Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirliklerine, Arkadag şäheriniň bilim mudirligine
Göçürmesi: Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyna. Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti şeýh Zaid bin Sultan
A1 Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüne, Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebine, “Olimp” orta sport, Yaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdeplerine, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatyna, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine
'lurkmenistanyň Bilim ministriniň “Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisini tassyklamak hakynda” 2025-nji ýylyň 5-nji fewralyndaky 29 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek we şu buýruk bilen tassyklanan degişli Gözükdirijini işde ulanmak üçin Size iberýäris.
Goşundy: 7sahypa.
Ministriň orunbasaryy
A.Amanow
Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň
Gözükdirijisi
I bap. Umumy düzgiinler
Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisi (mundan beýläk - Gözükdiriji) «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine», «Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakynda» we «Döwlet umumybilim edaralary hakynda» Düzgünnamalara, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», «Bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň döwlet standartyna» we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
Şu Gözükdiriji mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim edaralarynda (mundan beýläk-Bilim edaralary) halypaçylyk işini guramagyň tertibini düzgünleşdirýär.
Halypaçylyk işi - bilim edaralarynda mugallymçylyk iş hyzmaty 3 ýyldan az bolan, bellenilen wezipesi boýunça iş tejribesi ýeterlik bolmadyk, wezipä täze bellenen ýaş pedagogik işgärler bilen aýratyn işlemegiň bir görnüşidir.
Halypaçyiyk işi ýaş hünärmende mugallymçylyk işini alyp barmagyň zerur ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmek boýunça onuň bilen tejribeli mugallymyň yzygiderli alyp barýan işlerini öz içine alýar.
Halypaçylyk işi okatmagyň usulyýeti babatda ýaş hünärmeniň bilimlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek arkaly, onuň hünär başarnygyny kemala getirmäge, onuň iş tejribesine okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň täzeçe usullaryny ornaşdyrmaga, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanmak başamyklaryny kämilleşdirmäge, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip biljek ýokary düşünjeli we öz işiniň ussady bolan hünärmenleriň goruny döretmäge, hem-de bilimiň hilini, netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
Şägirt- ýokary ýa-da orta hünär mugallymçylyk okuw mekdebini tamamlan, zähmet tejribesi 3 ýyldan az bolan, pedagogikanyň, psihologiýanyň hem-de okatmagyň usulyýetiniň esaslarynyň nazary bilimlerine, hünäri boýunça amaly başarnyklaryna eýe bolan, özüniň hünär ukyplaryny we başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmegi maksat edinýän, hünär taýdan kämilleşmegiň meýilnamasy boýunça halypanyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda özüniň hünär derejesini maksatlaýyn ýokarlandyrýan pedagogik işgärdir.
Halypa - ýokary hünär ussatlygyna, durnukly ahlak häsiýetlerinde, okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýeti babatda has baý bilimlere, hünär taýdan möhüm ukyplara hem-de zerur başarnyklara eýe bolan, ýokary iş netijelerini görkezýän, özüniň hünär tejribesini paýlaşmaga taýýar, tejribeli pedagogik
işgärdir,
Halypaçylyk işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, şägirde tejribeli mugallymlaryň geçirýän göreldeli sapaklaryna, synpdan we mekdepden daşary çärelerine gatnaşmagyna ýardam berilmelidir. Şägirde gatnaşan çärelerine seljerme bermegiň, senenamalaýyn okuw çyzgydyny düzmegiň hem-de sapak ýazgylaryny ýazmagyň, göreldeli sapaklary guramagyň täze işjeň usullary, şeýle-de dürli maglumat çeşmelerinden (internet ulgamy, teleýaýlym, metbugat) peýdalanmagyň ýollary öwredilmelidir.
II bap.Halypaçylyk işini guramagyň maksady we wezipeleri
Halypaçylyk işini guramagyň esasy maksady ýaş pedagogik hünärmeniň hünär taýdan kemala gelmegine, onuň bitewi ylmy-usulyýet giňişliginde hünär işine çalt we netijeli uýgunlaşmagyna ýardam bermekden, şeýle hem bilim edarasynyň işgärler düzümini netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr.
