| Mekdebi: | Wagty: | | | | |
| Dersiň ady: tebigat | Synpy: III | | | | |
| Sapagyň temasy: | Gyşlaýan guşlar. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Okuwçylara gyşlaýan guşlar barada düşünje bermek. Olaryň sözleýiş dilini ösdürmek, pikirlerini yzygider beýan edip bilmeklerini gazanmak. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda tebigaty öwreniş sapagyna bolan söýgini döretmek. Olarda öz ülkämiziň tebigatyny goramaga we gözelleşdirmäge goşant goşmagyny terbiýelemek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Sanlar,tablisalar,soragnamalar,reňkli suratlar,barlagnamalar,çyzgyç,internet maglumatlary. |
Sapagyň gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
Geçilenleri gaýtalamak.
3.Geçilen temany jemlemek:
Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.
4.Täze temany düşündirmek.
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Okuwçylara gyşlaýan guşlar barada düşünje bermek.
2. Temany suratlaryň üsti bilen giňeşleýin düşündirmek.
3.Tema degişli ýumuşlary ýerine ýetirmek.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
– geçilen temany yzygider gürrüň berip
– Gyşlaýan guşlaryň atlaryny sanap
– kartada Watanymyz Türkmenistany görkezip
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
– globusda we kartada materikleri we okeanlary, deňizleri, daglary, düzlükleri görkezmegi
– Ýyrtyjy guşlar barada gürrüň bermegi;
– tebigatda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini berjaý etmegi we tebigaty goramak işine gatnaşmagy
Gyşlaýan guşlar.
Ördek
Aý-günüň hasaby________________
1. Soraglaryň jogabyny ýazyň.
1. Ördekler nirelerde duş gelýär?____________________
2. Näme üçin suwa çümende-de ördekleriň ýelegi öl
bolmaýar?
__________________________________________________
__________________________________________________
3. Ördege suwda çalt ýüzmäge näme kömek edýär?
__________________________________________________
4. Biziň ýurdumyzda gyşlaýan guşlaryň suratynyň aşagyndaky degişli öýjükleri reňkläň.
5. Oba hojalygyna zyýan berýän mör-möjekleri iýýän guşlaryň birnäçesiniň adyny ýazyň.
_____________________________________________________
_____________________________________________________
6. Ýyrtyjy guşlar barada bilýän zatlaryňyzy ýazyň.
5. Täze temany berkitmek:
Gyşlaýan guşlar hakynda gürrüň bermek.
6. Öý işini tabşyrmak:
Sah 33-34. “Gyşlaýan guşlar” diýen temany aýdyp beriň.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.
Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym: _________________________________
Bellik:________________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________