- Gurluş aýratynlyklary.
- Bedeni hemişelik temperaturaly.
- Ýüregi 4-kameraly.
- Öýken bilen dem alýar.
- Iýmit siňdiriş synasy ýöriteleşen.
- Dişleri gurluşy boýunça bölünen.
- Kelle beýnisi kämilleşen.
- Çagalaryny süýt bilen ekleýär.
- Umumy alamatlary:
- Eşidiş synasy ösen;
- Ýumşak dabanly;
- Ýiti dyrnakly.
- Ujaklary kürege öwrülen
- Bedeni ik şekilli.
- Derasty ýag gatlagy galyň bolýar.
- Gyýak dişleri ýok.
- Alyn dişleri ösen.
- Alyn dişiň köki ýok bolup, ömrüniň dowamynda ösýär.
- Alyn diş bilen azy dişiň arasy boş bolýar.
Gemrijiler otrýady
Oklukirpiler maşgalasy
Statusy. Kategoriýasy 2. San taýdan azalýan, az öwrenilen görnüş.
Genefondy ýitirmän saklamakda taksonyñ ähmiýeti. Politipik görnüş, Türkmenistanda H.i.satunini Muller, 1911 diýen aşaky görnüş bar.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary. Oturymly, garañky aralaşanda we gije çykýar, gyş aýlary gündizine hem gezýär. Çuñ we çylşyrymly hinler gazýar, bir näçe hinlerden ybarat bolan hemişelik koloniýa emele getirýär. Jübüt we maşgala bolup ýaşaýarlar. Ýylda bir gezek köpelýär. Ýanwarda-fewralda jüpleşýärler, aprel-maý aýlarynda ene oklukirpileriñ her biri 1-2 çaga dogurýar. Ýabany we medeni ösümlikleriñ baldaklary, kökleri, miweleri we tohumlary bilen iýmitlenýär
Köpelişi. Maglumat ýok.
Gorag üçin görlen çäreler . Goraghanalarda goralýar.
Ỳyrtyjylar ortrýardy
Pişikler maşgalasy
Statusy. Kategoriýasy 1. Ỳok bolup gitmek howpy bar.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary. Öwrenilmedi.
Köpeldilişi. Öwrenilmedi.
Ỳaşaýan ýerleri. Dagyñ we ýokary guşaklygyndaky gür hem gyrymsy agaçly çuñ dereleriñ bölek-bölek bolup duran eññitleri.
Sany we onuñ üýtgemek tendensiýasy. Maglumat ýok. 1924-nji ýyldan 1986-njy ýyla çenli tutulandygy barada resmi maglumatlar hakykata dogry gelenok we olar pişikleriñ maşgalasynyñ başga görnüşine degişli bolup biler
Gorag üçin zerur çäreler. Aýratyn goralýan tebigy giñişlikleriñ setini amatly ýagdaýa getirmek we olaryñ goralyşynyñ netijeliligi.
Goşatoýnaklylar otrýady
Gyn şahlylar maşgalasy
Statusy. Kategoriýasy 2. San taýdan azalýan görnüş.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary . Sürülerindäki mukdary durnuksyz. Amatsyz şertler dörände, başga ýerlere gidýärler. Iýmitini çalt üýtgedip bilýär we tomsuna suwa golaý ýerlerde ýaşaýar. Urkaçylary bir ýaşda jyns taýdan ýetişýärler, olar aprel, maý aýlarynda adatça iki, seýrek ýagdaýda bir çebşek guzlaýarlar
Köpeldilişi. Buharadaky jerenler pitomniginde olary köpeltmegiñ gowy tejribeleri toplanypdyr.
Gorag üçin görlen çäreler. SSSR-iñ (1984) we Türkmenistanyñ (1985) Gyzyl kitaplaryna girizilen. 1950-nji ýyldan bäri aw etmek gadagan. Ogruçy adasyna eltilip, özbaşdak san toplumy döredilen.
