlinlikde kesewi alnyp gaýdylýar. Munuň «Gelniň tamdyry mydama otly, rysgal-döwletli bolsun!» diýlen ýagşy manysy bar.
* * *
Toýda gyz tarapda öldürilen malyň bagryny, ýüregini bişirip, gelnalyja berip goýberýärler. Ony ilkinji gije gyz bilen ýigide iýdirmelimiş. «Çatynjalaryň bagyrlary badaşsyn, ýürekleri bir bolsun!» diýlip, şeýle edilýär. Käte bolsa bagyr, ýürek çigligine salnyp goýberilýär, gaýyn öýünde bişirilip, gyz bilen ýigide iýdirilýär.
* * *
Gyzyň atasy öýünde öldürilen malyň iki öň aýagy «gyzymyz ýüwrük bolsun, gaýynlarynyň hyzmatyny edip, ýüwrüp ýörsün!» diýen niýet bilen bişirilip, gelnalyja berlip goýberilýär. «Atasy öýünden hem örküni üzmesin!» diýip, art aýaklaryny alyp galýarlar. «Ýaşlar ata-enelerini hem ýatdan çykarmasynlar» diýlen ýagşy niýet bilen edilýär.
* * *
Ýoldan gelýän gelnalyjylar bölek matalary ýoldan geçip barýan adamlara, çagalara oklaýar ekenler. Bu «Size-de gelin almak miýesser etsin, size-de ýokuşsyn» diýen manyny berýär. Muňa geçmişde «ýol ýaglygy» diýlipdir. «Ýol ýaglygy» gyz tarapa eltilen atgulakdan (iki jübüt atgulak yzyna salynýar) ýyrtylýar. Häzirki döwürde «ýol ýaglygy» deregine pul hem seçilýär.
* * *
Köçeden gelnalyjy geçip barýan bolsa, eliň bilen maňlaýyňa sylmalymyş. Bu: «Bize-de Hudaý ýetirsin!» diýmekdir.
* * *
Käbir ýerlerde gyz durmuşa çykarylanda atasy öýünden iki sany gazyk hem çymyldyryk (tuty) berip goýberýärler. Iki gazygy ýere kakyp tutyny tutýarlar. Şol tutynyň aňyrsynda nika gyýyp, gelin bilen oglany oturdýarlar. Nika gyýlan gününiň ertesi gyz päk çyksa, süýtlaş bişirip, obadaşlaryny çagyrýarlar. Olar hem: «Gazygynda garrasyn!» diýşip, gelni ýüzlerine sylýarlar. «Gazygynda garrasyn!» diýen alkyş sözi şondan galypdyr.
* * *
Käbir ýerlerde gelinligiň ýany bilen ýeňňesi gidýär. Gyz päk çyksa, ertesi «unaş toýy» edilýär, hemmeler toýa gelip unaş içýärler. Eger ýaramaz çyksa, beýle edilmeýär. Bu yrym ösüşleri başdan geçirip, däbe öwrülip gidipdir. Soňra kyrk sany gatlama bişirilýär. Eger gyz päk çykan bolsa, şol gatlamalaryň ýüzüne her hili oýunjaklaryň şekili ýasalýar. Atasy öýüne ir bilen «gyz gowy çykdy» diýlip, habar edilýär, halat-serpaý, süýji zatlar iberilýär. Eger päk çykmasa, biabraýlyk hasaplanylýar.
* * *
Toýdan: «Bize-de ýokuşsyn» diýip, iýlip-içileninden soň, eliňi ýuwman gaýtmaly.
* * *
Toýa jübüt nan äkidilýär. Munuň «Çatynjalar mydama jübüt bolsunlar, bagtly bolsunlar» diýlen manysy bar.
* * *
Toýda nahar dadyrylanda, «Bize-de toýdan ýokuşsyn!» diýen ýagşy niýet bilen, tabagy ýuwman yzyna bermeli.
* * *
Toýda cörek hamyrmaýaly bişirilýär. Munuň «Hamyr çişip, köpelip gidýär, toý hem köpelip gitsin, toý yzyna toý bolsun» diýen manysy bar.
* * *
«Eşigimizi mydama toýa geýmeli bolaly» diýen ýagşy niýet bilen, täze eşigi ilkinji gezek toýa geýseň, gowy görülýär.
* * *
Toý üçin çörek bişirilende, dürtgüji ortadan urup başlap, «Toýlar köpelip gitsin» diýen manyda gitdigiçe köpeltmeli.
* * *
Gelni töre geçirip oturdanlarynda, käbir ýerlerde aşagyna düşekçe ýazýarlar, eger gelin düşekçäniň üstünde baryp otursa, akylly gelin hasaplamaýarlar, gelin düşekçäni aýryp oturmalymyş. Emma häzirki döwürde bu yrym manysyny üýtgedipdir, tersine, «ýumşak durmuşda ýaşasyn» diýip, gelinleri düşekçede oturdýarlar. Gaty ýerde oturtmaklyk bolsa, «ähli gatylyklary çydamlylyk bilen çeksin» diýen manyny berýär.
* * *
Käbir ýerlerde gelin oduň daşyndan aýlanylýar. Eger şeýle edilse, gelne «göz degmezmiş, arwah-jyn daramazmyş».
* * *
Käbir ýerlerde gelin bosagadan ätlände, «aklyk üçin, gowy günler görsün» diýen ýagşy niýet bilen, aýagynyň aşagyna ak mata ýazylýar. Soňra şol matadan ýyrtylyp, toýa gelen märekä paýlanylýar.
* * *
Gelni öýe salyp, düşekçä oturtmakçy bolanlarynda, yrym edip, öňi bilen rysgal-döwletli ýaşuly aýaly şol ýerde oturdýarlar. Soňra ol aýala serpaý ýapyp, turan ýerinde gelni oturdýarlar. Munuň «Şol ýaşuly, rysgally-döwletli aýalyň döwletinden ýokuşsyn» diýlen manysy bar.
* * *
Käbir ýerlerde gelni bir-iki günden soň goňşy-golamlara salama aýlaýarlar. Olar hem boş goýbermezlik üçin, halat-serpaý ýapýarlar.
* * *
Köp ýerlerde gelin çörege çagyrylýar, boş goýberilse, halanylmaýar. Yrym üçin bir zat bermelimiş.
* * *
Toý ýerden yrym edilip, görkezilmän, çäýnek-käse alynýar. Bu: «Toýdan bize-de ýokuşsyn» diýlen ýagşy niýetli yrym.
Gelnalyjy ugralanda käbir ýerlerde ýagşylyga ýorup, «Bela-beterden, howpdan-hatardan özüň gorap sakla, Hudaýym!» diýlip, jäç döwülýär.
* * *
Ýaş gelne «Göz degmesin!» diýen ýagşy niýet bilen saçyna, köýneginiň goltugyna düýe ýüňi dakylýar.
* * *
Käbir ýerlerde gelni synap görmek üçin ýumurtga börek bişirip, gelne iýdirer ekenler. Eger gelin dökmän, damdyrman iýip bilse, iş başarjaň hasaplanylypdyr.
* * *
Käbir ýerlerde gelniň oturdyljak ýeriniň dört burçuny tutup durýarlar. Ýeri tutup duranlara pul berip, şol ýeri «satyn alýarlar».
* * *
Gelnalyjy gelni alyp gelende gelne, ýigide göz degmezligi üçin ýüzärlik tütedilýär. «Ýüzärlik ähli bela-beterden goraýar» diýlen ynanç halk arasynda ýaşap gelýär.
* * *
Gelin gapydan gelende, ilki bilen sag aýagyny ätläp girmeli. «Eger çep aýagyny ätläp gapydan girse, mydama gaýynlary bilen çepleşip ýörermiş» diýen gorky adamlaryň aňyna ornaşypdyr. Eger-de maşgalada şowsuzlyklar ýüze çyksa, «Gelin sag aýagy bilen ätläp öýe girmändir, gelniň aýagy düşmedi» diýilýär.
* * *
Gelin getirilende gaýyn ene ilkinji bolup görüşýär (egnine kakýar) ýüzüni açyp, ýüzüne sylýar.
* * *
Gaýynene «gelne göz degmesin» diýen yrymdan ugur alyp, oňa alaja, göz monjugy, düýe ýüňi, dagdan agajy ýaly zatlar dakýar.
* * *
Gelin gapydan gelende, gaýyn ene bilmezlige salyp, gelniň sag aýagyna çalaja basmalymyş. Şonda gaýyn ene gelinden rüstem bolarmyş, gelne diýenini etdirermiş.
* * *
Gelin getirilende gaýyn ene ýa-da başga bir ýaşuly aýal bir elini sary ýaga, bir elini bala batyrýar. «Ýaşlar bal bilen ýag ýaly bolup garyşyp gitsinler» diýlen manysy bar. «Sag eli sary ýagda, sol eli ak unda» diýlip, bolçulykda ýaşamaklary arzuw edilýär.
* * *
Täze gelin gelende «aklyga bolsun» diýlip, gelniň maňlaýyna un çalynýar. «Bolçulykda ýaşamak miýesser etsin!» diýlen ýagşy niýet bilen gelniň sag elini kendirige sokup çykarýarlar.
* * *
Nika iki taraplaýyn razyçylyk bolmasa, hakyky nika bolmazmyş. Ýaşlaryň ikisi hem «men razy» diýip, üç gezek gaýtalamalymyş. Ony ýanyndaky şaýatlaryň eşitmegi hökmanmyş.
* * *
Nikalaşylanda öýlenýän ýigit we gyz kämillik ýaşynda bolmaly. Şaýatlaryň hem ýaşy ýeten, akyly dury bolmaly.
* * *
Nika gyýlanda ýaşlaryň atlaryny tutmalymyş, şaýatlaryň hem atlaryny eşitdirmelimiş.
* * *
Nika gyýlanda «Gelin süýji dilli, mylaýym bolsun, ýaşlar süýjilikde ýaşaşsyn» diýlip, şerbet (nika suwy) paýlanylýar, nika suwundan ilki bilen ýaşlara içirmelimiş.
* * *
Nika gyýlanda taýýarlanylýan süýjülik suwuna kümüş atsaň, ýaşlar rysgal-döwletli bolarmyş.
* * *
Nika gyýlanda ýüp düwülse, nika ýaramaz täsir edermiş.
* * *
Nika gyýlanda gaýçyny açyp-ýapyp durmaly, ýogsam nikanyň bagly bolmagy ahmal.
* * *
Nika gyýlandan soň, yrym edilip, gelin her hili synaglardan geçirilýär. Guşak çözdürilýär, ädik çykardylýar, köýnege ilik çatdyrylýar. Ýigidiň ädigini çykaryp, gelin özüniň ýigide (ýanýoldaşyna) hyzmat etmäge mydama taýynlygyny duýdurýar.
* * *
Nika gyýlanda ýedi ädimlikde ak, gara, sary mata ýedi bölege bölüp gyrkylsa, şol gelne çile düşýärmiş. Ýaman niýetli adamlaryň şeýle etmeginden çekinilýär. Şonuň üçin hem nika iň ýakyn adamlaryň gatnaşmagynda gyýylsa gowy görülýär.
* * *
Nika gyýlanda biri bosaganyň üstünde otursa, ýagşylyga ýorulmaýar.
* * *
Nika gyýlanda bir adam ellerini bir-biriniň içinden geçirip otursa, gowy görülmeýär. Nikanyň bagly bolmak ähtimallygy bar.
* * *
Nika gyýlanda ýigit bilen gelniň arasynda oturmaklyk gowulyga ýorulmaýar.
* * *
Nika gyýlanda ýigit bilen gyzyň hakyky ady soralýar. Käte söýlüp dakylýan atlar bolýar, çyn ady hem ýalan ady diýilýär. Hakyky ady aýdylmasa, hakyky nika bolmaýar.
* * *
Nika düşeginiň burçuna aşyk ýa-da şaýlyk salnyp tikilýär, tutulýan täze maşgalanyň ogully-gyzly, döwletli-rysgally bolmagy arzuw edilýär.
* * *
Gelin gutlamaga gelenler: «Gelniň başy aşak, dili ýumşak bolsun, aýagy düşümli bolsun, gazygynda garrasyn!» diýip, sanawaç setirlerini sanaýarlar.
* * *
Gelin edinilende, ilkinji gelen güni «Goý, ilkinji perzendi ogul bolsun!» diýlen ýagşy niýet bilen goltugyna ogul bäbek berilýär.
* * *
Täze gelen gelin bilen ýigidiň ýorganynyň içinden, ikisiniň arasyndan ogul bäbek geçirilýär.
* * *
Köp çagaly, rysgally, döwletli aýal ýaş gelne we ýigide ýagşy dilegler edip, ak pata berýär we şeýle sanawaç sanaýar:
– Oň (sag) ýanyňda ogluň bolsun,
Sol (çep) ýanyňda gyzyň bolsun,
Bir goluň maýda (ýagda) bolsun,
Bir goluň balda bolsun,
Gala-gala sözlemegin!
Gaýyn eneňi duzlamagyn!
Ulyny uly bilgin,
Kiçini kiçi bilgin,
Ýüzüň aşak bolsun,
Göwnüň açyk bolsun!
Käbir ýerlerde bolsa:
– Ak-gök geýdirme,
Arpa çörek iýdirme,
Öň ýetene gapdyrma,
Toýnakla depdirme...
diýip, ýigidiň ýeňňesi tarapyndan sanawaç sanalyp, ikisiniň egnine gezekleşdirilip kakylyp, nika gyýlandan soň gelin ýigidiň ygtyýaryna tabşyrylýar. Ýanýoldaşy gelniň ikinji (ýerdäki) Hudaýy hasaplanylýar.
* * *
«Gelin bilen ýigit agzybir bolsun» diýlen ýagşy niýet bilen ikisine bir tabakdan nahar iýdirilýär.
* * *
Eger-de maşgalada biri ýogalan bolsa, kyrky geçýänçä şol öýde nika gyýmak bolmaýar.
* * *
Bir sebäp bilen nika gyýlanda çile düşen bolsa, nika täzeden gyýylsa, çile açylyp gidermiş.
* * *
Aýbaşyly aýal täze gelinli öýe barmaly däl, çile düşermiş.
* * *
Täze gelni gije kürteli daş çykarmaly däl, al-arwah kakmagy ahmal, «bagtyny ýitirdigi bolarmyş».
* * *
Gelne baş salmak däbi ýerine ýetirilende, «Gelniň tiz çagajygy bolsun» diýlip, gelniň goltugyna çaga berilýär ýa-da etegine aşyk salynýar.
* * *
Täze gelne baş salnanda, saçy ýeňsesine atylanda gaýyn enesi saçbagy bermese, gelniň saçy düşermiş.
* * *
Gelin saçyny hernäçe dogry açyp örse-de, onuň sag tarapy ýogynrak, çep tarapy inçeräk bolýar. «Sag tarapky saçyny ejesi berermiş, çep tarapyny bolsa gaýyn enesi berermiş. Onsoň ejesi-ä: «Gyzym owadan bolsun, saçyna göreniň gözi gitsin!» diýip dileg edermiş. Gaýyn ene bolsa: «Gelnimiň saçy ýogyn bolsa, ýuwup-daramasy kyn bolar-da, güýmenip, agtyjagymy agladar, şonuň üçin inçeräk bolsun!» diýermiş.
* * *
Täze gelne baş salnanda, gelniň etegine «Gaýynlary bilen süýjülikde ýaşaşsyn» diýlip gant, her hili süýji zatlar salynýar. Gelin hem etegini silkip goýberýär welin, oturanlar çöpleýärler.
* * *
«Her hili hapalyklar çykyp gitsin, al-arwah daşlaşsyn» diýip, gelin bilen ýigidi oduň daşyndan aýlaýarlar.
* * *
Toý gününiň ertesi gelin gaýyn atanyň, gaýyn enäniň oturan öýüne baryp, eglip salam berýär. Öýde hiç kim ýok bolsa-da, öýe salam berýär. Bu düzgün käbir ýerlerde bäş-alty aý dowam edýär.
* * *
Gelin atasy öýüne gaýtarylyp äkidilende, bildirmän, başbogusynyň ujuna «çagasy bolsun!» diýlen ýagşy niýet bilen aşyk daňylýar.
* * *
Gyz atasy öýünden gaýynlaryna gaýtarylanda, kesewi hem: «Meni alyp gidäýmesin!» diýip gymyldarmyş.
* * *
Gyz gaýyn öýüne gaýdyp gidende gyzyň enesi gaýyn taraplaryna sowgat-salam ibermeli, aýal maşgalalara ýaglyk, köýneklik, erkek adamlara tahýa, köýnek, elýaglyk, gaýyn atasyna don berilse, gowy görülýär.
* * *
Geçmişde «Saçyň bir tarapyny çözüp, ikinji tarapyny darasaň, äriň üstüňe güni getirer» diýlip, yrym ediler ekeni.
* * *
Eger aýagyň başam barmagy süýem barmakdan gysga bolsa, adamsy aýalynyň diýeniňi edermiş, eger başam barmagy süýem barmakdan uzyn bolsa, onda adamsy aýalynyň diýenini etmezmiş, eger ikisi hem deň bolsa, maşgalada elmydama agzybirlik bolarmyş, ikisi biri-biriniň diýenini edermiş.
* * *
Giýew tä gaýyn tarapy çörege çagyryp, halat-serpaý ýapýança olara görünmeli dälmiş. Birnäçe wagt geçenden soň, gaýyn tarapy giýewini çörege çagyrýar, şonda iýlip-içilip bolnandan soňra, giýew iýlen tabaga pul salýar, ýanyndakylar hem pul salmalymyş.
* * *
Türkmen yrym-ynanjyna görä, nikadan soň är-aýal biri-biriniň adyny tutmazak bolýarlar. Olar biri-birlerine «öýdäki», «çagalaryň enesi», «çagalaryň atasy», «oglanlaryň kakasy» «perim», «halalym», «hojaýyn», «kempir», «goja» diýip ýüzlenipdirler.
* * *
Gyz maşgala durmuşa çykansoň, atasy öýünden iňňe, sübse, pyçak alyp gitmeli dälmiş, iňňe alyp gitseň, iglärsiň, sübse alyp gitseň, süllerersiň, pyçak alyp gitseň, ara agzalalyk düşermiş.
* * *
Gelin getirilende «öňünden önelgesiz aýal çyksa, çile düşer» diýlip yrym edilýär.
* * *
Täze gelin edinilende, türkmen halky gelni ähli bela-beterlerden gorap saklamaga çalyşýar. «Hudaý gorasyn!» diýilýär. Hapa ýerlere gelni eltmeýärler. Täze doglan çagajyk täze gelniň üstüne eltilmeýär. «Çile düşer» diýlen gorky bar.
* * *
Merhum jaýlap gelýän gölegçiler gelnalyjynyň öňünden geçse, gowy görülmeýär. «Öliniň çilesi düşer» diýilýär.
* * *
Iki goňşy gelin edinse, derrew duz çalşygy edilýär. Ol öýden ol öýe duz eltilýär.
* * *
Bir obada iki gelnalyjy gabat gelse, çörek alyşmaly, ýogsam çile düşermiş.
* * *
Iki gelnalyjy biri-birine gabat gelse, gelinler elýaglyklaryny çalyşmalymyş, ýogsam çile düşmek ähtimallagy barmyş.
* * *
Käbir ýerlerde gelin gaýyn öýüne getirilende, rysgally bolmagy arzuwlanylyp, «gelin aşy» bişirilýär. Gelin tarapdan biri, gyz tarapdan biri göreş tutýarlar. Eger oglan tarap ýeňilse, onda olar ejiz hasaplanylýar.
ÇAGA DOGULMAGY BILEN BAGLY DÖRÄN YRYMLAR
Çagasy bolmaýan aýalyň kellesine ýolbarsyň bir bölejik tüýüni daňyp goýmalymyş.
* * *
Çagasy bolmaýan aýaly ilkinji gezek täze köprüden geçirmelimiş.
* * *
Çagasy bolmaýan aýal iki sany gurjak ýasap (biri-gyz gurjak, biri oglan gurjak), bir garry aýal bilen öwlüýä aýlanyp, ol ýerden toprak getirip, bir çümmük duz bilen garyp, dogajyk edip, alaja işip, gurjagyň boýnuna dakyp, öýüň bir ýerinden asmalymyş.
* * *
Çile düşen aýalyň çagasy bolmaýarmyş. Çile düşende dürli sapakdan aýalyň boýuna deňme-deň kesip, ýola zyňmalymyş ýa-da öwlüýäde bir agaja ildirip goýmalymyş. Ol sapaklar ýedi dürli bolmalymyş.
* * *
Çile düşüp, çagasy bolmaýan aýal täze doglup, çileden çykarylan çaganyň çile suwuna ýanýoldaşy bilen suwa düşmelimiş.
* * *
Merhum jaýlanylyp gelnende, ýaş gelinli, ikigat gelinli öýe gölegçi gelip girse, şol gelinlere çile düşýärmiş. Şonda ýaş gelne çile düşse, çagasy bolmazlygy ahmalmyş. Ikigat gelniň çagasyna çile düşse, şol çaga dünýä inenden soň hem hiç eýikmezmiş. Şonuň üçin, cagasy bolmaýan aýal maşgalany ýa-da eýikmeýän çagany öwlüýä barýan gölegçiniň öňünden geçiripdirler.
* * *
Eger-de bir gelin çörege çagyrylsa, öýde ýaş gelin (kyrk gün bolmadyk) ýa-da kyrk çileden çykmadyk çaga bar bolsa, olar ilki daş çykmaly, çagyrylan gelin öýe girenden soň, olar girmelimiş, ýogsa çile düşmegi ahmal. «Çile düşen gelinden çaga önmez» diýilýär. Çile 3, 5, 7, 14 ýyllyk düşüp bilýärmiş.
* * *
Aýal adam, aýratyn hem ýaş gelin kir suw, kül, hapa dökülen ýerlerden geçmezlige çalyşmaly. «Ol ýerlerde arwah-jyn gezermiş, bu ýagdaýlar çaga bolmazlygyna sebäp bolup biler» diýilýär.
* * *
Merhum öýden çykarylmanka, şol öýe hamyla gelin girse, çile düşüp, çaga bolmazlygy ahmal.
* * *
Çile düşen aýal maşgala böwet basylgy akar suwuň öňünden böwedi aýran wagtlary ylgap geçmelimiş.
* * *
Eger-de çaga çile düşüp eýikmese, tereziniň bir tarapyna çagany salyp, beýleki tarapyna duz goýup çekmelimiş.
* * *
Çile düşüp, wagtynda ýöräp bilmedik çaganyň aýaklaryna gurbanlykda öldürilen malyň içegesini orap kesmelimiş.
* * *
Täze edinilen iki ýaş gelin biri-biriniň öňünden çyksa, çile düşüp, gelinleriň biriniň çagasynyň bolmazlygy ahmal. Şonuň üçin hem, gelinleri ýolda gabat getirmejek bolup çalyşmaly. Her hili çilelerden gorap saklamaly. Eger täze gelin öňünden gelýän bolsa, beýleki gelin başga tarapa sowlyp gitmeli.
* * *
Çagasy bolmaýan aýal täze gelen gelniň öňünden geçse, ýaş gelne çile düşermiş, şol gelniň çagasy bolmazlygy ahmal.
* * *
Çagasy bolmaýan aýal öwlüýä gidip, çile agajynyň daşyndan aýlansa ýa-da aşagyndan geçse, çilesi açylarmyş.
* * *
Çagaly gelin öwlüýä barýan gölegçileriň öňüni kesip geçse, çile düşer, gelniň çagasynyň bolmazlygy ahmal, eger çaga çile düşse, çaga eýikmezmiş.
* * *
Çagasy durmaýan aýal iki sany gurjak (gyz we oglan gurjak) ýasap, bir garry aýal bilen öwlüýä gidip, bir gara towugyň damagyny çaldyryp, onuň ganyndan gurjaklara çalyp, öwlüýäde goýup gaýtmaly. «Şeýle edilse, çaga durarmyş» diýilýär.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolanda, enesi ýa-da atasy göbegini kesse, şol çaga durýarmyş.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolan wagty, onuň depesinde bir gara towugyň damagyny çalyp, şol çaganyň ýoldaşy bilen bilelikde ýere gömmelimiş. Şeýle edilse, çaganyň duraýmagy ahmal, towuk onuň başynyň sadakasy bolup, onuň ýoldaşy bilen ýere gömülýär, ýerine çaga ýaşar.
* * *
Çaga durmaýan bolsa ýa-da çaga bolmaýan bolsa, her hili yrymlar edilipdir. Eger maşgalada öň bir çaga bar bolsa, şondan soň çaga durmadyk bolsa, şol çaganyň maňlaýyna, aýagynyň aşagyna, syrtyna «yrym-yrym, ýom-ýom» edip, çalaja ot degräýmelimiş.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolanda, yrym edip, başga bir aýala «ogurladan» bolup, soňra şol çagany ol aýaldan «satyn alan» bolup, adyna «Satlyk, Satlykgül, Satlykgylyç, Satlykdurdy» diýen atlar dakylýar.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolsa, ony gundap, itiň öňünde goýýarlar, eger-de it çagany ysgap gidiberse, «Bu çagany it hem almady, ite-de gerek däl ekeni, indi muny ölüm hem almaz» diýşip, çaganyň adyna Italmaz dakypdyrlar.
Çagasy durmaýan maşgalalar, çagany göz-dilden gorar ýaly, adamynyň mertebesini peseldýän atlary dakypdyrlar. Mysal üçin: Çörli, Porsy, Kürre, Eşekguly we ş. m.
* * *
Çagasy durmaýan adamlar «Köpelip, tirkeşip gitsinler» diýen niýet bilen doglan çagalarynyň adyna «Hemra, Tirkiş, Tirkeş, Jora, Joraguly» ýaly atlary dakýarlar.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň ogly bolsa, ony gundapjyk taganyň aşagyndan geçirýärler-de, adyna «Tagan, Tagandurdy, Tagangeldi, Tagangül, Taganbibi» ýaly atlar dakýarlar. Umuman, Tagan bilen utgaşdyrylan atlar çaganyň ömrüniň uzak bolmagy arzuwlanyp hem dakylýar. Halk arasynda «Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar» diýen nakyl hem bar.
* * *
«Biri-birine daýanç bolsun» diýlip, Daýanç, Güýç ýaly atlar dakylýar.
* * *
Çagasy durmaýan adamlar yrym edip, çaganyň göbegini orak, palta, kerki bilen kesen bolup, ömrüniň uzak, janynyň sag bolmagyny arzuwlap, adyna Orak, Palta, Kerki ýaly atlary dakypdyrlar.
* * *
Çaga entek dünýä inmänkä, onuň ogulmy-gyzdygyny yrym arkaly bilmäge çalşypdyrlar. Köýnek biçip otyrkalar, ýakasyny oýup, keçäniň etegine salýarlar ýa-da kellesindäki ýaglygyna gysdyrýarlar. «Şol wagt gapydan erkek adam ýa oglanjyk gelse, ogul, aýal adam ýa-da gyzjagaz gelse, gyz bolar» diýlip çaklanylýar.
* * *
Goýun öldürileňde, kellebaşaýak arassalap otyrkalar, äňini ýazdyranlaryňda, ogulmy-gyzdygyny bilmeklige çalşyp yrym edýärler. «Eger äň arassa bolup çyksa ogul, äň etli gopsa, gyz bolar» diýlip çaklanylýar.
«Çaga wagtynda dogulmasa, düýe etini iýendir» diýlip çaklanylsa, hamyla gelni düýäniň aşagyndan, düýe bolmadyk ýerde düýe ýüňünden dokalan saçagyň ýa-da düýe ýüňünden edilen ýorganyň aşagyndan geçirmelimiş.
* * *
Hamyla gelniň çagasy wagtynda bolmasa, gelin heläk bolup barýan bolsa, tüpeň atylýar ekeni. Tüpeň sesine tisginen gelniň çagasy aňsat doglup, eli-aýagy gowşarmyş.
* * *
Toýly aýalyň saçy guraklanyp, tarlary ýognaberse, doglan çaga öýkelek, gaharjaň bolarmyş.
* * *
Hamyla aýal merhumyň jynazasyna barsa, oňa ýogalanyň kepeniniň sapagyndan ýolup berýärler, eger şeýle edilmese, bolan çaganyň boýny boş bolarmyş (kellesini tutup bilmezmiş).
* * *
Hamyla aýal, çaga dogmakdan galmadyk aýal, aýbaşysy gelýän aýal merhumy ýuwmaklyga gatnaşmaly dälmiş.
* * *
Hamyla aýal saçuzyn (saçöser) iýse, doglan çaga saçlak bolarmyş.
* * *
«Aýalyň burgusy tutup başlanda, ony näçe köp adam eşitse, şonça-da burgusy kän tutar» diýilýär. Şonuň üçin-de, burgy tutýanlygyny hiç kime eşitdirmejek bolup çalyşýarlar.
* * *
Toýly gelin öwlüýä gitmeli dälmiş, çaganyň aýrylmagy ahmalmyş.
* * *
Hamyla gelin agzy bimaza döwrüňde ýatagan bolsa, doglan çaga hem ýalta bolarmyş, çalasyn, işeňňir bolsa, çaga hem çalasyn, işeňňir bolarmyş.
* * *
Toýly gelin bir ýere barýarka, ýoldan aşyk tapsa – ogly, monjuk tapsa – gyzy bolar, eger pul tapsa, doguljak çaga baý bolar.
* * *
Çaga doglanda, arassalyk üçin kümüş atylan suwa düşürilýär.
* * *
Hamyla gelin agzy bimaza döwründe gök önümleri, miweleri kän iýse, doglan çaga näzik, görmegeý, sypaýy bolarmyş.
* * *
Aýal maşgala agzy bimaza döwründe towşan etini ýa-da kellebaşaýak iýse, çaganyň agzy ýa-da burny ýirik bolarmyş.
* * *
Hamyla gelin agzy bimaza döwründe ak zatlary köpräk iýse, çaga-da akýagyz bolup doglarmyş, eger gara zatlary köp iýse, garaýagyz çaga doglarmyş.
* * *
Hamylalyk döwründe ajy zatlary köp iýen aýalyň çagasy gaharjaň, turşy zatlary iýen aýalyň çagasy öýkelek, süýji zatlary iýen aýalyň çagasy süýji dilli, duzly zatlary iýen aýalyň çagasynyň dili duzly bolarmyş.
* * *
Hamyla gelin agzy bimaza döwründe balyk kellesini iýse, çagasynyň agzy balygyňky ýaly bolarmyş.
* * *
Aýagy agyr gelin gowka1 iýse, çagasynyň kellesi ýylçyr takyr, oglanjyk bolsa, ulalandan soň, köse bolarmyş, gyz bolsa saçy ýuka bolarmyş.
* * *
«Aýal maşgala aýagy agyr döwründe adamsy bilen garaňky ýerde oturyp naharlanmaly dälmiş, eger şeýle edilse, doglan çaga ýaramaz gylykly bolarmyş» diýlip, ätiýaç edilipdir.
* * *
Burgusy tutup başlan aýal maşgalany tamdyryň, ojagyň daşyndan aýlap, «Sag-aman eliň-aýagyň gowuşsyn» diýmeli. Şeýle edilse, çaga aňsat doglarmyş.
* * *
Hamyla gelin agzy bimaza döwründe dil iýse, çagasy dilewar bolarmyş.
