СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Tema: Fosfor elementi.

Категория: Химия

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Tema: Fosfor elementi.»

Fosfor

Tema: Fosfor

Meýilnama

1 Fosfor elementiniň açylyşy

2 himiki häsiýeti

3 fiziki häsiýeti

4 açylyşy

5 ulanylyşy

6 izotoplary

7 elementiň önümleri

































Fosfor sozi grekçadan türkmençä terjime edilende . ýagtylanýar diýen manyny berýär . Fosfor tebigatda diňe brleşmeler görnüşde duş gelýär. Onuň esasy minarallary fosforitler we apatitler bolup , olaryň düzüminde esasan kalsiý fosfaty bardyr. Ol ilkin nji gezek alhimik Brand tarapyndan 1669-njy ýylda açylandyr. Bu element açylanda alhimikleriň arzuw edýän filisofiýa daşy şol daşy alyp bolsa , onuň tasirinde demri altyna öwrüp bolar diýip çaklanypdyr we alnarndyr öýdüpdirler. Onuň garaňkyda ýagtylanmagy şol dowrüň himiklerni islendiginiň aklyny haýran edipdir. Ak fosfor . bu reaksiýa 1500С – geçýär. Fosforyň birnäçe allotropik görnişi bar. Ak fosforyň molekulasynyň düzüminde dört sany atomy bar . Ak fosforyň beýleki allotripik görnişlerinden tapawutlanyp ýiti ysly sarymsagyň yssy ýaly we zäherli maddadyr. Ol howada haýal okislenip reaksiýa netijesinde iki molekulasy tarapyndan emele getirilen we durnuksuz oksidleriň birnäçesi emele gelýär. Şonda geçýän öwrülşik netijesinde bolünip çykýan energiýa ýagtylyk görnişinde bolany üçin fosfor ýagtylanýar. Suwda eremeýär ýöne kükürtli ugleroda we organiki eredijilerde ereýär . Fosforyň beýleki allotropik görnüşleri bolan gyzyl we gara fosfor kristallik gurluşy , şonuň ýaly-da himiki aktiwligi boýunça tapawutlanýarlar. Gyzyl fosfor yssyz, zähersiz maddadyr. Gyzyl we gara fosfor howada durnuklydyrlar. Gara fosforyň metal ýalpyldysy bolup ol ýylylygy we elektrik toguny geçirýär. Gyzyl gara fosforyň molekulasy ýazylanda bir atomly , ak fosforyň molekulasy ýazylanda bolsa , dört atomly P4 ýaly ýazylýar. Fosforyň atomynyň elektron form ulasy ls 2s22p63s23p33d° bolup, onuň kadaly 90 ýagdaýynda 3p-orbitaldaky elektronlary täkdir. Fosfora dasdan energiýaberlende, ol aktiw ýagdaýa geçýär. Onuň aktiw ýagdaýynda 3s-orbitaldaky elektronlarynyň biri 3d-orbitala geçip, onuň daşky elektron gatlagynyň konfigurasiýasy ... S s ^ p ^ d 1 ýagdaýa eýe bolýar. Şeýlelikde fosfor birleşmelerinde III we V walentli we okislenme derejesi -3 , +3 we +5 bolup bilýär. Fosfor galogenler, metallar, kislorod we kükürt ýaly sada maddalar bilen täsirlesip (III) ýa-da (V) birleşmelerini emele getirýär.

Fosfor azot kislotasy bilen täsirleşip, aşakdaky tä- sirleşme boýunça, ortofosfor kislotasyny emele getirýär:

Fosforyň wodorodly birleşmesi bolan fosfin zäherli, gaz şekilli madda bolup, ol metallaryň fosfidleri güýçli kislota bilen täsirleşdirilende alynýar:

Fosfor kislorodyň ýetmezçiliginde we kislorod ýetik bolanda aly oksidleri emele getirýär. Bu oksidler, degişlilikde, fosforly we fosfor kislotalarynyň angidridleridir. Olar suw bilen täsirleşip, degişlilikde fosforly we fosfor kislotalaryny emele getirýär. Fosfor we onuň birleşm eleri durmuşda giňden peýdalanylýar. Gyzyl fosfor otluçöp önümçiliginde peýdalanylýar (15-nji surat). maýdaja owuntygynyň garyndysy otluçöpüň başyndaky otlanýan maddany emele getirse, onuň gabynyň sürtülýän ýeri Bertolleniň duzundan Gyzyl fosfor bilen aýnanyň we sürmeden ybaratdyr. Ony otluçöpüň gabynyň gapdalyna sürtülende gyzyl fosfor çalt okislenip, sürmäni otlaýar, soňra çöp ýanyp başlaýar. Otluçöpüň adynyň «kükürt« diýip tutulmagynyň esasy sebäbi, ilkibaşda otluçöp ýasalanda sürmä derek kükürt peýdalanylypdyr.