Halypaçylyk işini guramagyň esasy wezipeleri ýaş pedagogik işgarleriň mugallymçylyk işine gyzyklanmasyny, eýeleýän wezipesi boýunça öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýokary hilli ýerine ýetirmek ukybyny ösdürmekden, hünär başarnyklaryny kemala getirmekden we ösdürmekden, bilim edarasynda özüni alyp barmagyň iň oňat däplerini we düzgünlerini özleşdirmegine we wezipe borçlaryna jogapkärli hem-de döredijilikli çemeleşmegine ýardam bermekden ybaratdyr.
III bap. Halypaçylyk işini guramak
Halypaçylyk - nesillerden nesillere dowam edip gelýän jemgyýetçilik tejribäni geçirmegi we tizleşdirmegi amala aşyrýan jemgyýetçilik instituty bolup, nesilleriň özara baglanyşygynyň görnüşi bolup durýar.
Halypaçylyk işi bilim edarasynyň ýolbaşçysynyň buýrugy esasynda guralýar.
Halypaçylyk işine ýolbaşçylygy we gözegçiligi müdiriň orunbasarlary, terbiýeçi-usulyýetçileri we bilim edarasynyň usuly birleşmeleriniň ýolbaşçylary amala aşyrýarlar.
Halypaçylyk işini döredijilikli işleýän, baý durmuş tejribesini toplan, azyndan 8 ýyl pedagogik iş hyzmaty bolan pedagogik işgärler alyp barýarlar.
Halypa bir wagtyň özünde bir ýa-da iki ýaş pedagogik işgäre Pedagogik Geňeşiň karary esasynda halypaçylyk edip biler, ol şägirde üç ýyl möhlet bilen berkidilýäf?
Halypaçylyk bilim işgärleriniň şu aşakdaky toparlaryna bellenilýär:
mugallymçylyk tejribesi 3 ýyldan az bolan pedagogik işgärlere;
pedagogik bilimli işgärleriň ýetmezçilik edýän ýerinde pedagogik bilimi bolmadyk işgärler kabul edilen bolsa;
sapaklary talabalaýyk geçirmek üçin goşmaça taýýarlygy zerur bolup durýan pedagogik işgärlere;
Halypa işden çyksa ýa-da ol başga işe geçse, täze halypany bellemek
7
meselesi bilim edarasynyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen amala aşyrylýar.
Halypa-şägirtlik işiniň netijeliligini bahalandyrmagyň görkezijileri ýaş hünärmen tarapyndan halypalyk döwründe öňde goýlan maksatlaryň we wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň derejesi bolup durýar.
Halypa-şägirtlik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, halypa bilim edarasynda hereket edýän höweslendiriş ulgamyna laýyklykda höweslendirilmelidir.
Halypaçylyk işi halypa bilen ýaş pedagogik işgäriň alyp barýan işiniň ýyllyk meýilnamasy esasynda amala aşyrylýar. Yaş hünärmen ýyllyk meýilnamany ýerine ýetirmek maksady bilen halypaçylyk işiniň gündeligini ýöredýär.
Bilim edarasynda ýaş pedagogik işgärler üçin halypa-şägirt gatnaşyklarynyň bir görnüşi hökmünde “Ýaş hünärmenler mekdebi” döredilýär. Onuň esasy maksady ýaş hünärmenleriň özara gatnaşyklaryny ýola goýmakdan, okuw-terbiýeçilik işiniň umumy meseleleri çözülende, halypalaryň iş tejribelerini utgaşdyrmakdan, usulyýet we bilim babatda düşünjelerini we başamyklaryny baýlaşdyrmakdan ybarat bolmalydyr.
“Ýaş hünärmenler mekdebiniň” işini guramak bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wezipe borçlaryna girýär. Onuň ýolbaşçylygyna bilim edaralarynyň müdiriniň buýrugy bilen jemgyýetçilik başlangyçlarynda tejribeli halypa pedagogik işgär bellenilýär. “Ýaş hünärmenler mekdebiniň” iş meýilnamasy düzülip, oňa işleriň aşakdaky görnüşlerini girizmek bolar:
ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyny, sapak ýazgylaryny taýýarlamak we olary netijeli ulanmak boýunça usuly rnaslahallary geçirmek;
2) okatmagyň häzirki zaman usullary barada okuwlary guramak;
halypa pedagogik işgärler bilen duşuşyklary geçirmek;
sapaklara, synpdan daşary çärelere, özara sapaklara gatnaşmak;
öz üstüňde işlemek üçin usuly temany saýlamak we ony ýerine ýetirmek barada amaly maslahatlary geçirmek;
pedagogika, psihologiýa we okatmagyň usulyýetine degişli temalar boýunça tejribeli, döredijilikli işleýän pedagogik işgärleriň çykyşlaryny guramak;
halypalaryň we ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda ýaş hünärmenleriň açyk sapakferyny guramak;
ýaş hünärmenleri saýlama okuwlaryň guralyşy we geçirilişi bilen tanyşdyrmak;
ýaş hünärmenleri okuw dersleri, boýunça ders bäsleşiklerini guramagyň we geçirmegiň usulyýeti bilen tanyşdyrmak.