Dili peltek, sakaw çaga gurbanlyk üçin soýlan ýedi malyň dilini, ýedi öýden diläp alyp, iýdirmelimiş.
* * *
Hamyla gelin sogan, sarymsak ýaly önümleri köp iýmeli. Şol önümler öýde dursa-da, peýdaly, geljekki çaga sagdyn bolarmyş.
* * *
Toýly gelniň agzy bimaza döwründe sarysy gaýnasa, köpräk käşir iýse, çagasy saçlak bolarmyş.
* * *
Ýaş çaganyň synçgylawugy yzygiderli tutup dursa, içegesi giňelýärmiş.
* * *
Çaganyň synçgylawugy yzygiderli tutup dursa, onuň maňlaýyna ölläp, gök reňkli sapak ýelmäp goýmaly.
* * *
Saçlary buýra-buýra çaga ot ýaly dogumly bolarmyş.
* * *
Täze doglan çaga wagtynda at dakylmasa, ol ýaramaz häsiýetli bolup ýetişýärmiş.
* * *
«Täze doglan çaga oňat at daksaň, ulalanda bagtly bolýar» diýilýär.
* * *
Çaga at goýmaly bolanda, at goýmaklygy ýaşululara, sylanylýan-hormatlanylýan adamlara, aga-inilerine, arzyly myhmanlara ynanylýar. Mysal üçin: «Gorkut ata» şadessanynda at dakmaklyk paýhasly goja Gorkut ata ynanylypdyr.
* * *
Çaga at dakylanda «Adyna mynasyp bolsun» diýlip, onuň özüne mynasyp at dakmaly. Ýaramaz atlar dakmaly däl.
* * *
Allatagalanyň togsan dokuz adynyň köpüsi hem çagalara dakylýar: Rahman, Rahym, Rehmet, Jepbar, Möwlam, Kadyr ýaly atlar mysal bolup biler. Allatagalanyň adyny göni tutmakdan çekinilip, çaganyň ady «Taňryberdi, Sylapberdi, Möwlamberdi, Ýalkapberdi, Hudaýberdi» diýlip tutulýar.
* * *
Din wekilleriniň atlaryny dakmaklyk hem ýörgünlidir: Muhammet, Aly, Osman, Omar, Patma, Äşe, Hatyja, Isa, Musa, Dawut, Ýakup, Ýusup we ş. m.
* * *
Türkmen maşgalasynda wagty bilen perzent dünýä inmese, dürli yrymlara uýup, pirleriň guburlaryna ýykylyp, öwülýälere aýlanylyp, doglan çaga, Işan, Pirguly, Öwlüýäguly, Enekäbe, Sahy, Sahydursun ýaly atlar dakylýar.
* * *
Ekiz doglan çagalara gadymy halal adamlaryň, pygamberleriň, danalaryň hatyrasyna, Hasan-Hüseýin, Hydyr-Ylýas, Ýusup-Züleýha ýaly atlar dakylýar. Häzirki döwürde bolsa Parahat-Dursun, Ajap-Zaman ýaly owadan atlar dakylýar.
* * *
Dördünji çaga dört Çaryýarlaryň (Abu Bekr, Omar, Osman, Aly) hatyrasyna Çary, Çaryýar, Çarymyrat ýaly atlar hem dakylýar.
* * *
Häzirki döwürde mynasyp adamlaryň hatyrasyna, şeýle gowy adamlara meňzemegi arzuwlanylyp, Gurbansoltan, Atamyrat, Saparmyrat, Serdar ýaly atlar dakýarlar.
* * *
«Biri-birine kuwwat bolsun» diýlip, dördünji ogul doglanda Kuwwat dakylýar.
Aýal adam aýagy agyr wagtynda adamsy ýogalsa, yzynda doglan çaga onuň ady dakylýar. Eger gyz bolsa, Üzümgül ýaly sypaýy atlar dakylýar. Ýöne ady dakylan merhumyň ady tutulmaýar, Kakajan, Kakamyrat, Kakyş ýaly atlar dakylýar.
* * *
Türkmen halkynda merhumlaryň hormatyna olaryň adyny dakmak däbe öwrülipdir. Ýöne merhumy sylap-hormatlap, göni adyny tutmakdan saklanylyp, Ejegyz, Enegyz, Enegül, Atajan, Atamyrat ýaly atlar dakylyp, «atam-enem» diýlip ýüzlenilýär.
* * *
Täze bolan çaga galan at dakjak bolsaň, hudaýýoly bermelimiş, ýogsam merhum öz adyny bermejek bolarmyş.
* * *
Dördünji çaga Çary, bäşinjä Bäşim, altynjy çaga Alty ýaly atlar dakylýar. Emma ýaşulular: «Bu gowy däl, Allanyň beren döwletini sanap oturmaly däl» diýýärler.
* * *
Çaga Çerkez, Gandym, Sazak, Ojar, Ýowşan, Borjak ýaly atlar «şol ösümlikler ýaly çydamly, berk bolsun» diýlen ýagşy arzuwlar bilen dakylýar.
* * *
Toý gidip durka doglan çaga Toýly, Toýçy, Toýguly, ýolda doglan çaga Ýolaman, Ýolguly, Ýolçy, Sapar aýynda ýa-da sapara gidilen wagtynda doglan çaga Sapar, Saparmyrat, Sapargeldi, Sapardurdy, Sapargül, Saparsoltan, Remezan (oraz) aýynda doglan çaga Oraz, Orazgeldi, Remezan, «Oraz aýynda myradyma ýetdim» diýlip, Orazmyrat ýaly atlar dakylýar.
* * *
Türkmenler aýdyr hepdäniň günleri bilen baglanyşykly atlary hem dakýarlar, bu hem däbe öwrülip giden ýagdaýlardan biridir. Mysal üçin: Annajemal, Annagül, Annamyrat, Juma, Jumamyrat, Jumageldi, Çäşem, Duşem.
* * *
Çagalara, köplenç, gyzjagazlara miweli baglaryň, miweleriň atlary hem dakylýar. «Çaga ulalaňda owadan, görmekli bolsun, hem-de şol miweli agaç ýaly hasylly bolsun» diýlip, Miwe, Üzümgül, Enar, Alma ýaly atlar dakylýar.
* * *
Gyz bäbege «Owadan, mylaýym, näzik bolsun» diýlip, ösümlikleriň (Maýsa), owadan haýwanlaryň (Jeren, Sona, Maral, Towşan) atlary dakylýar.
* * *
Ýer-ýurt atlary bilen baglanyşykly atlar: Aşgabat, Marly, Gürgen, Gowşut we ş. m. haýsydyr bir ýere göçüp barmak bilen baglanyşykly dakylýar.
* * *
Çaganyň haýsydyr bir alamatlary bilen baglanyşykly atlar hem köp gabat gelýär: Hally, Haltäç, Meňli, Halmyrat, Artyk, Artyknyýaz, Saçly, Nartäç, Narly, Täçmyrat, Täşli, Täjigözel we ş. m. «Şeýle atlar tutulsa, çaganyň endamyndaky hal, nar, täç, meň aýrylyp gider» diýlen ynanç bar.
* * *
Parahatçylyk, il-günüň aman bolmagy arzuwlanyp dakylýan atlar: Dünýä, Dursun, Parahat, Rahat, Abat, Aman, Ilaman we ş. m.
* * *
Taryhy şahslaryň, akyldarlaryň, şahyrlaryň, sungat adamlarynyň hatyrasyna olaryň atlaryny dakmak hem yryma öwrülip gidipdir: Oguz, Görogly, Sanjar, Soltan, Jelaleddin, Azady, Magtymguly, Pyragy, Seýdi, Kemine we ş. m.
* * *
Şanly wakalar bilen baglanyşykly atlary dakmaklyk hem ýörgünlidir: Ýeňiş, Azat, Gahryman, Begenç, Guwanç, Baýram, Baýramgül we ş. m.
* * *
Çaga tebigy hadysalar bilen baglanyşykly Aýdogdy, Gündogdy, Aýjemal, Aýjan, Aýgül, Aýgözel, Daňatar, Garýagdy, Nurýagdy, Ýagmyr ýaly atlar hem dakylýar.
* * *
Gymmat bahaly daşlaryň, metallaryň atlaryny dakmaklyk hem yryma öwrülip gidipdir. «Şol daşlar ýaly owadan, berk bolsun» diýlip, yrym edilýär: Polat, Almaz, Tylla, Altyn, Kümüş, Zümerret, Merjen we ş. m.
* * *
Ogul islenilip yzly-yzyna gyz bolanda Ogulgerek, Oguldurdy, Ogulboldy, «ogla dönsün!» diýlip, Oguldöndi dakylýar. Gyz çaganyň dogulmagyny islemeýänler iň soňky doglan gyzjagaza Bessir, Doýduk, Doýlan, Gyzsoňy ýaly atlar dakýarlar.
* * *
Köp gyzyň yzyndan ogul dogulsa, «Kerwen ýaly uzalyp, tirkeşip gitsin» diýlip, Kerwen, Tirkiş, Tirkeş ýaly atlar dakylýar.
* * *
Çaganyň durmuşynyň ýakymly, şirin-şeker kimin datly bolmaklygy yrym edilip, Nabat, Aknabat, Şirin, Şeker, Balmyrat, Bally ýaly atlar dakylýar.
* * *
Garamaýagyň (garybyň) ogly bolsa yrym edilip, adyna «Abdyllabaý, Orazbaý» diýlip at dakylar ekeni.
* * *
Täze doglan çaganyň göbegi uzyn bolsa, soňra çaga seýrek bolarmyş, göbegi gysga bolsa, onda onuň yzyndan çaga ýygy-ýygydan dogulýarmyş.
* * *
Täze doglan çaga çileli hasaplanylýar, şonuň üçin çaganyň üstüne aýbaşyly aýal, merhumy jaýlap gelen gölegçi girmeli däl, çagany öýden çykaryp, olar girenden soň öýe salmaly.
* * *
Çileli çaga öýdekä, öýe ýumurtga, et getirmeli däl, eger getirilse, çagany öýden çykaryp, eti, ýumurtgany salyp, soňra çagaly aýal öýe girmeli.
* * *
Çaga ýumruklary düwülgije dogulýar. Şonda onuň ýumrujagyny açyp, kümüş teňňe salyp, üç gezek eljagazyny sypalap: «Tutup bilen rysgalyňy tut, balam! Rysgallyja bol, balam!» diýip, eljagazyny açýarlar.
* * *
Täze doglan çaganyň göbegi kesilenden soň, onuň göbegini itiň ýa-da atyň guýrugyna daňypdyrlar, çaganyň şol haýwanlar ýaly çydamly, wepaly, akylly bolmagy arzuw edilipdir. Käbir ýerlerde oglanjygyň göbegini sygryň, düýäniň guýrugyna daňyp, onuň uly baý bolmagy arzuw edilipdir. Gyzjagazyň göbegi çuwalyň, sandygyň düýbüne atylypdyr. Bu yrym onuň hojalykçy bolup ýetişmegi arzuw edilip ýerine ýetirilipdir. «Şeýle edilse, gyz maşgala öýdeçi bolar» diýlip hasaplanylypdyr. Käbir wagtlarda bolsa «Törde keşde çekip otursyn, haly dokasyn» diýen arzuw bilen gyz çaganyň göbegini öýüň töründe gömüpdirler. Oglanjygyň göbegi bolsa, «Şu öýe goragçy bolup ýetişsin, bosagadan duşman aýagyny sekdirmesin!» diýlen ynanja eýerilip, bosagada gömülipdir.
* * *
Çaganyň häsiýeti göbegenesine meňzär. Çaga: «Öz eneme meňzemesem hem, ýerden göterene meňzärin» diýermiş.
* * *
Azan aýtdyrylanda, çaganyň gulaklary açylarmyş.
* * *
Täze doglan çagany çileden çykýança, aýry ýerde ýatyrmaly, çagaly jaýa kän adam girmese gowy görülýär.
* * *
Çaga doglanyndan ýedi gün geçenden soňra, suwa düşürjek bolnanynda çile suwuna nesil öndürer ýaly ýumurtganyň gabygyny, rysgally bolar ýaly bugdaý ýa-da tüwi dänesi, baý bolar ýaly şaý-teňňe, sagdyn bolar ýaly hem duz atylýar, ýedi çemçe suwy hem sanap çile suwuna goşmaly. Şular atylmasa, çaga eýikmezmiş.
* * *
Çagany çileden çykaryp, ýedi öýe aýlamaly. Şonda baran öýleri çagany boş goýbermeli däl, ýogsam gulagy agyryly bolarmyş, ulurak çaga hem bir ýere ilkinji gezek barsa, eli boş goýberilmeýär.
* * *
Ilkinji doglan çaganyň özüne niýetlenilip sallançak alynýar.
* * *
Soňky doglan çagalar ilkinji çaganyň sallançagyna salynýar. Şol sallançak hem çagalaryň ählisini ulaltsa gowy görülýär.
* * *
Ata-babalardan galan sallançagy hiç kime başybitin bermek bolmaýar.
* * *
Ýaş çagany ýedi günden soň sähet sorap, sallançaga salmaly. «Sallançak arwah-jyndan hem goraýar» diýlip hasaplanylýar.
* * *
Çaga sallançaga salnanda «göz degmesin» diýip, ýüzärlik tütedýärler.
* * *
Çagany sallançaga ilkinji gezek mamasy ýa-da enesi salyp, üwräp başlamaly, soňra çagalara süýji paýlap, agyzlaryny süýjetseň, süýji dilli bolarmyş.
* * *
Sallançagy boş üwremeli däl. «Şeýtany üwrärmişiň, çaganyň gulagy agyrarmyş» diýilýär.
* * *
«Yzy köpelip gitsin» diýen niýet bilen yrym edilip, ýaş çaganyň köýneginiň etegi, tä yzyndan çaga bolýança basdyrylmandyr.
* * *
Käbir ýerlerde çaga üç ýaşyna barmanka dürli reňkde eşikler geýdirilipdir, gara eşik geýdirilmändir. Eger gara eşik geýdirilse, «Bu çaganyň ejesi ýogalypdyr-ow» diýip, pikir edipdirler, sebäbi ejesi aradan çykan çaga gara eşik geýdirilipdir.
* * *
Ýaş çaganyň üstüne gerinmeli däl, kesellemegi ahmalmyş.
* * *
Ýaş çagany ýaba ýuwundyrsaň, buşugagan bolýar, kündük bilen suwa düşürmelimiş.
* * *
Ýaş çagany öwmek gowy görülmeýär. «Öwseň keselleýär» diýip ynanypdyrlar. Öwgi «tüweleme, tüf, tüf!» diýlip başlanylmaly.
* * *
Çileli çagany arwah-jyndan goramak üçin ýassygynyň aşagynda jöwher pyçak ýa-da duz, çörek goýmalymyş.
* * *
Iki sany çagasy çileli ene biri-biriniň üstüne girmeli dälmiş.
«Al-arwahyň daramagy ahmal» diýlip, ýaş çaganyň (aýratyn hem, çileden çykmadyk) eşigi gije daşarda serilmeýär.
* * *
Ýaş çagany ilkinji gezek ýas ýerine alyp gitmeli däl, ýagşylyga ýorulmaýar.
* * *
Täze aý doganda saçyň örümini süýt emýän çaga dişletseň, saç tiz öser.
* * *
Ýaş çagany kyrk günden soň çileden çykarmaly, muňa uly çile diýilýär. Suwa düşürilende, suwa kyrk çemçe suw, kyrk däne tüwi, duz atyşdyrmaly. Eger-de suwa kümüş pul atylsa, çaga arassaçyl, dilewar bolarmyş, kümüşiň sagdynlyga hem peýdasy känmiş.
* * *
Ýaş çaga ýöne ýerden sögmek bolmaýar. Bigünä ýerden ursaň, eşigini depgileseň, zyňsaň, gaýdyp çaga ýüzüň düşmezmiş. Ot-çöpler, baglar hem ýaş çaga sögseň, ýaramaz ýagdaýa düşermiş.
* * *
Ýaş çaga bosaganyň üstünde oturyp oýnasa, kesellegiç bolarmyş.
* * *
Ýaş çaga barmagyny sorsa, «iýnji diledigimiş». Onuň mamasy, babasy: «Bir maly iýnji berdim» diýip, malyny şol çaganyň adyna geçirmelimiş. Toýuna gatanç berilýär.
* * *
Çaganyň dyrnagyny ilkinji gezek aýyrmaly bolanda, ilki oňa kendirigi dyrnajakladyp, soňra aýrylsa, ulalanda çaga rysgally bolarmyş.
* * *
Çaganyň dyrnagy ilkinji gezek alynmakçy bolanda, eline ak köpük gysdyrmaly, rysgally bolarmyş.
* * *
Çaganyň ilkinji dişi çykmazyndan ozal, «Uşajyk owadan dişler çyksyn» diýip, guza ýa-da «Atyň dişi ýaly sagdyn, berk diş çyksyn» diýip, ata mündüripdirler.
* * *
Çaga ilkinji diş çykanda «Patrak ýaly patrap çyksyn» diýlip, patrak seçilýär. «Kemputlary kytyrdatsyn, ak gandy hytyrdatsyn, mekge ýaly hatarlansyn, daşa degse, döwülmesin, ömür-ömür kütelmesin!» diýlen alkyşlar bilen seçgi seçilýär.
* * *
Çaganyň dişiniň çykanyny ilkinji gören adama halat-serpaý salynýar.
* * *
Säher bilen doglan çaga bagtly bolarmyş.
* * *
Ýaş çaganyň ýeňsesinden ogşasaň, öýkelek bolarmyş.
* * *
Çaganyň ilkinji çile saçyny daýysy aýyrmalymyş, ýogsam çaganyň bagtsyz bolaýmagy ähtimalmyş.
* * *
Ýaş çaga täze kürte ýa-da don geýse, ejesi onuň adyndan «Sen ýyrtyl, men galaýyn» diýip, üç gezek çaganyň garnyny sypalamaly.
* * *
Ýaş çaganyň çile saçyny özüne daksaň, göz degmezek bolarmyş.
* * *
Ýaş çaga altyn-kümüş şaý daksaň, kesellemezek bolar.
* * *
Çaganyň başyna geýýän zadyny oýnatmaly däl, ulalanda kelleagyryly bolaýmagy ahmal.
* * *
Ýaş çaga malyň dilini, diliniň ujuny iýdirseň, tiz dil açar, ulalanda dilewar bolar.
* * *
Aýagy gowy ýöremeýän çagany üç hoşgününde ösüp oturan ýorunjadan süýreseň, ýöräp başlar.
* * *
Ýaş çaganyň eline aýna berseň, dili agyr bolarmyş.
* * *
Bäbegiň aşagyndan götermeli däl, ýagşylyga ýorulmaýar.
* * *
Çagany depäňde göterseň, al-arwaha güjeňledigiň bolýar, çaganyň kesellemegi ahmal.
* * *
Ýaş çaga ommalyp, iki aýagynyň arasyndan yzyna garasa, myhman gelermiş.
* * *
Çaga ýüzin ýatyp, aýaklaryny galdyrsa, gowulyga ýorulmaýar, ýaramazlyk bolmagy ahmal.
* * *
Ýaş çaganyň syrty gök bolsa, yzyndan ogul jigisi bolarmyş.
* * *
Ýaş çaga köwüş oýnasa, ogul jigisi bolar.
Ýaş çaga eline sübse alyp, içerini syran bolup ýörse, myhman geler.
* * *
Çaga ilki «kaka, däde, ata» diýip dil açsa, yzyndan ogul bäbek bolarmyş, «eje, ene, mama» diýip dil açsa, gyz bolarmyş.
* * *
Kyrk çileden çykmadyk çagany agşam çagynda jaýda ýeke goýmaly däl. Arwah-jyn daramagy ahmal.
* * *
Çaganyň aýagyna sübse bilen urmaly däl, boýy ösmezmiş.
* * *
Çaga doglanda, niresinde meň barlygyny barlap, yrym edipdirler. Şol meňden çaganyň nähili adam bolup ýetişjekdigini bilmeklige çalşypdyrlar. «Eli meňli – işe ýakyn, gözi meňli – ýaşa ýakyn, agzy meňli – aşa ýakyn», «aýagy meňli – gezegen», «göwsi meňli – görgüli», «boýny meňli – bergili», «ýüzi meňli – owadan», «gulagy meňli – gepe ýakyn», «ýaňagy hally – hyjuwly» diýlen ýaly yrym-ynançlar halk arasynda ýaşap gelýär. Olaryň käbirleri bolsa uzak döwürleri başdan geçirip, nakyla öwrülip gidipdir. Mysal üçin: «Eli meňli işeňňir» we ş. m.
* * *
Ogul enä, gyz ata meňzese, bagtly bolarmyş.
* * *
Çaga ýorgan tikilende dört burçuna gaty süýji ýa-da noýba, nohut ýaly däneli ösümlikleriň önüminden salynýar. «Süýjülik bolsun, nohut-noýba ýaly köpelip, örňäp-ösüp gitsin» diýlip, ýerine ýetirilýän yrym.
* * *
Ýorgan tikilip bolnandan soňra, dört burçundan iç taraplygyna togalanylyp, beýle ýüzüne çöwrülýär. Muňa «guzlatmak» diýilýär. «Guzlatmak» sözüniň manysy köpelmek bilen baglanyşykly. «Şu öýüň çagalary köpelip, örňäp gitsin» diýen manysy bar.
* * *
Täze tikilen ýorgan-düşekde ilki bilen çaga togalanylsa, şol ojak «bereketli, döwletli bolar, oram-oram ogully, gyzly bolar» diýlip, yrym edilýär.
* * *
Ene süýdüni emmedik çaga enä mähirli bolmaýar. Ene hem öz süýdüni berip ulaltmadyk çagasynyň başyna iş düşse-de, duýup bilmeýärmiş. Şonuň üçin-de, ene çagasyny öz göwsünden emdirse, gowy görülýär.
* * *
Çagany göz-dilden goramak maksady bilen dürli yrymlar ýerine ýetirilipdir. Çaganyň sallançak ýüpüne duz, kömür salyp tikilen dogajyk dakypdyrlar. Duz keramatly, kömür gaty, berk hasaplanylypdyr.
* * *
Dagdan agajy, göz monjugy, alaja, düýe ýüňi ýaly zatlar göz degmekden goraýarmyş. «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýlen nakyl hem ýörgünli ulanylýar. Dagdan agajyňdan ýonulyp, dürli şekillerde doga-tumar ýasalyp dakylýar.
* * *
«Sarymsak çagany näsaglykdan goraýar» diýlip, çagajyklaryň tahýasyna, köýnegine guradylan sarymsak dakyp goýar ekenler.
* * *
Doga, tumar, haram haýwanlaryň dilleri, ýylanbaşy ýaly zatlar göz degmekden goraýar.
* * *
Ot oýnamagy gowy görýän çagalar ýerine buşugagan bolarmyş.
* * *
Ýaş çaga aglak bolsa, goýar ýerde goýmasa, yrym edip, agzyna köwüş bilen uran bolmalymyş.
* * *
Kyrk çileden çykmadyk çagasy bolan aýala täze gelniň nikasyna gatnaşmak bolmaýar. Täze gelniň çagasy bolmazlygy ahmal.
* * *
Täze diş çykyp gelýän çaga nika suwuny içirseň, dişleri çalt çykarmyş we boýy ösermiş.
* * *
Çaga kyrk çileden çykandan soň, mamasy-babasy öýlerine çagyryp, gyzlaryna, çaga halat-serpaý edýärler. Gyz hem ejesine-kakasyna halat getirýär.
Çagany sünnete ýatyrmaklyk yrym edilip 3, 5, 7 ýaly täk ýaşlarda amala aşyrylýar. Sünnet edene «Sünnetata» diýilýär.
* * *
Çagajyk sünnete ýatyrylanda, onuň kesilip alnan pürçüjegi çöpe dürtülip, ýokardan ildirilip goýulýar. Gurandan soň matajyga düwüp, sandygyň düýbüne atylýar.
* * *
Çaganyň dişini atyň ýatagyna ýa-da aýak yzynyň aşagyna gömseň, atyň dişi ýaly sagdyn diş çykar. Goýun-guzynyň ýatagyna ýa-da aýak yzy düşen ýere gömseň, guzynyň dişi ýaly owadan, uşajyk diş çykar.
* * *
«Ösüp barýan çaganyň ýalaňaç endamyna sübse bilen urulsa, ýara çykar» diýilýär.
* * *
Eger dabanyna, aýagynyň aşagyna urulsa, onda çaganyň boýy ösmezek bolarmyş.
* * *
Çaga göz degmez ýaly, gurama kürte guralyp geýdirilýär. Gözi degýän adamlaryň gözi ala matalara düşüp, çagany göz-dilden goraýarmyş.
* * *
Geçmişde çaga eşik tikilende, göz degmezlik üçin, tikini daş ýüzüne edilip tikilýär ekeni.
* * *
Geçmişde çaganyň galpak saçy syrylanda, oglanjyklara hem yrym edilip, dik depesinden gulpak goýlupdyr. Yzyndan çaga bolýança, käbir wagtlarda ondan hem köp wagtlap gulpagy aýyrmandyrlar.
* * *
Ýaş çaganyň nämä ökde boljakdygyny çak bilen bilmäge çalşypdyrlar. Çaganyň kellesi uly bolsa «akylly bolar» diýlip çaklanylypdyr. Gözi uçganaklap duran bolsa, «ugurtapyjy, mekir bolar», barmaklary uzyn bolsa, «gyz keşdeçi, halyçy, oglan sazanda bolar» diýlip çak edilipdir.
EDEP-EKRAM BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR
Öňüňden garry adam gidip barýan bolsa, geçip gitmeli däl. «Men gyssanmaç, geçip gidäýeýin» diýip soramaly.
* * *
Ýaňy ýetişip gelýän gyz tikin - çatyn etse, ilki eden işini-tahýany we ş. m. suwa atmaly, ýetim-ýesire, garry, ýaşuly adamlara bermelimiş. Şonda şol maşgalanyň edýän işi rowaç bolarmyş. Hemme zada göz-gulak etdigi, iş etmäge janly, jansyz zatlardan rugsat aldygy bolarmyş.
* * *
Her neneň görip adam bolsa-da ota, bag-bakja, haýwan-ynsana – kast etmeli dälmiş.
* * *
Azap siňen zat ýaramaz-da bolsa, oňa aýawly çemeleşmek, hormatlamak ynsanyň borjudyr. Şeýle etmedik adam gowulyga garaşmaly däldir.
* * *
Näsagy soramaga baran wagtyň, näsagyň ýanynda bolan müddetiňi Allatagala ömrüňe hasaplamazmyş.
* * *
Näsag haýsy milletden bolsa-da, milletine garamazdan, soramaklyk zerur hasaplanylýar. Soranyňda ýaranjanlyk ýa-da hantamaçylyk ýokundylary bolmaly däldir.
* * *
Ynsan haýsy kesel bilen kesellese-de, sorap durmaly. Dişi agyrsa-da, soramaklyk gowy görülýär.
* * *
Hassany soramaga baranyňda bezenip-beslenip barmaklyk gowy görülmeýär. Köne, ýamaly eşikler hem geýip barmaly däl, adaty geýimler geýlip barylsa gowy görülýär.
* * *
Nahar başynda ýaramaz, ýakymsyz zatlar barada gürrüň etmeli dälmiş. Allatagalanyň hoşuna gelmezmiş.
* * *
Agzyňda çeýnäp oturan lukmaňy iýip gutarmazdan, ýene agzyňa salmaklyk gowy görülmeýär. Şeýtanyň alyna gitdigiňmiş.
* * *
Nahar iýmeklikde nobat ulularyňkydyr. Suw içmeklikde nobat kiçiniňkidir.
* * *
Tagam-hezzet üçin Biribara alkyş aýtmaly, berenine şükür etmeli.
* * *
Irdenki naharyňy özüň iý, günortanky naharyň ýaryny dostuňa ber, agşam naharyň baryny duşmanyňa ber.
* * *
Nahar-tagama başlamazdan öň elini ýuwmalydyr, ýogsam perişdeler halamazmyş.
* * *
Tagam getirilmezden ozal saçak başyna geçilýändir. Şeýle etmeseň Allatagalanyň hoşuna gelmersiň.
* * *
Tagamy kiçijik bölejiklere bölüp agzyňa salmalymyş, ýogsam perişdeleri gorkuzarsyň.
* * *
Çagyrylmazdan öň saçak başyna geçmeli dälmiş, şeýtanyň şägirdi bolarsyň.
* * *
Saçagyň başynda sag eliň bilen iýip-içmelidir, ýogsam perişdeleriň gaharyny getirersiň.
* * *
Saçak öý eýeleriniň başlamagy bilen açylýandyr. Şeýle edilmese öýüň bereketi gaçarmyş.
* * *
Suwy zarp bilen däl-de, bölüp-bölüp içmeli1.
* * *
Myhmanlardan öň saçagyň başyndan turmaly dälmiş, şeýtany begendirersiň.
* * *
Derläp durkaň ajöze, şonuň ýaly-da çorba, turşy zatlar hem miwe iýeniňizden soň suw içmeli dälmiş. Suwuňa şeýtan buşugarmyş.
* * *
Üçünji bir adam barka iki bolup pyşyrdaşyp otursaň, perişdeleri gorkuzarmyşyň.
* * *
Bir ýere myhmançylyga barlanda özüňe aýratyn gowy ýer saýlap otursaň, şeýtanyň şägirdi bolarsyň.
* * *
Keseki iki adamynyň özara gürrüňine üşerilip, gulak salsaň, araňa şeýtan düşermiş.
* * *
Gürrüňdeşiňi diňlemän, sözüni orta bilinden kesseň, perişdeleri gaçyrarsyň.
* * *
Kişiniň kemçiligini ýaňsa alyp, üstünden gülseň, özüň hem kemisli bolarsyň.
* * *
Köpbilmişsiräp, özüňi görkezjek bolup köp gepläp otursaň, perişdeler günäňi köp ýazarmyşlar.
* * *
Ýanyňdakylara ulumsylyk bilen garasaň, Allatagala halamazmyş.
* * *
Özüňi öwmeklerinden lezzet almaklyk Allatagalany sylamadygyň bolarmyş.
* * *
Köpçüligiň içinde gaty-gaty gürlemek bilen perişdäni öz ýanyňdan gaçyrarsyň.
* * *
Metjide gireniňde sag aýagyň bilen girmek, çykanyňda çep aýagyň bilen çykmak Allatagala hormat-sylag etdigiňdir.
* * *
Metjide arassa eşikler bilen barmaly. Sarymsak, sogan ýaly ýiti ysly iýmitleri iýip metjide, köpçülik ýerlerine barsaň, din-diýanaty äsgermedigiň bolarmyş.
* * *
Metjitde bihuda, boş gürrüňler etseň Allatagalanyň gaharyny getirersiň.
* * *
Metjitde çasly gülmeklik, gaty-gaty gürrüňleşmeklik Allatagala hormat goýmadygyňdyr.
* * *
Nahar iýlip bolnandan soň töwir galdyrmasaň, töwir yzyňa düşermiş we öýüň bereketi gaçarmyş.
* * *
Her gün irden öýden çykanyňda sag aýagyň bilen ätläp çykmaly, şonda işiň şowly bolarmyş. «Aýy-güni döreden, ýeri-gögi ýaradan eziz Taňrym, işlerim şowly bolsun!» diýip, ýagşy arzuw-niýetler bilen öýden çykmalymyş.
