Meýilnama: 1.Zyýanly endikler. 2.Çilim çekmegiň adam bedenine ýetirýän zyýany. 3.Nas atmagyň ynsan saglygyna ýetirýän zeperi. 4.Alkogoly içmegiň netijeleri we oňa bolan baglylyk. 5.Neşe serişdeleri, olaryň görnüşleri we adam saglygy üçin howpy.
Tema:Mekdep okuwçylarynyň zyýanly endiklerinden daşda durmaklaryny gazanmak.
Zyýanly endik näme?Zyýanly endik –bu adamyň nädogry hereketleri arkaly özüniň we daş-töweregindäkileriň saglygyna hem-de ýaşaýşyna howp salmagydyr.Ol adamyň fiziki hem-de ruhy taýdan özüne erk edip bilmezligi sebäpli,durmuşyň ahlaksyzlyk ýoluna düşmegidir.Zyýanly endikler her bir adama fiziki,ruhy taýdan şikes ýetirýär, kähalatlarda ölüme hem alyp barýar.
Zyýanly endiklere çilim çekmek,nas atmak,neşe serişdeleriniň beýleki görnüşlerini,spirtli içgileri ulanmak we ş.m. degişlidir. Çilim çekmek zyýanly endikleriň arasynda has giňden ýaýranlarynyň biridir.Çilim-bu kagyza dolanan temmäkidir.Temmäki-adamyň saglygy üçin örän howply maddalary öz içinde jemleýän ýaşyl ösümlikdir.Bu howply maddalaryň esaslary nikotin, dem bogujy gaz we garaýagdyr.
1.Nikotin-ýüregi öňkiden hem çalt işledýär.Şeýlelikde ýürek öňkiden hem kän kislorody talap edýär. 2.Dem bogujy gaz-ganda bolan kislorodyň möçberini azaltýar. 3.Garaýag-öýkene ýemleşip ony hapalaýan şepbeşik bir maddadyr.Şeýle hem garaýag çilimkeşiň dişlerinde we dyrnaklarynda emele gelýän tegmilleriň esasy sebäbidir. Çilimiň düzümine girýän başga maddalar: -myşýak syçanlara garşy ulanylýan zäheriň düzümine girýär; -ammiak pol arassalaýjy serişdeleriň düzümine girýär; -kadium elektrik energiýasyny berýän bateriýalary ýasamakda ulanylýar.
Çilimkeşligiň öýkene getirýän zyýany.Adamyň çilim çekmeginde saglyk üçin zyýanly maddalar traheýanyň üsti bilen öýkene barýarlar.Traheýanyň ýüzünde ýerleşen örän kiçijek süýümler şepbeşik bir suwuklyk görnüşindäki nem bilen baglanyşýandyr.Dem alanymyzda nem howada bar bolan hapany we tozany öz içine siňdirýär.Soňra bolsa ýokarda agzalan kiçijek süýümler bu nemi traheýa arkaly bogaza eltip ony bedeniň daşyna çykarýar.Adamyň bedenine çilim tüssesi düşende ol kiçijek süýümleriň işleýşini duruzýar.Netijede,nem traheýa arkaly bogaza ýetip bilmän adamyň öýkenine siňýär.Bu hapa maddalary bedenden çykarmak üçin adam üsgürmeli bolýar.
Birnäçe ýyllaryň dowamynda çilim çekýän adam ortaça 10-15 ýyl az ýaşaýar.Şeýlelikde adam çeken her bir çilimi ýaşaýşyň 5,5 minudyny alýar.Çilim çekmeklik adamyň dişlerini ilki saraltýar soňra bolsa dişleriň reňki goňurdan gara çenli üýütgäp biler.Çilimkeşiň eşiklerinden,saçyndan we agzyndan çilimiň we külüň ysy gelýär.Çilimiň tüssesinden dem alýan adamlar öýken çişme keseli we başga birnäçe kesellerden keselläp bilerler.Bu keseller olaryň dem alyş ukyplaryna zyýan ýetirip bilerler.Adamyň köpsi 14-20 ýaşlarynda çilim çekmäge başlaýarlar.Olaryň çilim çekip başlamaklarynyň esasy sebäbi daş-töweregindäki çilim çekýän adamlara meňzemek islemekleri
Çilim çekmeýän adam,çilim çekilen otagda uzak wagt saklananda,nikotinden zäherlenmegiň alamatlaryny özünde duýup başlaýar.Onda başaýlanma,kähalatda bolsa ýürekbulanma, ysgynsyzlyk ýüze çykýar.Bu aýratyn hem ýaş çagalar üçin howpludyr.Şonça çaganyň öz kakasy ýa-da ejesi bilen bilelikde çilim çeken ýaly,bedeni zäherlenýär. Adamlary temmäki tüssesinden dem almakdan halas etmek üçin ýurdumyzda ýörite çilim çekmäge garşy Kanun çykaryldy.
