СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Tema: Kislorod elementi.

Категория: Химия

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Tema: Kislorod elementi.»

Tema:Kislorod

Meýilnama

1 Kislorod elementiniň açylyşy

2 fiziki häsiýeti

3 himiki häsiýeti

4 alnyşy

5 ulanylyşy

6 izotoplary

7 elementiň önimleri































Kislorodyň atomynyň himiki belgisi–O, molekulýar formulasy – bilen belgilenýär. Onuň otnositel atom massasy 16-a, otnositel molekulýar massasy 32-ä deňdir. Birleşmelerinde, adatça, II walentliligi ýüze çykarýar. Kislorod tebigatda iň köp ýaýran himiki elementdir. Ol howanyň, tebigy birleşmeleriň (suwuň, çägäniň, toýnuň, dag jynslaryň, minerallaryň we ş.m.), şol sanda köp kislotalaryň düzü-
minde duş gelýär. Şu ýerden hem onuň ady gelip çykýar. «Oxigenium» grekçeden türkmençä terjime edilende «oksos» – turşy, «gennac» – döredýärin diýmekligi aňladýar. Howanyň düzüminde kislorodyň massa paýy 23%-e, göwrümi 21%-e deňdir. Gidrosferada kislorodyň massa paýy 89%-e barabardyr. Janly organizmlerde kislorodyň massa paýy 65%-e ýetýär. Umuman, ýeriň massasynyň ýüzden 30 bölegi kislorodyň paýyna düşýär. kislorod ýaşaýyş üçin örän zerur himiki elementdir. Janly organizmler kisloroddan dem alýarlar. Kislorodyň gatnaşmagynda organizmde dürli himiki reaksiýalar geçýär. Şol reaksiýalaryň
netijesinde energiýa bölünip çykýar. Bölünip çykýan energiýa oranizmleriň ýaşaýyş işiniň amala aşmagy üçin sarp edilýär.

Ýokarda bellenilişi ýaly, kislorod örän köp birleşmeleriň düzümine girýär. Tejribehanada düzümi kisloroda baý bolan birleşmeleriň käbirini dargatmak arkaly kislorod alynýar. Dargama reaksiýasyny geçirmek üçin dürli şertler (hemişelik elektrik togy, temperatura, käbir beýleki maddalaryň täsiri we ş.m.) ulanylýar.
1) suwdan kislorodyň alnyşy

Dürli maksatlar üçin kislorodyň alnyşynda bu usullar saýlanylyp alynýar. Meselem, kislorody köp mukdarda almak üçin 1-nji usuly, az mukdarda almak üçin 3-nji usuly ulanmak amatlydyr. Käbir himiki reaksiýalara goşmaça maddalaryň gatnaşdyrylmagy olaryň geçiş wagtyna täsir edýär. Goşmaça gatnaşdyryl- ýan maddalar reaksiýalaryň geçişini çaltlandyrýar ýa-da haýallandyrýar. Mysal üçin, wodorodyň peroksidinden we kaliniň hloratyndan kislorodyň alnyş reaksiýasyna MnO 2 gatnaşdyrylsa, olaryň geçişi örän çaltlanýar. Reaksiýanyň geçişini çaltlandyrmaga gatnaşan madda harçlanmaýar. Himiki reaksiýalaryň geçişini çaltlandyrýan, emma özi harçlanmaýan maddalara katalizatorlar diýilýär. Senagatda kislorody almak üçin çig mal bolup, howa hyzmat edýär. Howanyň esasy düzüm böleklerine azot we kislorod degişlidir. Bu gazlary biri-birinden bölmäge olaryň gaýnamak temperaturalarynyň aratapawudy mümkinçilik berýär. Kislorodyň gaýnamak temperaturasy –183°C-ä, azotyňky bolsa, – 196° C-ä deňdir. Diýmek, kislorodyň gaýnamak temperaturasy azotyňkydan ýokarydyr. Kislorody almak üçin basyşyň täsirinde howa suwuklandyrylýar. Gaýnamak temperaturasynyň pesligi üçin suwuk howanyň
düzüminden azot ilki bugarýar, kislorod bolsa galýar. Arassa kislorody almak üçin hadysa birnäçe gezek gaýtalanýar. Tejribehanada kislorody ýygnamak howany ýa-da suwy gysyp çykarmak usuly arkaly amala aşyrylýar Tejribehanada kislorod gazyny saklamak üçin gazometr ulanylýar. Içi suwdan doldurylan gazometriň aşaky deşiginden kislorod goýberilýär Gysylyp çykarylýan suw kislorodyň goýberilen ýerinden gazometriň daşyna akýar. Kislorod goýberilip bolandan soň, bu deşigi dyky bilen ýapmaly. Tehnikada kislorod gazy daşy gök reňkli polat gaplarda 1–1,5 mPa basyş astynda saklanýar.