* * *
Derýanyň köprüsinden geçeniňde ýagşy dilegler etmeli. Derýalar Hydyr görendirler, şonuň üçin hem dilegleriň kabul bolarmyş.
* * *
Bir adama ýeňsäňi öwrüp oturmaly däl. Araňa şeýtan düşermiş.
* * *
Oturan adamynyň öňünden geçmeli däl. Perişde gorkarmyş.
* * *
Ýatan adamynyň üstüne gerinmek, oturan adamynyň üstüne abanmak günädir.
* * *
Ýuwulandan soň eliňi silkseň, eliňe şeýtan buşugarmyş.
* * *
Pyçagy birine uzadanyňda sap tarapy bilen uzatmalymyş. Perişdeler gorkarmyş.
* * *
Birine tagam uzadanyňda sag eliň bilen bermeli, alan adam hem şony sag eli bilen almaly. Umuman, ähli ýagşy zatlar sag el bilen edilmelimiş.
* * *
Dik duran ýeriňde dyrnagyňy almaly däl, ol dargap gitse, baky dünýäde dyrnak eýesini gözläp ýörermiş.
* * *
Dost öýünde dyrnagyňy almak, duşman öýünde saçyňy daramak, saç aldyrmak gowy görülmeýär. «Dost öýünde saç dara, saç aldyr» diýilýär. «Dost öýünde dyrnak alsaň tagama, nahara gaçaýmasyn» diýlip heder edilýär.
* * *
Suwa tüýkürmeklik külli günä, «döwletiň gaýdar» diýilýär.
* * *
Sag aýagyňa geýen köwşüňi çep aýagyň bilen çykarsaň, öýüňe döwlet gelermiş.
* * *
Barmagyňy näçe gezek şyrkyldatsaň, şeýtan şonça gezek ömrüňi kemeldermiş.
* * *
Dik duran ýeriňde nahar iýmeklik gowy görülmeýär. Şeýtan rysgalyňa şärik bolarmyş.
* * *
Nahary çommalyp iýmeklik külli günä, bereketiň gaçarmyş.
* * *
Aýak basylýan ýere, ýola kir suw we ak zatlary dökmeklik külli günä.
ADAM BEDENI BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR
Adamynyň bedeninden bölünip aýrylýan üç zady – saçy, dyrnagy, dişi adamlar basgylasa, onuň eýesi keselleýärmiş.
* * *
Burnuň içi gijese, toý habaryna garaşyber.
* * *
«Boýnuň gijese-de, toý bolýar» diýlip yrym edilýär.
* * *
Burnuň gapdaly gijese, daş ýerden habar gelýär.
* * *
Burnuň ujy gijese, myhmançylykda bolarsyň.
* * *
Gaşyň gijese, myhman gelýär, duşuşyk bolýar.
* * *
Gaşlary birleşip duran adam köp kynçylyk görýärmiş.
* * *
Garaňkyda aýna bakyp saç daramaklyk gowy görülmeýär.
* * *
Gije dyrnagyňy almaklyk gowulyga ýorulmaýar.
* * *
Gözüni gyrpagan adam gama batagan bolarmyş.
* * *
Gyz tirsegini agyrtsa, ony bir ýigidiň ýatlaýanlygydyr.
* * *
Gulagyň gijese, ýagyş ýagjakdyr.
* * *
Gulagyň gyzsa, bir ýerde gybatyňy edýändirler.
* * *
Gulagyň şaňlasa, bir ýerde sen hakda gürrüň edýändirler. Haýsy gulagyň şaňlasa, şol ugurda gürrüňiň edilýär1.
* * *
Diliňi dişleseň, kimdir biri saňa käýinýär, sen hakda gybat edýär.
* * *
Dodagyň gijese, öpüşjekligiň alamaty.
* * *
Başgüni ajöze wagtyňda asgyrsaň, sylag aljaklygyň alamaty.
* * *
Anna güni asgyrsaň, duşuşyk bolýarmyş.
* * *
Dynç güni asgyrsaň, myhmançylyga gitjeksiň.
* * *
Ýeňsäň gijese, gaýgy-alada basar.
* * *
Ökjäň gijese, uzak ýola gitjeksiň.
* * *
Sogapgüni asgyrsaň, öwüljeksiň, saňa öwgi garaşýanlygynyň alamaty.
* * *
Sag gaşyň gijese, dostuňa duşarsyň.
* * *
Sag gulagyň şaňlasa, gowy habar geler.
* * *
Saç daralanda, saçyndan uçgun çykýan adam keýpihon adam bolýarmyş.
* * *
Ýaşgüni asgyrsaň, myhman geljekligi.
* * *
Tirsegiň gijese, gam-gussa batmagyň ahmal.
* * *
Tüýküreňde tüýküligiň öz üstüňe düşse, eşigiň täzelenjekliginiň alamaty.
* * *
Çep eliň aýasy gijese, çykdajy boljaklygynyň alamaty, pul sowjaksyň.
* * *
Çep gaşyň gijese, gowy görmeýän adamyňa sataşarsyň.
* * *
Çep gulagyň şaňlasa, ýaramaz habaryň bolmagy ahmal.
* * *
Eger sag gulagyň gyzsa, sen hakda hakykaty aýdyp gürrüňiňi edýärler.
* * *
Eger çep gulagyň gyzsa, sen hakda nähak gürrüňler aýdyp, gybatyňy edýärler.
* * *
Gyjykçyl adam gabanjaňdyr.
* * *
Eger-de ýigidiň ýa-da gyzyň alyn dişleriniň arasy açyk bolsa, ýat, uzak ýerden öýlenýär (durmuşa çykýar).
* * *
Agzy meňli – aşa ýakyn.
Barmagy meňli – bagtly.
Bilegi hally – ýalançy.
Bili hally – diňçi.
Burny meňli – batyr.
Gabagy hally – wepaly.
Garny hally – jepaly.
Gaşy hally – gabanjaň.
Goltugy hally – erjel.
Göwsi meňli – görgüli.
Gözüniň gapdaly hally – gaharjaň.
Ýokarky dodagy meňli – näzli.
Maňlaýy hally – yňdarma.
Kebzesi hally – ätiýaçly, hatyrjem,
Sag gaşynyň üsti hally – gedem.
Çekgesi hally – söýgüli.
Çep gözüniň aşak gabagy hally – bagtly.
Çep gaşynyň üsti hally – ukyply.
Eli meňli – işe ýakyn.
Egni hally – bus-busy.
Eňegi hally – ýalta.1
* * *
Adamynyň özüniň görüp bilmeýän ýerinde meňi bar bolsa, bagtly bolarmyş.
ZÄHMET ENDIKLERI WE EKERANÇYLYK
BILEN BAGLY YRYMLAR
Çaga dogrup ýören aýal adamynyň on barmagynyň biri başgalar üçin işlemeli, kömek etmeli. On günden bir gün ile-güne hyzmat etmeli. Eger şony edip bilmeseň, haýrat (hudaýýoly – haýyr-sahawat) puly bermelimiş.
* * *
Köýnek biçip otyrkaň ýadasaň, galan mata bölejigini sag eliňe daňsaň, ýadawlygyň aýrylarmyş.
* * *
Tara dokan üstüňe ak sapak daksa, oňa yrym edilip, pul berilýär.
* * *
«Ýene-de haly kesmek miýesser etsin» diýen ýagşy niýet bilen haly kesilende ýüpi maňlaýyňa daňmalymyş.
* * *
Ekin ekilip başlanylanda, eli ýeňil adama ekdirip başlaýarlar.
* * *
Ekin ekilýän wagty geçip barýan adamlar: «Biriň müň bolsun, tohumyň müňlesin!» diýip geçýärler. Ekin ekip ýören hem: «Aýdanyňyz gelsin, Taňry ýalkasyn!» diýip, jogap berýär. Adamlar: «Şeýle edilse, işimiz şowly bolar» diýip yrym edipdirler.
* * *
Ekin ekilip ýörlen wagty: «Tohum başy ýokary!» hem diýler ekeni. Onda ekin eýesi: «Duşman başy aşak!» diýip, jogap beripdir. Geçip barýanlar: «Tohumyňa bereket, ömrüňe bereket!» diýen ýaly alkyşly sözleri aýtmalymyş. Ýagşy sözler aýdylsa, agzyň dogaly bolsa, ekin gowy bitermiş.
* * *
Gök ekin gowy bitende ýagşy arzuw-niýetler bilen Babadaýhanyň hatyrasyna hudaýýoly berler ekeni.
* * *
Eger ekin goşadan düwse, (goşa hyýar, goşa gawun, goşa pomidor, goşa nar) oňa «Hydyr gören» diýilýär. Ýanyna dokuz sanysy goýlup, iň ýakyn adamyňa, obadaşyňa baýrak hökmünde iberiler ekeni. Ol hem halatlap-serpaýlap goýberer ekeni, şol maşgalada ekiz çaga bolmagy arzuwlanylypdyr.
* * *
Gawun bol hasyl getirse 3 gezek 9 gawundan, jemi 27 gawun geçip barýanlara, goňşy-golamlara paýlanylmalymyş. «Babadaýhanyň gawunyny iýmäge geliň, how!» diýip gygyrmalymyş.
* * *
Käbir maşgalalar ajy ekini ekmeýärler. «Ajy zat ekmek düşenok» diýlen ynanja eýeripdirler.
* * *
Ekin ekilende ýörite sähetli gün saýlanylypdyr. «Aýyň 9-yna, 19-yna, 29-yna ýyldyz ýerde» diýip, ekin ekmekden saklanýar ekenler.
* * *
Ekin ekilip başlanylanda: «Meniň elim däl, Babadaýhanyň eli, birimiz müň bolsun, müňlesin!» diýlip başlanylýar.
* * *
Geçmişde kanallar, ýaplar, kiçijik salmalar ot-çöpden arassalanylyp, ekin suwaryşa taýýarlanylyp goýlar ekeni. Arassalaýjylara «haşarçylar» diýlipdir. Haşarçylar ýaplary arassalap ýörkäler, piliň üstüne bir bölejik çörek goýup, geçip barýan ýolagça (erkek adam bolmaly) hödürläpdirler. Ol ýolagçy çöregi alyp, piliň üstüne pul goýmaly eken. Şol pula haşarçylar bir zat alyp dadyşypdyrlar. Eger ýolagçynyň puly bolmasa, ol ýa şol pili beren adam bilen göreşmeli ýa-da gazuw işine kömekleşmeli ekeni. Bu ýabyň akarly bolmagy arzuwlanylyp edilýän yrymdyr. «Ýabyňyz akarly bolsun, ekiniňiz biterli bolsun!» diýip, geçip barýanlar alkyş sözlerini aýdar ekenler.
* * *
«Ýabyňyz suwly bolsun!» diýlip, käbir ýerlerde ýaba suw goýberilende, miraby egin-eşigi bilen suwa oklapdyrlar. «Suw bol bolsun!», «Nanly mirap bolsun!» diýip, ýyl gurak gelende täze gazylan ýaba hem miraby oklapdyrlar.
* * *
Gazy gazylyp ýörkä, birazrak ýerini gazman goýýarlar. Şol ýerde hem hudaýýoluna aýdylan janlyny öldürýärler hem-de «Hudaýýoluna sadaka bolsun, arygyň suwy köp bolsun!» diýip, ýagşy dilegler edipdirler. Şondan soň iki sany haşarçy suwy açypdyr weli, arassa suw gany ýuwup gider ekeni. Bu «Rysgally bolsun!» diýlip edilýän yrymdyr.
* * *
Çagasy bolmaýan aýallar haşarçylaryň özi üçin Hudaýtagaladan çaga diläp bermegini haýyş edipdirler. Haşarçylar gazy gazyp ýörkäler, şol töwerekdäki obanyň adamlary olary sylap, hormatlap, hudaýýoluna goýun soýup, olaryň hormatyna hyzmat edýär ekenler.
TEBIPÇILIK BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR. EM-ÝOMLAR
Çyban çyksa, gyzyl sogan sylyp, «Şu sogan guraýança, çybanym gurasyn» diýip, köçä zyňmaly.
* * *
Gözüňe ittirsek çyksa, pul sürtüp, ýedi ýoluň üstüne taşlap, yzyňa seretmän gaýtmalymyş.
* * *
Adamynyň bir ýerinde siňňil bolsa, sogany ýenjip, duza garyp sürtmeli.
* * *
Siňňil bolanda, şol ýere hudaýatyny goýbermeli. Hudaýaty şol siňňili iýip gutarýar.
* * *
Gözüňe gül düşse, ir säher turup, gün dogmanka, künjüniň ýedi sany gülüni ýuwutmalymyş.
* * *
Doga berlen adama tizlik bilen it ýalakdan suw içirmelimiş.
* * *
Bogazy agyrýan adam horaz çorbasyny içse, örän peýdaly.
* * *
Gökbogma bilen kesellän çagany sagaltmak niýeti bilen ir säher ýola çykmalymyş-da, ilkinji duşan atly, eşekli, ulagly ýa-da pyýada bolsa-da, «Gökbogmaly çaga näme em etmeli?» diýip soramalymyş. Yzdan adam gelýän bolsa, «Dur, how, gelme!» diýmelimiş-de, şonuň salgy beren emini ýerine ýetirmelimiş.
* * *
Ir bilen biriniň melleginden gökje ternäni eýesine görkezmän ýolup, gökbogmaly çaga iýdirseň, çaga gökbogmadan saplanar.
* * *
«Gökbogmaly çaga açylsyn» diýip, ýola gök monjuk zyňmaly.
* * *
Dalagy agyrýanlar ýaz ýorunjasyny gaýnadyp, suwuny içse, şypa tapar. Ol peşewi ýöremeýänlere-de oňat emdir.
* * *
Çopantelpegiň gülüni gaýnadyp içiberseň, böwrekdäki daşy ereder.
* * *
Üzüm çybygy kesilende, damjalap damýan suwuny gijilewükli demrewe çalmaly.
* * *
Bagry agyrýan adamlara düýäniň öýkeni iýdirilse, dertleri dep bolar.
* * *
Ýylanyň, içýanyň çakan ýerine owlagyň etini, ýapyp halas edip bolar.
* * *
Baýtal süýdüni aşgazany agyrýanlara, gursak agyrysy bolanlara içirmelimiş.
* * *
Kelläň agyrsa, köpräk sogan iýmelimiş.
* * *
Diş agyranda sarymsagy oda gömüp ýapmalymyş. Şonda diş agyry dep bolarmyş.
* * *
Biriniň gözüne ak düşse, ene süýdüne zagpyran goşup ýuwsa, şypa tapar.
* * *
Eger biriniň içi gatasa, ýüzärligi göbegine çalsa, em bolar.
* * *
Hamyla aýala gatyryň ýüregini iýdirseň, çaga dogurmasy aňsat bolarmyş.
* * *
Gyzdyryp agardylan demir sokulan suw ýa-da çakyr içilse, içgeçmäni dep edýär. Peşewi saklanmaýanlar, bilinden köp gan gidýänler hem şu emi etseler, peýdalydyr.
* * *
Injiriň miwesini ýa-da ýapragyny ýenjip, meňe, hala, siňňile ýapsaň aýrylar.
* * *
Turpy mynjyradyp, bala garyp, demrewe ýapsaň, şypa taparsyň.
* * *
Gabarçagy aýyrmak üçin towuk etini sirkä garyp ýapmaly.
* * *
Şetdalynyň ýapragyny ýenjip, içi gurçukly adamynyň göbegine ýapmaly.
* * *
Mumyýa döwüge, çykyga, ysmaza oňat dermandyr.
* * *
Ysmaz üçin iň oňat derman barsyň ýagy hasaplanylýar.
* * *
Düýp sogany mynjyradyp, duzlap siňňile ýapyberseň, öz-özünden aýrylyp gider.
* * *
Soganyň suwuny burnuňa damdyrsaň, kelläňdäki güwwüldi aýrylar. Kelle agyrsa, soganyň suwuny gulagyňa damdyrmaly.
* * *
Sary getirmä narpyz gowy ýaraýar.
* * *
Şugundyryň suwy eliň, ýüzüň sowuklan, jaýrylan ýerine çalsaň tiz bitirýär. Siňňili aýyrýar.
* * *
Söwüdiň ýapragyny we gülüni mynjyradyp, suwuny içseň, kelleagyry aýrylýar. Ýapragyny ýenjip, suwuny gulaga damdyrsaň, iriň akmaz.
* * *
Turp iýen adama içýan zäheri ýöremez.
* * *
Arpabadyýany (ukroby) köp we yzygiderli iýseň, gözüň kütelermiş.
* * *
Ýedi aýlyk doglan çagany dokuz aý dolýança ýatgydaky bar bolan şertleri döretmek üçin pagta dolap, peşehanada gazanyň aşagynda saklapdyrlar, şonda çaga her hili howplardan goragly bolupdyr.
* * *
Iteşen örende, aýal köýnegini geýseň (gyzyl), örgün aýrylarmyş.
* * *
Balygyň oňurgasy, barsyň dyrnagy, towşanyň süňki göz degmekden goraýarmyş.
* * *
Eger-de adama göz degendir öýdülse, ýüzärlik tütedip, üstünden eýläk-beýläk üç gezek ätläp silkinmeli.
* * *
Adama, çaga göz degse, zäk ýakmaly1.
* * *
Mör-möjekleriň çakan ýerlerine, endamyň agyrly ýerlerine «yrym-yrym, ýom-ýom» diýip, ody çalaja degrip, tisgindirýär ekenler1.
* * *
«Göz degendir» öýdülende, gurşun eredilip, näsagyň depesinde suwly jam tutulyp, şol suwa erän gyzgyn gurşun guýýarlar. Şonda näsag gurşunyň jagyrdan sesine tisginýär. Gurşunda şekiller emele gelýär. Şol şekiller boýunça göz degendigi anyklanylýar.
* * *
Gözi degýän adam gelse, gidenden soň, pyçak bilen yzyny kesişdirmeli.
* * *
Gözi degýän adam öýe gelse, gidenden soň, yzyndan suw sepmeli.
* * *
Ýanyňda syrtlanyň tüýüni ýa-da dişini göterseň, hemmelere mähriban görnersiň.
* * *
Ýanyňda doňzuň dişini göterseň, doga kär etmezmiş, göz degmezmiş.
* * *
Gyzamyk çykan çaganyň ýanynda oturyp dutar çalsaň, dutar sesine örgün gowy örermiş.
* * *
Gyzamykly çaga ýatan öýüň gapysynyň ýokarsyndan bir bölejik pagta gysdyrmaly. «Ak gelip, ak çyksyn» diýlip, ýerine ýetirilýän yrym.
* * *
Gan basyşy beýik adamlar bilegine gyzyl ýüpek daňyp goýsa, gan basyşy kadalaşar.
TEBIGAT HADYSALARY WE HOWA ÝAGDAÝLARY
BILEN BAGLY YRYMLAR
Säher bilen itburun gülüni açmasa, şol gün örän yssy bolar.
* * *
Irden guşlar ýapragyň aşak ýüzünde gizlense, şol gün howanyň yssy boljakdygyny aňladýar.
* * *
Ýaplarda gurbagalar daň atýança uklamasa, ertesi howa yssy bolar.
* * *
Täze dogan Aý demirgazykdan dogsa, tutuş aý salkyn, günortadan dogsa, tutuş aý yssy bolar.
* * *
Aý doganda sarymtyl şöhle saçsa, güýz maýyl, gögümtil şöhle saçsa, güýz sowuk bolar.
* * *
Hozuň gabygy, güýz gawunlarynyň, garpyzlarynyň paçagy galyň bolsa, gyş sowuk bolar.
* * *
Bişen üzümiň daşy ýalpyldap dursa, güýz hasylly bolar.
* * *
Tomus itüzüm miwesini bol getirse, güýzde bolçulyga garaşyber.
* * *
Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar.
* * *
Gün ýaşanda şapak gyzarsa, ertesi howa gowy bolar, daňdan şapak gyzarsa, ýakymsyz howa bolar. «Agşam şapak gyzarsa, gelniň ogul tapdy bil, daňdaň şapak gyzarsa, malyňy ýagy çapdy bil» diýen nakyly hem ata-babalarymyz döredipdir.
* * *
Sanjar aýynda ilkinji düşen gyraw uzakly gün ýerde ýatsa, gyş sowuk bolar.
* * *
Güýzde gyşlamaga gidýän guşlar has ýokardan uçsa, gyş haýal düşer, ýere golaý pessaýlap uçsa, gyş çalt düşer.
* * *
Towuk gaty ses bilen käkelese, tozanly howa bolar.
* * *
Pişik asgyrsa, sowuk bolmagyna garaşylýar.
* * *
Goýun gulagyny kaksa, ýagyş-ýagmyr ýagar.
* * *
Gargalar bahar gelende suwuň başyna gonup başlasalar, yssy adatdakydan ir düşýär.
* * *
Garlawaçlar suwuň ýüzünden jügüldäp uçsa, howa bulaşar.
* * *
Gurbagalar suwdan çykyp, ot-çöplere siňip başlasa, ertesi ýagyş ýagar.
* * *
Guş bir aýagynyň üstünde durup uklasa, ertesi howa salkyn bolar.
* * *
Asmanda ýyldyzlar seýrek görünse, ertesi howa bulaşar.
* * *
Meýdanda kerepler gaýmalaşyp ýörse, gyş gurak we sowuk bolar.
* * *
Ýazda ýyldyrym köp çaksa, kömelek bol bolar.
* * *
Sanjar aýynda ülje ýapraklary güýzese (terlense), howa sowuk bolar.
* * *
Maýyl günde gaz bir aýagynyň üstünde dursa, ertesi sowuk bolar.
* * *
Ördekler gyşlamaga gidýän guşlaryň «göçünden» galsa, gyş ýyly bolar.
* * *
Alp Arslan aýynda miweleriň ysy burk urup dursa, güýz bereketli geler.
* * *
Agşam suwly ýerde buzaw «jürläp» owaz etmese, ertesi dymyk howa bolar.
* * *
Boş jaýda ýa-da meýdanda, dagda gygyrsaň, sesiň ýaňlansa, howa açyk bolar. Sesiň ýaňlanmasa, ýel turmagy ýa-da ýagyş ýagmagy ahmal.
* * *
Kagyz gapda duran duz öljerse, ýagyş ýagar.
* * *
Agşam ýere gyraw düşse, gündiz gar ýagmaz.
* * *
Agşam ýyldyzlar solgun görünse, ertesi tozanly ýel turar.
* * *
Agşam aýyň reňki gyzyl bolsa, ertesi howa yssy bolar.
* * *
Gyşyna Aý gyzyl reňkde bolsa, ertesi gar ýagar.
* * *
Asman süýt reňkinde agaryp dursa, ertesi dymyk howa bolar.
* * *
Bulutlar dagyň üstünde uzak wagtlap dursa, ertesi ýagyn ýagar.
* * *
Gije dagyň üstünde ýyldyrym çaksa, ýagyş ertire çenli ýagar.
* * *
Gün batanda onuň öňüni gülgün reňkli şapak tutsa, gije maýyl, ertir açyk howa bolar.
* * *
Gün batanda şapagyň arasyndan günüň şöhleleri dikligine gaýtsa, ertesi ýagyş ýagar.
* * *
Güýz aý dik dogsa, basym sowuk düşer.
* * *
Syçanlar gowaça meýdanynda pagta süýümini çeýnäp taşlasalar, ýagan garlar uzak wagtlap ýatar.
* * *
Sülgünler, käkilikler çöpüň aşagyna giriberseler, erbet sowuk boljagynyň alamaty.
* * *
Öý guşlary saýramasa, ertesi ýelli howa bolar.
* * *
Agşam açyk howada geçiriji simler ýuwaş hallan atsa, ertesi sowuk bolar.
* * *
Sanjar aýynda ilkinji ygal gije ýagsa, gyş sowuk, gündiz maýyl bolar.
* * *
Güýzüň ahyrky aýynda gök gürlese, gyş garly bolar.
* * *
Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar.
* * *
Güýzüň ahyrynda çybyn köpelse, gyş ýyly bolar.
* * *
Gyş ýer gaty doňsa, bugdaý hasylly bolar.
* * *
Pişik guýrugyny ýalap, diwara süýkense, şol gün howa ýagynly bolar.
* * *
Pişik arkasyna agynap, gerinjirse, şol gün howa maýyl bolar.
* * *
Pişik öýüň ortarasynda süýnüp ýatsa, şol gün howada bulut bolsa-da, ýagyş ýagmaz.
* * *
Daşardan getirlen odunlar şatyrdap ýansa, sowuk uzak wagtlap dowam eder.
* * *
Kepderiler guguldaşyberseler, açyk howa boljagynyň alamaty.
* * *
Alakalar ýaga düşüp, hinine dänedir sypal çekip ýörseler, gyş gazaply bolar.
* * *
Daňyň gyzyl şapagy, kem-kemden agarman, birden solup gitse, güýçli ýel turup, ýagyn ýagar.
* * *
Irden günüň dogjak ýeri agymtyl çal reňkde bolsa, şol gün ýagyn ýagmaz.
* * *
Soganyň gabygy galyň we gat-gat bolsa, gyş sowuk bolar, ýukadan gelen, az gatly bolsa, gyş maýyl bolar.
* * *
Tomsuna haşal otlar gol ýaýratman, beýikligine ösen bolsa, gyş garly bolar.
* * *
Eger-de Günüň ýaşan ýeri süýt reňkli bolsa, gije ümür düşmez.
* * *
Gije Aý buludyň üstünde bir görnüp, bir ýitse, ertesi düşnüksiz howa bolar.
* * *
Tomsuň ahyrynda ýerganat uçsa, gyş ir geler.
* * *
Akmaýanyň süýdi aýdyň görünse, ertesi açyk howa bolar, solgun görünse, ertesi ýagyş ýagar.
* * *
Gije ýyldyzlar ýere gaçjak bolup lowurdap dursalar, ertesi şemalsyz açyk howa bolar.
* * *
Aý doganda ýüzi tutuk bolsa, ertesi çygly howa bolar, çygly şemal öwser.
* * *
Aý doganda, gögümtil şöhle saçsa, ertesi ýagyş ýagar.
* * *
Täze Aý doganda dury görünse, tutuş aý ýagyş ýagmaz.
* * *
Aý doganda töweregi ýalpyldap dursa, ertesi ýel turar.
* * *
Ýaz ygally, tomus çygly, güýz ýyly bolsa, gyş uzak wagtlap dowam eder.
* * *
Towşan öýüni çuň gazan bolsa, gyş sowuk bolar.
* * *
Gargalar çüňküni ganatynyň aşagyna sokup otursa, aýazly howa bolar.
* * *
«Garlawaç pessaýlap uçsa, ýagyn ýagar» diýlip çaklanylýar.
* * *
Garynjalar hininiň üstüne gum üýşürip, gyşlamaga giden bolsa, gyş sowuk bolar.
* * *
Gyşyna gargalar gagyldaşyberse, gar ýagjagynyň alamaty hökmünde garalypdyr.
* * *
«Gyşlamaga galan guşlaryň höwürtgesi ýelek, perlerden, gury otlardan ýasalan bolsa, gyş sowuk bolar» diýlip ynanylýar.
* * *
Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden soň, sowuk düşer.
* * *
Güýzüň ahyrynda çybyn köp bolsa, gyş maýyl bolar.
* * *
Durnalar ir bahardan peýda bolsalar, ýaz ýagynly bolar.
* * *
Hüwi gygyryberse, howanyň bulaşjagynyň alamaty.
* * *
Eger gargalar gyşyna daglara tarap uçup gitse, maýyllyk boljaklygynyň alamaty.
* * *
«Türkmenbaşy aýynda Nowruz aýynyň howasy ýaly bolsa, Nowruz aýynda-da ýylyň ilkinji aýynyň howasy ýaly howa garaşybermeli» diýilýär.
* * *
Gije aýa bakyp meýdana oturmaklyk gowy görülmeýär, edepsizlik hasaplanylýar.
* * *
Halk arasynda «Aý – arslan, Gün – göwher, bular biri-biriniň yzyndan ýetip bilmän ýören aşyk-magşuk, gyz bilen ýigitmişin» diýen ynanç saklanyp galypdyr.
* * *
Ýerde ýaramazlyklar kän bolsa, ene ýer azgynlyklary göterip bilmezmiş. Şonda ýer titrärmiş.
NOWRUZ YRYMLARY
Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler. Sebäbi ol bagt getirýärmiş.
* * *
Nowruzda bişirlen semenini datmak sogap hasaplanylýar. Ol adamlara rysgal getirýär. Semenini rysgal-döwletli, abraýly ýaşuly aýallara bişirdýärler. Agşam bişirip, gazanyň agzyny ýapyp goýýarlar. Irden gazany açanlarynda Äşe-Patmanyň barmaklarynyň yzyny görjek bolup çalyşýarlar. Çünki halk arasynda «Semeniniň ýüzünde şolaryň barmaklarynyň yzy bolarmyş» diýlen ynanç bar.
* * *
Musulman halklaryň käbirinde semeni diňe Nowruzda bişirilýär.
* * *
Nowruzda semeni bişiren adam ony ýedi öýe dadyrmalymyş. Şonda rysgalyň ýetmiş esse bolup gaýdyp gelermiş.
* * *
Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally gelermiş.
* * *
Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolarmyş.
* * *
Nowruzda baglaryň çygly çybyklaryndan, damjalar görnüp dursa, agaçlar hasylly bolar.
* * *
Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolar.
* * *
Nowruzda aý demirgazykdan dogsa, ýaz sowuk, tomus salkyn bolar, günortadan dogsa, ýaz gurak, tomus jöwzaly bolar.
* * *
Nowruzda gar, ýagyş ýagsa, ýyl örän ygally bolar.
* * *
Nowruzda örän yssy bolsa, ýylyň gurak geläýmegi ahmal.
* * *
Nowruzda doglan çaga bagtly bolarmyş.
* * *
Nowruzda gargalar gagyldaşyp ýörse, yzyndaky aýda salkyn boljaklygynyň alamaty.
* * *
Nowruzda täze zat geýseň, şol geýim bagt getirermiş.
* * *
Nowruzda howa dymyk bolsa, ýaz gurak, tomus örän yssy bolar.
* * *
Nowruzda şemal demirgazykdan öwüsse, ýaz ýagyşly, tomus yssy bolar.
* * *
Nowruzda şemal günortadan öwüsse, tomus yssy, epgek bolar.
* * *
Nowruzda howa bulutly bolsa, Oguz aýyna çenli bulutly bolar.
* * *
Nowruzda howa sowuk bolsa, däneli ekinler hasylly bolar.
* * *
Nowruzda ak ýürekden edilen arzuw hasyl bolarmyş.
DÜÝŞ ÝORGUTLARY
Hakyky oraşan düýş görmek üçin ilki bilen bütin süňňüň arassa bolmaly, täret kylyp, päkizelenip ýatmaly. Onsoň hem giç ýatyp, ir turmaly. Ir ýatyp, giç turmaklyk akyl üleşiginden galmakdyr, şol wagtda görlen düýşleriň hem barysy ýalandyr. Akyl daňdan paýlanarmyş, daňdan görlen düýş hakykata ýakyn bolarmyş, gowy düýş görseň, turmalymyş hem-de «Şu düýşi maňa bereweri!» diýip, Allatagaladan dileg etmelimiş. Adam ýaramaz düýş görse-de, gorkmaly däl, şükür edip, Allatagala sygynyp, «Allajan, ýaramaz düýşi menden daş edeweri!» diýip, dileg etmelimiş.1
* * *
Düýşüňde öküz görmek – emgege çolaşmak.