Ýaşaýan ýerleri. Gatañsy toprakly çöllükde, dag eteklerinde we berkän çägeliklerde ýaşaýar. Dagyñ uçut gaýaly ýerlerine barmaýar. Azar berilmedik ýagdaýda oba aralaşyp, ekdi bolup ýaşap bilýär.
Goşatoýnaklylar otrýady
Gyn şahlylar maşgalasy
Statusy . Kategoriýasy 2. San taýdan azalýan görnüş.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary. Merkezi Köpetdagda sürülerdäki sany 100-e çenli bolýar, ortaça -18. Jyns taýdan ýetişenleriñ gatnaşygy 1:1-e deñ. Ýaş umgalar 26% möçberindedir . Tekesi birnäçe geçiden ybarat toplumy döredýär. Tekä gelýän döwri noýabryñ aýaklaryndan dekabryñ 1-nji ýarymyna çenlidir. Bogazlyk döwri 5 aý . Aprel-maý aýlarynda, seýrek ýagdaýda, martyñ aýaklarynda owlaklaýarlar. Geçileriniñ ýarysyna golaýy ekiz guzlaýar, ýalky (1 owlak) guzlaýanlar esasan ýaş geçilerdir. Ot şekilli ösümlikler hem-de sarytikeniñ, garatikeniñ, itburnuñ, badamyñ ýapraklary, arçanyñ püri, jemi 40-dan az bolmadyk görnüşler bilen iýmitlenýärler
Köpeldilişi. Haýwanat baglarynda gowy köpelýär. Umgalaryñ beýleki görnüşleri we öý geçileri bilen jyns gatnaşygyny edýär.
Ýaryganatlylar otrýady
Nalburun ýaryganatlar maşgalasy
Statusy. Kategoriýasy 2. Sany barha azalýan görnüş.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary. Güýz aýlary Köwatadan başga ýere geçýärler. Martyñ başynda ýene-de Köwata gaýdyp gelýärler. Her ýyl bir gezek köpelýärler we bir çaga dogurýarlar. Maý aýlarynda erkekleriñ we urkaçylaryñ sany deñeçer bolsa-da, urkaçylar biraz agdyklyk edýär (58%). Awgust aýynyñ 2-nji ýarymynda çagajyklar agramlary we göwrümi boýunça ulularyndan tapawutlanmaýarlar. Gün ýaşansoñ gowakdan çykanda, ýerden 2-3 m. beýiklikde uçýarlar we öz awyny şol ýerde tutup iýýärler. Gyşlamak üçin gowakdan ilki urkaçylar (oktýabryñ başynda), soñra erkekler (oktýabryñ ilkinji 10 günlüginde) çäginde gyşlaýan ýerleri belli däl, egidýärler. Türkmenistanyñ mma türkmen-eýran araçäginiñ 100 km günortasynda Demirgazyk Horasanda gyşlaýan toparlarynyñ 100-den 500-e çenli tapylan .
Ỳyrtyjylar otrýady
Pişikler maşgalasy
Statusy. Kategoriýasy 2. Arealy we sany barha azalýan hem az öwrenilen görnüş.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary. Ỳekelikde ýaşaýar. Towşanlary, gemrijileri, guşlary, ýaşajyk keýikleri, kä wagtlar guzulary, itleri, tilkileri, oklukirpileri, kirpileri, süýrenijileri awlaýar . Kapasada fewral-mart we noýabr-dekabr aýlarynda mawa gelýär. Bogazlyk döwri 70 gün dowam edýär. Aprel-maý aýlary 2-den 4-e çenli, köplenç ýagdaýda 2 çaga dogurýar . Garañky gatlyşanda we gijelerine gezýär.
Köpeldilişi. 1960-1970-nji ýyllarda Daşkendiñ haýwanat bagynda 2 jüp garagulak köpeldi we öz sanlaryny artdyrdy, 4 sany çaga berdi
Ỳaşaýan ýerleri . Gyrymsy agaçlar bilen berkeşen we ýarym berkeşen alañly gumlar, gara ojarlyklar, dag etegindäki çölleşen baýyrlyklar, selçeñ pisse agaçly ýerler, derýa boýlary.
