Tema:Azot
Meýilnama
1 Azot elementiniň açylyşy
2 himiki häsiýeti
3 fiziki häsiýeti
4 izotoplary
5 alnyşy
6 ulanulyşy
7 elementiň önimleri
Azot bolsa birleşmelerinde I, II, III, IV we formal V walentli bolup bilýär. Azot birleşmelerinde -3 , 0, +1, +2, +3, +4, +5, beýleki elementler bolsa -3 , +3 we +5 okislenme derejelerini ýüze çykaryp bilýär. Azodyň nitrogenum ady latynçadan türkmençä terjime edilende, «ýaşaýşy dörediji» diýen manyny berýär.
Azot tebigatda. A zot tebigatda erkin halynda howanyň düzüminde (78%) we birleşmeler görnüşinde duş gelýär. Azody tejribe otagynda nitritleri dargatmak usuly bilen alyp bolýar.
Senagatda bolsa ony howadan alýarlar. Erkin halyndaky azot ýanmagy goldamaýar. Dem alyşda azot inert gurşawy döredýändigi bilen ähmiýetlidir. Yöne onuň peýdaly tarapy kadaly atmosfera basyşynda ýüze çykýar, eger-de atmosfera basyşy üýtgese, onda azodyň ganda ereýjiligi bilen baglanyşykly birnäçe näsazlyklar ýüze çykýar. Mysal üçin, suwa çümüjileriň (akwalangistleriň) suwuň aşagynda kadaly dem almagy üçin adaty howany ulanyp bolmaýar. Oňa derek kislorodyň He ýada Ne ýaly asylly gazlaryň biri bilen garyndysyndan peýdalanylýar. Pes basyşda azodyň ganda ereýjiliginiň azalýandygy sebäpli, suwa çümüjiler suwdan çykanlarynda erän halyndaky azot gaz düwmejikleri görnüşinde
bölünip çykyp, gan damarlaryndaky ganyň hereketine päsgelçilik döredýär. Oňa kesson keseli diýilýär . Azot diňe iki ýerde çilide
we Hindistanda
mineral birleşmeler hem-de janly organizmleriň düzüminde organiki birleşmeler görnüşinde duş gelýär. Erkin halyndaky azodyň molekulasy iki atomlydyr.
Azodyň fiziki we himiki häsiýetleri. Ol reňksiz, yssyz, tagamsyz we suwda az ereýän gazdyr. Howadan birazrak ýeňildir. Adaty şertlerde azot inert maddadyr, ýagny ol maddalaryň hiç biri bilen täsirleşmeýär diýen ýalydyr. Sebäbi onuň molekulasy berkdir we durnuklydyr. Beýleki sada we çylşyrym ly m addalar bilen täsirleşmek üçin, azodyň molekulasyny gyzdyrmak, şöhlelendirmek, katalizator täsir etdirmek we beýleki usullar bilen tizleşdirmek zerurdyr. Azot janly organizmdäki maddalaryň düzümine girýändigi sebäpli, oňa bolan talaby ödemek üçin azody baglanyşdyrm ak, ýagny beýleki elem entler bilen birleşdirmek zerurlygy bardyr. Häzire çenli azody baglanyşdyrmagyň üç sany usuly bellidir. Olar: sianamid usuly, elektrik dugasynyň temperaturasynda kislorod bilen azodyň täsiri we katalizatoryň gatnaşmagynda wodorod bilen azody täsirleşdirip, ammiagy sintezlemek usullary. Olaryň birinji ikisi häzirki wagtda ulanylmaýar diýen ýalydyr. Ýöne atmosfera şertlerinde, gök gümmürdäp ýyldyrym çakanda döreýän elektrik dugasynda, azot bilen kislorodyň özara täsirleşmesi (özakymlaýyn geçmeýär) geçip, azodyň (II) oksidi emele gelýär:
Emele gelen azot (II) oksidi, ýene-de birnäçe özakymlaýyn geçýän täsirleşmeleriň üsti bilen
ýaly birleşmelere öwrülip, ýagyn bilen bilelikde ýere düşýär. Şeýle mehanizm bilen emele gelen azot birleşmeleriniň her ýylda bir gektara 4-10 kg massasy dökülýär. Ýöne ol ösümlikleriň azoda bolan talabyny doly ödäp bilmeýär. Azodyň birleşmeleri, azot bakteriýalary diýip at berilýän, mikroorganizmler tarapyndan hem emele getirilýär Ol bakteriýalar kösükli ösümlikler bilen simbioz ýaşaýarlar. Katalizatoryň gatnaşmagynda azot bilen wodorodyň öwrülişikli täsirlesmesi netijesinde ammiak alynýar.
