Howpsuzlyk düzgünleri
Okuwçylar! Siz kompýuter otagynda gymmat b ahaly,seresap hem-de aýawly ulanmagy talap edýän enjamlar (apparatlar) – kompýuterleriň we beýleki tehniki serişdeleriň oturdylandygyny ýatdan çykarmaň.
Okuwçylar! Siz kompýuterleriň ýokary elektrik naprýaženiýesinde işleýändigini, ýatdan çykarmaň.
Okuwçylar! Siz enjamlary, simleri we monitory nädogry ulanma k elektrik togunyň agyr zaýaçylygyna , enjamlaryň ýanmagyna getirip biljekdigini ýatdan çykarmaň.
Kompýuter otagynda özüňi alyp barmagyň esasy düzgünleri:
ÜNSLI BOLUŇ,HÄZIR BOLUŇ, TERTIPLI BOLUŇ
birikdiriji simleri ellemeli däl;
mugallymyň görkezmesi bolmasa, enjamlary birikdirmek ýa-da öçürmek bolmaýar;
ekrana we monitoryň, klawiaturanyň arka tarapyna el degirmeli däl;
monitoryň we klawiaturanyň üstünde zat goýmaly däl;
kompýuterde öl eşikli ýa-da öl elleriň bilen işlemeli däl;
ýanyk yslary çykanda haýal etmän işi togtatmaly, bu barada mugallyma habar bermeli we enjamlary öçürmeli.
mugallymyň rugsady bolmazdan, iş stoluňyzdan turmaň.
Işe başlamazdan öň ýerine ýetirmeli işler:
iş ýerinde näsazlyklaryň ýokdugyna göz ýetirmeli;
nazaryň ekranyň merkezine ugrukdyrylmaly, klawiaturadan
peýdalananyňda, monitoryň ekranyna seredeniňde egilmeli däl;
kompýuterde işlän wagtyňda, stoluň üstünde depderiňi we okuw kitabyňy päsgel bermez ýaly ýerleşdirmeli;
mugallymy ünsli diňlemeli.
Iş wagtynda berjaý etmeli düzgünler:
adaty bolmadyk ses eşidilende ýa-da enjamyň özbaşdak öçen ýagdaýynda işi togtadyp, bu barada mugallymy habarly etmeli;
klawiaturanyň klawişlerine güýçli urmaly däl (birsydyrgyn basmaly);
klawiatura toga çatylmadyk bolsa onuň klawişlerine basmaly däl;
klawiaturada işläniňde elleriň arassa bolmaly;
enjamlaryň näsazlygyny özbaşdak düzetjek bolmaly däl;
kompýuter otagyna sapak wagty adam girende ýeriňden turmaly däl;
işiňi tamamlanyňdan soňra ähli programmalary ýapmaly.
Kompýuteriň öňünde dogry oturmagyň düzgünleri
Kompýuteriň monitoryndan 50-70 sm uzaklykda otyrmaly.
50-70 sm
Bu düzgünleri berk berjaý etseňiz ,kompýuteriň öňünde işlemeklik onça bir saglygyňa zyýan ýetirmez .
Iki aýagyň hem polda durmaly .
Egniň erkin ýagdaýda durmaly. Eliň tirsegi çalaja göwräňe degmeli.Eliň goşarynyň ýerleşişiniň beýikligi klawiaturanyň beýikligi bilen deň bolmaly
Arkaň wertikal ýerleşen bolmaly.
Soraglar
- 1. Kompýuter otagynda nähili enjamlar bar?
2. Kompýuterde işe başlamazdan öň haýsy işleri ýerine ýetirmeli?
Soraglar
- 3. Kompýuterde işlenende haýsy düzgünleri berjaý etmeli?
4 . Kompýuter otagynda näme etmek gadagan?
5. Kompýuterde işi tamamlanyňdan soňra näme etmeli?
Öý işi
§ 1.2. Howpsuzlyk
düzgünleri
Türkmenabat şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň
mugallymy A.Seýitmyradowa.
SAPAGY JEMLEMEK.