* * *
Düýşüňde batga batmak – emgege duçar bolmak.
* * *
Suwa düşmek – bir gowy zada garaşmaly, aklyga çykjaksyň, aladadan dynarsyň.
* * *
Düýşüňde gatyk içmek, süýt içmek örän gowy, şahyr ýa-da dilewar boljaksyň.
* * *
Düýşüňde çörek görseň, myhmana garaşyber, adam ýüzüni görersiň.
* * *
Hiňňildik uçmak, at çapmak – döwletli bolmakdyr.
* * *
Eşek münmek – göni gelen rysgal.
* * *
Pul, şaý almak – döwletli, rysgally bolmakdyr.
* * *
Pul, şaý bermek – rysgalyňdan aýrylmak.
* * *
Düýşüňde mata almak – erbet, ýöne ak mata ýa-da pagta örän gowy.
* * *
Düýşüňde erik iýmek, başga zat iýmek – emgek, ýöne bişen zat iýmeklik ýagşyrakdyr. Bişmedik zatlary iýmeklik gury emgekdir.
* * *
Düýşüňde çaga dogurmak, ogul ýa gyz – döwletli bolmak, rysgala ynamly garaşmak.
* * *
Ýer sürmek, ýer depmek – gury emgege garaşmak.
* * *
Hasyl ýygnamak, hasyl toplamak – bu döwletli bolmagyň alamaty.
* * *
Ile, başga birine zat bermek – rysgalyňdan aýrylmak.
* * *
Ak eşek, ak at münmek, almak – gös-göni rysgal, bagtly boljagyň alamatlary.
* * *
Umuman, düýşde ak zatlary görmeklik ýagşylygyň alamaty, gara zatlar ýaramazlyklara eltýärmiş.
* * *
Düýşüňde altyn, kümüş almak – rysgal-döwlet, bagt.
* * *
Ýarag götermek – döwletlilik.
* * *
Tüpeň sesi – bir habara garaşmak, habaryň alamaty.
* * *
Düýşüňde ölen-ýiten merhumlaryňy görmeklik bagtlylygyň alamaty. Ýöne ölä zat bermek gowy görülmeýär, ölüden zat almak – örän gowulyk hasaplanylýar. Eger hamyla gelniň bolsa, ýa çagasy bolmaýan gelin bolsa, onda çaga garaşybermeli. «Öli gelse, diri geler» diýen nakyl hem bar.
* * *
Düýşüňde gan görmek, eliň gana boýalmagy – döwletliligiň, rysgallylygyň alamaty, ýöne özüňden gan gitse, gowy görülmeýär. «Gan – gazanç» diýýändir, türkmen halky.
* * *
Düýşüňde hat ýazmak – döwletli habar.
* * *
Ot görmek – gowy zadyň nyşanasy, «ot-oraz», ýagşylyga garaş.
* * *
Odun – olja, odun alsaň, olja aljagyň alamaty.
* * *
Ary çaksa, ýa-da başga bir mör-möjek çaksa – awunmaly zada garaşmaly.
* * *
Ak süňk görmek – malyň köpeljeginiň alamaty. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlen nakyl bar.
* * *
Düýe münmek, almak – döwletliligiň alamaty.
* * *
Aw awlamak, eger aw öli bolsa – azap, emgek, eger aw diri bolsa – azap, emgek bolmajakdygy.
* * *
Ýük götermek – ýaramazlyk, gowulyk däl.
* * *
Ýuwunmak – dert-belalardan saplanmak.
* * *
Üstüňe ýagyş ýagsa – bu bir ýaramaz işiň başa düşjekliginiň alamaty.
* * *
Gün görmek – seýrek görüşýän, gowy görýän dostuň, tanşyň, garyndaşyň bilen duşuşjagyň alamaty.
* * *
Kelle syrdyrmak, saçyň düşmegi – bir erbet işiň üstünden barjakdygyňy aňladýar.
* * *
Ýagtyda gezmek – gowulyk, aladasyz ýaşamagyň alamaty.
* * *
Garaňkyda gezmek – başyňa aladaly günleriň geljegi.
* * *
Adamlar bilen duşuşmak, görüşmek – gowulyk, ýagşy zatlar.
* * *
Kitap okamak, kagyz almak – döwletli, sowatly bolmaklygyň alamaty.
* * *
Hydyr görmek, aksakgal ýaşuly görmek – bular gowulygyň alamaty, diňe gowy zatlara garaş.
* * *
Suw tutmak – emgek.
* * *
Suwa düşmek, ýüzmek, ýuwunmak – gowulyklar.
* * *
Jansyz ulaglara münmek – adaty ýaşaýşyň alamatlary.
* * *
Düýşüňde ak sapak – ak ýol bolarmyş.
* * *
Düýşüňde aglasaň – begenersiň, gülseň – gynanarsyň.
* * *
Düýşüňde gyzyň bolsa – gynançly habar, ogluň bolsa – begençli habar geler.
* * *
Düýşüňde çyra ýansa – ýoluň ýagty bolar.
* * *
Düýşüňde gök önümler, miweler iýseň – howa sowuk bolar.
* * *
Düýşüňde jöwen görseň – aklyk bolar.
* * *
Düýşüňde geýim görülse – abraý.
* * *
Düýşüňde saçyň agarsa – biderek alada.
* * *
Düýşüňde biri darak berse – ýaramazlyga garaşybermeli.
* * *
Düýşüňde çörek görseň – adamynyň ýüzi, myhman geler, köne tanyşlaryňy görersiň.
* * *
Düýşüňde ýylan görseň – duşmanyň bardyr. Şol düýşüň ugruna bir sadaka ber.
* * *
At münseň – myradyňa ýetersiň, eşek münseň – döwletlilige ýorulýar.
* * *
Düýşüňde uçsaň – günäden saplanarsyň. Oýalykda-da hiňňildikde uçsaň, günäň dökülýär – diýilýär.
* * *
Düýşüňde gyzyl eşikler geýseň – dile düşersiň.
* * *
Ýalaňaç düýä münseň – kynçylyklaryň garaşýanlygydyr.
* * *
Ýykylsaň, çukur ýere gaçsaň – gowy görülmeýär. Hiç zat bolman çyksaň, hiç ýaramazlyk bolmaz.
* * *
Düýşüňde iti, ýylany, mör-möjegi öldürseň – duşmanyňdan dyndygyňdyr.
* * *
Düýşüňde ädigiň bir taýyny galdyryp gelseň – başyňa belany satyn aldygyň bolar.
* * *
Düýşüňde üstüňe jaý ýykylsa – başyňda azaply günleriň barlygydyr.
* * *
Düýşüňde çäýnek görseň – aýagy agyr zenan bar bolsa, ogly bolar.
* * *
Eger düýşüňde ak don geýseň, ýaşyl don geýseň – gowulyga garaş, uzak ýaşarsyň, gyzyl don – geýseň, dile düşersiň.
* * *
Düýşüňde aýna görseň – gyz görersiň.
* * *
Igde – gyzyl dil bolar.
* * *
Düýşüňde towşan görseň, ogry gelermiş.
HAÝWANLAR, GUŞLAR HAKYNDAKY YRYMLAR
Hiç wagt ýatan ýylana degmeli dälmiş. Gowulyga garaşmaly däl. Ýoldaşy hökman ar alar. Ýylan ýatan adama degmezmiş. Uklap ýatan adamynyň üstünde köke ýaly tegelenip ýatyberýärmiş.
* * *
Durnanyň ýolbaşçysyny atsaň, ýoldaşlary azaşyp ýörermiş. Atan adam uly günä gazanar.
* * *
Horaz bosaga gelip gygyrsa, myhman gelermiş.
* * *
Goýny ýedi ýyllap urman, sökmän, käýinmän bakan çopan Hydyr görermiş.
* * *
Gurt (möjek, böri) türkmenlerde gowy görülýär. «Gurt ýüzi mübärek» diýlen nakyl hem türkmen halkynda örän ýörgünli ulanylýar.
* * *
Iti urmaklyk külli günä hasaplanylýar.
* * *
Owuzy gyzgynka iýmeli dälmiş. Täze doglan gölejik ýalmawuz kimin iýermen bolarmyş.
* * *
Ýylanyň aýagyny gören ýa baý bolarmyş ýa-da garyp düşermiş.
* * *
Sygyrlar guzlanda, käbir ýerlerde «Zeňňi aşy» bişirilýär.
* * *
Bogaz sygyr ýalanarmyş.
* * *
Türkmenler ata münenlerinde, atyň çep tarapyndan baryp, çep aýaklaryny üzeňňä basyp, çep elleri bilen eýere ýapyşyp atlanar ekenler. Söweşjeň türkmeniň sag eli gerekli ýerinde boş bolar ýaly şeýle ediler ekeni.
* * *
At ýuwulanda, sypaň-sermeň edilende, onuň çep gapdalyny çep eliň bilen, sag gapdalyny bolsa sag eliň bilen ýuwmaly.
* * *
Atyň aýaklaryny galdyrmak isleseň hem, çep gapdalyny çep eliň bilen sag gapdalyny sag eliň bilen galdyrmaly.
* * *
At münüp barýan türkmen bilen öňünden gelýän atly türkmen gabatlaşsa, «Erbet niýet bilen öňüňden çykmadym» diýen manyda sag eginleri bilen gabatlaşmaly.
* * *
Garga gagyldasa, myhman geler ýa-da habar geler.
* * *
Halal mal eýesinden aýrylmazmyş.
* * *
Düýe: «Eýämiň ýykyljak ýeri meniň dabanymdanam ýumşak bolsun!» diýenmiş.
* * *
Mal-gara, öý haýwanlary özleriniň ölümi bilen hem eýesiniň başyna gelen belany sowarmyş.
* * *
Mal öldürilende, iç goşlaryny ýata suwda ýuwmak bolmaýar.
* * *
Mal haram ölse, «Başa gelenini sowsun!» diýmelimiş. Oňa onçakly gynanmaly dälmiş.
* * *
Sygyr saglanda iniň halal bolmaly. Şonda öýe rysgal-döwlet gelýärmiş.
* * *
Mallary suwa ýakmaga baranyňda, ýuwaşjadan sykylyklasaň, sykylyk sesi eşidilse, mallar suwy gowy içermiş.
* * *
Sygry, goýny, düýäni depmek günä. Adam uzagyndan çolak bolarmyş.
* * *
Ýylan her gün bir gelen ýerinde düýrlenip ýatsa, şol ýerde gyzyl bardygynyň alamaty.
* * *
Ýylanyň gowuny garyşlap görseň, eliň hiç haçan derlemezmiş.
* * *
Hažžyk (kelpese) güne seredip oturyp, günden özüne güýç alýar ekeni. Ol haýwan güne seredip oturansoň, adamlar arasynda oňa «Güne gargar» diýilýär ekeni. Emma ol haýwan güne gargaman, ondan güýç alýarmyş.
* * *
Münen atyň büdrese, gowy görülmeýär. Ýöne nähili hem bolsa kalbyňda ýagşy niýetler saklap, gowulyga ýormalymyş.
* * *
Baýguş gygyrsa, «Baýhatyn, baýhatyn, baýlygyňdan ber hatyn!» diýip, ondan dileg etmeli, ýogsa «şer getirýär» diýlip, yrym edilýär. Bu akylly guş «baýguş» diýseň, halamazmyş, «gan gus!» diýip gargarmyş1.
* * *
«Gargalar tamyň üstüne üýşüp gagyldaşsalar, toý bolar» diýilýär.
* * *
Düýe bagyryberse, gowulygyň alamaty hasaplanylmaýar.
* * *
Düşdüş sallananda, ak düşdüş bolsa, garyndaşyň, gara düşdüş bolsa, dost-ýarlaryň myhmançylyga geljekdir.
* * *
It zaryn-zaryn uwlasa, türkmençilikde gowulyga ýorulmaýar, «betbagtlyk bolaýmasyn» diýlen ynanç bilen hudaýýoly paýlanylýar.
* * *
Möý öldüren adamynyň günäleri dökülermiş.
* * *
Öýe guş uçup girse, bagtlylykdan nyşan hasaplanylýar. Türkmen halky öz öýünde höwürtge ýasanan guşa bagtlylygyň alamaty hökmünde garapdyr.
* * *
Öýe ýylan girse, öldürmeli däl, eger öldürseň, her hili betbagtçylyk bolmagy ähtimalmyş.
* * *
Bardy-geldi ýylany öldürmeli bolsa, tizlik bilen ony gömmeseň, ýyldyz görende direlermiş.
* * *
Pişik nirä bakyp ýuwunsa, şol tarapdan myhman geler.
* * *
Sygyr guzlanda öz eşenini iýse, gowy görülmeýär. Şol öýden betgylykly çaga çykarmyş.
* * *
Sygyr, goýun guzlan wagty enesi bilen arasyndan geçseň, enesi emdirmäge almaýarmyş.
* * *
Sygryň owuz süýdi, owuzy ol öýe, bu öýe dadyrylanda, içine kömür bölegi atylsa, göz degmekden gorap saklaýar.
* * *
Towuk horaza öýkünip gygyrsa, şol towugyň damagyny çalmaly, ýogsam, öýe betbagtlyk getirermiş.
* * *
«Horazyň sesini edip gygyrýan mäkiýan (towuk), biwagt gygyrýan horaz şumlugy aňladýar» diýilýär.
* * *
Towşan awçyny görüp, çommalyp oturyberse, atmaly däl, atsaň, betbagtlyk getirýär.
* * *
Eger birden ýylan, içýan, dürli mör-möjekler bosup başlasa, ýer titrejekliginiň alamaty.
* * *
Öýüň töweregine pyşdyl gelse, rysgal-döwlet getirermiş. Pyşdylyň çanagynyň üstüne gatyk guýup goýbermelimiş.
* * *
Hudaýatyny öldürmeklik külli günädir.
DÜRLI YNANÇLAR BILEN BAGLANYŞYKLY DÖRÄN YRYMLAR
Uzak ýola düşeniňde ýol dogasyny okasaň, ýoluň hemişe açyk bolarmyş.
* * *
Awçylar awa çykanlarynda, awlary oňar ýaly Awlamyş atany çagyryp, şikara gider ekenler.
* * *
Ojar ýygmaga çöle gidenlerinde Ak işanyň ýoluna bir zat aýdyp, işleriniň şowly bolmagyny arzuw edip, ýagşy niýetler bilen gitseler, işleri şowly bolar ekeni.
* * *
Gerçek goç ýigitler öz işleriniň şowly bolmagyny Allatagaladan dilänlerinde «Ýa pirim Aly, şiri Huda» diýip, pirlerini çagyrar ekenler.
* * *
Dutar ýasaýanlar: «Baba Gambar pirim, özüň ýetiş, kömek, ýardam ber» diýip, uly ynam bilen Baba Gambar pire ýalbaryp, öz işlerine başlaýarlar.
* * *
Baýrat göweç – zergärleriň piri hasaplanylypdyr. Zergärler işe başlanlarynda «Baýrat göwejiň ady bilen başlasaň, şowly bolýar» diýen ynanja eýeripdirler.
* * *
Adamlar ýylyň gurakçylyk boljakdygyny duýsalar, Burkut babanyň ýoluna janly aýdar ekenler. Köpçülik bolup, agzybirlik bilen üýşüşip, iýip-içip, «Burkut babanyň ruhuna barsyn, iýilen-içilen hudaýýoluna sadaka bolsun!» diýip, aýat-töwir eder ekenler.
* * *
Düýe janawer näsaglasa, ýa ýitse, Weýis babanyň ýoluna bir zat aýdar ekenler.
* * *
Welpeteň garyp ýabyň piri hasaplanylypdyr. Iş ýabylarynda işlänlerinde, şolary köpeldenlerinde Welpeteň garybyň ady bilen başlasalar, işleri şowlanypdyr.
* * *
Dal bedewleriň piri Düldül ata hasaplanylypdyr. Bu pygamberiň ady hem Hezreti Alynyň Düldül atynyň ady bilen baglanyşykly bolmaly. Dal bedewleri seýislänlerinde, öz ata-babalaryndan galan ýörelgelerine uýan türkmen halky Düldül atanyň ady bilen başlapdyr. Şonda işleriniň şowly boljakdygyna ynanypdyrlar. At çapyşyklarda, ýaryşlarda hem Düldül atanyň ady bilen tutan tutumlary şowly bolupdyr.
* * *
Başyna iş düşen adamlar «Sadagaň bolaýyn, Gaýtarmyş ata, özüň ýetişeweri, bela-nägehandan sowaweri!» diýip, Gaýtarmyş atanyň ruhundan ýardam isleýärler1.
* * *
Göwender babany geçiniň piri hasaplapdyrlar, geçini köpeldenlerinde Göwender babanyň ýoluna çykyp, zat aýdyp, ruhuna aýat okapdyrlar weli, işleri şowly bolupdyr2.
* * *
«Musa pygamber – Çopan ata – goýnuň piri» diýip, halk arasynda giňden ýaýran ynanç bar. Musa pygamber goýun çopan bolupdyr. Ol Allatagalanyň gudraty bilen pygamber bolupdyr. Allatagala bilen sözleşip bilen pygamber hasaplanylýar.
* * *
Zeňňi baba – sygryň piri. Sygyr saklaýan türkmenler Zeňňi babanyň adyny dilinden düşürýän däldirler. Çünki sygyr, birinjiden, köpelmeli, köpelenden soň hem aladasy kän. Sygryň süýtli bolmagy, süýdüni çekmezligi, süýdüniň ýagly bolmagy, ýelnine ýara düşmezligi, sagat bolmagy hakda mydam alada eden halkymyz Zeňňi babadan goldaw isläp, şonuň ruhuna ýüzlenipdirler.
* * *
Pälwan ata Ödemämmet towugyň – piri hasaplanylýar. Towuk köpeltjek bolsalar, onuň kesellemezligi üçin Pälwan ata Ödemämmediň ruhuna ýüzlenipdirler.
* * *
Idris baba (Idris pygamber) geýim-gejimiň piri hasaplanylypdyr. Täze öwrenip başlan tikinçiler öňi bilen Idris babanyň ruhundan kömek, ýardam isläp, ony çagyrar ekenler. Idris baba tikinçi eken. Ol barada halk arasynda rowaýatlar hem saklanyp galypdyr1.
* * *
Käkilik öwülýä ýitigiň piri hasaplanylýar. Bir zady ýitenler «Käkilik ata bir pata» diýip, birnäçe gezek gaýtalapdyrlar. «Şonda şol ýiten zatlar tapylýar» diýen ynanç halk arasynda ornaşyp galypdyr. Zat tapylansoň, «Käkilik piriň ruhuna barsyn» diýip, aýat-töwir edipdirler.
* * *
Meşrep diwana ýoluň piri hasaplanylypdyr. Bir ýere ýola çykanyňda Meşrep diwanany ýatlap, şonuň ruhuny kömege çagyryp, «Ýoluň ak, ýoldaşyň hak bolsun!» diýip, ýola salar ekenler. Meşrep diwana barada hem halk arasynda rowaýatlar kän1.
* * *
Dawut pygamber – demriň piri. Demir bilen işleýänler demriň piriniň ýoluna nämedir bir zat aýdyp, özlerine ondan medet dileýärler. «Eger-de Dawut pygamberiň ýoluna zat aýdyp, şowlulyk dilemeseň, işiň şowsuz boljak ýaly bolup dur» diýlip, yrym edilýär. Şowsuzlyk bolsa-da, yrymlara uýup, demriň piri Dawut pygamberiň ýoluna zat aýdypdyrlar.
* * *
Züleýha (Zylyha) – aşyklaryň piri. Aşyklar başlaryna kyn iş düşende Züleýhany çagyrar ekenler2.
* * *
Lukman hekim – saglygyň piri. Eger-de näsaglyk bolsa, Lukman hekimiň emlerini ýatlap, şol emleri ýerine ýetirip, Alladan saglyk dileýärler. Bu ynanç hem adamynyň saglygy bilen baglanyşykly yryma öwrülipdir3.
* * *
Mirkulal (Pirkulal) – küýzegärleriň, küräň piri. Küýzegärler kürelerini otlap, Mirkulal piri çagyrypdyrlar. «işlerimiz şowlanar» diýip, tama edipdirler.
* * *
Mirhaýdar – ýeliň piri. Ýel turanda basga düşüp başlaýan adamlar tizlik bilen «Ýeliň piri Mirhaýdar baba ýetişeweri!» diýýändirler. Hakykatdan hem, ýel gowşaýar, bu yrym hem halkyň ynanjy bilen baglanyşykly dörändir. Howa dymyk, şemalsyz bolsa, «Çal Haýdar, çal Haýdar» diýip gaýtalamaly, şeýle diýilse, şemal öwsüp başlaýar.
Tüweleý turanda hem tüweleýiň ugruna suw sepeläp, şeýle sanawaç sanasaň, tüweleý sowlup gidermiş:
Howul bela, howul bela,
Üstümizden sowul bela,
Tüf, tüf,
Suwum seni peselder,
Tüweleý çöle gider.
* * *
Ýel tursa, sussuň basylýan adamyň gelermiş.
* * *
Ýel tursa, «Şemal ýuwaş, goýun ýuwaş» diýip gaýtalamalymyş.
* * *
Möwlana Jelaleddin Rumy gepe-söze suwara, dilewar adamlaryň, şahyrlaryň piri. Şahyrçylyk ýoluna gadam goýanlar «Ozaly Hudaý, ahyry Hudaý, pirim Jelaleddin Rumy kömege ýetiş!» diýip, onuň ruhuny kömege çagyrmaly. Jelaleddin Rumy XIII asyrda Türkiýede ýaşan türkmen, taryhy şahs, uly söz ussady. Ähli şahyrlaryň, söz ussatlarynyň ruhy halypasy.
* * *
Nalaç baba – jykyryň piri. Türkmenistanda suwuň gytçylyk etmegi zerarly jykyr guraly ýasalyp, işe girizilipdir. Ony ilkinji ýasan, işe girizen hem Nalaç baba bolmaly. Jykyr bilen suw alyp, ekin ýerlerini suwarypdyrlar. Öz pirleri Nalaç babanyň ruhuna ýüzlenmek jykyr bilen iş salyşýanlar üçin yryma öwrülip gidipdir.
* * *
Nuh pygamber – agaçdyr gäminiň piri. Nuh atamyzyň zamanynda onuň kowumlarynyň köpüsi azyp, ýaramaz hereketler edip başlapdyr. Şonda Allatagala oňa «Agaçdan gämi ýasap, özüňe eýerýän adamlary ýanyňa al-da, suw bilen daşlaşyp git, onsoň men ýeriň ýüzüni sile aldyrjak» diýipdir. Şonda Nuh pygamber gämi ýasapdyr, şol gämi bilen hem özüne ynananlary halas edipdir. Şonuň üçin hem, ony agaçdyr gäminiň piri hasaplap, şoňa sygynypdyrlar.
* * *
Parawbibi çagasy bolmaly aýallaryň howandary hasaplanylýar. Parawbibi türkmen halkynyň ynanjyna görä, halallyk nyşany1.
* * *
Pugta – tamdyryň piri. Tamdyr salnanda Pir Pugta çagyrylýar. Aýallar tamdyra çörek ýapanlarynda hem «Pirim, pirim, Pir Pugta men ýapaýyn, sen togta» diýip, ýapan çörekleriniň gaçmazlygyny dileg edipdirler. Ynanja görä, dilegler hem kabul bolupdyr.
* * *
Sahy Sagdy Wakgas – jomartlaryň piri. Sahy Sagdy Wakgasyň örän sahy adam bolanlygy hakda halk arasynda rowaýatlar kän2.
* * *
Sarsgyn baba – Hoja Abdylla Ensary – diş agyrynyň piri. Dişi agyrýan adamlar Hoja Abdylla babanyň ýoluna bir zat aýdyp, ýardam bermegini dileýärler.
* * *
Soltan Hüpbüjan – öýlenjekdir at aljagyň piri. Türkmenlerde geçmişde at almak hem edil öýlenmek bilen deň derejede diýen ýaly görlüpdir. Soltan Hüpbüjan çagyrylsa, dilegler kabul bolar ekeni1.
* * *
Süleýman pygamber – sebetdir, suwuň piri. Süleýman pygamberiň bir ýüzügi bar ekeni. Şol ýüzügiň kömegi bilen ähli zatlardan baş çykarar ekeni. «Her bir adam zähmet çekmeli, adam bu dünýä zähmet çekmek üçin gelipdir» diýen pikire uýan pygamberiň özi hem zähmet çekipdir, ol sebet örer ekeni. Şonuň üçin hem ol sebet örmekligiň piri hasaplanylýar. Şonuň bilen birlikde suwuň hem piridir. Beýik Magtymguly atamyz «Ýele, suwa hökmi ýörgen Süleýman» diýip, Süleýman pygamberiň köp zatlara güýji ýeten pygamberdigini ýatlaýar.
* * *
Sümsük-Sümek baba – gyrkymyň piri. Türkmen halky maldarçylyk bilen meşgullanansoň, gyrkym işleri örän gyzgalaňly geçirilipdir. Şonuň üçin hem, ilkinji ökde adamlary pir hökmünde ýatlapdyrlar. Iň ilkinji ökde gyrkymçy hem Sümsük-Sümek baba bolupdyr. Sümek hem ýüňden daralyp taýýarlanylýar. Bu at ýörite sümek edilýänligi bilen baglanyşyklydyr.
* * *
Ussa Badýan – juwazyň piri. Türkmen halky ähli nygmatlary özi öndüripdir. Juwaz oýlap tapyp, juwaz bilen ýag alypdyrlar. Juwazy ilkinji oýlap tapyp, ýag çykaryp başlan Ussa Badýan hasaplanylypdyr1.
* * *
Şeýtan – Ýelkildik baba – ogrularyň piri. Ogrular hem özlerine pir tutunyp, şony çagyryp, öz ýaramaz işlerine başlapdyrlar.
* * *
Şyhy Zinde – guýynyň piri. Türkmenistanda çöllük ýerler kän bolany üçin, suwsuzlyk belasy agdyk bolupdyr. Şonuň üçin hem, geçmişde guýular gazylypdyr. Ilkinji guýy gazan, ony oýlap tapan hem Şyhy Zinde bolupdyr. Şonuň üçin guýy gazyjylar mydama öz işlerine başlanlarynda Şyhy Zindäni çagyryp, ondan ýardam isläpdirler.
* * *
Şyhym Pukara – Hütdükgyz – tapylmaýan zatlaryň piri. Bir zat ýitende Şyhym Pukaranyň ýa-da Hütdükgyzyň ýoluna zat aýdyp, kömek, ýardam isläpdirler.
* * *
Ybraýym Halylulla – ymaratyň, milletiň piri. Her bir dine uýýan adamdan «Kimiň ymmaty, kimiň milleti, kimiň dosty, kimiň mezhebi» diýip, soranlarynda:
Muhammet ymmaty,
Ybraýym Halylullanyň milleti,
Dostumyz dört Çaryýarlar,
Mezhebimiz Ymam Agzam.
diýip, jogap bermelimiş. Ybraýym Halylulla ymaratyň piri hökmünde hem tanalýar. Çünki ol Käbäni ilkinji guran hasaplanylýar1.
* * *
Ymam Agzam – söwdanyň piri. Türkmen ahlagyna görä, söwda edilende adam hiç wagt söwdasyny yzyna gaýtarmaly däl. Ol meshebsizlik hasaplanylýar. «Pylany mezhebinde durmady, söwdasyny gaýtardy» diýlip, şol söwdasyny gaýtaran adam ýazgarylýar. Ymam Agzam halallygyň nyşany hasaplanylypdyr. Oňa şeýle halal bolanlygy üçin üç ýaşynda ymamlyk berlipdir. Şonuň üçin hem «Kimiň mezhebi?» diýen soraga «Mezhebimiz Ymam Agzam» diýlip, jogap berilýär.
* * *
Ysmaýyl goja – noýbadyr mäşiň piri. Türkmen halky däneli ösümliklere uly orun berýär. Her ekiniň hem özüniň başlangyjyny başlan adamlar bolýar. Şolara pir hökmünde hormat-sylag bilen garalypdyr. Her bir ekiniň piri çagyrylsa, hasylyň bitginli boljakdygyna halk ynanypdyr.
* * *
Eýýup pygamber – ýüpek gurçugynyň piri. Eýýup pygamber sabyrlylygyň hem piridir. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda Eýýup ýaly sabyrly bolmagy ündeýän setirlere kän duş gelmek bolýar1.
* * *
Äraly pir – ýaranyň piri. Endam-jany ýaraly bolan adamlar Äraly piriň ýoluna bir zat aýdyp, hudaýýoly paýlar ekenler weli, şol iş barada tutan maksadyň hem amala aşýar ekeni.
* * *
Ýalaňaç baba – borýadyr gamyş kepbäniň piri. Şu zatlary ilkinji oýlap tapan Ýalaňaç baba hasaplanylýar. Ýazlaga gidenlerinde, malyň yzyna düşüp, sonarlyk ýerlere göçüpdirler. Şonda borýa, gamyş kepbe ýaly zatlar zerur bolupdyr. Şony ilkinji oýlap tapan ussatlar hem pir hasaplanylypdyr.
* * *
Agşam ýatylanda okalýan dogany sag egniňe gyşaryp, okamaly. Eger arkan düşüp okasaň, garnyňa şeýtan münermiş.
* * *
Gurban baýramynda hiňňildik uçsaň, günäleriň dökülermiş.
* * *
Gurbanlyk üçin öldürilen çebşiň eti derman hasaplanarmyş. «Gurbanlyk, gurbanlyk, birje çebşim dermanlyk» diýlip, sanawaç sanalypdyr.
* * *
Gurbanlyk üçin öldürilen malyň damak ganyny, yrym edip, maňlaýyňa çalmalymyş.
* * *
Pygamber toýy (ak goýun toý) tutulanda, yrym edilip, Muhammet pygamberiň gowy gören tagamy bolan süýtliaş bişirilýär.
* * *
Pygamber toýy, adam şol ýaşa ýetmän ölse, şol ýaşa barandan soň, merhum bolsa-da, tutulýar.
* * *
Mukaddes Oraza başlananda, dürli tagamlar bişirilip, ys çykarylmaly.
* * *
Oraza gutaranda hem mukaddes Oraza baýramy bellenilip ys çykarylýar.
* * *
Oraza aýynda (baýramçylykda) bedeniňi hem kalbyňy päklemeli. Allatagaladan ýagşy dilegler etmeli. Bişirlen nygmatlary ýagşy niýet bilen yrym edip ak desterhana salmaly. Ýagşy niýetler bilen täze çaga doglan, gelin edinilen öýlere barlyp gaýdylýar. Täze eşikler geýmeli, iň bolmanda barmagyňa akja ýüp saramaly.
OTPARAZLYK DINI BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR
Ýaş çaga aglap goýar ýerde goýmasa, ot ýakyp, oduň közüniň üstüne duz sepip, pat edip patylansoň, çagany oduň üstünden eýläk-beýläk bökdürmeli.
* * *
Uly adamlar kesellänlerinde hem käbir ýerlerde otdan bökdürýärler ýa-da oduň daşyndan aýlaýarlar.
* * *
Oda tüýkürseň, diliňe ýara çykarmyş ýa-da köp basyrganarsyň.
* * *
Ösüp oturan agajy otlamak günä.
* * *
Eger-de şaman ody ýakyljak bolsa, onda ýedi öýden bir-birden çöp ýygnamaly.
