СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Murad saburowyň çykyşy

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Murad saburowyň çykyşy»

Men Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Şabat etrap birleşmesiniň işjeň agzasy Myrat Saburow

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar” ýylynyň her bir güni Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkdagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda taryhy wakalara, şatlyk-şowhuna beslenip, toýdur-baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Şeýle taryhy wakalary, gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmekde ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň birleşmesi netijeli işleri alyp barýar.

Pederleň ýoluny saýyp bir ýana,

Watanyn, il-günün deňeýip jana.

Akylly, asylly hem şadyýana,

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde giň gerimli işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyna  gözli şaýatlyk edýäris. Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäheriniň berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagynyň ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň we milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäheri hemişelik Bitaraplygyň üstünliklerini görkezýän, ýurdumyzyň esasy medeni, ylmy merkezine öwrülýär. Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň halkara ölçeglere laýyk gelmeginiň şäher ilatynyň sanyny artdyrmakda, ony geljekde depginli ösdürmekde, çäklerini giňeltmekde, ulag, senagat, söwda, hyzmatlar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, gurluşyk ulgamlaryny ösdürmekde ähmiýetlidigine uly üns çekilýär. Geçmişine uly sarpa goýýan halkymyz täze taryhy döwrümizde ata-babalarymyzyň, pederlerimiziň, görnükli şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmekde, nesillerdir döwürleri baglanyşdyryp gelýän milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda, şu günki we geljekki nesillerde milli guwanç duýgusyny döretmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirilýär. Munuň özi Watanymyzyň, milletimiziň mizemez bitewüligini görkezýär. Atlary ebedileşdirilen beýik şahsyýetleriň halka, mähriban Watanymyza bagyşlanan ömür ýollary ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. Bu şäherde “akylly” tilsimatlar ulanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly häzirki döwrüň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn bilimli we sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlardygy bizi begendirýär. Häzirki  arkadag şäherinde dürli maksatly desgalaryň 336-nyň açylyp ulanylmaga berildi. Bu işlerde biz ýaşlaryň tekliplerine, täzeçil garaýyşlarymyza zerur üns berilýär. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze şäher, sözüň doly manysynda, ýaşlaryň şäherine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly bu şäheriň geljekki ösüşinde ýaşlaryň bilimine, başarnygyna we täze bellenen ýolbaşçylaryň guramaçylyk ukyplaryna möhüm ähmiýet beriler.  Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmeginiň biz ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynda halkymyza gowşan “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasy” atly täze kitap ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, adamkärçiligiň belent nusgasy bolup köňüllere nur çaýdy.

Okap, kämil bilim alyp dünýäň ylmyn öwrene,

Maksadymyz şan getirmek bu galkynyşlar döwrüne,

Ata ýurda halal zähmet manydyr ynsan ömrüne,

Ýaşlar size alkyş aýdýar Gahryman Arkadagymyz!

Ýaşlar size alkyş aýdýar Arkadagly Serdarymyz!

Pursatdan peýdalanyp biz ýaş hünärmenlere ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýarys.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň belent başlary aman, janlary sag, ömürleri uzak bolsun, watanymyzy gülledip ösdürmek ugrynda alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara, üstünliklere beslensin!



Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!