Türkmenabat şäheriniň
22 – nji orta mekdebiň
başlangyç synp mugallymy
Mähriban Hojaýewanyň 1– nji „A“
synpda „Täze ýyl“ diýen temada
geçiren baýramçylygynyň ýazgysy.
1-nji “A” synp wagty: 22.12.2018ý Sapakdan daşary çäre.
Sapagyň temasy : Hoş gelipsiň Täze ýyl!
Sapagyň maksady: 1.Täze ýyl baýramçylygynyň geçiriliş ähmiýetini okuwçylara öwretmek.
2. Watançylyk gözellik terbiýesini bermek.
Sapakda ulanylýan görkezme esbaplar we goşmaça maglumatlar: arça, haýwanjyklar, suratlar
Sapagyň görnüşi: Baýramçylyk
Baýramçylygyň gidişi
Sapagyň guramaçylyk döwri
1. Okuwçylar bilen salamlaşmak.
2. Watan habarlary bilen tanyşdyrtmak.
3. Okuwçylardan gyş pasly barada soramak.
Baýramçylyga başlamak.
“Täze ýyl baýramçylygy bilen mugallym okuwçylary gutlaýar we baýramçylyga Akpamyk we Pişijegiň geljekdigini aýtdy.
Täze ýyl sowgatly sandyk 5 gahryman bilen jadylanan (Baýramçylyk başlamazdan ozal). Jadygöý, Aldarköse, Döw, Tilki we Aždarha.
Iki sany alybaryjy: Aktamyk we Pişijek.
Erkekilerden bir saz çalynýar, baýramçylygyň geçirilýän ýerinde bezelen arça we gulply sandyk dur.
Jaýa ilki bilen pişik girýär. Onuň yzy bilen Akpamyk pişigini gözläp girýär.
Pişik :
Akpamyk seret bu arçanyň owadanlygyna. Kim üçin bezelipdirkä.
Akpamyk:
Bu arça 1- nji “A” synp okuwçylary üçin owadan edilip bezelipdir. Esalomualeýkim gadyrly myhmanlar! Biziň baýramçylygymyza geleniňize orän şatdyrys.
Pişik :
Akpamyk bu nämekä? (Arçanyň aşagyndan gelýän sese ünsüni çekýär) Tik tak, tik tak
Akpamyk:
(Arçaň ýanyna barýar) Pişijegim bu jadyly sagadymyz ol geçip barýan ýylyň soňky sagadyny minutyny sanaýar.
Pişik :
Çagalar geliň täze ýyly wasp edýän bir aýdymjyk aýdaly.
(Arçan dasynda aýdym aýdýarlar)
Pişik :
Gör muny biziň çagalarymyz nähili zehinli eken
Akpamyk:
Elbetde pişijek olap indi mekdebe barýar ahyry
Pişik :
Ahooo, gör bu baýlygy!
Akpamyk:
Waý waý işimiz gaýtdy, indi çagalara täze ýyla näme sowgat bereris? Bu sandykda Aýaz babadan çagalara sowgat bardy. Ýaramaz güýçler bu sandygy jadylap, açaryny ýany bilen alyp gidipdirler.
Pişik :
Aglama Akpamyk sen düşbilije, hany pikirlen indi näme ederis?
Akpamyk:
Dogrudan – da men näme aglap durun. Bilýan indi näme etjegimizi. Ýöne çagalar bize siziň kömegiňiz gerek.
Pişik :
Kömek edersiňizmi?
Çagalar: Elbetde
Akpamyk:
Onda ýola düşeliň (marş sazy çagalar arçaň daşynda tegelenip ýöreýärler we bir aýdymjagaz aýdýarlar. Birden gorkunç saz çalynýar çyralar biraz sönýär we birden Jadygöý elinde açary oýnap çykýar. Akpamyk we pişijek gorkýar.)
Jadygöý :
Ahow siz kim bolýarsyňyz? Bu taýda işden gaçýarsyňyzmy ýa-da işe barýarsyňyzmy?
Akpamyk:
(gorkuly ses bilen) Ýok mama. Biz jadylanan sandygyň açarlaryňyň gözlegine çykdyk
Pişik :
Belkäm siziň açaryňyz biziň gulpa gabar geler? Ýogsam biziň okuwçylar täze ýylda sowgatsyz galar.