* * *
Mal öldürilende damak gany dökülen ýerde (malyň damagy çalnan ýer) hökmany suratda ot ýakmaly. Çünki türkmen halky «Ot astynda bela galmaz» diýen nakyla uýýandyr. Şu maksat bilen hem ot ýakylýar.
* * *
Täze jaýa göçülip barlanda «Şu öýüň ojagynda mydam ot ýanyp dursun, öý bereketli bolsun, ody alawlap ýanyp dursun» diýlip, sadaka berilýär. Muňa «gazan sadaka» diýilýär.
* * *
Halk arasynda meret aýy agyr aý hasaplanylypdyr, şol aýda ys çykarylypdyr. Uly «Şaman oduny» ýakar ekenler. Şol oduň üstünden üç gezek eýläk-beýläk böküp, günälerini dökýän hasaplapdyrlar.
* * *
Adamynyň bedeniniň bir ýerinden mör-möjek çaksa, derrew şol ýere ot basylýar.
* * *
Täze gelin edinilende «Göz-dilden gorap saklasyn» diýlip, yrym edilip, ýüzärlik tütedilýär.
GYMMATBAHA DAŞLAR BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR
Ýaşma daşyndan ýasalan monjugy aşgazana ýetip duran uzynlykda dakynsaň, aşgazan agyrmaz.
* * *
Almaz daşy – adama güýç berýär.
Zümerret daşy – gözüňi ýiteldýär.
Pöwrize daşy – bagt getirýär.
Hakyk – şatlyk getirýän daşdyr.
Sadap – ömrüňi uzaldýar.
Ýantar – göz degmekden goraýar.
Ýakut (lagl) – söýgi getirýär.
Sapfir – wepalylyk berýär.
Ametist – ýüzüňe ýygyrt getirmeýär.
Nefrit – ýyldyrym urmakdan goraýar.
SANAWAÇLY YRYMLAR
Täret kylmaga gidilende sanalýan yrym sanawajy:
Bissimilla rahman rahym!
Elime aldym kündügi,
Çykdym Allaň ýoluna.
Baryp aýdyň Subhana,
Bizem barýas mekana.
* * *
Aýagyňy ýuwanyňda aýdylýan sanawaç:
Bissimilla rahman rahym!
Gaýma, aýagym gaýma,
Syrat köprüsinden taýma,
Syrat köprüsinden geçirgin,
Tamug (döwzah) odun öçürgin!
Jennetden jaý etgin,
Içini nur etgin!
* * *
Öwlüýäniň duşundan geçileňde şeýle sanawaç sanamalymyş:
Bissimilla rahman rahym!
La-ilähä illalla,
Bizem bararys enşalla,
«Alla» diýip ýatanlar,
Gara guma batanlar,
Kyýamat bolan wagty,
Bolarsyňyz salamat.
* * *
Agşam ýatanyňda «Ertir sag-aman tursam» diýen ýagşy niýetler bilen ýatmaly. Magtymguly «Kysmatyna kaýyl bolan adamzady, bu dünýä mülkünde soltan, şa» hasaplaýar. Şeýle yrym sanawajy sanalýar:
Bissimilla rahman rahym!
Agşam ýatsam, ýa Alla,
Ertir tursam enşalla,
Eger tursam, turmasam,
La-ilähä illalla.
Muhammet Resulalla,
Iman bersin, ýa Alla!
* * *
Agşam ýatylanda sanalýan ýene-de bir yrym sanawajy:
Başym goýdum ýassyga,
Köňlüm berdim Allaga,
«Alla, Alla» diýemde,
Uçmah agzy açylsyn,
«Subhanalla» diýemde,
Ýedi dowzah ýapylsyn,
Golumdadyr Gurhanym,
Ýüregimde imanym,
Daşymyzda demir gala,
Ýa Muhammet, ýa Alla!
* * *
Her säher ir bilen turlanda ýagşy niýetler, dilegler bilen sanalýan yrym sanawajy:
Bissimilla rahman rahym!
Säher wagtyň senasy,
Ýagşylaryň dogasy,
Syratyňdan geçirgin,
Tamug (dowzah) odun öçürgin!
* * *
Mumyýa dagdan atylyp alynýar. Şonda yrym edilip, şeýle sanawaç sanalýar:
Bissimilla rahman rahym!
Mumyýa aga senmisiň,
Döwüge-synyga emmisiň,
Döwüge-synyga em bolmasaň,
Merwerit ibärin yzyňdan.
* * *
Otparazlyk dini döwründe, yslamdan ozal türkmenler oda Hudaý hökmünde garapdyrlar, ondan dileg diläpdirler. Uly ot (şaman ody) ýakyp, üstünden böküpdirler. Şonuň bilen hem «Günälerimizi dökýäris» diýip hasaplapdyrlar. Otparazlyk dini yslamyň günä düşünjesi bilen utgaşyp gidipdir. Şol otdan bökülende sanalýan sanawaç setirleri yryma öwrülip gidipdir. Şol sanawaç setirleri şulardan ybarat:
Şaman ot, boldum şat,
Parlap üstüňden bökdüm,
Za:rlap günämi dökdüm,
Sygyndym saňa za:rlap,
Goýmagyn, meni ha:rlap,
Ýetir, rysgal-aşymy,
Uzak ýaşat ýaşymy,
Işlerimi şowlandyr,
Hal-ýagdaýym gowlandyr...
Ýüzärlik ýyglanda diňe anna güni ýygylýar, «Şonda onuň dermanlyk häsiýeti güýçli bolýar» diýen yrym halk arasynda ýaşap gelýär. Türkmen halky bar zady eýeli hasaplapdyr, her bir närse bilen mähirli gürleşip, salamlaşyp, rugsat sorap almagy endik edinipdir. Ýüzärlik ýyglanda sanalýan sanawaç şeýle:
Bissimilla rahman rahym!
Essalawmaleýkim, adraspan,
Meni iberdi Omar-Osman,
Derdime derman bol,
Dertlime şypa!
* * *
Türkmen halky suwa-da janly zat hökmünde garapdyr. Suwuň hem eýesi barmyş. Gije garaňkyda suw almaga barmaly dälmiş, suwuň eýesiniň gahary gelip, zyýan etmegi ahmalmyş. Gije suw almaga barmaly däl, eger barylsa, suw bilen salamlaşyp, soňra suw dilemeli.
Myhman, namaz, täret keramatly zatlar bolany üçin şolar bilen baglanyşdyrylyp, dileg edilýär:
Essalawmaleýkim, suw aga!
Elimi-ýüzümi ýuw aga,
Öýüme myhman geldi,
Täret suwy ber aga!
* * *
Türkmenler dürli döwürlerde ýyldyza, aýa, güne sejde edipdirler. Ir bilen turup güne salam beripdirler, işleriniň şowly bolmagyny dileg edipdirler:
Essalawmaleýkim, Gün aga,
Sensiz günüm kyn aga!
Nuruňdan eçilgin,
Rysgalymyz açylsyn!
Senden bereket,
Menden hereket!
diýip, şol günüň işleriniň başyny tutupdyrlar.
* * *
Türkmenler täze aý doganda aýy hem ýüzlerine sylypdyrlar. Umuman, gowy zatlar maňlaýyňa sylynýar. Täzeje dogan aýdan hem köp gowulyklara garaşypdyrlar. Işleriniň oňuna bolmagyny diläpdirler. Täze dogan aýa ýüzlenip:
Hakgaý, hakgaý telimbaý,
Ýeneki aýlara, ýeneki günlere,
Baş esen, bagry bitin,
Özüň ýetir Hudaýym, omyn!
Allahy ekber!
diýen sanawajy sanapdyrlar, soňra bolsa. «Ýörüň, Käbe gideliň!» diýip, Käbe tarap ugrapdyrlar. Bu zatlar yrym edilip, ýerine ýetirilipdir. Onsoň «Biz azyk-suwlugymyzy alyp gaýtmandyrys, ýörüň, azygymyzy alyp gaýdalyň!» diýip, yzlaryna gaýdypdyrlar. Şeýlelikde, Käbe gidip gelen ýaly duýgyny başdan geçiripdirler. Täze dogan aý dik bolsa, ýagşylyga ýorupdyrlar. «Aýym-dik, bendäm-ýatyk, aýym-ýatyk, bendäm-dik» diýen nakyl hem döräpdir. «Aý dik dogsa, bendesi rahat, dynç bolar, aý ýatyk dogan bolsa, bendesi aladaly bolar» diýlip, yrym edilipdir.
* * *
Eger näsagyň kellesini ýa-da aýagyny owkalasaň, onda şeýle sözleri sanamaly, şonda näsag basym gutularmyş:
Tüf, tüf, daga gitsin, daşa gitsin,
Bir ujy duşmana ýetsin!
* * *
Eger-de eliň ýa-da aýagyň dyrnagyny alsaň, bir ýere üýşürip gömmelimiş. Dyrnagyň gömülenine ot-çöpler şaýat bolmalymyş, şonda dert-bela el-aýagyňa gelmezmiş. Dyrnagyň üstüne uzyn-uzyn bugdaý sypalyny gyrkyp: «Elim-aýagym uzyn bolsun! «Elim-aýagym uzyn bolsun!» diýip, şeýle sanawajy hem sanamalymyş:
Goýnum müňe ýetende,
Düýäm ýüze ýetende,
Altyna gaplap dakynaýaryn.
diýip, baý bolsaň, dyrnagyňy hem unutmajakdygyňy ýatlatmalymyş.
* * *
Goýun çopan ýa-da beýleki bir maly bakýan çopan özüne çopan taýagyny edinmeli bolsa, bir taýagy alyp:
Asa,1 Musa, döwlet, şum,
Asa, Musa, döwlet, şum
diýip, eliniň tutamy bilen tutamlap, döwlet bolan ýerinden, taýak çeni bolanda kesip, mal bakmaga ulanybermeli ýa-da taýagy eliň bilen tutamlamaly-da «Tutam, bir tutam, tutam üstüne tutam» diýip, jübt tutam edip, taýak çeni bolanda kesmeli, şonda döwletli taýak bolarmyş.
* * *
Eger-de öz bagtyňy synap görjek bolsaň, geljegiňi çaklap göresiň gelse, şeýle etmeli:
Ýere köp çyzyk çyzmaly, takmynan, 20-30 sany, ondan soň eliňe çöp alyp, şeýle sanamaly:
Haýyr-şer, haýyr-şer, haýyr-şer,
Döwlet-şum, haýyr-şer, döwlet-şum.
«Şonda çyzan çyzygyň haýyrda ýa-da döwletde gutarsa, gowy zada garaşmaly, eger-de şerde ýa-da şumda gutarsa, ýaramazlyklar bolmagy ahmal» diýip, halk şeýle yrym döredipdir.
* * *
Eger-de çöl ýerde iki adam biri-birine sataşsa, olar haýsynyň bagtly boljagyny bilmek isleseler, olaryň hersi on, on bäş ädim biri-birinden uzakda durmaly-da, dabanlary bilen ölçäp, biri-birine ýakynlaşybermeli. Biri «dähedem», beýlekisi «dessem» diýip, biri-birine ýakynlaşyp başlamaly. Şonda kimiň gürlemeli gezegi iň soňunda gelse, ol iň soňky gezek dabanyny ýere goýanda «meňki seňkä rüstem» diýmeli. Kim rüstem çyksa, şonuň bagty rüstem bolýarmyş.
Sanawajy şeýle:
Dähedem, dessem,
Meňki seňkä rüstem.
* * *
Eger-de ýagyş ýagmagyny isleseň, asmanda bulut bar wagtynda bir balygy ýa-da gurbagany başaşak asyp goýmaly-da:
Ýag ýaganak,
Guý guýanak
diýip sanamaly.
* * *
Ýagyş ýagyp duran wagty ýa-da ýaz aýlary gök gübürdände şeýle sanawaç sanamaly:
Ýagyş ýagara geldi,
Saman suwara geldi,
Öýmüziň daşy kömelek!
* * *
Şeýle sanawaç sanalsa, ýagyş köp ýagarmyş, kömelek köp bolarmyş, ot-çöp köp bolup, ýaz örän gowy gelermiş.
* * *
Ilkinji ýaz ýagşy ýaganda gyzjagazlar bökjekläp, saçjagazlaryny ezip, elleri bilen sypalap, aşaklygyna daraklamaly, şeýle sanawaç setirlerini sanamaly:
Ös saçym ös,
Ösmeseň, bes,
Atyma duşak,
Bilime guşak!
Şeýle sanawajy sanap, saçlarynyň ösjekdigine ynanypdyrlar.
* * *
Çagalar derýada, ýapda suwa düşenlerinde, suwy mör-möjekden arassalamak üçin şeýle sanawaç sanapdyrlar;
Ilersi palan,
Gaýrasy palan,
Bar bolsa, çyksyn,
Ýylan-içýan,
Baýyň gyzy suwa düşjek.
Baýyň ogly suwa düşjek.
DÜRLI MAZMUNLY YRYMLAR
Ir säher turup, Allatagaladan dileg etseň, dilegleriň kabul bolarmyş, çünki şol wagtlar hem ikindinara Biribaryň dergähleri açylarmyş.
* * *
«Nal asman bilen zemin arasyndaky baglanyşygy saklaýar» diýlen ynanç bar. Nal göz degmekden gorap saklaýar. «Nal aýagyň aşagynda bolsa-da, bagt depäňde bolsun!» diýilýär.
* * *
Gündeşlik azabyndan jepa çekenleriň gözýaşynyň her damjasy derýa bolup, dowzah oduny öçürermiş.
* * *
Arçany çapmak külli günä, akyp ýatan çeşme suwy peseler.
Agşamara süýt, şeker, ýumurtga ýaly ak zatlary goňşy-golamdan almaly däl, eger alnaýsa-da, beren adam onuň üstüne kükürt çyzyp bermeli.
* * *
Söwdagär, daýhan, beýleki hünärdäki adamlar öz görýän peýdalaryny, yrym edip, diňe ýagşy zatlara ulanmaly.
* * *
Dogry sözli, ýüregi päk, halal adamlaryň sanan puly hem, çeken harydy hem dogry çykarmyş.
* * *
Betgüman adamlaryň edýän işleri şere eltýändir. «Güman imandan aýrar» diýilýär.
* * *
Köwüş tersine düňderilip dursa, ony beýlesine öwürmeli, şonda eýesine alkyş aýdarmyş. Eger ters duran bolsa, ýaman dilegler edip durarmyş. Munuň bilen baglanyşykly bir rowaýat hem bar1.
* * *
Suwa, külüň üstüne buşukmaklyk gowy görülmeýär.
* * *
Çäýnegiň jürnügini çaý äberilýän adama bakdyryp goýmasaň, ara tow düşermiş.
* * *
Bir ýere baranyňda işigiň agzynda çommalyp oturmaklyk gowy görülmeýär. Garyplyga eltermiş.
* * *
Jaýa gireniňde, boş jaý hem bolsa salam berip girmeli. Öýüňem eýesi barmyş.
* * *
Gün ýaşyp barýan wagty ýatmaklyk gowy görülmeýär. Şol wagt ýatsaň, kelleagyry hem peýda bolarmyş. Şol wagtlar saç daramak, tikin tikmek, kir ýuwmak oňlanylmaýar.
* * *
Egniň çekse, görüşjeksiň, biri geler ýa-da sen myhmançylyga gidersiň.
* * *
Aýagyň aşagy gijese, gezjeksiň. Ýol ýörärsiň, oňa-muňa gezelenje gidersiň.
* * *
Diliň gijese, biri bilen gaty-gaýrym söz aýdyşjaksyň.
* * *
Sag eliň aýasy gijese, pul düşjekdir, çep eliň aýasy gijese, pul sowjaksyň.
* * *
Gözüň çekse, ýa gynanjaksyň, ýa begenjeksiň. Eger-de kimiň ýyly halal haýwan bolsa, onda sag gözi çekse, begener, ýyly haram haýwan bolsa, onda çep gözi çekse, begener.
* * *
Eşigiň ýyrtylsa, egniňdekä tikmeli däl, gowulyga ýorulmaýar. «Akylyňy hem bile çatarsyň» diýilýär.
* * *
Sübsäni ýatyryp goýmaly, dik goýulsa, öýde agzalalyk bolarmyş. Käbir ýerlerde bolsa, «garyplyga eltermiş» diýilýär. «Eger-de sübsäni ýatyryp goýsaň, duşmanyň başy aşak bolarmyş, baş galdyryp bilmezmiş» hem diýilýär.
* * *
Ýuwluk gören adamynyň elinden suw akytdyryp, şol suwuň sarkyndysyny içmelimiş. Şol suwy içen adam ýuwluk görermiş.
* * *
Iki adam tirkeşip barýan bolsa, öňünden agaç çyksa, hersi bir tarapyndan geçmeli däl, ara tow düşermiş.
* * *
Ertir irden aýna seredeniňde «Bissimilla» diýip seretseň, görküňe görk goşularmyş.
* * *
Ýerden bir zat tapsaň «kimiňki?» diýip, üç gezek gygyrmaly. Adam bolmasa-da, gygyranyňy ot-çöpler eşidip, şaýat bolmalymyş. Hiç kim jogap bermese, şol zat saňa halal bolýar.
* * *
Çaýyňda boýçy görünse, «myhman gelýär» diýlip, çak edilýär. Bir boýçy bolsa, bir myhman, iki bolsa iki myhman geler. Eger boýçy ýumşak bolsa, aýal maşgala, gaty bolsa, erkek adamdyr.
* * *
Hamyr edip otyrkaň, hamyryň syçrasa, şol gün myhman gelermiş.
* * *
Saç daranyňda, daragyň eliňden gaçsa, öýüňe myhman geler.
* * *
Gijesine pul berilse, gowy görülmeýär, şol adam bilen ara töw düşmegi ahmalmyş.
* * *
Öýde sykylyk atmak gowy görülmeýär. «Öý boşarmyş» diýilýär.
* * *
Gije aýna seretseň, sypatyň şöhlesi gaçarmyş.
* * *
Agşamyna süýt, çal, süzme, umuman, ak zatlar başga öýe berilse, sygra ýaramaz täsir edermiş.
* * *
Ýatanyň üstünden ätleseň, boýy kelte bolarmyş.
* * *
Agzyň bilen çöp dişleseň, akylyň kem bolarmyş.
* * *
Baldyry tüýlek adam bagtly bolarmyş.
* * *
Kimiň eliniň aýasynda üç çyzyk bolsa, ol adam gysyk bolarmyş, çyzyk kän bolsa, onda ol adam sahydyr.
* * *
Gije külüň üstünden geçseň, «Al-arwaha uçrarsyň» diýilýär. Eger geçmeli bolsa, onda sagyňa-soluňa üç gezek tüýkürmelimiş.
* * *
Damak ganyň üstünden ätleseň, gözüň gyzyl bolarmyş.
* * *
Üstüňden baýguş uçup geçse, gowulyga ýorulmaýar.
* * *
Hiç kime görkezmän, düýäniň ýüňüni, doňzuň dişini dakynsaň, doga kär etmezmiş.
* * *
Gök daş daksaň, göz degmezek bolarmyş.
* * *
Iňňe bergili bolmaly dälmiş, gowulyga ýorulmaýar.
* * *
Ýagyş ýaganda ýagşa ýüzüňi tutsaň, ýüz gün, eliňi tutsaň, elli gün ýagarmyş.
* * *
Sadaka müňde bir belany gaýtararmyş.
* * *
Saçyna saçbagy örýän zenanlar agşam ýatanlarynda saçlaryny çözüp ýatmasalar, durmuşynda düwün galarmyş.
* * *
Düşen saçy ýüzärligiň düýbüne gömmek sogapmyş. Ýakmak, suwa akdyrmak, zyňmak günä bolýar. Saç onda-munda dagap ýatsa, garaguş agyry keseline uçrarsyň. Eger-de saç ýakylsa, saçyň eýesiniň ýogalan çagasy bolsa, «ejemiň ysy gelýär» diýermiş.
* * *
Adam düşen saçyň üstünde ýatsa, basyrganarmyş.
* * *
Nätanyş adamynyň öýünde saç darasaň, saç utanyp düşýärmiş.
* * *
Saça göz monjugy, alaja, altyn-kümüş, garaz bir bezeg şaýlaryny daksaň, saç çalt ösýärmiş.
* * *
Gün batanda saçy çözüp, daşary çykmaly däl, «ýasa ýaýyldymmykam» diýip, saç perýat edip düşermiş.
* * *
Säher bilen gün dogmanka, saç darasaň, bagtly, owadan, sagdyn bolarsyň. Saçyňy perişdeler darap berermiş.
* * *
Düşen saçyňy başga birine ýygnatmaklyk gowy görülmeýär.
* * *
Sakgal daralýan darakda saç daramaly däl, saç namys edip düşermiş.
* * *
Ýat ýerde saç darasaň, düşen saçyňy alyp gaýtmalymyş.
* * *
Saçy anna güni ýuwmaklyk sogapdyr.
* * *
Saç örülende onuň ujuny, ýagny saçbagyň düwnünden aşagyny uzyn goýsaň, doganyň ömri uzyn bolarmyş.
* * *
Bir öýde birbada telim bolup saç daralsa, gowy görülmeýär. Eger şeýle etmeli bolsa «Toýa gitjek» diýip, darap başlamalymyş.
* * *
Saç çözülgikä, adamlara görünmek aýyp hasaplanylypdyr.
* * *
Erkek adam gyz tahýasyny geýse, tahýanyň eýesiniň saçy düşermiş.
* * *
Gyz erkek adamyň tahýasyny geýse, şol gyzyň saçy düşermiş.
* * *
Saçy darap bolanyňdan soň, ýüzüňi ýuwmalymyş. Ýogsam, o dünýäde merhumlar «Saçyny darap, ýüzüni ýuwmadyklar gelýär, et iýip, elini ýuwmadyklar gelýär» diýip garşylarmyşlar.
* * *
Sübsäniň üstünden ätläp geçmeklik gowy görülmeýär. Näsaglamagyň ahmal.
* * *
Tikin tikeniňde birden sapagyňa çigin düşse, çözüp bilmeseň, «Äriň göwnüne ýetip bilmersiň» diýlip, çak edilýär.
* * *
Oturan tamyň depesi çatlasa, şol öýde agramçylyk bolarmyş.
* * *
Hydyr gören adamynyň bagty getirermiş. Hydyryň ol adamynyň ýedi arkasyna çenli haýry degermiş.
* * *
Bosaganyň üstünde oturmak, dik durmak, bosaganyň üstünde durup salamlaşmak gowulyga ýorulmaýar. Bosaga, öý-ojak keramatly hasaplanylýar.
* * *
Türkmençilikde iki bolup öý süpürilse, gowy görülmeýär. Çagalykdan «şeýle etmeli däl» diýlip öwredilýär.
* * *
Öýden myhman ugrasa ýa-da öýdäkileriň biri bir ýere ugrasa, onda onuň yzyndan öý süpürmeklik gowy görülmeýär.
* * *
Adama peýda berýän hemme zady ýygnamak, sylamak geljekde dert-bela görmezligiň nyşanydyr.
* * *
Hemme zada aýawly garamaklyk ynsanyň borjudyr, çünki hemme zatlar ynsana hyzmat edýändir. Ynsan ähli zatlary sylamalydyr, aýamalydyr, şonda döwletli bolarsyň.
* * *
Bir ýere gideniňde, ýanyňa burç alsaň, toýuň bilen ýasyň bir günde gelermiş.
* * *
Bir zadyň ýitip, tapylmasa, şeýtanyň guýrugyny düwmeli, ýagny bir ýaglygyň, mataň ujuny üç gezek düwüp «Şeýtanyň guýrugyny düwdüm» diýip, üç gezek gaýtalamaly. Şonda ýiten zadyň tapylarmyş.
* * *
Iňňäň ýitse, «Käkilik ata bir pata» diýip aýat okasaň, şol ýiten iňňe tapylarmyş.
* * *
Iňňe ýitende «Iňňe-iňňe, äriň gelýär, çaý gaýnat» diýip, üç gezek gaýtalamaly. Şonda ýiten iňňe tapylarmyş.
* * *
Aýagyň dyrnagy bilen eliň dyrnagyny bir günde alsaň, toýuň bilen ýasyň bir günde gelermiş.
* * *
Ruhgüni geýim biçseň, geýim oňmaz.
* * *
Agşam külüň üstünden geçseň, gowulyga ýorulmaýar.
* * *
Haýsydyr bir zat ýitse, «Ýitigimiň ady Ýusup, şeýtan syrtyny gysyp» diýip, üç gezek gaýtalamaly-da, iňňäni ýa-da bir ýitije zady bir zada çümdürmeli.
* * *
Awa gidilende gazanyň içine tüpeňi üç gezek aýlap gidipdirler. «Şonda awuň şowly bolar» diýlip, yrym edilipdir.
* * *
Söwda edilende harydyň bir essesi bir ýarym esse bolsa, günäsi bolmazmyş.
* * *
Zärgärçilik sungatynda biriň iki esse bolsa-da, günäsi bolmazmyş.
* * *
Eşigiňi görmän çöwre geýseň, ýagşy arzuwlar etmeli, şonda arzuwyň hasyl bolýarmyş.
* * *
Suwa daş, kesek, çüýşe döwük, demir atmak bolmaýar, ol seniň kirpigiňi sanap, ömrüňi azaldarmyş.
* * *
Ýola, öýüň işigine kir suw dökmek külli günä. Al-arwahyň zeper ýetirmegi ahmal.
* * *
Ösüp oturan bagyň düýbünde gije meýdana otursaň, kakyn-silkine uçrarsyň.
* * *
Ýersiz ýere ant, kasam eden adamynyň ömri kemelermiş.
* * *
Ösüp oturan daragty, öýi bilkastlaýyn otlamagyň günäsi öwlüýäni ýykan bilen deňmiş.
* * *
Gazan gyşyk atarylsa, kimdir biri öýkelärmiş.
* * *
Işigiň agzynda zynjyr goýsaň, ýaman niýet bilen gapyňdan gelýän adamynyň ýaman pikirleri dargap gidermiş.
* * *
Öýüň töwerek-daşyna gül ekilse, örän gowy görülýär. Gözi degýän adamynyň gözi «Bä-ä, bularyň jaýlarynyň gowudygyny, bu gülleri gör-ä» diýip, güllere sereder weli, gülleriň gözelligi onuň gözüniň deggirligini aýrar» diýen ynanç halk arasynda dowam edýär.
* * *
Türkmenlerde bölek-büçek matalardan ýorgan-düşek tikilýär. Bu yrym ýagşy niýetlere gaplanan, aňyrsynda «Göz degmekden gorap saklaýar» diýlen ynanç ýatyr. Şu yrym tygşytlylygy terbiýeleýär, bölek-büçek matalary ýerleşdirip, gül ýaly ýorgan-düşek tikilýär. Şular ýaly işleri edýän zenanlara «Garyp öýüň gaznasy» diýilýär.
* * *
Täze eşik geýlende yrym edip, çalaja çümmükläp «Gutly bolsun, mydama toýa geý!» diýilýär.
* * *
Täze eşigi ilkinji gezek sähetli gün geýmeli.
* * *
Täze eşik geýlende, öňi bilen bir bölejik çörek iýmeli.
* * *
Gyz enesiniň, ene-de gyzynyň eşigini geýse, birinden biriniň ömri gysgalarmyş.
* * *
Ýeňňe-baldyz biri-biriniň eşigini geýse, agasy bilen gelnejesiniň arasyna tow düşermiş.
* * *
Iki adam birbada bir sözi bilmezlikde bilelikde aýtsa, oňat habar gelermiş. Biri beýlekisinden «Haçan arzuwym hasyl bolýar?» diýip soramalymyş. Ilki soran adamynyň arzuwy hasyl bolarmyş.
ÝAS DÄBI BILEN BAGLY YRYMLAR
Adam aradan çykanda, süňňüni arassalamak işi geçirilýär, şonda hökman dogan-garyndaşlaryndan adam bolmaly. Aýal adam aradan çykanda ýeňňesi ýa-da ýakyn adamlary girip, süňňüni tutup bermeli. «Atasy öýünden girjek kim bar?» diýlip soralýar. Öz garyndaşlary tarapyndan adam bolmasa, onda daşgynrak garyndaşlary, obadaşlary, babadaşlary, nebereleri, hatda ýat adamlar hem gatnaşyp bilerler. Her bir adam ýedi ölüni ýuwmak işine gatnaşmalydyr, ondan kän ýuwmaga gatnaşsa, gazanýan sogabydyr.
* * *
Adam aradan çykanda, adamsy ýogalsa aýaly, aýaly ýogalsa, adamsy «nämährem» diýlip, öýden çykarylýar. Hemme welaýatlarda hem aýal adamyň ýanynda aýallar, erkek adamyň ýanynda erkekler oturýarlar.
* * *
Adam aradan çykanda, öýleden soň ýogalsa, ertire çenli myhman alynýar. Şonda merhumyň ýanynda oturanlar gepleşmeli däl. Uklamak hem bolmaýar. Uzyn gije merhumyň ýanynda dik oturmaly, ony her hili mör-möjeklerden gorap saklamaly.
* * *
Merhumy ýatyranlarynda başyny aşak tarapa goýup ýatyrmaly. Halk arasynda «Öli başy aşak, diri başy ýokary» diýlen pähim hem bar.
* * *
Üç günläp ähli bolýan zatlar merhumyň göz öňünden geçermiş. «Ölä – aýan, dirä – güman» diýen nakyl hem bar. Onsoň üýşüşip üçüni belleýärler, aýat-töwir edýärler. Eger şeýle edilse, şol pursatlar ýeňil geçermiş.
* * *
Ýedi günläp merhumyň dyrnaklary, saçlary ösmegini dowam etdirermiş, şol zatlar merhumda örän agyr geçermiş. Merhumyň hormatyna aýat okalsa, şol pursat ýeňil geçermiş.
* * *
Kyrk gün diýlende, merhumyň ödi ýarylarmyş. Bu pursat örän agyr geçermiş. Şonda üýşülip aýat okalsa, şol pursat ýeňilleşermiş.
* * *
Bir ýyly bolanda merhumyň etleri süňkünden aýrylarmyş. Bu pursat hem örän agyr geçermiş. Aýat-töwir agyrlygy ýeňilleşdirermiş.
* * *
Merhumy jaýlanlarynda hem aşaklygyna başyny goýup, sag egnine ýatyrmalymyş. Mazara dogany ýa-da ýakyn garyndaşy, ogly salmalymyş. Geçmişde mazaryň depesinden içi deşik gamyş goýar ekenler. Bu zatlar «Bardy-geldi merhum ölmedik bolup, özüne geläýse» diýlen umyt bilen edilýär ekeni. «Eger adam direlse, gygyrsa, içi deşik gamyşdan ses geler» diýip, adamlar oýlanypdyrlar.
* * *
«Merhum ýuwlanda, süňňi gowşak, boş bolsa, onda yzyndan ölüm gaýtalanýar» diýilýär. Eger merhumyň süňňi gaty bolsa, onda ol maşgalada ölüm tiz gaýtalanmazmyş.
* * *
Merhum ýuwlup başlanylanda çep tarapyndan başlanylmaly1.
* * *
Ýuwusgany örän daşa, aýak basmaz ýaly ýerlere äkidip dökmelimiş2.
* * *
«Ýuwusga dökülen ýerlerden biwagt geçseň, kakyn-silkin bolarsyň» diýilýär.