Şol Kanun esasynda ulaglarda, kinoteatrlarda, aýdym-saz otaglarynda,keselhanalarda, iş edaralarynda we adamlaryň köp üýşýän jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi. Bularyň ählisi ýaş nesliň saglygyny goramak üçin ýurdumyzda edilýän aladalardyr.Siz hem şol aladalara jogap edip, çilim çekmek ýaly zyýanly endiklerden gaça duruň.
Nas atmak hem çilim ýaly,adam bedenini zäherleýän zyýanly endikleriň biridir.Nas-bu ösümlik ýagynyň, temmäkiniň,külüň we hekiň bir garyndysydyr.Adamlar nasy diliň aşagynda ýa-da aşaky dodagyň bilen aşaky dişleriň arasynda goýup ullanýarlar.Käbir adamlar nasyň düzüminde çilimiň düzümindäki bilen deňeşdirilende nikotiniň mukdary az diýip aldanýarlar we çilim çekmäni goýup,nas atmaga başlaýarlar.Nas taýýarlaýan adamlar onuň düzümine diňe bir adam bedeni üçin däl,ondan başga-da,ençeme zyýanly maddalary goşýarlar.
Nasyň çilimden tapawudy, çilimdäki temmäkiniň tüssesi, esasan,öýkeni zaýalaýar,nas bolsa agyz boşlugynyň we iýmit siňdiriş synalarynyň nemli bardasyny şikeslendirip, dürli keselleri döredýär.Ikisinde hem temmäki tabynlyk emele gelýär .
Nas ynsan saglygyna nähili zyýan ýetirip biler? Nasy ýygy-ýygydan ulanýan adamlarda kelleagyry,başaýlanma, ysgynsyzlyk, derleme,ýüregiň çalt urmasy,işdäniň,ýadyň peselmegi,gaharjaňlyk, ukysyzlyk ýaly alamatlar ýüze çykýar.Adam nasy tüýkürýän hem bolsa onuň bir bölegi tüýkülük bilen adamyň bedeninde galýar.Netijede, saglyk üçin örän howply himiki maddalar beden agzalaryna şikes ýetirip bilýärler.Nasy uzak wagtlap diliň aşagynda saklamak,nemli bardany ýognaldýar we şol ýerde agymtyl tegmilleriň emele gelmegine getirýär.
Soňra şol tegmiller kiçijik ýara öwrülýärler.Şonuň netijesinde agyz boşlugynda we bokurdakda düwnük ýaly howply çiş keselleri döredýär.Nas agyz boşlugyndaky nemli bardanyň,bokurdagyň,gyzylödegiň,aşgazanyň üsti bilen tutuş bedene siňýär we ony zäherleýär.Agyz boşlugynyň nemli bardasynda we dilde howply çiş keselleriniň döremeginiň esasy sebäbi nasa ýanan hekiň goşulmagydyr.Neşekeşleriň günüň dowamynda birnäçe gezek nas atýandyklary sebäpli,olaryň aşgazanynda nasyň galyndylary toplanyp,iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşine uly zyýan ýetirýär.Olaryň aşgazany çişýär we ýellenýär.
Soňra onda baş (ýara) emele gelýär.Nasyň düzümindäki 20-e golaý ösümlik ýagy günüň dowamynda birnäçe gezek (7-12 gezek) bedene düşende olary emulsiýa görnüşe çenli dargadýan öt köp mukdarda onkibarmak içegä dökülmeli bolýar.Netijede, bagryň öýjüklerine agram düşýär we onuň keselleriniň ýüze çykmagyna eltýär. Adamda şeýle keselleriň döremeginiň öňüni almak üçin ýurdumyzda naskeşlige garşy uly işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň sagdyn durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, 2007-nji ýylyň 28-nji maýynda “Temmäki önümi bolan nasy Türkmenistanda öndürmegi,ýerlemegi, ulanmagy we Türkmenistana getirmegi gadagan etmek hakynda’’ Permana gol çekmegi onuň aýdyň mysalydyr.Bu Perman hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň gülläp ösmegini üpjün etjek,biziň geljegimiz bolan ýaş nesliň saglygy we bagtyýarlygy üçin edýän aladasydyr.