Azot erkin halynda, sowadyjy madda hökmünde, gyşa gök miweleri saklamakda, tehnikada dürli gurallary ýasamakda hem-de azotdan ybarat bolan inert atmosferany döredip, metallary eredip seplemekde we beýleki ýerlerde peýdalanylýar. Azodyň oksidleri, ammiak, ammoniý duzlary, nitridler, nitritler, nitratlar ýaly mineral birleşmeleriniň ähmiýeti ulydyr. Atmosferanyň azody baglanyşdyrylandan soňra emele gelen
ionlaryny saklaýan maddalar ösüm likler tarapyndan özleşdirilýär we organiki birleşmelere öwrülýär. Ol birleşmeler adam we haýwan organizmlerine iýmitiň üsti bilen geçip, madda çalşygy netijesinde ýene-de topraga gaýdyp gelýär ýa-da atmosfera erkin azot görnüşinde zyňylýar. Şeýdip tebigatda azodyň aýlanyşygy amala aşyrylýar.
Azoduň kislorodly birleşmelerinden
degişlilikde azotly we azot kislotalaryny emele getirýän oksidleri bolup, olar suwda eredilende
kislotalary emele gelýär. Täsirleşmäniň deňlemelerini özbaşdak ýazmaga synanyşyň. Azodyň oksidlerinden
iki kislotany emele getiriji garyşyk oksiddir. Bu madda suwda eredilende, şol bir wagtda, iki dürli kislota emele gelýär.
bir esasly gowşak kislota bolup, ol erkin halynda ýokdur. Onuň diňe suwdaky erginleri bardyr. Azotly kislotanyň duzlary erkin halynda bardyr. Azotly kislotanyň duzlaryna nitritler diýip at berilýär. Nitritler konserwirlenen iýmit önümlerini taýarlamakda giňden peýdalanylýar. Olaryň suwdaky erginleri gidrolizleşendir. Gidroliz täsirleşm eleriniň deňlemelerini m olekulýar, ion-m olekulýar we gysgaldylan ion deňlemeleri görnüşinde ýazmaga synanyşyň. Suwsuz azot kislotasy dykyzlygy 1,52 g/sm3 bolan gyjyndyryjy ysly, reňksiz suwuklykdyr. Tejribe otagynda natriniň nitratynyň üstüne konsentrirlenen kükürt kislotasyny ýa-da duz kislotasyny täsir etdirip almak bolar (şonda maddalary gyzdyrmaly).
Ýagtylygyň täsirinde azot kislotasynyň haýal tizlik bilen dargamagyna gözegeilik edilýär.
Şeýle täsirlesmäniň geçýändigi sebäpli, onuň ergini goňrumtyl reňke boýalýar. Şu täsirleşme gaýtaryjy häsiýeti bolan maddalar bilen has-da tizlesdirilip bilner. Şonuň üçin azot kislotasy bilen m etallar özara täsirleşenlerinde, adatça, kislotanyň dargamagy bilen utgaşan okislenme-gaýtarylma täsirleşmeleri geçýär. Adatça, şol täsirleşmelerde emele gelýän maddalaryň görnüşleri kislota ergininiň konsentrasiýasyna täsirleşýän metal ýa-da metal däl elementiň tebigatyna we temperaturasyna baglydyr. Azot kislatasynyň molekulasynyň gurluşy
Azot kislotasy Marynyň azot dökünlerini öndürýän zawodynda öndürilýär. Azot kislotasyny öndürmek üçin başlangyç madda hökmünde ammiakdan peýdalanylýar. Azot kislotasynyň iki görnüşini, ýagny onuň gowşadylan (45-60% ) we konsentrirlenen (97-98% ) erginlerini öndürýärler. Ammiakdan azot kislotasynyň gowşadylan ergininiň alynmagy yzygider geçýän üç basgançakdan ybaratdyr. 1. Katalizatoryň (Pt) gatnaşmagynda ammiagyň howada ýakylmagy
2. Azot (II) oksidiniň
çenli okslendrilmegi.
3. Azot (IV) oksidiniň suw bilen täsirleşip, azot kislotasyny emele getirmegi
Azot kislotasynyň konsentrirlenen erginini almak üçin sanalan geçiş ýollarynyň üçünjisi ýokary basyşda, kislorodyň gatnaşmagynda geçirilýär (14-nji surat). Şonda täsirleşme netijesinde arassa azot kislotasy emele gelýär. Täsirleşmäniň deňlemesini özbaşdak ýazmaga synanyşyň. Emele gelen azot kislotasy, esasan, azot dökünleriniň önümçiligine ugradylýar. Şonuň ýaly-da ol birnäçe derman maddalaryň, boýaglaryň alnyşynda peýdalanylýar.