СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Tema: Kremniy elementi.

Категория: Химия

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Tema: Kremniy elementi.»

Tema:Kremniý

Meýilnama

1 Kremniý elementiniň açylyşy

2 himiki häsiýeti

3 fiziki häsiýeti

4 alnyşy

5 ulanylyşy

6 izotoplary

7 elementiň önümleri

































Ýer gabygynda ýaýraýşy boýunça kremniý kisloroddan soň ikin ji orunda durýar. Ol tebigatda diňe birleşmeler görnüşinde duş gelýär. Onuň möhüm birleş- melerine sywars çägesi, silikatlar we alýumosilikatlar degişlidir. Kremniniň tebigy birleşmeleriniň düzüminde onuň ýaly izotoplary bardyr. Onuň otnositel atom massasy 28,0855. Krem niý atomynyň daşky elektron gatlagynyň konfigurasiýasy uglerodyňka çalymdaşdyr. Ýöne ondan tapawutlylykda, üçünji gatlakda boş 3d-orbital bardyr. Şol boş orbitalyň barlygy üçin, krem niý ugleroddan tapaw utlylykda, Si-Si baglanyşykly organiki birleşmelere derek, Si-O-Si baglanyşykly organiki birleşmeleri emele getirip bilýär Kremniý uglerod ýaly birleşmelerinde (II) we (IV) walentlidir, okislenme derejesi bolsa -4 den +4 çenlidir. Kremniý ilkinji gezek şwed alymy Bersellius tarapyndan aşakdaky usul bilen alynýar.

Häzirki wagtda kremniý birnäçe usullar bilen alynýar. Arassa kremniý elektrik peçlerinde, kremniý (IV) oksidini uglerod bilen gaýtaryp ýa-da metallara täsir etdirilip alynýar.

Şonda alnan kremniniň düzüminde 2-5% garyndy bolýar. Arassa kremniý, onuň tetrahloridinden, natriý ýa-da wodorod bilen gaýtarmak ýaly ýörite usullar bilen alynýar.

Fiziki häsiýetleri. Arassa kremniý metal ýalpyldyly, garamtyl-çal reňkli, gaty kristallik maddadyr. Amorf kremniý garam tyl-goňur reňkli maddadyrAmorf kremniniň dykyzlygy 2,33 g/sm3 bolup, hiç bir eredijide eremeýär diýen ýalydyr. Ýöne ol aşgarlaryň suwdaky ergininde ereýär.

Onuň aramgeçiriji häsiýeti bardyr. Kremniý kislorod bilen (II) we (IV) oksidleri emele getirip okislenýär. Täsirleşmeleriň geçiş şertleri uglerod bilen kislorodyň täsirleşmesine çalymdaşdyr. Täsirleşmeleriň deňlemelerini ýazmaga synanyşyk ediň.
Himiki häsiýetleri. Kremniý metallar, galogenler, uglerod we beýleki elementler bilen gös-göni täsirleşip bilýär. Täsirleşme netijesinde degişlilikde metallaryň silisidleri, kremniý galogenidleri we karbidi (karborund) emele gelýär.

Adaty şertlerde ftor bilen täsirleşýär.

Gyzdyrlanda birnäçe metalldäller bilen täsirleşýär.

Kremniý çylşyrymly maddalardan kremniý oksidi bilen täsirleşip, edil uglerod ýaly, kremniý (II) oksidini emele getirýär. Ftorowodorod bilen täsirleşip, kremniý tetraftoridini emele getirýär. Kremniý aşgarlaryň suwdaky ergini bilen täsirleşme netijesinde wodorody we aşgar metallarynyň silikatlaryny emele getirýär. Meselem:

  • - aşgarlaryň suwdaky ergininde aňsatlyk bilen ereýär.

Kremnä ftorwodorod kislotasyndan başga kislotalar täsirleşmeýär.

Ol aşgarlaryň ergini bilen täsirleşýär

Kremniniň kislorodly birleşmelerinden onuň (IV) oksidiniň, kremniý kislotasynyň silikatlaryň ähmiýeti uludyr. Kremniý (IV) oksidi suwda we kislotalarda (HF başga) eremeýän gaty maddadyr (çöl, derýa we kwars çägeleri görnüşinde ol Türkmenistanda köp). Kremniý oksidiniň suwuklyga geçmek (suwuklanmak) temperaturasy ýokarydyr. 01 1713°C deňdir. Kremniý kislotasy silikatlara duz kislotasynyň erginini täsir etdirmek ýoly bilen alynýar.

-bu kremniý kislotasynyň şertli belgisi, hakykatda bolmaly. Kremniý kislotasy studen şekilli (ýelime meňzeş kolloid ergin) suwda eremeýär diýen ýalydyr.Ol polimer maddadyr. Kremniý kislotasy suwda az ereýär we dissosirlenmeýän gowşak elektrolitdir. Şonuň üçin oňa indikatorlar täsir etmeýär. Kremniý kislotasy gyzdyrylsa, ol suwy ýitirip, silikogeli ýa-da kremniý kislotasynyň gelini emele getirýär .

.

Bu maddanyň özüne gazlary we suw buglaryny adsorbirlemek häsiýeti bolup, ony durmuşda adsorbent (toplaýjy) madda hökmünde giňden peýdalanylýar.

Kristal kremniý pes tempraturada inertdir , ýagny ol madallaryň hiç haýsysy bilen hem reagirleşmeýär. Amorf kremniý kristal ýagdaýyndakysyndan hikimi taýdan işjeňdir. Ol adatdaky otag tempraturada ftor bilen reagirleşýär. Ol gyzdyrlanda birnaçe sada we çylşyrymly maddalar bilen reagirleşýär. Si09 eredip suwuk hala geçirilenden soň gaýtadan gaty hala geçirilse, kwars aýnasy diýip at berilýän aýna emele gelýär. Kwars aýnasy temperaturanyň täsirinde öz göwrümini üýtgetmeýär diýen ýalydyr. Şonuň üçin ony gyzarýança gyzdyryp, sowuk suwa salynsa hem döwülmeýär.Ol öz üstünden ultramelewşe şöhleleri geçirýär. Şonuň üçin ol medisinada peýdalanylýar.