Dersi. Şekillendiriş sungaty Synpy: III Senesi:
Sapagyň temasy. Gyşyň keşbi.
Sapagyň maksady: 1.Bilim berijilik maksady: Okuwçylara gyş paslyna degişli peýzaž çekmegi öwretmek. Surat çekmek başarnyklaryny kämilleşdirmek, özbaşdak pikirlenmek endiklerini ösdürmek.
2. Terbiýeçilik maksady: Gyş paslyna degişli peýzaž çekdirmek arkaly okuwçylarda şekillendiriş sungaty sapagyna bolan söýgüni terbiýelemek.Olara estetik terbiýesini bermek.
Sapagyň görnüşi: Täze maglumatlary öwretmek sapagy.
Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: Reňkli suratlar, tema degişli soraglar.
Sapagyň gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:
Çärýegiň dowamynda surat çekmäge, bezemäge, gurnamaga degişli nähili ýumuşlary ýerine ýetirdiňiz?
Suratkeşleriň döreden haýsy eserlerini bilýärsiňiz?
Zatlaryň suraty çekilende onuň haýsy alamatlaryny suratlandyrmaly?
Milli nagyşlarymyzdan haýsylary bilýärsiňiz?
3.Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4.Täze temany düşündirmek.
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Okuwçylara gyş paslyna degişli peýzaž çekmegi öwretmek..
2. Okuwçylara bezeg işlerini öwretmek.
3. Olara reňkleri dogry saýlamagy öwretmek.
Gyşyň keşbi
Ýylyň her paslynyň bir-birine meňzemeýän, özboluşly gözelligi bar. Gyşyna howa sowuk bolýar, üşän agaçlar ýap-ragyny düşürýär. Asmany çal bulut örtýär, gar, ýagyş köp ýagýar.
Gyş peýzažyny dürli serişdeler bilen şekillendirmek bol-ýar. Gyşyň bulutly, ygally günleriniň suratyny çekeniňde çal, tutugrak reňkleri ulanmaly. Golaýdaky baglaryň, jaýlaryň uzakdakylardan ulurak, has aýdyň bolup görünýändigini siz eýýäm bilýänsiňiz. Olary kagyzyň aşagragynda ýerleşdirmeli. Gyş peýzažynda gök, mawy ýaly sowuk reňkleri ulanmaly.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
– özbaşdak peýzaž çekip
– bezeg işlerini ýerine ýetirip
– akwarel reňkleri bilen nähili işlemelidigini
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
– suraty bezemekde reňkleri sazlaşykly ulanmagy
– peýzaž çekmegi;
– suratlary owadan çekmegi
5. Täze temany berkitmek:
Gyşda tebigatymyzda nähili özgerişlikler bolup geçýär?
6. Öý işini tabşyrmak:
Gyşyň keşbi.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.
Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylary atlandyryp, olary bahalandyrmak. Bahalary synp žurnalyna, gündeliklere goýmak.