Nowruz geldi ilime
(edebi-sazly kompozisiýa)
Garaşsyz, Bitarap döwletimizde milli däp-dessurlarymyzy ösdürmek barada uly alada edilýär. Bu baý milli gymmatlygymyzy gorap saklamak, öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu meselä milli liderimiz aýratyn üns we goldaw berýär.
Ýurt baştutanymyz 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýip yglan etmegi ýöne ýerden däldir. Milli däp-dessurlarymyzyň biri bolan Nowruz baýramy 4 müň ýyla golaý wagtyň dowamynda türkmenlerde Täze ýylyň başlanan güni hökmünde bellenilýär. Biziň mekdebimizde bu çäre şeýle geçirilýär.
(Sazyň sesi ýaňlanýar. Gara öýden alyp baryjylar çykýar.)
1-nji alyp baryjy: Salam, hormatly myhmanlar!
2-nji alyp baryjy: Salam, mugallymlar we okuwçylar!
1-nji alyp baryjy: Milli Nowruz baýramyna bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýamyza başlaýarys.
(Gara öýden eli saçakly, pişmeli, bugdaý maýsaly bir gyz we bir oglan okuwçy çykýar.)
Gyz: Gyş gutardy, geldi ýaz.
Uçdy, geldi akja gaz.
Açyldy bagda güller
Saýradylar bilbiller.
Oglan:
Bahar baglary
Gyşdan gutardy,
Näzik gülleriň
Ysyn getirdi.
Saýrap bilbiller
Bagt bagynda,
Göwnüň göterýär
Säher çagynda.
Gyz: Şatlykly owaz
Asmana galýar,
Biziň şatlygymyz
Äleme dolýar.
1-nji alyp baryjy: Garaşsyz Türkmenistan ýurdumyz Nowruz baýramyny garşy alýar. Bahar - nähili ajaýyp pasyl! Adamlar bahar paslyny özlerine has ýakyn saýýarlar, uly-kiçi onuň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.Çünki, gyş ukusyndan oýanan tebigat janlanýar, daş-töwerek dürli öwüşgünli ýaşyl lybasyna bürenýär.
(Gyz okuwçy we oglan okuwçy “Nowruz geldi” goşgusyny okaýarlar.)
Ýaşyl donuny geýip,
Bahar geldi ülkäme!
“Salam, dostlarym!” diýip,
Nowruz geldi ülkäme!
Gülki, şatlyk paýlaýar,
Ýaşyl bolýar ýaýlalar,
Goja dünýä janlanýar,
Bahar geldi ülkäme!
Gül-gülälek açylýar,
Nazu-nygmat seçilýär,
Asman hem nur eçilýär,
Nowruz geldi ülkäme!
2-nji alyp baryjy: Nowruz - Täze gün manysyna eýe bolan sözdür. Ol Täze ýylyň birinji günüdir. Megerem, bu baýram hakda bilmeýän adam ýok bolsa gerek.
1-nji alyp baryjy: Bu nämäň gohy?
(Sahna uly gykylyk bilen Japbaklar ylgap çykýarlar.)
Japbak: -Nowruz! Nowruz! Adamlar! Nowruz geldi!
Ýapbak: Adamlar Nowruz baýramyny garşy alýarlar! Täze-täze eşik geýip, hiňňildikde uçarlar, gyzlar läle kakyp, tans ederler Nowruz geldi adamlar! Toý bu gün! Geliň biziň toýumyza, bile şatlanalyň!
Mapbak: Gök gürlän çagy,
Ýylgyrym çakýar.
Ýagyş ýagýar-da,
Kömelek çykýar.
Topbak: Göwünler joşup,
Gelýär heýjana.
Gidýäris üýşüp
Gülli meýdana.
Japbaklar sahnadan gidýärler.
1-nji alyp baryjy: Biziň paýtagtymyz, gör, nähili gözel! Bahar bolsa onuň görküne görk goşýar.
Gyzlar “Aşgabat” aýdymyny ýerine ýetirýärler.
Sahnada Şirinjan haly dokap otyr. Onuň ýanyna jorasy Aýgül gelýär.
Aýgül: Salam, Şirinjan! Sen-ä ökdeläpsiň, halyňy gutaryp barýaň, tüweleme! “Adam eli-gyzyl gül” diýip, ýöne ýere aýdylmandyr. Halyň gölleri örän owadan bolupdyr.