Ynsan üçin çilim çekmek,nas atmak ýaly,zyýanly endikleriň biri hem spirtli içgileri (alkogoly) içmekdir.Alkogol adamyň ähli synalarynyň we synalar ulgamlarynyň işine zyýanly täsir edýän öýjük zäheridir.Spirtli içgilerde ynsanlarda serhoşlyk ýagdaýyny döredýän,örän zyýanly madda bolan etil spirti bardyr.Etil spirti- hamyrmaýa kömelekleriniň kömelegi arkaly uglewodlaryň turşamak prosesinde emele gelýän maddadyr .Ol ilki bilen,adam bedeniniň esasy biohimiki barlaghanasy hasaplanýan bagra düýpli urgy edýär.
Bu synanyň zaýalanmagy bagyr çüýremesine (sirroz keseline) eltýär.Spirtli içgiler aşgazanasty mäzine zyýanly täsir edip, onuň dargamagyna (nekroz keseline) alyp barýar. Käbir adamlar gan damarlarynyň hereketiniň gowulaşmagy üçin alkolog gerek diyip,nädogry pikir edýärler.Ýöne alkogolyň gan damarlaryna edýän täsiri başgaça bolup çykýar.Adam bedeniniň kadaly işlemegi üçin zerur bolan ýaglar darganda alkogol işlenip çykarylýar.
Az mukdarda spirtli içgi içilende hem tebigy mehanizm bozulýar.Soňra içgi içesi gelmek islegi bilen ol doňup galýar.Alkogolyň bedene düşmegi bilen ýaglar dargamagyny togtadyp,damarlaryň diwaryna çökýärler. Olaryň netijesi hem ysmaz keselibilen gutarýar. Alkogol kelle beýnisiniň uly ýarym şarlarynyň gabygyna zyýan ýetirip,adamyň pikirlenmek ukybyny pese düşürýär.Şeýle-de,bedende köp keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Spirtli içgileri ilkinji gezek içen adamyň bedenine ol has güýçli täsir edýär.Adamda gaýtarma,başaýlanma,huşuny ýitirme ýaly ýagdaýlarýüze çykýar.Wagtyň geçmegi bilen alkogol “arakhorlyk’’ diýen kesele öwrülýär.Alkogol bedene uzak wagtlaýyn gowşadyjy täsir edýär.Az möçberdäki (80 grama golaý) alkogolyň täsiri 24 sagadyň dowamynda saklanyp bilýär. Iň bir az möçberdäki spirtli içgiler hem synalaryň hereket işjeňligini, ýatkeşligiňi peseldýär, tiz ýadamaklyga getirýär, hadysalaryň kabul edilişini kynlaşdyrýar,erkliligiňi gowşadýar.
Spirtli içgiler içilende ol aşgazandan gana 2 minutdan soň düşýär.Gan ony bedeniň ähli öýjüklerine dargadýar. Alkogol gan we ýürek damarlarynyň diwarjyklaryny zaýalaýar.Netijede,ýürek dokumasy kislorodyň we ýokumly iýmit maddalarynyň ýeterlik mukdaryny alyp bilmeýär.Ol kem-kemden zaýalanyp, öz ýerine ýetirmeli işlerini ýerine ýetirip bilmeýär.Şonuň netijesinde bütin bedeniň gan bilen üpjün edilişi ýaramazlaşýar. Ol hem öz gezeginde adama ölüm howpuny salýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä,arakhorlykdan her ýylda 6 milliona golaý adam dünýäden ötýär.Spirtli içgileriň yzygiderli we aşa köp içilmegi bilen baglanyşykly adamda ýene-de bokurdak, gyzylödek sowuklamasy, gyzylödegiň düwnük keseli, ötüşen aşgazan keseli, ötüşen içege sowuklamasy, sarygetirme, dem alyş ýollarynyň we öýkeniň keselleri, öýken inçekeseli,nerw ulgamynyň “beri-beri”(iýmitde B1 witamininiň ýetmezçiligi netijesinde döreýän) keseli we beýlekiler ýüze çykyp biler.Alkogol bedeni doly gowşadýar, oňa ýokanç keselleriň ýokuşmagyny aňsatlaşdyrýar.
Spirtli içgileri adam näçe ir içip başlasa, şonça-da olara tiz öwrenişýär we ýaşaýşyndaky serhoşlyk bilen bagly meseleler köp ýüze çykýar.Çünki spirtli içgileriň adam üçin howpsuzy ýokdur.Islendik spirtli içgileri az-azdan peýdalanmak netijesinde adamda oňa bolan baglylyk,garaşlylyk ýüze çykýar. Gözegçilikleriň görkezişi ýaly, 100 gram aragyň täsirinden kelle beýnisiniň 7,5 müň işjeň ýagdaýdaky öýjükleri ölýär. Adamlaryň alkogoly çakdanaşa köp içmekleri olary durmuş, maddy-ruhy şikeslenmelere, betbagtçylyga,ölüme eltýär.