Ýyrtyjylar otrýady
Aýylar maşgalasy
Statusy. Kategoriýasy 1. Ýitip gitmek ýagdaýyndaky görnüş.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary. Üljäniñ, alçanyñ, almanyñ, naryñ, injiriñ, hozuñ, böwürsleniñ we başgalaryñ miwesi hem-de ýabany arynyñ baly bilen iýmitlenýärler. 1-2 sany çaga dogurýarlar .
Köpeldilişi. Russiýanyñ bir näçe haýwanat baglarynda saklanylýar.
Ýaşaýan ýerleri . Zakaspi aşaky görnüş dagyñ orta we ýokary guşaklygyndaky böwürslenden, garatikenden we dürli miweli agaçlarda a n emele gelen jeññelli, çuñ, geçmesi kyn bolan jülgelerde gabat gelýär. Tenşan aşaky görnüşi diñe arçaly we subalp guşaklyklarynda bardygy belli boldy . Deñiz derejesinden 400-5000 m beýiklikde ýapgytlar bilen aşak-ýokaryk göçüp bilýär
Ýyrtyjylar otrýady
Itler maşgalasy
Statusy. Kategoriýasy 2. Takyklanmadyk, örän seýrek we öwrenilmedik, görnüş arealynyñ demirgazyk ýakalaryndan belli.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary . Öwrenilmedik.
Köpeldilişi. Barlaglar geçirilmedik.
Ýaýraýşy . Merkezi Köpetdagda Sarymsakly gerşiniñ günbatarynda Germapdan 40 km uzaklykda we Bäherden bilen Aşgabadyñ hem-de Gyzylarbat aralyklaryndan tapylan . Günorta-Gündogar Türkmenistanda Owganystana golaý araçäklerinde hem gabat gelmegi mümkin. Türkmenistanyñ çäklerinden daşarda Owganystanda, Eýranda, Hindistanda we Bulujystanda ýaýran.
Ýaşaýan ýerleri. Daglyk ýerler.
Sany we onuñ üýtgemek tendensiýasy. Türkmenistanda diñe Merkezi Köpetdagda iki sanysy tutulan.
Ỳyrtyjylar otrýady
Samyrlar maşgalasy
Statusy. Kategoriýasy 2. Sany we arealy azalýan görnüş.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary. Irden, agşam, gije, aktiw hereketde bolýar. Howdanlaryñ eñaşak kenarlarynda gazylan hinler gaçybatalga bolup hyzmat edýär. Suwda we gury ýerde ýaşaýan haýwan. Kollektorlardan we adalardan geçip, suwdan uzagrak ýerlere gitmäge ukyply. 3 ýaşyna ýetende, köpelmage başlaýar. Fewral-aprel aýlary höwre gelýär. Bogazlyk latent döwri bilen 9-10 aý dowam edýär. Aprel-awgust aýlarynda 2-3 çaga dogurýar, gunduzjyklar bir ýyla golaý enesiniñ ýanynda bolýarlar. Esasan balyk bilen iýmitlenýärler. Suwda we onuñ ýakynynda duşýan beýleki oñurgaly we oñurgasyz haýwanlary hem awlaýar.
Köpeldilişi. Elde köpelýär.
Ỳyrtyjylar otrýady
Syrtlanlar maşgalasy
Statusy. Kategoriýasy 1. Ỳok bolup gitmek howpy bar.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary. Maşgala bolup ýaşaýar. Maşgalada 1-2-den 3-5-e çenli ululary we 1-3-den 2-5-e çenli kiçileri bolýar. Maşgalanyñ topary 3-den 8-e çenli bolan syrtlanlardan düzülýär. Iñrik garalanda we gije çykýarlar. Esasy iýmiti öý we ýabany haýwanlaryñ maslygy. Jüpleşmek we çaga dogurmak ýylyñ islän döwründe bolup bilýär.
Her bir ene syrtlan 1-den 3-e çenli çagalaýar [2]. Çagalaryny iýdetmeklige ene syrtlanlar bilen birlikde erkekleri hem gatnaşýarlar.
