Tema:Ýapraklaryň örtüji (üstki we aşaky gabyjak), esasy (sütün we gubka şekilli), geçiriji damarlar) we mehaniki dokumalary
Öý işini soramak
- 1.Çygly we gurak şertlerde ösýän ösümlikler bir-birlerinden näme bilen tapawutlanýarlar?
- 2.Gurak howa şertlerinde ösýän ösümlikler suwy az bugartmaga nähili uygunlaşypdyrlar?
- 3. Baldaklaryny dik saklamaga kömek edýän ösümlikleriň ýapraklary nähili özgeripdir?
- 4. Mör-möjek iýiji ösümlikleriň nähili aýratynlyklary bar?
Öý işini jemlemek
Özgeren ýapraklaryň ýerine ýetirýän işleri
Özgeren ýapraklara mysallar
Atiýaçlyk iýmit muddalaryny toplamak
Kelemiň ýapragy, soganyň soganlygynyň gabygy
Haýwanlaryň iýmeginden gorap saklamak
Zirkiň, akasiýanyň, kaktusyň, ýandagyň tikenleri
Baldagy dik saklamak
Nohudyň, çinanyň, üziimiň murtjagazlary
Pudagyň başlangyjyny gorap saklamak
Pyntygyň örtüji teňňejikleri
Mör-möjekleri sormak we siňdirmek
Mör-möjek iýiji ösümlikleriň tutujy apparaty
Ätiýaçlyk suw saklamak
Ýüzýyllygyň (aloe), agawanyň ýapraklary
Tema:Ýapraklaryň örtüji (üstki we aşaky gabyjak), esasy (sütün we gubka şekilli), geçiriji damarlar) we mehaniki dokumalary
- Ýaşyl ýapraklaryň ösümlikleriň ýaşaýşynda ähmiýetini içgin öwrenmek üçin ýaprak plastinkasynyň içki gurluşy bilen tanşalyň.
- Ýaprak plastinkasy dürli keşpdäki we ölçegdäki öýjüklerden durýar.
- ösümligiň ýapragyny ýiti päki bilen keseligine ýukajyk kesip alalyň. Kesilip alnan ýaprak bölejiginden preparat taýýarlalyň. Preparata mikroskop astynda seredilende, ýapragyň ýokarsynyň bir-birine gysylyşyp duran öýjükleriň bir gatlagy bilen örtülendigini görmek bolýar. Bu gatlak ýapragyň gabyjagydyr.
- Gabyjak örtüji dokuma degişlidir, oňa epidermis diýilýär.
Ýapraklaryň öýjükli gurluşy.
Gabyjak örtüji dokuma degişlidir, oňa epidermis diýilýär.
Ýokarky epidermisde köplenç kutikula ýa-da ösüntgiler bolýar.
0l, köplenç, tüýjagazlar, kutikula we mum bilen örtülendir.
Kutikula - bu suwy ýaramaz geçirýän maddalaryň gatlagy bolup, ýaprakdan suwuň köp ýitmezliginiň öňüni alýar.
Gabyjagyň öýjükleri reňksiz hem durudyr. Olar özünden ýapragyň içine ýagtylygy gowy geçirýärler. Ösümligiň beýleki dürli öýjükleri ýaly, ýapragyň gabyjagynyň hem her bir öýjüginde sitoplazma,ýadro we öýjük şiresinden doly wakuol bardyr.
Gabyjak daş tarapda ýerleşmek bilen onuň içki näzik bölegini şikes ýetmekden hem-de guramakdan gorap saklaýar.
Ýapragyň gabygynyň gurluşy
Ýokarky gabyk(epiderma)
Goraýar
Guramakdan
Mehaniki şikes ýetmekden
Kesel dörediji mikroorganizmleriň geçmeginden
Gabyjak
- Yapragyň aşak ýüzi bem gabyjak bilen örtülendir. Aşaky gabyjak ýapragyň aşak ýüzündäki örtüji dokumadyr.
- Aşaky gabyjak hem ýokarky gabyjak ýaly, bir hatara ýerleşen dury we dürli görnüşdäki öýjüklerden durandyr. Aşaky gabyjagyň öýjükleriniň arasynda agyzjyk (ustisa) diýilýän kiçijik ýarçyk bardyr.