Alkogoly yzygiderli içmegiň netijesinde şahsyýetiň bozulmagy.Alkogol islendik mukdarda zäherdir.Ol adamda serhoşlygyň aýratyn ruhy ýagdaýyny döredip,birbada adamy argynlygy aýrylan,keýpi göterilen ýaly ýagdaýa salýar.Onda emeli şadaýanlyk,aşa öwünjeňlik,ýaňralyk ýüze çykýar.Şol ýalançy duýgy käte çenden aşýar we dürli betbagtçylyga eltýär. Kliniki görkezmelere esaslanyp, serhoşlygy 3 topara: ýeňil,aralyk we agyr derejedäki serhoşlyga bölýärler.
Serhoşlygyň ähli toparynda hem adam ruhy taýdan düýpli üýtgeýär.Onda manysyz geplemek,käbir sözleri özüne zor salyp aýtmak,özüni alyp barşynda durnuksyzlyk ýaly häsiýetler ýüze çykýar. Spirtli içgileri çakdanaşa köp içýän adamlaryň bolsa,pikirlenip bilmek ukyby has pese gaçýar. Olaryň ýerine ýetirýän işleriniň möçberi we hili hem peselýär, ýalňyşlyklarynyň sany köpelýär.Öz ýagdaýyna tankydy garaýyş azalýar.
Arakhorlyga garşy uly işler durmuşa geçirilýär. Türtmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda çykaran Kararynyň esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek, alkogolly içgileriniň zyýanly täsiriniň öňüni almak, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny we abadançylygyny has-da gowulandyrmak,adam ömrüni uzaltmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen “Türkmenistanda 2018-2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça milli Maksatnamanyň” şeýle-de,
hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda kabul eden Karary bilen “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň tassyklanmagyny görkezmek bolar. Şoňa baglylykda ýurdumyzda spirtli içgileri içýänleriň sany düýpgöter azaldy. Şu möhüm işler diňe bir döwletimiziň däl, her bir ynsanyň aladasy bolmaly. Her bir adam alkogol bilen bedenini zäherlemekden saklanmagy başsarmaly.
Neşe serişdeleri diýip, sintetiki ýol bilen ýa-da ösümliklerden alynýan himiki hem-de derman önümleri bolup,wagtlaýynça adamyň nerw ulgamyna aýratyn täsir edýän we keýpini üýtgedýän, fiziki hem-de ruhy taýdan işjeňleşmäge getirýän, bedeniň agyrylaryny aýyrýan maddalara aýdylýar. Olary ulanyp,adam bedeniniň onuň tabynlygyna düşmekligine bolsa neşekeşlik serhoşlygy diýilýär. Neşe serişdelerine tabyn bolan adamlara bolsa neşekeşler diýilýär.
Neşe serişdeleriniň islendik görnüşi adam saglygy üçin zyýanlydyr.Olar bedeniň kesellere bolan durnuklylygyny gowşadýar, bagryň, böwregiň, galyberse-de, ähli synalaryň işini bozýar.Neşe serişdeleri adamyň bedenini ýyldyrym çaltlygynda dargadýar. Ilki bilen beýni, ýürek, öýken, bagyr, böwrek ýaly esasy synalar zaýalanýar.Esasan hem kelle beýnisine uly şikes ýetýär. Çünki neşe serişdeleri kelle beýnisiniň öýjüklerinde kislorodyň ýetmezçiligini döredýär. Kelle beýnisi bolsa bedeniň ähli synalaryna we synalar ulgamlaryna
ýolbaşçylyk edýär.Şonuň üçin hem neşekeşler tiz wagtyň dowamynda ölüme sezewar bolýarlar.Neşekeşiň ömri ony ulanmaýan adamlaryňky bilen deňeşdirilende ortaça 30 ýyl gysga bolýar. Neşe serişdeleri diňe bir adamyň nerw ulgamynda we şonuň bilen baglylykda içki synalarynda bozulmalara getirmän, adamyň daşky keşbiniň hem ýaramazlaşmagyna alyp barýar.Neşe serişdelerini ulanýan adamlarda egin-eşik geýinmekde sölpülik, hapysalyk, saçlaryna , sakgallaryna, dyrnaklaryna, ýüz-gözlerine seretmezlik ýaly alamatlar ýüze çykýar.Reňkinde saralmak, bedeninde tagaşyksyzlyk, gelşiksizlik, hortaplyk