Köpeldilişi. Russiýanyñ haýwanat baglarynyñ aglabasynda gowy köpelýär.
Barlaglar boýunça teklipler. Populýasiýanyñ gurluşyny öwrenmek sany baradaky maglumaty, aýratyn goralýan ýerleriñ çägini dogry proýektirlemäge mümkinçilik döreder.
Ỳyrtyjylar otrýady
Samyrlar maşgalasy
Statusy. Kategoriýasy 2. Sany taýdan azalýan görnüş.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary . Iñrik garalanda we gijelerine gezýär, gyşyna käwagt gündiz hem çykýar. Höwürtge kameraly uzynlygy 1-4,9 m bolan hin gazynýar, girelgesini içinden gömýän wagty hem bolýar. Köplenç pyşbagalary, kirpileri awlaýar, suwulganlar, ownuk gemrijiler, mör-möjekler we miweler bilen hem iýmitlenýär. Hininiñ töwereginde zemzeniñ, pyşbagalaryñ, ownuk guşlaryñ, kirpileriñ we towşanyñ galyndylary tapyldy. Iýmit gözleginde bir gijede 15-22 km aralygy geçýär [4,6,7,13]. Göwreliliginiñ dowamlylygy 6 aý, aprelde – maýda 1-2 çaga dogurýar
Köpeldilşi . Tebigatdan üzñe şertlerde oñat köpelýär
Barlaglar boýunça teklipler. Ỳaýraýşyny öwrenmeli.
Ỳyrtyjylar otrýady
Pişikler maşgalasy
Statusy. Kategoriýasy 1. Ỳok bolup gitmek howpy bar.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary. Ýekelikde duşýarlar. Belli bir ýerde ýaşaýarlar . Ýabany toýnakly we öý haýwanlary esasy iýmitidir. Jübütleşmek we çaga dogurmak ýylyñ bütin dowamynda bolup geçýär. 1-2 sany çaga dogurýarlar, olar 12-15 aýlap enesiniñ ýanynda bolýarlar.
Ýaýraýşy. 1970-1980-nji ýyllarda Uly we Kiçi Balkanda, Krasnowodsk ýarym adasynda Üstýurtd, Uzboýda , Köýtendagda , Köpetdagda, Kürendagda, Etrekde , Bathyzda duşýardy. 90-njy ýyllaryñ ortasyna çenli areal kiçeldi we soñky döwürde diñe Köpetdag hem Bathyz bilen çäklenýär . Türkmenistanyñ çäklerinden daşarda Gündogar Zakawkazýede we Täjigistanda duşýar.
Barlaglar boýunça teklipler. Goramak boýunça strategik möhüm ýerleri kesg
Täktoýnaklylar otrýady
Gylýallar maşgalasy
Statusy. Kategoriýasy 2. Azalýan görnüş.
Biologiýasynyñ aýratynlyklary. San durnuklylygy häsiýetlidir. 3-4 ýaşan her ene gulan bir taýçanak dogurýar, erkekleri jyns taýdan 3 ýaşdan soñ ýetişýär. Gar ýaganda, garsyz ýerlere göçýärler
Ýaşaýan ýerleri. Toýunsaw we çägesew çöllükde hemde dagetek ýerlerde ýaşaýar. Gaýaly ýerlere, dag we derýa ýakalaryndaky tokaýlara we batgalyklara barmaýar. Gyş we Ýaz pasyllary ýarymçägelik ýerlerde saklanýar
Köpeldişi. Ỳewropanyñ we Aziýanyñ haýwanat baglarynda we pitomniklerinde köpeldilýär. Bu ýerlerdäki sany 300-400 hasaplanýar.
Gorag üçin zerur çäreler. Suw içmäge jemlenýän ýerlerinde aw etmegiñ düzgünleri berk berjaý edilmeli. Bathyz goraghanasynda dynç alýan öri meýdanlaryndaky gatnaw ýollary demirgazyga tarap süýşürip giñeltmeli. Ýetirilýän zyýanyñ öwezini uly jerimeler bilen doldurmaly.