Sapaga hoş geldiňiz!
ALKYŞ, SIZE ŞÖHRAT SIZE ARKADAG!
TÜRKMENISTAN TOÝLY MEKAN
EDEBIÝAT SAPAGYNA
HOŞ GELDIŇIZ!
TEMA: MYRAT TALYBYNYŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI.
MEÝILNAMA:
- MYRAT TALYBYNYŇ ÖMÜR ÝOLY.
- ŞAHYRYŇ DÖREDIJILIGI.
- MYRAT TALYBY BIZI
GÜNLERIMIZDE
Türkmen klassyky edebiýatynyň ösüş taryhyna göz aýlanymyzda, köp sanly talantly şahyrlarymyzyň adyna duşmak bolýar. Olar özleriniň oňat eserleri bilen edebiýatymyzy baýlaşdyrypdyrlar. Edebiýatymyzyň taryhyna belli bir derejede goşant goşan şahyrlarymyzyň biri hem XVIII asyryň ahyrynda hem-de XIX asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçen Myrat Talybydyr. Talyby beýik şahyryň edebiýatymyzda öňe sýren oňat däplerini dowam etdirýär we döredijilikli peýdalanýar.
Talybynyň eserlerinde adamkärçiligiň iň oňat
taraplary: mertlik, jomartlyk, sahylyk, rehimlilik,
myhmanparazlyk, watany söýmeklik beýan edilipdir.
Talyby türkmen edebiýatyny, halk döredijiligini
öwrenmek bilen birlikde, Gündogar edebiýaty bilen hem
tanşypdyr. Ony şahyryň bize galdyran edebi mirasyndan
görmek bolýar. Talyby ýaş wagtlarynda obadaşlaryndan
özi ýaly garyp maşgalanyň Totujemal atly gyzyny
söýüpdir. Birnäçe kynçylykdan soň bu iki söýgüli
biri-birine gowuşýar. Talyby döwrüniň atly bagşylarynyň
biri bolupdyr. Ol toý-tomaşalarda aýdym aýdypdyr.
Talyby ömrüniň köpsüni önüp-ösen ýeri bolan
Gökdepe töwereginde geçiren hem bolsa, ol
bagşyçylyk edeni üçinTürkmenistanyň dürli künjek-
lerine aýlanypdyr.
Talyby 82 ýaşa golaý ýaşap, takmynan,
1848-nji ýylda aradan çykýar.
Türkmen edebiýatynyň halypasy Magtymguly
Pyragy söýgi temasynda “Hökümli”, “Gözel sen”
ýaly birnäçe şygyrlar ýazypdyr. Ol ýaşan
jemgyýetinde ezilip, horlanyp gelen aýal-gyzlara
adam hökmünde garamagy nesihat edipdir.
Olaryň şahsyýetini ýokary götermek ugrunda
çalşypdyr. Magtymgulynyň bu asylly pikirini XIX
asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri
Kemine, Seýdi, Zelili we beýlekiler goldap,
aýal-gyzlary öwüp, ençeme oňat liriki goşgular
döredipdirler.
Talyby hem döwrüniň zähmetsöýer aýal-
-gyzlarynyň içki duýgusyny, daş keşbini teswirläp,
köpsanly şygyrlar bilen birlikde,bitewi bir dessan
-da ýazypdyr. Bulardan başga-da şahyr söýgi
temasyna bagyşlap birnäçe şygyrlar ýazypdyr.
“ Garagöz gelin”
“ Bu jeren”
“ Ýadyma düşdi”
Şahyryň goşgulary.
“ Rowaýat eýle”
“ Gatmaga geldim”
“ Enegül”
Gül bergiňe meňzemiş, dilber seniň ýaňagyň,
Heý habaryň barmydyr, balmy, şeker dodagyň,
Bende saňa arz eýlär, salarmy sen gulagyň.
Arzym budur, çaň bolar, basma ýere aýagyň,
Didäm üzre ýol salyp, bolgul gözel rowana.
***
Köýüňde sergezdanam , hiç rehim ýok sende,
Yşk halym harap etdi, ygtyýarym ýok mende,
Sen bir hökümli soltan, men bir gapyňda bende,
Munda köňlümi alsaň, jaýyň jennet döwranda,
Hijran tohmun janymda, ekdiň gara göz gelin.