Okuw ýylynyň ahyrynda “Ýaş hünärmenler mekdebiniň” ýolbaşçysy meýilnama boýunça ýerine ýetirilen işler barada bilim edarasynyň Pedagogik geňeşinde hasabat berýär.
IV bap. Halypanyň borçlary we hukuklary
Halypa:
bilim çygryndaky kanunçylygy ýaş pedagogik işgäriň eýeleýän wezipesine laýyklykda hükuklaryny we borçlaryny kesgitleýän kadalaşdyryjy namalaryň talaplaryny bilmäge;
ýaş pedagogik işgär bilen bilelikde onuň okadýan dersi boýunça mugallymçylyk, usulyýet we hünär taýýarlygyny göz öňünde tutup, ýaş pedagogik işgäriň hünär taýdan kemala gelmeginiň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga;
ýaş pedagogik işgäriň hünär taýdan taýýarlyk derejesini, onuň sapaklary guramaga, saýlan hünärine, mekdebiň işgärler köpçüligine, okaýanlara we olaryň ata-enelerine bolan garaýşyny öwrenmäge;
ýaş hünärmen tarapyndan okuw sapakiarynyň we okuwdan daşary çäreleriň geçirilişine gözegçiiik etmäge we baha bermäge;
ýaş pedagogik hünärmeniň sapaklary ýokary hilli geçirmegiň amaly tärlerine we usullaryna eýe bolmagyna, kämilleşmegine ýardam bermäge;
şahsy göreldesi bilen ýaş hünärmeniň ösmegine, işgärler köpçüiiginiň jemgyýetçilik durmuşyna goşulmagyna, umumy medeni we hünär gözýetiminiň giňelmegine ýardam bermäge;
halypaçylyk işiniň gündeligini ýöretmäge, ýaş hünärmeniň pedagogik işine uýgunlaşmagyna, geçirilýän işleriň netijeleri barada usuly birleşmäniň maslahatlarynda yzygider hasabat bermäge;
bilim edarasynyň ýolbaşçysyny şägirdiniň hünär taýdan kemala gelşiniň ýagdaýy barada maglumat bermäge borçludyr.
Halypanyň:
şägirdiniň mugallymçylyk we jemgyýetçilik işi bilen baglanyşykly meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşmaga;
• 2) ony höweslendirmek barada teklipleri girizmäge;
Pedagogik geňeşlerde, Usuly birleşmelerde, usuly-amaly maslahatlarda şägirdiniň kämilleşmeginiň netijeleri barada maglumat bermäge;
şägirdiniň terbiýeçilik işleri bilen baglanyşykly öz-özüňi kämilleşdirmek depderiniň maglumatlary bilen tanyşmaga;
şägirdiniň wezipe borçlaryny ýerine ýetirişiniň hiline borçlary esasynda gözegçilik etmäge hukuklary bardyr.