* * *
Ýogalan adamy tiz jaýlamalymyş. Ýogsa merhum özüni tamdyryň odunda ýanýan hasaplarmyş.
* * *
Merhum ýuwlan el geýgiji, aşagyna ýazylan matany ýakmak bolmaýarmyş.
* * *
Merhumy ýuwmaga girýän adamynyň eli arassa, ini arassa, kalby päk bolmalydyr.
* * *
Aradan çykan ugradylanda «Merhumlar kimiň baranyny görmesinler, ýogsa özleriniňkiler bolsa gynanarlar, tozana garyşyp barsyn» diýip, üstünde oturylan keçäni gatyrak silkmelimiş.
* * *
Merhum ugradylanda keçäni silkip, ýene-de ýazyp goýýarlar. Çünki gölegçiler gelip, ýene-de şol düşekde oturmaly, başga wagtlarda keçe ýazylgy dursa, gowy görülmeýär, ýazylgy duran keçäniň gyrasyny epläp goýýarlar.
* * *
Merhumy alyp ugranlarynda, tabydyň öň tarapyny ogly götermeli. Eger-de ogly ýok bolsa, iň ýakyn adamsy götermelimiş.
* * *
Merhum jaýlanylanda sag egni birneme galygrak, çep egni pesräk durmaly. Soňra ýüzüni üç gezek ýelpäp gaýtmaly.
* * *
Öwlüýäniň başynda gölegçilere pul paýlanylýar ekeni, indi bu yrymlar galyşyp gidipdir.
* * *
Ýas ýerinde berlen zady (mata bölegi, pul) ýyldyz görýänçä, öýe salmaly dälmiş.
* * *
Adam jaýlanylanda her adam azyndan bir pil gum oklamaly. Öňi bilen ogly, dogany, iň ýakyn adamlary bir pilden oklamaly. Jaýlanylanda iň ýakyn adamlary bolmasa, «Pylanynyň bir pil gumy hem ýetmedi» diýilýär.
* * *
Öwlüýäde «Pylany nähili adamdy?» diýlip, merhum barada sorag berilýär. Şonda hemmeler «gowy adamdy» diýip, jogap bermelimiş, merhum barada ýaramaz gürrüň etmeli dälmiş.
* * *
Öwlüýäden getirilen piliň agzyny daş tarapa bakdyryp, tama söýäp, dikligine goýmalymyş. Birsalymdan aýryp, pili ýerde ýatyryp goýmaly. Bu «Ölüm gaýtalanmasyn» diýmegi aňladýar.
* * *
Gölegçileriň öňüni kesip geçmeli dälmiş.
* * *
Ölüm düşende kyrk günläp, ýyllap köne eşikler geýilýär. Käbir welaýatlarda gara, ak eşikler hem geýilýär.
* * *
Adam ölende eşiklerini öýde asyşdyryp goýmaly, şonda olar düzüwligine goýulýar. Şonuň üçin hem diri adamyň eşikleri serlende, çöwre serilýär. Eger kir ýuwlanda düzüw serilse, «ol adam öldümikä?» diýip, perişdeler aýat okarmyş, seren adama hem o dünýäde azap berlermiş.
* * *
Adam ölende käbir ýerlerde üç günläp, kä ýerde bolsa ýedi günläp nahary goňşy-golamlary, ýakyn adamlary getirýärler. Al-arwahlaryň nahary zäherlemegi ahmalmyş.
* * *
Goňşy-golamlar merhum çykan öýe nahar getirende tabagyny ýuwup bermeli, «ölüm ýokuşmasyn» diýen manysy bar.
* * *
Ýas ýerinde çörek dadylanda, çöregi täk döwüp almaly.
* * *
Ýas ýerinde süňk gemirmeli däl, ömür ýaşyňy kemeldýärmişiň.
* * *
Ýasda aýbogdaşyňy gurup oturmak bolmaýar, aýagyňa şeýtan münermiş.
* * *
Ýasda geleni garşylap, gideni ugradyp durmak bolmaýar. Ruhlaryň gaharyny getirermişiň.
* * *
Ýas ýeriňden gelýärkäň, yzyňa arwah-jyn düşýärmiş. Käbir welaýatlarda miweli agajyň daşyndan üç gezek aýlanylylyp, soňra öýüňe girilýär, şonda arwah-jynlar galarmyş.
* * *
Ýas ýerine baryp gelýärkäň, başga öýe girmeklik gowy görülmeýär.
* * *
Ýas ýerinden çykyp, toý ýere barmak hem gowy däl.
* * *
Toý ýerinden çykyp, ýas ýerine barmaklyk hem gowy görülmeýär.
* * *
Ýasdan gaýdyp gelip, elleriňi biri-biriniň içinden geçirip oturmaly däl. Ruhlaryň gaharyny getirermişiň.
* * *
Ýas ýerinde köp oturmaly dälmiş.
* * *
Ýasda nan kökesiz ýapylarmyş.
* * *
«Ölümiň yzy kesilsin, ýoly sowulsyn!» diýlen ýagşy niýet bilen ölümde nan bişirilende, dürtgiç gyradan başlap, ortada gutarmaly.
* * *
«Hamyr alyp, çişip, köpelmesin, ölüm hem köpelmesin» diýlen ýagşy niýet bilen ýasda petir çörek bişirilýär.
* * *
Ýas ýerine äkidilýän saçaga täk çörek ýa-da täk zatlar salynýar.
* * *
Ýas ýerinden yzyna berlen zat ýetime-ýesire berilýärmiş.
* * *
Ýas ýerine ýaş çaga eltilse, gowy görülmeýär.
* * *
Anna agşamy kir ýuwmak, tikin tikmek bolmaýarmyş. Şol gün nahar bişirip, işigi açyp goýmaly, çünki anna agşamlary merhumlar gelýärmiş. Olaryň ruhlary kyrk ýyllap, hantama bolup öýüň töwereginde aýlanyp ýörermiş.
* * *
Merhum ýüklenen düýäniň ýagyny saça çalsaň, saç tiz agararmyş.
* * *
Eger merhumlar düýşüňe girse, sogan iýip aýat okamalymyş.
* * *
Merhumyň eşiklerini ýetim-ýesirlere, garyp-gasarlara, özüni oňarmaýanlara bermelimiş. Eger şeýle edilmese, ol egin-eşiksiz, ýalaňaç halda düýşüňe girermiş.
* * *
Her bir adam ölmezinden öň hem sadaka berip ýörmelimiş. Beren sadakalaryň üstüňe saýa salarmyş1.
* * *
Merhumlaryň belli günlerini, sadaka edip, belläp durmalymyş. Şeýle edilse, merhum gowulykda düýşüňe girermiş.
* * *
Iň soňky deminde iň ýakyn adamlary ýanynda bolsa, merhum razy bolarmyş, bu agyr pursat ýeňillik bilen geçermiş.
* * *
Merhum öýden çykarylanda, jäç döwýärler. Jäç sesine ruh tisginermiş, merhumdan daşlaşarmyş, ýogsa ruh pyr-pyr edip, pyrlanyp, heläk bolup ýörermiş.
* * *
Merhuma jynaza okalýarka (jynaza-merhumyň o dünýäsi üçin ýagşy dilegler etmekdir), ýerde oturyp, ýagşy dileglere goşulmak sogapdyr.
* * *
Türkmenlerde «kim garyp, ölen garyp» diýilýär. Şonuň üçin-de kimdir biriniň aradan çykandygyny eşiden, şol merhum ýat hem bolsa, şol gün ýas tutmalymyş.
* * *
Ýanýoldaşy aradan çykan aýal bir ýyllap başga birine durmuşa çykmaly dälmiş. Eger çykmakçy bolsa, dokuz aý, dokuz gün garaşylmaly. Zenanyň ikigat däldigine göz ýetirmek üçin şeýle edilýär.
* * *
Ýas ýerine göwşülräk (köneräk) eşikler bilen barylsa gowy.
* * *
Kiçi ýaşly çagalar ýas ýerinden daşrakda saklanylmaly.
* * *
Käbir ýerlerde «umydyny üzsün» diýen niýet bilen çagalara merhumyň ýüzüni görkezýärler. Käbir ýerlerde bolsa «Çaganyň gorkmagy, tisginmegi ahmal» diýlen pikir bilen çagalara merhumy görkezmekden daşda durýarlar.
* * *
Merhumyň çilesi düşen aýal maşgala gölegçileriň öňünden geçse, çilesi açylmagy ahmal.
* * *
Hepdäniň sogapgüni ikindinara öýde ys çykarmaly. Merhumlaryň ruhlary şol tagamyň ysyna gelermiş. Aýat hantama bolarmyşlar.
* * *
Sogapgüni tikin-çatyn etmeli däl, kir ýuwmaly däl, merhumlaryň adyna aýat-töwir edip, işigi açyp oturmaly.
* * *
Merhumy ýuwýan (ýagny, merhumyň süňňüne girýän) adamlara «babalylar» diýilýär. Babalylar merhumy ýuwanlaryndan soň, ol hakda gürrüň etmeli dälmiş.
* * *
Merhum ses edilse, gowy görermiş. «Aglaýarmykalar, aglamaýarmykalar?» diýip, synap görermiş.
Merhum aýdarmyş:
Depede diňçi goýdum,
Gapyda synçy goýdum.
* * *
Adaty wagtlarda pili dikligine söýäp goýmaly däl, ölüme garaşarmyş.
GYMMATLY HAZYNANYň biR ülüşi
Dana, pähim-paýhasly pederlerimizden miras galan, gymmatyny hiç bir zada deňäp bolmajak, aňyrsy-bärsi görünmeýän ummany ýatladýan genji-hazynanyň – halky eserleriň arasynda «Iň gadymy döwürlerde dörändir» diýlip çaklanylýany hem halk ynançlarynyň esasynda dörän yrymlardyr.
Türkmenistan ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolmazyndan ozal halky eserleriň içinde «bagty açylmadyk» görnüşlerden biri hem yrymlardy. Beýik Türkmenbaşy zamanasynda perzent terbiýesinde uly ähmiýeti bolan, türkmeniň edep mekdebi hasaplanylýan yrymlar giňişleýin öwrenilip başlanyldy. Çünki Beýik Serdarymyz: «Biz halkymyzyň oňat däp-dessurlaryny dikeltmelidiris, ruhy baýlygyny artdyrmalydyrys... Biz geçmişdäki unudylan ruhy baýlyklarymyzy dikeltmeli» diýip, ýörite belläp geçdi.1 Ol bu meselä ýygy-ýygydan ünsi çekip, geçmiş mirasymyzy öwrenmekligi esasy meseleleriň biri hökmünde öňe çykardy. Gözellikleri, ajaýyplyklary döretmegiň her bir döwürde-de ussatlyk bilen hötdesinden gelen, ümmülmez ruhy baýlygyň eýesi bolan pähim-paýhasly halkymyzdan miras galan ruhy gymmatlyklar, aýratyn hem, yrym-ynançlar öwrenilip, olaryň terbiýe meselesinde uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.
Sowetler döwründe yrymlar dini nusgalardan hasaplanylýardy. Yrymlar barada söhbet açýan ýek-tük kitaplarda hem «Ähli dini düşünjeler yrymdyr», «Yrym könäniň galyndysydyr» diýlen nätakyk netijeler çykarylýardy1. Şonuň bilen birlikde, yrymlar adamzadyň tebigaty azda-kände üýtgetmek, oňa täsir etmek niýeti bilen ýa-da tebigy hadysalardan gorkmak netijesinde döreden halky eserleri hasaplanylýardy. Dogry, bu belli bir ýagdaýda şeýle. Ilkidurmuş adamlary ir döwürlerde otdan gorkupdyrlar, oduň durmuşda tutýan ornuna olar kem-kemden düşünip başlapdyrlar.
Tebigy hadysalardan gorkmak her hili ynançlaryň döremegine sebäp bolupdyr. Ynançlar hem dürli yrymlaryň döremegine getiripdir. Aslyýetinde, yrymlaryň örän köp sanlysy adamzadyň haýsydyr bir ynanjynyň esasynda döräpdir. Adamzat ýaşaýşynyň has irki döwürlerinde, adamlar köpçülikleýin ýaşap ýören heňňamlarynda awa giden wagtlary ok-ýaýdyr tüpeňlerini gazanyň içine aýlap awlarynyň şowly bolmagyny, gazanynyň etden dolmagyny arzuwlapdyrlar. Şeýle edilip gidilse, «Aw şowly bolar» diýen ynanja gulluk edipdirler. Soňra bu ynançlar kem-kemden köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, yryma öwrülipdir. Awa ugradýanlar hem «Aw ganly bolsun!» diýip, ýagşy dilegler bilen ugradypdyrlar. Olar hem ýagşy niýetleri özlerine hemra edinip, awa ugrapdyrlar weli, işleri oňuna bolupdyr.
Asman jisimlerinden gorkmak netijesinde hem birtopar yrymlar döräpdir. Adamlar ir bilen turup Güne salam beripdirler, daş çykanlarynda Aýa, Güne bakyp oturmandyrlar. Olara janly zatlar hökmünde garapdyrlar. Bu barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda şeýle setirler gabat gelýär: «Gadym zamanlar adam ýele, ýagyş-ýagmyra, ýyldyryma, Aýa, Güne, Asmana, «Hudaý» diýip uýup, ahyry Hudaýyň ýalňyzdygyna ynandy»1.
Aýa, Güne, ýyldyza, suwa, oda, ösümliklere salam bermeklik, olar bilen gepleşmeklik, sözleşmeklik, olara janly zatlar hökmünde garamaklyk, üstüňe gün dogdurmazlyk ýaly yrym-ynançlar bilen adamlar gadymy geçmişden häzirki günlere çenli arkama-arka umytly gelip ýetipdirler. Yrym-ynançlar halk aňynyň, paýhasynyň önümidir, «ýedi ölçelip, bir kesilip» biziň döwrümize gelip ýeten ruhy gymmatlyklardyr.
Yrymlaryň ählisiniň birbada döremänligini olaryň many-mazmunyndan aňlap oturmaly.
Pähim-paýhasyň eýesi döredijilerimiz:
Hakgaý-hakgaý Telimbaý,
Ýeneki aýlara, ýeneki günlere,
Baş esen, bagry bitin,
Özüň ýetir, Hudaýym. Omyn!
diýip, täze aý doganda, iki ellerini birikdirip, maňlaýlaryna sylyp, ýagşy dilegler bilen oňa sežde edipdirler, soňra «Ýörüň, Käbä gideliň!» diýip, öňe tarap 5-6 ädim ädip, soňra «Yza gaýdyp, azyk-suwlugymyzy alaly» diýip, özlerini ynandyrypdyrlar, göýäki, Käbä gidip gelen ýaly duýgyny başdan geçiripdirler, öz göwünlerine teselli beripdirler. Aýyň dik dogmagy hem adamlary ruhlandyrypdyr. «Aýym-dik, bendäm-ýatyk» (diýmek rahat), «Aýym-ýatyk, bendäm-dik» (diýmek aladaly) diýen pikire uýupdyrlar. Soňra üstlerine Gün dogdurman, Biribardan ýagşy dilegler edip, öz ynançlaryna uýup, adaty işlerine başlapdyrlar.
Dürli wagtlarda dörän yrymlaryň many-mazmunlary hem dürli-dürli, sanawaç bendi kimin bentler hem yrymlaryň arasynda kän gabat gelýär. Şygyr görnüşine salnyp, gitdigiçe çeperleşip, agyzdan-agza, dilden-dile geçip biziň döwürlerimize gelip ýeten sanawaç setirleri ynsanyň kalbyny ynjaldýar, «umyt atyna» atarýar. Baryp-ha otparazlyk dini döwründe dörän sanawaç setirlerini hem halk hakydasy şu günlere ýetiripdir, ol bentler taryhyň gatlaryny ýaňlandyryp, halkyň ýürek gürsüldisini beýan edipdir. Agyr aý hasaplanylsa, täze aý doganda obada uly ot ýakyp, adamlar günälerini dökmek üçin üç gezek otdan eýlek-beýläk böküp, sanawaç setirlerini sanapdyrlar. Ol setirler otparazlyk dini döwürlerinden habar berýär, oda Hudaý hökmünde ýüzlenilýär, yslamyň ýokundysy hem duýulýar, günä etmeklik hakda söhbet açylýar. Ine, ol setirler:
Şaman ot,
Boldum şat,
Parlap üstüňden bökdüm,
Za:rlap günämi dökdüm,
Sygyndym saňa zarlap,
Goýmagyn meni harlap,
Uzak ýaşat ýaşymy,
Ýetir rysgal aşymy,
Haýyr kyl sen, işimi...
Yrymlaryň örüsi örän giň, durmuşyň ähli babatlarynda döredilen yrymlar sanardan kändir. Ol yrym-ynançlar adamzatda pähim-paýhas, parasatlylyk, ynsaplylyk, ynsansöýüjilik, mukaddeslik, päklik, jomartlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýeläp, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden daşlaşmaga kömek berýär. Gowy häsiýetleri özüňde jemlemäge ymtylyş döredýär, her bir adamda ýaşlykdan şineläp barýan belent adamkärçilik sypatlaryny ösdürýär, öňküden hem belende göterýär.
Yrymlar ynsanlarda birek-birege hormat goýmagy, Hak nury bilen ýaradylan ähli zatlara söýgi bilen garamagy, ösümlikleri, haýwanlary, zemindäki janly-jandarlary ynjytmazlygy öwredýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy: «Adalat, hakykat ýoluna ymykly düşmek üçin bolsa ýaşlykdan kalbyňy tämiz ahlagyň nurlary bilen doldurmaly. Ine, şeýtseňiz, ýüregiňiz ata Watanymyza – Garaşsyz Türkmenistana maýyl bolar»1 diýip, ýaşlara sargyt etdi.
Tämiz ahlagyň nurlary bilen kalbyňy doldurmakda esasy orun milli mirasymyzyň esasy şahasy bolan halk döredijiligine degişlidir. Halkyň yrym-ynançlaryny, däbini-dessuryny bilýänler tämiz ahlakly adamlar bolup ýetişerler.
Elbetde, tämiz ahlakly adamlar janly-jandary, ösümlikleri, Allatagalanyň ýaradan ähli zatlaryny sylapdyrlar, muny biziň döwürlerimize gelip ýeten sanawaç setirleri hem tassyklaýar:
– Essalawmaleýkim, suw aga!
Elimi-ýüzümi ýuw aga,
Öýüme myhman geldi,
Täret suwy ber aga!
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynanjynda suwy keramatly hasaplapdyrlar, ýaşaýşyň gözbaşy, «Allatagalanyň jemalyny gören suwuň eýesi barmyş, gije derýadan, ýapdan suw almaly däl» diýen ýaly ynançlara eýeren adamlar öz ynançlarynyň üsti bilen çagalaryny hem terbiýeläpdirler, çünki gije garaňkyda suw almaga barsaň, birden ýykylmagyň, mör-möjegiň üstünden basmagyň ahmal. Şeýle sanawaç setirleri bolsa yrymlaryň halk arasynda has berk ornaşmagyna sebäp bolupdyr.
Ýüzärlik (derman ot) ýygylanda aýdylýan sanawaç hem halk arasynda saklanyp galypdyr:
– Essalawmaleýkim, adraspan1,
Meni iberdi Omar-Osman,
Derdime derman bol,
Dertlime şypa!
Döwük-ýenjik üçin mumyýa dagdan atylyp alnanda aýdylýan sanawaç hem özboluşlydyr.
Mumyýa aga senmisiň?
Döwüge-synyga emmisiň?
Döwük-synyga em bolmasaň,
Merwerit2 ibärin yzyňdan.
«Eline ýa-da başga bir ýerine siňňil çykan adam täze dogan aýa siňňilini gijeňläp, şeýle sanawajy sanamalymyş» diýen yrym hem halk arasynda gabat gelýär:
– Aýym, seni hoş gördüm,
Siňňil düýbün boş gördüm,
Aýym, seniň ýoluňa,
Ýedi bugdaý aş berdim.
Şu hili yrymlar ýerine ýetirilende, öz peýdaly netijesini hem beripdir, adamlaryň ynamyny berkidip, köpçülikleýin ýaýrap gidipdir. Adamlar «sähet we bisähet» günleri oýlap tapypdyrlar, kimdir biri ýamanlyga uçrasa, şol gün «bisähet» gün hasaplanylyp, şol günlerden adamlar howpurgap, çekinip, ýyldyzyň ýoluna köke, çörek aýdypdyrlar, ugraýan ýollaryna iňňe oklapdyrlar. «Bisähet» güni Myrryh ýyldyzy bilen baglanyşdyrypdyrlar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda sähetli gün barada uly pir Mäne babanyň sözleri berlipdir1. Şondan bäri ynsanlaryň sähetli güne garaýyşlary belli bir derejede üýtgedi.
Oguz han atamyzyň döwürlerinde hem halk arasynda bolan ynançlaryň ençemesiniň yryma öwrülip gidendigini tassyklaýan maglumatlar biziň döwürlerimize gelip ýetipdir. «Oguz hanyň alty ogluna üç-üçden bölüp üçok we bozyk lakamy dakylandan soň, Oguz hanyň Urýangy-Kent Ärkyl Hoja atly maslahatçysy (soňra Gün hanyň maslahatçysy) oglanlaryň her biriniň wezipesini, urug adyny, alamat hem tamgalaryny belledi. «Bu, goý, olaryň ongony bolsun» diýdi. Bu söz «ink» sözünden gelip çykandyr. «Ink» sözi türkiçe «gutly» diýmekdir. Şeýlelik bilen, «ink bolsun!» diýýärler, ýagny «Gutly bolsun!». Bir kabyla bir haýwan ongon hökmünde bellenen mahalynda, ol ongon ýagşy niýet bilen yrym edilip bellenilýär. Ongon hökmünde bellenilen haýwan öldürilmeýär we onuň eti-de iýilmeýär1.
Hut häzirki günlerde-de türkmenlerde at eti iýilmeýär. Daşoguz welaýatynyň käbir ýerlerinde düýe etini iýmekden saklanýarlar. Olar özleriniň ynançlaryny nakyl bilen berkidip, täsin nakyllary döredipdirler: «At eti – atam eti», «Düýe eti – dünýäm eti». Käbir ýerlerde bolsa, tersine, «Baýtal eti – bal eti» diýen ýaly nakyllar hem döräpdir. Bular ýaly nakyllar halk arasynda ýörgünli ulanylypdyr. Bu bolsa käbir ýerlerde bu mallaryň etiniň iýlendigine güwä geçýär.
Diýmek, yrymlaryň ençemesi has ir döwürlerde adamlaryň aňynyň kämilleşip, gitdigiçe ösüp başlan döwürlerinde döräp, soňabaka örüsi giňäp, Oguz han atamyzyň zamanasynda halk arasyna has hem ornaşypdyr, köpçülikleýin häsiýete geçipdir. Elbetde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda ýygy-ýygydan ýatlanylyp geçilişi ýaly, türkmenler yslamy öz yrym-ynançlary bilen baglanyşdyryp, özleriçe ulanypdyrlar. Türkmen öz yrym-ynançlaryna uýan halk.
Halk ynançlarynyň iňňän gadymy döwürlerden kök alyp gaýdýanlygyna biz geçmiş danalarymyzyň eserleri bilen tanyş bolan wagtymyzda has hem anyk göz ýetirýäris. Olaryň eserlerine-de köpsanly yrymlar, yrymlara garaýyşlar siňipdir.1
Yrymlar ýaşaýyşda ýol-ýörelge, ynsanyň ahlak ýörelgesi, umuman, durmuşda özüňi alyp barmagyň çelgisi. Halk döredijiliginiň bu nusgasy ýaşaýyş durmuşynda örän giňden ulanylypdyr, halkyň nesil terbiýesiniň mekdebine öwrülip gidipdir. Dana gojalarymyz, mährem ejelerimiz öz dowamatlary bolan perzentlerini halal ojakly, arassa ahlakly, päk kalply, ynsaply, ygrarly, lebzi halal, mert, edermen, jomart, pähim-paýhasly ynsanlar edip terbiýelemek maksady bilen uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan yrymlary döredipdirler. Olar öz dowamatlaryny özleriniň eýerip gelýän yrym-ynançlarynyň, däp-dessurlarynyň, ahlak ýörelgeleriniň mysalynda terbiýeläpdirler. Şeýlelikde, özboluşly terbiýeleýiş usullary – türkmen halkynyň ahlak ýörelgeleri emele gelipdir.
Her bir adam özüçe, öz ynanjyna eýerip, bir işiň başyny tutanda: «Be-e, muny şeýtdim weli, işim şowly bolaýdyow!» diýip pikirlenýär-de, biriniň ýanynda aýdýar weli, soňra köpçülikleýin häsiýete geçip, yryma öwrülýär. Giň halk köpçüligi, yrymlara ynanmagy unaýar. «Yrymsyzyň yrzy (ynsaby) ýok», «Yrymly yrylmaz» diýen ýaly nakyllar, «yrymyna ýagşy», «yrym-yrym,ýom-ýom» ýaly aýdylýan sözleriň döremegi muňa doly şaýatlyk edýär. Elbetde, yrymlara käbir ynanmaýanlar hem gabat gelýär.
Yrymlar halkyň geljege bolan umytly garaýyşlary, arzuw-islegi, ýagşylyklara bolan ymtylyşlary netijesinde döräpdir. Köpsanly ýagşy niýetlere ýugrulan yrymlar bilen bir hatarda ýaramaz manyly yrymlar hem ýüze çykypdyr. Bular käbir adamlaryň bir işiň başyny tutanda şowsuzlyk ýüze çyksa: «Hä-ä, men pylan hili iş etdim weli, şu ýaramaz iş boldy» diýip, yrym etmekleri netijesinde döräpdir. Adamlar ýaramaz manyly yrymlara gabat gelmekden çekinipdirler, ýagşy niýetlere ýugrulan yrymlardan ugur almaga çalşypdyrlar.
Ýaşaýyş durmuşynda ýüze çykan yrymlaryň köpüsini adamlaryň özleri saýlap, seljerip, sünnäläp, syntgylap, kämilleşdirip, öz mysallarynda barlap görüp, paýhas eleginden geçiripdirler. Yrymlara ynanmalymy, ynanmaly dälmi?. Elbetde, muny adamlaryň özleri saýlap, seljerip, özüçe kabul edip alýar. Her bir adam haýsydyr bir yrymy özünde barlap görse, ynanmalymy ýa-da ynanmalydygyny däldigini saýlap biler.
Ýagşy niýetli yrymlar adamynyň kalbyna, ruhuna siňmeli, şonda niýetler, arzuwlar hakykata öwrüler. Ýaşaýşa ýagşy niýetli garaýyşlar şowlulygy ýakynlaşdyrýar. «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýip, halk aýdypdyr. «Halk aýtsa, galp aýdýan» däldir.
Ýagşy niýetli adamlar tarapyndan döredilen, ýagşylyklara ýugrulan yrymlar adamzady diňe gowulyklara çagyrýar. Her bir türkmen nahardan soň okaýan töwir-dogasynda: «Ýagşylara ýanaşdyr, ýamanlardan azaşdyr», «Ýamandan daş et, ýagşa duş et», «Ýagşylara ýaran et, ýamanlardan goran et», «Azdyrmasyn, azana duçar etmesin», «Ýamanyň şerinden gorap saklaweri, beýik Taňrym!» diýip, Allatagala sygynyp, ýagşy dilegler edýändir. Ýagşy işler etmekligi niýet edinen adamynyň, türkmeniň yrym-ynanjyna görä, Biribara ýalbaryp, ýamanlardan daşlaşyp, ýagşylara ulaşyp, şeýtanyň şerini başa bardyrman, diňe ýagşylyklar etmelidigi yrymlarda öwran-öwran ýatlanylýar. Yrymlary döretmek bilen türkmen halky bu dünýäde ýagşylyk etseň, ýalkaw, ýamanlyk etseň, zowal bardygyna ünsi çekipdir. Halkymyzyň şular ýaly ahlak ýörelgelerini kalbyna siňdiren adam bolsa özüne ýaman häsiýetleri golaýlaşdyrmaz.
Merkezi Aziýada dowam eden otparazlyk dini araplaryň Merkezi Aziýany basyp almagy bilen öz ornuny yslam dinine berdi. Emma bu ýagdaý ýuwaş-ýuwaşdan bolup geçdi. Halk paýhasy, halk aňy hem çylşyrymly ösüş ýoluny geçdi, täze dini uzak wagtlaryň dowamynda kabul etdi, hatda häzirki wagtlara çenli ulanylyp ýören yrymlarymyzda, nakyllarymyzda otparazlyk dininiň galyndylary saklanyp galypdyr. Beýik Serdarymyz bu barada şeýle ýatlaýar: «Merhumy jaýlamak adatynda türkmenleriň özboluşly däp-dessurlary bar. Ýasda erkek adamlaryň telpek geýmek däbi otparazlar döwründen bäri dowam edip gelýär. Ol «başymda gam bar» diýen manyny aňladýar. Ýasda aýallar bürenjek atynýar. Ölen adamyň hossarlary kyrk gün geçýänçä, aýdym-saz diňlemeýärler, belli günleri geçýänçä toý-tutmaýarlar»1.
Otparazlyk dini adamzat medeniýetine uly täsir eden din, bu dini biziň ata-babalarymyzyň döredendigi has buýsançly. Bu dini esaslandyran Zaratustra b.e. öň II müň ýyllykda Margianada ýaşap geçipdir.
Otparazlyk dini bilen baglanyşykly dörän «Ot astynda bela durmaz», «Ot – oraz» kimin nakyllara, «Oda tüýkürseň, günä bolýar», «Ösüp oturan agajy otlamak günä», «Näsagy oduň töwereginden aýlasaň, kesel gaçyp gidermiş», «Mal öldürilen ýerde, damak ganyň dökülen ýerinde ot ýakylýar, şeýle edilmese, arwah-jyn gelermiş» diýen ýaly yrymlara häzirki döwürde hem uýulmagy şol döwürlerden habar berýär.
Paýhasly halkymyzyň dana wekilleri nämedir bir zatdan çekinilmese, bir ynanja gulluk edilmese edep-terbiýäniň bozuljakdygyna, her hili ýaramazlyklaryň ýüze çykmagynyň ähtimaldygyna, nesil terbiýesinde bärden gaýtmalaryň bolup biljekdigine göz ýetirip, yslam dininiň täsiri bilen hem yrymlaryň ençemesini döredipdir. Olar yslam dinini ak ýürek bilen kabul edipdirler. Bu barada Beýik Serdarymyz mukaddes Ruhnamasynda şeýle ýazýar: «Gorkut ata zamanynda diri baýlygy ýeriň üstüne, öli baýlygy ýeriň astyna sygmaýan, güýjüne baýrynyp, ýurduna buýsanyp ýören türkmenleriň kämil aňy oglanjygyň köýnek-balagyndan çykyşy ýaly, türkmenleriň kämil ruhy otparazlygyň hem, taňryparazlygyň hem çygryndan çykypdyr. Yslam dininiň käbir gowy pikirleri türkmenleriň agtaryp tapman ýören pikiri bolupdyr. Şonuň üçinem türkmenler yslamy kabul edýärler. Merwiň hökümdarynyň goşun dartyp gelen yslamçylara şäheriň derwezelerini açmaklary hem şu zatlar üçin bolmaly»1.