GARA GÖZ GELIN.
Myrat Talyby durmuşda göze ilýän hady-
salary görüp pulsuz, malsyzlar bilen barly
adamlaryň ýaşaýşynda uly tapawudyň bar-
dygyny görüpdir. Ol garyplaryň agyr ýagda-
ýyna gynanypdyr, olara raýdaşlyk bildiripdir.
Satirik şahyr Kemine “Garyp”, “Garyplyk”
diýen çeper eserler bilen garybyň durmu-
şyny, içki duýgusyny görkezen bolsa,
Talybynyň hem “Garyplyk” diýen şygry
dosty Keminäniň pikrini tassyklaýar.
Talybynyň “Garyplyk” diýen şygrynda
garybyň agyr durmuşy, içki duýgusy,
oý-pikri, gaýgy-hasraty örän
oňat beýan edilipdir.
GARYPLYK.
“ Pelek, senden bir şikaýat edeýin,
Gün-günden sürünip geldi garyplyk.
Budur arzy- halym, saňa aýdaýyn,
Ygtyýarym goldan aldy garyplyk”
***
Deň-duşy göreňde, gaýra teser sen,
Ýoksullyk ýat edip, içiň gysar sen,
Sözüň ile sygmaz, özüň ýeser sen,
Hemme dertden ýaman boldy garyplyk.
***
Baýlyk el kiridir, ýuwulsa gider,
Garyba açlykdyr, zäherden beter,
Barly el uzatsa, her ýana ýeter,
Golum baglap bagrym dildi garyplyk.
***
Talyby diýr, köňlüm gamly bolmagyl,
Zynhar, alla adyn dilden salmagyl,
Görümsiz baýlardan umyt kylmagyl,
Bir zaman eglenmez, geçer garyplyk.
Talyby satirik şahyr Kemine, “Gül-Bilbiliň” awtorydyr Şa-
bende hem-de Mollanepes bilen tanyşypdyr. Olar bilen
aragatnaşykda bolupdyr. Talyby özüniň döreden oňat
eserleri bilen türkmen klassyky edebiýatynda görnükli
orny eýelemäge hakly şahyrlarymyzyň biridir. Ol birnäçe
liriki eserleri bilen birlikde, “Talyby we Sahyjemal ” atly des-
sanyny hem ýazypdyr. Talyby sada dilde, ýeňil stilde, dürli
formada, söýgi-nesihat, sosial-deňsizlik, warany söýmek,
satirik durmuşy hem-de dini häsiýetli eserler ýazypdyr.
Gündogar edebiýatyň ösüş taryhyna göz aýlanyňda,
söýgi temasynyň giňden işlenendigini görmek bolýar.
Ýöne söýgi hakynda pikir ýöretmekde iki ugur ýüze
çykypdyr.
Şahyrlaryň birnäçesi eserlerinde hakyky söýgini
wasp etmän, özleriniň “magşuk” diýip hasaplaýan
zadyny, ýagny tebigatda bolmadyk “hudaý” göz öňünde
tutupdyr. Beýleki şahyrlarymyzyň döredijiliginde bolşy
ýaly, Talybynyň eserlerinde hem söýgi lirikasy ep-esli
orun tutupdyr. Ol bu temada ýazan şygyrlarynyň
köpüsi öz şahsy söýgisine degişlidir. Türkmen edebi-
ýatynyň halypasy Magtymguly Pyragy söýgi temasyn-
da “Hökümli”, “Gözel sen” ýaly birnäçe şygyr döredipdir.
Ol ýaşan jemgyýetinde ezilip, horlanyp gelen aýal-gyzlara
adam hökmünde garamagy nesihat edipdir. Olary
şahsyýetini ýokary götermek ugynda çalşypdyr. Mag-
tymgulynyň bu asylly pikirini XIX asyr türkmen ede-
biýatynyň görnükli wekilleri Kemine, Seýdi, Zelili we
beýlekiler goldap, aýal-gyzlary öwüp, ençeme oňat
liriki goşgular döredipdir.
Geliň indi bolsa tema degişli sorag-jogap
alyşalyň!
TÜRKMEN DILI WE EDEBIÝAT
MUGALLYMY:
HOŞ SAGBOLUŇ!