Akpamyk:
Eger isleseň bize ýumuş tabşyr ýöne açary ber
Jadygöý :
Häää. Menä her hili ýumuşläry oýlar tapmagy gowy görýän. Bereýin size matal bilmeseňiz sizi iýerin
Pişik:
Matalyň jogabyny bilsek
Jadygý:
Ilki biliň, bilseňiz açar siziňki
Başy darak ýaly guýrugy orak ýaly. (horaz)
Ýörän ýoly demirdir, iýmiti ýag kömürdir.(otly)
Gyşda erär, ýazda doňar. (Şor ýer)
Jadygöý :
Bu çagalara seret. Soňky döwürde olar köp bilýär. Gidiň şu ýerden ynha açar. Häzir köp ajygaýsam birýandan iýip başlaryn
Akpamyk:
Uf! Gör nähili gorkuly boldy. Gutuldyk ýor pişijegim ýolumyzy dowam edeli.
Pişik :
Çagalar tokaýyň içi bilen gedende seresap boluň!
(aldarköse çykýar saz çalynýer)
Aldarköse:
Kim geldi meniň huzyryma. Ýekelikden ýany içim gysyp başlapdy.
Pişik :
Gadyrly Aldarköse! Boýnuňyzdaky açary bize sowgat berip bilmersiňmi
Akpamyk:
Ýogsam çagalar täze ýylda sowgatsyz galar.
Aldarköse:
Hiç zat eşidesim gelmeýär. Kim meni aldap bilse açary şoňa berjek
(çagalaryň hersi bir ýerden aldamaga başlaýarlar)
Aldarköse:
Boldy boldy al açar menden hem ökdelediň
Akpamyk:
Çagalar geliň şol dagyň etedinde ýaşaýan döwden habar alalyň üçünji açar belkäm ondadyr.
Akpamyk:
Esalomaleýkim döw aga
Döw:
Eger salam bermedik bolsaň iki üzüp bir ýalmardym
Pişik:
Döw ada barmagyňdaky açary bize berip bilmersiňmi?
Döw:
Häzir meniň halym gowy. Garnym hem dok. Eger gowuja oýnap berseňiz açar siziňki.
(çagalar tans oýnaýarlar)
Dow:
Meň açar
Akpamyk:
Sagbol Dow aga
Pişik:
Akpamyk seret tilkiň boýnundaky açara. Ol hem bize degişli bolmaly.
Akpamyk:
Mekirlije tilkijik nähili owadanja tüýuň bar, guýrugyň hem gelşiklije, özüň hem düşbilije.
Tilki:
ize näme gerek. Düşünip bilemok .
Pişik:
Bize boýnuňdaky açar gerek.
Tilki:
Açar pula durýar.
Akpamyk:
Pulumyza ýok başymdaky taç bolanokmy?
Tilki:
Bolanok. Täjiň gerekdäl. Maňa kömekçi gerek. Balyk tutarys men olary sataryn. Ana pul hem bolar.
Akpamyk:
Çagalar kim tilkä kömek etjek.
(çagalardan üç sany kömekçi alýarys)
Pişik:
Indi birjik açar galdy. Ol niredekä?
Aždarha:
Dur kim gelýär? Bytnama!
Akpamyk:
Aždarha bu biz gelýäris. Açaryň gözleginde.
Aždarha:
Mende bar şol açar diýeniňiz.
Pişik:
Aždarha açary bize berip bilmersiňizmi?
Aždarha:
Eger sowgat aljak çagalar goşgy aýdyp berse açar siziňki.
(Çagalar goşgular bilen çykyş etdiler)
Aždarha:
Bolanok , bolanok.
Akpamyk:
Çagalar biz Aýaz babasyz açary alyp bilmeris. Ony biz nädip çagyryp bileris. Hany çagalar kömek ediň Aýazbabany çagyralyň
Çagalar:
Aýaz baba ...
Aýaz baba:
Näme boldy? Çagalar entek hem sowgatsyzmy?
Akpamyk:
Sowgatly sandygy jadylapdyrlar. Biz dört açary tapdyk bäşinjini Aždarha berenok.
Aýaz baba:
Aždarha (gaharly) hany açar
Aždarha:
Berjek däl
Aýaz baba:
Häzir jadyly taýagym bilen doňduraryn çagalaryň bilen täze ýyly garşylap bilmersiň
Aždarha:
Bolýar, bolýar . Ynha açar.
Aýaz baba:
Aždarha men saňa duýdurýaryn gaýdyp çagalara azar berme.
Aždarha:
Bolýar
Aýazbaba:
Çagalar geliň küşt depeliň
Çagalar oýnap bolandan soň Aýaz baba çagalara sandykdaky sowgatlary gowşurýar)
Täze ýylyňyz gutly golsun!
Akpamyk:
Şunuň bilen baýramçylyk çärämizi geçirip gutarýaryş
Hoş sagboluň!
Sapagy jemlemek: Okuwçylary synp otagyna ugratmak.