Fosforyň oksidleri. Fosfor kislorod bilen, esasan, iki hili oksidleri - emele getirip bilýär. Fosfor (III) oksidini fosfory kislorodyň az mukdary bilen ýuwasja okislendirip alyp bolýar.

-- ak reňkli, kristal şekilli, zäherli maddadyr. Fosfor (V) oksidi fosfor kislorodyň köp mukdary bilen ýakylanda emele gelýär

- çyg çekiji, ak reňkli kristal maddadyr. suwda eredilende iki esasly, orta güýçli kislota bolan fosforly kislota emele gelýär:

- suwda oňat ereýän ak kristallik maddadyr. Bu kislotanyň molekulasynda wodorod atomlarynyň biri fosfor bilen gös-göni baglanyşandyr. Şonuň üçin onuň molekulasy suwda eredilende iki sany wodorod kationyny we fosfit kanionyny emele getirip dissosirlenýär. Onuň duzlaryna fosfitler diýilýär. suwda eredilende ilkibaşda metafosfor kislotasyny emele getirýär:

Suw bilen uzak wagt gaýnadylanda ortofosfor kislotasyny emele getirýär:

Ortofosfor kislotasy örän ýokary temperaturalarda gyzgyna çydam ly peçlerde ýakylanda pirofosfor kislotasy emele gelýär:

Fosfor kislotasy üç esasly, orta güýçli kislota bolup, ol gaty, reňksiz maddadyr. Ol çygly howada çaltlyk bilen suwuk halyndaky kislotanyň erginini emele getirýär. Ortofosfor (ýa-da sadalaşdyryp, oňa ýöne fosfor kislotasy hem diýilýär) kislotasynyň ýokardaky mehanizm bilen emele gelşi has sadalaşdyrylandyr. ortofosfor kislotasy suwda eredilende üç basgançakly dissosirlenýär. Şonda birinji basgançakda digidrofosfat iony ikinji basgançakda gidrofosfat iony üçünji basgançakda bolsa fosfat iony emele gelýär. Dissosiasiýa hadysasynyň deňlemelerini özbaşdak ýazmaga synanyşyk ediň. Fosfor kislotasy kislotalaryň ähli häsiýetlerini ýüze çykarýar.Ol aktiw metallar, metallaryň oksidleri, esaslar we duzlar bilen täsirleşýär:

Kümüş nitraty bilen täsirleşmesi netijesinde sary reňkli kümüş fosfatynyň emele gelmek täsirleşmesi fosfat ionlaryny tanamak üçin peýdalanylýar. Senagatda fosfor kislotasyny, onuň duzlary bilen kükürt kislotasynyň erginini täsirleşdirip alýarlar:

Şeýle usul bilen fosfor kislotasy Türkmenabadyň himiýa zawodynda öndürilýär Öndürilen fosfor kislotasy dökünleriň önümçiligine harçlanýar. Ortofosfor kislotasynyň duzlaryna fosfatlar we gidrofosfatlar diýilýär. Aşgar metallarynyň we ammoniý fosfatlaryndan beýleki fosfa tla r suwda ýaramaz ereýärler. Suwda erän halyndaky fosforyň birleşmeleri (olara fosfor dökünleri hem diýilýär) ösüm likler tarapyndan özleşd irilip bilinýär. Şonuň üçin ol birleşmeler fosfor dökünleri hökmünde oba hojalygynda giňden peýdalanylýar. Fosfor kislotasynyň suwda ereýän duzlaryny almak üçin, adatça, onuň tebigy duzlaryna kükürt kislotasyny täsir etdirýärler. Şonda onuň sada «superfosfat» diýip atlandyrylýan, suwda ereýän birleş mesiniň bilen garyndysy alynýar.

Şu täsirleşmede kükürt kislotasyna derek fosfor kislotasy alynsa, onda täsirleşme netijesinde garyndysyz kalsiý digidrofosfaty (oňa «ikileýin superfosfat» hem diýilýär) alynýar:

Türkmenabadyň himiýa zawodynda ammofosfat diýen fosfor döküni şu täsirleşmeden ugur alnyp öndürilýär.