Suwuklandyrylan kislorod ýörite gapda, ýagny aralarynda howasyz giňişlik
bolan goşa diwarly gaplarda saklanylýar. Olar Dýuaryň gaby diýip atlandyrylýar
(48-nji surat). Şu gapda suwuk gaz haýal bugarýar, sebäbi goşa diwaryň üstünden
gabyň içine ýylylyk örän haýal geçýär. 1-nji mesele. 4,5mol kislorod almak
üçin gerek bolan kaliý hloratynyň mukdaryny we massasyny hasaplamaly

Tebigatda kislorodyň gatnaşmagynda käbir maddalaryň ýanmagy, kem-kemden metallaryň poslamagy, organiki galyndylaryň çüýremegi we ş.m. hadysalar hemişe geçip dur. Ýanmak, poslamak, çüýremek hadysalaryna başgaça okislenme diýilýär.
Maddalar bilen kislorodyň arasynda geçýän reaksiýalara okislenme reaksiýalary diýilýär. Beýleki okislenme reaksiýalaryndan tapawutlylykda
ýanmanyň netijesinde ýagtylyk we ýylylyk bölünip çykýar. Şonuň
üçin okislenme reaksiýasynyň bu görnüşine şeýle kesgitleme bermek bolar:
Maddalaryň okislenmeginiň ýagtylygy we ýylylygy bölüp çykarmak bilen geçýän görnüşine ýanma reaksiýalary diýilýär. Kislorod sada we çylşyrymly maddalaryň köpüsi bilen işjeň täsirleşýär. I. Kislorodyň sada maddalar bilen özara täsiri. Maddalaryň kislorod bilen reaksiýasynda düzümine kislorodyň atomlary girýän çylşyrymly maddalar emele gelýärler. Düzümi biri kislorod bolan, iki sany dürli elementleriň atomlaryndan ybarat bolan çylşyrymly maddalara oksidler diýilýär. Maddalaryň howada we arassa kislorodda ýanyşy birmeňzeş
däldir. Howada haýal ýanýan maddalar arassa kislorodda güýçli
ýanýarlar. Kömrüň bölejigi howada güýçli gyzdyrylsa, köräp haýal ýanyp başlaýar. Köräp duran kömrüň bölejigi kisloroddan doldurylan gabyň içine eltilse, ol güýçli ýalyn bilen ýanyp başlaýar (49-njy a surat)

Kükürt we fosfor (49-njy b, ç surat) hem kisloroddan doldurylan gabyň içinde açyk ýalyn bilen ýanýarlar. Kükürt ýananda ýiti ys peýda bolýar. Munuň sebäbini kükürtli gazyň bölünip çykýandygy bilen düşündirmek bolar. Fosfor ýananda düzümi fosfor (V) oksidiniň gaty bölejiklerinden ybarat bolan tüsse emele
gelýär. Demir, adatça, ýanmaýan madda hasaplanylýar. Eger inçejik demir simjagazyň ujuna dakylan otluçöpi ýakyp, kislorodly gabyň içine salynsa, onda demir şatyrdap, uçgun syçradyp ýanyp başlaýar (49-njy d surat). Ýanmanyň netijesinde demriň köýügi emele gelýär. Ýanma geçmezden, kislorod bilen özara täsirleşýän sada maddalar hem bardyr. Mysal üçin, mis simjagazy kislorodda ýa-da howada gyzdyrylanda, haýal geçýän reaksiýanyň netijesinde misiň
(II) oksidiniň külkesi emele gelýär. Reaksiýanyň deňlemesi