Beýik Serdarymyzyň belleýşi ýaly, täze pikirleri, garaýyşlary agtaryp ýören türkmenler yslam dinine uýdular. Şondan soňra olaryň ahlak ýörelgeleri hem yslam dinine uýgunlaşdy.
Ata-enelerimiz Allatagalanyň öňünde günä etmegiň howpludygyny öz perzentlerine ýatladyp, «Eýle etseň, günä bolar, bu uly günä, bu bolsa kiçi günä, günä gazanmak örän agyrdyr. Biribaryň öňünde jogap bermeli bolar» diýen ýaly düşünjeleri çagalykdan perzentleriniň aňyna guýupdyrlar. Öz döreden yrymlaryny «günä» bilen baglanyşdyrypdyr, öz çagalaryny «günäden gorkuzmak» arkaly terbiýelemäge çalşypdyrlar: «Çöregi bassaň, ýere taşlasaň günä bolar, gözüňem kör bolarmyş», «Paýyş sözleri agzyna alsaň, günä bolar», «Ýola kir suw dökmeklik külli günä. Günä etmekligi bolsa Beýik Biribar gowy görmeýär». Bular ýaly yrymlaryň aňyrsynda türkmeniň ata-babalardan galan, uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan ahlak ýörelgeleriniň, halkyň köneden gelýän edim-gylymlarynyň ýatanlygyny görmek kyn däl. Yslam dini kök urdugyça, has hem özboluşly türkmen ahlagy, soňabaka has kämil ýörelgeleri döräpdir.
Serwerimiz Muhammet pygamberiň hadyslarynda «Her kim şükür etmese Allatagala, Allatagala şükür etmez bendesine» diýilýär. Musulmançylygy ýüregi bilen kabul edip, yslam dinine uýan halkymyz şükür etmek, Allanyň beren ryzk-döwletine kanagat etmek, gara nebsiňi şaglatmazlyk ýaly düşünjelere, halallyga gulluk etmek ýaly ynançlara eýerip başlady. Halk «nebis» diýen zady öz ugruna goýberseň, adamzat isleginiň soňy gutarmaýar, «Kanagata – bereket» diýen ýörelgeden ugur alýar, şony gündelik durmuşda özüne ýol-ýörelge edinýär. Şu pikirleriň bary halk ynanjyny esas edinip dörän yrymlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Halkyň gündelik durmuşynda ulanylyp gelen sähet-bisähet, takdyr, kysmat, ýazgyt, nesibe, ykbal, täleý, rysgal-kemrysgal, halal-haram baradaky gürrüňler halk arasynda has giňden ýaýradygyça, yryma öwrülipdir. Allatagalanyň öňünde günä etmegiň howpludygyny ýatladýan yrymlaryň sany kem-kemden artypdyr. Şükürlilik-kanagatlylyk türkmen halkynyň baky hemrasy, ony halkyň tereň derýa kimin halky eserlerinden aňlap oturmaly.
Oguz nesillerine mahsus bolan edim-gylymlar, däp-dessurlar, ahlak ýörelgeler, urp-adatlar yrymlaryň içine siňdirilip, halkyň aňyna tenekär ýaly damdyrylmaga synanyşylypdyr. Türkmen halkynyň dürli taryhy zamanlardaky durmuş tejribeleri, geçen ýollary, ýaşaýyş şertleri yrymlarda beýanyny tapypdyr. Ynsanlar yrymlar arkaly gowy ýaşaýşyň, bol-telkilikde, jan saglykda uzak ýaşamagyň açaryny ele aljak bolup çalşypdyrlar.
Yrymlaryň ençemesi maşgala däp-dessurlary bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr. Adamzat ýaşaýşy döräli bäri nikalaşmak, öýli-işikli bolmak, perzent öndürmek, ony ösdürip ýetişdirip, durmuş ummanyna goşmak, adamyny iň soňky ýoluna ugratmak bilen bagly ýüze çykan yrymlaryň sany gitdigiçe köpelmek bilen bolupdyr. Olaryň many-mazmuny ähli durmuş hakykatyny özüne siňdirip, ugrukdyryjy, maslahat beriji äheňlere ýugrulypdyr. Ol yrymlaryň ençemesi bolsa gitdigiçe halk durmuşyna berk ornaşyp, hökmany ýerine ýetirilmeli däp-dessurlara öwrülip gidipdir.
Türkmen durmuşynda yrymlar diňe maşgala bilen baglylykda däl, eýsem ähli babatda döräpdir. Olary ýörite toparlara bölmek zerurlygy ýüze çykýar:
Tagam, çörek, bereket, rysgal-döwlet bilen bagly dörän yrymlar.
Toý däbi bilen baglanyşykly dörän yrymlar.
Çaga dogulmagy bilen bagly dörän yrymlar.
Edep-ekram bilen baglanyşykly yrymlar.
Adam bedeni bilen baglanyşykly yrymlar.
Zähmet endikleri we ekerançylyk bilen bagly yrymlar.
Tebipçilik bilen bagly yrym-ynançlar. Em-ýomlar.
Tebigat hadysalary we howa ýagdaýlary bilen bagly yrymlar.
Nowruz yrymlary.
Düýş ýorgutlary.
Haýwanlar, guşlar hakyndaky yrymlar.
Dürli ynançlar bilen bagly dörän yrymlar.
Otparazlyk dini bilen bagly yrymlar.
Gymmatbaha daşlar bilen baglanyşykly dörän yrymlar.
Sanawaçly yrymlar.
Dürli mazmunly yrymlar.
Ýas däbi bilen bagly dörän yrymlar.
Dürli babatlarda dörän yrymlaryň ählisiniň diýen ýaly uly terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan yrymlaryň aňyrsynda giň, umman ýaly many-mazmun, türkmen ahlagy ýatyr. Muňa diňe uzak wagtlap öwrenilmekden üzňeleşdirilen yrymlary öwrenmäge mümkinçilik alan Garaşsyzlyk zamanamyzda – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda göz ýetirildi. Maşgala bilen bagly yrymlaryň köpüsi nika toýy bilen bagly döräpdir. Mysal üçin, gudaçylyga, gelnalyja gidilende, gelin getirilende her hili yrymlara eýerilýär. Bular hem uzak wagtlaryň dowamynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolupdyr. Gyzly öýe sawçylyga gidilende «duz-çöregimiz garylsyn, gyz bize ýazylan bolsun» diýlip, gizlinlik bilen gyzyň öýünden çörek bölejigi alnyp gaýdylýar. Şonuň bilen birlikde, gyzly öýe gudaçylyga gidilende düwünçek äkidilýär, eger guda bolmakçy bolsalar, düwünçege derek düwünçek salynýar. Gudaçylyga gelen tarapyň sözüni almak niýetleri bolmasa, käbir ýagdaýlarda düwünçekleri açylman, yzyna gaýtarylýar. Gudaçylyk bilen bagly yrymlar hem köpçülige ýaýrap, uzak asyrlary aşyp, biziň döwrümize gelip ýetipdir. Halkyň öz döreden yrymlaryna ynançlary gitdigiçe berkäpdir. Hut şu günlerde hem geçip barýan gelnalyjyny ýüzüne sylyp: «Bize-de hudaý ýetirsin!» diýişýän aýallary kän görmek bolýar. Yrym-ynançlar hem edil däp-dessurlar ýaly üýtgeşmelere sezewar bolup, kem-kemden berkäp, halkyň aňyna ornaşyp gelipdir.
Gyz tarapda her hili yrym-ynançlar ýerine ýetirilip, gyz alnyp gaýdylansoň, ýene-de birtopar däbe öwrülen yrymlar berjaý edilýär. Gelin gelende gaýyn tarapda gözden-dilden goramak niýeti bilen ýüzärlik tütedilýär, gelniň bir eli ýaga, beýleki eli bala batyrylýar, bu «Gelen ýeri bilen bal bilen ýag ýaly garyşsyn» diýlip edilse, ak una barmaklaryny batyrmak, maňlaýyna un çalmak, öňüniň aklyk bolmagyny arzuwlap ýerine ýetirilýän yrymlardyr. Täze gelen gelin sag aýagy bilen ätläp jaýa girmeli, eger sag aýagyny ätläp girmese, şol maşgalada betbagtçylyk ýüze çyksa, näsaglyk, keselçilik, ölüm-ýitim bolaýsa, bar, onsoň, «Gelniň aýagy düşmedi» diýen gürrüň ýüze çykýar, käbir ýerlerde bolsa: «Çep aýagy bilen ätläp girip, gaýynlary bilen çepleşip ýör» diýilýär. «Il bilen gelen toýdur baýram» diýlen, ähli adamlara mahsus bolan ahlak ýörelgäni ýöredýän paýhasly halkymyz ähli iliň oňlan yrym-ynançlaryny asyrlardan aşyryp, gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir.
Yrym-ynançlaryň ençemesi maşgalada çaganyň dogulmagy bilen bagly ýüze çykypdyr. Bu yrymlaryň köpüsiniň aňyrsynda edep, terbiýe ýatyr. Türkmen halky özüniň gündelik durmuşynda gabat gelýän ýörelgeler bilen baglylykda, ähli umumy oňlanyljak bir netijä gelip, terbiýeçilik ähmiýeti bolan, öz halkyna geljekde-de peýda getirip biljek täsin yrymlary döredipdir. «Hamyla gelin aş saýlaýan döwründe gök önümleri, miweleri köp iýse, doglan çaga näzik, görmegeý, sypaýy bolarmyş», «Toýly gelin agzybimaza döwründe ak zatlary köpräk iýse, çaga-da ak bolup doglarmyş, eger gara zatlary köp iýse, garaýagyz çaga doglarmyş» diýen ýaly ynançlara eýerip, ony yryma öwrüpdirler, hemmeler şoňa ynanyp, şeýle etmäge çalşypdyrlar. «Doguljak çaga ogul bolsa, goý, ol batyr, edermen, mert ýigit bolup ýetişsin» diýip, toýly gelne ýekegapanyň we ş.m. garadangaýtmaz, batyr haýwanlaryň ýüregini, «Eger-de gyz bolsa, görmegeý, owadan, näzik bolsun» diýip, owadan guşlaryň, keýgiň etini, gök, ak önümleri iýdiripdirler. Mundan çykýan netije «Göwrelilik döwründe ýaş gelne ýokumly iýmitleri iýdirmek gerek » diýildigir. Ak we gök önümler bolsa ähli ýokumly maddalary özünde köp saklaýar, ýeňil, siňňitli. Şoňa göz ýetiren doga sowatly türkmen halky şeýle täsin yrymlaryň halkyň arasyna ýaýramagyny gazanypdyr.
Türkmen halky öz dowamaty bolan nesilleriniň işeňňir, zähmetsöýer, batyr, maşgalanyň namysyny goraýjy bolup ýetişmegini, gyzlarynyň bolsa eli çeper, asylly, saýhally bolmagyny arzuwlap, öz ynançlarynyň esasynda birtopar yrymlary döredipdir. «Täze dünýä inen çagajygyň göbegini bosaganyň daş ýüzünde ýa-da öýüň gapdalynda, gyzjagazyň göbegini bolsa öýüň töründe gömmelimiş», eger şeýle edilse, gyzjagazyň öýdeçi, eli çeper, törüň bezegi, oglanjygyň bolsa ulalyp, öýüň goragçysy, maşgala namysyny goraýjy bolup ýetişjekdigine ynanypdyrlar, bu ynanç hem köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, yryma öwrülipdir.
Täze doglan çaga at dakmaklyk bilen bagly bolan yrymlar hem türkmen halkynyň arasynda ýörgünli ulanylýar. Ene-atanyň ilkinji borjy çaga göwnelaýyk at dakmak. Ir zamanlarda çaga ulalyp, 15–16 ýaşa baranda, nähilidir bir iş bitirse, şonda hakyky at dakylýar ekeni. Türkmeniň gadymy şadessany «Gorkut atada» biz bu ýagdaýa gabat gelýäris. «Bugaç han Derse han oglunyň boýy» diýen bölümde Derse hanyň 15 ýaşly ogly bugany (öküzi) öldürende, iş bitiren hökmünde Bugaç at goýýarlar. Emma uzak taryhy döwürleriň dowamynda yrym-ynançlaryň hem üýtgeşmelere sezewar bolýandygyny inkär etmek bolmaz. Häzirki döwürde çaga doglanda at tiz dakylsa gowy görülýär. «Çaga wagtynda at dakylmasa, ol ýaramaz, adam bolup ýetişer» diýen ynanç halk aňyna ornaşypdyr-da, yryma öwrülipdir. «Çaga çydamly, batyr bolsun» diýip oglanjyklara berk zatlaryň, ösümlikleriň, güýçli haýwanlaryň atlary dakylýar. Ojar, Sazak, Gandym, Çerkez, Arslan, Ýolbars, Böri, Gurt we ş.m. Oglanlara berk daşlaryň hem atlary (Almaz, Polat) dakylýar.
Gyz maşgala bolsa owadan, näzik, sypaýy haýwanlaryň, guşlaryň, ajaýyp ösümlikleriň, süýji närseleriň atlary dakylýar. Keýik, Towşan, Maral, Jeren, Sülgün, Tawus, Toty, Bilbil, Gül, Nary, Alma, Maýsa, Miwe, Şirin, Şeker şular ýaly atlardandyr, olaryň sanyny näçe artdyrsaň, artdyryp oturmaly. Şaý-sepleriň, gymmatly daşlaryň atlary Altyn, Kümüş, Göwher, Zümerret, Dürdäne, Merjen, Ýakut hem gyz çagalara dakylýandyr. Paýhasly halkymyz öz çagalaryna beýle atlary ýagşy arzuw-niýetler, umytlar bilen dakypdyrlar.
Eger maşgalada diňe gyz çagalar bolup, ogullary ýok bolsa, ogul çaga dünýä inen halatynda Allatagaladan (gaýypdan) gelen peşgeş hökmünde, käbir halatlarda bolsa «Guşuň ýelejigi kimin gaýyp düşdi» diýip, Gaýyp dakypdyrlar. Çagasy durmaýan eneler çagasynyň durmagyny, uzak ýaşamagyny Biribardan dileg edip, oňa göz degmezligini arzuwlap hem her hili atlary (Italmaz, Tagan, Tagangül we ş.m.) dakypdyrlar.
Türkmenlerde yslam dinine eýerilip, Beýik Allatagalanyň hem-de din wekilleriniň atlaryny hormatlap dakmaklyk bilen baglanyşykly yrymlar hem biziň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanamyza hem ençeme taryhy asyrlardan aşyp gelipdir. Halk arasynda «Allatagalanyň müň bir ady bar» diýen ynanç ýaşap gelýär. Ol giň halk köpçüliginiň arasyna ýaýrap, adamlar, hut, häzirki günlerde hem ogul perzentleriniň adyna şol atlardan bilýänlerini dakýarlar. Şeýle atlardan birnäçesini mysal almak ýerliklidir: Kadyr, Möwlam, Sylap, Ýalkap, Rahman, Rahym, Jepbar, Jelil, Gapbar. Allatagalanyň adyny göni tutmakdan çekinip, yzyna goşmaça «berdi» sözüni hem goşup, Hudaýberdi, Taňryberdi,Sylapberdi,Ýalkapberdi ýaly görnüşde tutupdyrlar.
Din wekilleriniň hem ählisiniň diýen ýaly atlaryny dakmak türkmen halkynyň arasynda ýörgünlidir. Muhammet, Omar, Osman, Aly, Isa, Mäti, Musa, Ýakup, Ýunus, Ýusup we ş.m. atlary dakmak bilen paýhasly halkymyz öz perzentleriniň şular ýaly arassa ahlakly, päk wyždanly, Beýik Taňrynyň söýen bendeleri bolup ýetişmeklerini arzuwlapdyrlar. Halk arasynda «Şeýle atlar hem-de galan at (ýogalan merhumlaryň atlary) dakylan perzentleri urmak, olara sögmek bolmaz» diýen yrym-ynanç hem gadym zamanlardan bäri türkmenleriň arasynda kök urupdyr.
Türkmenleriň arasynda iň giň ýaýran at dakmagyň görnüşi hem ölüp-ýitip giden merhumlaryň hormatyna olaryň atlaryny dakmaklykdyr. «Iň ýakyn adamlarymyzyň atlary ýerde ýatmasyn» diýen yryma eýerilipdir. «Ine, pylanyjan geläýdi» diýip, onuň göni adyny tutmakdan saklanyp, «Atajan, Kakajan, Enejan, Mamajan» diýip, uly hormat-sylag bilen ýüzlenýärler.
Hudaý ýoluna sadaka berlip, merhuma aýat okadylyp, onsoň ady dakylýar. Eger şeýle edilmese, «Merhum adyny bermäge razy bolmazmyş» diýen yrym-ynanç şu günlerde hem ýörgünli ulanylýar.
Türkmen halkynyň arasynda şu günlerde hem ruhy sütünlerimiz bolan Myraly, Magtymguly, Mollanepes, Kemine, Azady ýalylaryň, batyr serkerdelerimizden Görogly, Keýmir ýaly edermenleriň atlaryny dakmaklyk uly sylag-hormat bilen amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Serdar, Saparmyrat diýlip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň, Gurbansoltan ejäniň, Atamyrat aganyň adyny dakmaklyk hem ýörgünli. Bu-da täze yrym-ynançlardandyr.
Maşgalada dünýä inen çaganyň ilkinji eşidýän owazy mukaddes azan, halk arasynda azan aýtdyrylanda «Çaganyň gulaklary açylarmyş» diýen yrym-ynanç ýaşap gelýär. Azan aýdyjy çaganyň adyny hem aýtmaly, bu ynanç yslam dini bilen baglanyşykly dörändir. Azan aýdylyp, çaganyň ady belli bolandan soňra çagany, enäni goramak maksady bilen dürli yrymlar amala aşyrylýar. Şeýle yrymlardan biri-de uzak ýyllaryň dowamynda halkyň duýgy-duşünjesinde, kalbynda, bütin süňňünde, ruhunda ýaşap gelýän çiledir. Halkyň düşünjesine görä, «Çile, esasan, ýaş gelne (atasy öýüne gaýtarylmadyk), täze doglan çaga düşýär» diýlen pikir halkyň janyna-ganyna siňip gidipdir. Ýaş gelin bilen ýaş çaga biziň halkymyzyň ata Watan derejesinde ähli pähim-paýhasy bilen goraýan mukaddesligi. Bu mukaddeslikler ähli bela-beterlerden, howp-hatarlardan goralmaga çalşylýar.
Çile döwrüniň esasy maksady ýaş çagany, ýaş gelni gorap saklamak. Bir öýde ýaş çaga bar bolsa (doglanyna kyrk gün bolmadyk), şol öýe başga bir täze doglan çaga getirilmeli däl, ýaş gelin hem edil çaga ýaly. Yryma görä, öýdäki çaga ýa-da ýaş gelin daşary çykarylýar. Üstüne gelen gelin ýa-da çaga öýe girensoň, ol öýe girýär. Şeýle etmek bilen halk öz ynanjyny goraýar, kalbyny ynjaldýar. Halk şuny etmese, ynjalmaz, çünki bütin durky bilen şu ynanja eýlenipdir.
Aradan çykan merhumy jaýlamaga giden gölegçiler gaýdyp gelenlerinde ýaş gelin, ýaş çaga öýden daşary çykarylmaly, öýe girenlerinden soňra olar girmeli.
Türkmen halky duza uly sarpa goýýar. Eger iki maşgala gelin edinse, ýa-da çagasy bolsa, ýa-da biri gelin edinip, birinde çaga bolsa, şol iki maşgala tizlikde duz alyşmaly. «Eger şeýle edilse, çile düşmez» diýen ynam adamlaryň, aýratyn hem yrymlara tüýs ýürek bilen eýerýän aýal maşgalalaryň ýüregine rahatlyk aralaşdyrypdyr. Her hili iýmit önümlerinden hem çile düşmez ýaly, ýaş çagaly, ýaş gelinli öýe getirilmesi gadagan edilen iýmitler bar. Bu bolsa türkmen halkynyň ähli zady seljerip, oýlanyp, bir işiň başyny tutýan doga sowatly halk bolanlygyndan habar berýär. Ýumurtga, et şeýle gadagan edilen iýmitleriň hataryna girýär. Şol önümler ýaş gelinli, ýaş çagaly öýe getirilse, ol önümleri daşarda goýup, gelni, çagany daşary çykarmaly, soňra ol iýmitleri öýe salyp, soňra olary girizmeli. Elbetde, bu halkyň köneden gelýän yrym-ynanjy, emma şeýle edilse, nähilidir bir kalbyňy rahatlandyrýar. Bu barada Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem öz çykyşlarynda belläp, yrym-ynançlara uly baha berip, şeýle diýdi: «Geçmişde türkmenler örän medeniýetli halk bolupdyr. Çaga doglanda hökmany ýerine ýetirmeli däplerimiz bolupdyr. Indi biz olary ýatdan çykarypdyrys. Çaga dünýä inendäki kyrk çiläni alyp görüň.
Ol çaga gigiýenasynyň iň ýokary nusgasydyr».1
Dogrudan hem, çile türkmen halkynyň çaga, gelin bilen bagly bolan arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmesidir. Halk arasynda «Çile düşen çaga eýikmez, boýnuny wagtynda tutup bilmez, eger-de etiň, ýumurtganyň çilesi düşse, uşak, iri örgün örer» diýen ynanç ata-babalardan bäri dowam edip gelipdir. Türkmen halky näzik ýaş gelnini, ýaş çagasyny apalap, ähli bela-beterden goramaga çalşypdyr. Ýaş gelinler ikigat wagtynda özüni örän gowy saklap, özünden talap edilýän düzgünleri dogry berjaý etmelidirler. Çaga doglanda ýedi gün iň howply günlerden hasaplanylýar. Şondan soň çaga-da, ýaş ene-de arassalanmaly, çileden çykmaly. Çagany ýa-da gelni düşürjek suwuňa ýedi sany bugdaý ýa-da tüwi (rysgal-döwletliligiň alamaty), kümüş teňňe atyp, içine ýedi çemçe suwy hem goşmaly. Soňra edil şunuň ýaly ýagdaý kyrk günden soň hem gaýtalanýar, kyrk däne, kyrk çemçe suw garylýar. Ine, şu pursatdan soňra hem doly sagatlyk döwri başlanýar. «Çaga çileli döwründe, çileden çykýança, aýry ýerde ýatyrylmaly, çagaly jaýa köp adam girmese gowy», «Çileli çaganyň ýassygynyň aşagynda jöwher pyçak, duz, çörek goýsaň, çagany arwah-jyndan goraýarmyş», «Ýaş çaga bosaganyň üstünde oýnasa, kesellegiç bolarmyş». Bular kimin yrym-ynançlaryň aňyrsynda uly terbiýe mekdebi ýatyr. Ýaş çaga, ýaş gelin çileli döwründe olaryň bedeni gowşak bolýar, goranyş ukyby bolmadyk bedene her hili keselleriň ýokuşmagy ahmal, şonuň üçin hem pähim-paýhasly pederlerimiz yrym-ynançlarynyň üsti bilen öz nesillerini her hili bela-beterlerden goramaklygy niýet edinipdirler.
Türkmenlerde ýaş çaganyň galpagy ilkinji gezek syrylanda, ilkinji dişi çykanda hem dürli yrym-ynançlar amala aşyrylypdyr. Garaşsyzlyk türkmen halkyna ýitip giden yrym-ynançlaryny, däp-dessurlaryny gaýdyp berdi, ýatdan çykarylmak derejesine ýetirilen ahlak ýörelgelerimiz durmuşa ornaşyp başlady. Yrym-ynançlaryň birtopary ösüp, kämilleşip, köpçülikleýin häsiýete geçip, hökmany ýerine ýetirmeli däp-dessura öwrülip gidipdir. Şolaryň iň esasylary galpak toýy we diş toýy bilen baglanyşyklydyr. Bu toýlar bilen baglanyşykly hem yrym-ynançlar ýerine ýetirilipdir.
Kähalatlarda çaga dişli dünýä inipdir, şeýle ýagdaýda gyzjagaz bolsa Sadap at goýupdyrlar. Sadap daşyndan şaý-sep, monjuk dakar ekenler. Ilkinji diş çaganyň bir ýaşyna çenli dürli wagtlarda çykypdyr, 6-7 aýlykda diş çykmagy kadaly hasaplanylypdyr. Çaganyň ilkinji dişini gören adama serpaý berlipdir. Diş çykmagyny çaganyň ösüşinde ilkinji basgançak hasaplapdyrlar, çaganyň üstünden toý pişmesi seçilipdir, içinde hökman patrak bolmaly eken. Çagany haly, palasyň üstünde oturdyp, patrak seçmekleri onuň dişleriniň patrak ýaly patrap çykmagyny dileg edendiklerini aňladýar.
Çaganyň çile galpagynyň syrylmagy hem uly wakalardan biri bolupdyr. Munuň bilen baglanyşykly hem yrym-ynançlar dowam edip gelipdir. Çile galpagy çaganyň doglandaky saçydyr, ol mymyk, ýumşak, ýüpek ýaly näzikdir. Çile galpagy agyr hasaplanylypdyr. Halk «Ony götermek kyn bolýar» diýen ynanja eýeripdir. Çaga bir ýaşyna baranda çile galpagy syrylýar, yryma görä, ony daýysy syrmaly bolupdyr, juda bolmasa başlap bermeli ekeni. Eger başga kişi syrmaly bolsa «Meniň elim däl, daýysynyň eli» diýip başlamaly, daýysyna hökman serpaý etmeli. «Çile saçy adama bagt getirýär» diýip, şol saçlary ýygnap goýupdyrlar, gyzlar öz el bukjalaryna çugdamlapjyk tikipdirler.
Çaganyň galpagy syrylanda toý tutulypdyr, häzirki wagtda hem dabaraly bellenilip geçilýär. Çaga bilen bagly bolan yrym-ynançlar sanardan kän. Şular ýaly köpsanly yrym-ynançlaryň üsti bilen türkmen öz çagasyna akylly-başly bolmagy, päkizeligi, halallygy, kalby päkligi, mukaddes zatlaryň sarpasyny saklamagy öwredipdir.
Umuman, öz nesillerini gözüniň göreji ýaly gorap saklap, oňa iň asylly gylyk-häsiýetleri öwretmäge çalşan halkymyzyň pähim-paýhasly wekilleri çaganyň dogulmagy, onuň terbiýesi bilen bagly bolan yrymlaryň ençemesini döredip, öz aňlary hem hakydalary arkaly biziň döwrümize ýetirmegiň hötdesinden gelipdirler. Olaryň pähim-paýhasa eýlenenleri şu günki günlerde hem ýaş nesillere ýol görkezip gelýär. Ýaş çaga dil çykarýan wagtynda malyň dilini, aýratyn hem diliniň ujuny iýdirmek halk arasynda ýörgünli ulanylýar. Hakykatdan hem dil iýen çaga dillije bolýar. «Ýaş çagany sebäpsiz ýerden urmak-sögmek gowy dälmiş, gaýdyp çaga ýüzüň düşmezligi ahmal», «Çaga oňat at daksaň, ulalanda bagtly bolarmyş», «Dagdan agajy, göz monjugy, alaja ýaly zatlar göz degmekden goraýar» diýen ýaly ynançlar uzak asyrlaryň üstünden aşyp bize gelip ýetipdir.
Maşgalada adam ölümi, onuň iň soňky ýoluna ugradylyşy bilen bagly hem ençeme yrym-ynanç döräpdir. Çünki türkmen ahlagy «yrymly yrylmaz» diýen ýörelgeden ugur alypdyr, «Il oňlasa, atyňy soý» diýen nakyly döreden paýhasly halkymyz iliň oňlan işini kemini goýman dowam etdiripdir. Ýas däbi bilen bagly dörän yrymlaryň sany-sajagy ýok. «Aradan çykan adamy (merhumy) ýatyranlarynda başyny aşak goýup ýatyrmalymyş». Halk arasynda «Öli başy aşak, diri başy – ýokary» diýlen pähim uzak asyrlaryň dowamynda ýoda-ýörelgä, nysaga öwrülip, biziň döwrümize gelip ýetipdir, hut, häzirki günlerde hem şeýle edilýär. Çünki ata-babalarymyzyň ahlak ýörelgelerine eýermek türkmeniň däbi. Adam aradan çykanda, öýleden soň ýogalsa, ertire çenli myhman alynýar. Merhumyň ýanynda oturanlar gepleşmeli däl, eger gepleşilse-de, diňe merhum barada gepleşilmeli, uklamak hem bolmaýar. Uzyn gije merhumyň ýanynda oturyp, ony her hili mör-möjeklerden gorap saklamaly, merhumy diňe ýagşylykda ýatlamaly. Adamzadyň ýas däbi bilen baglanyşykly bolan ynançlary däp-dessura öwrülip, kök urup gidipdir.
Goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly üns beren türkmen halky goňşy bilen gowy aragatnaşykda bolup, birek-biregiň toýuna, ýasyna ýarapdyrlar. Başyna ýas düşen maşgalada hiç hili bişir-düşür edilmeýär, goňşy-golamlar uly sylag-hormat bilen, duýgudaşlyk bildirip, nahary käbir ýerde üçi geçýänçä, käbir ýerlerde ýedisi geçýänçä, öýlerinde taýýarlap getiripdirler. Bu yrym däbe öwrülip gidipdir, häzir hem dowam edip gelýär. «Merhumyň ýedisine çenli şol öýde nahar bişirilse, al-arwahlar nahary zäherlärmiş» diýen yryma eýeren halk ýas wagtynda birek-birege dik durup hyzmat edipdir. Şonuň üçin hem türkmen halkynda «Kyýamat güni – goňşudan» diýen nakyl döräpdir. Kyýamat gününde merhumyň eden haýyr işleri hem, ýaramaz işleri hem öňi bilen goňşusyndan soralarmyş.
Yrymlaryň käbirleri halk döredijiliginiň başga bir görnüşleriniň (rowaýat, nakyl, sanawaç) döremegine hem sebäp bolupdyr.
Ähli babatlarda bolşy ýaly, ýas däbi bilen baglanyşykly her hili terbiýeçilik ähmiýetli yrym-ynançlar türkmen halkynda kän gabat gelýär. Bu hili yrymlar merhuma sylag-hormaty, her hili ýagşy niýetleri kalbyňa ornaşdyrýar. «Ölümiň yzy kesilsin, ýoly sowulsyn!» diýlen ýagşy niýet bilen ölümde nan bişirilende, dürtgiýç gyradan dürtülip başlap, ortada gutarmalymyş, «hamyr alyp, çişip, köpelmesin, ölüm hem köpelmesin!» diýlen ýagşy niýet bilen ýasda petir çörek bişirilipdir, häzir hem şeýle. Merhumlary sylamak esasy borç bolup, şu hili yrymlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. «Her gezek nahar iýlende, merhumlaryňy ýatlap, aýat okamalymyş». «Öli aýatdan doýmaz, diri – hezzetden» diýen ýaly nakyldyr yrymlar hem halkyň şu hili ynançlary bilen bagly döredilipdir. Adam iň soňky ýoluna gönügende, ahyr deminde «Ýanynda öz ýakyn hossarlary bolsa, merhum razy bolarmyş, bu agyr pursat ýeňillik bilen geçermiş». Şonuň üçin hem türkmeniň ahlak ýörelgesinde «Adamynyň iň soňky deminde ýakyn hossarlary ýanynda bolmaly» diýen ynanç ornaşypdyr, bu ynanç häzirki günlerde hem dowam edip gelýär. Türkmen halky bolsa öz yrym-ynanjyny, din-diýanatyny, umuman, ähli ahlak ýörelgelerini gözüniň göreji ýaly gorap gelen halk.
