Просмотр содержимого документа
«Hekaya tapmaca gosgular»
Mugallym öz düşündirişlerinde ýol-hereketine degişli gyzykly hekaýalary, tapmaçalary we goşgulary hem peýdalanmalydyr.
Kemaljygyň ýol düzgünlerini öwrenişi (hekaýa)
Ogulhajat ene irden agtyjagy Yklymy geýindirip çagalar baglaryna tarap ýöräp başlady. Säheriň şemaly, gülleriň ysy onuň göwnüni, ruhuny göterdi. Ol daş-töweregindäki mermerlenen jaýlary, giň köçeleri buýsanç bilen synlap barýardy. Agtyjagy hem enesiniň elinden tutup barşyna bilesigelijilik bilen daş-töweregi synlaýardy.
Olar çatryga ýetenlerinde, ýöräp barýan ulaglar sakga durdylar.
Agtyjagy enesine:
Ene bular näme üçin birden saklandylar diýip sorady.
Enesi elini uzadyp ýol yşgy görkezip, olaryň ýagny ýol yşgyň çyralarynyň aňladýan manysy barada düşündirdi. Ýene bir gün Ogulhajat ene agtygyny köçeden geçirmän, beýleki ýoldan ýöräp, ýerasty geçelge bilen çagalar bagyna alyp gitdi. Kemaljyga ýerasty geçelgäni hem görkezdi.
Bu gezek Ogulhajat ene agtyjagy bilen öýleriň golaýyndaky döwrebap guralan duralga gelip, oňa awtobusa münmegiň we düşmegiň düzgünleri barada öwretdi. Enesi Yklymjygy indiki gezek ona alty ýaşyny dolduranda, okamaga barjak mekdebine barylýan ýoly öwretjekdigini aýtdy. Yklymjyk şeýdip enesi bilen ýuwaş-ýuwaşdan köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenip başlady.
Tapmaça
Gyzyl, sary, ýaşyl göz
Her birisi syrly söz.
Syryny bilmek gerek,
Soň ýoldan geçmek gerek. (Ýolyşyk)
Seresap bol
Diňe pyýadalar üçin
Geçelgeden geçmeli,
Ýol sazlaýja seredip,
Ulaglara ýol açmaly.
Köçede top oýnama
Sürme welosipediňi
Çepe hem saga garap
Sazla geçjek ýoluňy. Goşguny ýat tutuň!
Ýolyşyk
Islendik çatrykda bizi
Garşy alýar ýol sazlaýjy,
Ulaglary, pyýadany,
Dogry ýola gönderiji.
Ýaşyl yşyk – geçiberiň,
Sary yşyk – taýýarlanyň,
Birden gyzyl yşyk ýansa,
Ünüsli bol, ägä boluň!
Diňe geçelgeden geçip,
Öwren köçe düzgünini
Gerek seniň bilmegiň,
Köçäň howupsyzlygyny! Goşguny ýat tutuň!