Şirinjan: Sag bol, Aýgül, seniňem-ä eliň çeper.
Aýgül: Hany, Şirinjan, Nowruz Baýramyna giderismi?Gyzlar garaşýar. Täze tikinen köýnekleriň birini geý-dä.
Şirinjan: Wah, haýsy köýnegimi geýsemkä?
Aýgül: Şirinjanyň köýnegi
Sanardan has köpüräk.
Şirinjan köýneklerini gözden geçirýär:
Erbet ütüklenipdir,
Agyny-ha geýjek däl.
Sarysam ýygyr-ýygyr
Ony häzir men geýmen.
Men ýönekeýje gyz däl,
Gözelleriň gözeli.
Aýgül: Türkmen gyzlarynyň könekleriniň dürli-dürlüligi, ýakalarynyň nagyşlary –biziň aýal-gyzlarymyzyň elleriniň çeperdigini ýene-de bir gezek tassykalýar.
(Sazyň çalynmagynada gyzlar döwrebap tikilen köýneklerini bir-birden sahna çykyp görkezýärler.
Soňra beýleki gyzlar sahn a çykyp, Aýgüli we täze köýnek geýip, guppasyny timarlap duran Şirinjany hem öz ýanlary bilen äkidýärler.)
Sahna Japbak bilen Topbak çykýar.
Japbak: Bu ýerde bizi tanamaýan adam-a bolmaly däldir!Biziň başdan geçirenlerimiz barada eserem döredildi, kinofilm hem düşürildi. Biz hakda ulularam, çagalaram bilýärler.
Ýapbak: Buuuu! Häzir adamlaryň durmuşy gaty özgerdi – öňe gidişlik köp! Telefon, kompýuter ýaly döwrüň üstünlikleri bizi hem biperwaý goýan däldir! Biz beýleki milletleriň cagalarynyň söýgüli eser gahrymanlary bilen internet arkaly arabaglanyşyk saklaýarys! Wiý, ýogsa-da, Japbak, hany baýramçylygymyza çagyran myhmanlarymyz?
Japbak: Hawa, hawa. Mapbak bilen Topbak myhmanlaryň öňünden çykmaga gitdiler. Gelmeli wagtlar-a boldy.
Ýapbak: Şoool gelýän rus dostumyz Iwan şazadamyka diýýän. Biziň owadan ýurdumyzy görmek arzuwyndady ol.
Sahna Mapbak, Topbak we Iwan şazada çykýarlar.
Iwan Şazada: Здравствуй, народ Туркменистана! Salam, dostlar!
(Ol oturanlara bakyp durýar we hormat bilen baş egýär. Soň Japbaklar bilen gujak açýp görüşýär.)
Iwan Şazada: Dostlarym (Japbaklar tarapa görkezýär) meniň türkmen dilini öwrenmegime we ýurduňyza gelip, gözel diýaryňyzy görmäge ýardam berdiler. Siziň milli baýramçylygyňyzy görmeklik nesip edendigine örän begenýärin we dostlaryma minnetdarlyk bildirýärin.Däp-dessurlaryňyz meni ozaldan bäri örän gyzyklandyrýardy.
Topbak onuň kimdigini bendinde aýdýar: Bar zady ýuwdup ýatyr.
Doýmaýar hem dolmaýar.
Açgölükde belli ol
Onuň ady ... Böwenjik!
(Sahna indiki myhman- Böwenjik çykýar.)
Böwenjik: Salam adamlarooow! Sag boluň meni unutmaýanyňyza. Mümkin, men iýegenräkdirinem-de, ýöne şu gün men özümi gaty edepli alyp bararyn. Baýramçylyga gatnaşmak, gör, nähili ajaýyp! Ýüregim joşup barýar.
Nowruz geldi, ýaz geldi
Baky ýaz mekanyma.
Ördek geldi, gaz geldi
Goýny ýaz mekanyma.
Mapbak: Hany, kim bilmeşek? Öz yedi doganynyň gözlegine çykan erteki gahrymanymyz ...
Sahna Akpamyk çykýar. Oturanlar bilen salamlaşýar.