Türkmeniň ahlak ýörelgesinde daňdan säher çaglaryna aýratyn umyt bilen garalypdyr. «Ir bilen gün dogmanka, Allatagalanyň dergähleri (gapylary) açylarmyş, ýagşy dilegler onuň huzurynda kabul bolarmyş», «Rysgal-döwlet ir säher çaglary paýlanarmyş» diýen ýaly dini ynançlar halk arasynda ýörgünli ulanylypdyr. Adamlar üstlerine gün dogdurmazlyga çalşypdyrlar. «Ir bilen säher çagy turup, «Aýy-güni döreden, ýeri-gögi ýaradan Beýik Taňrym, işlerimiz şowly bolsun!» diýip, ýagşy dilegler bilen tutumlarynyň başyny başlapdyrlar. Türkmeniň dana şahyry Beýik Magtymguly ýagşy işler etmekligi niýet edinen adamynyň türkmeniň yrym-ynanjyna görä, ir turup, üstüne gün dogdurman, Biribara ýalbaryp, ýamanlardan daşlaşyp, ýagşylara ulaşyp, şeýtanyň şerini başa bardyrman, diňe ýagşylyk etmelidigini öwran-öwran ýatladýar:
Säher tur, Hudaýa ýalbar,
Yslam öýüň abat galsyn!
Ýamany goý, ýagşa ýol ber,
Şeýtan işi berbat galsyn!1
Şahyr halkyň yrym-ynançlaryna tüýs ýüregi bilen uýup:
Säher wagty gapyl bolmaň, ýaranlar,
Dergahlar açylar çagdyr, bu çaglar.
Rahmete duş geldi bu wagt erenler,
Hak nury saçylar çagdyr bu çaglar.2
diýen ýaly pikirlerini şygra salypdyr.
Şahyryň özi hem säher çagyndan umytly bolupdyr, iliniň hem şu yrym-ynanja eýermegini isläpdir.
Dana ata-babalarymyz saçak, tamdyr, ojak, duz-çörek, öwlüýä deňelýän ýol, köpri ýaly mukaddeslikleri harlamazlygy özleriniň yrym-ynançlarynyň üsti bilen perzentleriniň kalbyna siňdirmäge çalşypdyrlar, uly manyly yrymlary döredipdirler. Ene-mamalarymyzyň, ata-babalarymyzyň döreden «Nahardan öň we soň eliňi ýuwmasaň, öýüňe bereket ýagmazmyş», «Agzy-dili ýok diýip, haýwany urmaly dälmiş», «Ir bilen turup, işigi açyp goýsaň, şol günki rysgal paýyň öýe girermiş», «Öýde kerep emele gelse, şony aýyrmasaň, garyplyga çekermiş», «Irden turup başyny daran gyz bagtly bolarmyş, onuň saçyny perişdeler darap berermiş». «Ýetim çaganyň göwnüni awlamak Käbä zyýarata gidip gelen bilen deňmiş», «Juda ajygan, suwsan adamyny doýurmak, suwdan gandyrmak hem haja gidip gelmek bilen deň hasaplanylarmyş» diýen ýaly yrym-ynançlar terbiýäniň gönezligidir. «Bir ajy doýurmak haçdyr, ýaranlar» diýip, Magtymguly Pyragy hem aýdyp geçipdir. Şu hili yrymlaryň many-maňzyna diň salsaň, diňe ýagşy gylyklar, gowulyklar ündelýär. Bularyň barysy ynsanlarda arassaçylyk, päkizelik düzgünlerini berjaý etmekligi, edep-ekramlylygy terbiýeleýär.
Yrym-ynançlaryň örän köpsanlysy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen bagly döräpdir. Çünki asly nurdan bolan türkmen örän arassaçyl halk bolupdyr. Bir yrymy mysal alalyň: adamynyň synasyndan bölünip aýrylýan üç zady – saçy, dyrnagy, gaçan dişi gömmelidigini ata-babalarymyzdan galan yrym-ynançlar bize ýatladýar. Çünki bu zatlar dargaşyp ýatsa, hapysalygyň alamaty hasaplanylypdyr. «Düşen we syrylan saçyň böleklerini guş alyp gitse, garaguşagyry keselli bolarsyň» diýen yrymy döreden halk perzentleriniň kalbyna gorky aralaşdyrypdyr. «Çaganyň düşen dişini atyň ýatagynda gömseň, atyň dişi ýaly sagdyn diş çykarmyş, goýun-guzyň ýatagynda gömseň, guzyň dişi ýaly owadan diş çykarmyş» diýen ýaly yrymlara uýan ata-babalarymyzyň ynançlary nesilleriň hem aňyna ornaşypdyr.
Dyrnak iň hapa zat hasaplanylypdyr, dyrnak alnanda üýşürip, daşrakda gömülipdir. Ýöne belent adamkärçilik sypatlaryny özünde jemlän ata-babalarymyz «Hatda iň hapa zat bolsa-da, dyrnagy hem agyratmaly-ynjytmaly däl» diýen pikiri aşakdaky sanawaja siňdiripdirler, barmaklarynyň ujuny ýere sürtäp, «Goýnum müňe ýetende, düýäm ýüze ýetende, altyna gaplap dakynaýaryn» diýen sanawajy sanap, dyrnagy gömüpdirler. Paýhasly gelin-gyzlarymyz bolsa düşen saçlary üçin ýörite bukja tikipdirler, her ýyl Gurban aýynda saçy gömmeklik sogap hasaplanylypdyr.
Umuman, ata-babalarymyz yrym-ynançlaryna özleriniň iň päkize, halal niýetlerini, käbir wagtlarda bolsa halamaýan zatlaryna bolan garaýyşlaryny hem siňdiripdirler.
Türkmen halkynyň arasynda edep kadalaryny, ahlak ýörelgelerini durmuşa berk ornaşdyrmak üçin ulanylyp gelýän ýagşy niýetli yrymlaryň örän köpüsi şu günlerde hem adamlara diňe ýagşylyklary ündäp, halk arasynda ýaşap gelýär. Olar adamlary, ylaýta-da ýaşlary dogry ýola ugrukdyrmakda gymmatly serişdedir. «Agşam gap-gaçlary ýuwup, arassalap goýsaň, ertire çenli rysgaldan dolup durarmyş», «Öýüň töweregine kir suwy, kül dökmek bolmaýar, arwah-jyn gelermiş», «Gelneje bilen baldyz biri-biriniň eşigini geýse, gelnejesi bilen agasynyň nikasyna tow düşermiş», «Duz we duz goşulan zatlary harlamaly däl, duz depelän gönenmez». Bular ýaly yrymlary bilýänleriň ýaramazlyklary etmekden saklanjakdygy hemmä mälim hakykat.
Türkmenistan ýurdumyz baryp sekiz asyrlap garaşylan özbaşdaklygyna eýe bolandan soň, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ilkinji üns beren zady hem ozal gadagan edilen ruhy gymmatlyklar boldy. Esasy maksat halkymyzyň gadagan edilen gymmatlyklaryny ýokary galdyrmaklyga gönükdirildi. Halkymyz hem köneden gelýän yrym-ynançlaryna dolandy. Mukaddes Ruhnamasynyň ikinji kitabynda Beýik Serdarymyz türkmen halkynyň köneden gelýän yrym-ynançlaryna, däp-dessurlaryna, ahlak ýörelgelerine aýratyn üns berýär.
Yrymlaryň ählisiniň many-mazmuny halal ahlakly ynsany terbiýeläp ýetişdirmeklige, jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmeklige syrykdyrylandyr. Yrymlaryň köpüsi edep-ekram öwredijidir, ýagşy arzuw-niýetlere ýugrulandyr, adamzadyň göwnüne teselli berijidir. Has hem köne döwürlerden bäri dowam edip gelýän yrymlarymyz şeýle häsiýetlere eýedir. Emma yrymlaryň arasynda birtopar ýasama, ýüzleý döredilenleri hem soňky wagtlarda duş gelip başlady. Bular, biziň pikirimizçe, paýhasly ata-babalarymyzdan galan yrymlar däl. Olar soňky wagtlarda oýlanylman döredilen yrymlardyr. Olarda hiç hili many hem ýok, mazmun hem. Mysal üçin, «Kebzäň gijese, ölüm habary gelermiş» we şulara meňzeş birtopar ýerliksiz yrymlar ata-babalarymyzyň döredip, bize miras goýan täsin yrymlaryna meňzeş däldir. Olar adamlaryň ýüreklerine teselli bermege derek, wehim salýar, howp döredýär. «Şeýle bolaýarmyka?» diýen gorky kalbyňa aralaşýar. Bular ýaly yrymlaryň halk arasyna ýaýramagynyň öňüni almaly.
Hakyky manysyndaky, täsirli, irki dörän yrymlary öwrenmeklik ähmiýetlidir.
Yrymlara halk döredijiliginiň goja taryh bilen ýaşytdaş bir görnüşi hökmünde garalsa ýerlikli bolar. Yrymlar arkaly geçmişde adamlaryň aw awlaýyşlaryna, oda, Aýa, Güne, ýyldyzlara, tebigat hadysalaryna garaýyşlaryna, ekerançylyk bilen meşgullanyşlaryna, arassaçylyk düzgünlerini berjaý edişlerine, tebipçilik bilen meşgullanyşlaryna belli bir derejede göz ýetirip bilýäris.
Ähli babatda alanymyzda-da yrymlaryň ähmiýeti çäksizdir, olaryň giňişleýin öwrenilmegi zerurdyr. Olar halk aňynyň, paýhasynyň önümi bolan milli mirasymyza uly goşantdyr.
Türkmen halk yrym-ynançlary çapa taýýarlanylanda, halkyň ynançlarynyň esasynda dörändigini nazarda tutup, düýş ýorgutlaryndan hem-de her hili em-ýomlardan käbir nusgalary goşmagy makul bildik.
Yrym-ynançlaryň köpüsi halkyň içinden toplanylyp, Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli Golýazmalar institutynyň hazynasyna tabşyrylan bukjalardan, şeýle hem metbugat sahypalarynda çap edilen yrymlaryň göwnemakul hasaplanylanlarynyň içinden saýlanylyp işe goşuldy. Ençeme yrymdyr ynançlary çapa taýýarlaýjynyň özi halk içinden (Daşoguz, Lebap, Mary, Ahal, Balkan welaýatlary) ýygnady, yrym-ynançlar örän kän gabat gelýär, toplamak işi dowam etdirilse, geljekde ýene-de terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan yrym-ynançlaryň üsti doldurylar.
Gurbanjemal Ylýasowa,
Türkmenistanyň milli medeniýet
«Miras» merkezi
MAZMUNY
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasyndaky yrym-ynançlar 9
Tagam, çörek, bereket, rysgal-döwlet bilen bagly yrymlar 28
Toý däbi bilen baglanyşykly dörän yrymlar 36
Çaga dogulmagy bilen bagly dörän yrymlar 60
Edep-ekram bilen baglanyşykly yrymlar 88
Adam bedeni bilen baglanyşykly yrymlar 96
Zähmet endikleri we ekerançylyk bilen bagly yrymlar 101
Tebipçilik bilen baglanyşykly yrymlar. Em-ýomlar 105
Tebigat hadysalary we howa ýagdaýlary bilen bagly
yrymlar 112
Nowruz yrymlary 123
Düýş ýorgutlary 126
Haýwanlar, guşlar hakyndaky yrymlar 135
Dürli ynançlar bilen baglanyşykly dörän yrymlar 142
Otparazlyk dini bilen baglanyşykly yrymlar 156
Gymmatbaha daşlar bilen baglanyşykly yrymlar 158
Sanawaçly yrymlar 159
Dürli mazmunly yrymlar 168
Ýas däbi bilen bagly yrymlar 182
G
. Ylýasowa, Gymmatly hazynanyň bir ülüşi 193
TÜRKMEN HALK
YRYM-YNANÇLARY
Tehredaktor S.Abaýew
Çeperçilik redaktory S.Abaýew
Korrektor M.Amanowa
Çap etmäge rugsat edildi 02.06.2005ý.
Ölçegi 60x84 1/16.
Çap kagyzy 14.
Ofset kagyzy.
Ofset çap usuly.
Sany 2 000.
Bahasy ylalaşyk boýunça.
Sargyt №.
A-21545
Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi,
744000, Aşgabat, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 18.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy,
744004, Aşgabat, 1995-nji köçesi, 20.
T
ürkmenistanyň Metbugat merkezinde çap edildi.
1 Gyzyl suw – çöregiň lowurdap durmagy üçin tamdyryň içinde soňky gezek berilýän suw.
1 Syňrak - eliň iki barmagynyň arasy.
2 Bu yrym bilen baglanyşykly kiçijik bir rowaýat hem bar. Muhammet pygamberiň gyzy unaş edip oturan ekeni. Şol wagt adamsy Aly üstüne aýal alyp gelipdir. Ol bir erbet bolupdyr-da, bişirip oturan unaşyna «ah, gara ganlar bolasyň-a» diýipdir. «Gündeşligem şonuň gargyşyndan bolupdyr» diýýärler.
1 Rowaýata görä, Allatagala «ýere, ynsanlara göz-gulak bolsun» diýen niýet bilen iki perişdäni — Harut bilen Marudy iberipdir. Olaryň özleri azyp, Zöhre atly owadan aýala aşyk bolup, azar berip başlapdyrlar. Zöhre näme etjegini bilmändir. Onsoň ol: «Maňa Ismi-agzam dogasyny öwrediň, onsoň men siziň diýeniňiz bilen bolaýyn» diýýär. Olar halalhon Zöhrä Ismi-agzam dogasyny öwredipdirler. Şol dogany bilen adam uçup bilýär ekeni. Halalhon Zöhre şol dogany öwrenip, asmana uçýar we ýyldyzlaryň arasyna goşulýar, Zöhre ýyldyzy adyny alýar. Zöhrä görip bir aýal bar ekeni. Ol aýal hem ýaňky azgyn perişdeleriň ýanyna barýar, haramlyga ýüz urýar, soňra bolsa Zöhrä öýkünip, Ismi-agzam dogasyny öwrenýär-de, asmana uçýar, emma ýyldyzlar ony haram görüp, öz hatarlaryna kabul etmeýärler. Şondan bäri ol şol urunyp, aýlanyp ýörmüş. Oňa Myrryh ýyldyzy at galypdyr. Häzirki günde hem halk Myrryh ýyldyzyny halamaýar. Eger-de gelnalyjynyň öňünde şol ýyldyz bolsa gowy görülmeýär, şol gün sähetsiz gün hasaplanylýar. Zöhre ýyldyzy hem onuň bilen sataşmajak bolup, käwagt-käwagt dogýar, daňa ýakyn ýene-de dogýar. Oňa daň ýyldyzy hem diýilýär. Myrryh ýyldyzy bolsa her günde bir ugra geçýär. Şu rowaýat arkaly halk halallygy ündeýär. Haramlyk edýänlere nälet okaýar. Bir işiň başyny tutjak bolanlarynda «ýyldyzyň ýoluna» diýip, bir köke aýdýarlar ýa-da ýyldyzyň ýoluna iňňe zyňýarlar. Türkmenlerde «özge sähedi bilmeseň, üç ýedini bileňokmy?» diýen aýtgy hem bar. Bu ýerde aýyň ýedisi, on ýedisi, ýigrimi ýedisi göz öňünde tutulýar.
1 Gowka – daşynyň ýüňi aýrylyp arassalanylan malyň hamy. Gaýnadylyp, bişirilip iýilýär.
1 Munuň bilen baglanyşykly ýörgünli rowaýat hem bar. Ata-babalar yrymlaryň, rowaýatdyr hekaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen perzentlerine edep öwredipdirler.
Gadym zamanlarda bir patyşa öz nökerleri bilen awa-şikara çykanmyş. Olar ýadap, örän suwsapdyrlar. Bir çopanyň goşuna baryp, suw soranlar. Çopanyň paýhasly aýaly bar eken. Ol buz ýaly çaldan doly jamy patyşa uzadypdyr. Ýöne çalyň içine sypal böleklerini taşlapdyr. Patyşa çaly içip duran wagty sypal bölekleri agzyna golaý gelende üfleýär ekeni. Patyşa şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan üfläp içip, suwsuzlygyny gandyrýar. Beýleki nökerler hem şeýle edýärler. Soň patyşa çopanyň aýalyndan: «Näme üçin çala sypal atdyň?» diýip soraýar. Onda ol akylly aýal: «Patyşahym, siz örän suwsap geldiňiz, eger men içine sypal atmadyk bolsam, onda siz çaly çalt-çalt içerdiňiz, onsoň çişerdiňiz, men sypal atdym weli, siz üfläp-üfläp haýallyk bilen içdiňiz, özüňizem sagat, suwsanyňda çal içseňem, suw içseňem, bölüp-bölüp içmelidir» diýýär. Patyşa çopanyň aýalynyň ýiti pähimine haýran galypdyr.
1 Gulagy şaňlan adam ýanyndaky oturanlardan «Haýsy gulagym şaňlady?» diýip soramalymyş. Haýsy gulagynyň şaňlanlygyny bilse: «Sen maňa dost ekeniň» diýýär.
1 Ýokardaky yrym aýtgylary arkaly halk adamynyň gylyk-häsiýetini kesgitlemäge çalşypdyr. Bu aýtgylaryň käbirleri halk nakyllaryna öwrülip gidipdir. Çünki halk döredijilik eserleriniň biri-birine geçijilik häsiýeti güýçlidir.
1 Zägi bir demir çemçä ýa-da bir gaba salyp eretmeli, biraz köpürjikläp, gataýar-da, içi öýjük-öýjük bolup durýar. Şol öýjüklere seredilip, göz degenligi kesgitlenilýär. Ýanan zägiň üsti güberçek bolsa, erkek adamynyň, çukur-çukur bolsa, aýal adamynyň gözi degendir hasaplanylýar. Soňra şol zägiň bir bölegini suwa akdyryp goýbermeli, bir bölegini bölüşdirip, dört tarapyňa taşlamaly. Galan bölegini ezip, näsagyň endamyna çalmaly, şonda «göz degendir» öýdülýän adam ýeňleýär, ýagdaýy gowulaşýar.
1 Kelle agyranda oduň közüni maňlaýyna iki-üç gezek çalarak degrip, yzyndan hem bir çümmük duzy çeýneşdirip, «püf, püf» edip, ot basylan ýere pürküşdirip, «Ana, ot astynda bela durmaz, emiň-ýomuň şu bolsun, derdi-belalaryň daglara gitsin!» diýip, yrym edip, iki elini taýly gezek ýere kakyşdyrypdyrlar.
1 Düýşi hemmeler ýorup bilmeýärler, belli-belli düýş ýorup bilýän adamlar bolupdyr. Düýşde geçen zatlar hem görünýär, geljekki zatlar hem aýdyň görünýär. Düýş ýorgudy barada bir rowaýat hem bar.Bir patyşa düýş görüpdir, düýşünde 32 dişi hem gaçypdyr. Patyşa düýş ýorýany çagyrdypdyr.
Düýş ýorýan:
–Patyşahym, siziň ähli garyndaşlaryň öler — diýip, patyşanyň düýşüni ýorupdyr. Patyşanyň gahary gelip, oňa segsen gamçy urmaklygy buýrupdyr-da, başga bir düýş ýorýany çagyrdypdyr. Türkmen halkynda «Ýerini bilip sözleseň, ýüzüň nury tükenmez, ýerini bilip harçlasaň, jübiň puly tükenmez» diýen nakyl bar.
Ikinji düýş ýorýan sözleri ýerbe-ýer goýup ulanyp, patyşanyň göwnünden turýan jogap berip, düýşi şeýle ýorupdyr:
–Patyşahym, siz ähli garyndaşlaryňyzdan uzak ýaşarsyňyz.
Ýorgut patyşanyň göwnünden turup, ýorgutçyny halatlapdyr. Ine, türkmen halky sözi ýerbe-ýer goýup, şeýle ulanmagy başaran halk.
1 Rowaýata görä, baýguş ozal akylly aýal ekeni, şeýtanyň şerinden guşa öwrülipdir.
1 Ynanja görä, Gaýtarmyş ata, hakykatdan hem, kömege ýetişýärmiş. Keramatly Gaýtarmyş atanyň ady bilen baglanyşykly taryhy ýerler hem bar. Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda Gaýtarmyş atynyň namaz okap geçen ýerine adamlar, il-halk aýlanyp, ondan medet soraýarlar. Elbetde, bu zatlaryň barysy ynanç bilen baglanyşykly. Ynam haýsydyr bir işiň bitmesiniň ýarpysy hasaplanypdyr. Gotur ata endamy yzalynyň piri hasaplanylýar. Adamynyň endam-jany yza bolup, agyry-ynjysy artanda, Gotur atanyň ruhy çagyrylýar ekeni.
2 Ähli öýdeçi haýwanlaryň hem piri bolupdyr. Göwender babageçiniň piri hasaplanylýar. Türkmenlerde maldarçylyk ösen bolany üçin geçmişde köp mally uly-uly baýlar bolupdyr. Şonuň üçin hem halk arasynda «Düýeli baý – dünýäli baý», «Sygyrly baý – saldamly baý», «Goýunly baý – goýy baý», «Geçili baý – kiçi baý» diýen nakyllar hem döräpdir.
Gurbansoltan etrabynda Göwender babanyň adyny göterýän öwlüýä hem bar. Halk hem şol keramatly şahslardan kömek-ýardam, derdine şypa isläp aýlanyp gaýdýar.
1 Rowaýata görä, Idris baba bir gezek yssyda günüň aşagynda galypdyr. Ol ýakyp-ýandyryp barýan gün şöhlesine çydaman, «Günüň ýanynda bolýan erenler nädip çydaýarlarka, olary hem Allatagala az wagt bolsa-da, azat edäýmeli ahyry» diýip, pikirlenipdir. Ýerdäki adamynyň erenleriň aladasyny etmegi Allatagalanyň hoşuna gelipdir-de, erenleri bir gün boşadypdyr. Olar «Näme üçin bizi boşadýarsyňyz?» diýip, soranlarynda «Ýerdäki bir bende siziň aladaňyzy etdi, şonuň üçin boşatdym» diýip, jogap beren. Onda erenler: «Bize-de şol bendä bir ýagşylyk etmäge rugsat ber» diýipdirler. Allatagala rugsat berensoň, erenler Idris babanyň ýanyna barypdyrlar-da, onuň näme isleginiň bardygyny sorapdyrlar. Onda Idris baba behişti göresiniň gelýänligini aýdypdyr. Olar «Behişti göresiň gelse, öňürti sen ölmeli, ondan soň görüp bilersiň» diýipdirler. Idris baba razy bolupdyr. Olar Idris babanyň janyny alyp, soňra ony behişte düşüripdirler. Idris baba görse, behiştiň içi görüp doýar ýaly däl ekeni. Onuň gaýdasy gelenokmyş. Erenler ony yzyna alyp gaýtmaga gelipdirler. Ony yzyna äkitmek üçin öldürmekçi bolupdyrlar. Idris baba jennetden gaýtmak islemän, köwşüni galdyryp gaýdypdyr. Şony almak bahanasy bilen hem yzyna gaýdyp, jennetde galypdyr. Idris baba diri behişdi hasaplanylýar.
1 Ol rowaýatlarda Meşrep diwananyň örän sowatly, pespäl, kiçigöwünli adam bolandygy barada aýdylýar.
2 Halk arasynda Ýusup-Züleýha barada kän rowaýatlar ýaýran. Nurmuhammet Andalybyň meşhur «Ýusup-Züleýha» dessanynda Ýusup bilen Züleýhanyň aşyklygy barada gürrüň berilýär.
3 Tebipler em edenlerinde «Meniň elim däl, Lukman hekimiň eli» diýip, em etmäge başlaýarlar. Tebipçilik emlerinden soň, bolsa «Derdi-belalar daglara gitsin, daşlara gitsin!» diýip, ellerini ýere urýarlar.
1 Rowaýata görä, ol örän owadan gyz ekeni. Bir gezek meýdana gezelenje çykanda göripleriň biri, onuň haýsy tarapa gidenligini duşmana aýdýar. Duşman ýaş gyzy kowalap başlaýar. Dagyň düýbünde gaçyp gizlenen Parawbibi «Duşman namysymy depelemesin, maňa ýol salgy bereweri!» diýip, Hudaýtagala ýalbarýar weli, dag darka ýarylyp, açylyp Parawbibi girip gidýär. Dag hem ýapylýar. Şeýlelikde, Parawbibi halallygyň nyşany hökmünde halk arasynda tanalýar. Çaga garaşýan aýallar hem Parawbibiden medet dileýärler.
2 Sahy Sagdy Wakgasyň jaýlanan ýeri barada hem dürli maglumatlar bar. Tagtabazar etrapynda «Sahy baba» ady bilen il-içinde uly ynama eýe bolan öwlüýä bar. «Bu öwlüýä baranlaryň dilegleri kabul bolýar» diýen ynanç halk arasyna ýaýrapdyr. Ýene-de «Sahy Sagdy Wakgas» atly öwlüýä Magtymguly etrabynda ýerleşýär. Adamlar sahylygyň, jomartlygyň pirinden ýagşy dilegler edip, bu ýere zyýarat edýärler.
1 Şonuň üçin hem türkmen halky öz ynanjyna görä, pir hökmünde sygynyp, «Ozaly Alla, ahyry Alla, Soltan Hüpbüjan, özüň ýetişeweri!» diýip, dileg ederler ekeni.
1 Emma Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndan ýazylyp alnan rowaýata görä, juwazyň piri hezreti Noşinaýdin pir hasaplanylypdyr. Ol juwaz oýlap, ýag almakçy bolup, iş mallaryny aýlap başlapdyr weli, näçe azap etse-de, ýag çykmandyr. Soňra ol bende Allatagala nalyş edipdir. «Men çagajyklarymy nädip ekläýin, bu ýasan guralym bilen hem ýag alyp bilmedim» diýip, zarynlap gözýaş edipdir. Gözünden syrygyp gaýdan gözýaş damjalary şol gurala damypdyr weli, birden Allatagalanyň gudraty bilen şol ýerden ýag çykyp başlapdyr. Onsoň Noşinaýdin pir juwazy birneme çyglandyrmalydygyna düşünipdir. Şeýdibem, ýag çykarmaklyk ýola goýlupdyr. Her welaýatyň hem öz ussatlarynyň bolan bolmagy ahmal. Şeýlelikde, Ussa Badýan hem, Hezreti Noşinaýdin pir hem juwazyň piri hasaplanylýar.
1 Rowaýata görä, Ybraýym Halylulla haýat dikeldýärmiş weli, ýykylýarmyş. Şonda Azazyl (şeýtan) seredip duran ekeni. Ol örän bilimli perişde bolupdyr. Ol Ybraýyma «Pahna bilen galdyr» diýipdir. Şondan soň Ybraýym pygamber pahna bilen berkidip salypdyr weli, ymarat ýykylman durupdyr. «Käbäniň salynmagynda şeýtanyň hem goşandy bar» diýen gürrüň şondan galypdyr.
1 Rowaýata görä, Eýýup pygamberiň endamyny 40 ýyl ýüpek gurçugy iýip ýatypdyr. Ahyrda sabyr edip, sabyr edip, ýere gaçan bir gurçugy (doýup ýere gaçan) alyp «Senem iý, janawer» diýip, öňki iýen ýerine goýberýär weli, ol öňküden hem beter iýip başlaýar. Eýýup pygamber şonda Allatagala nalyş edýär: «Eý, Taňrym, meniň ne ýazygym bardy, bu indi öňküden hem beter iýip başlady» diýip, zarynlaýar weli, Allatagalanyň rehimi inýär-de, Eýýup pygambere şeýle diýýär: «Sen ol gurçuga nesibesinden artyk iýdirjek bolduň, ol doýup ýere gaçdy, sen bolsa ony ýene-de öňki ýerinde goýduň, hiç kim nesibesinden artyk iýip bilmez» diýýär-de, Eýýup pygamberi şeýle sabyr edeni üçin halas edýär. Ol halk arasynda sabyrlylygyň hem ýüpek gurçugynyň piri hökmünde tanalýar.
1 Asa – bu ýerde hasa manysynda.
1 Bir adam aradan çykypdyr weli, hiç hili sogaby ýokmuş. «Heý, bir sogabam tapylmazmyka?» diýip, gözläpdirler weli, ýekeje sogap tapypdyrlar. Ol hem bir gezek ters tarapyna duran köwşi beýle tarapyna agdaran ekeni.
1 «Diri-sagdan, öli-çepden» diýen aýtgy hem bar.
2 Merhumyň ýuwlan suwuna «ýuwusga» diýilýär. Reňki solgun adama «Reňkiň nähili, ýuwusgadan gorkan ýaly» diýýärler.
1 «Hülle bolar, bir garyba don berseň» diýip, Magtymguly şahyr hem aýdyp geçipdir. Rowaýata görä, bir gelniň gaýyn enesi ýogalypdyr, merhuma jynaza okalyp, gölegçiler ugranda gelin bir jamy alyp, beýleräk geçip, jamyň üstünde oturypdyr-da, jak-jaklap gülüpdir. Bu ýagdaýy gören molla munuň bir hikmetiniň bardygyny aňlapdyr. Gölegçiler gaýdyp gelenden soň, molla gelniň ýanyna baryp, bu hikmetiň sebäbini sorapdyr. Gelin şeýle jogap beripdir: «Gaýnymyň meni ogluna ýamanlap, urdurmadyk güni ýokdy, endamymyň ganamadyk ýeri bolan däldir. Onsoňam gaýnym şeýle gysgançdy, hiç kime hiç zat bermezdi. Ömründe ýekeje gezek goňşymyza sübse beripdi. Gölegçiler gidip barýarka, bir sübsejik gaýnymyň üstüne saýa boljak bolup, loňkuldap barýardy, men saklanyp bilmän, şoňa güldüm. Jamyň üstünde oturmagymyň sebäbi bolsa, duran ýerlerim durşuna gan boldy. Men gany basmajak bolup, jamyň üstünde oturdym. Ine, molla aga, meniň-ä gören zadym» diýip jogap beripdir.
1 Saparmyrat Türkmenbaşy. Garaşsyzlyk. Demokratiýa. Abadançylyk. Aşgabat, 1994, 28 sah.
1 Seret: Филология и история. Aşgabat, 1968, 46-63 sah.
1 Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Aşgabat, 2001, 58 sah.
1 Saparmyrat Türkmenbaşy. Bize sagdyn nesil gerek. Aşgabat, 2000, 8 sah.
1 Adraspan - ýüzärlik .
2 Merwerit - gymmat bahaly daş.
1 Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Aşgabat, 2001, 60 sah.
1 Rahmanow P.Gadymy türkmen edebiýaty. Аaşgabat, 1991, 263 sah.
1 Mahmyt Zamahşary. Ýagşyzadalaryň bahary. Aşgabat, «Miras», 2004. IV j., Ajaýyplaryň düri. Aşgabat, «Miras», 2004.
1 Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Ikinji kitap. Aşgabat, 2004, 430 sah.
1 Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Aşgabat, 2001, 108 sah.
1 Saparmyrat Türkmenbaşy. Bize sagdyn nesil gerek. Aşgabat, 2000, 9 sah.
1 Magtymguly. Saýlanan eserler. Aşgabat, 1978, 343 sah.
2 Şol erde. 639 sah.
260