- Käbir ösümliklerde olar ýapragyň ýokarky gabyjagynyň öýjükleriniň arasynda ýerleşýär.
- Agyzjyklar bu ýapragyň gabyjagynda ýerleşe we iki sany açyp-ýapyjy öýjükler bilen gurşalan ýarçyk şekilli deşikdir. Açyp-ýapyjy öýjükler ýaşyl reňkli bolup, özlerinde hloroplast saklaýarlar. Açyp-ýapyjy öýjükler agyz ýarçygynyň ölçegini (giňligini) sazlap bilýärler.
Gabygyň öýjükleri diri bolup, ölçegleri we görnüşleri boýunça dürli bolýar
Goraýyş wezipesini güçlendirýär
Uly , reňrsiz,
dykyz ýerleşen
Günüň şöhlesiniň ýapraga geçmegini üpjün edýär
Gabygyň öýjükleri diri bolup, ölçegleri we görnüşleri boýunça dürli bolýar
Açyp-ýapyjy öýjükler diýilýär
kiçi , olarda hloroplastlar saklanýar we ýaşyl reňk berýär
Arasyndaky boşluga- agyzjyk (ustisa)
Agyzjyk (ustisa) we ony gurşap alýan gabyjygyň öýjükleri
Açyp-ýapyjy öýjükler
agyzjyk (ustisa)
Epidermis
hloroplast
Öýjük ara
Agyzjykdan howa ýapragyň içki öýjüklerine düşýär, gaz çalyşygy amala aşýar we suw bugarýar
Ýapraklaryň öýjükli gurluşy.
Ýokarky we aşaky epidermisiň arasynda ýapragyň ýumşak gatlagy- mezofil bardyr. Oňa assimilýasiýa geçýän parenhima hem diýilýär.
Onuň öýjükleri birnäçe hatardan we dürli görnüşdäki öýjüklerden durýar. Her bir öýjük gabyjakdan, sitoplazmadan we ýadrodan ybarat.
Bu parenhimada sütün we Öýjük-öýjük (gubka şekilli) dokumalar saýgarylýar.
Ýapragyň esasy dokumasy
Sütün dokuma – silindr şekilindäki , ýapragyň ýokarky bölüminde bir-birine jebis ýerleşen öýjükler. Fotosinteze gatnaşýar
Öýjük
sitoplazma
ýadro
hloroplast
Ýuka barda
wakuol
Столбчатая ткань
Кожица
Sütün dokuma
Epidermis
Dokuma we bütin ýapraga ýaşyl reňk berýär
Ýapragyň esasy dokumasy
Öýjük-öýjük (gubka şekilli) dokumanyň öýjürleri tegelek şekilde bolup seýrek . Öýjük-öýjük (gubka şekilli) parenhimada gaz çalşygy we suw bugaryş (transpirasiýa) hadysasy geçýär.
Gabyk
Sütün dokuma
Öýjük-öýjük dokuma
Ýapragyñ mezofilinde geçiriji dokumanyñ we
berklik beriji dokumanyñ öýjükleri hem ýerleşýärler.
Geçilen temany berkitmek
Sütün dokumasynyň öýjükleri
Kutikula
Epidermis
Öýjük-öýjük dokumanyň öýjükleri
Mehaniki dokuma
Agaç süýümi
Öýjük arasy
Süýüm
Agyzjyk
Tüýjagaz
- 1. Ýaprak plastinkasynyň öýjükleriniň gurluşy nähili?
- 2. Ýapragyň gabyjagy nirede ýerleşýär?
- 3. Ýapragyň gabyjagy haýsy dokumadan durýar we ol nähili işleri ýerine ýetirýär?
- 4. Ýapragyn agyzjyklary nähili gurlan we haýsy işleri ýerine ýetirýär?
- 5. Gurak howa şertleri bolan ýerleriň ösümlikleriniň ýapraklarynyň gabyjagynyň aýratynlyklary nämeden ybarat?
- 6. Kutikula näme?
- 7.Agyzgyklar nirede ýerleşýär?
- 8. Agyzgyklar nahili wezipäni ýerine ýetirýär?
Öý işini tabşyrmak