V bap. Şägirdin borçlary we hukuklary
Şägirt:
Türkmenistanyň kanunçylygyny, mekdep bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy resminamalaryny öwrenmäge;
“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi), özüniň eýeleýän wezipesi boýunça işini düzgünleşdirýän milli kadalaşdyryjy namalary öwrenmäge we bilmäge;
bellenen möhletlerde halypa-şägirtlik meýilnamasyny ýerine ýetirmäge;
hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagyň üstünde yzygider işlemäge, eýeleýän wezipesi boýunça amaly endiklere eýe bolmaga;
halypa bilen özara gatnaşygyny dogry guramaga, ondan öňdebaryjy usullary wc iş görnüşlerini öwrenmäge;
öz wezipe borçlaryny, işiň esasy ugurlaryny bilmäge, özüniň umumy bilim we medeni derejesini ýokarlandyrmaga;
özüniň wezipe borçlary bilen baglanyşykly biiim edarasynyň ýolbaşçylarynyň buýruklaryny we görkezmelerini ýerine ýetirmäge;
hünär taýdan kemala gelmegiň meýilnamasyna laýykiykda, öz halypasynyň gös-göni ýolbaşçylygynda hünär derejesini ýokarlandyrmaga;
öz saýlap alan hünäri boýunça çagalara çuňňur bilim bermäge, her bir sapagyna degişli okuw görkezme esbaplaryny taýýarlamaga we ulanmaga;
eýeleýän wezipesi boýunça hünärmeniň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän kadalaşdyryjy resminamalary öwrenmäge we bilmäge borçludyr.
Şägirdiň hukuklary:
halypaçylyk bilen baglanyşykly işi kämilleşdirmek boýunça tekliplerini hödürlemäge;
wezipe borçlary bilen baglanyşykly meseleler boýunça jemgyýetçilik guramalarynyň maslahatlaryna gatnaşmaga;
bilim ulgamynda bar bolan okuw-usuly we hünär işi boýunça resminamalardan peýdalanmaga;
öz işine berlen seljeriş işleriniň netijeleri we bahaiandyrmalar bilen tanyşmaga, olar boýunça öz garaýşyny beýan etmäge;
özüniň abraýyny we mertebesini goramaga;
öz hünärini ýokarlandyrmaga.
VI bap. Halypaçylyk işine ýoibaşçylyk we gözegçilik etmek
Mekdep müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileri:
ýaş mugallymy mekdebiň beýleki mugallymlary bilen tanyşdyrmaga we oňa haiypany berkitmek barada buýrugy ygian etmäge;
ýaş bilim işgäriniň oňa berkidilen halypasy bilen bileiikde işlemegi üçin zerur şertieri döretmäge;
haiypa we şägirt tarapyndan geçirilýän aýry-aýry sapakiara we sapakdan daşary çärelere gatnaşmaga;
halypalara şägirtler büen şahsy terbiýeçilik işiniň öňdebaryjy görnüşleriniň we usullarynyň, pedagogikanyň we psihologiýanyň esaslarynyň öwredilmegini guramaga, olar bilen işlemegiň meýilnamalaryny düzmekde usuly we amaly taýdan kömek bermäge;
bilim edarasynda halypaçylygy guramagyň oňyn tejribesini öwrenmäge,
umumylaşdyrmaga we ýaýratmaga;
halypalar üçin höweslendiriş çärelerini kesgitlemäge borçludyr.
Bilim edarasynyň Usuly birleşmesiniň ýolbaşçysy:
Usuly birleşmäniň maslahatynda halypanyň şahsy iş meýilnamasyna seretmäge;
halypalar we şägirtler üçin ugrukdyryjy okuw-usuly maslahatlary guramaga;
ýaş mugallymlar, terbiýeçiler bilen okuw-usuly maslahatlaryny geçirmäge;
halypa tarapyndan şu Gözükdirijä laýyklykda öz borçiaryny amala aşyrmagynyň mümkinçiligini üpjün etmäge;
halypaçylyk işine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmaga;
bilim edarasynyň Usuly birleşmesiniň maslahatynda şägirdiň we halypanyň hasabatlaryny diňlemäge we tassyklamaga, olary bilim edarasynyň degişli ýolbaşçylaryna bermäge borçludyr.
Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisini tassyklamak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş hünärmen pedagogik işgärleriň hünär başarjaňlygyny kemala getirmek, olaryň okatmagyň innowasion tehnplogiýalaryndan peýdalanmak başarnyklaryny kämilleşdirmek hem-de bilim edaralarynda halypaçylyk işini talabalaýyk guramak maksady bilen,
buýurýaryn:
Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijsini tassyklamaly (goşulýar).
Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi, etrap (şäher) bilim bölümleri bilim edaralarynda halypaçylyk işini şu Gözükdirijiniň talaplaryna laýyklykda 2024-2025-nji okuw ýylynda ýola goýmaly,
Şu buýrugyft ýerine ýetirilişine ministriň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary gözegçilik etmeli.
Ministr J.Gurbangeldiýew