Akpamyk: Nowruz baýramy- meniň söýgüli baýramlarymyň biridir. Men deň-duşlarym bilen läle kakmagy, hiňňildikde uçmagy halaýaryn. Men öz joramy – “Morozko” rus ertekisindäki zähmesöýer gyz- Nastyany hem toýumyza çagyranyma siz garşy bolmazmykaňyz diýýän?! Biziň halkymyz myhmansöýer halkdyr. Hoşniýetli myhamanlara gapymyz hemişe açykdyr!
Sahna Nastya çykýar:
Salam, hormatly adamlar! Men hem zähmet çekmegi , hem baýramçylykda ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlaryň ýerine ýetirlilmegine gatnaşmagy halaýaryn. Akpamyk joramyň aýdyşyna görä, siziň toýly ýurduňyz milli däp-dessurlary ýatdan çykaranok. Rugsat berseňiz, men olar bilen tanyşsam?!
Japbaklar gülüşip: Nastenka, sen biziň hormatly myhmanlarymyzyň birisiň!
Ýapbak: Hany, çagalar, indiki myhmanlarymyzy tanajak boluň-da!
(Sahna Ýartygulak bilen Nemes ertekisiniň gahrymany Malçik s palçik (Ýartygulak ýalyjak oglanjyk) çykýarlar.)
Ýartygulak salamlaşýar.
Malçik s palçik: Salam, türkmenistanlylar! Ýartygulak ikimiziň internet arkaly habarlaşyp duranymyza ep-esli wagt boldy welin, bilelikde toý-märekä gatnaşmak nesip etmändi. Japbaklara aýratyn sag bolsun aýdasym gelýär.
Topbak: Gadyrly myhmanlar, biziň mekanymyza uzak ýollary aşyp geldiňiz.Ýadansyňyz. Türmen tagamlarynda dadyp, lezzetli çaýyndan içip, biraz dynç alyň. Soňra barymyz üýşüp baýramçylyga gideris.
(Gyzlar “Bahar” tansyny ýerine ýetirýärler.)
(Japbaklar, myhmanlar sahna çykýarlar. Şirinjan we beýleki gyzlar hem şu ýerde.)
Japbak: Ýigitler, gyzlar, biziň myhmanlarymyz öz ertekilerinde akly, çalasynlygy bilen özleri tanatdylar. Biziň milli oýularymyzda olar bizden yzda galmaz öýdýän. Iwan şazada, gel, ýaňyltmaç aýdyşmakda öz ökdeligiňi görkez! Şu ýaňyltmajy gaýtala hany:
Arpa nanyn iýseň ysytmalakmazak bolýar. (Iwan şazada birnäçe gezek gaýtalaýar)
Sahnada duranlar: Aý, berekella, Iwan, berekella!
Şirin: Hany, Japbaklar, indi gezek siziňki.
Topbak: Gaty-gaty gepleme, çöpi-çöpden çöpleme. Birnäçe gezek gaýtalaýar.
Aý, bujagaz çöpüň turşumtyljadygyny.
Sahnada duranlar: Aý, berekella, Topbak, berekella!
Ýapbak: Milli oýunlarymyzam-a gyzyklandyrar myhmanlarymyzy.
Oglanlar “Agsak durna” oýnuny oýnaýarlar. Böwenjik:
-Oglanlar, menem goşaýyň-da oýnuňyza. Menem bir aýakda ylgap bilýän-ä! (Böwenjigi hem oýna goşýarlar. Ol oglanlardan kem galmajak bolup jan edýär, hereketlerem örän gülkünçli.)
“Aşyk” oýny. Ýartygulak Malçik s palçige oýnuň düzgünini düşündirýär.
Mapbak aşyklar barada goşgy okaýar:
Aşyklar nirede?
Aşyk torba içinde.
Topaz, müji kaýdadyr?
Aşyk torba içinda.
Oguz ýaly aşyklar
Ak takyra ýaraşar.
Ak takyrda beg agam
Ak bagtyna garaşar.
Japbak: Türkmeniň öýüne myhman barsaň, ajaýyp türkmen palawyn iýdirmän goýbermez.
“Palaw” tansy.
Şirinjan: Aý-u, gyzlar, geliň läle kakalyň. Akpamyk, senem joraň Nastýa bilen bize goşul.
Läle kakasym gelýär
Düwme dakasym gelýär.
Eziz käbäm, ejejan,
Içim dökesim gelýär.
Lälämiziň her bendi,
Watan bilen zerlendi.
Söýgimiz kän diýara,
Biz watanyň perzendi.