emele gelýär. Neşe adamy tiz sandan çykarýan serişdedir. Neşe serişdelerini ulanýanlarda şu aşakdaky alamatlary görmek bolýar: -okamaga,aýdym-saza,sport bilen meşgullanmaga we beýleki peýdaly işlere gyzyklanmasynyň peselmegi ýa-da düýpleýin ýitmegi; -sapagyna ýetişmezligi,sapakdan gaçyp başlamagy; -görünmesiz ýerlere gatnap başlamagy; -hiç bir sebäpsiz gaharjaňlygynyň ýüze çykmagy; -ene-atasyndan yzygiderli pul sorap başlamagy; -maşgalada bolup geçýän ýagdaýlar bilen gyzyklanmazlygy;
- ýalançylyga ýüz urmagy; -özi hem-de maşgala üçin peýdaly gürrüň edeninden, neşe hakynda aýdanyny gowy görmegi we beýlekiler. Neşekeşlik grek dilinden terjime edilende, “narkozis”- “uky”, “doňup galmak”, “hereketsizlik”, “mania”- “was-waslyk”, “dälilik”, “joşgunlylyk” diýmekligi aňladýar. Ol adam üçin örän howpludyr.Neşe ösümlikleri diýip-neşe maddalaryny taýýarlamaga gatnaşýan ösümlikler: maňgyrsak; dänegerçek; kenep we beýlekiler degişlidir. Adam neşäni näçe köp ullandygyça şonçada özünde oňa bolan tükeniksiz tabynlygy gazanýar.
Geroin-morfiýden ýasalan neşe serişdesidir. Morfiý bolsa göknar ösümlikden alynýar. Geroin bu bir ak reňkli we ajy tagamly paraşokdyr.Geroin köp halatlarda sanjym arkaly bedene girizilýär, ýöne dem almaklyk we çekmeklik bilen hem girizilip bilinýär.
Geroini ulanmak birnäçe howply meseleleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Geroini ulanýan adamlar AIDS (adamyň immun defisit sindromy) ýaly keseli bilen keselläp bilerler. Bu ölüme getirýän kesel ulanylan iňňeler arkaly adamdan adama geçip biler. Şeýle hem, hapa ýa-da mikroblar gan arkaly adamyň beýnisine ýetip, oňa şikes ýetirip bilerler. Bu bolsa birnäçe keselleriň sebäbi bolup biler. Meselem:gyzgynyň ýokary galmagy,damar çekme, koma we ölüme hem getirip biler.
Toksikomaniýa-bu grekçe “toxikos’’- “zäherli” diýen sözden gelip çykyp, derman serişdeleri we beýleki neşe maddalaryna degişli bolmadyk maddalar bilen adamyň gyzyklanmagy we oňa öwrenişmegidir. Toksikomaniýa bilen neşekeşligiň täsiri birmeňzeş bolsa-da, olarda özara tapawutlar hem bardyr. Esasy tapawudy toksikomaniýada neşe serişdeleriniň düzümine girmeýän himiki maddalaryň ulanylmagy we olaryň erkin satuwa göýberilýänligidir. Ýene bir tapawudy bolsa, neşe serişdelerini adam dürli ýollar bilen (çekip,ýuwdup.sanjyp) ulanýar,toksikomaniýada bolsa himiki maddalary we dermanlary ysgamak arkaly peýdalanylýar.
Ýatda saklaň: -adamyň güýçli islegi bolsa we özüne erk edip bilýän bolsa,çilimden, nasdan,spirtli içgilerden we beýleki neşe maddalaryndan saklanyp bilýär; -neşe serişdelerini ulanyp gören adama ony goýmak gaty agyr düşýär.Ony goýup bilýän örän seýrekdir.Şonuň üçin neşe serişdeleri bilen baglanyşykly işlere baş goşmaň; -neşe serişdelerine ýanaşmaň,olary eliňize almaň,jübüňize salmaň, öýňüze getirmäň,hiç ýerde gizläp goýmaň.Çünki neşeden beter hapa zat ýokdur; -neşe serişdesi bar ýerinde dogruçyllyga we adalatlylyga garaşmaň.Çünki neşekeşler neşe üçin hemme zada-ogurlyga,jenaýatçylyga taýýardyr; -neşäniň islendik görnüşini her hili ýagdaýda hödür edilende,adamkärçilik, dostluk duýgusyny,gowy görünmek,ulularyň käbirine öýkenmek üçin ýekelikde ýa-da köpçülikde ulanmaň,ysgamaň,barlap görmäň.