Kislorod janly organizmleriň ýaşaýşy we adamyň işi üçin
örän zerur himiki maddadyr. Onuň ulanylýan ýerleri örän köpdür.
Şonuň üçin kislorodyň ulanylýan ýerlerini jikme-jik sanap geç-
mek kyndyr. Kislorod gündelik durmuşda we janly organizmleriň
ýaşaýşy üçin iň köp mukdarda sarp edilýän maddadyr. Ýerde
ýaşaýan janly organizmler howanyň düzümindäki kisloroddan
dem alýarlar. Suwda ýaşaýan jandarlar we ösümlikler erän kisloroddan dem alýarlar. Organizme kislorodyň barmagy bilen uglewodlaryň, beloklaryň we ýaglaryň okislenmegi bolup geçýär. Kislorodyň gatnaşmagynda geçýän okislenme hadysasy organizm üçin energiýanyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Kislorodyň ýok
ýerlerinde, mysal üçin, kosmiki giňişlikde, suwasty gämilerde we
ş.m. kislorod ýörite gaplarda saklanylyp ulanylýar
Kislorodyň köp himiki reaksiýalary çaltlandyryjy häsiýeti bar. Zawodlarda we fabriklerde himiki reaksiýalaryň esasynda önüm öndürilýär. Öndürilýän önümiň mukdaryny artdyrmak onuň esasynda ýatýan reaksiýalaryň geçişini çaltlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin himiýa senagatynda we metallurgiýada kislorod köp mukdarda sarp edilýär. Meselem, poladyň we çoýnuň önümçiligi kislorody ulanmazdan mümkin däldir. Bellenilip geçilişi ýaly, ýanma reaksiýalaryň netijesinde ylylyk bölünip çykýar. Mysal üçin, wodorod ýa-da asetilen ýa
nanda köp mukdarda ýylylyk bölünip çykýar, ýalnyň temperaturasy 3000°C-ä ýetýär. Munuň özi bu reaksiýalary metallary kebşirlemek we kesmek üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. örşümiz ýaly, kisloroda bolan isleg örän ýokarydyr. Her bir adamyň bir sagadyň dowamynda dem almagy üçin, ortaça 30 dm3
kislorod gerek. Bir adam üçin gije-gündiziň dowamynda gerek bolan kislorodyň mukdary 30 24 =720 dm3, ýagny 0,72m3-a deň bolar. Diýmek, bir ýylda bir adamyň dem almagy üçin 0,72 365 = 262,8 m3 kislorod gerek bolar. Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň sany we olaryň ýylsaýyn artýandygy hasaba alynsa,
onda diňe adamyň dem almagy üçin sarp edilýän kislorodyň mukdary ummasyz bolar. Biziň bilşimiz ýaly, kislorod adamyň dem alşyndan daşary hem örän köp mukdarda harçlanylýar. Munuň özi howanyň düzüminde kislorodyň ätiýaçlyk mukdaryny kadaly ýagdaýda saklamak bilen baglanyşykly derwaýys meseläni döred ýär. Häzirki wagta çenli sarp edilýän howanyň düzümindäki
kislorodyň öwezini dolmak üçin çeşme bolup ýaşyl ösümliklerde geçýän himiki hadysa hyzmat edýär. Ýagtylygyň täsirinde ýaşyl ösümliklerde howanyň üzümindäki kömürturşy gaz ýagtylyk bilen suw buglarynyň arasynda himiki reaksiýa geçýär. Reaksiýanyň netijesinde emele gelýän önümleriň biri kisloroddyr.
Reaksiýanyň deňlemesi

Oňa başgaça fotosintez diýilýär.