Zähmetim şöhrat boldy,
Bütin ilim şat boldy,
Garaşsyz ýurdumyzda,
Arzuw hakykat boldy.
Akpamyk: Hany, gyzlar “Şakga-şakga bilezigimize ” başlaly.
Şakga-şakga bilezik,
On barmakda on ýüzük,
Ýüzügimi ýitirdim
Hana habar ýetirdim.
Handan gelen bäş aty
Bäş at däl-de, gyraty
Gyrat nämä kişňeýär?
Arpa diýip kişňeýär.
Arpany nirden aljak?
Çaýyň düýbünden aljak.
Çaýyň düýbi çuňmudyr?
Baýyň gyzy güňmüdir?
Şakga-şakga şaak.
Aýgül: Gyzlar, indi gezek “Monjugatdyňky”
Gyzlar bir käsä öz mohjuklaryny atyşdyrýarlar.
Aýgül: Gül-gülüstan Watanym,
Bagy-bossan Watanym.
Ýüz-müň ýyllap ýaşasyn
Arzuw eýläp ýetenim.
Gyzlar, bu kimiň monjugy?
Gyzlary biri: Meniňki.
Bu gyz Nowruz barada jümleleri sanap başlaýar:
Nowruz keramatly gün hasaplanyp, onda her oýde ýedi dürli tagam bişirilýär. Bu däp-dessur agzybirlikden nyşan.
Dünýä Nowruz aralaşaram welin, yakyn adamlaryňy goýberen ýalňyşlyklary üçin bagyşlamsgy başar.
Nowruz gelende, öz oňat pikirleriňi, arzuw- niýetleriňi geljege gönükdir.
Nowruz gelende, Täze ýyl hatyrasyna dost-ýarlaryň , goňşularyň üçin saçagyňy giňden ýaz.
Bu pazrlar tükmen halkynyň gadymadan bäri gelýän däbi.
Aýgül: Kesipdir-ä, kesipdir
Elimi pyçak kesipdir.
Bu çykýanja monjujar,
Gör, kim gyza nesipdir.
(Nastýanyň monjugy çykýar.)
Nastýa:
Biri Güne meňzeş,
Birisi-Aýa.
Birisi-boz jeren,
Birisi-maýa.
Sizi görse her kim,
Joş urýar göwün.
Garaşsyz ýurtda
Baýramyňyz bu gün.
Baýramyňyz gutlap,
Ýazdym men nama.
Gözelligňiz bezeg
Türkmenistana.
Aýgül: Ak towuk, ala towuk,
Säher gygyrýan towuk.
Men saňa näme diýdim,
Gyz ýüzi menden sowuk?
Bu monjuk kimiňki?
Akpamyk: Meniňki. Men-ä size tans edip berjek.
Akpamyk “Bahar ” tansyny ýerine ýetirýär.
1-nji alyp baryjy: Nowruz baýramyny belleýän halklaryň saçagynda bugdaý maýsasynda edilen semeni, ýedi däneden taýýarlanylan tagamlar, süji palaw, pişme bolýar.
Sahna milli egin-eşikde , eli tagamly çagalar çykyp başlaýarlar.
2-nji alyp baryjy:
Täjigistan bu baýramy dabaraly belleýär. (Täjik milli geýminde gyz bilen oglan çykýar)
Gazagystan bu baýramy giňden belleýär. (Gazak milli geýminde gyz bilen oglan çykýar)
Özbegistanda bu baýrama sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. (Özbek milli geýminde gyz bilen oglan çykýar)
Azerbeýjan Nowruzy ata-babalaryndan gaýdaýan baýram hasaplaýar. (Azerbeýjan milli geýminde gyz bilen oglan çykýar)
Eýran halky bu baýrama uly hormat goýýarlar. (Eýran milli geýminde gyz bilen oglan çykýar)
Nowruz -Tatarystan halkynyň söýgüli baýramydyr. (Tatar milli geýminde gyz bilen oglan çykýar)
Nowruz - Türkmen halkynyň milli baýramydyr. (Türkmen milli geýminde gyz bilen oglan çykýar)
«Türkmenistan» sazy ýaňlanýar.
1-nji alyp baryjy: Mähriban dostlar! Gowy arzuwlary etmek bilen, Nowruz baýramyna bagyşlanan çykyşymyzy tamamlaýarys.
Alyp baryjylar bilelikde: Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!